The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

BUÝSANÇLY TOÝUŇ DABARASY

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň buýsançly senesi — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ýetip gelýär. Bu baýramçylygyň aýratynlygy onuň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň berkararlygynyň baýramy bolmak bilen, mähriban Watanymyza guwanjymyzy goşalandyryp, bu senäniň dabarasy dag aşýar. 

Esasy Kanunymyzyň 1-nji maddasynda kesgitlenilişi ýaly, Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşy prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynda Türkmenistan döwletimiziň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedigi kesgitlenendir hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygy tekrarlanylýar. 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň Konstitusiýasy döwletiň we jemgyýetiň demokratik ýol-ýörelgeler bilen ösdürilmegini kepillendirýär. Muňa Esasy Kanunymyzyň 5-nji maddasyndan göz ýetirmek bolýar. Şu maddada kesgitlenilişi ýaly, Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk göz başydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaranyò üsti bilen amala aşyrýar. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenilişi ýaly, Türkmenistan döwletimizde kanunyň hökmürowanlygy bellenendir. Esasy Kanunymyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy, bilim alyp, hünär öwrenmegi, erkin zähmet çekmegi, talabalaýyk dynç almagy kepillendirilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukugynyň bardygy bellenilendir. 

Garaşsyz Türkmenistanymyzyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlarynyň biri Döwlet baýdagy bolup, bu gün Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ýaşyl Tugy dünýäniň çar künjeginde buýsançly pasyrdaýar. Goşa guwanjyna buýsanýan türkmen halky bu günki gün uly toýuny toýlaýar. Döwlet berkararlygymyzyň senesi bolan bu baýramçylygyň dabarasy dag aşýar. 

 

Ýusup ANNAÝEW. 

Mary şäherindäki 2-nji saglyk öýüniň maşgala 

lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

16.05.2024 Details

USSADYŇ ESERLERI — TERBIÝE MEKDEBI

Gün­do­ga­ryň akyldary, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýramy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň taryhy wakasy bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna siňen berkarar döwlet gurmak, agzybirlik, edep-ekramlylyk, haýyr-sahawatlylyk baradaky filosofiki oý-pikirleri, şahyrana nesihatlary, öwüt-ündewleri türkmen halky üçin terbiýe mekdebi bolup hyzmat edip gelýär. 

Nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginde ata Watana, ene topraga söýgi uly orna eýe bolup, bu temadaky şygyrlary okyjylarda gözel mekana çäksiz söýgi döredýär. Beýik söz ussadynyň “Türkmeniň” goşgusyny alyp göreliň. Akyldar şahyrymyz: 

Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy, 

Çyrpynşar çölünde neri-maýasy, 

Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, 

Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň 

— diýmek bilen gadymy türkmen topragynyň gözel keşbini şahyrana beýan edýär. Dana şahyrymyz gürrüňi edilýän şygrynda Amyderýa bilen gojaman Hazaryň arasynda ýaýylyp ýatan bereketli türkmen topragynyň ajaýyplygyny şahyrana suratlandyrýar. 

Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerinde halallyk, edeplilik, zähmetsöýerlik, ulyny sylap, kiçä hormat goýmak ýaly, asylly ýörelgeler çeper beýan edilýär. Bu aýdýanymyza nusgawy şahyrymyzyň: 

Adam ýaradylmyş belentli-pesli, 

Akylly, pikirli, aňly paýhasly,

Ýigitlik-göýä bir ýaz günüň pasly, 

Bahar senden gider, zaman eglenmez  

— diýen setirlerini ýatlamak ýeterlikdir. Dogrusy, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň her bir setiri bilmäge, öwrenmäge tapylgysyz hazyna. Bu gymmatly hazynany aýawly saklamak biziň borjumyzdyr. Çünki, bu hazyna durmuşyň terbiýe mekdebidir. 

Bilşimiz ýaly, üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçilmegine ykjam taýýarlyk görülýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilip geçiler. Şu sene mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar we dabaraly çäreler giň gerime eýe bolýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň bu taryhy senesiniň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy şübhesizdir. Çünki, bu waka akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna goýulýan belent sylag-sarpanyň guwançly ýaňy bolar. 

 

Merdan ORAZMEREDOW. 

Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň

 mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

16.05.2024 Details

EŞRETLI GELJEGIMIZIŇ GÖZBAŞY

 

Nesil terbiýesi gadymy halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän iňňän wajyp wezipesidir. Sebäbi, şu günki nesliň bagtyýar geljegi ýaş nesle berilýän bilimde we edep-terbiýede jemlenýär. Halkymyzyň nesil terbiýesi baradaky ýörelgesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda aýratyn many-mazmun bilen rowaçlanýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işi kämilleşdirilip, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. 

