​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY: MILLI STRATEGIÝA HEREKETDE

 

Güneşli Diýarymyzda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleriniň netijelerini peseltmek maksadyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak, zyňyndy gazlaryň mukdaryny azaltmak ýaly işler döwlet derejesinde durmuşa geçirilýär. 

2023-nji ýylyň dekabrynda Dubaý şäherinde geçirilen (COP28), BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň 28-nji maslahatynda Türkmenistan döwletimiz Global metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şeýlelikde, ata Watanymyzda 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň derejesini azaltmak meýilleşdirildi. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emele gelýän parnik gazlarynyň, esasan hem, metan zyňyndy gazlarynyň möçberlerini yzygiderli azaltmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary hem döredildi. 

Türkmenistan bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, şol sanda BMG, Ýewropa Bileleşigi, Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýeti, ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) bilen halkara hyzmatdaşlyk etmek boýunça işleri alyp barýar. 

Milli hem-de ählumumy derejede ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasy toplumlaýyn we uzak möhletleýin üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda senagat düzüminiň, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň okgunly ösmegi, şäherleriň we täze ilatly ýerleriň döremegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň we tokaýlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. 

2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň birinji tapgyry gurlup, ulanylmaga berildi. Täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa howpsuzlygy ýaly, möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär. 

Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyzda täze gurlup, ulanmaga berilýän ýa-da durky täzelenýän senagat we dürli maksatly desgalar Halkara standartlaşdyryş guramasy (ISO) tarapyndan ekologiýa talaplaryna laýyklykda sertifikatlara mynasyp bolýarlar. 

Şu ýylyň 27–28-nji noýabrynda merjen paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda «ÝHHG-niň çäginden parlament diplomatiýasy: dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahatynyň geçirilmegi ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ekologiýa abadançylygy ugrunda hem ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. 

Maslahatda çykyş eden daşary ýurtly hünärmenlerdir bilermenleriň Türkmenistanda tebigaty goramak, daşky gurşawy aýawly saklamak we geljekki nesillere ýetirmek babatda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygyny bellemekleri bizde ýakymly duýgulary döretdi. 

Ylaýta-da, bu ugurda hormatly Prezidentimiziň kabul edýän degişli Kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanda 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň 3 million düýp nahalynyň oturdylandygyny bellemek has buýsançlydyr.

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär we onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar. Pudaga döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýetiň berilýändigini bellemek gerek. Şunda ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy bilen bilelikde ýurdumyzyň bu möhüm pudagynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak babatda birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi. Ekologiýa abadançylygy azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň aýrylmaz bölegidir. Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinjileriň hatarynda milli derejede ornaşdyran Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Häzirki döwrüň möhüm talaby bolan «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam berýär. 

Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, olaryň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlyk, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. 

Biziň ýurdumyz gojaman Hazarda netijeli döwletara we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ugurdaş şertnama hukuk binýadyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Bu babatda Türkmenistan tarapyndan «Hazar ekologik başlangyjy» hem öňe sürüldi. Ol Hazar deňziniň gurşawyny we biodürlüligi gorap saklamak, emele gelen ekologiýa meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara meýdança bolup hyzmat edýär. 

Häzirki döwürde Türkmenistanda BMG-niň Daşky gurşawy goramak babatda ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýurdumyzyň parlament hem-de pudaklaýyn dolandyryş edara-kärhanalarynyň wekilleriniň arasynda sebitleýin taslamalar, okuw maslahatlary we duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere ýurdumyzda Döwlet derejesinde we parlament derejesinde ähmiýet berilýändigini görkezýär. 

«Döwlet adam üçindir!», «Watan – halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlary baş ýörelge edinen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli amala aşyrýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Serdar GAÝYPOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy 

goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat 

toplumy baradaky komitetiniň başlygy.

SAGDYN JEMGYÝET — BERKARAR DÖWLET

 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry esasyn­da sagdyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­na öw­rülen Wa­ta­ny­myz­da hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tutan­ly­gyn­da Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa geçi­ril­ýär. Raýatlaryň sag­dyn­ly­gy ýur­duň we jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­niň wa­jyp şer­ti­dir. Türk­me­nis­tan­da bu ul­ga­myň ka­nun­çy­lyk we mad­dy-en­jam­la­ýyn binýa­dy­ny pug­talan­dyr­mak ba­bat­da uly ta­gal­la­lar edil­ýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga çekmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly asylly maksatlardan gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hemde işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, döwletimiziň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bedenterbiýe we sport guramalaryny döretmäge, şol guramalara we aýry-aýry şahslara hyzmatlary etmek boýunça telekeçilik işi bilen meşgullanmaga, bedenterbiýe-sport we ugurdaş harytlary öndürmäge, mahabat işinde bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga, döwlet we hususy sport desgalaryndan peýdalanmaga, bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşiklerine girmäge hukuklary bardyr. Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukugy döwlet tarapyndan ony durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek, bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny alyp barmak arkaly üpjün edilýär. 

Döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň sany barha artýar. Häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli ýaşdaky adamlaryň bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýän döwrebap düzümler hereket edýär. Şanly senelerdir baýramçylyklar mynasybetli guralýan köpçülikleýin sport çärelerine müňlerçe ildeşlerimiz gatnaşýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bütindünýä saglyk güni, Bütindünýä welosiped güni, halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlerimizi sarpalamak dabaralary mynasybetli guralan köpçülikleýin çäreler bu hakykatyň aýdyň tassyknamasyna öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň alyp barýan sport syýasatynyň halkymyzda gyzgyn goldawa eýe bolýandygyny tassyklaýar. 

Bedenterbiýäni we sporty ösdürip, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar edýän, şu günki we geljekki nesilleriň abadan durmuşy hakynda ýadawsyz aladalanýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

 

ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINI KESGITLEÝÄN GYMMATLYK

 

Şu günler ýurdumyzda dünýäniň iň iri bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly senesi dürli derejeli toý çärelerine beslenýär. Berkarar Diýarymyzyň bu halkara hukuk derejesi türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň iň ýokary derejede ýüze çykmasydyr. Şol bir wagtda, munuň özi bu ýörelgeleriň möhüm ähmiýetine dünýä döwletleri tarapyndan berlen mynasyp bahadyr. Baky Bitaraplygymyzyň ykrar edilenden bäri geçilen menziller ýurdumyzyň bu hukuk derejesinden gelip çykýan wezipelere gyşarnyksyz eýermegiň nusgasyny görkezýändigini doly tassyklady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligine esaslanýan şeýle tutumlar täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda kämillik belentliklerini nazarlaýar. Netijede, şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň çäklerinde halkymyzyň abadan durmuşynda wajyp bolan daşary syýasy şertleriň binýady has-da pugtalandyrylýar. Munuň özi baky Bitaraplygymyzyň uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup durýandygyna subutnamadyr. 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň wezipelerine hem-de maksatlaryna doly laýyk gelýän aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ol ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi, ykdysady taýdan gülläp ösüşi hem-de ýaşaýyş-durmuşyň ýokarlanmagyny gazanmaga ýardam etmegi maksat edinip, halkara jemgyýetçiligiň bähbitleri bilen sazlaşýar. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan baý tejribeleri halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman ulgamyny kämilleşdirmekde dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Halkara hukuk derejämiziň şunuň ýaly gyzyklanma bilen gurşalan tejribeleriniň hatarynda, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň sebitde parahatçylygy we abadançylygy berkitmek, ýüze çykýan sebitara meseleleri köpugurly gepleşikler arkaly kadalaşdyrmak babatdaky işjeň garaýyşlaryny görkezmek bolar. Ummasyz gorlara daýanýan tebigy çig mal serişdelerimizi ählumumy bähbitleriň hyzmatynda goýmakda, dünýä döwletlerini özara baglanyşdyrýan döwrebap ulag düzüminiň döredilmeginde ägirt uly taryhy taslamalary durmuşa geçirmekde ýetilen sepgitleri hemişelik Bitaraplygymyza esaslanýan şeýle tejribeleriň hatarynda görkezmek bolar. Dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklary ösdürmekde, medeniýetleriň özara tejribe alyşmaklary üçin zerur şertleri döretmekde, netijede, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünliklere beslenýän döwletli tutumlar şolaryň üstüni ýetirýär. Öz nobatynda, giň ugurlary öz içine alýan bu baý tejribeler hemişelik Bitaraplygymyzyň ata Watanymyzyň köpugurly ösüşini kesgitleýän gymmatlyga öwrülendigini açyp görkezýär. 

Dünýäde BMG tarapyndan Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolan eziz Diýarymyzy nurly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri rowaç bolsun! 

 

Eziz Mat­dyýew, 

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» 

açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş inženeriniň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

BEÝIK YNAMA WEPALY NESILLER

                                                                     

Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň eg­sil­mez kuw­wa­ty bo­lan ýaş ne­sil­ler hakyn­da­ky ala­da ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýaş­la­ryň bag­ty­ýarly­gy­ny, nu­ra­na gel­je­gi­ni üp­jün et­mek babatda edil­ýän iş­le­ri dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ta­ry­hy tu­tum­la­ryň äh­li­sin­de hem gör­mek bol­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz: «Biz ýaş­la­ra eziz Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi­ni gu­ru­jy­lar hökmün­de ga­ra­ýa­rys» di­ýip, ýaş­la­ra uly ynam bil­dir­ýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalar halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň buýsanjyny goşalandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň tamamlaýjy tapgyry bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi hem-de elektrik beketleri açylyp ulanmaga berildi. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki Halkara howa menziliniň, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde iki sany gury ýük gämisiniň ýokary depginlerde alnyp barylýan gurluşyk işleri munuň buýsançly subutnamalarydyr. Şunuň ýaly häzirki zaman önümçilik desgalarynda hem-de alnyp barylýan gurluşyklarda ýaşlaryň yhlasly zähmet çekýändikleri bolsa diýseň guwandyryjydyr. 

Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanýan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylmagy uly ähmiýete eýedir. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip belleýär. Munuň özi ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çuňňur mazmunyny açyp görkezýär. 

