The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

ÖSÜŞLERIMIZIŇ MÄKÄM BINÝADY

 

      Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri giňden seljerildi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy amala aşyrylýan giň göwrümli ykdysady  özgertmeleriň döwletimiziň kuwwatyny has artdyrandygyny mälim edýär. 

     

     Güneşli Diýarymyz häzirki eşretli zamanamyzda  tapgyrlaýyn maksatnamalar boýunça ösüşleriň ýoluna düşdi. Durnukly ykdysady ösüş, dünýä ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlyk, goşulyşmak arkaly ägirt uly taslamalary amala aşyrmak, dünýä ýurtlarynyň hatarynda öňdeligi eýelemek, ilatyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, täze obalary, şäherleri gurmak we beýleki ugurlar boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş derejesini ylmy taýdan öwrenmegiň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň geçen we häzirki döwürdäki derejesine ýokary baha berilýär. Bu bolsa geljekki ösüşlerimiziň hem mäkäm binýadynyň goýlandygyna güwä geçýär. 

     Ykdysadyýet ýaşaýyş-durmuş derejämiziň has öňe tarap gitmegine itergi beriji güýç hasaplanylýar. Kuwwatly ykdysadyýet islendik ýurtda durmuşyň we döwrüň esasy mazmunyny, bütin  keşbini kesgitleýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine ser salanyňda, netijeli usullaryň oňyn miwelerini aýdyň görýärsiň. Amala aşyrylýan işler döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň has gowy ýaşamagyny üpjün edýär. Bu bolsa biziň her birimizde guwanç duýgusyny döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ýokary ösüş depginlerine eýe bolýandygyna, ildeşlerimiziň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilýän syýasatyň işjeň durmuşa geçirilýändigine geçen ýarym ýylda gazanylan üstünlikler hem güwä geçýär. 

    Biziň welaýatymyzda hem, ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, şäherleriň we obalaryň ilaty ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün edilýär. Ýyladyşhanalarda pomidor, hyýar, burç, badam, kömelek, gök ot we beýlekiler ösdürilip ýetişdirilýär. Gaplanylan gök önümleriň, şireli suwlaryň, içgileriň, aş, çörek we süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýola goýulýar. Welaýatymyzda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzümi hereket edýär. Il-ýurt bähbitli maksatnamalary durmuşa geçirmäge ägirt uly maýa serişdeleri bölünip berilýär. Oba hojalyk ekinleriniň hasyl berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen ýerleriň hususyýetçilere paýlanylyp ugramagy hem ykdysady ösüşlere giň ýol açdy. Ýurdumyz boýunça 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalmagy hem ykdysadyýetimizdäki özgertmeleriň miwesidir. 

     Senagat taýdan täze önümçilikleriň sany hem artýar. Welaýatymyzyň çäginde täze zawod-fabrikler gurulýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Köýten sebitinde çig mal mümkinçilikleriniň baý goruny peýdalanmaga gönükdirilen işler ýaýbaňlandyrylýar. Sebitde  kuwwaty  ýylda 1 million tonna sement öndürmäge barabar bolan Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrdakysy üstünlikli işleýär. «Buýan» obasenagat toplumynyň düzüminde işe girizilen buýan kökünden glisirrizin turşusuny öndürýän zawod hem şeýle ajaýyp işleriň biri boldy. Bu kärhanalaryň geçen ýarym ýylda gazanan netijeleri hem guwandyryjydyr. Keramiki-bezeg plitalaryny öndürmäge niýetlenilen hususy eýeçilikdäki kiçi zawodlaryň we beýleki ownukly-irili  kiçi kärhanalaryň birnäçesi öz önümleri bilen ilaty begendirýär. Giňişleýin mejlisde hormatly Prezidentimiz geljekde hem milli ykdysadyýetimiziň senagat-innowasion ösüş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada wezipe goýdy. Önümçilige kämil tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginleri hem çaltlanýar, şonuň netijesinde  milli  harytlarymyzyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygy yzygiderli ýokarlanýar. Diňe bir azyk önümleri däl, eýsem, beýleki ugurlarda hem eksportyň paýy ösýär. Dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebit-gaz, dokma we beýleki harytlarymyza bolan isleg artýar. Geçen alty aýda ähli pudaklarda gazanylan ýokary netijeler ykdysadyýetimiziň pudaklaýyn düzüminiň geçen ýyllardakydan düýpli özgerendigini görkezýär. Bu bolsa döwlet býujetiniň girdejileriniň ýokary depginli ösüşlerini üpjün edýär. 

