Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

AÝDYŇ ÝOLLAR SIZIŇKI!

 

     Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik  Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň dür­li ugur­ly ösüş­le­ri­ne türk­men ýaş­la­ry­nyň aý­ra­tyn uly goşantlary bar. Döw­le­ti­miz, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we Gahryman Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­my­zy dur­muş-ykdy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek­de hem-de onuň dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky öňde­ba­ry­jy­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da türk­men ýaş­la­ry­na uly ynam bil­dir­ýär. Bu gün­ki ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­ler ber­ka­rar döwle­ti­mi­ziň da­ýan­jy, sars­maz sü­tü­ni, röw­şen gel­je­gi­mi­ziň bina­gär­le­ri­dir­ler. Şu jä­het­den-de, Ar­ka­dag­ly  Gah­ry­man  Serdary­myz bag­ty­ýar gel­je­giň eýe­le­ri bo­lan ýaş ne­sil­ler baradaky ala­da­ny my­da­ma üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar. 2025-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa gir­mek üçin da­laş­gär­le­riň res­mi­na­ma tab­şy­ryş iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk ge­çi­ril­me­gi, şeý­le hem sy­nag­la­ryň oku­wa gir­mek üçin res­mi­na­ma tab­şy­ran da­laş­gär­ler bi­len gi­riş sy­nag­la­ry­ny gura­ma­gyň we ge­çir­me­giň Ter­ti­bi esa­syn­da ýo­ka­ry guramaçylyk esa­syn­da do­wam ed­ýän­di­gi-de döw­let Baştutanymy­zyň ýaş­lar hak­da­ky ta­gal­la­la­ryn­dan ba­dal­ga al­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iýul aýyn­da ge­çi­ren gi­ňiş­le­ýin Hö­kü­met mej­li­sin­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne zehin­li, my­na­syp ýaş­la­ry ka­bul et­mek, gi­riş sy­nag­la­ry­ny gurama­çy­lyk­ly  we  ada­lat­ly ge­çir­mek,  jem­gy­ýet­çi­lik gözegçiligi­ni ýo­la goý­mak ha­kyn­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şol mej­lis­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oku­wa gir­mä­ge isleg bil­dir­ýän ýaş­la­ra uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­me­gi ylym-bi­lim dün­ýä­si­ne ýol tu­tu­nan ýaş­la­ry­my­zyň gö­wün­le­ri­ne ga­nat ber­di.

      Türk­men hal­ky owal­dan ahy­ra ylym-bi­li­mi, akyl ha­zy­na­sy bo­lan ki­ta­by sö­ýüp-sar­pa­la­ýan halk. Pe­der­le­ri­mi­ziň «Bir akan ýe­rin­den akar­myş aryk» diý­şi ýa­ly, mil­le­tiň emer-da­ma­ry­na siňen ylym-bi­li­me teş­ne­li­gi türk­men ýaş­la­ry­nyň ýi­ti ze­hi­nin­de hem şöh­le­len­ýär. Mu­ny ola­ryň dür­li ders­ler, ugurlar, tej­ri­be­lik we in­tel­lek­tu­al ba­şar­jaň­lyk bo­ýun­ça ýur­du­myz­da we dün­ýä­de ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­ler­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­rin­de hem görýäris. Hal­ka­ra para­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň ta­lyp­ly­ga dalaşgär­le­ri­niň ara­syn­da şeý­le ze­hin­li, döw­let we hal­ka­ra derejedä­ki bäs­le­şik­ler­de, ýa­ryş­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan ýaş­la­ryň ençe­me­si bar. Biz ola­ra we şo­la­ryň ha­ta­ry­na deň­leş­mä­ge yh­las edýän äh­li ýaş­la­ry­my­za tüýs ýü­rek­den gu­wan­ýa­rys. Şeý­le hem ýü­rek­le­ri  ylym  öw­ren­mä­ge, gö­wün  sö­ýen  hü­när­le­ri­ni ele alma­ga atyg­sa­ýan ýaş ýi­git­le­riň we gyz­la­ryň aý­dyň maksatlarynyň  wy­sal bol­jak­dy­gy­na berk ynan­ýa­rys. Arzuwlaryň ha­syl bol­ýan ýur­dy-gü­neş­li Türk­me­nis­tan Watanymyz­da mu­nuň üçin äh­li ze­rur şert­ler we müm­kin­çi­lik­ler bar. 

     Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ryň ylym-bi­lim­de kä­mil­le­şip, döw­re­bap hü­när­le­ri, san­ly teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da­ky tä­ze ösüş­le­ri er­jel ele al­mak­la­ry il-ýur­du­my­zy be­ýik we dur­nuk­ly ösüş­le­re ýe­tirmek­dä­ki mö­hüm şert­le­riň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, ýurdu­myz­da äh­li pu­dak­la­ryň işi­ni san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek, san­ly hyz­mat­la­ry dur­mu­şa or­naş­dyr­mak we beý­le­ki en­çe­me ugur­ly häzir­ki za­man teh­no­lo­gik öz­gert­me­ler ýaş­la­ryň ylym-bilimliligine, hü­när ba­şar­jaň­ly­gy­na, äh­li ugur­ly kä­mil­lik derejesi­ne bil­di­ril­ýän uly ynam bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Biz hem bu gü­nüň da­laş­gär­le­ri bo­lan, er­ti­riň ta­lyp­la­ry bol­jak eziz ýaş­la­ry­my­za be­ýik ynam­dan göz­baş al­ýan aý­dyň ýol­la­ryň öň ha­ta­ryn­da bol­ma­gy ar­zuw ed­ýä­ris. Goý, gel­je­gi­mi­ziň eýe­le­ri bo­lan türk­men ýaş­la­ry­nyň be­lent mak­satla­ry­nyň ha­syl bol­ma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Arkadagymy­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, alyp bar­ýan giň möç­ber­li iş­le­ri mydama ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni

07.08.2025 Giňişleýin

WATANYMYZYŇ HALKARA ABRAÝY DABARALANÝAR

 

     Hormatly Pre­ziden­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, «Berka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­tan gül­läp ösü­şiň, abadan­çy­ly­gyň me­ka­ny­na öwrülýär». Bu ha­kyka­ta ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da bo­lup geç­ýän ta­ry­hy wa­ka­la­ra, ga­za­nyl­ýan  üs­tün­lik­le­re, ýe­til­ýän sep­git­le­re na­zar aý­la­ny­myz­da guwanç bi­len göz ýe­tir­ýä­ris. Aý­ra­tyn buýsandyr­ýan zat­la­ryň bi­ri-de Wa­ta­ny­my­zyň Ýer ýü­zün­dä­ki abra­ýy­nyň, şan-şöh­ra­ty­nyň bar­ha be­len­de gö­te­ril­ýän­di­gi­dir, ýurdu­my­zyň halka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi tara­pyn­dan gyz­gyn gol­daw tap­ýan­dy­gy­dyr.

      Hä­zir­ki gün­ler­de «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çylyk  zo­la­gyn­da üs­tün­lik­li do­wam ed­ýän Bir­leşen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji halka­ra mas­la­ha­ty hem Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türkmenista­nyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň öz­bo­luş­ly da­ba­ra­lan­ma­sy bo­lup dur­ýar. Hal­ka­ra mas­la­ha­tyň çä­gin­dä­ki ugurdaş çä­re­le­riň hem gu­ra­ma­çy­lyk­ly geç­me­gi, ola­ra dün­ýä­niň en­çe­me ýurdundan, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryn­dan köp san­ly myhmanla­ryň gat­naş­ma­gy diý­seň be­gen­dir­ýär.

      Hal­ka­ra fo­ru­myň örän ýo­ka­ry de­re­je­de geç­me­gin­de hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gah­ry­manAr­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bar­dyr. Bil­şi­miz ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 4-nji iýul­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren Ministr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mejlisi­niň bar­şyn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çykal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar bo­ýun­ça üçün­ji maslaha­ty­ny ge­çir­mek hakyn­da» Ka­ra­ra gol çe­kip, bu ugur­da de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy. Şo­nuň bi­len bagly­lyk­da, deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň yk­dy­sa­dy mümkin­çilik­le­ri­ni  art­dyr­ma­ga, se­bi­ta­ra we hal­ka­ra söw­da gatna­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge ýar­dam et­jek bu hal­ka­ra fo­ru­ma taýýar­lyk iş­le­ri has iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­dy.  13-nji iýul­da bol­sa, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýolbaş­çy­ly­gyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Birleşen  Mil­letler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji masla­ha­ty­ny ge­çir­mä­ge ba­gyş­la­nan Gu­ra­ma­çylyk döw­let to­pa­ry­nyň mas­la­ha­ty ge­çi­ri­lip, bu fo­ru­my we onuň çäk­le­rin­dä­ki ugur­daş çä­re­le­ri ýo­ka­ry gurama­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­re seredil­di  hem-de  öň­de du­ran we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di. Galyberse-de  hor­mat­ly  Pre­zi­den­ti­miz  we  Gah­ry­man  Arkadagy­myz «Awa­za» mil­li  syýa­hat­çy­lyk  zo­la­gy­na iş saparla­ry­ny ama­la aşy­ryp, hal­ka­ra fo­ru­ma taý­ýar­lyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy­lar, de­giş­li  tab­şy­ryk­la­ry ber­di­ler. Bu bol­sa «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gynda Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­na yk­jam taý­ýarlyk­ly gel­mä­ge we ony ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge şert dö­ret­di. 

