The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

DÖWLETLI ILDEN ÝOL GEÇER

 

     Pa­ra­sat­ly pe­der­le­ri­miz  ýol çek­me­gi, köp­ri gur­ma­gy döwletlilik ha­sap­lap, ony asyl­ly ýö­rel­gä öw­rüp­dir­ler. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­kyny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň ýol-ulag dü­zü­min­de ama­la aşyr­ýan giň ge­rim­li iş­le­ri hem şol so­gap­ly ýö­rel­ge­le­riň my­na­syp dowam et­di­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Mu­nuň özi Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň üstünden geçýän se­bit we se­bi­ta­ra gat­naw ýol­la­ry­nyň çatrygynda ýer­leş­ýän ýur­du­my­zyň ägirt uly üs­ta­şyr kuwwatyndan has ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

 

     Ulag ulgamy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Ähli ugurlar boýunça öz wagtynda, ýokary hilli hyzmat etmek wezipesi öňünde goýlan ýük we ýolagçy daşamak hyzmaty, öz gezeginde, ulag ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegini emele getirýär. Şoňa görä, ulag ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde ulag ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu babatda ýurdumyzyň günbatar sebiti hem ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. 

     2018-nji ýylyň maýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp ulanmaga berilmegi taryhy waka boldy. Meýdany 152 gektara golaý bolan döwrebap portuň taslamasy parom, ýolagçy we ýük terminallaryny öz içine alýar. Onuň bir wagtyň özünde gämileriň 17-sine hyzmat edip bilýän deňiz duralgalarynyň umumy uzynlygy 1 müň 800 metrden gowrakdyr. Deňiz portunyň umumy geçirijilik kuwwaty, nebit önümlerini hasaba almanyňda, 17 million tonna ýüke barabardyr. Portuň giňişliginde gämileriň hereketine, ýük ýüklemek, düşürmek işlerine gözegçilik hemra, awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Diýarymyzyň günbatar sebitinde şeýle iri «deňiz derwezesiniň» gurulmagy Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt-çig mal bazarlaryna hem-de Hind ummany sebitiniň döwletlerine çykmagy üçin aňrybaş amatly şertleri döredýär, giň gerimli ýük akymlarynyň ýoluny we wagtyny has gysgaltmaga mümkinçilik berýär. 

     Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurulmagy, öz gezeginde, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň halkara derejedäki ähmiýetini has-da artdyrar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň awgustynda bu köpriniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşypdy. Häzirki wagtda onuň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Şu ýylyň martynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde bolup, ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag, ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berjek bu möhüm desganyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şonda türkmen halkynyň Milli Lideri bu awtomobil köprüsiniň Diýarymyzyň dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagynda, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde, Garabogaz kölüniň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde, bu künjegiň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýratyn nygtady. Galyberse-de, şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy yklymara ýükleri daşamak, ýolagçy gatnatmak işiniň kämilleşdirilmegine, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini has netijeli özleşdirmäge hem giň ýol açýar.

     Taryhda türkmen topragynyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, şeýle-de söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda wajyp wezipäni ýerine ýetiripdir. Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz täze ulag üpjünçilik desgalaryny gurup, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap howa menzilleri, demir we awtomobil ýollary giň gerim bilen gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. 2-nji maýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan Balkanabat Halkara howa menzili hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm binagärlik açylyşlarynyň birine öwrüldi. 

     Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir. Onuň çäginde barlag-geçiriş nokatlary, ýangyn howpsuzlygy we halas ediş gullugynyň binasy, ýöriteleşdirilen ulaglar, aerodrom gulluklarynyň, uçarlaryň ýerüsti hem-de tehniki gullugynyň binasy, üsti ýapyk awtoduralga, ýük terminaly, myhmanhana, birnäçe tehniki binalar we beýlekiler bar. Bu ýerde emeli uçuş-gonuş zolagy, öwrüm ýoly, 6 sany howa gämisi, 4 sany dikuçar üçin niýetlenen uçar duralga meýdançasy, dolandyryş diňi-de gurlupdyr. Dünýä standartlaryna laýyk gelýän döwrebap howa menziliniň Diýarymyzyň günbatar sebitiniň ösmegine, beýleki welaýatlar bilen aragatnaşygy işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşjakdygy şübhesizdir. Bularyň ählisi Balkan welaýatynyň diňe bir senagat mümkinçiliklerine däl, eýsem, üstaşyr ulag gatnawlaryny amala aşyrmak babatda-da uly kuwwata eýedigini aýdyň görkezýär. 

     Häzirki wagtda döwletimiziň ägirt uly üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini netijeli ulanmak esasynda birleşen multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini we ulgamlary döretmek işleri giň gerime eýe bolýar. Bu ugurdaky tagallalaryň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr. Il bähbidini nazarlaýan şeýle beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. 

Guwanç ÇENDIROW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

05.07.2025 Details

JEMGYÝETIŇ RUHY BAÝLYGY

 

     Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, türk­men hal­ky be­ýik sun­ga­ty, nus­ga­lyk ka­da­la­ry we gaý­ta­lan­ma­jak medeni mi­ra­sy bi­len dün­ýä­de giň­den meşhurdyr. Türk­men mede­ni­ýe­ti umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne my­na­syp goşant goş­dy. Mad­dy we ta­ry­hy-ru­hy gym­mat­lyk­lar hal­ky­myz­da ata Wa­ta­na bolan söý­gi­ni, buý­san­jy oýar­mak­da, yn­san­per­wer duý­gu­la­ry ke­mala ge­tir­mek­de, aňy­ýet hem akyl-paý­has go­ru­ny baý­laş­dyr­mak­da ba­ha­syz baý­lyk­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, ta­ry­hy-mede­ni mi­ra­sy­my­zy düýp­li öw­ren­mek, go­rap sak­la­mak we dün­ýä ýaý­mak bo­ýun­ça kö­pu­gur­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

 

     Me­de­ni­ýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, obalary hem-de şäherçeleri medeni taýdan düýpli ösdürmek we özgertmek, taryhy-medeni gymmatlyklar bilen birlikde, aýdym-saz, folklor, tans, sirk sungatyny, milli toý-baýramlary, däp-dessurlary ylmy taýdan öwrenmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki her bir halkyň däp-dessury, taryhy, edebiýaty, sungaty, dünýä gymmatlyklaryna goşýan goşandy bilen ýakyndan tanyşmak üçin, ilki bilen, şol milletiň medeniýeti öwrenilýär. Halkyň ruhy ahwalynyň beýany bolan medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar, jebisleşdirýär. 

     Milli Liderimiziň halkymyza peşgeş beren «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Hakyda göwheri» ýaly ençeme ajaýyp kitaplary biri-biriniň üstüni ýetirip, baý medeni mirasy sarpalamagyň kämil nusgasyny özünde jemleýär. Şunuň bilen birlikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy», «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly - dünýäniň akyldary» atly pähim-parasada ýugrulan kitaplary halkymyzyň söýgüli eserlerine öwrüldi. Olarda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ösdüren we kämilleşdiren ruhy hem-de maddy gymmatlyklarynyň dünýä medeniýetindäki, sungatyndaky mynasyp orny barada giň düşünje berilýär. Bu eserleriň mazmunynda medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde hem-de kämilligiň täze belentliklerine götermekde döwlet derejesinde edilýän aladalaryň baş maksady öz beýanyny tapýar. 

     Ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak hem geljek nesillerimize ýetirmek, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy dikeltmek, milli mukaddesliklere hormat goýmak terbiýesini bermek baradaky möhüm wezipeler milli kanunçylygymyzda şöhlelenýär. Türkmenistanyň medeniýet baradaky döwlet syýasaty berk kanuny esaslara daýanýar. Bu ulgamyň ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň meseleleri «Medeniýet hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda», «Teatr we teatr işi hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär. 

