Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

SAGDYN JEMGYÝETIŇ BINÝADY

 

Jemgyýetiň abadançylygyny, döwletiň gülläp ösüşini üpjün etmekde bedenterbiýä we sporta wajyp orun degişlidir. Dünýä derejesinde bu ugurlary ösdürmek, ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak, halkara ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Berkarar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketine nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan kämilligini gazanmakda möhüm şertleriň biri hökmünde garalýar. Degişli ugurdaky döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýän türgenleri taýýarlamaga gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr. Şonuň bilen birlikde, ol ýokary netijeli sporty ösdürmegiň hem esasy şertleriniň biridir» diýip belleýär. Bu jümlelerde ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketiniň öňünde durýan esasy wezipeler beýan edilýär.

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler has-da işjeňleşdirilip, bu ugurdaky milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Professional sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, «Türkmenistanda 2021 ― 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi Diýarymyzda sport ulgamyny ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşilýändigini subut edýär. Häzirki döwürde ulgamyň kanunçylyk binýadyny berkitmek bilen baglylykda, maýyplygy bolan adamlaryň dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaklaryny düzgünleşdirmek, ýurdumyzda sport ulgamynda amala aşyrylýan işleri Bütindünýä dopinge garşy göreş agentliginiň kodeksine laýyk getirmek bilen baglanyşykly kanunlara goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek boýunça alnyp barylýan işleri görkezmek bolar. 

Bedenterbiýe we sport ulgamynyň kanunçylyk binýady bilen birlikde, jemgyýetiň sagdynlygyny goramakda giň gerimli hem-de anyk maksatlara gönükdirilen çäreleriň hem yzygiderli geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi oňyn netijelerini berýär. Iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi hem sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinýän ildeşlerimiziň sanynyň barha artmagynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Paýtagtymyzda soňky birnäçe ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýaly iri ýaryşlaryň tejribesi hem bu hakykaty aýdyň tassyklaýar. 

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde ildeşlerimize nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, 

TSTP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň 

orunbasary, Mejlisiň deputaty.

20.07.2024 Giňişleýin

DÖWRÜŇ TALABY — SANLY YKDYSADYÝET

 

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilen syýasaty ilatyň abadançylygy üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar.

 Esasy Kanunymyzyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar» diýlip kesgitlenilýär. Bu konstitusion kadalar «Aragatnaşyk hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Maglumatlar we ony goramak hakynda», «Kiber howpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda giňişleýin beýan edilendir. 

Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna ornaşdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaly iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň ähli ulgamlarynyň durnukly ösüşine uly itergi berýän sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, şeýle-de jemgyýetde we döwlet dolandyryşynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artmagyna, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Ol ylmyň we tehnikanyň ösüş kuwwatyna, jemgyýetiň ylmy-tehniki meseleleri çözmek bilen bagly mümkinçilikleriniň hem-de gorlarynyň derejelerine toplumlaýyn baha bermek bilen häsiýetlendirilýär. Onuň görkezijileri bolup bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler, işleriň maddy-tehniki üpjünçiligi, maglumatlar gory ýaly görnüşler çykyş edýär. Şunuň bilen bir hatarda, «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynda: «Administratiw önümçiligiň amala aşyrylmagy ýönekeý, maksadalaýyk we gysga möhletli bolmalydyr» diýen kada berkidilendir. Bu kada, ilkinji nobatda, önümçiligiň ähli babatda tygşytlylygyny aňladýar. Ýagny, mümkin boldugyça, az harajat etmek bilen kesgitli netijäniň ýa-da anyk serişdeleriň üsti bilen mümkin bolan oňyn netijäniň gazanylmagyny göz öňünde tutýar. Ýönekeýlik we maksadalaýyklyk diňe çözgüt kabul etmek üçin zerur bolan ýagdaýlaryň ýüze çykarylmalydygyny, eger ýüze çykan sorag häzirki zaman elektron serişdeler arkaly çözülip bilinýän bolsa, önümçiligiň raýaty ýa-da ýuridik şahsyň wekilini çagyrmazdan amala aşyryp bolýandygyny aňladýar. 

Goý, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin giň gerimli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumadamzat bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun! 

