The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

MEDENI-YNSANPERWER ÖSÜŞ WE DÖWLET SYÝASATY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhy ösüş ýolunda aýratyn möhüm tapgyrdyr. Häzirki döwürde beýleki ulgamlar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem uly özgerişleri äşgär görmek bolýar. Bu ugra döwletimiziň kuwwatly guramaçylyk, serişdeler, aňyýet güýji gönükdirilýär. Gazanylýan netijeler halkyň durmuşyna täzeçe öwüşgin berýär. Döwrebap ösüşiň ilkinji alamatlarynyň biri-de sowatlylygyň artmagydyr. Otuza golaý ýokary okuw mekdebinde, ýüzlerçe orta hünär we başlangyç hünär mekdeplerinde, daşary ýurtlaryň bilim merkezlerinde okap, hünär eýesi bolýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy medeni-aňyýet kämilliginiň artmagyna aýgytly täsir edýär.

Hä­zir­ki zaman önümçilik, aragatnaşyk, ulag we hyzmat ediş pudaklarynda işleriň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda barha giň gerimde ýaýbaňlanmagy, maglumat tehnologiýasynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň adaty we aýrylmaz bölegine öwrülmegi bilen, sowatlylygyň ýokary, öňdebaryjy derejesine bolan talap artýar. Bu bolsa jemgyýetçilik aňynyň işjeňleşmegine, pikirlenişiň çaltlaşmagyna ýol açýar. Işjeňligiň we aň ösüşiniň ilkinji şerti bolsa bilimiň, sowatlylygyň çalt hem giň gerimde ösdürilmegidir. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz — tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň durmuşyň ähli ugurlaryna barha giňden aralaşýan döwri. Döwür ösýär, şol bir wagtda adamzat jemgyýetinde dürli üýtgeşmeler, özgerişler bolup geçýär. Munuň özi ýaşlardan hünär taýýarlygy babatda edilýän talaplary hem düýpli özgerdýär, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmeklerini talap edýär» diýip, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynda belleýär. 

Hünär taýýarlygyna bolan talabyň ýokarlanmagynyň esasy sebäpleriniň biri hem telekeçiligiň, hususy işewürligiň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly düzümine öwrülýändigi, hususy pudakda dünýä ülňülerine laýyk önümçilik düzümleriniň ýyl-ýyldan giňelýändigi bilen baglydyr. Häzirki döwürde durnukly işleýän hususy pudakda iş orunlaryna bolan bäsleşik ýokarlanýar. Halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegi netijesinde ýaş hünärmenlere esasy hünär taýýarlygynyň daşyndan, daşary ýurt dillerini öwrenmek hem zerur bolup durýar. 

Jemgyýetçilik aňynda bolup geçýän şeýle oňyn özgerişler döwleti durmuş-ykdysady taýdan dolandyrmagy yzygiderli we netijeli kämilleşdirmegiň esasy şertleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan hem döwlet syýasatynda medeni-ynsanperwer, aňyýet ösüşlerine aýratyn uly üns berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim arkaly beýik geljegiň gurulýandygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly belleýşi ýaly, bu günki gün dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde sanly ulgama geçmek ileri tululýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. 

Döwrebap maksatlaýyn ösüş ýörelgelerini amala aşyrmakda ýurdumyzda ylym-bilim babatda halkara hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Aragatnaşygyň häzirki şertlerinde, maglumat tehnologiýasynyň ösmegi netijesinde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri artýar. Indi halkara ylym-bilim bäsleşiklerine, ylmy maslahatlara onlaýn arkaly gatnaşmak, milli ylym-bilim pudagynda gazanylýan üstünlikleri, täzelikleri halkara jemgyýetçilige ýetirmek, bu babatda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek kada öwrüldi. Biziň ýurdumyzda şeýle täzelenişden işjeň hem giňden peýdalanmak ýola goýuldy. 

Halkara hyzmatdaşlyk diňe tehniki bilimler babatda däl-de, eýsem, medeni-ynsanperwer ugurlarda-da yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, daşary ýurtlarda we öz ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlardyr beýleki çäreler hem medeni-ynsanperwer ösüşleri ilerletmekde döwlet syýasatynyň netijeli ýola goýlandygyny görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýy berlip, onuň «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky» diýlip atlandyrylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň näderejede uludygyny nobatdaky gezek tassyklady. Şunda milli ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasion önümçiligi guramak ýaly, häzirki döwürdäki ösüş maksatnamalarynyň möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy maksat bolup durýandygy mälimdir. Bilimde we ylymda giň gerimli çäreler yzygiderli, döwrüň talaplaryna we şertlerine görä dowam etdirilýär. Munuň özi milli ylym-bilim ulgamynyň halkara giňişlige ynamly çykyp, ösüş hereketlerine giňden goşulyşmagyna şert döredýär. 

Häzirki zamanyň ösüşini häsiýetlendirip, hormatly Prezidentimiz: «Durmuşda ähli zat biri-biri bilen bagly. Parahatçylyk, gülläp ösüş, asuda asman, abadan durmuş ýaly düşünjeler bolçulygyň, bagtyýar ýaşaýşyň açary hasaplanýar. Sebäbi bolçulyk üçin abadan durmuş, bagtyýar ýaşaýyş üçin bolsa parahatçylyk hem gülläp ösüş gerek. Biziň ýurdumyzda bularyň ikisi-de bar» diýip belleýär. Parahat, asuda, gülläp ösýän ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň miwesini öz durmuşlarynda görüp, bagtyýar döwre guwanyp ýaşaýan halkymyz, esasan hem, ýaşlar ýene bir esasy ugra — hususy iş bilen meşgullanmaga aýratyn üns berip başladylar. Mundan 10 — 12 ýyl öň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sany birnäçe müňe barabar bolan bolsa, häzirki döwürde ol gurama işewür düzümleriň 29 müňden gowragyny birleşdirýär. 

Ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň diňe bir san taýdan däl-de, önümçiligiň möçberi, görnüşleri, hili babatda-da uly ösüşleri gazanýandygyny bellemelidiris. Häzirki döwürde türkmen telekeçileri innowasion tehnologiýaly iri kärhanalary, elektroenergetika önümçilik desgalaryny gurmakda, döwletiň ösüş maksatnamalary esasynda şäher we ýol gurluşyk işlerine, oba hojalyk pudagyna gatnaşmakda uly tejribe topladylar we ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda öz orunlaryny yzygiderli giňeldýärler. Işewürler Arkadag şäherinde bina edilen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, medeni-önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna hem işjeň gatnaşýarlar. 

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy bolsa döwlet bilen hususy pudagyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgalarynyň biridir. 