Şu aladalar bilim işgärlerine bildirilýän ýokary talaby öňe çykarýar. Has tutanýerli zähmete borçly edýär. Şeýle jogapkärli işiň ýokary netijesiniň okuw-terbiýeçilik işleriniň guramaçylykly ýola goýulmagyna baglydygyndan ugur alýarys. Aslynda, mugallymyň işi juda jogapkärli wezipe. Sebäbi, döwletimiz biz, mugallymlara ertirimiziň abadanlygyny üpjün etmegi ynanýar. Has takygy, geljegimiziň bagtyýarlygy ýaş nesle şu günki berýän bilim-terbiýämiziň hiliniň derejesine baglydyr. Şonuň  üçinem her bir bilim işgäri bu hakykata dogry düşünip, hünär borjunyň jogapkärçiligini duýmagy derwaýysdyr. 

Şu jogapkärçilikden ugur alyp, okuwçylara bilim-terbiýe bermekde mugallymlarymyzyň has tutanýerli, döredijilikli zähmet çekmeklerine ruhlandyrýar. Her bir işde üstünlik başarnyga, yhlas-tagalla bagly. Halypa-şägirtlik ýörelgesem işiň bähbidine gowy täsirini ýetirýär. Şonuň üçinem halypa mugallymlarymyzyň baý iş tejribesiniň ýaş kärdeşleri üçin tejribe mekdebi bolmagy ugrunda aladalanýarys. Multimediýa tagtalaryndan we okuw-görkezme esbaplaryndan netijeli peýdalanylmagyna uly üns berýäris. 

Täze eýýamymyzda bilimli, edep-terbiýeli, kämil nesilleri ýetişdirmek jogapkärli wezipe. Biz ýeňil bolmadyk işimizde has tutanýerli zähmet çekip, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edýäris. 

 

Allamyrat GURBANMYRADOW. 

Türkmengala etrabynda ky 11-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

16.05.2024 Details

BAKY BAGTYŇ NYŞANY

 

Güneşli Diýarymyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni aýratyn dabara we ruhubelentlik ýagdaýynda bellenip geçilýär. 

Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýa döwletiň tutuş hereket edýän kanunçylygynyň esasy binýadydyr. Ol ýokary hukuk güýjüne eýe bolup, döwletiň syýasy we ykdysady ulgamyny berkidýär. Onda Garaşsyz döwletimiziň pugtalandyrylmagy, ata-babalarymyzdan gelýän köpasyrlyk tejribeler, milli däplerimiz, mizemez umumadamzat gymmatlyklary hem-de türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň amal bolmagy baradaky kadalar öz mynasyp ornuny tapýar. Esasy Kanunymyzda diňe bir Garaşsyzlygymyzyň gazananlary berkidilmän, eýsem, jemgyýetimizi mundan beýläk hem ösdürmegiň röwşen ýoly kesgitlenendir. 

Döwre görä kämilleşdirilýän, demokratik ýörelgelere esaslanýan hem-de degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesini öz içine alýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de üstünlikli ösmegini, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün edýär. Esasy Kanunymyzda adam hukuklaryna we azatlyklaryna uly üns berilýär. Konstitusiýanyň baş aýratynlygy hem onuň agramly böleginiň ynsanyň tebigy we mizemez hukuklarynyň kanun taýdan kepillendirilmeginden ybaratlygydyr. 

Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny alanyndan soňra, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda öz Konstitusiýasyny kabul etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasatynda, ykdysadyýetinde, medeniýetinde hukuk we halkara gatnaşyklaryň emele gelmegi netijesinde, olaryň kanuny we taryhy ähmiýete eýe bolandyklary sebäpli, döwletiň Esasy Kanunyna döwrüň talabyna laýyk gelýän bir näçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 

Konstitusiýamyzyň esasynda kabul edilýän kanunlaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi döwletimiz tarapyndan üns merkezinde saklanylýar. Kanunlaryň berk berjaý edilýän ýerinde bolsa üstünliklere we rowaçlyklara giň ýol açylýar. Kanunlaryň kämilleşdirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy jemgyýetimizdäki durmuş-ykdysady özgertmeler bilen utgaşyp, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine getirýär. Häzirki we geljekki nesillere bagtyýar durmuşy üpjün edýär. 

Her bir milletiň, her bir döwletiň jemgyýetçilik aňyna, ruhuna täsir edýän aýratyn tapawutly alamatlary bolşy ýaly, Döwlet baýdagymyz hem halkymyzyň ruhuny ganatlandyrýan nyşandyr. Mukaddeslik hökmünde köňüllere buýsanç, kalbymyza mähir çaýýan gymmatlyklarymyzyň biri-de biziň ajaýyp Döwlet baýdagymyzdyr. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, asudalygyny, parahatçylyk söýüjiligini we raýatyň öz ýurduna bolan buýsanjyny, halkymyzyň mertebesiniň hemişe belentde bolmagyny kepillendirýär.

Döwlet baýdagy döredilende saýlanyp alnan we ýerleşdirilen şekillerdir reňkler şol halkyň milliligini, aňyýetini, ynanjyny, däp-dessurlaryny aňladýar. Şeýle bolansoň, geçmişde gurlan türkmen döwletleriniň baýdaklarynda ata-babalarymyzyň milli häsiýetlerini aňladýan birnäçe nyşanlar öz ornuny tapyp, häzirki günde-de öz ähmiýetini ýitirmeýär. Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan goralýandyr. Mukaddes Tugumyz BMG-niň belent binasynyň öňünde dünýä döwletleriniň baýdaklarynyň arasynda hemişe buýsançly parlap durandyr. 