     «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny halkymyzyň medeniýetini döretmek, gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek we peýdalanmak çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär, medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň wezipeleri Türkmenistanyň raýatlarynyň medeniýet babatdaky işine bolan konstitusion hukugyny üpjün etmekden we goramakdan, döwlet syýasatynyň medeniýet babatdaky ýörelgelerini kesgitlemekden, medeni gymmatlyklaryň raýatlar üçin erkin, elýeterli bolmagyny berjaý etmekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem ol medeniýet işiniň subýektleriniň gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk kadalaryny we ýörelgelerini kesgitleýär, medeniýeti aýawly saklamagyň, ösdürmegiň we ony döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk esaslary üçin binýat döredýär. Ol türkmen sungatyny, medeniýetini hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkyň medeni isleglerini kanagatlandyrmak ýaly wezipelerden ugur alýar. 

 

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mejlisiniň Dur­muş sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky komite­ti­niň ag­za­sy.

03.07.2025 Details

MÖHÜM MESELELERE GARALDY

                                                          

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň milli kanunçylygyny şu günüň talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirmek barada berýän gymmatly maslahatlaryndan, öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda ýokarda ýatlanan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

     Maslahatda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanan kanun taslamalarynyň birnäçesine garaldy. Maslahatda deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna “Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary maslahatyň dowamynda “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bulardan başga-da, maslahatda deputatlar Türkmenistanyň Mejlisi we Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan bilelikde taýýarlanylan “Saýlawlaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýlelikde, milli parlamentimiziň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna hödürlenilen kanunlaryň taslamalary makulanyldy we kabul edildi. 

 

Tirkişmyrat ÝOMUDOW. “Demirýollary” AGPJ-niň 30-njy şahamçasynyň lokomotiw deposynyň işiniň operatiw-tehniki hasabat merkeziniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

03.07.2025 Details

MAŞGALA — BAŞ GALA

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda adam hakda edilýän alada döwrüň hem-de, döwletiň öňündäki iň möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Edil şonuň ýaly, ýurdumyzda maşgalanyň berkligi, onuň maddy taýdan üpjünçiligi, ruhy taýdan goldawlylygy hem möhüm wezipedir. Muňa mysal hökmünde, hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda ýaş çatynjalara ýeňillikli karzlaryň berilmeginiň ýola goýulmagy, dogulýan çaga sanyna laýyklykda, bir wagtlaýyn tölenýän döwlet kömek pullarynyň möçberiniň ýylsaýyn köpeldilmegi, şeýle hem sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy we olara durmuş hyzmatlarynda ýeňillikleriň döredilmegi ýaly döwlet tarapyndan kepillendirilen ýagdaýlary belläp geçmek bolar. 

     Ondan başga-da, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan kanunlara we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna döwrebap üýtgetmeler we goşmaçalar yzygiderli girizilip gelinýär. Döredilýän şeýle mümkinçilikler ýurdumyzda maşgala mukaddesligini has-da berkitmekde, jemgyýetde maşgala gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde we eneligiň, atalygyň we çagalygyň goraglylygynyň hukuk taýdan üpjünçiligini döwlet tarapyndan kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

     Belläp geçişimiz ýaly, maşgalanyň berkligini gorap saklamak, nika bozulmalarynyň öňüni almak döwlet derejesindäki wezipeleriň biri bolup durýar. Biz — RÝNÝ bölüminiň işgärleri nika baglaşmak üçin ýüz tutan ýaşlara maşgalanyň mukaddesligi, maşgalada zenanyň we erkegiň tutýan orny, resmi tertipde nika baglaşylandan soňra gelip çykýan wezipeler we borçlar barada gürrüňdeşlik geçirip, durmuş ýolunyň başynda duran ýaş çatynjalara oňyn maslahatlar berýäris we şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda maşgalany berkitmekde alyp barýan beýik işleri barada giňişleýin wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirýäris. 

