​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

ÝOKARY DÖWLET SYLAGY

 

     2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň iň ýokary döwlet sylagy — «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanyldy. Sylaglamak dabarasy Awazada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň  Baştutanlarynyň  ýedinji  Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk çäreleriniň çäginde geçirildi. Ony Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurdy.

     Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 5-nji awgustyndaky Permanyna laýyklykda, Şawkat Mirziýoýew bu ýokary sylaga türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy, iki halkyň arasynda dost-doganlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegi hem-de Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagyna goşan hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

     Gahryman Arkadagymyz Şawkat Mirziýoýewiň strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan aýratyn tagallalaryny nygtap, onuň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna edýän goldawyna minnetdarlyk bildirdi.

     Dabarada Özbegistanyň Prezidenti:

 — Bu sylagy kabul etmek meniň üçin uly hormatdyr. Muny Özbegistana bildirilen aýratyn hormatyň we Merkezi Aziýada dostluk,  goňşuçylyk we ynamy  pugtalandyrmak boýunça edýän bilelikdäki tagallalarymyzyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde kabul edýärin — diýip aýtdy.

     Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2017-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparyny ýatlap, geçen ýyllarda iki döwletiň arasynda gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetendigini, iri ykdysady we ynsanperwer taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, özara söwdanyň möçberiniň ep-esli artandygyny belledi. Şeýle-de, ol sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň goşandyny aýratyn nygtady.

 — Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiligi biziň sebitde täze hyzmatdaşlyk modelini döretmekde gazanan bilelikdäki üstünliklerimizi ykrar edýär. Bu — sebitiň ähli doganlyk döwletleriniň gazanan netijesidir — diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti  aýtdy.

     Çykyşynyň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew BMG-niň maslahatynyň hem-de şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara Sammitiň halklaryň ýakynlaşmagyna we dialogyň ösmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

 

 Baýrammyrat Hajymämmedow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,  Mejlisiň durmuş syýasaty baradaky  komitetiniň agzasy.

ФОРУМ В АВАЗЕ ОБЪЕДИНИЛ МОЛОДЁЖЬ МИРА

 

     На живописном побережье Каспийского моря в рамках Третьей  Конференции ООН по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю, состоялся Молодёжный форум на тему «Создание мостов мира и доверия для будущего развивающихся стран, не имеющих выхода к морю». Форум собрал молодых людей, специалистов в области молодёжной политики, представителей международных организаций и стал важной площадкой для налаживания диалога, обмена опытом и выработки совместных инициатив, подтверждая, что молодёжь играет ключевую роль в современном обществе. 

 

     Прежде всего была подчёркнута роль молодых людей как носителей новаторских идей, энергичных и целеустремлённых к позитивным переменам. Молодые люди из разных стран мира сегодня активно участвуют в разработке новых экономических, социальных и экологических решений. В этой связи особое внимание на Форуме было уделено необходимости создания платформ, где молодёжь может объединять усилия для решения региональных и глобальных задач. Именно такой платформой стал Форум в Авазе, который способствует созданию международного молодёжного диалога и развитию совместных позитивных инициатив. 

     Одной из центральных тем обсуждения стало международное сотрудничество. Участники высоко оценили вклад Туркменистана в развитие молодёжной политики, отметив  активное сотрудничество страны с ООН в этой сфере. Было подчёркнуто, что внешняя политика нейтрального Туркменистана способствует межкультурному диалогу и миротворческим инициативам с участием молодёжи. В этом контексте был отмечен Международный молодёжный форум «Диалог – гарантия мира», который прошёл в городе Аркадаг в 2023 году. По его итогам был учреждён Диалог молодёжи стран Центральной Азии, который получил своё продолжение на втором заседании в штаб-квартире ООН в Нью-Йорке в апреле 2025 года. Эти инициативы создают прочную основу для дальнейшего взаимодействия. 

