Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli Aşgabat sport merkezi hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Merjen şäherimizde sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän halkara ýaryşlar türkmen sportunyň ösüşini we şan-şöhratyny dünýä äşgär edýär. Şanly günlerde paýtagtymyzyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi bolsa has-da begendirdi, buýsandyrdy.
Küşt oýny ýurdumyzda sportuň uly meşhurlyga eýe bolan görnüşleriniň biri hasaplanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, küşt oýny gadymy dessanlarda, türkmen halk ertekilerinde, geçmişde we häzirki wagtda hem meşhurlyga eýedir. Taryha altyn harplar bilen ýazylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawynda orun alan bu oýun sport görnüşi hökmünde giňden tanalýar.
Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen halkara ýaryşa Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Hindistan, Russiýa, Tailand, Wýetnam, Malaýziýa ýaly ýurtlardan ýaşajyk küştçüleriň onlarçasynyň gatnaşyp, akyl-paýhas oýny boýunça ussatlygyny görkezendigini bellemek juda ýakymly. Halkara ýaryş sportuň we dostlugyň baýramçylygyna öwrüldi. Onda ýaşajyk türgenlerimiziň şowly çykyşlary Watanymyzyň sport abraýynyň sazlaşykly ýokarlanýandygynyň özboluşly dabaralanmasy boldy.
Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde sporty dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň netijeli serişdesi hasaplap, eziz Diýarymyzda halkara sport ýaryşlaryny üstünlikli geçirmekde, şeýle-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmekde taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Resul IŞANGULYÝEW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň
başlygy, Mejlisiň deputaty.