The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

MILLI LIDERIMIZIŇ PARAHATÇYLYK ÝÖRELGESI

 

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da Hal­ka­ra pa­ra­hatçy­lyk we ynanyş­mak ýy­ly ba­dal­ga al­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Türkmenistanyň baş­lan­gy­jy bi­len «2025-nji ýyl — Hal­ka­ra parahatçylyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Oňa 86 döw­let aw­tor­daş bo­lup gat­naş­dy. Ka­rar­na­ma­da öňe sürül­ýän maksatlaryň hä­zir­ki za­man hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ba­bat­da döw­le­timi­ziň tut­ýan ýo­ly hök­mün­de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gin­de öňe sür­ýän ga­ra­ýyş­la­ry­na, da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­na do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi we hem­me­le­re bähbit­li bolan äh­lu­mu­my ýö­rel­ge­le­re esas­lan­ýan­dy­gy aýratyn bellärliklidir.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz parahatçylyk döredijilikli syýasatyň döwrebap ýörelgelerini kemala getirmekde köp işleri bitirýän, dünýäde ykrar edilen Milli Liderdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly düýpli filosofik garaýşynyň dürli başlangyçlar, halkara çäreler, hereket maksatnamalary arkaly yzygiderli we netijeli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde abraýyny belende göterýär. Ýurdumyzyň parahatçylygy pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ynanyşmaga we arkalaşykly hereket etmäge gönükdirilen tagallalary halkara derejede işjeň ýagdaýa eýe bolýar. 

Türkmen halky täze taryhy döwrümiziň ajaýyp seneleriniň birine — hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ilkinji gezek ýörite Kararnama bilen ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görýär. Bitaraplyk has giň mana eýedir. Ol di­ňe öz ýurdumyzyň parahatçylykly ösüş ýoluny kepillendirmän, eýsem, dünýä ösüşiniň, adamzadyň geljeginiň hem hukuk we ruhy ýagdaýyny alamatlandyrýar. Çünki bitaraplyk syýasaty dünýä ösüşiniň häzirki zaman ýagdaýlarynyň çäginde halkara hukugyň ählumumy ykrar edilen düzgünlerine ähli döwletleriň we jemgyýetleriň eýermegini gazanmakda döwrüň täze filosofiýasy hökmünde öňe çykýar. Türkmenistan bitaraplyk syýasatyny ösdürmek bilen, häzirki dünýä gatnaşyklarynyň täze garaýyşlaryny düýpli hem-de ulgamlaýyn kemala getirýär, halkara derejä çykarýar. Bu tagallalar dünýäniň giň goldawyna mynasyp bolýar. Adamzat ýaşaýşynyň geljegini kepillendirmäge gönükdirilen islendik ýörelge dünýäde ýagşy umyt döredýär. Çünki ählumumy gülläp ösüşiň ýolunda ýüze çykýan päsgelçilikler, gapma-garşylyklar ýaşaýşy sazlaşdyryp biljek her bir täze başlangyja ynamy güýçlendirýär. 

Gahryman Arkadagymyz parahatçylyk ýörelgesini döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasyna öwrüp, dünýäde giň­den dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýoly üstünlikli dowam etdirýär. Türkmeniň ýaşyl Tugy asudalygyň nyşany, Döwlet senamyz bolsa parahatçylygyň we ynanyşmagyň owazydyr. Baýdagymyz Ýer ýüzüniň haýsy künjeginde pasyrdasa, Döwlet senamyz nirede ýaň­lansa, şol ýerde dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk, ynanyşmak bar. Döwletimiziň abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýäde şeýle belent derejä çykmagy bitaraplyk syýasatymyzyň üstünligidir. Häzirki döwrüň syýasy, durmuş, ruhy ösüşiniň nusgasyny kemala getirmekde Bitarap Türkmenistanyň has öňe gidendigini ikirjiňlenmän aýdyp bolar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň beýik taryhy ornuna, milli we ählumumy derejedäki wajyp ähmiýetine güwä geçýän hakykatdyr. 

Şu ýylyň 3-nji ýanwarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek baradaky» Permana gol çekdi. Bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlyklyk etmelidigi bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 9-njy ýanwarynda guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi we bu baýramçylyk dabaralaryny, halkara çäreleri ýokary derejede guramak üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini belledi. 

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ornuny ýokarlandyrmak hem-de döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň demokratik esaslaryny ösdürmek babatda Milli Liderimiziň baý, netijeli syýasy tejribesini göz öňünde tutanymyzda, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň işine ýolbaşçylyk etmegiň Halk Maslahatyna tabşyrylmagy öz-özünden düşnüklidir. Munuň özi, bir tarapdan, ýurdumyz hem-de halkara jemgyýetçilik üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň iň­ňän möhümdigini görkezse, beýleki bir tarapdan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde ykrar edilen uly abraýyna we tejribesine bolan beýik hormaty görkezýär. 

