The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türkmenis­tan döw­le­ti­miz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gahry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de sag­dyn­lygyň we ru­hu­be­lent­li­giň, bag­ty­ýar ça­galy­gyň ýur­dy hök­mün­de dün­ýä­de giň­den ta­nal­ýar. Gel­je­gi­miz bo­lan ýaş ne­sil­le­rimi­ziň akyl, be­den we ru­hy taýdan ka­da­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek ba­ra­da­ky ala­da­la­ryň äh­li­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty bi­len aýryl­maz bagla­ny­şyk­ly­dyr. Ça­ga­la­ry go­rama­gyň hal­ka­ra gü­ni my­na­sy­bet­li Magtym­gu­ly et­ra­byn­da «Ar­ka­dag­ly ne­sil­ler» döw­re­bap ça­ga­lar dynç alyş mer­ke­zi­niň gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ryň geçi­ril­me­gi hem aý­ra­tyn many­ maz­mu­na eýe­dir. Mu­nuň özi hä­zir­ki ajaýyp döw­rü­miz­de ýaş nes­le uly üns be­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Wa­ta­ny­myzyň röw­şen gel­je­gi bo­lan çagala­ryň ýaşaý­şy­ny, dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny, ru­hy taý­dan sag­dyn ösü­şi­ni, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny, döw­re­bap bi­lim al­ma­gy­ny, wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­biýe­len­me­gi­ni üp­jün et­me­gi we ça­ga­la­ryň hukuk­la­ry­ny go­ra­mak­da Türk­me­nista­nyň hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny ýerine ýe­tir­me­gi, berk be­den­li, aras­sa ah­lak­ly, kesp-­hü­när­li ne­sil­le­ri kema­la ge­tir­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ne öwür­di. Ýurdu­my­zy hem­meta­rap­la­ýyn ösen döw­le­te öwür­mek, döw­le­ti­mi­ziň her bir ýa­şaý­jy­sy­nyň bag­ty­ýar ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek, Wa­ta­ny­my­zyň gelje­gi bolan ýaş nes­li­miz ha­kyn­da­ky ala­da döw­le­t sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler hä­zir­ki ajaýyp döwrü­miz­de tä­ze ösü­şe eýe bol­dy. 

Hal­ky­myz­ ga­dy­my­ dö­würler­den­ bä­ri öz­ ça­ga­la­ry­na ­aý­ra­tyn ­ala­da we­ mä­hir bi­len ga­ra­ýar, ola­ra iň go­wy zat­la­ry ba­gyş ­ed­ýär.­ Ga­raş­syz ýur­du­myz­da ­çaga­ly­gy ­go­ra­mak,­ ola­ryň ­ru­hy­ we­ be­den taý­dan sag­dyn ös­me­gi­ni ga­zan­mak, hü­när taý­dan kä­mil, ba­şar­jaň, zäh­met çek­mä­ge, sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga, me­de­ni­ýet­li dynç al­ma­ga taý­ýar­la­mak boýun­ça ­yg­ty­bar­ly ­hu­kuk ­ke­pil­lik­le­ri­ni dö­ret­mek ­üçin­ ze­rur­ iş­ler­ durmuşa ­geçi­ril­ýär.­ Türk­me­nis­tan­ ça­ga­lar ­ba­bat­da hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bilen ara­gat­na­şyk et­mek­de ­iş­jeň­ hyz­mat­daş­ly­gy­ alyp ­barýar. Demokratik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­let­ bo­lan­ Türk­me­nis­tan­da­ ça­ga­ly­gy go­ra­mak, ola­ryň hu­kuk­la­ry ba­bat­da­ky ül­ňü­ler­ bel­le­nen­ hal­ka­ra­ hukuklara­ we düz­gün­le­re la­ýyk gel­ýär hem­-de ösüp gel­ýän ýaş nes­liň bäh­bit­le­ri­ne yg­ty­bar­ly hyz­mat­ ed­ýär.­ 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ösüp gel­ýän ne­sil, ola­ryň sag­ly­gy we abadan­çyly­gy ba­ra­da­ky ala­da­nyň Türk­me­nista­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň üýt­gew­siz ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýan­dygy­ny he­mi­şe nyg­ta­ýar. Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­dow adyn­da­ky Ho­wandar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr­-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň alyp bar­ýan işi aýra­tyn bel­len­mä­ge my­nasyp­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ata­lyk alada­sy bi­len ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­lara he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça dö­re­di­len ha­ýyr­-sa­ha­wat­ gaz­na­sy­nyň­ müm­kin­çilik­le­rin­den peý­da­lan­mak üçin äh­li ze­rur şert­le­riň­ bar­dy­gy­ guwan­dy­ry­jy­dyr. ­Bu iş­ler döw­le­ti­miz­de ýaş ne­sil ha­kyn­da he­mi­şe ala­da edil­ýän­di­gi­niň aý­dyň subut­na­ma­sy­dyr. 

Ata Wa­ta­ny­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gahry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len her bir adam ýaş ne­sil hakynda­ky ala­da­ny he­mi­şe du­ýup ýa­şa­ýar. Çün­ki ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty üçin ýa­şa­maga, oka­ma­ga, iş­le­mä­ge we me­de­ni­ýet­li dynç al­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­redil­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy we hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­galla­la­ry bi­len ça­ga­la­ryň hemmetarap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ös­me­gi üçin ze­rur şert­ler we äh­li mümkinçi­lik­le­ri dö­red­ýän hä­zir­ki za­man ça­ga­lar bag­la­ry, or­ta mekdepler, ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş merkez­le­ri yzy­gi­der­li gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak hem-­de di­kelt­mek bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Äh­li we­la­ýatlar­da sag­ly­gy dikel­diş okuw-­ter­bi­ýe­çilik top­lum­la­ry­nyň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi bi­len, ola­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy we jem­gy­ýet­de öz orun­la­ry­ny tapma­gy üçin hem­me şert­ler dö­re­dil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da her bir ça­ga uly ala­da bi­len gur­şal­ýar, sag­dyn ös­me­gi üçin äh­li şert­ler döredil­ýär. Mu­nuň üçin ýur­du­myzyň äh­li ila­ty Gah­ry­man Arkadagymyza we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za tüýs ýü­rek­den alkyş aýd­ýar­lar. 