Arkadagly Gahryman Prezidentimiz «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» öňe sürülýän möhüm wezipeleriň hatarynda ýangyç energetika pudagyny hasaba almazdan, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmegiň ileri tutulýandygyny belledi. Munuň özi diňe bir telekeçilere we hususy işewürlere bildirilýän ynam bolmak bilen çäklenmeýär. Sebäbi ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň ösüşi döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň köp ugurlaryny öz içine alýar. Bu esasan hem, döwletiň ykdysady syýasatynyň netijeliligine, ýurdumyzyň Hökümetiniň ýerlerde döredýän mümkinçiliklerine baglydyr. Telekeçilik işleriniň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugta kemala getirilmegi, hususy önüm öndürijilere we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýanlara döwletiň ykdysady-önümçilik, ulag-aragatnaşyk düzümlerindäki, ylmy-barlag edaralaryndaky we beýleki ulgamlaryndaky serişdelerden hem-de gazanylanlardan peýdalanmaga hukuklaryň kepillendirilmegi hususy pudagyň çalt depginde ösmegine ýardam edýär. 

Türkmenistanyň öňdengörüjilik bilen ýola goýan, kämilleşdiren ösüş strategiýasynda halkyň, jemgyýetçiligiň çeper-döredijilik başlangyçlaryna, milli maddy gymmatlyklar babatda gadymdan gelýän ýörelgelere, senetçiligiň döwrebap görnüşleriniň ýaýbaňlandyrylmagyna döwlet tarapyndan goldaw bermek esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Medeni-ynsanperwer ösüşiň bu ugurlary häzirki zaman jemgyýetçilik durmuşynyň ruhy-aňyýet binýadyna, döwlet bilen halkyň jebisligini şertlendirýän ýagdaýa öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň deňsiz-taýsyz başlangyçlary, hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýörelgelerimiz halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze many-mazmuna, barha giň gerime eýe bolýar. Çeper döredijiligiň hemde maddy-medeni gymmatlyklary baýlaşdyrmagyň döwlet tarapyndan ýokary derejede höweslendirilmegi adamlaryň aňyýet işjeňligine giň ýollary açýar. Medeni hyzmatdaşlygyň halkara derejä çykarylmagy bolsa türkmen halkynyň döredijilik mümkinçilikleriniň örän uludygyny, asyrlara ýaň salýan ägirt uly ruhy güýjüniň bardygyny äşgär edýär. 

Halkynyň paýhas güýjüniň döwürlere täsirini açyp görkezmekde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik hazynasynyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getirilen asylly gymmatlyklar baradaky naýbaşy kitaplarynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bardyr. Medeni-ruhy mirasymyzyň ähmiýetiniň döwlet syýasatynda şöhlelenmegi milletimiziň geçmişde beýik döwletleri gurmakda we dolandyrmakda şöhrat gazanyşy ýaly, milli gymmatlyklaryň baý hazynasyny döretmekde-de taryhy işleri bitirendigini aýan edip, onuň halkara derejede giňden ykrar edilmegine ýol açýar. 

Medeniýetimiziň, maddy-ruhy mirasymyzyň islendik ugruny alyp görenimizde, häzirki döwürde örän uly we düýpli döredijilik galkynyşynyň şaýady bolýarys. Munuň özi milletimiziň döredijilik, ruhy dünýäsiniň baýlaşýandygyna adamzat durmuşynyň aňyýet zerurlygynyň gözellikler, medeni-ynsanperwer ösüşler bilen baglydygyna çuňňur göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Tebigatyň gözelliklerinden ruhlanýan, kalbyň gözelliginden gaýnap çykýan, sazlaşykly, ruhubelent ýaşamaga çagyrýan, hiç haçan gymmaty gaçmaýan maddy, medeni, ruhy, aňyýet gymmatlyklarymyzy beýik taryhymyzyň zynatyna, kalplarymyzyň şamçyragyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ösdürýän, kämilleşdirýän, geljege alyp barýan döwletlilik ýoly dowamat-dowam bolsun! 

 

Ata SERDAROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

28.06.2024 Details

DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLERIŇ ŞÄHERI

 

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, innowasion täzeçillikler ileri tutulyp, gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tejribeler özleşdirilýär. Döwrümiziň binagärlik sungatynyň ajaýyp miwesi bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Bu şäheriň ösen infrastrukturasy milletiň ruhy dünýäsiniň, medeni gymmatlyklarynyň, döredijilik ukyplarynyň we ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň sazlaşygyny özünde jemleýär.

Arkadag şäherine «Döwlet ähmiýetli şäher» diýen hukuk ýagdaýynyň berilmegi onuň dolandyryş, gurluş düzümleriniň ähmiýetli aýratynlygyny ýüze çykarýar. Döwlet ähmiýetli şäher — bu döwletiň baş şäherleriniň we syýasy-dolandyryş merkezleriniň biri hökmünde çykyş edýär. 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Arkadag şäheriniň düzüminde iki etrap döredilip, olara «Kärizek» we «Gorjaw» atlary dakyldy. Şeýlelikde, Watanymyzyň dolandyryş çäk birlikleriniň çyzgysynda täze gurluş düzümi emele geldi. Munuň özi bu şäherde durmuşa geçirilýän taslamalary halkara ölçeglere laýyklykda ýerine ýetirmek, şähergurluşyk işini ýokary derejede alyp barmak, şäher ilatynyň sanyny artdyrmak meseleleriniň netijeli çözülmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle çözgüdiň esasynda döwlet ähmiýetli şäheriň çäkleriniň giňeldilmegi onuň ulag, senagat, söwda, hyzmatlar, gurluşyk, durmuş ulgamlaryny ösdürmäge-de giň mümkinçilikler döredýär. 

Häzirki döwürde Arkadag şäherini ýurdumyzyň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça meýilnamalaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Gurulýan binalaryň daşky bezegleri bilen bir hatarda, olaryň howpsuzlygyny, amatlylygyny, ekologik goraglylygyny üpjün etjek taslamalar tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Bu taslamalarda raýatlaryň zähmet çekmegi, dynç almagy, bagtyýar ýaşamagy, bilim almagy babatda döwrebap şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. 

Ýurdumyzda şäherleriň, obalaryň gurluşyk işlerini düzgünleşdirýän, şol sanda olaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän kanunlaryň birnäçesi hereket edýär. «Şähergurluşyk işi hakynda», «Binagärlik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary şähergurluşyk işini düzgünleşdirse, «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda», şeýle hem şu ýyl kabul edilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary paýtagtymyzyň we döwlet ähmiýetli şäherimiziň hukuk derejesini berkidýän kanunçylyk namalary bolup durýar. «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu şäheriň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny berkidýär. Kanuna laýyklykda, Arkadag şäherinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli pudaklaýyn müdirlikleri, gulluklary, edaralary hem-de guramalary degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň göni tabynlygynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Arkadag şäheriniň häkimi bilen ylalaşylyp, milli kanunçylyga laýyklykda döredilýär. Döwrebaplygyň hem milliligiň özboluşly sazlaşygyny emele getirýän döwlet ähmiýetli şäheriň edara binalary, iri desgalary durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ulgamlarda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň, ýurt, sebit ähmiýetli meseleleri çözmegiň, işewür duşuşyklary geçirmegiň amatly merkezi hökmünde hem giň mümkinçiliklere eýedir. 