Halk Maslahaty halkymyzyň täze döwrüň jemgyýetçilik-syýasy ösüşlerine uýgunlaşmagyna düýpli ýardam bermekde, döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş ösüşleriniň maksatlaryna, ugur-ýollaryna anyk göz ýetirmegini gazanmakda binýatlaýyn möhüm düzümleriň biridir. Ol dürli ýyllarda hukuk we guramaçylyk-syýasy taýdan özgerdilse-de, öz işiniň we maksatlarynyň mazmuny boýunça asyl ornuny saklap geldi. Hemişe döwlet bilen halkyň arasyndaky mizemez agzybirlik köprüsine, milli demokratiýamyzyň döwrebap nusgasyna öwrülip, ösüşlerimiziň badalgasy boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty, kanunçylyga laýyklykda, ýerlerdäki halk maslahatlarynyň işini utgaşdyrmagyň hem merkezidir. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Konstitusion kanunda halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasynyň baş maksadynyň we esasy wezipeleriniň döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda özgertmeleri we durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmäge halk köpçüligini giň­den çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek bolup durýandygy, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de döwletimizi mundan beýläk-de beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösdürmäge, has-da kuwwatlandyrmaga ýardam bermekdigi aýdylýar. Halk Maslahaty Konstitusion kanunda kesgitlenen bu wezipeleri halkymyzyň uly goldawyny, tutanýerli zähmetini, ägirt uly watansöýüjilik ruhuny beýik maksatlaryň daşynda jebisleşdirmek bilen, üstünlikli ýerine ýetirýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň şöhratly ösüşleriniň ýyl ýazgysydyr. Ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer taýdan nähili ösüşler gazanylan bolsa, taryhy ähmiýetli özgertmeler, maksatnamalar durmuşa geçirilen bolsa, olaryň ählisi halkyň wekilleriniň goldamagynda Halk Maslahatynyň mejlislerinden gözbaş aldy. Halk Maslahatynyň her ýyl geçirilýän mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýerine ýetirilýän beýik işler we göz öňünde tutulýan möhüm maksatnamalar hakda çykyş etmegi bu umumymilli forumy döwlet bilen halkyň tagallalarynyň, maksatlarynyň birleşýän, bitewüleşýän ýerine öwürýär. Halk Maslahaty türkmen halkynyň berkarar döwletimiziň ösüş ýollaryna goldawynyň we ynamynyň iň bir aýdyň ýagdaýda ýüze çykýan agzybirlik ojagydyr. 

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ähli çäreleriň ýokary derejede guralmagynda, bu şanly toý-baýramlar ýylynyň dowamyndaky işleriň we ileri tutulýan ugurlaryň Konsepsiýasynyň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw bermeginde uly işleriň bitiriljekdigine söz ýok. Çünki Türkmenistan Watanymyz dünýä derejeli, uly tutumly seneleri, baýramlary, dabaralary ýokary derejede geçirmegiň nusgalyk mekany hökmünde tanalýar. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen guralýan ähli halkara çäreleriň parahatçylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmaga gönükdirilýändigi, olarda ýaň­lanýan belent şygarlaryň halklary asuda durmuşa, ynanyşmaga we hyzmatdaşlyga çagyrýandygy bütin dünýä mälimdir. Hut şo­ňa görä-de, Türkmenistanyň başlangyçlaryna, maksatnamalaryna Birleşen Milletler Guramasynda uly ynam we umyt bilen garalýar. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 14-nji ýanwarynda BMG-niň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeş bolanda-da, häzirki zamanyň ählumumy meseleleri barada pikir alyşdy. Şonda Baş sekretaryň Türkmenistanyň halkara gi­ňişlikde öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň häzirki wagtda örän derwaýysdygyny bellemegi hem-de bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri esasynda bu ugurda durmuşa geçirýän işlerini goldamagy Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatda tutýan ýolunyň dünýä ähmiýetli ýoldugyna ýene bir gezek güwä geçýär. 

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda ygtybarly we ynamdar hyzmatdaş ýurt hökmünde uly abraý gazanmagynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatlarynyň, döwrüň zehinli syýasatçylary, parasatly döwlet ýolbaşçylary hökmündäki belent taryhy orunlarynyň ähmiýetini aýratyn nygtamak zerurdyr. Rowaçlygyň iň möhüm sütüni döwlet Baştutanyna her bir adamyň, raýatyň tüýs ýürekden bildirýän ynamydyr. Halkyň şu gününe, geljegine, ýurduň Konstitusiýasyna kepil bolan hormatly Prezidentimiziň hem-de halkyň ruhy, aňyýet, jemgyýetçilik bitewüliginiň jogapkärçiligini öz üstüne alan Milli Liderimiziň bitirýän ägirt uly işleriniň döwür üçin iň esasy taryhy zerurlykdygyna, ruhy daýançdygyna hemmeler oňat düşünýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik taglymatlarynyň saýasynda türkmen halkynyň şu güni ösüşlidir, geljegi röwşendir. Çünki biziň ösüşlerimiziň baş şygary — «Döwlet adam üçindir!», «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!». 