     Форум в Авазе также послужил эффективной площадкой для дискуссий о достижении Целей устойчивого развития. ЦУР – это универсальная повестка для стран и народов всего мира. Участники отметили, что молодёжь Туркменистана активно вовлечена в реализацию ЦУР. Ярким примером этой деятельности является Программа «Молодые послы ЦУР», в рамках которой молодые люди становятся проводниками знаний о важности устойчивого развития в своих сообществах. 

     На фоне современных глобальных вызовов на молодёжь возлагается особая надежда. Она не просто будущее, а активный участник перемен, двигатель прогресса. Как подчеркнул Генеральный секретарь ООН Антониу Гутерриш, «молодёжь – это не завтрашний день, это сегодняшний день. Ваши голоса должны быть не просто услышаны – они должны стать руководством к действию». Эти слова, прозвучавшие на Форуме, вдохновили участников. 

     Участники Форума уделили внимание и тому, что 2025 год объявлен Генеральной Ассамблеей ООН «Международным годом мира и доверия». Это событие совпадает с 30-летием постоянного нейтралитета Туркменистана. Туркменистан, будучи нейтральной страной, активно продвигает программы и инициативы, направленные на мир и сотрудничество. В рамках «Группы друзей нейтралитета во имя мира, безопасности и устойчивого развития», созданной по инициативе Туркменистана на площадке  Сообщества  Наций, придаётся большое значение разрешению разногласий мирным, политико-дипломатическим путём и укреплению доверия между странами. 

     На молодое поколение возлагается серьёзная ответственность: принимать активное участие в реализации целей Международного года мира и доверия, продвигая идеи миролюбия, добрососедства и взаимопонимания через образование, труд и общественную деятельность. В этом контексте молодёжная дипломатия, основанная на уважении и диалоге, приобретает всё большее значение и становится одним из ключевых инструментов продвижения мира и устойчивого развития. 

     На Форуме была также отмечена роль Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули, которая является одним из крупнейших общественных объединений страны. Значимым достижением нашей организации стало её включение в Глобальное молодёжное сообщество ЮНЕСКО, что открывает новые перспективы для туркменской молодёжи, чья деятельность созвучна миротворческим инициативам Туркменистана. 

     Форум в Авазе убедительно продемонстрировал, что внешняя политика Туркменистана, основанная на постоянном нейтралитете и миролюбии, является надёжным фундаментом для развития международного сотрудничества и укрепления доверия между странами. Эти принципы, воплощённые в практические действия и инициативы, находят живой отклик в сердцах молодых людей со всего мира, создавая прочную основу для достижения Целей устойчивого развития и обеспечения мира на планете. 

 

Язполат КЕРИЕВ, председатель Центрального совета Молодёжной организации Туркменистана имени Махтумкули, депутат Меджлиса Туркменистана

ÜSTAŞYR GEÇELGELER – TÄZE MÜMKINÇILIKLERIŇ ÝOLY

 

     Taryhymyzda altyn harplar bilen ýazylan, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça  üçünji Konferensiýasy uly ähmiýete eýe boldy. Onuň gün tertibinde häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň möhüm meseleleriniň birnäçesine seredildi.

                                                                              

     Bu forumda durnukly infrastruktura, üstaşyr geçelgeler we giň gerimli kommunikasiýa mümkinçilikleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler aýratyn orna eýe boldy. Durnukly infrastruktura diňe bir ýol-ulag gurluşy däl-de, eýsem bu ulgamyň ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen utgaşykly işlemegini üpjün edýän düzümdir. Täze ulag ýollarynyň gurulmagy, demirýol geçelgeleriň çekilmegi ýa-da halkara howa menzilleriň işe girizilmegi – olaryň her biri diňe bir bir ýurduň çäginde däl, eýsem, tutuş sebitde hem dünýäde söwda, maýa goýum we syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňeldýär.

     Türkmenistan bu ugurda giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda «Lapis Lazuli» geçelgesi, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi, Türkmenistanyň çäginden geçýän köp şahaly awtomobil we demir ýol ugurlary we beýlekiler halkara hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetiň dünýä bazarlaryna utgaşmagyny çaltlandyrýar.

     Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de üstaşyr geçelgeler – sebitleýin bitewleşmegiň açary bolup durýar. Päsgelçiliksiz üstaşyr geçelgeleri döretmek, olaryň döwrebap enjamlaryň, sanly tehnologiýa ulgamlarynyň we hukuk taýdan ygtybarly binýatlaryň esasynda işlemegini üpjün etmek häzirki zaman ykdysady gatnaşyklarynyň talaby bolup durýar. Bu mesele esasan hem deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerleşýän döwlet hökmünde bu mümkinçilikden giňden peýdalanyp, öz çägini halkara ýük geçelgeleri üçin ygtybarly arabaglanyşyk merkezine öwürmekde düýpli we tutanýerli işleri durmuşa geçirýär.

     Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda çykyş eden döwlet we Hökümet ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri hem-de bilermenler infrastruktura maýa goýumlarynyň diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem bu ulgamyň syýasy durnuklylyk, sebit utgaşmasy hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly ugurlarda hem möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn bellediler. 

     Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň hatarynda – halkara bazarlara çykmakdaky päsgelçilikler, ýük daşamalaryň gymmatynyň artmagy we üstaşyr düzgün-tertipleriň çylşyrymlaşýan wagtynyň bardygyny görkezýär. Awaza forumyndaky özara maslahatlar we kabul edilen çözgütler bu kynçylyklary aradan aýyrmakda uly ähmiýete eýe bolup hyzmat eder. 

     Şeýle-de maglumat tehnologiýalarynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly ugurda sanlylaşdyrmak arkaly harytlaryň serhet üsti geçirilmegi, elektron resminamalar ulgamy, sanly logistika meýdançalarynyň döredilmegi ýaly çäreler üstaşyr geçelgeleriň netijeli işlemegini üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanda soňky ýyllarda döwrebap aragatnaşyk we internet ulgamlarynyň giňeldilmegi bu ugurda örän möhüm ösüşleriň bolandygyny görkezýär. 

     «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ýokary derejeli duşuşyklar guralyp, olaryň hatarynda «Durnukly infrastrukturalary döretmek, kommunikasiýalaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we päsgelçiliksiz üstaşyr geçelgeleri döretmek» bilen bagly temasyna bagyşlanan duşuşyk hem boldy. Bu duşuşyga dünýäniň dürli künjeklerinden gelen döwlet wekilleri, halkara guramalaryň bilermenleri we hususy pudaklar gatnaşyp onda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan halkara logistikanyň döwrebap ösüşlerine seredildi. Onuň dowamynda çykyş eden wekiller deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň – şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara bazarlara girmekde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

     Şunuň bilen baglylykda, tematik maslahatda şu teklipler öňe sürüldi:

- üstaşyr geçelgeleriň sanlylaşdyrylmagyny we maglumat alyş-çalşygyny çaltlandyrmagyny üpjün etmek;

- ulag-üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça sebitleýin ylalaşyklary giňeltmek;

- logistika düzümlerine maýa goýumlaryny çekmek üçin halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek;

- üstaşyr geçelgeleriň tizleşdirilmegi ugrunda netijeli hereketleri durmuşa geçirmek we başga-da birnäçe teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

     Şeýle-de duşuşykda çykyş eden wekiller dünýäniň birnäçe döwletleriniň bu ugurda gazanan tejribelerini aýratyn bellediler. Türkmenistanyň bu ugurda durmuşa geçiren ileri tutulýan işleri, ýurduň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleri diňe bir ýurduň içki ösüşine däl, eýsem dünýä ykdysady integrasiýasyna hem goşant goşýar. Türkmenistanda gurulýan täze demir ýollary, awtomobil ýollary, port we howa infrastrukturalary halkara ýük dolanyşygyny aňsatlaşdyrmakda we çaltlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. 