 

Sahyberdi JEPBAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky 

komitetiniň agzasy

 

19.07.2024 Giňişleýin

Geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň edebiýaty, medeniýeti, sungaty dünýäde arzylanyp, umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň deňsiz-taýsyz döredijiligi hem halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma eýe bolýar. Beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldaryň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen eserleriniň birnäçe dillere terjime edilmegi, onuň edebi mirasynyň dünýä jemgyýetçiligine ýaýylmagy babatdaky işleriň has-da giň gerime eýe bolmagy şahyryň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetine eýediginden habar berýär. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly täze kitabyň neşir edilmegi şahyryň hormatyna atlandyrylan şöhratly ýylyň şanly wakalarynyň biri boldy. Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen ýygyndynyň okyjylara gowuşmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Ýygyndynyň üç dilde aýratyn kitaplar görnüşinde taýýarlanylmagyny olardaky goşgularda beýan edilýän çuň mazmunly pikir-garaýyşlaryň, pent-nesihatlaryň diňe bir halka ýa-da bir millete däl-de, eýsem, tutuş ynsanyýete dahyllydygy bilen düşündirse bolar. Hakykatdanam, şahyryň öňe süren agzybirlik, parahatçylyk, ynsanperwerlik, watançylyk taglymatlary tutuş adamzada gönükdirilendir, ähli halka çakylykdyr. 

Bu gymmatly ýygyndy akyldar şahyryň durmuş pelsepesine ýugrulan watançylyk, gahrymançylyk, edep-terbiýe, döwletlilik baradaky pikir-garaýyşlaryny çeper dilde beýan edýän ajaýyp goşgularynyň toplumydyr. Taryhy suratlar bilen bezelmegi onuň ýene bir artykmaçlygy bolmak bilen, kitabyň ähmiýetini hem-de täsirliligini artdyrýar. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ebedileşdirmekde alnyp barylýan bu işler geljekki nesiller baradaky aladany hem öz içine alýar. 

Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragynyň päk ahlaklylyk, edep-terbiýe, watansöýüjilik, gözelligi wasp etmek, berkarar döwlet baradaky ynsan aňyna we ýüregine ornaýan gymmatly ündewleri biziň döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. Bularyň ählisi iň asylly adamzat däplerine daýanýan ynsanperwer gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam edýär» diýmek bilen, akyldar şahyryň abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Goý, beýik şahyryň gymmatly ündewlerini parasatly döwlet syýasatynda ýörelge edinýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumlary rowaç bolsun! 

 

Annabagt Ma­ýe­wa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

18.07.2024 Giňişleýin

ÖZGERTMELER DÖWRÜŇ TALABY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ösüşlere beslenýän ýyllarynda bolup geçýän özgertmeler döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynyň täze döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Şu jähtden her bir ugurda gazanylýan üstünlikleri berkitmek, olaryň hukuk binýadyny kämilleşdirmek işleri giň gerimde durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, golaýda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynda dürli ugurlara degişli kanunlary kämilleşdirmek boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Şolaryň hatarynda «Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen we beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda», «Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Tertipnamasynyň VI maddasyna Üýtgetmäni tassyklamak hakynda», «Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda», «1994-nji ýylyň 9-njy sentýabryndaky Ýewraziýa Patent Konwensiýasyna degişli Senagat nusgalaryny goramak hakynda Teswirnama goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Ylmy edaralar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de Mejlisiň karary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryndan ugur alnyp, bedenterbiýe we sport ulgamynyň hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 

Ýurdumyzda maýyplygy bolan we saglyk mümkinçilikleri çäkli adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny has-da höweslendirmek hem-de dünýä tejribesinde kabul edilen kadalara laýyk getirmek maksadynda, bu kanuna «Aziýa Para oýunlary» diýen düşünje goşuldy, türgenleşik geçirilýän fitnes zallary hem-de olarda gurnalýan trenažýorlary tehniki howpsuzlyk kadalaryna laýyk getirmek göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu Kanun bilen fitnes tälimçileriniň tejribesini, ýörite bilimlerini, nazary we usuly taýdan taýýarlyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, bedenterbiýe we sport bilen bagly hyzmatlary sertifikatlaşdyrmak işini bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlylygynda amala aşyrmak bilen bagly goşmaça girizildi, beden terbiýesiniň döwlet toplumy bilen bagly üýtgetmeler girizmek we käbir maddalary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek göz öňünde tutuldy. 

Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ilerlemegine, sportda gazanylýan netijeleriň üstünliklere beslenmegine bu Kanunyň ýardamy örän uly bolar. 