     Ýurdumyzda maşgala mukaddesligini berkitmekde, maşgala kanunçylygyny kämilleşdirmekde çäksiz mümkinçilikler döredip berýän halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun! 

 

Maýsa JUMAÝEWA, Köneürgenç etrap RÝNÝ bölüminiň müdiri, Mejlisiň deputaty.

03.07.2025 Details

Ählumumy bähbitleri nazarlap

 

     Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan döwletimiz geografiki taýdan amatly künjekde ýerleşmeginiň giň mümkinçiliklerini ählumumy bähbitleriň hyzmatynda goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlarynyň, umumadamzat bähbitli  işleriniň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze taryhy eýýamda üstünlikli dowam etdirilmegi guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda, işiniň gerimini giňeltmekde, şeýle-de onuň täze mümkinçiliklerini herekete girizmekde durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn tutumlaryň netijesinde uly kuwwata eýe bolýan ulag-kommunikasiýa pudagynyň mümkinçilikleri artýar. Üstünliklere beslenýän tutumlar ata Watanymyzyň dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan ulag-kommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine mynasyp goşant goşýandygyny tassyklaýar.

     Parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna ygrarly bolan Diýarymyzyň bu ulgamda öňe sürýän başlangyçlary, amala aşyrýan düýpli taslamalary ähli ýurtlaryň bähbitlerine, ählumumy abadançylyga, rowaçlyga gönükdirilendir. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň dürli çärelerine beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahaty muny ýene bir ýola dünýä ýaýar. Milli ulag ulgamyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän taslamalar dünýäniň deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerine hyzmatyň bu görnüşinden netijeli peýdalanmakda geljegi uly mümkinçilikleri açýar. Şeýle döwletleriň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösmeginde deňze çykalgasy bolan goňşy döwletleriň içerki ösüşi, üstaşyr geçirijilik mümkinçiligi we syýasy ýagdaýy möhüm ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň bu babatdaky anyk mümkinçilikleri bolsa dünýä jemgyýetçiliginde hemişe uly gyzyklanmalary döredýär. 

 

Eziz MATDYÝEW, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş inženeriniň orunbasary,Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

03.07.2025 Details

BILIMLI NESIL HAKYNDA ALADA

 

     «Biz — ýaşlara Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýýän hormatly Prezidentimiz müň keren mamla. 

     Ýaş nesilleriň kämil bilimli bolmagyny gazanmak babatynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde täze wezipeler goýulýar. Türkmenistanda umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli konsepsiýasy möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň täzeçil usullaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumy bilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak bilim işgärleriniň esasy borjy bolup durýar. 

     Okatmagyň täze usullaryny döredijilikli we ýerlikli ulanmak her bir mugallymdan öz kärine ussatlygy, tejribesini baýlaşdyrmagy talap edýär. Hormatly Prezidentimiz: «Terbiýe we tejribe — ynsan ykbalynyň goşa ganaty. Alan terbiýämiz ykbalymyza, alnymyza täsir edýär. Amal edilýän her işimiz tejribämize öwrülýär. Tejribe bolsa diňe özüň gazanylýan, ýöne il-gün bilen paýlaşylýan hazynadyr. Gowy zatlar, il-halka ähmiýetli zatlar paýlaşyldygyça, olaryň berekedi artmak bilen bolýar» diýip, örän jaýdar belleýär. Her bir mugallym okatmagyň usullaryny döredijilikli we ýerlikli ulanyp bilse, onda bilim ulgamynyň ähli derejelerinde okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligi ýokarlanar. 

     Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ykdysadyýetimizi has-da ösdürmekde guwandyryjy işleriň alnyp barylýandygyny subut edýär. 

     Bilim ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. 

     Kämil ylym we bilim islendik döwletiň pajarlap ösmeginiň esaslarynyň biridir. Bagtyýar durmuşymyzy üpjün etmekde, Watanymyzy gülledip ösdürmekde ýaşlara bil baglaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutumly işleri rowaç bolsun! 