Ýokary, ýörite orta hem-de orta okuw mekdepleriniň edara binalary, ýaşaýyş jaý we seýilgäh toplumlary, söwda merkezleri, bazarlar ýaly durmuş desgalaryny özünde jemlän Arkadag şäheri raýatlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, ýaş nesliň mynasyp bilim almagy, müňlerçe maşgalanyň döwrebap ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilen mekanyna öwrüldi. Täze şäherde zähmet çekýänleriň we onuň ýaşaýjylarynyň aglabasynyň ýaşlardygy has-da guwandyryjydyr. 

Döwrüň iri şähergurluşyk taslamasy hökmünde şöhratlanan Arkadag şäheriniň çäginde we daş-töwereginde ekologik abadançylygyň bähbitlerine, bu ugurda halkara tejribäniň döwrebap gazananlaryna laýyk gelýän çemeleşmelere aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ilatyň ekologik we ykdysady bähbitlerini ylmy taýdan esaslandyryp utgaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryndan peýdalanmak, az galyndyly hem-de galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, şunda material-çig mal serişdeleriniň toplumlaýyn gaýtadan işlenilmegini üpjün etmek, önümçilik we hojalyk işlerinde galyndylary iň pes möçbere getirmek babatdaky usullary durmuşa ornaşdyrmak işleri ilerledilýär. 

Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin şäheriň edaralarynyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilmegine, olarda ilata edilýän hyzmatlaryň derejesiniň halkara ülňülere laýyk getirilmegine, sanly ulgamlaryň we täzeçil usullaryň hem-de halkara tejribäniň ornaşdyrylmagyna, ekologik talaplaryň berjaý edilmegine yzygiderli üns berilýär. Täze şäheriň ikinji tapgyrynda lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynyň gurulmagy, olarda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň halkara ülňülere we ekologik talaplara laýyk gelmeginiň gazanylmagy bu önümler bilen içerki sarp edijileri doly üpjün etmäge, bu babatdaky eksport mümkinçiliklerini ýola goýmaga şert döreder. Şeýle işler milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda, onuň önümçilik kuwwatyny ekologik talaplara laýyk getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.

28.06.2024 Details

MAGTYMGULYNYŇ MEDENI MIRASY — HALKYMYZYŇ RUHY HAZYNASY

 

Söz ussady, şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir. Türkmen halky üç asyrdan bäri Magtymguly Pyragyny özüniň ruhy goldawçysy, görelde mekdebi, watansöýüjiligiň belent nusgasy hasap edip gelýär. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerimizden başlap, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny dikeltmek, onuň eserlerini öwrenmek, çap etmek bilen, şahyryň dünýä edebiýatyna goşan goşandyny aýan etmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek bellenildi. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden bäri Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň baý edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 17-nji maýynda açylyp ulanylmaga berlen, Köpetdagyň dag eteginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna ajaýyp sowgat boldy. 

Ýurdumyzda beýik şahyryň hormatyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanunlar kabul edildi. Golaýda, has takygy, şu ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çekmegi bilen, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu bolsa ýokarda bellenilip geçilen hukuk namalarynyň üstüni ýetirmek bilen, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň türkmen halky tarapyndan goralýan we aýawly saklanylýan ähli medeni miraslaryň arasynda ornunyň örän ýokarydygyna şaýatlyk edýär. 

«Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny bellemek bilen, bu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Kanun 4 bapdan we 18 maddadan ybarat bolup, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda amala aşyrýan döwlet syýasatynyň Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek boýunça işleriň guralmagy üçin esas bolup durýandygy nygtalýar. Kanunyň 1-nji maddasynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň milli medeni gymmatlyk hökmünde döwletiň we türkmen halkynyň ruhy hazynasy diýlip ykrar edilýändigi beýan edilýär. Mundan başga-da, Kanunda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň döwlet tarapyndan goralýandygy hem-de Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna zyýan ýetirilmegine, onuň at-abraýynyň we mertebesiniň kemsidilmegine ýol berilmeýändigi barada anyk kadalar kesgitlenilýär. 

Kanunyň «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň döwlet goragy» atly babynda Magtymguly Pyragynyň adynyň döwlet obýektlerine, geografik hem-de gaýry obýektlere dakylmagynyň, şonuň ýaly-da, onuň adynyň we şekiliniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ulanmagyň düzgünleri beýan edilýär. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň adynyň we şekiliniň döwlete dahylsyz ýuridik şahslaryň atlarynda, resmi blanklarynda, şeýle hem haryt nyşanlarynda, mahabatlarda, çap önümlerinde, Türkmenistanda geçirilýän sergilerde we ýarmarkalarda eksponatlar görkezilende hem-de internet ulgamynda degişli rugsatsyz ulanylmagyna ýol berilmeýändigi barada nygtalýar. Bellenilip geçilen kadalar Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna degişli bolan ähli obýektleriň döwlet tarapyndan goralýandygy, onuň at-abraýynyň goralmagyny amala aşyrmak her bir türkmenistanly üçin, şol sanda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hemde ähli raýatlaryň belent borjy hökmünde ýüze çykýar. 

«Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Bu kanun şahyryň watançylyk, edep-terbiýe, ruhy-ahlak, agzybirlik, jebislik baradaky wesýetleriniň geljek nesiller üçin hemmetaraplaýyn ýörelge hökmünde ykrar edilmeginde we bu işleriň giň halk köpçüligi tarapyndan wagyz edilmeginde möhüm hukuk binýady bolup durýar. 

 

Gurbangeldi AŞYROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.

26.06.2024 Details

ÝAŞ NESIL HAKDA ALADA — ABADAN GELJEGIŇ BINÝADY

 

Halkymyz çaganyň milli hem ruhy gymmatlyklardan gözbaş alýan däp-dessurlar esasynda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berip, ony asyrlarboýy kämilleşdiripdir. Döwürleriň we durmuşyň synagyndan geçen gadymy däpler esasynda çagalara bolan garaýşyň milli edep-ahlak mekdebini döredipdirler. 