 

Allaýar OMAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy

31.07.2025 Details

DOST-DOGANLYGYŇ ŞUGLASY

 

     He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä­de hoş­ni­ýet­li hyzmatdaş­ly­gy, yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri ös­dür­ýär. Hal­ka­ra para­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da hal­ky­my­zyň asyl­ly ýörelgesi­ni, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň many­-maz­mu­ny­ny dünýä ýaý­mak asyl­ly mak­sa­dy­myz­dyr. Çün­ki he­mi­şe­lik Bitaraplyk dün­ýä­de äh­lu­mu­my dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­me­giň, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň möhüm ug­ry hök­mün­de ka­bul edil­ýär. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şelik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­niň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär. 

 

     Şu şöh­rat­ly ýy­ly­myz­da he­mi­şelik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 30 ýyllyk to­ýy toý­lan­ýar. Mu­nuň özi her bir yn­sa­nyň kal­by­ny jo­şa ge­tirýär, eziz Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik ösüş­le­ri­ne bo­lan buýsanjymy­zy go­şa­lan­dyr­ýar. Se­bä­bi bu şan­ly se­ne ýur­du­my­zyň be­ýik ösüş­leri­dir, hal­ky­my­zyň bagt­dan paý­ly ser­pa­ýy­dyr. Ýurdu­my­zyň durnuk­ly ös­me­gin­de, il­deş­le­ri­mi­ziň pa­ra­hat durmu­şyn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň uly or­ny bar. Hemi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy­nyň toý­lan­ýan şu ýylynyň be­ýik ösüş­le­re bes­len­ýändi­gi­ni bel­lä­si­miz gel­ýär. Häzir­ki wagt­da eziz Di­ýa­ry­my­zyň şan-şöh­ra­ty äle­me dol­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gymy­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň ta­gal­lala­ry ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan parahatçylygyň, aba­dan­çy­ly­gyň we ösü­şiň ýur­dy hök­mün­de dün­ýä­de giň­den ta­nal­ýar. Mu­nuň özi Türkme­nis­tan ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gyn­dan ge­lip çyk­ýan para­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­si­niň dün­ýä­de yk­rar edil­me­gi­dir. Çün­ki ýur­du­myz umuma­dam­zat bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa or­naş­dyr­ýar, parahat­çy­ly­gyň we aba­dan­çyly­gyň ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýär. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň esa­syn­da dünýä ýurt­la­ry we hal­ka­ra guramalary bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ýar. 

     Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bita­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe bol­mak bi­len, hal­ka­ra gat­naşyk­la­ryn­da hem äh­li ugur­lar boýunça deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daşlygy ýo­la goý­dy. Bu gün­ki gün ýur­du­myz hal­ka­ra de­re­je­sin­de mas­la­hat­la­ryň, fo­rum­la­ryň geçirilýän me­ka­ny­na öw­rül­di. BMG-niň Deň­ze çy­kal­gasy bolma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň «Awa­za » mil­li syýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­jek­di­gi hem şan­ly wa­ka­dan ha­bar ber­ýär. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türkmenistan se­bit­de we dünýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Ata Wa­ta­ny­my­zyň hemi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýagdaýynyň se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň kö­pu­gur­ly gu­ra­ly bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi­ni bu gün­ki gün bü­tin dün­ýä yk­rar ed­ýär. 

     Ýur­du­my­zy ösüş­ler­den ösüş­le­re alyp bar­ýan, eziz Diýarymyzyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak­da ägirt uly başlangyç­la­ry dur­mu­şa ge­çirýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üstünlik­le­re bes­len­sin! 