Ata Watanymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Geçen ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa ýurdumyzda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek babatda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Ajaýyp zamanamyzyň päk göwünli, arassa ahlakly, maksatlary aýdyň bagtyýar nesillerini terbiýeläp ýetişdirmekde zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

 

Gu­wanç ÇEN­DI­ROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky 

Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Bal­kan we­la­ýat ge­ňe­şi­niň

 baş­ly­gy, Mej­li­siň de­pu­ta­ty.

SAZLAŞYKLY ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY

 

Ýur­du­my­zy dur­muş­-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­gi na­zar­la­ýan özgert­me­le­riň baş maksa­dy hal­ky­my­zyň hal­-ýag­da­ýy­ny, ýa­şa­ýyş-durmuş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­makdan yba­rat­dyr. Bu gün­ki gün Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň döw­let­li baş­lan­gyç­la­ry­ny myna­syp dowam ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da eziz Diýarymyz­da äh­li ul­gam­lar­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar.

Gur­ma­gyň we dö­retme­giň ýo­lun­da ynamly öňe bar­ýan ýurdumyzda ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň ge­rim­li gur­lu­şyk­lar mil­li ykdysadyýe­tiň ös­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. San­ly çe­meleş­me­le­riň giň ge­ri­mi bi­len, se­bit­de de­ňi­-ta­ýy bol­ma­dyk «akyl­ly» şä­her bo­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ikin­ji tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gy, paý­tagty­my­zyň «Gurt­ly» ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da do­wam ed­ýän gur­lu­şyk iş­leri, ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de gurul­ýan dür­li önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly des­ga­lar Diýa­ry­my­zyň gur­lu­şyk meý­dança­sy­na öw­rü­len­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Gu­rul­ýan desgala­ryňdyr bi­na­la­ryň uly bö­le­gi­niň dur­muş mak­sat­ly bol­ma­gy ýurdumyz­da adam ha­kyn­da­ky ala­da­nyň ile­ri tu­tul­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Hä­zir­ki dö­wür­de döw­le­tiň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty onuň se­nagat­laş­mak dereje­si bi­len öl­çenil­ýär. Se­na­gat­laş­mak önümçi­li­ge tä­ze tehnologiýalary ornaş­dyr­ma­ga, içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da sarp edijileriň bar­ha art­ýan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­landyr­ýan köp­gör­nüş­li hyzmatlaryň we önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni alyp bar­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Ýo­ka­ry hil­li, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň ön­dü­ril­me­gi ýurdu­my­zyň dün­ýä ba­za­ryn­da tut­ýan or­nu­nyň yg­ty­bar­ly­lygy­ny ke­pil­len­dir­ýär. Şu ýylyň on aýyn­da se­na­gat pu­da­gyn­da 2,5 gö­te­ri­me ba­ra­bar ösüş gazanyldy. Bu bol­sa yk­dy­sa­dy­ýe­ti se­na­gat­laş­dyrmak ug­run­da edil­ýän tagal­la­la­ryň ro­waç­lanýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. 

Ýur­dumyz­da önüm­çi­lik ugur­ly ma­ýa go­ýum­la­ryň möçber­le­ri­ni we ne­ti­je­lili­gi­ni art­dyr­ma­ga uly üns be­ril­ýär. 

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li hem­-de innowasi­ýa­la­ra esas­lan­ýan se­na­gat kärha­na­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne, aragat­na­şyk we ulag­ üs­ta­şyr dü­züm­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­nyň art­dy­rylma­gy­na gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li taslamalar ama­la aşy­ryl­ýar. Şol tas­la­ma­la­ry dur­muşa ge­çir­mek­de ýurdumyz hal­ka­ra ma­li­ýe dü­züm­le­ri bi­len ne­ti­je­li we öza­ra bäh­bit­li hyzmat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­ýär. Türk­me­nis­tan esa­sy önüm­çi­lik kuwwatlyk­la­ry­nyň tehno­lo­gi­ýa taý­dan döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry çek­ýär. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň dün­ýä ho­ja­lyk gatnaşykla­ryna iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy­na hem­-de bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. 

Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň, Türk­me­nis­tan­ —­ Ow­ga­nys­tan —­ Pa­kis­tan­—­ Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, Aş­ga­bat­—Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li awto­mo­bil ýo­lu­nyň, Ga­ra­bo­gaz­köl aýlagynyň üs­tün­den geç­ýän köp­ri­niň, Bal­kan welaýatynda tä­ze Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň, kuw­wa­ty 1574 me­ga­watt bo­lan ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da işleýän elekt­rik be­ke­di­niň hem-­de önümçilik we dur­muş mak­sat­ly beýleki iri des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry ozal bar bo­lan dü­züm­le­riň üs­tüni ýetir­ýär. 

Eziz Wa­ta­ny­my­zyň be­dew bat­ly ösüş­le­ri biziň her bi­ri­mi­zi guwandyr­ýar, buý­san­dyr­ýar. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de gu­rul­ýan beýik bi­na­lar, tä­ze­-tä­ze des­ga­lar, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mäge gö­nük­di­ri­len­dir. Mu­nuň özi her bir ra­ýa­ty döre­di­ji­lik­li zäh­met çek­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar.