Türkmenistanyň Zähmet kodeksine girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, 2018-nji ýyldan başlap, her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni utgaşykly bellenip geçilýär. Bu goşa mukaddesligiň baýramynyň bilelikde bellenilmegi tüýs jüpüne düşüp, döwletlilikden we bagtyýarlykdan nyşandyr. 

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde al-asmanda parlaýan mukaddes Tugumyzyň astynda hemişe parahatçylygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň mukamlary ýaňlansyn! 

Ata Watanymyzyň ösüşlerini pugtalandyrmak üçin nusgalyk işleri amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin! 

 

Jeren GYLYÇMYRADOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

16.05.2024 Details

EDEBIÝATYŇ PARLAK ÝYLDYZY

 

Gymmatly edebi mirasy bilen edebiýatymyzyň parlak ýyldyzyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlyklary baradaky pikir-garaýyşlary diňe bir türkmeniň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem kalbyna ýakyndyr we düşnüklidir. Ol dünýä, adamzat, Watan, söýgi baradaky pelsepewi garaýyşlaryny adama mahsus inçe duýgular bilen pikir ýöretmegiň iň kämil tärlerinden ussatlarça peýdalanyp, ynsan kalbyna inçelik bilen ýetiripdir we halk hakydasynda ömürlik orun alypdyr. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň diňe ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýä ýüzünde hormat-sarpasy, nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyna gyzyklanma has-da artýar. Munuň şeýledigini golaýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde giň gerimde geçirilýändigini bellemegi, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen döredijilik çärelerini has ýokary derejede guramaga degişli taýýarlyk işlerini alyp barmagy tabşyrmagy doly tassyklaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýynda geçiriljek köp sanly dabaralaryň, halkara çäreleriň hatarynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat uly ähmiýete eýe bolar. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda: 

Köpetdagyň eteginde galdy bu gün ör boýuna, 

Onuň Aly jenaby Magtymguly Pyragy — 

 

diýip belläp geçmegi Milli Liderimiziň dana şahyrymyzyň edebi mirasyna aýratyn hormat goýýandygyna şaýatlyk edýär. 

Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toý-dabaralarynyň giň gerime eýe bolýan günlerinde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde şahyryň ýadygärliginiň dabaraly açylýandygy halkymyzyň göwnüni ganatlandyrýar. 

«Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem şu ýylda kabul edilmegi aýratyn mana eýedir. Bilşimiz ýaly, bu medalyň döredilmeginiň esasy maksady Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren raýatlary sylaglamak bolup durýar. 

Beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek giň gerimli dabaraly çäreler dana Pyragynyň asyrlar geçse-de gymmatyny ýitirmeýän edebi mirasyna belent sarpanyň dabaralanmasy bolar. 

 

Enejan AMANÝAZOWA, 

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp 

öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

16.05.2024 Details

KÄMIL TERBIÝE MEKDEBI

 

Islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň okgunly ösüşini gazanmakda maddy we ruhy gymmatlyklaryň sazlaşygy ilkinji zerurlyklaryň biri bolup durýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejeli dabaralara beslenmegi bu mizemez hakykaty ýene bir ýola aýdyň görkezýär. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligine bolan şunuň ýaly ählumumy gyzyklanmalar ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän häzirki döwründe jemgyýetiň ahlak sagdynlygyny berkitmegiň umumadamzat üçin hem naýbaşy wezipe bolup durýanlygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda örän ýerlikli belläp geçişi ýaly, «Magtymgulynyň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir». 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Watanyň daýanjyna deňelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde paýhas ýüki ýetik şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşyna öwrülen beýik Pyragynyň gymmatly edebi mirasynyň bahasy ýokdur. Bu barada Gahryman Arkadagymyz ady agzalan kitabynda şeýle ýazýar: «Mähriban türkmen topragymyzyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir». 

Beýik söz ussadynyň adyny hormat bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy berkarar Diýarymyzyň egsilmez kuwwaty, röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde döredilýän şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmakda ähli tagallalary edýär. Şeýle jogapkärli işde umumadamzat şahyry hökmünde ykrar edilen Magtymguly atamyzyň edebi mirasynyň ýol görkeziji, edep mekdebi bolup gelýändigi guwandyryjydyr. Bu kämil mekdebiň terbiýesini alan bagtyýar ýaşlarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nurana ýolundan bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň köpugurly ösüşine, üstünlikli amala aşyrylýan ägirt uly taryhy taslamalara mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bosagasynda öz halkyna peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby şeýle buýsançly hakykaty jümle-jahana ýaýdy. 

Umumadamzat ösüşine önjeýli goşant goşan türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklaryny nusgalyk ösüşlerimiziň binýadynda goýan Milli Liderimize hem-de peder ýoluny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz dillerimizde dessandyr. 