Ýur­du­my­zy ­bag­ty­ýar ­ça­ga­ly­gyň ­meka­ny­na­ öw­ren­ we ­ru­hu­be­lent ne­sil­le­rimi­ziň­ şa­dy­ýan­ gül­ki ­ses­le­ri­niň ­he­mi­şe ýaň­la­nyp dur­ma­gy üçin bi­möç­ber ala­dala­ry ­ed­ýän­ Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry­nyň ­sag­ bol­ma­gy­ny,­ il­-ýurt­ bähbit­li işle­ri­niň­ he­mi­şe ­ro­waç­lyk­la­ra ­beslen­me­gi­ni­ ar­zuw­ ed­ýä­ris! 

 

Bäşim ANNAGURBANOW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň deputaty.

03.06.2024 Details

MERTEBE BELENTLIGI

 

«Be­lent­lik» diý­len­de göz öňü­ňize nä­me gel­ýär?! Adam­za­dyň gudrat gör­mek is­läp, al­ny­ny di­re­ýän be­ýik daglarymy?! Göz ýetirmeg­ä beýlede dur­sun, göz öňü­ne ge­tir­mek hem çe­tin bo­lan As­man bi­len Zeminiň ara­ly­gymy?! Bu ba­bat­da pi­kir­ler dür­li bo­lup bi­ler. Em­ma müňýyl­lyk­la­ryň do­wamyn­da ke­ma­la ge­len adam­zat paý­hasy­nyň dünýädä­ki äh­li be­lent­lik­ler­den hem be­ýik­di­gi bi­len yla­laş­jak­lar kän bolsa ge­rek. Kül­li adam­za­dyň akyl we ru­hy be­lent­li­gi ha­kyn­da aýt­maly bol­sa, gür­rüň­siz, älem ýa­ly çäk­siz, daglar ýaly saldamly edebi mirasy bilen Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň keş­bi ör bo­ýu­na gal­ýar. Bu ha­ky­ka­ta hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da açylyp ula­nyl­ma­ga ber­len, paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň gö­zel kün­je­gin­de gur­lan Mag­tym­gu­ly Pyragynyň aja­ýyp heýke­li­niň we nus­ga­wy şa­hy­ry­myzyň adyny göterýän medeni­-seýilgäh toplu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň ta­ry­hy pur­sat­la­ry­na şaýat bo­lan ma­ha­ly­myz has aý­dyň göz ýe­tir­dik. 

Kül­li­ adam­za­dyň­ be­ýik­ şa­hy­rynyň ­Kö­pet­da­gyň ­ete­gin­de howalanyp du­ran­ be­lent ­heý­ke­li­ne ­gö­züň ­dü­şende­ go­ja­man­ Ze­mi­ne­ kök­ uran­ yn­san paý­ha­sy­nyň­ Ar­şy­-ag­la­ –­ be­lent­li­ge ulaş­ýan­dy­gy­ ha­kyn­da­ky­ pi­kir­ se­ri­ňe dol­ýar.­ Gör­ä,­ bu­ gud­ra­ty, ­be­ýik­ şa­hyryň­ heý­ke­li­ bi­len­ gojaman­ Kö­pet­dag has­ hem ­beý­ge­len­ ýa­ly ­gö­rün­ýär. ­Bu ýö­ne ­bir­ heý­kel­ däl-­de, ­asyr­la­ryň­ dowa­myn­da­ «çoh­ ga­ra­şy­lan­ ajap­ eý­ýama»,­ bin­ýa­dy­ ber­ka­rar­ döw­le­ti­mi­ze buý­sanç ­bi­len­ na­zar ­sa­lyp,­ du­ran ­şahy­ryň be­lent­ ru­hu­nyň ­tym­sa­ly­dyr.­

Hal­ky­my­zyň­ be­ýik­ şa­hy­ry­nyň adam­zat­ dur­mu­şy­na,­ älem-­ja­ha­na be­lent­lik­den­ na­zar­ sa­lyp,­ dö­re­den eser­le­riniň­ Ber­ka­rar­ döw­le­tiň­ tä­ze eýýa­my­nyň­ Gal­ky­ny­şy­ döw­rün­de­ «Dün­ýä­niň­ ha­ky­da­sy»­ hök­mün­de belent­ yk­ra­ra­ eýe­ bol­ma­gy­ mer­da­na hal­ky­my­zyň­ kal­by­na­ eg­sil­mez­ buýsanç­ ba­gyş­la­ýar.­ Şu­ ýer­de­ be­ýik­ şa­hyry­my­zyň­ gol­ýaz­ma­lar­ toplumynyň ÝU­NES­KO­-nyň­ «Dün­ýä­niň­ ha­ky­dasy» ­mak­sat­na­ma­sy­nyň­ hal­ka­ra­ sa­nawy­na­ gi­ri­zi­len­di­gi­ni­ buý­sanç­ bi­len nyg­ta­mak­ ze­rur. 

Türk­me­niň­ be­ýik­ og­ly­ Mag­tymgu­ly­ Py­ra­gy­nyň­ dog­lan­ gü­nü­niň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymgu­ly»­ at­ly­ ki­ta­byň­ çap­dan­ çyk­magy­ we­ on­da­ akyl­dar­ şa­hy­ryň­ umuma­dam­zat­ ­ gym­mat­ly­gy­na­ öw­rü­len goşgula­ry­nyň­ ýer­leş­di­ril­me­gi­ «Pähim­-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny has­-da dabaralandy­ran­ mö­hüm­ wa­ka­la­ryň­ bi­ri­ boldy. Ki­ta­byň­ il­kin­ji ­sa­ny­nyň ­hor­mat­ly Prezidentimiz tarapyndan Gahryman Ar­ka­da­gy­my­za­ ibe­ril­me­gi­niň­ düýp öze­nin­de­ öz­bo­luş­ly­ ma­ny,­ ägirt­ uly hor­mat­ bar.­ Çün­ki­ tä­ze­ ta­ry­hy­ döwrü­miz­de­ aja­ýyp­ üs­tün­lik­le­re,­ şan­ly wa­ka­la­ra­ bes­len­ýän­ bu­ ýy­lyň­ be­lent da­ba­ra­lan­dy­ryl­ma­gy,­ ak­ mer­merli­ paý­tag­ty­my­zyň­ gül­ gör­kü­ne­ has hem zynat beren «Magtymguly Pyra­gy»­ me­de­ni­-se­ýil­gäh­ top­lu­my­nyň hem­-de­ be­ýik­ şa­hy­ry­my­zyň­ heý­keli­niň­ gur­lup­ ula­nyl­ma­ga­ be­ril­me­gi ba­bat­da­ky­ asyl­ly­ iş­le­riň­ göz­ba­şyn­da türkmen­ hal­ky­nyň­ Mil­li­ Li­de­ri­niň taý­syz ­ta­gal­la­la­ry ­du­ran­dyr. 