 

Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

30.07.2025 Details

Daşky gurşawy goramagyň ýoly

 

     Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ne­ti­jesin­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döwletimiz äh­li ba­batlar­da ýo­ka­ry ösüş­le­re eýe bol­ýar. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň dur­nuk­ly ösü­şini üp­jün et­mek­de mö­hüm ugur­la­ryň bi­ri bo­lan eko­lo­gi­ýa ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Çün­ki yk­dy­sa­dy we ýa­şa­ýyş-­dur­muş ul­gam­la­ryn­da amala aşy­ryl­ýan iri möç­ber­li öz­gert­me­ler eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri bi­len aýryl­maz bag­la­ny­şyk­ly bo­lup dur­ýar. Gah­ry­man Arkadagy­my­zyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da­ky başlangyçla­ry Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baştutanlygyn­da üs­tün­lik­li do­wam et­di­ri­lip, mö­hüm äh­mi­ýet­li eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de, daşkу gur­şawy go­ra­mak­da, te­bi­gy baý­lyk­lar­dan re­je­li peý­da­lan­mak­da ýur­du­myz­da alnyp ba­ryl­ýan iş­ler dün­ýä nus­ga­lyk­dyr hem-­de bü­tin adam­za­dyň geljegi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Mu­nuň özi daş­ky gurşa­wy go­ra­ma­gyň we te­bi­gy se­riş­de­le­ri re­je­li peý­da­lan­ma­gyň, azyk önüm­leri­niň we ho­wa gur­şa­wy­nyň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa­ly­gy­ny üp­jün etme­giň hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de der­wa­ýys we­zi­pe­le­riň hataryn­da dur­ýan­dy­gy bilen bag­la­ny­şyk­ly­dyr. 

     Hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gynyň iş­jeň ag­za­sy bo­lan ýurdu­myz­da ýaş ­ne­sil­ler­de ­daş­ky­ gur­şa­wa­ aýaw­ly ga­ra­ma­gyň, tebi­ga­ta bo­lan söý­gi­ni ke­ma­la ge­tir­me­giň wa­gyz-­ne­si­hat, gurama­çy­lyk­ çä­re­le­ri­ asyl­ly ­dä­be­ öwrül­di.­ Mu­nuň­ özi­ her­ bir­ ada­myň­ tebi­ga­ta­ aýaw­ly­ çe­me­leş­me­giň,­ on­dan re­je­li­ peýdalanma­gyň­ ah­lak­ we ­hu­kuk-borç­la­ry­na bo­lan jogapkärçiligi­ni pugta­lan­dyr­ýar.­ 

     Ada­myň daş­ky gur­şa­wa aýaw­ly çe­me­leş­me­gi­niň ah­lak borjuny onuň te­bi­ga­ta bo­lan çäk­siz söý­gü­si, eko­logi­ýa medeniýe­ti­niň kä­mil­lik de­re­je­si kes­git­le­ýär. Daş­ky gur­şa­wy goramak bor­jy bol­sa, ada­myň te­bi­gat­da he­re­ket et­me­gi­niň mümkin bo­lan çäk­le­ri­ni we on­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ze­rur bo­lan şert­le­riň ka­nun­da kesgit­len­me­gi­dir. Te­bi­gat bi­len bag­lany­şyk­ly ka­nun­çy­lyk namalary tebigaty go­ra­ma­ga, te­bi­gy se­riş­de­ler­den re­je­li peý­da­lan­ma­ga we eko­lo­gik ta­lap­la­ry kes­git­le­mä­ge gönükdi­ri­len­dir. Mu­nuň özi bir­-bi­ri bi­len öza­ra bag­la­ny­şyk­ly bolan jemgy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny ka­da­laşdyr­ýar. 

     Ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry döw­let edara­la­ry, kär­ha­na­lar we raýatlar tara­pyn­dan te­bi­ga­tyň ýag­da­ýy­na tä­sir ed­ýän is­len­dik hoja­lyk, do­lan­dy­ryş, te­le­ke­çi­lik we gaý­ry iş­ler ama­la aşyry­lan­da eko­lo­gi­ýa düz­gün-­ter­ti­bi­niň üp­jün edil­me­gi­ni, eko­lo­gik talaplaryň ber­ki­dil­me­gi­ni hu­kuk nuk­daý­na­zardan yk­rar ed­ýär. Ada­myň is­len­dik here­ke­ti­niň daş­ky gur­şa­wa tä­si­ri­ni ýe­tirýän­di­gi nuk­daý­na­za­ryn­dan ala­nyň­da, ho­ja­lyk we beý­le­ki iş­ler ama­la aşy­rylan­da, onuň eko­lo­gik sel­jer­me­si­niň ge­çi­ril­me­gi, daş­ky gurşa­wa ýe­tir­ýän tä­si­ri­niň ba­ha­lan­dy­ryl­ma­gy hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra hu­ku­gyn­da we tej­ribe­sin­de hök­ma­ny şert­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, eko­lo­gi­ýa howpsuz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça durmu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler hal­ky­my­zyň, şeý­le hem dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň aba­dan dur­mu­şy­ny na­zar­la­ýar. 