 

Guwanç Çen­dirow, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

 guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

16.05.2024 Details

KONSTITUSIÝA BAGTYÝAR DURMUŞA HUKUK

 

Kanunlar umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýän, adamzat siwilizasiýasynyň döreden iň ýokary syýasy, taryhy, medeni gazananlarynyň biridir. Ýaşaýşyň, syýasy-ykdysady hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşygyny, düzgün-tertibini resmi taýdan üpjün edýän hukuk esaslarynyň kemala gelmegi bilen, dünýä jemgyýetçiligi medeni-aňyýet taýdan çalt depginde ösüp başlapdyr. Ylym, tehnika we tehnologiýa babatdaky täzeleniş döwrüne, ýagny soňky asyrlara ýetilýänçä, jemgyýetleriň, dünýä gatnaşyklarynyň hukuk esaslarynda hem düýpli özgertmeler bolupdyr.

Mä­lim bolşy ýaly, syýasy, harby, medeni gapma-­garşylyklaryň öňüni almakda, ösüşleri umumadamzat bähbitleri esasynda ýola goýmakda Ikinji jahan urşundan soňky döwürde dörän halkara hukugyň berkidilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde döwletara, halkara gatnaşyklarda deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmeler üçin kabul ederlikli şertlerini döretmäge gönükdirilen kanunçylyk­ hukuk esaslaryna aýratyn üns berilmegi XX asyryň ylmy­tehnologik ösüşiniň has çaltlaşmagyna uly täsir etdi. Parahatçylykly ýaşaýşy we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň mümkindigine bolan ynam halkara jemgyýetçilik pikirinde has berkedi. Muňa garamazdan, üçünji müňýyllygyň başynda dünýä ýagdaýlarynda bolup geçýän, halkara hukugyň esasy ýörelgelerine oňaýsyz täsir edýän ýüze çykmalar sebäpli, özara gatnaşyklary umumadamzat bähbitlerine gönükdirip, asuda durmuşy üpjün etmekde täze çemeleşmeleriň zerurdygy, bu ugurda talabyň artýandygy şu günüň hakykaty hökmünde orta çykýar. Onýyllyklaryň dowamynda yzygiderli kämilleşdirilip, halkara gatnaşyklaryň mizemez hukuk esaslaryna öwrülen, umumy ykrar edilen ylalaşyklary, resminamalary we düzgünleri pugta berjaý etmek, dünýä giňişliginde deňagramlylygy saklamak meseleleriniň çözgüdini tapmak babatdaky tagallalaryň zerurdygyny nazara almak bilen, ýurdumyzda döwletiň, jemgyýetiň kanunçylyk­ hukuk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda konstitusion özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Kabul edilýän kanunlaryň, halkara hukugyň esasy düzgünleriniň berjaý edilmegi babatda döwlet derejesinde giňişleýin guramaçylyk, syýasy-­jemgyýetçilik çäreleri ýaýbaňlandyrylýar. 

Ýurdumyzda her ýylyň 18-­nji maýynda giňden bellenip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Garaşsyz döwletine, özygtyýarly ösüş ýoluna eýe bolan türkmen halkynyň çäksiz buýsanjyny ýüze çykarýar. Bu baýramyň «Pähim­-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň hatyrasyna bina edilen ägirt uly heýkeliň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bilen utgaşdyrylmagy umumadamzat gymmatlyklaryna ruhy we medeni taýdan möhüm goşant goşan türkmen halkynyň beýik döwre ýetip, mizemez berkarar döwlet gurandygyny dünýä äşgär edýär. Munuň özi türkmen taryhynyň çylşyrymly döwürlerinde özygtyýarly döwlet gurup, dünýäde öz mynasyp ornuny eýelemek ýaly mukaddes pikirleri türkmen halkynyň aňyna ornaşdyran, halky bir supranyň başyna jemlenmäge çagyran beýik akyldaryň pähim­paýhasyny dünýä ýaýan Milli Liderimiziň halkymyzyň şu günki bagtyýar, mertebeli ýaşaýşy babatda döreden döwletlilik ýörelgeleriniň, hukuk esaslarynyň, bu beýik işleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilikli, oýlanyşykly, il bähbitli, dünýä ähmiýetli syýasatynyň akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryndaky arzuwlaryny hasyl etmekde şöhratly döwri berkarar edendigini alamatlandyrýar. 

Garaşsyzlyk ýyllarynyň halkymyzyň düzgün­-tertibe sarpa goýýan, hukuk hem-de ruhy­-ahlak kada-­kanunlaryna eýerip ýaşamagy başarýan, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda adam sarpasyny belentde goýýan milletdigini görkezendigini buýsanç bilen aýdyp bolar. Özygtyýarly ösüşiň şan­-şöhrata beslenen ýyllary halkymyzyň asyrlar boýy kemala gelen paýhas güýjüniň çylşyrymly döwürleriň oňaýsyz ýüze çykmalaryna garşy durmaga, milli ýol­-ýörelgeleriň asyl durkunda dowam etdirilmeginde esasy binýat bolmaga ukyplydygyny görkezdi. Hut halkyň ruhy-­ahlak güýjüniň, dünýägaraýşynyň, milli ýörelgeleriniň köp asyrlaryň dowamynda berkarar döwletli bolmak arzuwynda ýaşan türkmenleriň tutanýerlilik bilen alyp baran maksatly işlerinde zerur şerti döredendigine häzirki beýik döwrümiziň syýasy-­jemgyýetçilik, medeni­-ynsanperwer ösüşleriniň açýan, ýüze çykarýan, dünýä ýaýýan taryhy maglumatlary arkaly doly göz ýetirýäris. 