«Pähim-­paýhas ummany Magtym­gu­ly­ Py­ra­gy»­ ýy­ly­nyň­ toý-baýram­ly,­ sa­ha­wa­ta­ baý­ gü­nün­de­ «Mag­tym­gu­ly»­ at­ly­ ki­ta­byň­ –­ be­ýik şa­hy­ry­my­zyň­ uly­ göw­rüm­li­ şy­gyr­lar ýy­gyn­dy­sy­nyň­ eli­mi­ze­ go­wuş­magy ­bag­ty­ýar­ ýaş­la­ry­my­zyň,­ mer­da­na hal­ky­my­zyň­ gö­wün­ guş­la­ry­ny­ ganatlan­dyr­dy.­ Ki­ta­byň­ Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň­ we­ Döw­let­ baýda­gy­nyň­ gü­nü­niň ­öňü­sy­ra­syn­da­ çap edil­me­gi­ mäh­ri­ban­ hal­ky­myz­ üçin my­na­syp,­ ar­zy­ly­ sow­gat ­bol­dy.­

Mer­da­na ­türk­men ­hal­ky­ ki­ta­ba, ­çeper­ sö­ze aý­ra­tyn­ ga­dyr­ goý­ýar. Ki­tabyň ­ga­dyr­-gym­ma­ty­ ha­kyn­da ­söz­ açylan­da,­ Gah­ry­man­ Arkadagymy­zyň «Öm­rü­miň­ ma­ny­sy­nyň­ do­wa­ma­ty»­ at­ly­ aja­ýyp­ kitabyn­da­ bel­le­ýşi­ ýa­ly,­ bir­ ki­ta­ba­ gu­ba­ dü­ýe­si­ni­ ça­l­şan ­Welmy­rat­ aga,­ ba­zar­dan­ ça­ga­la­ry­ üçin sow­gat-­sa­lam­ al­ma­gyň­ de­re­gi­ne,­ ähli­ üzü­mi­ni bir­ ki­ta­ba ­çal­şan­ An­na­ aga ýa­ly­ pe­der­le­ri­mi­ziň­ nus­ga­lyk­ amalla­ry­ ýadyňa­ düş­ýär.­ Şeý­le­ my­sal­lar,­ ýaş­la­ra ­dur­muş­da, ­ma­ny­ly ­ýa­şa­makda yb­arat­ bol­ýar.­ 

Mag­tym­gu­ly­ öz­ gaý­ta­lan­ma­jak dö­re­di­ji­li­gi­ bi­len­ tu­tuş­ hal­ky­ dün­ýä ta­na­dan­ şah­sy­ýet­dir.­ Meş­hur­ uk­ra­in ýa­zy­jy­sy­ Ý.K.Ole­şa:­ «Türk­men­le­riň klas­sy­ky­ ede­bi­ýa­ty­ Gün­do­ga­ryň­ beýik ­ede­bi­ýa­ty­nyň­ pu­da­gy­dyr.­ Bu ajaýyp­ ede­bi­ýat­da­ di­ňe ­Mag­tym­gu­ly­nyň ady­ny­ tut­mak­lyk­da­ ýe­ter­lik­dir»­ diýmek­ bi­len,­ hal­kyň­ be­ýik­ şa­hy­ry­nyň şyg­ry­ýet­ dün­ýä­si­ne­ uly­ ba­ha­ berýär.­ Ony­ kül­li­ Gün­do­gar­ ede­bi­ýa­ty­nyň göz­ba­şyn­da­ goý­ýar.­ Magtymgu­ly ­Pyra­gy­nyň­ öz­ dö­re­di­ji­li­gi­ bi­len­ dün­ýä ede­bi­ýa­tyn­da,­ pelsepe­ yl­myn­da­ uly yz­ go­ýan­dy­gy­ny­ hä­zir­ki­ wagt­da­ bütin­dün­ýä ­yk­rar ed­ýär.­ 

Tür­ki­ me­de­ni­ýe­tiň­ hal­ka­ra­ gura­ma­sy­nyň­ (TÜRK­SOÝ)­ he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň­ Tür­ki­ýe­ Res­pub­li­ka­sy­nyň Bur­sa­ şä­he­rin­de­ ge­çi­ri­len­ mej­li­sin­de Mag­tym­gu­ly­ Py­ra­gy­nyň­ 300­ ýyl­lygy ­my­na­sy­bet­li,­ 2024­-nji­ ýy­ly­ «Tür­ki dün­ýä­niň­ be­ýik­ şa­hy­ry­ we­ akyl­da­ry Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan ­et­mek ­ha­kyn­da­ ýur­du­my­zyň ­öňe sü­ren­ baş­lan­gyç­la­ry­nyň­ biragyzdan gol­da­nyl­ma­gy­ be­ýik­ söz­ us­sa­dy­na go­ýul­ýan ­be­lent­ sar­pa­nyň ­gü­wä­si­dir. 