 

Orazdurdy ABDYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

30.07.2025 Details

«ÝAŞYL» BAŞLANGYÇLAR — ROWAÇ GELJEGIŇ BINÝADY

 

     «Ýaşyl» ykdysadyýet - bu durnuklylyk ýörelgelerine esaslanýan we daşky gurşawa ýetýän täsiri azaltmaga, çäklendirilmedik ykdysady ösüşde çäkli tebigy çeşmeleri ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we durmuş taýdan deňligi öňe sürmäge çalyşýan ykdysady ösüş çemeleşmesidir. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçiş daşky gurşawa zyýan bermezden, uzak möhletli ykdysady ösüşi gazanmagy maksat edinýär. Gün tertibi — 2030-a ýetmekde «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek esasy ýolgörkeziji bolup durýar. 

     2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Pariž ylalaşygyna gol çekilmegi bilen, Ýer ýüzünde resurslary ulanmagyň netijeliligi ýokarlanyp, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine çekilýän maýa goýumlaryň gerimi giňeýär we daşky gurşawa zyýansyz tehnologiýalar ornaşdyrylmaga başlanýar. Pariž ylalaşygynyň maksady Ýer ýüzünde howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyny ortaça 1,5 — 2o C℃ derejede saklamakdan, esasan, kömürturşy gazynyň zyýanly täsirlerine garşy göreşmekden ybarat bolup durýar. Türkmenistan bu ylalaşygy 2016-njy ýylyň oktýabrynda kabul edýär. 

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz «ýaşyl» geljek üçin ählumumy tagallalary durmuşa geçirmekde sebitde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler. Geljekde ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmak we ornaşdyrmak hem meýilleşdirilýär» diýip nygtamagy milli ykdysadyýetimiziň energetika pudagyna aýratyn üns berilýändigine, alternatiw hem-de energetika serişdeleriniň görnüşlerini ikilenç peýdalanmagyň gerimini giňeltmegiň, energiýany tygşytlaýjy we innowasiýa tehnologiýalaryny işläp taýýarlamagyň, durmuşa ornaşdyrmagyň esasynda tebigy energiýa serişdeleriniň tygşytlylygyny, ygtybarlylygyny üpjün etmegiň maksat edilýändigine şaýatlyk edýär. Durmuş ulgamynyň ozaldan hem birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolan ýurdumyz 2018-nji ýylyň oktýabrynda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) agzalygyna kabul edildi. Bu halkara gurama bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy ylalaşylyp, göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek üçin degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. 

     Ýurdumyzyň howa şertlerine laýyklykda, Gün we ýel energiýasyny ösdürmegiň mümkinçiligi örän uludyr. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde Gün we ýel potensialy boýunça ikinji orunda durýar. 

     Soňky döwürlerde dünýäde has köp üns berlip ugralan «ýaşyl» energiýa — bioýangyç we bioetanoldyr. Bularyň gazylyp alynýan ýangyçlaryň ornuny tutup biljekdigi çaklanylýar. Bioýangyç biologik galyndylary gaýtadan işlemek arkaly alynýan çig mal bolup durýar. Bioenergetika nukdaýnazaryndan, ýurdumyzda hem täze gözlegler geçirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we beýleki degişli edaralaryň hünärmenleri tarapyndan bu ugurda saldamly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda alymlar suwotulary ulanmak arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýany öndürmek hem-de lagym we zeýkeş suwlaryny arassalamak maksady bilen durmuşa geçirip boljak işleriň mümkinçiliklerine garaýarlar.

     «Ýaşyl» ykdysadyýete geçmekde Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy babatda hem uly öňegidişligi gazandy. Dünýäniň ösen döwletleriniň iň häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak, netijede, galyndysyz, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän önümçiligi gazanmagy maksat edinýän ýurdumyzyň ykdysady strategiýasy özüniň oňyn netijesini berýär. 