Ýurdumyzyň ösüş ýoluny, döwrüň şertlerine görä, çeýelik we netijelilik bilen kemala getirmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran ägirt uly, oýlanyşykly özgertmeleriniň taryhy jähetden örän ýokary hem gymmatly orny barha aýdyň bolýar. Şunda syýasy-hukuk özgertmeleriniň ähmiýetine häzirki döwrüň her bir pursadynda anyk göz ýetirýäris. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň durmuş hakykaty türkmen döwletiniň ösüş ýolunyň döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň kada giren, ýüz ýyllyklarda dowam edip gelýän adaty tejribesiniň üstüni ýetirýändigine, ony täzeçe çemeleşmeler bilen nusgalyk derejede baýlaşdyrýandygyna çuňňur düşünmäge ýardam berýär. Şeýle özboluşlylygyň haýsy ugurlar boýunça has anyk ýüze çykýandygy hem hemmeleri gyzyklandyrýan ýagdaýdyr. «Milli ösüş ýolumyz», «Türkmenistanyň tutýan ýoly» diýen düşünjeler seljerilende, şol aýratynlyklara göz ýetirmek bolýar. Bu babatda berkarar döwletimiziň kanunçylyk ­hukuk binýadyna üns bermek zerurdyr. 

«Durmuş ugurly syýasat» diýen düşünje, elbetde, uly bir täzelik däldir. Ýöne syýasy-­jemgyýetçilik teswirlemelerinde gaýtalanýan, kanunçylyk ­hukuk beýanatlarynda orun alýan bu düşünjäniň iş ýüzünde durmuş hakykatyna öwrülmeginiň nähili uly, köpugurly tagallalary talap edýändigi düşnüklidir. Biziň ýurdumyzda bu syýasatyň halkyň durmuşyndaky anyk şöhlelenmesini görmek türkmen döwletiniň we milli jemgyýetimiziň ösüş ýolunyň aýratyn many­-mazmunyna, nusgalyk tejribesiniň düýp özenine düşünmäge mümkinçilik berýär. Durmuş ugurly, halk bähbitli syýasaty alyp barmagyň aňsat däldigini döwür görkezýär. Döwleti, jemgyýeti dolandyrmakda yzygiderli kämilleşdirilýän kanunlar­da, çalt depginde ösdürilýän ylmy-­tehnologik gazanylanlar­da, ykdysady, maliýe serişdeleriniň ýeterlik bolmagy­da dünýä boýunça ýaşaýyş­-durmuş üpjünçiliginiň deňeçerligini saklamakda, azyk, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýaşaýyş serişdelerine bolan islegleri kanagatlandyrmakda doly kepil bolup bilmeýär. Sebäbi bu ugurda ählumumy sazlaşykly ösüşi gazanmagyň ýeňil düşmeýändigini Milletler Bileleşiginiň çäklerinde umumadamzat ýaşaýşynda ýüze çykýan ýetmezçiliklere we howplara garşy halkara hereketleriň ýyl-­ýyldan has güýçlenýändigi hem anyk subut edýär. 

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda döwlet derejesinde durmuş ugurly syýasaty netijeli ýola goýmakda we Milletler Bileleşiginiň yglan eden Durnukly ösüş maksatlarynyň berjaý edilmegine goşant goşmakda ýurdumyzda ýetilen sepgitler, alnyp barylýan işler barada giňden beýan etdi. Şunda bir ýagdaýa anyk göz ýetirmek bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň öňe süren Durnukly ösüş maksatlarynyň 17 ugry boýunça Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň ýurdumyzda bu babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň örän ýokary derejelidigini, taryhy ösüş ýolunyň kämilligi bilen bagly aýratyn häsiýete eýedigini belläp geçmek zerurdyr. Döwleti we jemgyýeti ynam bilen öňe alyp gitmekde, halkymyzyň ähli güýjüni we tagallalaryny her bir ugurda ösüş gazanmak maksadynyň daşynda jemlemekde özgertmeleri, ösüş maksatnamalaryny toplumlaýyn amala aşyrmak durmuş ugurly syýasatyň esasy aýratynlygydyr. Bu ösüş ýolunda milli jemgyýetçilik aňynda kemala gelen berk ynam öňe gitmegiň kepili boldy. 