Sö­zü­mi­ ga­ra­gal­pak­ ede­bi­ýat­şy­nas aly­my­ Ke­rim­baý­ Kurambaýewiň: ­«Bu gün ­Mag­tym­gu­ly­nyň­ şy­gyr­la­ry dünýä­ halk­la­ry­nyň­ pä­him­ baý­ly­gy­nyň or­ta­lyk­ ha­zy­na­sy­na­ ymyk­ly­ go­şul­dy.­ Se­bä­bi­ dün­ýä­ oky­jy­sy­ olar­dan­ di­ňe türk­men­ dur­mu­şy­ny­ däl,­ eý­sem,­ öz dur­mu­şy­ny­da­ gö­rüp­ bil­ýär»­ di­ýen aja­ýyp­ jüm­le­si­ bi­len­ de­li­llen­dir­mek is­le­ýä­rin.­ Dogru­dan­ hem,­ bu­ gün­ki gün ­türk­men­ hal­ky­nyň­ be­ýik­ da­na­sy Magtymguly Pyragy umumadamzat şa­hy­ry ­hök­mün­de­ be­lent­ yk­ra­ra eýedir. ­Ony ­döw­rüň ­fe­no­me­ni­ –­ gud­ra­ty,­ dün­ýä­niň­ akyl­da­ry­ hasaplaýarlar.­ 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz söz ussa­dy­nyň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si hakynda söz açyp: «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy sö­züň güý­ji, gud­ra­ty bi­len şygry­ýet äle­min­de ady ar­şa ga­lan be­ýik akyl­dar şa­hyr­dyr» di­ýip, buýsanç bi­len nyg­ta­ýar. Ha­kykat­dan­-da, akyl­dar şa­hy­ry­myz özünden öň­ki alym­la­ryň, söz us­sat­la­ry­nyň, has ta­ky­gy, Gün­do­gar ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li we­kil­le­ri Sag­dy­nyň, Ha­fy­zyň, Fir­döw­si­niň, Ny­za­my­nyň, Nowa­ýynyň, Abu Sa­gyt Abul­haý­ryň we beý­leki­le­riň ede­bi mi­ra­sy­ny düýp­li öw­re­nip, ola­ryň ede­bi pi­kir­le­ri­ni tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryp­, nus­ga­wy ede­bi­ýatymyzda her bir setiri dür dänesine de­ňel­ýän çuň ma­ny­maz­mun­ly aja­ýyp eserleri bilen gymmatyny hiç haçan ýitir­me­jek parasat­ly pi­kir­le­ri, pel­se­pe­wi ga­ra­ýyş­la­ry mi­ras gal­dy­ryp­dyr. 

Ber­ka­rar­ döw­le­ti­mi­ziň­ mi­ze­mez bin­ýat­la­ry­ny­ ala­mat­lan­dyr­ýan,­ jebis­li­gi­mi­zi­ we­ ag­zy­bir­li­gi­mi­zi­ pugta­lan­dyr­ýan­ bu­ iki­ gym­mat­ly­gyň­ –­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň hem­-de­ Döw­let­ baý­da­gy­nyň­ mil­li baý­ra­my­na­ ga­bat­la­nyp,­ akyl­dar ­şa­hyry­my­zyň­ ady­ny­ gö­ter­ýän­ me­de­ni­seýilgäh ­top­lu­mynyň­ açy­lyp­ ula­nyl­maga ­be­ril­me­gi­niň ­we­ tä­ze­ ki­ta­byň ne­şir edil­me­gi­niň­ ru­hy­ ta­ry­hy­ bag­la­nyşyk­la­ry­ ha­kyn­da­ oý­la­na­nyň­da,­ türkmen ­hal­ky­nyň­ Mil­li ­Li­de­ri ­Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Garaşsyzlyk­–­bagty­myz»­ at­ly­ ki­ta­byn­da­ky:­ «...Biz­ ata-ba­ba­la­ry­my­zyň­ asyr­lar­ bo­ýy­ ar­zuw edip ­ge­len­ döw­le­ti­ni,­ be­ýik­ Mag­tymgu­ly­nyň­ «Berkarar­ döw­let­ is­tä­rin»­ di­ýip,­ şyg­ra­ sa­lan­ we­ «Gur­du­gym,­ as­lyn­da,­ bil­gil, ­bu ­ze­mi­niň­ my­hy­dyr,­ Erer­ ol ­er­kin ­my­dam, ­bu­dur ­türk­men binasy»­ di­ýip,­ ru­hy­ taý­dan­ esas­landy­ry­lan­ döw­le­ti­ni ­gur­duk»­ di­ýen ganat­ly­ jüm­le­le­ri­ ha­ky­da­ňa ­gel­ýär.­ 

Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ para­sat­ly­ baş­tu­tan­ly­gyn­da­ ata­ Watanymyz­da­ Mag­tym­gu­ly­ Py­ra­gy­nyň­ «Çoh­ ga­ra­şan ­ajap­ eý­ýa­my» berka­rar edil­ýär.­ Hal­ky­my­zyň­ öň­den­ gö­rü­ji şa­hy­ry­nyň­ dür­dä­ne­ şy­gyr­ setir­le­rinde­ «Ili­miz­ ulaş­sa­ so­wul­maz­ ýa­za»­ diý­lip,­ be­ýan­ edi­li­şi­ ýa­ly,­ Ber­ka­rar döw­le­tiň ­tä­ze ­eý­ýa­my­nyň­ Gal­ky­ny­şy döw­rün­de­ il­-gü­nü­mi­ziň­ yk­ba­ly­ çüwüp,­ al­nyn­dan­ ak­ gün­ dog­dy.­ Şeý­le eş­ret­li­ döw­ra­ny­ öz­ halkyna­ peş­geş be­ren­ mil­li­ Li­de­ri­mi­ziň,­ Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man­ Serdarymy­zyň­ jan­la­ry sag,­ be­lent­ baş­la­ry­ aman ­bol­sun!

 

Ýaz­po­lat ­KE­RI­ÝEW, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky­ Ýaşlar­ 

gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi­ Ge­ňe­şi­niň ­baş­ly­gy, 

Mej­li­siň ­de­pu­ta­ty.