 

Orazgeldi SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy

29.07.2025 Details

TEJRIBELERI BAÝLAŞDYRMAKDA DÖREDIJILIKLI MEÝDANÇA

 

     Ha­za­ryň ke­na­ryn­da dün­ýä­niň çar kün­jün­den myh­man­la­ry gar­şy­la­maga sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan gö­zel Awa­za­da geçiriljek BMG-­niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­haty­nyň çäk­le­rin­de gu­ral­jak möhüm çä­re­le­riň bi­ri­-de Par­la­ment fo­ru­my bo­lup dur­ýar. Türkme­nis­ta­nyň Mejli­si­ san­ly­ja ­gün­den ­ba­dal­ga ­al­jak ­ýoka­ry dereje­li fo­ru­myň gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri­ni ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi hem­-de beý­le­ki pu­dakla­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry bilen ut­ga­şyk­ly ýag­daý­da alyp bar­ýar. 2025-­nji ýy­lyň­ 4­-nji awgus­tyn­da gu­ral­jak bir gün­lük fo­ru­ma mil­li par­la­ment­le­riň wekil­le­ri, şol san­da Par­la­men­ta­ra Bi­le­le­şi­giň we Ar­ka­laşy­gyň Par­la­ment bir­le­şi­gi­niň we­kille­ri, şeý­le­-de gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän beý­le­ki ta­rap­lar gat­na­şar.

     Par­la­ment fo­ru­my deň­ze çy­kalga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar üçin tä­ze He­re­ket­ler mak­sat­na­masy­ny dur­mu­şa geçirmek­de ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ryň or­nu­na ba­gyşla­nar. Bu mö­hüm sy­ýa­sy fo­rum­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň gün ter­ti­bin­de durýan esa­sy me­se­le­ler, ýü­ze çyk­ýan müm­kin­çi­lik­ler ba­bat­da pi­kir alyşmak, We­na he­re­ket­ler maksatna­masyn­dan ga­za­ny­lan oňyn tej­ri­be­leri, köp­ta­rap­la­ýyn söw­da ul­ga­myny, ne­ti­je­li do­lan­dy­ryş we ha­sa­bat­lylyk meselelerini ara alyp mas­la­hatlaş­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Fo­ru­myň ýo­ka­ry de­re­je­li gi­riş bö­lü­mi bi­len baş­la­nyp, par­la­ment agzalarynyň, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň de­giş­li düzümleriniň ýol­baş­çy­la­rynyň, yl­my jem­gy­ýet­çi­li­giň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da in­terak­tiw gör­nüş­dä­ki ara alyp mas­lahat­laş­ma­lar bi­len do­wam et­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. 

     Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar­da, üs­ta­şyr ýurt­lar­da we beý­le­ki hyz­mat­daş­lar­da parlamentler ka­nun­la­ry­dyr mak­sat­na­mala­ry iş­läp düz­mek­de, ola­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de, ba­ha ber­mek­de ne­ti­jeli­li­gi, aýan­ly­gy we ha­sa­bat­ly­ly­gy ýokarlandyrýar. Şeý­le­-de deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp barýan ýurt­lar üçin tä­ze He­re­ket­ler mak­satna­ma­sy­nyň borçnama­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni we ile­ri tut­ýan ugurlarynyň ama­la aşyrylmagy­ny üp­jün et­mek­de wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Parla­ment­ler hu­kuk çäk­le­ri kes­git­le­ýän ka­nun­çy­lyk hem­-de sy­ýa­sy gu­ral­lar arka­ly de­giş­li ka­nun­la­ry iş­läp düzýär. Şun­uň bilen baglylykda, par­lament we­kil­le­ri ta­ra­pyn­dan Awa­za He­re­ket­ler maksatnamasyn­da öňe sü­rül­jek we­zi­pe­le­ri, maksatlary, şol sanda söw­da amal­la­ry­ny ýe­ňil­leşdir­mek, infrastruk­tu­ra­ny ösdürmek we se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­lyk ba­bat­da ze­rur iş­ler durmu­şa ge­çi­ri­ler.

      Ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­lar döwlet­le­riň býu­jet­le­ri iş­le­ni­lip taýýarla­ny­lan­da söw­da, se­bit­le­ýin go­şulyş­mak ­we­ dur­muş­-ykdysady­ ösü­şe ýar­dam­ ber­mek ­üçin­ mad­dy-­teh­ni­ki üp­jün­çi­li­gi ýo­la goý­mak mak­sa­dy bi­len, esa­sy pu­dak­la­ra se­riş­de­le­ri gönükdirmek­de ­uly ­or­na­ eýe ­bo­lup dur­ýar. ­Par­la­ment hökümetiň,­ hu­susy pu­da­gyň we ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň gy­zyk­lan­ma­ bil­dir­ýän­ ta­rap­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goýma­ga syýa­sy taý­dan ýar­dam et­mek­de mö­hüm ­äh­mi­ýe­te ­eýe­dir. 

     Birleşen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ­ýurt­lar ­bo­ýun­ça ­üçün­ji­ masla­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de Diýa­ry­my­za sa­par­ bi­len­ gel­jek ­dür­li ­döw­let­le­riň ka­nun ­çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ry­nyň ­we­kille­ri bi­len ge­çi­ril­jek du­şu­şyk­lar se­bitde we dün­ýä­de par­la­ment dip­lo­ma­tiýa­sy­ny ös­dür­mek­de aý­ra­tyn or­na eýe bo­lar.­ Bu ­fo­rum ­ka­nun­ çy­ka­ry­jy­lyk işin­de­ we ­Dur­nuk­ly ­ösüş­ mak­sat­lary­na­ ýet­me­giň­ ýo­lun­da ­öň­de ­dur­ýan we­zi­pe­le­ri oňyn çöz­mek­de hal­ka­ra tej­ri­be­si­ni­ baý­laş­dyr­mak­ üçin­ dö­redi­ji­lik­li syýa­sy­ meý­dan­ça­ öw­rü­ler. Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bitaraplygy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň giňden bel­le­nil­ýän şan­ly ýy­lyn­da şeý­le ýoka­ry de­re­je­li mas­la­ha­tyň ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň halka­ra ab­ra­ýy­ny has-­da be­len­de gö­te­rer. Eziz Di­ýa­ry­my­zy dost-do­gan­ly­gyň hem­-de bü­tin adamza­dyň gül­läp ösü­şi­niň hatyra­sy­na be­ýik iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan me­kany­na öw­ren hormat­ly Preziden­ti­mi­ziň hem­-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun. 

 

Kerimguly GELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.

29.07.2025 Details

DURMUŞ-YKDYSADY ÖSÜŞ ROWAÇLANÝAR

 

     2025-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini kesgitleýän esasy görkezijiler durnukly ösüp, halk hojalygynyň pudaklarynyň sazlaşykly ösýändigini äşgär etdi. Ýylyň birinji ýarymynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önüm 6,3 göterim, jemi öndürilen önüm bolsa 9,9 göterim artdy. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny durnukly ösdürmek, innowasion tehnologiýalar esasynda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmak babatda kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilýändiginiň nyşanydyr. Aýry-aýry pudaklar boýunça gazanylan görkezijileriň hem oňyn häsiýete eýe bolmagy guwandyrýar. 

     Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda oňyn görkezijileriň gazanylmagy oýlanyşykly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň hem-de döwletimiziň netijeli maýa goýum syýasatynyň miwesidir. Işjeň maýa goýum syýasatynyň amala aşyrylmagy, innowasion önümçilikleriň işe girizilmegi, öňden hereket edýän kärhanalaryň durkunyň täzelenmegi önümçiligiň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň 15,6 göterim artyp, jemi içerki önümiň 17,7 göterimine deň bolandygynyň bellenilmegi bu ugurda alnyp barylýan netijeli işleriň ýylsaýyn ýokarlanýandygyny aňladýar. 

     Ýylyň birinji ýarymynda gazanylan üstünlikler täze sepgitlere ruhlandyrýar. 

Begenç GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy

29.07.2025 Details

Sanly bank ulgamy kämilleşdirilýär

 

     Ýur­du­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýeti­mi­ziň äh­li ugur­la­ry­ny sanlylaşdyr­mak, hyz­mat­la­ry döw­rebap ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da ýo­la goý­mak bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da bank ulga­my­nyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy hem yzy­gi­der­li kämilleşdi­ril­ýär. Ila­ta hö­dür­le­nilýän bank hyz­mat­la­ry­nyň hi­li has-da ýo­karlan­dy­ryl­ýar, el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün edil­ýär. 

     Dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän yk­dy­sa­dy öz­gertme­ler­de ýur­du­my­zyň bank ul­gamy aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­mak bi­len, bu ul­gam eýeçi­li­giň döw­let we döwle­te da­hyl­syz bö­lek­leri­ne, önüm­çi­lik pu­dak­la­ry­na we ilata hä­zir­ki za­man bank hyz­mat­la­ry­nyň berilme­gi­ni üpjün edýär. Şeý­le hem bank ul­ga­my yk­dysady­ýe­tiň ösýän is­leg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, bank hyz­ma­ty­nyň hi­li­ni kämilleşdirmä­ge, pul dolany­şy­gy­ny çalt­lan­dyr­mak bo­ýun­ça çäre­le­ri ama­la aşyr­ma­ga, ne­ti­je­li pul-karz sy­ýa­saty­ny ge­çir­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Karz edara­la­ry­na san­ly ul­gam­la­ryň tap­gyr­la­ýyn ornaş­dy­ryl­ma­gy bilen, çalt dep­gin­li yk­dy­sa­dy ösüş peý­da bolýar. Mil­li bank ulga­myn­da­ky dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iri möç­ber­li çä­re­le­riň çäklerinde hu­su­sy te­le­ke­çi­le­re we daý­han ho­ja­lyk­la­ra dür­li görnüş­li bank hyz­mat­la­ry hö­dür­len­ýär. Ýur­du­myz­da bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan in­nowa­si­on öz­gert­me­ler bank gözegçiligi­ni kämil­leş­dir­mä­ge, bank amal­lary­nyň göw­rü­mi­ni giňelt­mä­ge, inno­wa­si­on bank önüm­le­ri­niň we tehnologiýalarynyň ornaşdyryl­ma­gy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ulga­ma tä­ze tehnologiýa­la­ryň yzygi­der­li or­naş­dy­ryl­ma­gy hususy ta­rap­la­ra töleg-ha­sap­la­şyk we beý­le­ki hyzmat­la­ry ban­ka bar­maz­dan, ýerine ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hä­zir­ki wagtda bank ulga­my­ny hasda kä­mil­leş­dir­mek, mil­li tö­leg ulgamy­ny ösdürmek, onuň ne­ti­je­li­li­gi­ni, yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny hem-de howpsuz­ly­gy­ny üp­jün etmek üçin tö­leg ul­ga­mynyň döw­re­bap mag­lu­mat tehno­lo­gi­ýa­la­ry­dyr komp­ýu­ter prog­ram­ma­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň san­ly yk­dy­sa­dyýet­de gazanan üs­tün­lik­leri­niň çä­gin­de mil­li bank ul­ga­my san­ly hyzmat­la­ry gi­ňelt­mek bi­len, ila­tyň ma­li­ýe hyzmat­la­ry­na elýeterli­li­gi­ni art­dyr­ýar. 

 

Baýram ÖWLÝÄGULYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

 

28.07.2025 Details

ŞANLY TOÝA — ÝUBILEÝ MEDALY

 

     1995-nji ýyl­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­rapyn­dan Bitarap döw­let hök­mün­de yk­rar edi­len döwrün­den bä­ri, Türkme­nis­tan Bi­ta­rap­ly­gyň äh­lu­mu­my dip­lo­ma­ti­ýa­nyň, sebitleýin hyzmatdaşly­gyň we durnuk­ly ösü­şiň öze­ni bo­lup biljek­di­gi­ni aýdyň gör­ke­zip gel­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty diňe bir hu­kuk de­re­je­si bol­man, eý­sem, hal­ka­ra gatnaşyk­lar­da öza­ra dü­şü­niş­me­gi, hor­mat­la­ma­gy, yna­nyş­ma­gy berkit­mek babat­da ýur­du­my­zyň çe­me­leş­me­le­ri­ne or­nan filosofiýa­dyr hem. Ge­çen ta­ry­hy dö­wür döw­le­ti­mi­ziň  saý­lap alan  Bi­ta­rap­lyk  ýolunyň dog­ru­dy­gy­ny, onuň türk­men hal­ky­nyň hakyky bähbitleri­ne, Wa­ta­ny­my­zyň sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň uzak möh­let­le­ýin we­zi­pe­le­ri­ne we me­ýil­na­ma­la­ry­na, deňhukukly, öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gynyň maksatlary­na doly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy.