     «Durnukly infrastrukturalary döretmek, kommunikasiýalaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we päsgelçiliksiz üstaşyr geçelgeleri döretmek» atly tematiki tegelek stoluň dowamynda aýdylan pikirler we teklipler häzirki döwrüň ykdysady ösüşiniň möhüm binýadynyň halkara hyzmatdaşlyk arkaly durnukly, döwrebap we sanlylaşdyrylan infrastruktura ulgamynyň döredilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezdi. 

     Durnukly infrastruktura, giň kommunikasiýa mümkinçilikleri we päsgelçiliksiz üstaşyr geçelgeler — diňe bir ykdysady ösüşiň däl, eýsem döwletleriň arasynda ynanyşmagyň, hyzmatdaşlygyň guramaçysy bolup hyzmat edýär. Bu ugurda alnyp barylýan anyk ädimler häzirki we geljekki nesilleriň bähbitlerine hyzmat edip, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornuny has-da berkitmäge mümkinçilik berýär. 

     Foruma gatnaşyjylar mejlisiň dowamynda tanyşdyrylan öňdebaryjy tejribäniň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ulag infrastrukturasy ulgamynda maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

 

Serdar ARAZOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.

HALKARA GATNAŞYKLARDA TÄZE SAHYPA

 

     Bu gün­ki gün ady dün­ýä do­lan «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len Bir­le­şen Mil­letler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çykal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji masla­ha­ty hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de uly gy­zyk­lan­ma we ses­len­mä eýe bol­dy. 

 

    Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­na, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyl­ly­gy­na bes­len­ýän Hal­ka­ra parahatçy­lyk we yna­nyşmak ýy­ly­nyň dün­ýä möç­be­rin­däki uly wa­ka­sy­na öw­rü­len hal­ka­ra mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de en­çe­me çäreler hem ge­çi­ri­lip, olar döwlet­le­riň ara­syn­da dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny, ne­ti­je­li hyz­matdaş­ly­gy ös­dür­mek­de ýurdumyzyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la­lary ed­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di. 

    Awa­za­da ge­çi­ri­len Par­la­ment fo­ru­my hem dün­ýä jemgyýetçili­gi­niň üns mer­ke­zin­de bol­dy. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra dia­log üçin he­mi­şe açyk­dy­gy­ny no­batda­ky ge­zek aýan eden fo­rum­da He­re­ket­le­riň We­na maksatnama­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de al­nyp bar­lan iş­le­re, gazany­lan üs­tün­lik­le­re sel­jer­me ber­lip, He­re­ket­le­riň Awa­za maksatnama­sy­ny üs­tün­lik­li ama­la aşyrmak­da öň­de dur­ýan wezipe­ler ha­kyn­da gi­ňiş­le­ýin pi­kir al­şyl­dy. Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler, olar bi­len goň­şy döw­let­le­riň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­magyň gu­ra­ly hök­mün­de par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny we dia­lo­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça tejribe­ler hem-de stra­te­gi­ýa­lar ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan, Hereket­leriň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi­niň aýratyn uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi öw­ran-öw­ran nyg­ta­lan çy­kyş­lar ýur­du­my­zyň dün­ýä­de uly at-ab­ra­ýa eýe­di­gi­ni no­bat­da­ky ge­zek gör­kez­di. 

     He­re­ket­le­riň Awa­za mak­satna­ma­sy deň­ze çy­kal­ga­sy bolmadyk ösüp bar­ýan döw­let­ler­de dur­nuk­ly we inkl­ýu­ziw ösü­şi tiz­leş­dir­mä­ge ýar­dam ber­ýän ne­ti­je­li me­ha­nizm­le­ri özün­de jemle­ýän­di­gi, ösü­şiň tä­ze, yg­tybar­ly men­zil­le­ri­ni kes­git­le­ýändi­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň par­la­ment­le­ri­niň He­re­ket­le­riň Awa­za maksatnamasy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de mö­hüm or­ny eýeleýändik­le­ri­ni bel­le­mek ge­rek. 

     Umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li giň müm­kin­çi­lik­le­ri na­zar­laýan şeý­le uly fo­ru­myň Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da­ky «Awa­za» milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün edip, Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­raty­ny Ar­şa gö­ter­ýän Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, be­ýik iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun! 

 

Per­man SA­PA­ROW, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Dur­muş syýa­sa­ty ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni

UGRY KESGITLEMEK — DURNUKLY ÖSÜŞI ILERLETMEK

 

     Ählimize mälim bolşy ýaly, türkmeniň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, dünýäde BMG tarapyndan ilkinji we üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak  ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Ata Watanymyz tanalmaz derejede ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Şeýle ösüşleriň netijesinde belent sepgitlere ýetilýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sammitleriň, duşuşyklaryň, festiwallaryň, sergileriň, dürli görnüşli bäsleşikleriň we mundan başga-da milli hem-de halkara derejede guralýan dabaraly çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Şeýle çäreleriň biri BMG tarapyndan her 10 ýyldan geçirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň biziň ýurdumyzda, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi parahatçylyk söýüjiligi we dost-doganlygy öňe sürýän, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýan oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň bütin dünýäde dabaralanýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezýär.

 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda guralan Parlament forumy kanun çykaryjy düzümleriň derejesinde häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda we olaryň oňyn çözgütlerini gözlemekde uly ähmiýete eýe boldy.

     Ýokary derejede guralan çäräniň «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» atly plenar mejlisine BMG-niň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary, dürli ýurtlardan parlament ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri gatnaşdy. Parlament forumynyň işi mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. «Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we geljege uzaýan ýollar» atly mejlisde Wena hereketler maksatnamasyndan Awaza hereketler maksatnamasyna geçmekde toplanan milli we sebitleýin tejribelere hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin täze mümkinçiliklere daýanmak bilen, geljegi nazarlaýan seljermeler berildi. Onda parlament wekillerine kanun çykaryjylyk, wekilçilik, gözegçilik we býujet wezipeleri arkaly Awaza hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmekde ygtyýarlyklaryň berlip bilinýändigi barada bellenildi. 

     «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraplaýyn söwda ulgamyny döretmek hem-de pugtalandyrmak» atly mowzuklaýyn mejlise gatnaşyjylar Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünleriniň netijeliligini üpjün etmekde parlamentleriň eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşdylar

     «Parahatçylygy, ynanyşmagy we jogapkärçilikli dolandyryşy pugtalandyrmak: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşiň şertleri» ady bilen geçirilen mejlise gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda netijeli we inklýuziw dolandyryşyň jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmakda, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny we Durnukly ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmekde ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

      Forumyň jemleýji mejlisinde esasy pikirler hem-de maslahatlar ulgamlaşdyryldy. Bu bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde parlamentarileriň ornuny pugtalandyrmak üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemäge mümkinçilik berdi. 

     Umumadamzat bähbitli işlere badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik başlangyçlary rowaç bolsun!

 

Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

AK ARZUWLARA ATARÝAN AWAZA

 

     Bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara  hyzmatdaşlygy  meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde dünýäniň nazaryny özüne çekýär. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş dünýä halklarynyň durmuşynda wajyp waka bolup taryhdan orun alar.

 

     Hormatly Prezidentimiziň forumyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda hem halkymyzyň ynsanperwerligi, dostanalygy ýörelge edinen halkly ýurtda guralan şeýle iri forumyň rowaçlyklara beslenjekdigine ynam bildirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dostlukly Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanylmagy hem dost sarpasynyň nobatdaky äşgärnamasyna öwrüldi. 