Türkmen halkynyň uly ynamyna we hormatyna eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň halkyň arasynda bolup, adamlary ösüşlere ruhlandyrmaklary, döwletimiziň kuwwatly ösüşlerini üpjün etmek babatdaky pikirlerini ildeşlerimize ýetirip durmaklary, öňde goýulýan belent maksatlaryň ýerine ýetirilişini hemişe üns merkezinde saklap, beýik işleriň bitirilmegi üçin ähli zerur güýçleri we serişdeleri gönükdirmekleri Türkmenistanyň çalt depginde ösýän abraýly döwlet derejesine ýetmeginiň esasy şertidir. Şoňa görä­de, adamlar Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň her bir sözüni, pikir-­garaýyşlaryny ýurdumyzyň ähli ösüşleriniň, halkyň asuda, bagtyýar durmuşynyň kepili hökmünde kabul edýärler. Esasy Kanunymyzda kesgitlenýän raýatlaryň mizemez hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi babatda ýurdumyzyň kanunçylyk ­hukuk binýadynda, jemgyýetçilik durmuşynda döredilýän şertler watandaşlarymyzyň ertirki güne ynamynyň, ruhubelentliginiň, mertebeli ýaşamaga bolan höwesiniň kepilidir. 

Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň döwrüň zehinli syýasatçysy, başarjaň döwlet Baştutany hökmünde alyp barýan ösüş syýasaty babatda halkyň garaýyşlarynda oňyn pikirleriň barha güýçlenmegi, berkemegi soňky iki ýylda biziň durmuşymyzda ýüze çykan özgerişler bilen baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň döreden, ösdüren, kämilleşdiren döwletlilik ýoluny, bütin dünýäniň özgerişini, täzelenişini, geljekde garaşylýan halkara ýagdaýlary göz öňünde tutup, milli ösüş ýollarynyň ygtybarlylygyny kepillendirýän, çuňňur işlenen maksatnamalar bilen has­da berkidýär. Şu jähetden alnanda, döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar syýasatyna aýratyn möhüm orun bermegi, ýaş nesilleriň durmuşy, bilimi, işleri, intellektual ösüşleri babatda döwletiň döredýän kepilliklerini kanunçylyk­ hukuk taýdan berkitmäge üns bermegi, ýaşlary döwleti dolandyryş hem­-de syýasy­-jemgyýetçilik ulgamlarynyň işine giňden çekmekde zerur şertleriň üpjün edilmegine ýol açmagy ýurdumyzda köp ugurlaryň ilerlemegine mümkinçilik berýär. Jemgyýetde täzeleniş has çaltlaşdy, ýaşlar bilim, medeniýet, sport ugurlarynda berkarar Watanymyzyň at­-abraýyny dünýäde has belende galdyryp başladylar. Syýasy, ykdysady ugurlarda, diplomatiýada, halkara hyzmatdaşlykda ýaş hünärmenleriň ornunyň we täsiriniň artmagynyň Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň çägindäki täsiriniň ýokarlanmagyna getirýändigi barha äşgär bolýar. 

Häzirki döwür — ýaşlaryň başarnygyna, bilimine, pikir­-garaýyşlaryna bil baglanýan döwür. Häzir ylmy­-tehnologik ösüş dünýäde has çaltlaşdy. Şol bir wagtda halkara syýasy­-diplomatik gatnaşyklarda­-da düşünişmäge, ynanyşmaga, raýdaşlyga aýratyn höwesli bolan, dünýäniň geljegini parahatçylykly gatnaşyklar bilen pugta baglanyşdyrmaga ymtylýan ýaş nesilleriň ornunyň giňäp, dünýä jemgyýetçiliginiň täzeçil garaýyşlara tarap barha ilerleýändigini görmek bolýar. 

Hormatly Prezidentimiziň döwleti we jemgyýeti täzeçe garaýyşlaryň ýoly bilen çalt depginde ösdürmekde, halkara giňişlikde berkarar Watanymyzyň, halkymyzyň has giňden tanalmagyna şert döretmekde amala aşyrýan maksatlarynyň hemmesi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen hukuklardan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyzda adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidigi, döwletiň her bir raýatyň öňünde jogapkärdigi, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýändigi, Türkmenistanyň ýurduň raýaty bolan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýändigi bellenýär. Konstitusiýanyň 40-­njy maddasynda bolsa: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip kesgitlenendir. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwlet syýasatyna, ösüş ýollaryna, demokratik­-hukuk esaslaryna çuňňur düşünmek bilen, biz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwrebap, öňdengörüjilikli we il bähbitli syýasatynyň saýasynda geljegimiziň ygtybarlydygyna, ýurdumyzyň mundan beýläk­de gülläp ösjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys. Şeýle ynam, ruhubelentlik, buýsanç bilen, toý­-baýramlarymyzyň dabarasyny uludan tutýarys. Goý, şeýle bagtyýar döwrümiz asyrlara ýaň salsyn! 

 

Ata SERDAROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

başlygy, Mejlisiň deputaty.