31.05.2024 Details

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGYRLARY SAHY JEPBAROWYŇ AÝDYMLARYNDA

 

Türk­me­niň­ akyl­dar­ şa­hy­ry­ Magtym­gu­ly­ Py­ra­gy­nyň­ dö­re­di­ji­li­gi­ bu gün­ki­ gün­ dün­ýä­ ýü­zü­niň­ iň­ gymmat­ly, ­ba­ha­sy­na­ ýe­tip­ bol­ma­jak eserleri­niň­ ha­ta­ryn­da.­ Mag­tym­gu­ly­ atamy­zy­ öw­re­ni­ji­ alym­lar,­ mirasgärler,­ ýa­zy­jy­lar,­ heý­kel­ta­raş­lar,­ su­rat­keş­ler,­ ki­no­çy­lar,­ bag­şy­-sazan­da­lar..,­ umuman,­ ola­ryň­ äh­li­si­ hem­ söz­ us­sa­dy Mag­tym­gu­ly­nyň­ diňe­ bir­ yk­ba­ly­ny däl,­ eý­sem,­ onuň­ dö­re­di­ji­li­gi­ni­ hem dün­ýä­ ta­nat­dy­lar. Mu­ňa­ Türk­me­nista­nyň­ halk­ ýa­zy­jy­sy­ Ber­di­ Ker­ba­baýe­wiň­ re­dak­tir­län­ Mag­tym­gu­ly­ Pyra­gy­nyň­ il­kin­ji­ goş­gu­lar­ ýy­gyn­dy­sy,­ Türk­me­nis­ta­nyň­ halk­ ar­tis­ti­ Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň­ Mag­tym­gu­ly­ Pyra­gy­nyň­ «Pukaraýam»­ at­ly­ goş­gusy­na­ dö­re­den­ ro­man­sy,­ Türk­me­nista­nyň­ halk­ ar­tis­ti­ Al­ty­ Gar­ly­ýe­wiň su­ra­ta­ dü­şü­ren­ «Mag­tym­gu­ly»­ at­ly çe­per­ fil­mi,­ ha­ly­pa­ ýa­zy­jy­myz­ Berdi­ Ker­ba­ba­ýe­wiň­ goş­gy­ bi­len­ ýa­zan­ «Magtymguly»­ at­ly­ dra­ma­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň­ halk­ ar­tis­ti­ Aman Gulmäm­me­dow­ ta­ra­pyn­dan­ il­kin­ji ge­zek­ sah­na­laş­dy­ryl­ma­gy,­ Türkmenis­ta­nyň­ halk­ ar­tis­ti­ We­li­ Mu­ha­dowyň­ il­kin­ji­ bo­lup­ «Magtymguly­nyň ýa­dy­gär­li­gi­ne»­ at­ly­ sim­fo­ni­ýa­sy­ny dö­ret­me­gi­ my­sal bo­lup ­bi­ler. 

Sö­zü­miň şu ýe­rin­de Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň dö­re­di­ji­li­gin­dä­ki kelamy­ny hal­ka ýe­tir­mä­ge, ony dün­ýä ýaý­ma­ga uly yh­las siň­di­ren, has dog­ru­sy, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi, sun­ga­ty­my­zy ös­dürmä­ge sal­dam­ly goşant go­şan ta­ny­mal şah­sy­ýet­le­ri­miz­den bel­li bag­şy-­sa­zanda­myz Türkme­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Hal­ka­ra baýragynyň eýe­si Sa­hy Jep­ba­row ha­kyn­da kä­bir mag­lu­mat­la­ry oky­jy­la­ra ýe­tir­megi ma­kul bil­dim. Halk için­de geç­mişden şu gün­le­ri­mi­ze çen­li dowam edip gel­ýän bag­şy­çy­lyk mek­de­bi­ne de­gişli bo­lan Gök­de­pe etraby­nyň Ýaň­ga­la oba­syn­da halk aý­dym-­saz sun­ga­ty­nyň iň iri merkezle­ri­niň ösen ugur­la­ryn­dan Ahal ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­lik mek­de­bi bolupdyr. Bu ýer­de Ahal bag­şy­çy­lyk ýo­lundan ençeme ussatlarymyzdan milli buý­san­jy­myz bo­lan Gul­gel­di us­sa, Aman­gel­di Gö­nü­bek, Kel bagşy, Mämmet­my­rat us­sa, Täç­mäm­met Su­han­guly­ýew, Myl­ly Täçmyra­dow, şeý­le hem, gar­ry atam Sa­hy Jep­ba­row ýa­ly ägirt­ler tä­lim alyp­dyr­lar. Bu ýer di­ňe bir ýer­li hal­kyň däl, eý­sem, Bal­ka­nyň, Daşoguzyň, Le­ba­byň hem Ma­ry­nyň halk ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­ri­niň iň bir köp gel­ýän, ar­zy­ly ýe­ri­ne öw­rü­lip­dir. Ça­ga­ly­gyndan baş­lap sa­za, aý­dy­ma bolan söý­güsi bi­len özü­ni hal­ka söý­dür­me­gi ba­şaran Sa­hy, eý­ýäm, on­-on iki ýaş­la­ryn­da il ara­syn­da «Og­lan bag­şy» ady­ny alyp, mil­li aý­dym-­saz me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň kämil­leş­me­gi­ne uly go­şant go­şup­dyr. Türk­men halk sazy­na ben­di bol­mak bi­len, ol en­çe­me du­tar saz­la­ry­ny ça­lyp, toý­dur baýram­lar­da, üýş­me­leň­ler­de mä­re­kä­niň he­zi­li­ni be­rip, il al­ky­şy­ny alypdyr. Şeý­le al­kyş­la­ry al­ma­gy­na sebäp bo­lan hem, bag­şy­çy­lyk ýolunda Ahal ug­ru­nyň dö­räp kä­mil­leş­me­gi­ne uly go­şant go­şan, halk sazy­nyň ga­dymy nus­ga­sy­ny ha­ly­palyk edip, ýa­şa­jyk Sa­ha öw­re­den Hally bag­şy bo­lup­dyr. 