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler 

partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň 

başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty

ТРАНСПОРТНАЯ ДИПЛОМАТИЯ: МЕЖДУНАРОДНО-ПРАВОВЫЕ ОСНОВЫ

 

В этом году мировое сообщество 26 ноября во второй раз будет отмечать Всемирный день устойчивого транспорта. Соответствующая Резолюция была принята по инициативе Туркменистана на 70-м пленарном заседании 77-й сессии Генеральной Ассамблеи ООН. Всемирный день устойчивого транспорта подчёркивает важность устойчивости транспортной связанности как основы для экономического роста, социальной стабильности и экологической ответственности государств. В том, что мировое сообщество перешло к системному глобальному взаимодействию и стратегическому планированию в транспортной сфере, ведущую роль сыграла наша страна. О международно-правовых основах транспортной дипломатии Туркменистана в интервью нашему корреспонденту рассказал Сердар Аразов, депутат Меджлиса Туркменистана, член Комитета по экономическим вопросам. 

«НТ»: В развитии государств и народов транспортные маршруты всегда имели первостепенное значение. Там, где проходили дороги, развивались города, ремёсла, наука, культура. И сегодня транспортная связанность имеет жизненно важное значение для устойчивого развития каждой страны и всеобщего прогресса. В этом плане Туркменистан проводит последовательную линию по объединению усилий мирового сообщества в создании условий для развития устойчивого транспорта. Какую роль в этом сыграли инициативы Туркменистана, выдвинутые с высокой трибуны Организации Объединённых Наций? 

– По инициативе Туркменистана Генеральная Ассамблея ООН приняла в 2014, 2015, 2017, 2021 и 2023 годах Резолюции, которые стали объективным признанием актуальности взаимодействия государств на данном направлении и вывода транспортной и логистической тематики на приоритетные позиции глобальной повестки дня при широкой поддержке Сообщества Наций. Резолюции направлены на формирование комплексного подхода к развитию транспортных и транзитных коммуникаций, создание международной нормативно-правовой базы для последующего формирования транспортно-логистических центров и сухопутных портов. Принятие Резолюций придало международному сотрудничеству в транспортном секторе качественно новый импульс. 

Надо отметить, что Резолюция 2014 года является первым документом Генеральной Ассамблеи ООН, официально закрепившим предложение о создании глобального партнёрства по устойчивому транспорту. А 26 ноября 2016 года в Ашхабаде была проведена первая Глобальная конференция по устойчивому транспорту под эгидой ООН. В целях поддержания конструктивного и целенаправленного глобального диалога Туркменистан также совместно с ООН провёл в 2022 году Международную конференцию министров развивающихся стран, не имеющих выхода к морю. На состоявшейся в мае 2023 года Международной конференции «Международные транспортно-транзитные коридоры: взаимосвязь и развитие – 2023» приняли участие представители из более чем 40 стран, было проведено около 100 встреч, подписано 26 двусторонних и многосторонних документов. В ходе форума был запущен проект «Мультимодальный транспортный маршрут CASCA+ по направлению стран Азиатско Тихоокеанского региона – Китай – Кыргызстан – Узбекистан – Туркменистан – Азербайджан – Грузия– Турция – Европа». 

«НТ»: Со своей стороны, хочу отметить ещё одну инициативу нашей страны – это создание в 2022 году Постоянным представительством Туркменистана при ООН Группы друзей устойчивого транспорта. Она также служит для поддержания широкого многостороннего диалога по продвижению безопасных, недорогих, доступных и устойчивых транспортных систем для всех в целях устойчивого экономического роста, повышения социального благосостояния людей и расширения международного сотрудничества и торговли между странами. 

Выступая за развитие глобального диалога в транспортно-логистической сфере, Туркменистан придаёт важное значение развитию национальной транспортной инфраструктуры. Каких результатов достиг Туркменистан в модернизации своей транспортной инфраструктуры и её интегрировании в региональную и международную систему? 

– В укреплении правовых основ транспортной дипломатии и возможностей транспортной отрасли государства, совершенствовании и реализации законодательства в этой области важная роль отводится «Программе Президента Туркменистана по развитию транспортной дипломатии на 2022–2025 годы». Предусмотренные в ней меры нацелены на комплексную модернизацию транспортной отрасли, формирование современной профильной инфраструктуры, активизацию транспортно-транзитных коридоров глобального значения. 

В стране осуществляется масштабная работа по модернизации и созданию разветвлённой и, что не менее важно, безопасной международной транспортной инфраструктуры. Особое внимание уделяется вопросам внедрения передовых технологий, современного оборудования, расширения спектра цифровых услуг, модернизации инфраструктуры связи, налаживания взаимовыгодного международного сотрудничества в этой сфере. Продолжается строительство высокоскоростных автодорог Ашхабад–Туркменабат и Ашхабад–Туркменбаши, что позволяет соединить регионы страны короткими маршрутами и запустить безопасный и бесперебойный маршрут транспортных потоков, а также обеспечить возможность грузовым автомобилям из соседних стран добраться до Международного морского порта Туркменбаши с выходом на Кавказ и далее в Европу. 