15.05.2024 Details

BAGTYÝAR ÇAGALAR — ÝAGTY ERTIRLERIŇ UMYDY

 

Do­wa­mat-do­wam bol­ma­gyň il­kin­ji şer­ti gel­je­gi gur­ma­ga ukyp­ly, pi­kir­le­nip, dur­muş­da öz or­nu­ny ta­pyp bil­ýän ýaş ne­sil­le­ri ýe­tiş­dir­mek bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan ýur­du­myz­da döwlet ýaş­lar sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, ne­sil­le­ri­mi­ziň bagtyýar dur­muş­da sag­dyn ýa­şa­ma­gy, iň kä­mil bi­lim­le­ri ele alyp, dün­ýä ýaş­la­ry bi­len aýak­daş git­megi ug­run­da taý­syz ta­gal­la­lar edil­ýär. Türkmen hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň çäk­siz sahawa­ty bi­len esaslan­dy­ry­lan Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň alyp bar­ýan asyl­ly iş­le­ri hem şu ug­ra gö­nük­di­ri­len­dir. 

Bu haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilip, gazna tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Onuň bank hasaplaryna raýatlardan hem-de edara görnüşli taraplardan pul serişdeleri yzygiderli gelip gowuşýar. Bu serişdeler howandarlyga mätäç çagalara tölegli lukmançylyk, bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň gowy dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, beýleki degişli zerurlyklary kanagatlandyrmaga gönükdirilýär. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda gaznanyň alyp barýan köpugurly işleriniň gerimi has-da giňelip, onuň maksady ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek bilen birlikde, ýaş nesilde Watana wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. 

Şu jähetden, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howan­dar­lyk et­me­gin­de «Biz — Ar­ka­dag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň yglan edilmegi aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzyň çar künjeginden 14 ýaşa çenli bolan çagalaryň gatnaşmak hukugy bolan bu bäsleşigiň maksady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermekden ybaratdyr. Şeýlelikde, bu çäre zehinli çagalaryň watançylyk duýgusyny ösdürmäge, sungata, surat çekmäge höwesini artdyrmaga, olaryň özbaşdak döredijilik ukyplaryny goldamaga, bilesigelijiligini, çeperçilik işjeňligini ýokarlandyrmaga, dünýägaraýşyny giňeltmäge ýardam eder. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Ýaş­lar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Çagalaryň bagtyýar durmuşy we sazlaşykly ösüşi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Olaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklarynyň doly açylmagy üçin şertleriň döredilmegi Watanymyzyň, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly jogapkärçilige esaslanýan tagallalarymyzyň baş maksadydyr» diýip belleýär. Elbetde, ýaş nesli kämil derejede kemala getirmek, ilkinji nobatda, olara berilýän edep-terbiýäniň hiline bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde ýurdumyzyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Kompozitor» atly filmi görkezmek bolar. Bu filmde sazyň täsinlikleri, ynsan ruhuny bejerijilik häsiýeti barada gürrüň berlip, onuň içinden ýaş nesliň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde we jemgyýetde öz ýerini tapmagynda terbiýäniň, şeýle hem terbiýäni bermekde, ýaşlary hünäre ugrukdyrmakda maşgalanyň orny hakyndaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär. 

Ýeri gelende bellesek, Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek üçin serişdeleriň bölünip berilmegi, bejergi çykdajylarynyň tölenilmegi, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän, bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin degişli lukmançylyk enjamlarynyň satyn alynmagy asylly däbe öw­rül­di. Anyk my­sal­la­ra ýüz­len­sek, 2021-nji ýylyň tomsunda ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary, Mary welaýat çagalar hassahanasyna «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamy sowgat berildi. Şu ýylyň aprelinde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, ýa­ňy-ýa­kyn­da bol­sa Ahal welaýa­tynyň Bäherden etrabynyň hassahanasynyň hersine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamy-da sowgat hökmünde gowşuryldy. Döwrebap lukmançylyk merkezlerine ornaşdyrylýan öňdebaryjy şeýle enjamlar bar bolan keselleri irki döwürlerde anyklamaga, iň täsirli bejeriş çärelerini kesgitlemäge mümkinçilik bermek bilen, ýaşlaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň birjik-de ünsden düşürilmeýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

Şeý­le hem Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ar­ka­dag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk akademiýasyna baryp görmegi, ol ýerde milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etmegi, täze, ýaş atşynaslar toparyny döretmek baradaky teklibi öňe sürmegi bellenilmäge mynasypdyr. Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goldaw beriljek bu toparyň döredilmegi, nesip bolsa, atşynaslaryň täze neslini ösdürip ýetişdirmekde möhüm ädim bolar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Öm­rümiň manysynyň dowamaty» atly eseriniň sahypalaryny şeýle setirler bezeýär: «Aýt­mak­la­ry­na gö­rä, kö­ki Ze­mi­niň çuňluklarynda, şahalary göge diräp duran bir daragt bolarmyş, onuň saýasy-da, mi­we­si-de der­man­myş. Ze­min özü­niň ynjalygyny, asman özüniň asudalygyny şonuň üsti bilen gazanarmyş. Onuň haýry-höziri yns-jynsa, guş-gumra-da ýetermiş. Bu daragta arka diränleriň abraý-mertebesi arşa sary ýokary galarmyş. Oňa «Sahawat daragty» diýler ekeni». Bu rowaýaty okap, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mysalynda sahawat daragtynyň türkmen halkyna öz saýasyny salandygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen ynsanperwer iş­le­riň hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň we Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň tagallalary bilen barha giň gerim alýandygyna buýsanjyň artýar. Hususanda, ynsanperwerlik kömeginiň diňe bir Türkmenistanyň çagalaryna däl, eýsem, köp sanly dostlukly döwletleriň çylşyrymly durmuş ýagdaýynda galan çagalaryna-da berilýändigi guwandyryjy ýagdaý bolup, bu haýyr-yhsanly işler «Ha­ýyr- be­re­ket, nur-reh­met» diýen halk pähimini ýadyňa salýar. 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