 

Ata SERDAROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy,

 Mejlisiň deputaty.

01.02.2025 Details

УВЕРЕННЫЕ ПОБЕДЫ ЮНЫХ ВОЛЕЙБОЛИСТОК

 

Большим спортивным успехом ознаменовали нынешний год, проходящий в нашей стране под девизом «Международный год мира и доверия» на открытом чемпионате среди юных любительниц игр «летающего» мяча 2007 года рождения и младше, который состоялся в столице нашей прекрасной суверенной Отчизны. Организатором этих крупных соревнований, проведённых на государственном уровне, выступила Национальная федерация по волейболу. В этих интересных и увлекательных состязаниях принимали участие сильнейшие девичьи команды из Ахалского, Балканского, Дашогузского велаятов.

Все игры проходили в упорной и бескомпромиссной борьбе. На вышеупомянутом открытом чемпионате успешно выступила и завоевала уверенную победу девичья команда спортивной школы № 6 города Дашогуза, которая заняла первое место. Лидерство – не просто удача, а результат хорошей подготовки к массовому национальному турниру. Привела к успеху своих старательных воспитанниц мастер спорта по волейболу Мияссар Метмурадова. Тон в состязаниях задавали её лучшие подопечные, поклонницы этого подвижного спорта: нападающие – Айшат Гурбанова, сёстры, представители спортивной династии – Дилафруз и Дилфуза Пирметовы (она же капитан команды), Лачын Джумабаева, Мерджен Мазыева, Гозель Маммедова, разводящая Райхан Сапарова, защитницы правой и левой линии Акчагуль Джумаева, Гулджемал Маммедова, Севич Янгабердыева (либеро) и другие. Все они продемонстрировали слаженную игру, точные подачи «летающего» мяча на площадку соперниц, умелое техническое использование блока при организации обороны, результативные атакующие комбинации. Безупречная игра в защите и нападении, неуёмная энергия, смекалка, хорошая техника владения мячом, сосредоточенность при передачах и бросках, быстрые умелые действия на спортивной площадке стали залогом их уверенной победы. 

Следует отметить, что члены девичьей команды по волейболу из Дашогузского велаята являются обладателями первого спортивного разряда, входят в состав первой лиги национальной сборной по данному виду подвижной игры. Все девушки-волейболистки являются неоднократными победителями и призерами всех постоянно проводимых традиционных массовых городских и велаятских турниров. Они неоднократно удостаивались Почётных грамот от велаятского и городского отдела молодёжной физкультурно-спортивной организации (МФСО) «Туркменистан». 

Все юные волейболистки из Дашогузского велаята были награждены золотыми медалями – «летающий мяч», Кубком и ценными призами, учреждёнными Национальной федерацией по волейболу Туркменистана и Почётными грамотами Государственного комитета по физкультуре и спорту Туркменистана. 

Развитие массового физкультурно-оздоровительного и спортивного движения, набирающего новые обороты в новую эпоху Возрождения могущественного государства, служит важным приоритетом государственной политики, проводимой сегодня уважаемым Президентом Сердаром Бердымухамедовым. Все мы гордимся, что наша страна сегодня по праву пользуется почётным статусом спортивной державы. Ярким свидетельством этому являются принятые в последние годы независимости нашей суверенной Родины и действующие новые Законы Туркменистана «О физической культуре и спорте», «Об охране здоровья граждан», «О профессиональном спорте». В свою очередь, мы, депутаты национально парламента – Меджлиса Туркменистана систематически ведём работу по широкому разъяснению среди молодежи и населения о пользе физкультуры и спорта, имеющие большое значение в гармоничном развитии каждого человека. 

 

 

Расул САДУЛЛАЕВ,

 старший налоговый инспектор 

налогового отдела Дашогузского велаята, 

депутат Меджлиса Туркменистана.

01.02.2025 Details

MUKADDES BORÇ — BELENT MERTEBE

 

27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi ýurt goragynyň mukaddesliginiň, bu topragy goran ata-babalarymyzyň şan-şöhratynyň dabaralanmasydyr. Watan goragçylarynyň güni ýurdumyzda merdana gerçeklerimize bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde açylyp ulanmaga berilýän häzirki zaman gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar bolsa harby gullukçylara we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine ajaýyp baýramçylyk sowgadydyr.