     BMG­niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Günorta­Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygynda umumy meseleleri çözmek üçin özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we tejribe alyşmaga ygrarlydyklaryny tassyklap, infrastrukturany, söwda gatnaşyklaryny we durnukly ykdysady nusgalary ösdürmekde bilelikdäki  tagallalaryň möhüm ähmiýeti nygtaldy. BMG­niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi. “Halkara ulag geçelgelerinde resminamalaryň dolanyşygyny sanly ulgama geçirmek”, «Oba hojalygynyň haryt pudagyny yzygiderli özgertmek üçin döwlet­hususy maýa goýum modeli», “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň mümkinçiliklerini giňeltmek: durnukly geljek üçin bilelikdäki çözgütler”, “Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy we 2024 — 2034­nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi”, “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň özgerişi üçin ýaş startap başlangyçlary”, “Buzluklaryň eremegi we beýleki meseleler: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere täsir edýän howa meseleleriniň derňewi”, “Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we durnuklylyk: Hereketleriň Kigali maksatnamasynyň möhüm ähmiýeti” atly maslahatlarda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmegiň möhüm ähmiýetine üns çekildi. 

     Sebitleýin oba hojalyk barlag merkezleri, infrastrukturalar, ýer we suw serişdeleri hem­de söwda ugurlary bilen baglanyşykly maslahatlarda hem DÇBÖBD­iň durnukly ösüşini we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakdaky möhüm meseleler babatda pikir alşyldy. Täze tehnologiýalara bagyşlanan çärede sanly we beýleki häzirki zaman tehnologiýalaryň bu ýurtlaryň geografiki çäklendirmelerini ýeňip geçmek, dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyny ýeňilleşdirmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini çaltlandyrmak üçin möhüm gural bolup durýandygy bellenildi. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljek on ýylda durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmegine gönükdirilen Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bolsa dürli ugurlarda geçirilen mejlisleriň özenini düzdi. Garaşsyz Diýarymyzy umumadamzat bähbitli çözgütleriň kabul edilýän mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyslary nazarlaýan beýik tutumlary hemişe rowaç bolsun!

 

Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

Täze mümkinçilikleriň döwri

 

     «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen Parlament forumy Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara dialog üçin hemişe açykdygyny ýene bir gezek äleme äşgär etdi. Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler, täze Hereketleriň Awaza maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşylan forumda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň kabul edilmegi, onda bu döwletleriň meselelerini durnukly ösüşiň we düzümleýin özgertmeleriň hereketlendiriji güýjüne öwürmek boýunça anyk meýilnamanyň beýan edilmegi meseleleri çözmäge we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam etjek möhüm tapgyry alamatlandyrdy.

     Bellenilişi ýaly, Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly we inklýuziw ösüşi tizleşdirmäge ýardam berýän netijeli mehanizmleri özünde jemleýär, ösüşiň täze, ygtybarly menzillerini kesgitleýär. Biz umumadamzat ähmiýetli giň mümkinçilikleri nazarlaýan şeýle abraýly halkara maslahatyň Hazaryň türkmen kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilip, oňa gatnaşmak bagtynyň miýesser edendigine buýsanýarys. Bu forum ýurdumyzyň, halkymyzyň at-abraýyny täze belentliklere göterýär. 

 

Şemşat Mämiýewa, Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçe hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Hukuk binýadyny berkidip

 

     4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi. Foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň hem-de parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

 