 

 

14.05.2024 Details

BELENT MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR

 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ­pa­ra­sat­ly ­baş­tu­tan­ly­gyn­da­ ýur­du­myz­ ös­ýär,­ halk­ bähbitli­ iş­ler ­üstün­lik­li­ dur­mu­şa ­ge­çi­ril­ýär. ­Hal­ky­my­zyň­ ga­dym­dan gelýän­ hoş­ni­ýet­li­lik ­ýö­rel­ge­si ­bu gün­ki gün­de has-da ro­waç­lan­ýar. «Pähim-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýylyn­da mil­li medeniýeti­miz dün­ýä ýa­ýyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da me­de­ni­ýet diplomatiýasy­nyň ro­waç­lan­ma­gy ­ne­ti­je­sin­de­ halk­la­ryň ­ara­syn­da­ky­ dost-do­gan­lyk­ gat­na­şyk­la­ry ­ös­ýär.­ 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň para­sat­ly baştutan­ly­gyn­da ýurdu­myz beýik ösüş­le­re eýe bol­ýar. Ga­raş­syz Türkmenis­tan se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li hem-de dostluk­ly gatna­şyk­la­ry ös­dür­mek bilen mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi, akyl­dar şahy­ry­myz Magtym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eserle­ri­ni dün­ýä­de giň­den wa­gyz ed­ýär. Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi bi­len oňyn hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýan ýurdumyz di­ňe bir hal­ky­my­zyň mil­li bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak bi­len çäklenmän, eý­sem, tu­tuş adam­za­dyň aba­dan we pa­ra­hat dur­muş­da ýaşama­gy­na gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra bäh­bitli başlangyç­la­ry öňe sür­ýär. Şonuň üçin ýur­du­myz­da me­de­ni­ýet diplomatiýa­syny ös­dür­mek bi­len, dost-do­gan­lyk gat­na­şykla­ry­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. 

Ar­ka­dag­ly  Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýur­du­myz­da ­dur­mu­şa­ geçirýän ­oňyn özgertme­ler ­sy­ýa­sa­ty ­il-ul­suň ­kal­byn­da ­uly joş­gun döredýär. Ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­myz gö­zel­leş­ýär­ we­ yk­bal­lar­ gö­te­ri­lip,­ mukaddes­ top­ra­gy­myz be­re­ket-­bol­çu­ly­gy­na ­eýe bol­ýar. Ýur­du­myz­da özi ba­ra­da edil­ýän çäk­siz ala­da­ny do­ly du­ýup ýa­şa­ýan her bir ra­ýat özü­ni bag­ty­ýar ha­sap­laýar. Hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­miz döw­le­ti­mi­ziň we jemgyýeti­mi­ziň iň gym­mat­ly baý­ly­gy­ bo­lan­ ada­myň jan sag­ly­gy­na we eşret­li dur­muş­da ýa­şama­gy­na aý­ra­tyn üns ber­ýär. Eziz Wa­ta­nymyz­da hal­kyň bäh­bi­di üçin dur­mu­şa geçi­ril­ýän çäk­siz uly iş­ler, gu­rul­ýan desgalar,­ bi­lim, sag­lyk,­ ýa­şa­ýyş ähmi­ýet­li bi­na­lar, ýol­lar we za­wod­lar şu gün­ki­ gün ­türk­men ­hal­ky­nyň ba­ky ­bag­tyň gu­ja­gyn­da ýa­şa­ýan­dy­gy­na şaýat­lyk ed­ýär. Bu eş­ret­le­riň ähli­si mäh­ri­ban ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň, özgert­me­le­ri­niň mi­we­le­ri­dir. «Pähim-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Pyra­gy»­ ýy­lyn­da ­be­ýik­ şahyrymy­zyň­ 300­ ýyl­lyk to­ýu­nyň bel­le­nip geçilýän gün­le­rinde her birimi­ziň Wa­tan bäh­bit­li iş­le­re iş­jeň gatnaşmagy­myz ge­rek. Çün­ki Watan bi­ziň ba­şy­my­zyň tä­ji­dir. Eziz Wata­ny­my­zyň ösüş­le­ri,­dün­ýä­ ýaýyl­ýan­ ab­raý-mer­te­be­si bi­ziň ­her birimi­ziň ­buý­san­jy­myz­dyr.­ 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty

 baradaky komitetiniň baş hünärmeni

13.05.2024 Details
1 ... 21 22 23 24 25 ... 60