 

     Häzirki wagtda Bitaraplyk ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri özara ynanyşmak, dialog arkaly hem-de jogapkärçilik esasynda ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm gurallarynyň biri hasaplanýar. Dürli ýyllarda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegine we berkarar bolmagyna goşan goşandy, ýurtda ykdysadyýeti, medeniýeti, ylym-bilimi, halkara gatnaşyklary ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin Türkmenistanyň raýatlaryny we daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen, döwlet sylaglarynyň birnäçesi döredildi. Şolaryň hatarynda degişli Kanun esasynda döredilen Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni döwletiň we demokratik jemgyýetiň binýadyny, halkyň agzybirligini pugtalandyrmakda döwletiň we halkyň öňünde bitirilen hyzmatlary ykrar etmegiň ýokary sylagy bolup durýar. Şeýle-de «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döredilip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmek ugrunda ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ruhy-medeni, beýleki ulgamlardaky ösüşine halal zähmeti arkaly uly goşant goşan adamlar bu sylag bilen sylaglanyldy. 

     11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän bu şanly senäni has-da dabaralandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň başynda geçirilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde  Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak barada tabşyryklary beripdi. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisinde degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda degişli Kanun işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. 

     Täze Kanunyň 1-nji maddasynda bu ýubileý medalynyň döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda gazanan üstünliklerine mynasyp goşantlaryny goşan adamlary sylaglamak maksady bilen döredilýändigi bellenilýär. Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, işjeň we  önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işi, şeýle hem hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda, ata Watanymyzyň halkara abraýyny berkitmekde goşan uly şahsy goşandy; Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny  pugtalandyrmak, ylmyny, bilimini, medeniýetini we sungatyny, saglygy goraýşyny, ýurduň durmuşynyň beýleki ugurlaryny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan zähmet üstünlikleri we hyzmatlary; döwletimiziň goranmak ukybyny berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy, hukuk tertibini üpjün etmek işine goşan uly şahsy goşandy; ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza söýgi, wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemek işinde bitiren uly hyzmatlary üçin ýurdumyzyň raýatlary bu sylag bilen sylaglanyp bilner. Şonuň ýaly-da, resminamada «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny halkara giňişlikde goldamakda we wagyz etmekde mynasyp goşantlaryny goşan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hem sylaglanyp bilinýändigi görkezildi. 

     Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr, parahatçylygy we ynanyşmagy rowaçlandyrmagyň möhüm şertidir. Bitaraplyk bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli döredilen ýubileý medaly hem bu ugurda edilen we edilýän tagallalara döwlet tarapyndan aýratyn gadyr goýulýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüler. 

 

Ýusupguly EŞŞÄÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy.

26.07.2025 Details

Ýaşlar — ýurduň geljegi

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny yzygiderli berkitmäge gönükdirilýän işler ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak döwlet syýasatymyzyň baş maksadydyr. Onda ýurdumyzyň ähli raýatlary bilen birlikde, ýaşlaryň maksatlaryny kanagatlandyrmak hem-de olarda watansöýüjilik, ruhubelentlik, ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek boýunça giň gerimli işler hem göz öňünde tutulýar we yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

 

      Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň kuwwatynyň artdyrylmagy ugrunda alnyp barýan işleriň çäklerinde «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» kabul edildi. Onda ýurdumyzyň ýaşlary tarapyndan halkara derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde göz öňünde tutulan maksatlar, wezipeler we ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi. Şeýle-de ýaşlaryň dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine ýaşlaryň gatnaşmagyny höweslendirmäge gönükdirilen işler göz öňünde tutuldy. 

     Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Men «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet cekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýen sözlerinden ruhlanyp, ýaşlar telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde işjeňlik görkezýärler. Türkmen sportuny arşa galdyrýan ýaş türgenlerimiz bu ugurda öz atlaryny ebedileşdirýärler. 

     Goý, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy, halal zähmet çekmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Sahyberdi JEPBAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

25.07.2025 Details
1 ... 15 16 17 18 19 ... 106