     Türkmenista­nyň­ Mej­li­si­niň­ Baş­ly­gy,­ BMG­-niň ­Baş­ sekretary­nyň­ orun­ba­sa­ry, ­az de­re­je­de ­ösen,­ deň­ze­ çy­kal­ga­sy bolma­dyk ösüp­ bar­ýan­ döw­let­ler­ hem-­de­ ki­çi­ ada döw­let­ler boýun­ça ­Ýo­ka­ry ­we­ki­li, ­BMG-­niň Deň­ze ­çy­kal­ga­sy­ bol­ma­dyk ösüp ­bar­ýan döwlet­ler­ bo­ýun­ça­ üçün­ji­ mas­la­ha­ty­nyň Baş­ sekreta­ry­ Ra­bab­ Fa­ti­ma,­ BMG­-niň Baş ­As­samb­le­ýa­sy­nyň­ Başly­gy­ Fi­le­mon Ýang­ we ­Par­la­men­ta­ra­  Bi­le­le­şi­giň ­Ýe­ri­ne ýeti­ri­ji­ ko­mi­te­ti­niň­ wi­se­-pre­zi­den­ti­  Se­wil Mi­kai­lo­wa ­çy­kyş edip,­ äh­lu­mu­my ­borç­nama­la­ry ­mil­li­ de­re­je­de ­dur­mu­şa­ geçirmek­de  par­la­ment­le­riň ­ eýe­le­ýän­  mö­hüm­ or­nu­ny bel­le­di­ler.­ Soň­ra­ fo­rum­ öz­ işi­ni­ mowzuk­la­ýyn­ mej­lis­ler­de­ do­wam­ et­di.­ Olar­ «Deň­ze­ çykal­ga­sy ­bol­ma­dyk ­ösüp bar­ýan döw­let­le­riň­ ählisi­niň­ bähbitleri­ne­ la­ýyk gel­ýän­ köptarapla­ýyn­ söw­da­ ulgamy­ny döretmek­ hem­-de­ pugtalandyrmak»­  we­ «Parahatçyly­gy,­ ynanyş­ma­gy­ we­ jogapkär­çi­lik­li­ do­lan­dy­ry­şy­ pug­ta­lan­dyr­mak:­ deň­ze ­çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk­ ösüp ­bar­ýan döwlet­ler­de­ dur­nuk­ly­ ösü­şiň­ şert­le­ri»­ ady ­bi­len­ ge­çi­ril­di.­ Parlament­ fo­ru­my­nyň jemleý­ji­ mej­li­sin­de­ esa­sy pi­kir­ler ­hem-­de mas­la­hat­lar­ ulgamlaşdy­ryl­dy­ we­ Par­lament ­Ýüzlen­me­si­ tanyşdy­ryl­dy. 

 

Ne­pes­ RO­ZY­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň ­de­pu­ta­ty, Mejlisiň­ Ylym,­ bi­lim, ­me­de­ni­ýet  we ­ ýaş­lar­  sy­ýa­sa­ty ­baradaky ko­mi­te­ti­niň ­ag­za­sy

AÝDYŇ ÝOLLAR SIZIŇKI!

 

     Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik  Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň dür­li ugur­ly ösüş­le­ri­ne türk­men ýaş­la­ry­nyň aý­ra­tyn uly goşantlary bar. Döw­le­ti­miz, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we Gahryman Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­my­zy dur­muş-ykdy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek­de hem-de onuň dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky öňde­ba­ry­jy­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da türk­men ýaş­la­ry­na uly ynam bil­dir­ýär. Bu gün­ki ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­ler ber­ka­rar döwle­ti­mi­ziň da­ýan­jy, sars­maz sü­tü­ni, röw­şen gel­je­gi­mi­ziň bina­gär­le­ri­dir­ler. Şu jä­het­den-de, Ar­ka­dag­ly  Gah­ry­man  Serdary­myz bag­ty­ýar gel­je­giň eýe­le­ri bo­lan ýaş ne­sil­ler baradaky ala­da­ny my­da­ma üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar. 2025-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa gir­mek üçin da­laş­gär­le­riň res­mi­na­ma tab­şy­ryş iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk ge­çi­ril­me­gi, şeý­le hem sy­nag­la­ryň oku­wa gir­mek üçin res­mi­na­ma tab­şy­ran da­laş­gär­ler bi­len gi­riş sy­nag­la­ry­ny gura­ma­gyň we ge­çir­me­giň Ter­ti­bi esa­syn­da ýo­ka­ry guramaçylyk esa­syn­da do­wam ed­ýän­di­gi-de döw­let Baştutanymy­zyň ýaş­lar hak­da­ky ta­gal­la­la­ryn­dan ba­dal­ga al­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iýul aýyn­da ge­çi­ren gi­ňiş­le­ýin Hö­kü­met mej­li­sin­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne zehin­li, my­na­syp ýaş­la­ry ka­bul et­mek, gi­riş sy­nag­la­ry­ny gurama­çy­lyk­ly  we  ada­lat­ly ge­çir­mek,  jem­gy­ýet­çi­lik gözegçiligi­ni ýo­la goý­mak ha­kyn­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şol mej­lis­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oku­wa gir­mä­ge isleg bil­dir­ýän ýaş­la­ra uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­me­gi ylym-bi­lim dün­ýä­si­ne ýol tu­tu­nan ýaş­la­ry­my­zyň gö­wün­le­ri­ne ga­nat ber­di.