Beýleki kabul edilen kanunlar hem şol ugurlara degişli meseleler göz öňünde tutulyp, üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň hasabyna kämilleşdirildi. Bularyň ählisi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň her bir ugrunyň hukuk binýadynyň berkidilmegini göz öňünde tutýar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň deputatlaryň öňünde goýýan wezipeleriniň amal edilýändigini görkezýär. 

 

Ýeňiş HAÝYTJANOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

18.07.2024 Giňişleýin

BÄHBITLI IŞLER GERIM ALÝAR

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işler rowaç alýar. Şu işler bolsa, Garaşsyz döwletimizi syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilendir.

 Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn mundan beýläk-de ösdürmekde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da ýokary netijeler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ýeňişli ýoly uly üstünliklere beslenýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatdan ugur alnyp, durmuşa geçirilýän giň möçberli işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagyna ýardam edýär. Ýokarda ýatlanlarymyzyň hemmesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarynyň giň möçberli işlerde özüniň beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň badalga berýän özgertmeleri döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüş-özgerişli ýoluna kuwwatly itergi berýär. Şol bir wagtda milli kanunçylygymyzyň ösüşli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, milli parlamentimiziň deputatlary tarapyndan täze kanunlaryň taslamalary işlenilip taýýarlanylýar. Öňden hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmekde-de netijeli işler alnyp barylýar. 

 

Arslan ÇARYÝEW. 

Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-nyň 

Pendi şahamçasynyň sanly bank tehnologiýasy 

we awtomatizasiýa bölüminiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

18.07.2024 Giňişleýin

ÝEŇIŞLI GADAMLAR

 

Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryndan ugur alýan türkmen halky döredijilikli zähmet çekýär. Şu zähmetiň maksadam Garaşsyz döwletimizi syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmekden ybaratdyr. 

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň çäklerinde il-gün bähbitli tutumly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle tagallalarda ilatyň saglygyny goramagyň wezipesine uly üns berilýär. Bu ulgamda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, uly işler bitirilýär. Döwrebap hassahanalar, keselleri anyklaýyş merkezleri, saglyk öýleri gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. Näsaglara edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hili barha ýokarlanýar. Hassahanalaryň häzirki zaman kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy ilatyň saglygyny goramakda ýokary netijeleriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär.

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşli menzilleri rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli kanunçylygymyz döwrebaplaşdyrylýar. Has takygy, ýurt Baştutanymyzyň görkezmelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary kämil kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlaýarlar. Öňden hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly netijeli işleri üstünlikli alnyp barylýar. Döwrebap kanunlarymyz bolsa, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüş-özgerişli ýolunyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da rowaçlanmagyna itergi berýär. 

 

Atamyrat AMANDURDYÝEW. 

S.Türkmenbaşy şäherçesindäki saglyk 

merkeziniň bölüm müdiri,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

18.07.2024 Giňişleýin

TÄZE ULGAMYŇ AÝDYŇ ÝOLY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garasyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdy ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýoly bilen ösüş-özgerişleriň täze belentliklerine çykmagyna giň ýol açyldy.

Ýurt Baştutanymyz ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy derejelere ýetmekde wajyp wezipeleri öňde goýýar. Ýurdumyzda elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Bu wezipe innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmekden ybaratdyr. Hut şu maksat bilen Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi. 

Sanly ykdysadyýet diýmek, munuň özi — elektron enjamlarynyň kömegi bilen önümçilik, söwda, alyş-çalyş, sarp etmek, paýlamak boýunça dürli görnüşli çylşyrymly işleri örän gysga wagtda amala aşyrmak diýmekdir. Şol bir wagtda ol şol “akylly” enjamlaryň satyn alynmagynam öz içine alýar. Ýokarda ýatlanymyzy başgaça aýtsak, sanly ykdysadyýet — munuň özi elektron hasaplaşyk, internet-söwda hem-de göni ýaýlym hyzmatlaryny bermekligi öz içine alýan sanly kompýuter tehnologiýalary bilen bagly hereketleriň ulgamydyr.

 Bu öňdebaryjy ulgamyň maliýe we bank edaralarynyň işini kämilleşdirmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Bu edaralaryň işiniň sanlylaşdyrylmagy dürli amallary ýerine ýetirmekde wagtyň tygşytlanmagyna, müşderilere edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, hilini ýokarlandyrmaga täze mümkinçilikleri açýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ykdysadyýetimizi we dürli ulgamlary sanlylaşdyrmakda netijeli işleriň bady artýar.

 

Begenç GURBANGELDIÝEW. 