     Hormatly  Pre­ziden­timiz  Ser­dar  Berdimuhamedowyň  Birleşen Mil­let­ler Gura­ma­sy­nyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­haty­nyň bi­rin­ji umu­my mej­li­sin­dä­ki, şeý­le-de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man ­Ar­ka­da­gy­my­zyň bu fo­rum my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len daba­ra­da­ky çuň ma­ny­ly çy­ky­şy uly tä­sir­le­ri dö­ret­di. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man ­Ser­da­ry­myz ta­ry­hy çy­ky­şyn­da: «Pa­ra­hat­çylyk, ynanyş­mak, Bi­ta­rap­lyk dü­şün­je­le­ri bi­ziň üçin öza­ra aý­ryl­maz bag­ly bo­lup, Türk­menis­ta­nyň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň manysyny we düýp maz­mu­ny­ny düz­ýär. Olar bi­ziň hal­ka­ra giňiş­lik­dä­ki he­re­ket­le­ri­mi­zi hem-de baş­lan­gyç­la­ry­my­zy kesgitle­ýär» di­ýip belle­di, Türkmenistan bilen  Bir­le­şen  Milletler Gu­ra­ma­sy­nyň  ara­syn­da­ky  hyz­mat­daş­ly­gynyň strategik hä­si­ýe­ti­ne ün­si çek­di hem-de Awa­za­da­ky fo­ru­myň ähmi­ýe­ti ba­ra­da aýt­dy. 

     Hä­zir­ki gün­ler Ha­za­ryň türk­men ke­na­ry dün­ýä jemgyýetçiligi­niň üns mer­ke­zin­de. On­da deň­ze çy­kal­ga­sy bolma­dyk ösüp barýan döw­let­le­riň me­se­le­le­ri, ola­ry çöz­me­giň ýol­la­ry ba­ra­da ga­ra­ýyş­lar be­ýan edil­ýär. Awa­za­da­ky hal­ka­ra mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de gu­ral­ýan me­de­ni-yn­san­per­wer çä­re­ler, şol san­da dün­ýä ýurt­la­ry­nyň Mil­li gün­le­ri­niň hor­ma­ty­na guralýan dost­luk kon­ser­ti, mil­li ta­gam­la­ryň fes­ti­wa­ly hem uly gy­zyk­lan­ma eýe­dir.  Şeý­le giň göw­rüm­li çä­re­ler Awa­zanyň dost-do­gan­ly­gyň me­ka­ny­dy­gy hak­da­ky ha­ky­ka­ty no­bat­da­ky gezek da­ba­ra­lan­dyr­ýar, Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny be­len­de gö­terýär. Mu­ňa her bi­ri­miz buý­san­ýa­rys hem-de hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ze we  Gah­ry­man ­Ar­ka­da­gy­my­za al­kyş aýd­ýa­rys.

 

Resul IŞANGULYÝEW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

07.08.2025 Giňişleýin

PARLAMENT FORUMY: tejribeler, mümkinçilikler, maksatlar

 

     «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zola­gyn­da ge­çi­ril­ýän Bir­le­şen Mil­letler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döwletler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň çäkle­rin­de 4-nji awgustda gu­ra­lan  Par­la­ment fo­ru­my ka­nun çy­ka­ryjy düzümleriň de­re­je­sin­de hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp maslahatlaşmak­da we ola­ryň oňyn çöz­güt­le­ri­ni göz­le­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Fo­ru­myň esa­sy mak­sa­dy Awa­za hereket­ler mak­satna­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne parlamentle­riň iş­jeň gat­na­şy­gy­ny hö­wes­len­dir­mek­den, hal­ka­ra hyzmat­daş­ly­gy giňeltmek­den, mil­li hem-de se­bit de­re­je­le­rin­de ne­ti­je­li sy­ýa­sy ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­mak­dan, deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň par­la­ment­le­ri­niň jem­leý­ji resmi­na­ma­nyň ile­ri tutul­ýan ugur­la­ry­ny öz­le­ri­niň esa­sy wezipele­ri­ne (ka­nun çykaryjy­lyk, gö­zeg­çi­lik, býu­jet, we­kil­çi­lik) köpta­rap­la­ýyn dereje­de gi­riz­mek üçin ama­la aşy­ryp bil­jek anyk he­re­ketle­ri­ni kes­git­le­mek­den we mas­la­hatla­ry ber­mek­den, şeý­le he­re­ket­le­re has giň sy­ýa­sy yg­rar­ly­ly­gy hö­weslen­dir­mek­den we goldamakdan, ola­ryň has giň ge­rim­de ne­ti­je­li we yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny üpjün et­mek­den yba­rat bol­dy.

     Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çen çä­rä­niň «Ug­ry kes­git­le­mek: Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar üçin Awa­za hereketleriň mak­sat­na­ma­syny ­iler­let­mek»­ at­ly­ ple­nar­ mej­li­si­ne BMG-niň de­giş­li dü­züm­le­ri­niň ýolbaş­çy­la­ry,­dür­li ­ýurt­lar­dan par­la­ment ýol­baş­çy­la­ry­dyr­ we­kil­le­ri,­ şeý­le ­hem Türk­me­nis­ta­nyň ­Mej­li­si­niň­ we­kil­le­ri gat­naş­dy. Par­la­ment fo­ru­my­nyň işi mowzukla­ýyn mej­lis­ler­de do­wam et­di. «We­na­dan Awa­za: çözül­me­dik me­se­le­ler, top­la­nan tej­ri­be­ler we gel­je­ge ­uza­ýan­ ýol­lar»­ at­ly­ mej­lis­de We­na ­he­re­ket­ler­ mak­sat­na­ma­syn­dan Awaza he­re­ket­ler  mak­sat­na­ma­sy­na geç­mek­de­ top­la­nan­ mil­li­ we ­se­bit­leýin tej­ri­be­le­re hem-de deň­ze çy­kalga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar üçin ­tä­ze­ müm­kin­çi­lik­le­re­ da­ýan­mak bi­len, geljegi­ na­zar­la­ýan ­sel­jer­me­ler be­ril­di. On­da par­la­ment wekillerine kanun çy­ka­ry­jy­lyk, we­kil­çi­lik, gözeg­çi­lik­ we ­býu­jet­ we­zi­pe­le­ri ar­ka­ly Awa­za­ he­re­ket­ler­ mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa geçirilmegi­ne ýar­dam etmek­de­ yg­ty­ýar­lyk­la­ryň­ ber­lip­ bilinýändi­gi ba­ra­da bel­le­nil­di. «Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk äh­li ösüp barýan ­ýurt­la­ra ­ýaý­ra­ýan ­köp­ta­rap­la­ýyn söw­da ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek we pug­ta­lan­dyr­mak» at­ly mej­lis­de hal­ka­ra söw­da­nyň deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ­ösüp ­bar­ýan­ ýurt­lar­da­ ykdy­sa­dy­ aba­dan­çy­ly­gy, ­äh­li­ta­rap­la­ýyn ösü­şi hö­wes­len­dir­mek, Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy bi­len has pug­ta hyzmat­daş­ly­gy, ýag­ny açyk, howp­suz, ýe­ňil ­we­ ada­lat­ly­ söwdany ­gol­da­mak üçin de­giş­li ka­nun­la­ryň ka­bul edil­megi­ hem-de ­iş­ çyg­ry­nyň­ bellenilme­gi ba­bat­da ­pi­kir­ler ­öňe­ sü­rül­di. 

     «Pa­ra­hat­çy­ly­gy, yna­nyş­ma­gy we ha­sa­bat­ly do­lan­dy­ry­şy döret­mek: deňze ­çy­kal­ga­sy ­bol­ma­dyk ­ösüp ­bar­ýan ýurt­lar­da dur­nuk­ly ­ösü­şe ­ýar­dam ­edýän şert­ler» at­ly mej­lis­de parlamentleriň pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yna­nyş­ma­gyň we Dur­nuk­ly ösüşiň üp­jün edil­me­gin­dä­ki or­ny ­üns ­mer­ke­zin­de­ orun aldy. Deňze­ çy­kal­ga­sy ­bol­ma­dyk ösüp­ bar­ýan ýurt­la­ryň arasynda­ky gat­na­şyk­la­ry iler­let­mek­de ­öň­de­ dur­ýan­ we­zi­pe­ler,­ ola­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň ne­ti­je­li usul­la­ry bara­da ­hem-de ­ulag-lo­gis­tik merkezle­ri­niň, hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň syýasy we yk­dy­sa­dy äh­mi­ýe­ti­ni yl­my taý­dan esas­lan­dyrmak­ boýun­ça­ gymmat­ly ­tek­lip­ler­dir ga­ra­ýyş­lar be­ýan edil­di. Şeý­le hem parahat­çy­ly­gy­ we ­öza­ra­ yna­nyş­ma­gy üp­jün ­etmek­de,­ Durnuk­ly­ ösüş­ maksat­la­ry­na­ ýet­mek­de mil­li ­par­la­mentle­riň tagal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­me­giň ýol­la­ry­ ara­ al­nyp ­mas­la­hat­la­şyl­dy. 

     Par­la­ment fo­ru­my­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi hor­mat­ly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan asylly sy­ýa­sa­tyň we döre­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ryň rowaçlanýandygy­nyň ny­şa­ny­dy­gy­ny bel­lemek gerek. Türkmenis­ta­nyň­ hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da beý­gel­dip, dün­ýä döw­let­le­ri ­ bi­len­ hoş­ni­ýet­li­ gat­na­şykla­ry pug­ta­lan­dyr­mak ugrunda ýadaw­syz ­ta­gal­la­la­ry ­edýän­ Gah­ry­man Ar­ka­da­gymyzyň  hem-de Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömürle­ri­ uzak,­ nu­ra­na gelje­gi ­na­zarla­ýan ­iş­le­ri­ ro­waç ­bol­sun! 

 

Enejan ATAÝEWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.