Sa­hy Jep­ba­row Ahal bag­şy­çy­lyk ug­ry bo­ýun­ça il­kin­ji­le­riň bi­ri bolup türk­men mil­li sun­ga­ty­nyň ösü­şin­de halk aý­dym­la­ry­my­zyň düzümi­ne täze­lik­le­ri gi­ri­zip ug­rap­dyr. Ozal­lar di­ňe saz hök­mün­de çalnyp gel­nen «Gy­zyl in­jik», «Gy­zyl bö­rük», «Şi­rin­-şe­ker», «Ýu­sup owgan» ýa­ly du­tar saz­la­ry­nyň he­ňi­ne bag­şy «Oýan», «Düş­di na­zarym», «Ogul­bi­ke», «Bu gün» ýa­ly uly meş­hur­lyk ga­za­nan aý­dym­la­ry döredipdir. Şeý­le tä­ze­çil­li­gi mil­li sun­gaty­my­za il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da geti­ren gar­ry ata­myň dur­mu­şy hem tu­tuş­lygy­na aý­dym­-saz­dan yba­rat bo­lup­dyr. Şeý­le­lik­-de, tä­ze bir ym­ty­ly­şa ga­dam ba­san Sa­hy Jep­ba­row ha­ly­pa şa­hyr­laryň goş­gu­la­ry­na aý­dym­la­ry dö­re­dip baş­lap­dyr. Hem halk saz­la­ry, hem öz dö­wür­deş şa­hyr­la­ry­nyň goş­gu­la­ry­na döredýän aýdymlary bilen öz döredi­ji­li­gi­ni bar­ha gi­ňeld­ýän bag­şy, soňlu­gy bi­len bu ugur­da has­-da kä­mil çyk­ma­gyň ug­run­da öz köň­lü­ne ses­lenip­dir. Şeýle­lik-de, be­ýik Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy bilen Sa­hy Jep­ba­ro­wyň öza­ra dün­ýe­wi, pel­se­pe­wi söz­le­şi­gi baş­lapdyr we bu ýol­da bir mak­sa­da gul­luk ed­ýän ýü­rek­ler sö­ze ge­lip, ta­ra jan girip, Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň il­-halky­na ar­zuw­lap, tu­tuş adam­za­da ýol-­çy­rag bo­lup dün­ýä in­de­ren şygyrla­ry ja­dy­ly sa­zyň syr­ly mu­kam­la­ryn­da he­ňe gelmek bi­len, Sa­hy Jep­ba­ro­wyň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de aý­dym bo­lup dö­räp­dir. Olar­dan «Bu gün», «Är ýa­nyn­da bel­lidir», «Gö­zel sen», «Gö­rü­ner», «Py­gan eglenmez», «Yk­bal bol­ma­dy», «Daş dö­ker», «Jem bo­lup» ýa­ly en­çe­me goşgu­lar de­lil bo­lup bi­ler. Bu, bir ta­rapdan, gar­ry ata­myň bag­şy­çy­lyk ug­runda­­ halk aý­dym­la­ry­my­zyň dü­zü­mi­ne ýene­-de bir täzeligi getirmegine sebäp bo­lan bol­sa, baş­ga bir ta­rap­dan, Magtym­gu­ly atamyzyň dün­ýä ýaň sa­lan gaý­ta­lan­ma­jak goş­gy eser­le­ri­niň ru­hy gymma­ty­nyň tä­si­ri ne­ti­je­sin­de, halk aý­dym­la­ry­nyň gym­ma­ty­nyň has-­da art­ma­gy­na, bu ugur­da Türk­me­nis­tanyň halk ar­tis­ti, Mag­tym­gu­ly adyndaky Hal­ka­ra baý­ra­gy­nyň eýe­si Sa­hy Jep­ba­ro­wyň ady­nyň adykmagy­na dana akyl­da­ry­my­zyň be­ren ak pa­ta­sy di­ýip ha­sap­la­ýa­ryn. Ol Аhal bag­şyçy­lyk sun­ga­tyn­da öz ýo­lu­ny esas­landyr­mak bi­len bir hatar­da, dö­re­di­ji­lik hem­-de gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri­ni alyp baryp, on­lar­ça ýaşla­ra ha­ly­pa­lyk edip­dir. Hu­su­san­-da, 1935-­nji ýyl­da türk­men radiosynyň ýa­nyn­da dö­re­di­len halk saz gu­ral­la­ry döw­let an­samb­ly­nyň esa­sy­ny düz­mek mak­sa­dy bi­len, dutar, tüý­dük we gy­jak çal­ýan ze­hin­li ýaş ýi­git­ler­dir gyz­lar saý­la­nyp al­nyp, bu tä­ze an­samb­la Sa­hy Jep­ba­row ýolbaş­çy edi­lip saý­la­nyp­dyr. Ýyl­lar ­bo­ýy Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň goşgula­ry­ny halk saz­la­ry­nyň üs­ti bi­len aý­dym edip aý­dan gar­ry atam her bir jüm­le­si gy­zyla deň bo­lan da­na Py­ra­gy­nyň goş­gu­lary­ny my­da­ma apalap ge­zip­dir. 

Se­bit­de­ de­ňi-­ta­ýy­ bol­ma­dyk Ar­ka­dag­ şä­he­rin­dä­ki­ gur­lup­ ulanylmaga­ ber­len­ Ar­ka­dag­ şä­her­ ýö­ri­te sun­gat­ mek­de­bi­ne­ Sa­hy­ Jepbaro­wyň ady­nyň­ da­kyl­ma­gy­ bi­ziň­ nes­li­mi­ze bo­lan ­uly ­hor­ma­tyň­ döw­let­ ta­ra­pyndan­ ama­la­ aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny­ aý­dyň gör­kez­ýär.­ Mu­nuň­ üçin­ Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za­ kalby­myz­dan ­pü­re-pür bo­lup ­çyk­ýan ­al­kyş­la­ry­myz­ egsilmez.

 

Sa­hy­ber­di ­JEP­BA­ROW,

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty, 

Mej­li­siň Ka­da-ka­nun­çy­lyk ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy.

 

31.05.2024 Details

SPORT — DOSTLUK KÖPRÜSI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport mümkinçilikleri dostlukly hyzmatdaşlygy, parahatçylygy ösdürmek bilen utgaşyklylykda uly üstünliklere beslenýär. 

Garaşsyz ýurdumyzda 24-nji maýda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde sportly Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi sebitde döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berýän taryhy waka boldy. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň jebisleşmeginde sport boýunça hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport oýunlaryny geçirmek boýunça Utgaşdyryjy komiteti döretmek baradaky teklibi agza döwletler tarapyndan giňden goldanyldy. 