Çagada ýaşlykdan zähmet endiklerini kemala getirmekde, olarda edeplilik, lebzihalallyk ýaly ahlak sypatlaryny terbiýelemekde binýatlaýyn ýörelgeler hyzmat edipdir. Ata-babalarymyz çagalara irki ösüş döwründen zähmet çekmegi, hünäre hormat goýmagy öwredip, zähmete bolan söýgini şol döwürdäki milli oýunlaryň üsti bilen döretmegi başarypdyrlar. Çünki çaga üçin oýunlar özboluşly täsirli, terbiýeçilik ähmiýetli mekdep bolupdyr. Mysal üçin, palçykdan dürli şekiljikleri ýasamak ýaly oýunlara güýmenmekleri çagalarda irki döwürden döredijilige ukyby, zähmetsöýerligi we agzybirligi terbiýeläpdir. Olar ulaldygyça-da, kem-kemden maşgala zähmetine çekilip, guşlara, mallara seretmek ýaly ýumuşlar arkaly, zähmet endikleri kemala getirilipdir. Şeýlelikde, zähmetiň bar ýerinde berekediň, agzybirligiň bolýandygyny aň­laryna berk siň­dirmek bilen, «Çekseň zähmet, ýagar rehnet», «Hünärli zor, hünärsiz hor», «Işleseň, il tanar», «Bir okana bar, birem — dokana» diýen ýaly pähimlerden ugur almagy öwredipdirler. 

Mälim bolşy ýaly, medeni, ahlak gymmatlyklary gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Ata-enäniň, şeýle hem terbiýeçiniň, mugallymlaryň görüm-göreldesiniň, terbiýeçilik çäreleriniň toplumynyň netijeleri şahsyýetiň kemala gelmegine täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda: «Mähriban kyblamyň ömür ýoly — ma­ňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim» diýip nygtamagy munuň aýdyň mysalydyr. Şahsyýetiň kämilligi onuň ynsanperwerlik sypatlarynyň ýokarylygy, jemgyýetiň ösüşine goşýan goşandy bilen kesgitlenýär. Şahsyýeti häsiýetlendirýän görkezijilerde hoşgylawlylyk, ukyp-başarnyk, medeniýetlilik ýaly häsiýetler jemlenýär.

 Şahsyýetiň kämilliginiň görkezijileriniň düzüminde ata-ene göreldesi, halypa-şägirtlik ýoluna wepalylyk, hünäre ussatlyk aýratyn orun tutýar. Çagalar baglarynda, orta mekdeplerde terbiýeçiler, mugallymlar terbiýe bermek, okatmak bilen bir hatarda, çagalaryň ukyp-başarnyklaryny belli bir derejede kämilleşdirýärler. Bu goldaw olaryň bilimlerini gündelik durmuşda ulanmak tejribesini toplamaga hem-de işjeň durmuşynyň bütin dowamynda ony yzygiderli artdyrmaga we hünär saýlamaga bolan çuň­ňur isleginiň emele gelmegine örän ähmiýetli täsir edýär. Çagalar bagynda terbiýeçisi, soň­ra mekdepde mugallymy çaganyň ilkinji halypalary hasaplanýar. Olar çagalara bilim bermek bilen birlikde, özüniň toplan durmuş tejribesi arkaly düşündirip, ukyp-başarnygyny, hünär ussatlygyny we alan bilimini çagalaryň kämil dünýägaraýşynyň kemala gelmegine siň­dirýär, edep-terbiýe öwredýär. Okuwçylaryň hünäre bolan höwesiniň, isleginiň döremegine mekdep durmuşy, kitaplar we töwereginde bolýan wakalar täsirini ýetirýär. 

Milli däplerimizde halypa-şägirtlik ýol-ýörelgesiniň ahlak kadalary durmuşa ukyplylygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanypdyr. Ussat halypalar özleriniň tebigy zehinleri bilen ata-babalarymyzyň hünär sungatyny, olaryň gymmatly mirasyny nesilme-nesil baýlaşdyrypdyrlar. Öz gezeginde, şägirtler halypalaryndan öwrenýän hünäriniň inçe ýollaryny, asyl nusgalaryny, ýokary ahlak-estetiki gymmatlyklaryny we türkmen halkynyň mizemez däp-dessurlaryny dowam etdirmäge ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşipdirler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we umumy bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz çagalaryň dünýä ül­ňülerine laýyk bilimli bolmagy, ählumumy ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi babatda abraýly halkara guramalar bilen bähbitli hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berýär. Türkmenistan Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşulmak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. 

Ýurdumyzda çagalaryň belli bir hünär bilen gyzyklanyp, zähmet çekmäge bolan hukugy kanun arkaly kepillendirilýär. 1973-nji ýylda Halkara Zähmet Guramasynyň Işe kabul etmegiň iň kiçi ýaşy hakynda Konwensiýasy kabul edildi we 1996-njy ýylda Türkmenistan bu Konwensiýa goşuldy. Konwensiýada milli kanunlarda ýa-da kadalarda on üç ýaşdan on bäş ýaşa çenli çagalaryň saglygyna, ösüşine zyýanly bolmajak we mekdebe gatnamaga, hünäre gözükdirmäge ýa-da taýýarlamagyň ygtyýarly häkimiýet edaralary tarapyndan tassyklanylan maksatnamalara gatnaşmagyna ýa-da alnan bilimi peýdalanmak ukybyna zyýan ýetirmeýän ýe­ňil iş üçin hakyna tutmak boýunça işe kabul edilip bilinýändigi berkidilýär. Türkmenistan bu Konwensiýa goşulmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarly bolup galýandygyny görkezip, Konwensiýanyň kadalaryny milli kanunçylyk bilen utgaşdyrmak boýunça anyk işleri alyp barýar. 

«Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, her bir çaganyň zähmet çekmäge bolan hukugynyň bardygy, on sekiz ýaşyna ýetmedik şahs bilen zähmet şertnamasynyň baglaşylmagyna diňe onuň özüniň razylygy we ata-enesiniň biriniň (hossarynyň) razylygy hem-de hossarlyk we howandarlyk edarasynyň rugsady bilen, eger onuň zähmet işleri mekdepdäki okuwyny dowam etmäge päsgelçilik döretmeýän, saglygyna we ahlak ösüşine zyýan ýetirmeýän bolsa, ýol berilýändigi kesgitlenilen. Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde on sekiz ýaşyna ýetmedik işgärleriň zähmet-hukuk gatnaşyklarynda kämillik ýaşyna ýetenleriň hukuklary bilen deňleşdirilýändigi, ýagny zähmeti goramak, iş wagty, rugsatlar we zähmet gatnaşyklary çygryndaky käbir beýleki ýe­ňilliklerden peýdalanýandygy nygtalýar. Mysal üçin, on sekiz ýaşa ýetmedikleriň zähmete çekilmegine, iş wagtynyň gysgaldylan dowamlylygyny bellemek bilen, zähmet şertnamasyny baglaşmak arkaly ýol berilýär. Işiň gysgaldylan dowamlylygyndaky zähmet haky bolsa gündelik işiň dowamlylygyna degişli toparlardaky işgärleriň­ki ýaly möçberde tölenilýär. Milli kanunçylygymyzda şeýle kadalaryň berkidilmegi ýurdumyzyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine ygrarlydygynyň kepili bolup durýar. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy baradaky kadanyň durmuşa ornaşdyrylmagy, şunda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, maşgala bitewüligi, sagdyn nesliň kemala gelmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň nyşanydyr. 