Biziň her birimiziň ykbalymyz Watan bilen bagly. Watan goragy parasatly, gaýduwsyz pederlerimizden nesilme-nesil dowam edip gelýän belent jogapkärçilikdir. Ähli döwürlerde ata Watany, ene topragy goramak her bir ynsanyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky borç hasap edilipdir. Häzirki wagtda hem bu gymmatlyk özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şunda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramakda, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň alyp barýan işleri örän uludyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmeginde, döwrebaplaşdyrylmagynda, ylmyň soňky gazanan sanly tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan gulluk maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmeginde, döwrebap awtoulaglar we ýörite tehnikalar bilen üpjün edilmeginde, harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagynda hem-de ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagynda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. 

Diýarymyzyň ähli harby okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar, sport desgalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýär. Merdanalygy, edermenligi bilen halkymyzy şöhratlandyran gerçeklerimiziň atlaryny ebedileşdirmek hem-de milli goşunymyzyň harby gullukçylaryny mertlik, Watany söýmek ruhunda terbiýelemek maksady bilen, taryhy şahsyýetlerimiziň atlary ýöriteleşdirilen harby okuw mekdeplere we harby bölümlere dakylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bilim almagyna, watansöýüji, mert, edermen, ýurduna, halkyna wepaly serkerdeler bolup ýetişmegi üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan merdana Watan goragçylaryna ömürdir, ykbaldyr, mertebedir» diýlip, örän jaýdar bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» romanlarynda, «Watan goragy mukaddesdir», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly ajaýyp kitaplary Watan goragçylaryny watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Bu kitaplaryň ählisi terbiýe mekdebi bolmak bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň jogapkärçiligini, abraýly kärine ygrarlylygyny has-da ýokarlandyrýar. 

Asyrlarboýy asudalyk, erkinlik, hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, agzybirlik we ynsanperwerlik diýen jümleleriň ýurduň binýadynyň pugtalandyrylmagyndaky möhüm ähmiýetine düşünýän döwletimiz agzalan gymmatlyklary ýörelge hökmünde döwlet syýasatyna mäkäm ornaşdyrdy. Parahatçylyk ýörelgelerine ýugrulan goranyş maksatly Harby doktrinamyza laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň baş maksady ýurdumyzyň milli bähbitleriniň hem-de harby howpsuzlygynyň goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň Harby doktrinasy döwletimiziň harby howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýörelgelerini, maksatlaryny, harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň goranyş häsiýetlidigini aýratyn bellemek gerek. 

Ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny, harby gullukçylaryň we işgärleriň wezipelerini, borçlaryny we hukuklaryny kesgitleýän hem-de durmuş taýdan goramagyň kepilliklerini belleýän birnäçe kanunlar kabul edildi. Türkmenistanyň raýatlarynyň harby borçlulyk we harby gulluk çygrynda Watany goramakda konstitusion borçlaryny ýerine ýetirmekleriniň hukuk binýady «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda berkidildi. Gulluk borjuny göreldeli ýerine ýetirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak maksady bilen, «Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Watan öňündäki bir kemsiz harby gullugy üçin» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu Kanunlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň işiniň has-da kämil derejede alnyp barylmagyna gönükdirilendir. 

Goý, gaýduwsyz, edermen türkmen serkerdeleriniň, ýaş watançy esgerleriň Diýarymyzyň mukaddes goragynda mertebeli ýollary dowamat-dowam bolsun! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň özygtyýarlylygyna, parahatçylygyna, nesillerimiziň röwşen geljegine gönükdirilen öňden görüjilikli we ynsanperwer syýasaty durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun! 

 

Jennet ÖWEKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy

 

31.01.2025 Details

KÄMILLIGE BADALGA

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynda uly özgertmelere badalga berildi. Hut şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň ruhy-ahlak taýdan sagdyn ösüp ýetişmegi, olaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, işine ussat, milli we dünýä ylmynyň inçe syrlaryndan baş çykarmagyň hötdesinden gelýän hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýeti ösdürmegiň kuwwatly hereketlendiriji güýji hökmünde ylym ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär, ata Watanymyzyň dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagynda esasy şertleriň biri bolup durýar. 

Bu gün Garaşsyz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyndan egsilmez güýç-gaýrat alýan ýurdumyzyň ýaş nesilleri ylymly-bilimli bolup, ösen tehnikalara erk etmekde, ylmy gözleglerde öň hatarlarda bolmakda yhlaslylyk, erjellik görkezýärler. Döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän taslamalarda, ylmy bäsleşiklerde, olimpiadalarda ýaşlarymyzyň ýokary netijeleri gazanmaklary hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesle beýik pederlerimiziň watanperwerlik nusgasynda, häzirki zaman dünýäsiniň ösen talaplaryna laýyklykda, bilim başarnyklaryny bermek babatda alyp barýan beýik maksatly syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa ornaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni

31.01.2025 Details

ALYSLARA ÝAŇ SALYP, ŞAN GETIRER DIÝARA

 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýyllar ýyllardan zyýada gelýär. Indi ençeme ýyl bäri her bir gelýän ýyly döwrebap atlandyrmak bolsa, asylly däbimize öwrüldi. 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly geçirilen işlerden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, jemgyýetçilik birleşiklerinden, raýatlardan gelip gowşan tekliplerden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, şeýle-de, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli üstümizdäki ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy biziň ählimizi diýseň begendirdi, zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. 