 

Jumamyrat ŞÄHEROW, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap bilim bölüminiň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

03.07.2025 Details

TÄZE TARYHY DÖWRÜŇ MEDENI GALKYNYŞY

 

     Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynda dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan halkdyr. Täze taryhy döwürde dana pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, milli medeniýetiň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär hem-de medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. 

     Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, halkymyzyň medeni-ahlak gymmatlyklaryny we ruhy bitewüligini aýawly saklamaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda Türkmenistanda milli mirasy, senetçilik we ussaçylyk däplerini, amaly-haşam sungatyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. 

     «Görogly» dessançylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, «Küşt depdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri bolsa ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun aldy. Türkmenistanyň beýleki dostlukly ýurtlar bilen bilelikde hödürlän türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri-de şol sanawa girizilen gymmatlyklaryň hataryndadyr. 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli  22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçirildi. Bu hepdeligiň çäklerinde dürli mazmunly medeni çäreler, şol sanda konsertler, maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, şygryýet agşamlary, Ž filmleriň we sahna oýunlarynyň görkezilişi guraldy. 

     Milli medeniýeti we sungaty çuňňur öwrenmegiň, ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň, Ýer ýüzüniň halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmegiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarydygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän dürli medeni çäreler, halkara maslahatlar, sergidir festiwallar hem hut şu maksatlara gönükdirilendir.

 

Aýgözel KUTLYÝEWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

03.07.2025 Details

Ýokary işjeňlik görkezýärler

 

     Ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek, telekeçiligiň gerimini giňeltmek syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Alnyp barylýan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar, senagat önümçiliginiň netijeliligi we düşewüntliligi artýar hem-de ýurdumyzda hususy telekeçilik ösýär.

     Welaýatymyzda hem ýylyň islendik paslynda bereketli saçagymyzyň bezegi bolup durýan süýt we süýt önümlerini we gök önümleri öndürýän hususy kärhanalaryň birnäçesi işe girizilip, täze iş orunlary döredildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy bolan Gyzylarbat etrabynyň Paraw obasyndaky «Ýazlak» haryt nyşanly süýt we süýt önümleri öndürýän hususy kärhana hem şolaryň biridir. Bu ýerde bir ýylyň dowamynda süýt we süýt önümleriniň 700 tonnadan gowragy öndürilip, olar üç görnüşli gatyk, iki görnüşli uýadylan gaýmak, aýran, çig gaýmak, peýnir, içimlik süýt ýaly önümlerdir. Ol önümler ýurdumyzyň paýtagty

Aşgabat şäheriniň we welaýatymyzyň bazarlaryna, dükanlaryna ýörite awtoulaglar bilen paýlanýar. Kärhanada zähmet çekýän işgärleriň ählisiniň diýen ýaly ýaşlar bolmagy begendirýär. Olar öňde goýlan maksatlara ýetmek, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmak bilen bagly işlerde işjeňlik görkezýärler. 

     Telekeçiligi goldap, barha ösdürýän, söwda işini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

Tuwakgylyç WElIÝEW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň 

welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

03.07.2025 Details

TOÝ-BAÝRAMLY EZIZ DIÝAR

 

     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýurdumyz ösüşle­re bes­len­ýär, türk­men hal­ky bagty­ýar dur­muş­da ýaşaýar. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry hormat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tanly­gyn­da üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär. Bu günki gün he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­menis­ta­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýüji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan hemişe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän Türkmenis­tan hoşni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­ga, dost-do­gan­lyga be­lent sar­pa bi­len ga­ra­ýar.