05.08.2025 Giňişleýin

HALKARA HYZMATDAŞLYKDA TÄZE TAPGYR

 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk  zolagynda  geçirilmegi Watanymyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. Bu forum hem-de onuň çäklerinde geçiriljek ugurdaş çäreler diňe bir ykdysady taýdan däl, syýasy we medeni taýdan hem ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň barha berkidilmegine ýardam eder. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahat bilen bagly degişli Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 57 döwleti şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi. 4-nji iýulda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda gol çeken Karary bu halkara çäräni hemmetaraplaýyn guramaçylykly geçirmäge badalga berdi.

 

     Hal­ka­ra parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni möhüm ähmiýetli wakalara beslenýär. Bu şanly ýyl we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreler ýurdumyzyň çäklerinde we daşary ýurtlarda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Şolaryň üstüni ýetirjek möhüm çäreleriň biri hem 4 — 8-nji awgust aralygynda Hazar deň­ziniň türkmen kenarynda geçiriljek BMG-niň Awaza forumydyr. Soň­ky ýyllarda halkara gepleşikleriň özboluşly meýdançasyna  öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýeti barha artýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň sebitde we dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň durnukly mehanizmini döretmek boýunça başlangyçlaryna daýanýar.

     BMG bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň dowamynda guralmagy göz öňünde tutulýan çäreler jemi 7 sany ugry öz içine alýar. Olaryň ýokary derejede geçirilmegi üçin oňaýly şertler dörediler. Şonuň bilen birlikde, bu ýerde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça geçiriljek çäreler hem uly orun tutýar. Munuň özi döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmegine  uly ýardam berer. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda bu maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini hem bellemek gerek. 

     Dünýäde 32 sany deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwlet bar. Jemi 570 milliondan gowrak ilatly bu ýurtlaryň deňiz söwda ýollaryndan we esasy dünýä bazarlaryndan uzaklygy, ýokarlandyrylan ulag çykdajylary, serhetlerdäki logistika meseleleri hem-de goň­şy döwletleriň syýasy durnuklylygyna we söwda syýasatlaryna garaşlylygy olarda birnäçe durmuş-ykdysady kynçylyklary döredýär. Bu ýagdaý geografik çäklendirmeleri ýe­ňip geçmek üçin ýörite strategiýalary gözlemegi talap edýär. Forumyň çäklerinde tejribe alyşmak, hyzmatdaşlyk mehanizmlerini işläp düzmek ösüşiň täze basgançaklaryna ýol açar. Tejribeleriň paýlaşylmagy we özara goldaw ykdysady durnuklylygyň berkemegine, deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň dünýä ykdysady ulgamyna işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik berer. 

     Ulag infrastrukturasyny yzygiderli berkidýän hem-de geografik taýdan örän amatly gi­ňişlikde ýerleşýän Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm logistik geçelgä öwrülýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyny ösdürmek bilen bagly Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Olarda öňe sürülýän başlangyçlardyr teklipler bilelikdäki tagallalary dogry ugra gönükdirmekde hem-de deň­ze çykalgasy bolmadyk döwletleriň arasynda gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty şol ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün edýän strategik platformadyr. Maslahatyň barşynda deň­ze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň halkara söwda ulgamyna gatnaşmagyny ýeňilleşdirýän täze strategiýalaryň kabul edilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly halkara taslamalaryň öňe sürülmegi mümkindir. Ekologiýa, energetika hem-de sanly arabaglanyşyk ugurlary boýunça bilelikdäki başlangyçlaryň döredilmegi hem özara hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmaga ukyplydyr. 2022-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilmegi bu ugurda hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim bolupdy. Bu maslahat 40-a golaý döwletden we halkara guramalardan, maliýe, işewürlik we ylmy edaralardan ýokary derejeli wekilleri ýurdumyza jemläpdi. BMG-niň bu gezekki ýokary wekilçilikli forumyna hem-de onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çärelere deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

     Türkmenistanda şeýle abraýly maslahatyň geçirilmegi di­ňe bir geografik taýdan däl, syýasy we diplomatik taýdan hem uly ähmiýete eýe bolýar. Hususan-da, bu halkara çäräniň dowamynda parlamentara forumyň geçirilmegi juda ähmiýetlidir. Onda syýasy hyzmatdaşlygyň berkemegi üçin emele gelýän mümkinçilik, bilelikdäki kanunçylyk başlangyçlaryny döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde parlamentleriň ornuny güýçlendirmek, parlamentara hyzmatdaşlygy sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň täze ugruna öwürmek, ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna goldaw bermek barada gürrüň ediler, kanun çykaryjylyk işi babatda tejribe alşylar, halklaryň pikir-garaýyşlary parlamentariler tarapyndan foruma gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetiriler. Parlamentara forum deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň parlament agzalaryna özara göni gepleşik geçirmek, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşmak we hyzmatdaşlygyň syýasy binýadyny pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat eder. Şeýle forumlar ýurtlaryň arasynda syýasy ynamy döretmäge we pugtalandyrmaga ýardam edýär. Bu bolsa daşary syýasat işiniň has-da gi­ňemegine we işjeň­leşmegine mümkinçilik berýär.