«НТ»: Для эффективного использования имеющегося транспортного потенциала страны как регионального центра международных транспортно-транзитных коридоров и интеграции национальной транспортной системы в мировую важное значение имеет правовое регулирование. По каким направлениям развивается и совершенствуется национальное законодательство? – 

Законодательство Туркменистана в области транспорта регулирует вопросы, связанные с функционированием транспортной системы страны, включая автомобильный, железнодорожный, воздушный и водный транспорт. Основные положения законодательства закреплены в Конституции Туркменистана. В нашей стране приняты и действуют «Кодекс Торгового мореплавания Туркменистана», «Воздушный кодекс Туркменистана», а также Законы Туркменистана «Об автомобильном транспорте», «О транспортной безопасности», «Об основах транспортной политики Туркменистана», которые являются базовыми правовыми актами и регулируют обеспечение безопасности перевозок, условия предоставления транспортных услуг, государственное управление в сфере транспорта, экологические аспекты транспортной деятельности. 

Туркменистан активно участвует в международных транспортных конвенциях и соглашениях, направленных на развитие международной торговли, транзитных перевозок и обеспечение безопасности транспортных операций. В частности, наша страна является участником Конвенции о международной перевозке грузов, которая упрощает таможенные процедуры для международных автомобильных грузоперевозок; Конвенции о дорожном движении и Конвенции о дорожных знаках и сигналах, которые унифицируют требования к знакам и разметкам, которые используются в международных автомобильных перевозках. Туркменистан является членом Международной организации гражданской авиации и подписал Чикагскую конвенцию, регулирующую вопросы воздушного транспорта и Монреальскую конвенцию об ответственности авиакомпаний. Также Туркменистан ратифицировал Киотскую конвенцию о таможенной упрощённой процедуре. Кроме того, наша страна ратифицировала Европейское соглашение о международной дорожной перевозке опасных грузов автотранспортом. Туркменистан также подписал двусторонние и региональные соглашения с Казахстаном, Узбекистаном, Ираном, Афганистаном, направленные на упрощение транзита и развитие инфраструктуры. 

Все эти и другие международные документы помогают Туркменистану интегрироваться в глобальные транспортные сети, способствуют увеличению транзита через страну и укрепляют её роль в Евразийском пространстве. 

«НТ»: В рамках Международной конференции министров транспорта развивающихся стран, не имеющих выхода к морю, 17 августа 2022 года в Туркменистане был дан старт пилотному проекту Глобального транзитного документа. Прокомментируйте его значение. 

– Глобальный транзитный документ – это унифицированный электронный документ, который оформляется на груз с использованием электронной платформы на весь путь международной перевозки, выполняемой контейнерами на разных видах транспорта – автомобильном, железнодорожном, морском или внутреннем речном и т.д. Реализация проекта нацелена на стабилизацию взаимосвязанности, ускорение процессов цифровизации и упрощение процедур транзита и торговли для устойчивого и стабильного развития. 

Благодаря усилиям уважаемого Президента в Туркменистане внедрена система «Единое окно для экспортно-импортных операций», что закреплено в Таможенном кодексе Туркменистана. для участников внешнеэкономической деятельности был создан единый государственный информационный портал («Единое окно для экспортно-импортных операций»). 

Механизм позволяет всем пользователям, единожды предоставив информацию о товарах или транспортных средствах, полностью оформить операцию. При внедрении системы «Единое окно для экспортно-импортных операций» были использованы рекомендации и стандарты ООН, Всемирной таможенной организации и ВТО. 

«НТ»: Важным аспектом многостороннего транспортного сотрудничества остаётся экологическая составляющая. Какие шаги предприняты в этом направлении? 

– Основной задачей является использование экологически чистого транспорта, включая электробусы и электромобили. Туркменистан активно внедряет технологии, способствующие сокращению выбросов углекислого газа и других вредных веществ. Развивается инфраструктура для электротранспорта, В новом смарт городе Аркадаг создана современная, многопрофильная дорожно-транспортная инфраструктура, соответствующая международным стандартам. В рамках национальных программ предусмотрено строительство современных автомагистралей с учётом экологических стандартов, озеленение территорий вдоль транспортных магистралей, инвестиции в железнодорожный транспорт, как менее загрязняющий вид транспорта. 

Важно отметить, что устойчивый транспорт, как неотъемлемая часть устойчивого развития, означает не только рост объёмов грузооборота, сокращение времени в пути и другие очевидные преимущества, но и создание новых рабочих мест, строительство социальных объектов, открытие новых туристических маршрутов. 