Şu ýylyň 30-njy martynda kabul edilen “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgeşmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary nika bozmak hakynda işe seredilende, işiň hakyky ýagdaýlaryny aýdyň­laşdyrmaga, nikanyň bozulmagynyň şertlerini ýüze çykaryp, olary aradan aýyrmak üçin anyk çäreleri görmäge gönükdirilendir. Munuň özi çagalaryň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmegini gazanmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 

Umuman, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda çagalaryň bähbitlerini goramak, maşgala abadançylygyny üpjün etmek babatda amal edilýän anyk wezipeler maşgala bitewüligini saklamaga oňyn ýardam edýär. Her bir maşgalada, çagalar baglarynda, mekdeplerde irki döwürden başlap, çagalaryň bilim-terbiýe endigini kemala getirmek, zähmet başarnyklaryny, ukyplaryny açmak hem-de olaryň sagdyn ösüşini gazanmak bolsa şol wezipeleriň üstüni ýetirýär. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş  

syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.

22.06.2024 Details

ARKADAG ŞÄHERI — BAGTYŇ ŞÄHERI

 

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyz gülläp ösýär. Oba-şäherlerimiziň keşbi tanalmaz derejede özgerýär. Paýtagtymyz Aşgabady görmäge göz gerek. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň döremegi türkmen topragynda durmuşyň haýran galdyryjy derejede öňe gidýändiginiň, guwandyryjy ösüşlerimiziň aýdyň güwäsidir.

Mil­li Liderimiz Arkadag şäherine iş saparlaryny yzygiderli amala aşyrýar. Bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeler, önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşýar. Degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigine görä, şu ugra häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň gönükdirilmelidigini ýatladýar. Binagärlik keşbiniň sazlaşyklylygy, ekologik derejäniň üpjün edilmegi Arkadag şäheriniň gurluşygynda örän möhüm wezipeleri­ň hataryndadyr. 

Golaýda, has takygy, 8-nji iýunda Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyranda, bu ajaýyp şäherde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça örän möhüm meselelere ýene bir gezek ünsi çekdi, degişli görkezmeleri berdi. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik toplumlaryny gurmak meýilleşdirilendir. Bu toplumlarda öndüriljek serişdeler ýokary halkara ül­ňülere, häzirki zamanyň ekologik talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Munuň üçin döwrebap usullar, täze tehnologiýalar ulanylar, dünýäniň ösen tejribesi özleşdiriler. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy hem juda ähmiýetlidir. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda, Türkiýede, Hytaýda iş saparlarynda bolmak bilen, Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygy boýunça tejribe alyşdylar, bu babatda iň kämil tejribeleri öwrendiler. 

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ähli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ge­ňeşmeleriň geçirilmegi, ýurdumyzyň çägindäki çig mallaryň ekologik hem-de ýaramlylyk derejesi, suw çeşmelerini önümçilik maksady bilen ulanmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalaryň guralmagy örän ähmiýetlidir. Munuň özi Arkadag şäherinde döredilýän lukmançylyk önümçilik toplumlarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagynda hem wajypdyr. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik düzümlerinde taýýarlanyljak serişdeleriň, enjamlaryň hiline, ekologik ýagdaýyna möhüm ähmiýet berýär, bu ugurda dünýäniň öň­debaryjy usullarynyň netijeli ulanylmalydygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berýär. 

Milli Liderimiziň başlangyjy, yzygiderli tagallalary netijesinde binýat bolan Arkadag şäheri häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap şäheridir. Şol bir wagtyň özünde ol şäher gurluşygynyň içki hem daşky bezeg işleri babatda hem, türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriniň dowam etdirilmegi, anyk durmuşda öz ornuny tapmagy babatda hem milli öwüşginlere baýdyr. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky gurluşyklar barada aýdylanda-da şeýledir. Bu ugurdaky işlere juda içgin üns berilýändigi Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş saparlarynyň barşynda degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekmek bilen orta atýan meselelerinden, olardan edýän talaplaryndan hem äşgärdir. 

Arkadag şäheri döwrebap ýaşaýyş toplumlaryny, durmuş hem önümçilik maksatly desgalary özünde jemleýär. Dünýäniň öň­debaryjy tejribeleri bilen birlikde milli binagärlik gözelliklerini utgaşdyrýar. Bu ýerde ilatyň bagtyýar ýaşaýşyny, sagdyn we döredijilikli zähmetini üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirildi we dowam edýär. Täze önümçilikleriň döredilmegi netijesinde bu şäher ýurdumyzyň umumy önümçilik hem senagat taýdan ösüşlerinde öz ornuny tapar. Şäheriň dürli maksatly desgalarynyň gurluşygynyň ýerli kärhanalara ynanylmagy netijesinde, öz hünärmenlerimiziň binagärlik babatda baý tejribeler toplamagy üçin uly mümkinçiligiň açylandygy hem düşnüklidir. Bu ýerde ýerli çig mal serişdelerini ýokary derejede gaýtadan işläp, olardan ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleriň öndürilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Munuň özi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny ýokary ekologik derejä eýe etmek, şol bir wagtyň özünde, gündelik durmuşda zerur bolan önümleriň önümçiligini, hyzmatlar ulgamyny ýola goýmak, halkymyzyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynda aýgytly netijelere getirer. 

Hawa, täze şäherde dünýäniň öň­debaryjy tejribesiniň, häzirki zamanyň iň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilýär. Hut şu ugurda öň­de goýlan wezipeleriň yzygiderli, üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň esasynda ýurdumyzda döwrebap, «akylly» şäher kemala geldi we ol gülläp ösýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik kuwwatlyklarynyň, lukmançylyk ulgamyna degişli desgalaryň hem, olaryň enjamlaşdyrylyşynyň, olarda üpjünçilik işleriniň ýola goýluşynyň hem örän ýokary derejede bolmagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli tagallalar edilýär. Bu möhüm meselelere Milli Liderimiz dowamly üns berip gelýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgäniň «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen mukaddes şygary öňe süren Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan iş ýüzünde üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär. 

Biz mu­ňa guwanýarys. Dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyzda adam hakdaky, adamlaryň bagtyýar, rahat, sagdyn durmuşy, türkmen tebigatynyň owadanlygy, milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri, onuň eksport kuwwatynyň barha artýandygy bilen baglanyşykly hakykata aýdyň göz ýetirýändigine ynanýarys. Parahat, erkana, nurana durmuşymyza buýsanýarys. Gülläp ösýän oba-şäherlerimize, gözelligiň, tämizligiň, ýaşlygyň hem bagtyýarlygyň şäheri bolan Arkadag şäherimize buýsanýarys. 