      Türk­men hal­ky owal­dan ahy­ra ylym-bi­li­mi, akyl ha­zy­na­sy bo­lan ki­ta­by sö­ýüp-sar­pa­la­ýan halk. Pe­der­le­ri­mi­ziň «Bir akan ýe­rin­den akar­myş aryk» diý­şi ýa­ly, mil­le­tiň emer-da­ma­ry­na siňen ylym-bi­li­me teş­ne­li­gi türk­men ýaş­la­ry­nyň ýi­ti ze­hi­nin­de hem şöh­le­len­ýär. Mu­ny ola­ryň dür­li ders­ler, ugurlar, tej­ri­be­lik we in­tel­lek­tu­al ba­şar­jaň­lyk bo­ýun­ça ýur­du­myz­da we dün­ýä­de ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­ler­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­rin­de hem görýäris. Hal­ka­ra para­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň ta­lyp­ly­ga dalaşgär­le­ri­niň ara­syn­da şeý­le ze­hin­li, döw­let we hal­ka­ra derejedä­ki bäs­le­şik­ler­de, ýa­ryş­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan ýaş­la­ryň ençe­me­si bar. Biz ola­ra we şo­la­ryň ha­ta­ry­na deň­leş­mä­ge yh­las edýän äh­li ýaş­la­ry­my­za tüýs ýü­rek­den gu­wan­ýa­rys. Şeý­le hem ýü­rek­le­ri  ylym  öw­ren­mä­ge, gö­wün  sö­ýen  hü­när­le­ri­ni ele alma­ga atyg­sa­ýan ýaş ýi­git­le­riň we gyz­la­ryň aý­dyň maksatlarynyň  wy­sal bol­jak­dy­gy­na berk ynan­ýa­rys. Arzuwlaryň ha­syl bol­ýan ýur­dy-gü­neş­li Türk­me­nis­tan Watanymyz­da mu­nuň üçin äh­li ze­rur şert­ler we müm­kin­çi­lik­ler bar. 

     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ryň ylym-bi­lim­de kä­mil­le­şip, döw­re­bap hü­när­le­ri, san­ly teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da­ky tä­ze ösüş­le­ri er­jel ele al­mak­la­ry il-ýur­du­my­zy be­ýik we dur­nuk­ly ösüş­le­re ýe­tirmek­dä­ki mö­hüm şert­le­riň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, ýurdu­myz­da äh­li pu­dak­la­ryň işi­ni san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek, san­ly hyz­mat­la­ry dur­mu­şa or­naş­dyr­mak we beý­le­ki en­çe­me ugur­ly häzir­ki za­man teh­no­lo­gik öz­gert­me­ler ýaş­la­ryň ylym-bilimliligine, hü­när ba­şar­jaň­ly­gy­na, äh­li ugur­ly kä­mil­lik derejesi­ne bil­di­ril­ýän uly ynam bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Biz hem bu gü­nüň da­laş­gär­le­ri bo­lan, er­ti­riň ta­lyp­la­ry bol­jak eziz ýaş­la­ry­my­za be­ýik ynam­dan göz­baş al­ýan aý­dyň ýol­la­ryň öň ha­ta­ryn­da bol­ma­gy ar­zuw ed­ýä­ris. Goý, gel­je­gi­mi­ziň eýe­le­ri bo­lan türk­men ýaş­la­ry­nyň be­lent mak­satla­ry­nyň ha­syl bol­ma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Arkadagymy­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, alyp bar­ýan giň möç­ber­li iş­le­ri mydama ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni

1 ... 20 21 22 23 24 ... 112