P.S. Тема сотрудничества в транспортной сфере сегодня как никогда актуальна в контексте глобальной Повестки дня в области устойчивого развития на период до 2030 года и глубокой геоэкономической трансформации. В этих условиях Туркменистан чётко обозначил приоритеты своей транспортной политики и предпринимает активные усилия по созданию благоприятных политических, экономических и правовых условий для оптимизации транспортной сети по направлениям Север–Юг, Восток–Запад. По инициативе Туркменистана Генеральная Ассамблея ООН приняла резолюции, направленные на обеспечение международного сотрудничества для устойчивого транспорта. В стране создаётся современная транспортная инфраструктура, идёт развитие правовой базы, её соответствие международным нормам. Всё это имеет мультипликативный эффект для социально-экономического развития Туркменистана в целом и усиливает роль в системе международных транспортных координат. Таким образом, мы видим политическую волю Туркменистана в тех инициативах и в том, что Туркменистан делает для создания новой транспортной архитектуры и развития сотрудничества в этой сфере.

 

BIŞKEK FORUMY: zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda

 

Dur­nuk­ly ösü­şi iler­let­mek­de, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howpsuzlygy pugta­lan­dyr­mak­da ze­nan­la­ryň or­nu­ny ber­kit­mä­ge yg­rar­ly bo­lan Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ze­nan­la­ry­nyň dia­lo­gyn­da 2024-nji ýyl­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy baş­lyk­lyk et­di. Ýö­ri­te taý­ýar­la­nan me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, dost­luk­ly döw­let­de maý we okt­ýabr aý­la­ryn­da dür­li çä­re­ler ge­çi­ri­lip, olar­da ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işin­de, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň täsirle­ri­ni pe­selt­mek­de, suw se­riş­de­le­ri­ni tygşyt­ly ulan­mak­da, telekeçilik­de, in­no­wa­si­ýa­lar­da, yk­dy­sa­dy we beý­le­ki ugurlar­da zenanlaryň or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga de­giş­li me­se­le­le­riň giň top­lu­my­na ga­ral­dy. Ýa­kyn­da Biş­kek­de bu dü­zü­miň jem­leý­ji mas­la­ha­ty gu­ra­lyp, oňa Türkme­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry hem gat­naş­dy­lar.

Mas­la­ha­tyň başynda oňa gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynda zenan innowatorlar durmuş-ykdysady ösüşiň tizleşdirijisi hökmünde» ady bilen guralan sergä aýlanyp görüp, zenanlaryň oýlap tapyşlarynyň netijesinde taýýarlanan işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Şunda Gyrgyz Respublikasynyň geografik taýdan ýerleşiş aýratynlyklaryna laýyklykda, öz ýurdunda baý bolan çig mallary ylmy taýdan öwrenmek, gaýtadan işlemek bilen taýýarlanan, bu ugurda ilkinji ädimleri äden gyrgyz telekeçi gelin-gyzlarynyň başlangyçlary aýratyn gyzyklanma döretdi. Şolaryň arasynda goýun ýü­ňüni gaýtadan işläp alnan ekinleriň mör-möjeklerine garşy dermanlyk serişdeleri, diwar bezegleriniň täze görnüşleri, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlar, kişde we kişmişler bilen baýlaşdyrylan lukumlaryň, ary balynyň görnüşleri, guradylan miwelerden taýýarlanan çipsiler, kir ýuwujy serişdeler we beýlekiler bar. Telekeçi zenanlar tarapyndan hödürlenen önümleriň ekologik taýdan arassadygy has-da guwandyryjydyr. 

«Ala-Arça» döwlet kabulhanasynda geçirilen jemleýji maslahatda bolsa zenanlaryň başlangyçlaryna we telekeçiligine goldaw bermek boýunça milli tejribeler baradaky çykyşlar diň­lenilip, bäş ýurduň bu ugurda ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi. Türkmen tarapynyň wekilleri-de, öz gezeginde, ýurdumyzda alnyp barylýan gender syýasaty, zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeň­ligini artdyrmak, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada giňişleýin gürrüň berdiler. 

Mälim bolşy ýaly, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Türkmenistan hem-de Özbegistan Respublikasy tarapyndan, BMG-niň goldaw bermeginde 2020-nji ýylyň dekabrynda döredilen zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýada şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda 2021-nji ýylda Özbegistan, 2022-nji ýylda Türkmenistan, 2023-nji ýylda Gazagystan, 2024-nji ýylda Gyrgyzystan başlyklyk etdi. 2025-nji ýylda bolsa bu wezipäni Täjigistan ýerine ýetirer. Şunda bu düzümde ýurdumyzyň başlyklyk etmeginiň çäginde netijeli işleriň alnyp barlandygyny aýratyn nygtamak gerek. Türkmenistan dialogyň çäginde oňa gatnaşyjy ýurtlar, halkara guramalar bilen gender deň­ligini, parahatçylygy we durnukly ösüşi, daşky gurşawy goramagy üpjün etmek, zenanlar telekeçiligini goldamak, kanun çykaryjylyk hem-de döwlet syýasaty derejesinde zenanlaryň durmuş goraglylygyny berkitmek ýaly ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. 2021-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen ugurdaşlykda zenanlaryň dialogynyň mejlisi hem geçirildi. 2022-nji ýylyň maýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň dialogy-da bu ugurda tejribeleri baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. 