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlyklyk etmeginde döredilen topar şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, birnäçe maslahatlara gatnaşyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň many-mazmunyny, ähmiýetini ilat arasynda düşündirýärler. Şeýle täsirli maslahatlaryň ençemesi biziň welaýatymyzda hem ýokary guramaçylykda geçirildi. Biz hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bolup, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ilat arasynda ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatyny wagyz etmek maksady bilen ençeme maslahatlara gatnaşýarys. Ildeşlerimizden gelýän teklipleri özleşdirip, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegi ugrunda öz mynasyp goşandymyzy goşýarys. 

Hawa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Eziz Diýarymyz özüniň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolan ilkinji gününden bäri dünýä döwletleri bilen ysnyşykly dost-doganlyk, diplomatik gatnaşyklary, ykdysady hyzmatdaşlyklary ýola goýup gelýär. Bu günki gün ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki at-owazasy alyslara ýaň salýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen öňden gelýän ynsanperwerlik, ynanyşmak, parahatçylyk söýüjilik ýaly, ýörelgelerimizden ugur alnyp bimöçber işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Maksat JANMYRADOW. 

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

30.01.2025 Details

PEDERLERIMIZIŇ OŇYN ÝÖRELGESI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Munuň şeýledigine eziz Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanyp taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem şaýatlyk edýär. 

Güneşli Diýarymyzda şeýle ajaýyp ösüşleriň goýnunda Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowamat-dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her ýyly mynasyp at bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan gözbaş alyp, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl —Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi we halkymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda bu ýylymyzyň ady «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. 

Bagtyýar halkymyz bu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny halkara derejesinde baýram eder. Bu waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmek hem meýilleşdirilýär. Toýlary toýlara ulaşýan Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýy barha artýar. Ýurdumyz täze-täze ösüşlere eýe bolýar. 

Baky bagty peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk, rehimdarlyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, adalatlylyk, bir-biregi goldamak, ynsanperwerlik ýaly, asylly ýörelgelere eýerýän hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli döwletli işleri üstünliklere beslensin! 

 

Merdan ORAZMEREDOW. 

TDEI-niň mugallymy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

30.01.2025 Details

ABADANÇYLYK WE DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLY BILEN

 

Tä­ze taryhy döwürde döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny has-da berkitmek, netijeli hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giň­den wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny şöhratlandyrmak maksady bilen, giň gerimli işler amala aşyrylýar. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem şu asylly maksatlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Parahatçylyk we ynanyşmak düşünjelerini şygar edinen ýyl üçin taýýarlanan degişli Konsepsiýada ýurdumyzyň halkara abraý-mertebesini ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak babatda milli we ählumumy derejedäki çäreler göz öňünde tutuldy. Olar BMG we beýleki iri halkara guramalar bilen bilelikde durmuşa geçiriler. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň, onuň halkara jemgyýetçilikdäki ornunyň nobatdaky ykrar edilmesi bolar.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy döwlet-syýasy ül­ňüsi hökmünde seçip aldy. Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan türkmen Bitaraplygy hakykatdan hem gudratdyr» diýip nygtaýar. Konstitusiýanyň 2-nji maddasynda: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar» diýlip bellenilýär. Munuň özi röwşen geljege mizemez ynamy hukuk taýdan kepillendirýär. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanun ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň jemgyýetde durnuklylygy, ylalaşygy pugtalandyrmaga, dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň hukuk esasy bolup hyzmat edýär. «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy bilen baglylykda, «Bitaraplyk» ordeni, «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallary döredildi. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, deň­hukukly, özara hormat goýmak ýörelgelerine eýerýän daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalary döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar. Şeýle hem bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, onuň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine hormat goýmaga BMG-niň agzalary bolan döwletleri çagyrýar. Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylyny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Türkmenistanyň başlangyjynyň biragyzdan goldanylmagy döwletimiziň halkara abraýynyň ýeten belent derejesini we dünýä ýurtlarynyň ýurdumyza bildiren uly ynamyny görkezýär. 

Türkmen Bitaraplygynyň umumadamzat üçin taryhy we syýasy ähmiýetini nazara almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Döwletimiziň BMGniň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň birnäçesiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taryhy Kararnamalaryň 30-a golaýynyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy berkitmek, dünýä ýurtlaryny we halklaryny parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrmak babatdaky köpugurly işleriniň aýdyň netijesidir. 