Alym Arkadagymyzyň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly ajaýyp eseriniň çuň manysyny ýatladýan bu şanly waka bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna çuň mazmun bermek bilen birlikde, gurluş täsinligi we ajaýyplygy bilen ençeme desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ak şäherimiz Aşgabadyň dünýäniň hoşniýetli garaýyşlaryny özüne çekýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. 

Munuň özi Alym Arkadagymyzyň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly ajaýyp eserinde: «Sport biziň döwlet syýasatymyzyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sporty ösdürmek döwletiň ählumumy ösüşleriniň esasy mazmunynyň beýanydyr» diýen nesihatlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan häzirki zaman mümkinçilikli bedenterbiýe we sport desgalar, durmuşa geçirilen işler, amala aşyrylan kanunçylyk özgertmeler bu düzümiň iň kämil maddy we hukuk binýadyny döretdi. 

Alym Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserini giň okyjylar köpçüligine sowgat etmegi dünýäde sportuň parahatçylyk babatdaky manysyny baýlaşdyrdy. Bu dürdäne eser häzirki zaman şertlerinde halkara sport ýaryşlaryny ýokary guramaçylykly geçirmek üçin kämil mekdep boldy. 

Hut şonuň netijesinde hem 2014-nji ýylda windsörfing boýunça dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşlaryň tapgyry, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amul — Hazar» halkara awtorallisi ýaly ençeme iri halkara sport çärelerini geçirip, ýurdumyz dünýäniň sportly merkezine öwrüldi. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanan Watanymyzyň ak mermere beslenen paýtagtynda 2023-nji ýylyň noýabrynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty, 2024-nji ýylyň 15-20-nji apreli aralygynda Hokkeý boýunça halkara ýaryşy ýaly iri halkara sport çäreleriniň geçirilmegi ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň uly üstünliklere beslenýändigini görkezdi. 

Şanly baýramçylyga barylýan günlerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçen 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, dünýäniň 56 döwletiniň awtordaşlygynda 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi, şeýle hem 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamany Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlarynyň biragyzdan goldamagynda kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat ähmiýetli parasatly başlangyçlarynyň dünýäde giňden goldanylýandygynyň nobatdaky beýany bolandygyny bellemek has buýsançlydyr. 

Nesip bolsa, «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilen paýtagtymyzda diňe bir GDA-dan däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinden gelen ýaş sport türgenleriniň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçiriljek dostluk oýunlary hemişelik Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ähmiýetini çuň mazmun bilen baýlaşdyrar. 

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde paýhasly belleýşi ýaly: «Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek biziň baş wezipelerimizdir». 

Ata Watanymyzyň sport älemindäki abraýynyň artmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Bäşim ANNAGURBANOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň 

Merkezi geňeşiniň başlygy.

31.05.2024 Details

EL HÜNÄRI IL GEZER

Güneşli ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň toý-baýramçylyklara, şanly dabaralara we taryhy wakalara sepleşmegi ildeşlerimiziň her biriniň göwnüni ganatlandyrdy, ruhuny tug deýin belende göterdi. Şol dabaralary ýatlap, kalbyňa dolan şatlygyň, buýsanjyň barada söz açmagam, söhbet etmegem ýakymly. Baýramçylyk günlerinde hormatly Prezidentimiziň Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşmagy, şeýle-de paýtagtymyzda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň geçirilmegi hakydamyza we ruhy dünýämize täsirli duýgulary bagyşlady. 

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlyklar, hoşniýetli gatnaşyklar iki halkyň bähbidine hyzmat etmek bilen, dost-doganlygyň, ylalaşyklylygyň we ynanyşmagyň binýadyny berkidýär. «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue bilen söhbetdeş bolup, türkmen we hytaý halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary barada pikir alyşmaklary, şeýle-de Milli Liderimiziň agtyjagy Aýjereniň öz ýürek mährini siňdirip, ýerine ýetiren el işini myhmandan HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş etmegi forumyň mazmunyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Çünki ene-mamalarymyzdan miras galan nagyşlarda, keşdelerde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň gadymy ynançlary, milli ýol-ýörelgeleri, bagt, saglyk, dowamat baradaky arzuwlary jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagynyň Hytaýdan getirilen sowgadyny şekile geçirip, şonuň esasynda hem taýýarlan keşdesi onuň içki dünýäsiniň gözelligini, çeper-aňyýet kämilligini alamatlandyrýar. 

Eziz Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň paýtagtymyzdaky Döwlet muzeýiniň esasy bezegine öwrülen, mundan ýarym asyr ozal bejeren kürtesi we ören joraby, dokan alajasy bu günki gün owadanlygy, inçeligi we reňk öwüşgini bilen tomaşaçylary haýrana galdyrýar. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizen türkmen keşdeçilik sungatynda türkmen zenanlarynyň köňül arzuwlary, asylly hüý-häsiýetleri, edim-gylymlary şöhlelenýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň jadyly el sungatynyň bu günki gün tutuş dünýäni özüne aşyk edişi ýaly, Aýjereniň nepislik bilen ýerine ýetiren keşdesi hem onuň gadymdan gelýän milli ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilmegine goşýan saldamly goşandyny äşgär edýär. «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň barşynda hormatly myhmanyň gelin-gyzlarymyzyň görküne görk goşýan keşdeli kürtedir çabytlarynyň, keteni köýnekleriniň dünýä medeniýeti üçin iňňän uly gymmatlykdygy barada aýdan sözleri biziň her birimiziň başymyzy Göge ýetirdi. 

Türkmenistandan sowgat berlen ýekeje tahýany, alajany ýa-da ýekeje bilezigi ömür boýy dakynyp gezýän, olary tumar ýaly saklaýan daşary ýurtly gelin-gyzlaryň barmak büküp sanardan has kändigi ählimize mälim. Milli Liderimiziň agtyjagy Aýjereniň-de göz we göwün nuruny, ýürek mährini siňdirip taýýarlan sowgatlyk el işiniň hem eýesine rowaçlyk, bagtyýarlyk eçiljekdigine berk ynanýarys. Gözbaşyny müň ýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň goragly, aýawly saklanylmagy, baýlaşmagy, döwrebap röwüşde ösmegi we dünýä ýaýylmagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň we sarpasy belent döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, halkymyzyň arzylaýan-apalaýan maddy medeni mirasynyň şu günümiziň röwşenligine, geljegimiziň nuranalygyna öwrülmegi babatda alyp barýan işleri üstünliklere beslensin! 