 

Hatyja MUSTAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

22.06.2024 Details

MAGTYMGULYNYŇ EDEBI MIRASY — MILLI MEDENI GYMMATLYK Ol ýurdumyzda kanun esasynda berkidildi

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden bäri Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda beýik şahyryň hormatyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanunlar kabul edildi. Golaýda bolsa bu hukuk namalarynyň üsti «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen ýetirildi. Bularyň ählisi beýik akyldaryň şahsyýetine, umumadamzat ähmiýetli döredijiligine, parasatly öwüt-ündewlerine goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Häzir­ki wagtda Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesi bilen, türkmen halkynyň şöhratly taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleri, akyldarlary we şahyrlary hormatlamak, olaryň ömür-döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek babatda başy başlanan beýik işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz şu babatdaky işleri has-da ilerledip, geljekde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläpdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisinde «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şu ýylyň 7-nji iýunynda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şol Kanuna gol çekdi. Ýurdumyzyň milli kanun çykaryjylyk tejribesinde ilkinji gezek belli bir şahsyýetiň ömrüni we döredijiligini içgin öwrenmek, medeni mirasyny ebedileşdirmek hem-de geljek nesillere ýetirmek maksady bilen taýýarlanan bu Kanun 4 bapdan, 18 maddadan ybaratdyr. 

Täze kanunçylyk namasy Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek işleriniň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny kesgitleýär. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň taýsyz tagallalary esasynda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça işleriň guralmagy üçin esas bolup durýandygy bellenilýär. Şunda şahyryň edebi mirasynyň milli medeni gymmatlyk hökmünde döwletiň we türkmen halkynyň ruhy hazynasy diýlip ykrar edilendigi üns çekilmäge mynasypdyr. Beýik akyldaryň arzuwlan berkarar döwletinde Garaşsyz Watanymyz gün-günden kuwwatlanyp, dünýädäki abraýly ornuny has-da pugtalandyrdy. Bu üstünliklere dana Magtymgulynyň wesýetlerine wepaly halkymyzyň agzybirligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, ata Watanyna bolan beýik söýgüsi bilen ýetildi. 

Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda şahyryň döredijiligini pähim-paýhas ummanyna de­ňäp, onuň çuň­ňur manyly eserleriniň ynsan kalbynda hemişelik orun alandygyny, paýhasly pikirleriniň bolsa ählumumy ähmiýetini belleýär. Şo­ňa görä-de, täze resminamada Magtymguly Pyragynyň ady, keşbi, şekili, monumental heýkelleri, ömri we döredijiligi baradaky maglumatlar, nesil şejeresine degişli resminamalar, şygyrlarynyň asyl golýazmalaryndan nusgasy alnan eserleriniň ýygyndysy, neşir edilen goşgularydyr beýleki edebi eserleri, ömürdöredijiligi barada fiziki we ýuridik şahslaryň arhiwlerinde hem-de gaznalarynda saklanylýan resminamalar kanun esasynda şahyryň medeni mirasynyň düzümi diýlip kesgitlenildi. Ýeri gelende, Kanunyň baş maksadynyň Magtymguly Pyragy hakynda taryhy hakydanyň dowamatlylygyny we onuň medeni mirasynyň aýawly saklanylmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny aýratyn nygtamak gerek. Düzgüne görä, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň merkezi neşirlerinde çap edilip, ilat köpçüligine ýetirildi. Onuň mazmuny bilen içgin tanşanyň­da, şahyryň medeni mirasy babatda döwlet düzgünleşdirmesi hem-de döwlet goragy bilen bagly ýerine ýetirilmeli işlere jikme-jik göz ýetirmek bolýar. Şunda Magtymgulynyň ömri we döredijiligi baradaky maglumatlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, jemgyýetçiligiň öňündäki çykyşlarda dogry beýan edilmegini gazanmagyň aýratyn bellenilmegi-de uly ähmiýete eýedir. 

Kanunda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda alnyp barylýan işleri maliýeleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak bilen bagly kadalar hem öz beýanyny tapýar. Hususan-da, oňa laýyklykda, beýik söz ussadynyň medeni mirasy baradaky maglumatlary dünýä jemgyýetçiligine ýaýratmak we elýeterli etmek maksadynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň maýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle-de onuň 300 ýyllyk ýubileýi bu gurama bilen bilelikde 2024-2025-nji ýyllarda bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizildi. Munuň özi türkmen halkynyň beýik oglunyň öz gymmatly mirasy bilen dünýä medeniýetine goşan uly goşandynyň giň halkara ykrarnamasydyr. «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasy 1992-nji ýylda döredilip, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň gadymy ýazuw ýadygärliklerini — kagyz ýüzünde bolşy ýaly, ses ýazgysynda, sanly ulgamda we beýleki görnüşde ägirt uly gymmatlygy bolan resminamalar toplumyny gorap saklamak bilen bagly halkara taslamadyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda kabul edilen Kanuna laýyklykda, şahyryň dürli görnüşde saklanyp galan gymmatly eserlerini has içgin öwrenmek boýunça işleriň onuň dünýädäki abraýyny täze belentliklere götermäge-de goşant boljakdygy şübhesizdir. 

Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde şu ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Paýtagtymyzyň günorta bölegindäki belent baýyrlykda dikilen äpet heýkel türkmen halkynyň öz görnükli söz ussadyna goýýan çuň­ňur hormatynyň nyşany bolup, alyslardan seleň­läp görünýär. Bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa dana Pyragynyň eserlerinde beýan edilen halklaryň dost-doganlygynyň, hoşniýetli goň­şuçylygyň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsi bolup, kalplarda çuň­ňur hoşallyk duýgusyny döredýär. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas ummanyna de­ňelýän baý döredijiligini, medeni mirasyny ebedileşdirmäge gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize döwletli tutumlarynda mundan beýläk-de uly rowaçlyklary arzuw edýäris. 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.

20.06.2024 Details

SEBITIŇ DÖWREBAP ŞÄHERI

 

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen kemala gelen Arkadag şäheri gysga wagtyň içinde bina edilen, dünýäniň üns merkezini özünde jemlän gözellik şäheri bolup, ol döwrümiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan kämil eseridir. Ol eserde türkmen halkynyň ýagty ykbaly, beýik geljegi altyn sahaplarda ýerleşip, onda gözelligiň hem ýagtylygyň nury dünýä ýalkym bolup saçylýar.