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň işi Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan döwletler we halkara guramalar bilen bilelikde ýylyň dowamynda göz öňünde tutulan halkara forumlaryň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki dabaralaryň ýokary derejede geçirilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döredilen topara Türkmenistanyň Halk Maslahaty başlyklyk edýär. Onuň ilkinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öň­de goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, ýurdumyzyň syýasy partiýalary jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bilelikde ilat arasynda bolup, wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirdiler. Döwletimiziň her bir raýatynyň watançylyk ruhuny ýokarlandyrmaga, ata Watanymyza bolan söýgini we buýsanjy artdyrmaga gönükdirilen maslahatlara ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Olarda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatymyzyň hukuk esaslaryny berkitmek boýunça görülýän çäreler, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ählihalk bähbitli möhüm wezipeleri çözmekde örän ýokary ähmiýete eýe bolan işleri barada gürrüň edildi. Häzirki wagtda bu işler ýurdumyzyň ähli künjeginde üstünlikli dowam etdirilýär. 

Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz türkmen halky üçin mukaddeslikdir. Şo­ňa görä-de, berkarar döwletimiziň gazananlaryny gorap saklamak, geljek nesillere gadyr-gymmaty bilen ýetirmek biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak, bu ugurda kanunçylygy berkitmek we kämilleşdirmek babatda watandaşlarymyzyň öňe sürýän tekliplerini öwrenmek örän wajypdyr. Ýerlerde geçirilýän duşuşyklar, wagyz-nesihat çäreleri şu jähetden hem ähmiýetli bolup durýar. 

Mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun! 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet

 we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy

 

29.01.2025 Details

GARABOGAZYŇ ISLEGLI KARBAMIDI

 

Arkadagly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň ta­ry­hy çy­kyşla­ryn­da he­mi­şe nyg­taý­şy ýa­ly, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň içe­ri hem­-de daşa­ry sy­ýa­sa­ty­ny wa­gyz et­mekde, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň de­mok­ratik kadalary­ny we hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­makda sy­ýa­sy parti­ýa­lar­dyr jem­gyýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­na mö­hüm orun de­giş­li­dir. Biz hem pa­rasat­ly döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň öňü­miz­de go­ýan anyk wezipelerin­den ugur alyp, wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri ar­ka­ly ber­ka­rar Watanymyz­da dur­mu­şa ge­çiril­ýän öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­tynyň düýp mazmu­ny­ny halk köp­çü­li­gi­ne dü­şün­dir­ýä­ris. Bu mö­hüm iş­de TDP-­niň we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň dü­zü­min­dä­ki parti­ýa gu­ra­ma­la­ry­nyň 780­-den gowra­gy iş alyp bar­ýar. Olar ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry syýa­sa­ty­ny wa­gyz et­mek bi­len hem çäk­len­män, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ryn­da, me­de­ni­-dur­muş ul­gam­la­ryn­da ha­lal zäh­met çe­kip, ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­gyň höt­de­sin­den gelýär­ler. Ga­ra­bo­gaz şäher­çe­sindä­ki «Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid» za­wo­dy hem mu­ňa anyk mysaldyr. Kär­ha­na­da içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­leg bil­di­ril­ýän, bäs­deş­li­ge ukyp­ly mi­ne­ral dö­kün bo­lan kar­ba­midiň önüm­çi­li­gi döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de alnyp ba­ryl­ýar. Bu ýer­de ge­çen ýyl­ 1 mil­lion 201 müň ton­na go­laý kar­ba­mid dö­kü­ni taý­ýarla­nyl­dy hem-­de önüm­çi­li­giň ösüş dep­gi­ni 107 gö­te­ri­me çen­li ýo­kar­lan­dy. Ga­ra­bo­gaz­ly hi­mi­ýa­çy­lar Hal­ka­ra pa­ra­hatçy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na hem ynam­ly ga­dam bas­dy­lar. Şu ýy­lyň ýan­war aýyn­da bu ýer­de 70 müň ton­na karbamid taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky me­ýilna­ma möh­le­tin­den öň ar­ty­gy bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. 

Toplum döw­le­ti­miz­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ile­ri tu­tul­ýan ugurlarynyň bi­ri bo­lan hi­miýa se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek­de yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler esa­syn­da guruldy. Onda 10 müň ton­na­lyk ammiak am­ma­ry, umu­my sy­gy­my 100 müň ton­na kar­ba­mi­de deň bo­lan am­mar­lar, de­ňiz su­wuny aras­sa­laý­jy we süý­je­di­ji des­ga, elekt­rik energiýa­sy­ny ön­dür­ýän kuw­wat­ly gaz­tur­bi­na ge­ne­ra­to­ry, ýa­şa­ýyş­-durmuş hem-­de me­de­ni mak­sat­ly desga­lar, şo­nuň ýa­ly­da, beý­le­ki önümçi­lik dü­züm­le­ri­niň birnä­çe­si bar. 