 

Züleýha JORAÝEWA, 

Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat 

uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

30.05.2024 Details

MILLI KANUNÇYLYK KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmakda giň möçberli işler üstünlikli dowam etdirilýär. Bu möhüm wezipe toplumlaýyn maksatnama laýyklykda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda-da döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işlenip taýýarlanan birnäçe wajyp kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy we kabul edildi. Şu maslahatyň gün tertibinde kesgitlenilişi ýaly, deputatlar energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň we energiýadan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň özi gürrüňi edilýän mesele boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde we ykdysadyýetimizi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açar. Şeýle hem bu maslahatda “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy we bu babatda netijeli pikir alyşmalar boldy. Şonuň ýaly-da maslahatyň barşynda birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Bulardan başga-da, bu maslahatyň gün tertibinde “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda” we başga-da birnäçe kanunçylyk namalarynyň taslamalaryna garaldy. Milli parlamentimiziň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi. 

 

Çary GURBANMYRADOW. 

Mary etrap hassahanasynyň 2-nji çagalar bölüminiň

 müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

30.05.2024 Details

SAGLYK ULGAMYNYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY

Hormatly Prezidentimiziň durmuş syýasatynda halkymyzyň saglygy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy hökmünde kesgitlenendir. Sebäbi jemgyýet sagdyn bolanda, döwlet hem gülläp ösýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, adam saglygyna zyýanly endiklere garşy göreşmek babatda kabul edilýän kanunlar adam hakyndaky aladadan ugur alýar. Döwrebap kanunlar alkogolyň, çilimiň we beýleki ýaramaz närseleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitlemek bilen, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, raýatlaryň saglygyny goramaga, nesillerimiziň sagdyn ösüp ulalmagyna gönükdirilendir. 

«Bedenterbiýe we sport hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi döwletimiziň halkyň saglygy hakynda edýän aladasynyň subutnamasydyr. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda sporty ösdürmäge hem uly üns berilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji, şeýle hem bu ugurda ildeşlerimize, ilkinji nobatda, ýaşlara şahsy görelde görkezýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz adam we onuň saglygy, abadançylygy babatyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenistan sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ýakyn hem-de uzak möhletli geljek üçin ösdürmäge we wagyz etmäge gönükdirilen üstünlikli ädimler boýunça beýleki döwletlere görelde bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler goýulýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda, Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezler, şypahanalar, döwrebap derman kärhanalary, saglyk öýleri gurulýar. «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnamanyň, Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi. Halkymyzyň saglygyny goramakda, ýokanç keselleriň öňüni almakda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň uly ähmiýete eýedigi bellenilmäge mynasypdyr. Olarda türkmen tebigatynda bitýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär. 

Halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Arazmyrat HANGELDIÝEW, 

Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň 

ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

30.05.2024 Details

KUWWATLY YKDYSADYÝETIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI

 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda hususy pudagy goldamak boýunça köpugurly işler alnyp barylýar. Bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy bellenilýär. Döwlet tarapyndan telekeçiligi höweslendirmek we goldamak, kiçi hem-de orta işewürligiň ösmegine ýardam etmek üçin dürli ýyllarda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde sergilerdir ýarmarkalar hem möhüm orny eýeleýär. Ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hasaplanýan kiçi we orta kärhanalara sergiler öz önümlerini we hyzmatlaryny giň halk köpçüligine tanyşdyrmak arkaly täze müşderileri çekmegiň oňaýly meýdançasy bolup hyzmat edýär. Iri kärhanalar üçinem sergidir ýarmarkalar tejribe alyşmak we täze bazarlara çykmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmen telekeçileri hem halkara derejesindäki sergilere, ykdysady forumlara işjeň gatnaşyp, daşary ýurtly düzümler bilen hyzmatdaşlygy barha berkidýärler. Ýakynda, has ta­ky­gy 15 — 17-nji maý ara­ly­gyn­da paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilen azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi hem azyk senagatynda iş alyp barýan hususy düzümlere önümlerini halkara bazarlarda ilerletmekde we halkara derejede tejribe alyşmakda möhüm ähmiýetli çäre boldy. 

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler 

partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň 

başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty

28.05.2024 Details

ЖЕНЩИНЫ – ХРАНИТЕЛЬНИЦЫ НАЦИОНАЛЬНЫХ ТРАДИЦИЙ

 

Дженнет ОВЕКОВА,

депутат Меджлиса Туркменистана, 

член Комитета по законодательству 

и его нормам:

– Это было очень хорошее мероприятие – тёплое и неформальное. Выступления раскрыли различные грани гендерной политики и ещё раз убедили в том, какое большое внимание уделяют уважаемый Президент и Герой-Аркадаг всесторонней поддержке женщин, созданию достойных условий для жизни, обучения, работы и организации содержательного досуга. Очень интересно было послушать о тех впечатлениях, которые получили председатель Всекитайского комитета Народного политического консультативного совета Китая Шэнь Юэюэ и наши китайские подруги от пребывания в Туркменистане, особенно от встречи с супругой Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Огулгерек Бердымухамедовой и уникального подарка семье Председателя КНР, вышитого собственно-ручно внучкой Национального Лидера туркменского народа национального символа Китая, – панды, олицетворяющей искренность, доброту и дружелюбие народа. Туркменских женщин радует тот факт, что под мудрым руководством уважаемого Президента вопросам сохранения культурного наследия уделяется пристальное внимание. Наши женщины создают великолепные ручные вышивки и ковры. Это наглядно продемонстрировала выставка прикладного искусства и музейных ценностей, организованная в рамках форума в фойе дворца «Maslahat köşgi» и вызвавшая неподдельный интерес китайских женщин. Состоявшийся на выставке заинтересованный диалог убеждает в том, что опора на исконные духовно-нравственные ценности объединяет наши народы, и женщины готовы сохранять и приумножать эти традиции.

 

24.05.2024 Details
1 ... 18 19 20 21 22 ... 60