     Her bir ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi parlamentiň kabul edýän kanunlaryna baglydyr. Parlamentara forum dürli ýurtlaryň kanun çykaryjylaryna öz tejribelerini paýlaşmaga, öň­debaryjy tejribelerden ugur almaga we kanun çykaryjylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge oňyn şertleri döreder. Mysal üçin, deň­ze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň logistika, gümrük, ulag, energetika ýa-da söwda bilen baglanyşykly kanunlary nähili düzendikleri barada pikir we tejribe alyşmak peýdalydyr. Bu beýleki ýurtlara hem öz tejribelerini kämilleşdirmäge ýardam berer. 

     Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar, köplenç halatda, birmeň­zeş  kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ulag infrastrukturasynyň çäkliligi, ykdysady taýdan özbaşdaklygyň pesligi, importa we eksporta garaşlylyk şol kynçylyklaryň käbirleridir. Parlament forumy bu meseleleriň çözgüdine gönükdirilen bilelikdäki kanunçylyk başlangyçlaryny döretmekde giň mümkinçilik döreder. Şeýle başlangyçlaryň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem ýardam etmegine garaşylýar. 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde kanun çykaryjy edaralara möhüm orun degişlidir. Forumda ýurtlaryň bu ugurda görýän çäreleri, kabul eden kanunlary, degişli strategiýalary ara alnyp maslahatlaşylar. Bu pikir alyşmalar ýurtlaryň ösüşiniň di­ňe ykdysady däl, eýsem, durmuş we ekologiýa taýdan hem durnukly bolmagyna goşant goşar. 

     Parlamentara forumlar döwletleriň sebitleýin hyzmatdaşlygyny çuň­laşdyrmaga mümkinçilik berýär. Parlament diplomatiýasy ulag geçelgeleri, söwda şertnamalary ýaly möhüm meseleler boýunça bilelikde hereket etmäge ýol açýar. Türkmen deputatlarynyň daşary ýurtlaryň parlament agzalary bilen göni gatnaşyklary ösdürmegi, halkara meseleler boýunça pikir alyşmagy ýurdumyzyň halkara jemgyýetçilikdäki ornuny berkidýär. Şeýle çäreleriň geçirilmegi döwletimiziň hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär, daşary ýurtly maýadarlaryň we hyzmatdaşlaryň ünsüni özüne çekýär. Parlament agzalary halkyň saýlawly wekilleri hökmünde çykyş edýärler. Şeýle forumlarda çykyş edýän her bir parlament agzasy öz ýurdunyň halkynyň bähbitlerini goraýar, isleg-arzuwlaryny beýan edýär. Şonuň üçin BMG-niň Awaza forumy, onuň çäklerinde geçiriljek halkara çäreler di­ňe bir açyk, erkin we deň­hukukly dialog meýdançasy bolman, eýsem, öňdebaryjy başlangyçlaryň, oňyn çözgütleriň we netijeli hyzmatdaşlygyň hem döreýän möhüm syýasy platformasyna öwrüler.

      Dünýä ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç bolsun! 

 

Gahryman ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary.

 

02.08.2025 Giňişleýin

ÝAŞLAR — RÖWŞEN ERTIRLERIMIZIŇ EÝELERI

 

     Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmekde giň gözýetimli, uly durmuş mümkinçilikli we dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Şoňa görä-de, Watanymyzyň beýik geljegini ýaşlarda görýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň dürli ugurlaryny öz içine alýan birnäçe çäreler bilen bir hatarda, ýaşlar forumynyň hem geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

 

     Ýer ýüzünde röwşen geljegi berkarar etmäge işjeň gatnaşýan ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy häzirki wagtda ählumumy gün tertibi boýunça dünýä bileleşiginiň üstünlikli özara gatnaşyklarynyň kesgitleýji şertleriniň biri hökmünde ykrar edilendir. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlar dialogyny ösdürmek, röwşen geljegi döretmegiň hatyrasyna dürli döwletleriň ýaşlary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 -2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» kabul edildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bolsa dünýä jemgyýetçiliginde ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. 

     Ýaşlar meselesiniň Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalaryndaky ileri tutýan garaýyşlarynda-da yzygiderli beýanyny tapmagy tötänden däldir. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä döwletleri hem-de BMG-niň ugurdaş düzümleri we institutlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýar. Ýaşlar BMG-niň ählumumy gün tertibi boýunça möhüm halkara meselelere we wajyp wezipelere hem işjeň seslenýärler. Şu jähetden, ykdysadyýet, söwda, senagat, ulag, energetika, maýa goýum, howpsuzlyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa ýaly ençeme ugurlary öz içine aljak halkara maslahatyň gün tertibinde ýaşlaryň hem ady agzalan ugurlar boýunça pikirlerini we tejribelerini paýlaşmaklary durnukly ösüşiň bähbidine ýaşlar hyzmatdaşlygyny ilerletmäge möhüm goşant bolar. Ýaşlar forumynyň degişli bölümlerinde geçiriljek maslahatlaryň dowamynda öňdebaryjy ýaş wekilleriň çykyşlarynyň bolmagy, şolaryň arasynda ýaş türkmenistanlylaryň hem çykyşlarynyň göz öňünde tutulmagy buýsançly ýagdaýdyr. Ýeri gelende, maslahata gatnaşjak wekiliýetlere hem-de myhmanlara hyzmat etjek dürli daşary ýurt dillerini oňat bilýän meýletinçi ýaşlaryň hem hormatly Prezidentimiziň ýörite tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýörite maksatly okuw sapaklaryny geçendigini nygtamalydyrys.