Türkmenistanyň “Halk bank” PTB-niň 

Tagtabazar şahamçasynyň dolandyryjysy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

18.07.2024 Giňişleýin

BERKARARLYGYŇ KÄMIL BINÝADY

 

Şanly ýylymyzyň 12-nji iýulynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen möhüm çözgütleriň kabul edilmegi ildeşlerimiziň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi. 

Aýratyn hem, hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekmegi ulus-ilimizi begendirdi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn başlangyçlardan hem görnüşi ýaly, durnukly ösüşi üpjün etmek, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. 

Ýurdumyzda ilatyň zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň ýylyň-ýylyna ýokarlandyrylmagy eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýan ildeşlerimiziň nurana ertirlere bolan ynamyna ganat baglaýar. Şeýle hem her bir ojaga, her bir ýürege sahawat nuruny paýlaýar. Bu ruhy joşgun diňe bir milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň berk binýadyny kemala getirmän, eýsem halkymyzyň bol-elin durmuşda ýaşamagyna, şeýle-de ähli pudaklaryň we ulgamlaryň gyradeň ösüşini gazanmaga giň ýol açýar. Biz hem şol mejlisde il-günümiziň bagtyýar şu gününiň we röwşen geljeginiň bähbidine kabul edilen möhüm çözgütleri amal etmekde öňde duran wezipelere yhlasly çemeleşip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini gazanmaga mynasyp goşandymyzy goşarys. 

Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, maksatlarynyň myrat tapmagyny arzuw edýäris. 

 

Züleýha JORAÝEWA, 

Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

18.07.2024 Giňişleýin

BELENT MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR

 

Häzirki  wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Olaryň bu şadyýan möwsümini manyly geçirmekleri üçin ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bar bolan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde doly şertler we mümkinçilikler döredilendir. 

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýleki çagalar bilen bilelikde, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň hem tomusky dynç alyş möwsümini manyly geçirmeklerine aýratyn üns berýär. Has takygy, geçen hepdäniň şenbe güni Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara edermen gallaçy daýhanlarymyzyň bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý edip, gazanan zähmet ýeňşi mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Bu şatlykly, ýatdan çykmajak waka çagalaryň kalbynda hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk we alkyş duýgularyny döretdi. 

Ösüşiň röwşen ýolundan bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ýetilen belent sepgitleriň hözirini görüp, erkana durmuşda ýaşaýan çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda çagalaryň hukuk goraglylygynyň binýady berkidilýär. Bu ugurdaky milli kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilmegi bagtyýar çagalaryň aýdyň geljeginden ugur alýar. 

Esasy Kanunymyzda: «Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýip ykrar edilen binýatlaýyn ýörelgä esaslanýan raýat jemgyýetiniň kemala getirilmegi, şol sanda enäniň we çaganyň hukuklarynyň goragynyň kanuny esaslarynyň üpjün edilmegi döwletimiz üçin esasy gymmatlyklar hökmünde kesgitlenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-­njy maddasyndaky: «Ata­-eneler ýa­-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp­-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar» diýen jümle bu ugurdaky milli kanunçylygymyzyň esasyny düzýär. Milli kanunçylygymyz döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. 

Türkmenistanyň Kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda çagalaryň bagtyýar durmuşynyň hukuk kepillikleri berkidilýär. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-­nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025­-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy», «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» hem­-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy we bu ugurdaky beýleki resminamalaryň kabul edilmegi ýurduň geljegi bolan ýaş nesiller hakyndaky aladany görkezýär. 

Ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalar we maksatnamalar yzygiderli kabul edilýär. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 6-­njy maddasynda çaganyň hukuklary kesgitlenýär. 

Milli kanunçylygymyzyň umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyk gelmegi çagalaryň ösüşini, ýaşaýyş­-durmuş şertleriniň has­-da gowulandyrylmagyny, abadançylygynyň üpjün edilmegini, olaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goragynyň ygtybarlylygyny kepillendirýär. 

Ýurdumyzda eneleri we çagalary goldamaga, köp çagaly maşgalalary höweslendirmäge döwlet derejesinde ähmiýet berilmegi mähriban halkymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen eneleriň we çagalaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen kanunlaryň kabul edilmegi we döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmegi, şeýle hem köp sanly durmuş ýeňillikleriniň berilmegi çagalaryň irki döwürden hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini hem­-de ajaýyp durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

 

 Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ylym, bilim,medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy

17.07.2024 Giňişleýin
1 ... 12 13 14 15 16 ... 58