Gys­ga­ wag­tyň­ için­de­ «akyl­ly»­ şä­her­ kon­sep­siýa­sy ­esa­syn­da­ gurlup, äh­li şert­ler­ we­ müm­kin­çi­lik­ler bi­len ­üp­jün ­edi­len,­ aja­ýyp hem­ owa­dan­ bi­na­la­ry­ gözü­ňi­ do­kun­dyr­ýan ­Ar­ka­dag şä­he­ri­ bag­şy­ sazandalaryň di­lin­de ­aý­dym­ mu­ka­ma­ öw­rüldi.­ Eli­ne­ ga­lam­ alan ­ýa­zy­jy şa­hyr­lar Ar­ka­dag ­şä­he­ri­niň­ gö­zel­lik­le­ri­ni,­ öz­le­rin­de gal­dy­ran ­tä­sir­le­ri­ni şi­rin­ owaz­la­ra,­ se­tir­lere­ sa­lyp, ­dün­ýä­ ýaý­ýar­lar. 

Ýa­kyn­da ­bir­ ýa­şy­ny doldur­jak­ Ar­ka­dag şä­he­ri­ me­de­ni ­çä­re­le­riň geçi­ril­ýän­ ýe­ri­ne öw­rül­di.­ Ýe­ri­ ge­len­de­ aýtsak,­ bir­ ýy­lyň­ dowa­myn­da­ ge­çi­ri­len­ iri ­çä­re­ler ­onuň was­py­ny uzak­la­ra­ ýaý­dy.­ Bu ­ýer­de ­il­kin­ji­ gezek V­ Wena ­ba­ly­nyň,­ «Arka­da­gyň ­sä­he­ri»­ hal­ka­ra ­film fes­ti­wa­lynyň­ da­ba­ra­ly­ ýag­daý­da geçiril­me­gi bellärliklidir. 

Şäher ­dür­li ­sport­ bäs­le­şik­le­ri­niň, ­ders olimpiada­la­ry­nyň­ ge­çi­ril­ýän­ mes­ge­ni­ hökmün­de-­de ­hem­me­le­riň­ dilindedir.­ Bu­ ýer­de Gurbanguly Berdimuhamedow ­adyn­da­ky Howandar­ly­ga ­mä­täç ­ça­ga­la­ra­ he­ma­ýat ber­mek­ bo­ýun­ça ­ha­ýyr ­sa­ha­wat gaz­na­synyň­ ho­wan­dar­ly­gyn­da, ­mek­dep ­okuw­çy­lary­nyň­ ara­syn­da matema­ti­ka­ der­si ­bo­ýun­ça hal­ka­ra­ olimpiadasy­nyň­ ge­çi­ril­me­gi­ hem aýra­tyn­ buý­san­dy­ry­jy­ ýag­daý­dyr.­ Arka­dag­ şä­he­rin­de­ dür­li­ maz­mun­ly çä­re­le­ri­ ge­çir­mek­ üçin­ äh­li ­ze­rur­ şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni­ na­zar­da ­tu­tup, gel­jek­de ­bu şä­he­riň mümkinçilik­le­ri­ni­ giň­den ­wa­gyz et­mek,­ dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni ­tä­ze­ eserle­ri dö­ret­mä­ge­ ruh­lan­dyr­mak,­ şeý­le-­de ­Mede­ni­ýet­ we­ sun­gat­ işgärleri­niň­ hem-­de Mag­tym­gu­ly­ Py­ra­gy­nyň­ şyg­ry­ýet­ gü­nü­ni türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň, ­sun­ga­ty­nyň ­we ede­bi­ýa­ty­nyň­ baý­ra­my­ görnüşin­de­ geçirmek ­mak­sa­dy­ bi­len,­ 22­—­27­-nji­ iýu­n­ ara­ly­gyn­da Arkadag ­şä­he­rinde­ ge­çir­mek­ belle­nil­di.­ Bu­ hep­de­lik ýur­du­my­zyň sungat­ us­sat­la­ry­nyň,­ mede­ni­ýet­ işgär­le­ri­niň­ köňül­ owaz­la­ry­ny,­ ýü­rek joşgunlary­ny­ dün­ýä­ ýaý­jak hep­de­lik ­bo­lar.­ 

Bu­ gün­ gö­zel­li­gi­ bi­len haý­ran­ ed­ýän­ «akyl­ly»­ şä­her­ ba­ky­ ba­ha­ryň mes­ge­ni,­ bag­tyň­ şähe­ri­ hasaplanylýar.­ Bu­ ýer­de­ ýa­şa­ýan her­ bir­ adam­ eg­silmez­ söý­gi,­ mä­hir bilen­ gur­şa­lyp­ al­nan­dyr.­ Ar­kadag ­ şäheri­ - türkmen­ hal­kynyň­ ykbalynyň­ gal­kynan­ şä­he­ri.­ Bu­ şä­her eziz­ Arkadagymy­zyň mä­hir­ söýgüden ­pü­re-pür kal­byn­dan­ sy­zy­lyp­ çy­kan dün­ýä ­nus­ga­lyk­ kä­mil­ eseri­dir.

 

Baý­ram­my­rat ­HA­JY­MÄM­ME­DOW,­ ­

Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ de­pu­ta­ty,­ 

Mej­li­siň­ Dur­muş­ sy­ýa­sa­ty ­

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ­ag­za­sy

20.06.2024 Details

YHLASLY ZÄHMETIŇ MIWESI

 

Mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary bolup, yhlasly zähmet çekýän Ejegül Atabaýewa Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda we okuwçylaryň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet bolup ýetişmekleri ugrunda öz işini mekdebiň mugallymlary hem-de ýolbaşçylary bilen sazlaşykly alyp barýar. Okuw-terbiýeçilik işleriniň ilerlemeginiň mekdepde dogry ýola goýlan we gurnalan içki gözegçilikdedigine dogry düşünip, ol işini ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmäge, bilim işgärlerine usuly kömek bermäge, olaryň mekdep resminamalaryny dogry ýöretmekdäki jogapkärçiligini artdyrmaga gönükdirýär. 

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan iberilýän Düzgünnamalaryň, gözükdiriji hatlaryň mugallymlaryň dykgatyna öz wagtynda ýetirilmegini gazanýan Ejegül Atabaýewa olardan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklaýar. Onuň ýolbaşçylygynda mugallymlaryň, aýratyn hem ýaş mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, olara ýekebara we köpçülikleýin maslahatlar yzygiderli berlip durulýar. 

Ejegül Atabaýewa her bir mugallymyň okadyş usullaryny içgin öwrenmäge aýratyn üns berýär. Ol meýilnama esasynda sapaklara, sapakdan daşary çärelere gatnaşmak, mekdep resminamalarynyň ýöredilişine gözegçilik etmek arkaly mugallymlaryň işini öwrenip, olara usuly maslahatlary berýär.

Mekdepde halypa-şägirtlik ýolunyň sazlaşykly, dogry ýola goýulmagynda hem Ejegül mugallymy aýratyn zähmetini bellemek bolar. Müdiriň okuw işleri boýunça orunbasarynyň ýanynda geçirilýän maslahatlarda ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyny düzmek, synp žurnallaryny we mekdep resminamalaryny dogry ýöretmek barada maslahatlar mekdebiň ýaş hünärmenlerine yzygiderli ýetirilýär. 