      Maglumat hökmünde belläp geçsek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ilatynyň 58 göterimi 25 ýaşa çenli ýaşdaky ýaşlardan ybaratdyr. Häzirki zaman dünýäsinde ýaşlaryň ägirt uly intellektual mümkinçiliklere we innowasion serişdelere eýedigi bolsa düşnüklidir. Bu ýurtlaryň ilat sany indiki onýyllygyň ahyryna çenli 140 milliona çenli artar diýlip çaklanylýar. Munuň özi dünýä döwletleriniň ykdysady-jemgyýetçilik ösüşiniň ýaşlaryň demografik güýji we döredijilik kuwwaty bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyň görkezýär. 

     Jemläp aýdanyňda, ýaşlar jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolup, täze taryhy eýýamda olaryň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri durmuş-ykdysady ösüşlere itergi berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hem türkmen ýaşlarynyň durmuş işjeňligini mundan beýläk-de artdyrmak, halkara gatnaşyklary giňeltmek, dünýä giňişliginde umumy bähbitleri ilerletmek babatda ýaşlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli meýdançany döretmäge ýardam berer. Ýaş nesillere uly ynam bildirip, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun! 

 

Orazgeldi SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, Mejlisiň deputaty.

02.08.2025 Giňişleýin

ARKADAG GURDURÝAN AK ÝOLLAR

 

     Bilşimiz ýaly, 30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrmak üçin paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine ugrady. Edil şol pursatda Arkadag şäherinde täze şaýoluň we döwrebap köprüniň açylyş dabarasy dowam edýärdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu şähere amala aşyran nobatdaky iş saparynyň çäklerinde açylmagyna ak pata beren döwrebap ýol-ulag desgasynyň açylyş dabarasynyň şatlyk-şowhuny zamanamyzyň bagtyýarlygynyň beýany bolup ýaňlanýardy. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrmak üçin paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine ugur alan uçarynyň Arkadag şäheriniň üstünden geçýän pursatlarynyň bu ýerde guralýan dabara gabat gelmegi oňa gatnaşyjylarda uly buýsanç duýgusyny döretdi. 

 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýol-ulag ulgamynda amala aşyrýan tutumly işleri milli ykdysadyýetimiziň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar. 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Kararnamada 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, üstaşyr ulag geçelgeleriniň durnukly ulgamynyň pugtalandyrylmagy, inklýuziw jemgyýetçilik infrastrukturasynyň döredilmegi babatda durmuşa geçirýän beýik işlerine halkara jemgyýetçiliginiň berýän belent bahasyny görkezdi. 

     Ýeri gelende, bu ykrarnamanyň uzak ýyllaryň dowamyndaky meýilnamalaýyn işleriň netijesidigini bellemek gerek. Mysal üçin, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 66 döwletiň awtordaşlygynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň orny» atly; 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda 85 döwletiň awtordaşlygynda «Durnukly, köpugurly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly; 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda 74 döwletiň awtordaşlygynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly, 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly; 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalarynyň ählisine Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog-parahatçylygyň kepili» ýaly beýik taglymatlarynyň manysy siňendir. 

     Döwlet Baştutanymyzyň parasatly tagallalary bilen 2022-nji ýylyň 8-nji awgustynda gurluşygyna badalga berlen Türkmenbaşy - Garabogaz - Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsi, 2022-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda birwagtda açylyp ulanmaga berlen häzirki zaman ýokary mümkinçilikli ýolagçy awtomenzilleri, şu ýylyň 2-nji maýynda açylyp ulanmaga berlen, sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Balkanabat Halkara howa menzili Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen ata Watanymyzda ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde gazanylýan üstünlikleriň beýanydyr.

     Gahryman Arkadagymyzyň beýik söýgüsinden gurlan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunda we Arkadag şäherinde ulag-logistika hyzmatlaryna ylmyň iň soňky gazanan çözgütlerini özünde jemleýän «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin halkara jemgyýetçiliginde nusgalyk taslamalar hökmünde orun almagy ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere halkara jemgyýetçiliginiň berýän mynasyp bahasydyr. 