As­lyn­da, «Ga­ra­bo­gaz­karba­mid» za­wo­dy ýur­du­my­zyň hi­mi­ýa senaga­ty­nyň ýer­li çig mal se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly alyn­ýan önümler bi­len mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­timi­ziň beý­le­ki pu­dak­la­ry­nyň zerurlyklary­ny do­ly üp­jün et­mek, şeý­le-­de şol önüm­le­riň da­şar­ky bazarla­ra ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni yzy­gi­der­li artdyr­mak ba­bat­da­ky wezipe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gin­de giň müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan kärha­na­dyr. Hä­zir­ki wagtda bu kär­ha­na­nyň ön­dür­ýän önü­mi­ne da­şar­ky ba­zar­lar­da, esa­san hem, Ýew­ro­pa ýurtla­ryn­da is­leg bar­ha art­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Haza­ryň ma­wy gi­ňiş­lik­le­rin­den kär­ha­na­nyň de­ňiz duralgasyna ýü­züp gel­ýän, yzy üzül­me­ýän ýük gä­mi­le­ri­ni syn­la­nyň­da­-da ma­gat göz ýe­tir­ýär­siň. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li he­ma­ýat­-gol­dawla­ryn­dan ruh­lan­ýan «Türkmen­hi­mi­ýa» döw­let kon­serni­niň önüm­çi­lik dü­züm­le­ri öz ön­dür­ýän önüm­le­ri bi­len yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň beý­le­ki pu­dak­la­ry­nyň, esa­san hem, oba ho­ja­ly­gy­nyň ze­rur­lyk­lary­ny üp­jün et­me­gi baş mak­sat edin­ýär. Dün­ýä­niň ýo­ka­ry hil ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän kar­ba­mid zawo­dy hem bu asyl­ly mak­sa­dyň my­rat tapma­gyn­da, ata Wa­ta­ny­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak­da my­na­syp or­ny eýe­le­ýär. Ola­ryň ge­çen ýyl ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lykçy­la­ry­na sar­gyt­lar bo­ýun­ça ibe­ren kar­ba­mi­di­niň möç­be­ri 74 müň ton­na­dan hem köp bo­lup, içer­ki sarp ediji­le­riň is­leg­le­ri­ni do­ly ka­na­gat­landy­ryp­dyr. Kär­ha­na­da kar­bamid öndür­mek üçin esa­sy çig mal­la­ryň bi­ri bo­lan te­bi­gy gaz «Gün­do­gar­ –­ Gün­ba­tar» ma­gist­ral gaz ge­çi­ri­ji­sin­den alyn­ýar. 

Kär­ha­na ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň et­me­gi­mi­ziň hem özü­ne ýe­te­si se­bä­bi bar. Çün­ki daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak­da äh­li ze­rur­lyk­lar ýoka­ry de­re­je­de göz öňün­de tu­tu­lyp gur­lan bu uly kär­ha­na­da hä­zir­ki wagt­da öz işi­ne bir­kem­siz erk edýän dür­li kär­dä­ki ýer­li hü­när­men­le­riň bir müň­den gow­ra­gy ýo­ka­ry önümçi­lik gör­ke­zi­ji­le­ri­ni ga­zan­ma­gy başarýar. Ola­ryň 159­-sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň ag­za­sy bol­ma­gy has-­da buý­san­dyr­ýar.

 Ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň her bi­ri ga­ra­bo­gaz­ly hi­mi­ýa­çy­la­ry tä­ze zähmet üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­landyr­ýar. Top­ra­gyň äh­li gör­nüşle­ri we äh­li ekin­ler üçin giň­den ula­nyl­ýan kar­ba­mi­de bo­lan is­le­giň bar­ha art­ma­gy ýur­dumy­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na uly go­şant goş­ýar. Kär­ha­na­nyň iş­çi-­hünär­men­le­ri­dir in­že­ner-­teh­ni­ki iş­gär­le­ri şeý­le kä­mil we ýo­kary kuw­wat­ly kär­ha­na­da ha­lal zäh­met çe­kip, ata Wa­ta­ny­myzyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň yzy­gi­der­li art­ma­gy­na ön­jeý­li go­şant goş­ma­ga dö­re­den mümkin­çi­lik­le­ri üçin Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za al­kyş aýd­ýar­lar. 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

28.01.2025 Details

TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN: umumadamzat bähbitli tagallalara çagyryş

 

Berkarar Watanymyzyň her ýyly döwrüň belent ruhuna kybap gelýän şygar bilen dabaralandyrmak däbine eýerilip, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. 