Bu günki gün ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde türkmenistanly zenanlar jemgyýetiň doly hukukly agzalary hökmünde döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji, kazyýet edaralarynda we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giň­den wekilçilik edýärler. Zenanlaryň ykdysadyýetiň hususy bölegindäki işjeň­ligi hem barha artýar. Olaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki orny has-da ýokarlanýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda zenanlardyr erkekleriň öz raýatlyk işjeňligini ösdürmäge bolan hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär. Ýurdumyzda 2021 — 2025-nji ýyllarda gender deň­ligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy hereket edýär. Aýallara we erkeklere zähmet çekmäge deň mümkinçilikler, hünäri erkin saýlap almak, telekeçilik işini amala aşyrmak, zähmet işini ene-ata borçlary bilen utgaşdyrmak, zähmetiň howpsuz şertlerine deň hukuklar, deň derejeli zähmet üçin deň hak almak döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda zenanlardyr ýaşlaryň ylmy barlaglary alyp barmaklary, oýlap tapyşlarynyň netijelerini milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmaklary üçin amatly şertler döredilýär. Zenanlaryň telekeçilik işi bilen meşgullanmaklarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagyna uly ähmiýet berilýär, olara ýe­ňillikli şertlerde ýer bölekleri, uzak möhletleýin karzlar berilýär. Bular Garaşsyz döwletimiziň halkara resminamalara laýyklykda öz üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý edýändigini aýdyň görkezýän mysallaryň käbiridir. Syýasy ulgamyň kämilleşmegi, ösdürilmegi, ýurdumyzda gender deň­ligini gazanmakda häkimiýetiň we jemgyýetçilik guramalarynyň ysnyşykly hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýan jemgyýetiň döredilmegi bilen, gender syýasatynyň ähmiýeti barha artýar. Çünki gender deň­ligini üpjün etmek durmuş adalatlylygynyň talaby, demokratiýanyň zerur bölegi bolup durýar. Türkmenistanyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin BMG-niň Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýasyna, 2022 — 2024-nji ýyllarda BMG-niň Gender deň­ligi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň gi­ňeldilmegi meseleleri boýunça düzüminiň (BMG — Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigine, döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan gender syýasatynyň giň goldawa mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyz hukuklary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýan BMG-niň zenanlar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak baradaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşuldy. Olarda ileri tutulýan ugurlar Esasy Kanunymyzyň kadalary bilen hem sazlaşykly utgaşýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy bolsa sebit döwletleriniň bu möhüm ugurda gazananlary, geljekki meýilnamalary hakyndaky maglumatlar bilen tanyşmak, umumy bähbitlere kybap gelýän sebit gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilik bolup durýar. Sebäbi hemmeler üçin adam hukuklaryny amala aşyrmak, gender deň­ligini üpjün etmek, zenanlardyr gyzlaryň hukuklaryny gi­ňeltmek meselesi 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde-de esasy şertleriň biri hasaplanýar. 

Gyrgyzystanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäginde geçirilen jemleýji maslahatda hem, ine, şu meselelere aýratyn üns çekilip, dostlukly ýurt tarapyndan ýylyň dowamynda alnyp barlan işlere syn berildi. Öňe sürlen tekliplerdir başlangyçlar bolsa Jemleýji resminamada öz beýanyny tapdy. Şeýle çäreler ykrar edilen sebit meýdançalarynyň çäginde zenanlaryň innowasion mümkinçiliklerini gi­ňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, birek-biregiň tejribeleri bilen tanyşmak, şol sanda biziň ýurdumyzyň gender syýasatynyň many-mazmunyny hem giň­den açyp görkezmek üçin örän amatly mümkinçilikdir. 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.

BRÝUSSELDÄKI DUŞUŞYK bilelikdäki tagallalara ygrarlylygy tassyklady

 

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek Türkmenistanyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bolup dur­ýar. Şunda bu gu­ra­ma­nyň ýurt­la­ry bi­len sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da gat­na­şyk­la­ry ilerletmä­ge aý­ra­tyn ähmi­ýet be­ril­ýär. 

Soň­ky ýyllarda bu gurama bilen dürli taslamalaryň, bilelikdäki maksatnamalaryň ençemesi üstünlikli amala aşyryldy. «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň, parlamentara dialogynyň, adam hukuklary boýunça dialogynyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky ge­ňeşmeleriň çäklerinde yzygiderli duşuşyklar guralýar. Golaýda Brýussel şäherinde ýerleşýän Ýewropa Parlamentiniň binasynda geçirilen Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň 7-nji parlamentara duşuşygy hem özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança öwrüldi. Ýurdumyzyň parlament wekiliýetiniň düzümi Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, Kada-kanunçylyk, Ykdysady meseleler, Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetleriniň ýolbaşçylaryndan hem-de agzalaryndan ybarat boldy. Ýewropa Parlamentiniň degişli toparyna bolsa ÝB-niň Merkezi Aziýa we Mongoliýa bilen gatnaşyklar boýunça wekiliýetiniň başlygy Juzi Prinçi ýolbaşçylyk etdi. 