     Türkmenistanyň hemi­şelik Bitarap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň toýlanýan Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da toý­la­ry­myz toý­la­ra ulaş­ýar. Ýa­kynda dünýä nusgalyk Ar­kadag  şä­he­ri­niň iki ýylly­gy my­na­sy­bet­li daba­ra­lar ge­çi­ri­lip, hal­ky­my­zyň buýsan­jy­na buýsanç goş­dy. Mu­nuň özi ag­zy­bir türk­men hal­ky­my­zyň pa­ra­hat durmuş­da, bag­ty­ýar­lyk­da ýa­şa­ýan­dygy­ny, tä­ze üs­tün­lik­le­re ruhubelent­lik bi­len bar­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Şu­nuň ýaly şanly wakalar Halkara pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň toý-baýramlarydyr, tä­ze üs­tün­lik­le­riniň şug­la­sy­dyr.

      Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de şan­ly wa­ka­lar dün­ýä ýa­ýyl­ýar, dost-do­ganlyk ýo­lu­ny has-da ber­kid­ýär. He­mi­şelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dost-do­ganly­gyň, toý-baý­ram­la­ryň me­ka­ny hökmün­de ta­nal­ýar. Ýurdu­myz Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe­rip, dost­luk­ly gatnaşyklary­my­zyň ge­ri­mi­ni has-da gi­ňeld­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýurdumyz­da hal­ka­ra mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, da­şary döw­let­le­riň medeni­ýet gün­le­ri, şol döw­let­ler­de Türk­me­nis­ta­nyň me­de­niýet gün­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Döwle­ta­ra gat­na­şyk­lar­da deňhu­kuk­ly­lyk, öza­ra hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­rinden ugur alynýar. Türk­menistanyň hemişe­lik Bi­ta­rap­ly­gy dün­ýä­de para­hat­çy­ly­gy go­rap sak­la­mak we ony ber­kit­mek mak­sat­la­ry­na gul­luk ed­ýär. Bi­ta­rap­lyk­—­ag­zy­bir­li­giň, abadan­çyly­gyň, asu­da ýa­şaý­şyň, ýag­ty gel­je­giň berk bin­ýa­dy. Bitaraplyk pa­ra­hat­çy­lygy we howp­suz­ly­gy ber­kit­mä­ge, çalt we yzygider­li ösüş­le­re, şeý­le-de mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zy döw­re­bap dowam et­dir­me­gi­mi­ze gö­nük­di­ri­len tu­tan­ýer­li öz­gert­me­le­ri durmuşa or­naş­dyrma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

     Toý­la­ry toý­la­ra ulaş­ýan eziz Di­ýa­rymy­zyň üs­tün­lik­le­ri, halkymyzyň bagty­ýar dur­mu­şy ha­kyn­da tüýs ýü­rek­den be­ýan etmek örän ýa­kym­ly­dyr. Çün­ki hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň parasatly baştutanly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­ler şu günümi­ziň üstünlik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni, gel­je­gi­mi­ziň has-da ösüşli­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär. Bu­laryň äh­li­si gel­jek nesillerimiziň bag­tyýar dur­mu­şy üçin ama­la aşy­ry­lan be­ýik işlerdir. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de Arkadag şä­he­ri dün­ýä nusgalyk «akylly» şä­her­dir. Döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaýla­ry, me­de­ni-dur­muş des­ga­la­ry san­ly ul­gam bi­len berk baglanyşdyry­lyp, «akylly» öý­le­riň nus­ga­sy­na öw­rül­di. Ol jaý­lar özleri­niň döwrebaply­gy, äh­li şert­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. El­betde, şeý­le döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­mak we hal­kyň eş­ret­li durmuşyna gö­nük­dir­mek yk­dy­sa­dy taý­dan örän kuw­wat­ly­ly­gyň alama­ty­dyr. Türk­men hal­ky­na şeý­le bag­ty­ýar­ly­gy peş­geş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň janla­ry sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tünlik­le­re bes­len­sin!

 

                                                                      Zyba NEPESOWA, 

                                    Türkmenistanyň  Mejlisiniň Ylym, bilim,

                                    medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky

                                                       komitetiniň baş hünärmeni.

02.07.2025 Details
1 ... 19 20 21 22 23 ... 106