Ýylyň şygaryndaky umumadamzat bähbitli gymmatlyklar onuň göze gelüwli nyşanynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Gerdeninde Ýer şaryny göterip, ganat ýaýýan laçyn guşuň şekilini synlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen döwletliliginiň goşa ganatyna deňeýän Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýaly naýbaşy gymmatlyklar hakyndaky pikirleri seriňe dolýar. Asmana sary ösüp oturan ýaşyl derek agajynyň şekili bolsa berklik, uzak ömürlilik, haýyr-sahawatlylyk ýaly häsiýetleri ýatladýar. Ata-babalarymyzyň kökleri asyrlaryň jümmüşine ornan asylly ýörelgelerinden güýç alýan kuwwatly döwletimiz hem hut derek agajy kimin ösüşiň täze belentliklerine ymtylýar. 

Garaşsyzlygy hem Bitaraplygy alamatlandyrýan baýdaklary ganatlary bilen penalap uçup barýan ak reňkli laçynyň şekiliniň, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň Bitaraplygynyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini aňladýan zeýtun baldajyklarynyň bolmagy oňa çuň manyly öwüşgin berýär. Nyşanda Gahryman Arkadagymyzyň nesihatlaryndan ugur alnyp, ýaşyl reňk mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, gök reňk bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň alamaty hökmünde laçynyň bir ganaty ýaşyl reňkde, ikinjisi bolsa gök reňkde ýerine ýetirilipdir. 

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynyň merkezinde ýaşyl Tugumyzyň hem-de BMG-niň baýdagynyň şekillendirilmegi ýurdumyzyň abraýly halkara gurama bilen oňyn hyzmatdaşlyga esaslanýan köpýyllyk dostlukly gatnaşyklaryndan habar berýär. 

Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynyň bölümleriniň «Ynam — güýç», «Ynam — söýgi», «Ynam — ganat» diýlip atlandyrylýandygyny ýatlaýarsyň. Hakykatdan-da, ynam ynsana güýç berýär, ýaşaýşa söýgi döredýär, arzuwlara ganat baglaýar. 

Ynamy bolan adamyň almajak galasy, geçmejek menzili, ýetip bilmejek maksady ýok. Ýöne güýç-kuwwatdan hem-de söýgüden ganatlanan ynsanyň durmuş ýolunda azaşmagy-da ähtimaldyr. Diýmek, abadan durmuşda ýaşamak üçin ynsanlara ynam bilen birlikde, has seýrek duş gelýän gymmatlyk — ynanyşmak hem zerurdyr. Çünki ynamdan tapawutlylykda, ynanyşmak diňe bir öz ynanýan hakykatyňa eýermegi däl-de, dünýä özgäniň gözi bilen garamagy hem, onuň ýagdaýyna düşünmegi hem göz öňünde tutýar.

Jemgyýetiň jebisligini, ýurt abadançylygyny berkarar eden döwletimiz täze taryhy döwürde bütin dünýäde asuda, parahat durmuşyň rowaçlanmagy ugrunda tagalla edýär. Diňe soňky ýyllarda  Türkmenistanyň öňe süren teklipleri esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ählumumy parahatçylygy gazanmaga gönükdirilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «2023-nji ýyl —  Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi bu hakykaty tassyklamaga ýeterlikdir. 2025-nji ýylyň milli we halkara derejede dabaralandyrylýan parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen belent şygarlara esaslanýan syýasy-filosofik garaýyşlaryndan, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynda beýan edilýän pähim-paýhasly pikirlerden gözbaş alýar. 

27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni. Watan goragy mukaddes. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» eserinde Gökdepe söweşinde görkezen batyrlygy we edermenligi üçin halkyň hormat-sylagyna mynasyp bolan Anna serdary, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunyň ýalynly ýyllarynda arza berip, Günbatarda gopýan aldym-berdimli söweş meýdanyna meýletinlik bilen giden atasy mugallym we gaýduwsyz esger Berdimuhamet Annaýewi hem-de çagalygyny şol galagoply ýyllara aldyran, 26 ýyldan gowrak wagtlap içeri işler edaralarynda gulluk edip, uly serkerdelige çenli şöhratly ýoly geçen kakasy Mälikguly Berdimuhamedowy hormat bilen ýatlaýar. Bu barada eserde: «Biziň maşgalamyz üçin gahrymanlaryň, watançylaryň tälim-terbiýe mekdebi hemişelik nusga. Bu her bir türkmen maşgalasy üçinem şeýledir diýip pikir edýärin» diýip, buýsanç bilen belleýär. 

Eziz Diýarymyzyň ähli babatda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň höküm sürmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak, mertebeli başlary belent bolsun, aýdyň maksatly dünýä nusgalyk beýik işleri uly rowaçlyklara beslensin.

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýalar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

24.01.2025 Details
1 ... 14 15 16 17 18 ... 83