Ejegül Atabaýewa etrap, şäher, welaýat derejesinde baý tejribesi bolan mugallymlar, mekdep müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlary bilen tejribe alyşýar hem-de hünär ussatlygyny kämilleşdirmek we syýasy bilimini ýokarlandyrmak maksady bilen usuly-amaly okuwlara işjeň gatnaşyp, usuly gollanmalary, gazet-žurnallary yzygiderli okaýar. Mähriban Arkadagymyzyň kitaplaryny işde giňden ulanýar. Ol mekdepde müdiriň okuw işleri boýunça orunbasary wezipesinde işläp başlan gününden özüne bildirilýän talaplary içgin öwrendi hem-de durmuşa geçirmäge başlady. 

Ol döredijilikli zähmeti, belent adamkärçilik sypatlary we mugallymçylyk ussatlygy bilen kärdeşleriniň, ata-eneleriň we okuwçylaryň hormatyna mynasyp bolup gelýär. Ol hünär taýdan kämilleşmegiň, döredijilikli işlemegiň, işinde täze usullary ornaşdyrmagyň üstünde yzygiderli işleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bilim syýasatynda geçirýän täze özgertmelerini we bilim ulgamyndaky kararlaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge goşant edýär. 

Gürrüňi edilýän mugallym döredijilik bilen hem iş salyşýar. Gazet sahypalarynda öz goşgulary, makalalary bilen yzygiderli çykyş edip durýar. Ol mugallym hökmünde etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklerde hem baýrakly orunlary eýeläp gelýär. Ol hut şu ýylam dürli ugurlar boýunça geçirilen köp ugurly bäsleşikde ilki etrapda, soňra bolsa onuň welaýat tapgyrynda “Mekdep müdiriniň iň göreldeli okuw işleri boýunça orunbasary” ugry boýunça baş baýraga, döwlet derejesinde bolsa 2-nji orna mynasyp boldy. Bu biziň hemmämizi begendirdi. Munuň özi biziň orta mekdebimize berlen uly baha boldy. 

Biz hem yhlasly zähmet çekýän Ejegül mugallyma geljekde-de uly-uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris. Şu buýsanç bilen hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine has-da döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýan, halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

 

Jumamuhammet ŞIRMÄMMEDOW. 

Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

20.06.2024 Details

EKLENJIMIZ ENE TOPRAK

 

Şu günlerde bereketli ekin meýdanlarynda bugdaý oragy gyzgalaňly dowam edýär. Daýhan zähmetinden kemala getirilen bol hasyl yrýa etmän ýygnalýar. Ak bugdaýdan bişen mele-myssyk, tes-tegelek Gün ýaly çöregimizden saçaklarymyz dolup duranda, biziň başymyz belent, kalbymyz buýsançdan dolup, gökde ganat gerýär. Döwletimiz daýhanlaryň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmäge bolan höwesini ýokarlandyrmak üçin onuň satyn alyş bahasyny hem artdyrdy. Öňküsinden tapawutlylykda bu ýyl bugdaý hasylynyň bir tonnasynyň bahasy 2,5 esse ýokarlandyryldy.

Döwletimiz tarapyndan daýhanlarymyzyň öndürijilikli işlemekleri, ýerden bol hasyl almaklary üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döretmek, oba hojalyk pudagyny has-da kämilleşdirmek işi Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredijilikli dowam etdirilýär. Ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar, mineral dökünler bilen üpjünçilik ýokarlanýar, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki wagtda suwarylýan ýerleriň aglaba bölegi hususyýetçilere uzakmöhletleýin kärendesine berlip, olarda ildeşlerimiz üçin diňe bir bugdaý ýa-da pagta däl, eýsem, zerur bolan azyklyk we gök-miwe önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Geçen ýyllarda diňe bir biziň welaýatymyzyň çäginde oba hojalyk maksatly ýer gaznalaryna degişli ekerançylyk ýerleriniň ýüzlerçe müň gektary hususyýetçilere paýlanylyp berildi. Hususyýetçiler ýurdumyzda importdan gelýän önümlere derek ýerli önümleri öndürmekde, ykdysadyýetde hususy pudagyň paýyny artdyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde uly ähmiýetli işleri alyp barýarlar. Bugdaýyň il-ýurdumyz üçin her ýylda ýeterlik mukdarynyň ýygnalýandygy hem bu işleriň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridiki şahslar hem-de raýatlar ilatyň saçagynda azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýarlar. 

Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagydyr. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan syýasaty nusgalyk derejä eýe bolýar. Ýurdumyzyň oba hojalygyny we obalaryny durnukly ösdürmäge ýardam etmek maksady bilen Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýeriň we suwuň ulanylyşynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleriň uly topary durmuşa geçirilýär. Geçen ýyllarda Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasy bilen baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda ýurdumyzyň suw hojalygy pudagy üçin «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalaryň, ekskawatoryň, buldozerleriň uly topary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn alnyp berildi. Ýurdumyzda «John Deere» we «CLAAS» ýaly we başga-da dünýä belli kompaniýalaryň tehnikalaryny satyn almak üçin hususy önüm öndürijilere hem ýeňillikli mümkinçilikler döredildi. Oba hojalyk önümçiliginde dünýä tejribesiniň gazananlaryndan hem ugur alynýar. Bu boýunça edilen işler ykdysadyýetimiziň agrar pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrdy. Önüm öndürmek we ony gaýtadan işlemek, bazaryň talaplaryny öwrenmek, hyzmat ediş we goldaýjy kompaniýalary ösdürmek babatynda edilen işler hem az bolmady. Biz munuň şeýledigine eksporta iberilýän önümleriň möçberiniň artyşynyň we hiliniň ýokarlanyşynyň mysalynda hem göz ýetirýäris. Hut biziň welaýatymyzdan gök-miwe önümleriniň eksporta iberilýän möçberi ep-esli artdy. Ýyladyşhanalaryň köpelmegi bilen bu önümleriň ilatymyzy ýylyň dowamynda üpjün edýän möçberdäkisinden artykmajy daşarky bazara iberilýär. Göwünleri guwandyrýan gowy işleriň biri ilatyň ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün edilmegidir. Ýyladyşhanalaryň uly toplumynda pomidor, hyýar, burç, badam ýaly gök-bakja önümleri ösdürilip ýetişdirilýär. Welaýatymyzda gaplanylan gök önümleriň, şireli suwlaryň, içgileriň, aş, çörek we süýji-köke önümleriniň bolçulygynyň emele getirilmegi häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzüminiň döredilendigine güwä geçýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan täzeçil işlerde döwrüň wajyp meselelerini çözmäge ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere barha köp ýüzlenilýär. Bu ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýene-de berkidilýär. 

 

Bahadur ŞADYÝEW, 

«Lebap gallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

20.06.2024 Details
1 ... 16 17 18 19 20 ... 60