The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

19.06.2025

AŞGABAT — SPORT MERKEZI

 

     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ak mer­mer­li Aşga­bat sport mer­ke­zi hök­mün­dä­ki or­nu­ny bar­ha pugta­lan­dyr­ýar. Mer­jen şä­he­ri­miz­de sportuň dür­li gör­nüş­le­ri boýunça geçirilýän halkara ýa­ryş­lar türk­men spor­tunyň ösü­şi­ni we şan-şöh­ra­tyny dün­ýä äş­gär ed­ýär. Şan­ly gün­ler­de paýtagtymy­zyň Ýöri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de sportuň küşt gör­nü­şi bo­ýun­ça 8, 10 we 12 ýaş­ly tür­gen­le­riň arasyn­da hal­ka­ra ýa­ry­şyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi bol­sa has-da begen­dirdi, buý­san­dyr­dy. 

     Küşt oý­ny ýur­du­myz­da spor­tuň uly meşhur­ly­ga eýe bo­lan gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­saplan­ýar. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymy­zyň bel­leý­şi ýa­ly, küşt oý­ny ga­dy­my dessan­lar­da, türk­men halk er­te­ki­le­rin­de, geç­miş­de we häzir­ki wagt­da hem meş­hur­ly­ga eýe­dir. Ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýazylan Ýa­pyk bina­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­lary­nyň sana­wyn­da orun alan bu oýun sport gör­nü­şi hökmün­de giň­den ta­nal­ýar. 

     Aş­ga­ba­dyň «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport mümkin­çi­lik­le­ri­niň şähe­ri» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len hal­ka­ra ýary­şa Eý­ran, Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan, Özbegis­tan, Täjigistan, Hin­dis­tan, Rus­si­ýa, Tai­land, Wýet­nam, Ma­laý­zi­ýa ýa­ly ýurtlardan ýa­şa­jyk küşt­çü­le­riň on­lar­çasy­nyň gatna­şyp, akyl-paýhas oý­ny bo­ýun­ça us­sat­ly­gy­ny görkezendigini bel­le­mek ju­da ýa­kym­ly. Hal­ka­ra ýa­ryş spor­tuň we dost­lu­gyň baýramçy­ly­gy­na öw­rül­di. On­da ýa­şajyk türgenleri­mi­ziň şow­ly çy­kyş­la­ry Watanymy­zyň sport ab­ra­ýy­nyň saz­la­şyk­ly ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­nyň öz­bo­luş­ly da­ba­ra­lan­ma­sy boldy. 

     Ösüş-öz­gert­me­le­re bes­le­nen döw­rü­miz­de spor­ty dün­ýä ýurtla­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ry, halk­la­ryň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li seriş­de­si hasap­lap, eziz Di­ýa­ry­myz­da hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­ny üs­tün­lik­li ge­çir­mek­de, şeý­le-de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­galdyş hereke­ti­ni iler­let­mek­de taý­syz ta­gal­la edýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Ar­ka­da­gy­my­za çäk­siz al­kyş aýdýa­rys. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň 

başlygy, Mejlisiň deputaty.