     Ata Watanymyzy üstünlikleriň mekanyna öwrüp, dünýä nusgalyk taglymatlary uly üstünlikler bilen durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Meňli DIWANOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

01.08.2025 Giňişleýin

ŞANLY ÝYLYŇ MÖHÜM WAKASY

 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy- “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Şu waka mynasybetli Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymlary özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edýärler

 

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ösüş-özgerişli menzilleri rowaç alýar. Dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrýan döwletimiziň halkara at-abraýy hem täze belentliklere çykýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän parasatly daşary syýasatynyň netijesidir. Türkmenistan BMG we onuň düzüm birlikleri, beýleki halkara guramalary hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar. Muňa Türkmenistanymyzyň halkara maslahatlarynyň, forumlarynyň geçirilýän ýurduna öwrülendigem şaýatlyk edýär. 

     Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama kabul edildi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu maslahat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy bolar. Gahryman Arkadagymyzyň gürrüňi edilýän halkara maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatda eden çykyşynda belleýşy ýaly, dünýäniň döwletleriniň 32-siniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda bu halkara forumynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzda geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň öňden görüjilikli daşary syýasaty netijesinde Watanymyzyň halkara abraýynyň has belent derejelere çykmagyna ýardam edýändigini görkezýär. 

     “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu maslahatyň maksady Milletler Bileleşigine agza Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady mümkinçiligini ýokarlandyrmak, ulag we logistika ulgamlaryny kämilleşdirmek, sebitara we yklymara söwda gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, şeýle hem şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyna ýardam bermek bolup durýar.

 

 Merdan ORAZMEREDOW. Mugallym, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

31.07.2025 Giňişleýin

ŞAN-ŞÖHRATA BESLENÝÄN ÝYL

 

     Biziň her birimiz buýsançly Watanymyzy gözümiziň göreji deýin eziz görýäris. Çünki, biz şu mähriban Watanda ajaýyp, döwletli döwrana eýe bolduk. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny nusgalyk derejede dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşleriň belent basgançaklaryna çykyp, has röwşen günlere tarap ynamly öňe barýar. Şeýle ajaýyp döwürde çekilýän döredijilikli zähmetiň netijesinde Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýar. Netijede, bolsa, halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy üpjün edilýär. 

     Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ýörite Kararnama bilen üçünji gezek ykrar edilmegi hem biziň hemmämiz üçin belent derejedir. Şu ýyl Türkmenistan döwletimiz şeýle belent buýsançly hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly bellemäge uludan taýýarlyk görýär. 

     Bizi şeýle döwletli döwrana eýe edip, ýurdumyzyň mertebesini dünýä derejesinde belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir. 

 

Jumamuhammet ŞIRMÄMMEDOW. Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

31.07.2025 Giňişleýin

Hoşniýetli hyzmatdaşlyga esaslanýan gymmatlyk

 

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde alnyp barylýan daşary we içeri syýasat parahatçylygy, howpsuzlygy, sebitleýin hem-de ählumumy möçberdäki durnuklylygy üpjün etmekde ileri tutulýan maksatlar we wezipeler bilen berk baglanyşyklydyr. Eziz Diýarymyz beýleki döwletler bilen dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, özüni halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn teklipleri öňe sürýän ýurt hökmünde dünýä tanadýar. Bu günki gün döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly daşary syýasaty täze derejä çykýar we ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki ornuny has-da pugtalandyryp, öz hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipelerine wepalydygyny aýdyň subut edýär. 

     Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýan üstümizdäki ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şu mynasybetli jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynda möhüm wakalar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar, parahatçylykly we rowaç durmuşyny üpjün edýän hem-de dünýäniň halklary bilen parahatçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýän hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Ýurdumyzyň taryhynda 30 ýyla barabar bolan bu döwürde Türkmenistanda ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeler bolup geçdi we dürli ugurlar boýunça guwandyryjy üstünlikler gazanyldy. Munuň özi ählumumy ösüşiň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ugur edinýän daşary syýasaty durmuşa geçirýän ýurdumyzyň ýokary halkara abraýa eýe bolmagyny şertlendirýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz şu ýyllaryň dowamynda tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak ýörelgelerine işjeň gatnaşmak bilen, birnäçe oňyn başlangyçlary öňe sürdi. Bu başlangyçlar dünýä ýurtlary tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň badalga berýän iri taslamalarynda we başlangyçlarynda aýdyň ýüze çykýar. Olar dünýä halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam berýär, parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyklaryň giňden ýaýbaňlanmagyna amatly şertleri döredýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi hem munuň şeýledigini subut edýär. Bu maslahat ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatyna eýerýän ählumumy we durnukly ösüşe, parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge gönükdirilen işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň we halkara derejedäki abraýynyň has belentdiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. 

     Milli özgertmeleriň we taryhy ösüşleriň esasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýan eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny belende galdyrýan Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri has-da rowaç alsyn! 

 

Wezirgeldi Aşyrow, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

31.07.2025 Giňişleýin
1 ... 14 15 16 17 18 ... 106