Duşuşykda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we söwda-maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek ugrundaky tagallalaryna aýratyn üns berildi. Türkmen tarapynyň wekilleri öz çykyşlarynda adam hukuklaryny goramak we durmuş kepilliklerini berkitmek babatda Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp, ýurdumyzda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça gazanylan üstünlikler barada durup geçdiler. Şunda ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen gepleşiklere açykdygy mälim edildi. Hususan-da, Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy S.Arazow Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar, bazar amallary, bilim ulgamy ýaly ugurlarda alnyp barylýan özara hereketlere ünsi çekdi. Çünki Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ýurdumyz Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda geoykdysady taýdan amatly çäkde ýerleşip, bu sebitleriň arasynda uzak möhletleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Türkmenistan tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde öň­däki ýurtlaryň hataryna girýär. Şo­ňa görä, gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapynyň milli nebitgaz senagatyny ösdürmegiň degişli maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek üçin mawy ýangyjy diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurt bazarlaryna çykarmaga, bu ugurda Ýewropa Bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy. Şeýle-de taraplar özara arabaglanyşygy güýçlendirmek maksady bilen ozaldan hereket edýän we meýilleşdirilýän sebitleýin ulag başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap, ulag-infrastruktura pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy B.Myradowa, öz gezeginde, döwletimiziň daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa syýasatynyň mazmuny, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we netijeli dolandyrmak babatda alnyp barylýan işler hakynda gi­ňişleýin çykyş etdi. Sebäbi häzirki zaman şertlerinde hut şu ugurlar «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň gün tertibinde-de möhüm orny eýeleýär. Ýeri gelende, ýurdumyzda Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirmeginde, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) ýerine ýetirmeginde «Ýewropa Bileleşigi «ýaşyl» Türkmenistan üçin: 2024 — 2028-nji ýyllarda howa boýunça hereketleriň syýasy dialogy» atly taslamanyň işe girizilendigini bellemek gerek. Bu taslamanyň maksady Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasynyň amala aşyrylmagyny goldamakdan hem-de energetika, daşky gurşawy goramak çygyrlarynda ÝB bilen netijeli syýasy dialogy ýola goýmakdan ybaratdyr. 

Adam hukuklaryna, kanunyň hökmürowanlygyna, durmuş syýasatyna üns bermek bilen, Türkmenistanda raýat jemgyýetçilik guramalaryny güýçlendirmek we esasy hukuklar, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri bolsa Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy B.Seýilowyň çykyşynyň esasy mazmunyny düzdi. Şunda adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirýän konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulyp, olaryň kadalarynyň milli kanunçylygymyza yzygiderli ornaşdyrylýandygy aýratyn nygtaldy. Hususan-da, Ýewropa Parlamentiniň wekilleri ýurdumyzda Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek üçin Halkara Zähmet Guramasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, gender deň­ligi, ilaty durmuş taýdan goramak, ýokary hilli bilime elýeterliligi üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Çykyşlar tamamlanandan soň­ra, Ýewropa Parlamentiniň Merkezi Aziýa we Mongoliýa toparynyň agzalary özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljegi uly ugurlarda bilelikdäki oňyn hereketleri dowam etdirmegiň, akademiki alyşmalaryň, sebitara hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň zerurdygyny tassykladylar. Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň bilim ministrleriniň, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny geçirmek baradaky teklibi hem goldady. Şeýle-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň 8-nji parlamentara duşuşygyny Türkmenistanda geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. 

«Ýewropanyň paýtagtynda» geçirilen nobatdaky parlament duşuşygynyň Ýewropa ýurtlary bilen gyzyklanma bildirilýän ugurlarda özara gatnaşyklaryň gerimini has-da gi­ňeltmäge, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirjekdigine berk ynanýarys. 

 

Ýusupguly EŞŞÄÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy

 

 

HOŞ NIÝETLI GATNAŞYKLAR SYÝASATY

 

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty Garaşsyz Türkmenistanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýalarynda biragyzdan kabul edilen Kararnamalarynyň ikisi bilen ykrar edilen Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu parasatly syýasaty parahatçylyk söýüjiligiň,  hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, bütin dünýäde howpsuzlygy pugtalandyrmagyň syýasaty bolany üçin adamzat jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Şol bir wagtda Garaşsyz döwletimiziň  Bitaraplyk derejesi türkmen halkynyň parahat, asuda durmuşda ýaşamagynyň we zähmet çekmeginiň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär. 

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiziň BMG, onuň düzüm birlikleri, beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýylsaýyn işjeň häsiýete eýe bolýar. Dünýäniň dürli döwletleri bilen deň hukukly we özara bähbitli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň  rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Daşary syýasatda oňyn Bitaraplygyň ýol-ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Eziz Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Ýokarda ýatlanymyza bir mysaly agzap geçeliň. BGM-niň Bas Assambleýasynyň 78-nji  sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2025-nji ýyl— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi halkara derejesinde möhüm waka boldy. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakdaky, özara bähbitli hyzmatdaşlygy we halklaryň arasyndaky dost-doganlygy ösdürmekdäki tagallalarynyň uly goldaw tapýandygyny äşgär edýär. 

 

Arslan ÇARYÝEW. 

Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-niň 

Pendi şahamçasynyň esasy hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

1 ... 19 20 21 22 23 ... 81