Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

ROWAÇLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLUNDA

 

     2025-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly tamam­la­nyp bar­ýar. Hemi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyllygy­nyň be­lent ru­hy bu ýy­la aý­ra­tyn maz­mun, ta­ry­hy hä­si­ýet ber­di. Bu ýyl türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gurama­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy bi­len üçün­ji ge­zek yk­rar edi­len ýy­ly hök­mün­de-de ta­ry­ha ýa­zyl­dy.

 

     Mälim bolşy ýaly, 12-nji dekabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda üstünlikli geçirilen halkara forum şanly ýylyň esasy, möhüm wakasy bolup, Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da artdyrdy, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny ýene-de bir gezek dünýä ýaýdy. Taryhy ähmiýetli forumda kabul edilen çözgütler, onuň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynanyşmak esasynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerini has-da dabaralandyrýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly senesiniň  giň­den bellenilen günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň elimize gowuşmagy hem şanly ýylyň ruhy serpaýy hökmünde ähli halkymyzy buýsandyrdy. Ajaýyp eserde hemişelik Bitaraplygymyzyň  ähmiýeti  hem-de  dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giň­den beýan edilýär. 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny köptaraply we çuň­ňur seljerýän täze eserinde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň esasy maksadynyň halkara borçnamalara, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda parahat durmuşy, döredijilikli ösüşi üpjün etmegi nazarlaýan geosyýasy, geoykdysady mümkinçiliklere gönükdirilendigini belleýär. Eserde türkmen Bitaraplygynyň taryhy köklerine aýratyn ähmiýet berlip, Türkmenistanyň häzirki zaman diplomatiýasynyň halkymyzyň taryhy mirasynyň täze döwrüň ruhuna kybap derejedäki dowamy hökmünde häsiýetlendirilmegi çuň­ňur mana eýedir. Eziz Diýarymyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemleriniň jemlenmegi  hemişelik  Bitaraplygymyzyň  30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe ajaýyp sowgat bolan kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

     Durnukly ösüşi, abadan ýaşaýşy, kämil jemgyýeti berkarar etmek häzirki döwürde bütin adamzadyň ymtylýan belent maksatlarydyr. Şol maksatlaryň myradyna gowuşmagy üçin bolsa parahatçylyk, ynanyşmak, hyzmatdaşlyk, sazlaşyk ýaly gymmatlyklaryň  dabaralanmagy zerur. Ösüş-özgerişleriň röwşen ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün bütin dünýäde  parahatçylygy, birek-birege ynanyşmagy, gülläp ösüşi berkarar etmek ugrunda nusgalyk tagallalary bilen uly abraýa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz: «Biz hemişelik Bitaraplyk syýasatymyza hemişe ygrarly bolup, sebitde we dünýäde abadançylygy berkarar etmäge ýardam ederis» diýip bellemek bilen, Türkmenistanyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatynyň baş ýörelgesini kesgitleýär. Häzirki döwürde Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, energetika, ulag, aragatnaşyk, söwda, işewürlik, daşky gurşawyň abadançylygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýaly möhüm ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek ugrunda taryhy başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ösüşiň täze belentliklerine ymtylýan Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär. 

     Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz daşary syýasy strategiýasynda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe sürýän başlangyçlarynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerine gyşarnyksyz ygrarlydygyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Baş Assambleýanyň belent münberinden öňe süren garaýyşlarynyň, teklipleriniň hem nusgalyk taglymata eýerýändigi türkmen Bitaraplygynyň gymmatlyklarynyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, gülläp ösüşi üpjün etmekde  ýolgörkeziji  hökmünde çykyş edýändigini tassyklaýar. Hemişelik Bitaraplygyň oňyn ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatdaky, halkara gi­ňişlikdäki ornuny kesgitleýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili»  diýen filosofiýa ýüze çykýan halkara we döwletara meseleleriň di­ňe dialog, ýagny gepleşikler hem-de syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmeginiň zerurdygyndan ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan teklip edilen parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi dünýäde durnukly ösüşi gazanmagyň halklaryň hem-de döwletleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak arkaly mümkindigi baradaky hakykata daýanýar. Bu başlangyçlar parahatçylygyň ösüşe ýol açýandygy, ynanyşmagyň bolsa howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkidýändigi baradaky çuň­ňur pikiri özünde jemleýän bitewi düşünjäni emele getirýär. Bu taglymatlar häzirki döwrüň şertlerinde  halklaryň  we döwletleriň  jebisleşmegi, parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň dünýä syýasatynyň derwaýys şerti hökmünde kesgitlenmegi üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň derejesinde öňe sürýän başlangyçlary arkaly bu gymmatlyklary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.

     Hemişelik Bitaraplyk halkymyza egsilmez bagt eçilip, ýurdumyza sebitde we dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmaga, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga giň mümkinçilikleri açýar. Türkmen halky Bitaraplygyň döreden mümkinçiliklerinden peýdalanyp, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly ösüşlere eýe bolýar. Geçen 30 ýylda ykdysadyýet, syýasat, medeniýet we ylym-bilim ulgamlarynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Ýurdumyzda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi işewürlik gatnaşyklaryny, hususy telekeçiligi ösdürmekde hem oňyn mümkinçilikleri döretdi. Bu gün milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmekde, täze iş orunlaryny döretmekde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler ýurdumyzda telekeçilik işini işjeň­leşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem hususy pudagyň işine döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw bermek wezipelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde işewürlik diňe bir ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň, dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň netijeli guralyna öwrülýär. Bu hakykaty türkmen telekeçileriniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara amala aşyran ýokary derejeli saparlaryna, köp sanly iri forumlara gatnaşyp, dostlukly döwletleriň işewür düzümleri bilen  netijeli  hyzmatdaşlygyň täze sahypalaryny ýazmaklary hem aýdyň­lygy bilen tassyklaýar.

     Bosagada - täze ýyl. 2026-njy ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram ediljek ýyly hökmünde-de möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan, halkymyzyň agzybirliginden we tutanýerli zähmetinden günsaýyn gülleýän berkarar Watanymyz ösüşiň, rowaçlygyň täze menzillerini nazarlaýar. Asuda asmanyň astynda bagtyýar durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň bagtyýarlygy, ýagty geljeginiň binýadyny berkidýän jemgyýetimiziň döredijilik kuwwaty, durnukly ösýän ykdysadyýet, dünýä döwletlerine uzaýan dostluk köprüleri Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň asylly maksatlarynyň myradyna gowuşýandygyny jümle-jahana äşgär edýär. Halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky köpasyrlyk arzuw-isleglerinden bina bolan eziz Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýädäki at-abraýynyň barha artmagy, ildeşlerimiziň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Halkymyzy belent maksatlar bilen röwşen geljegiň nurana ýolunda jebisleşdirip, ýurdumyzy baky bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Sa­par­my­rat OW­GA­NOW, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

27.12.2025 Giňişleýin

SAGDYN NESIL — KÄMIL JEMGYÝET

 

     Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda: «Dünýäde hiç haçan soňlanmaýan baýlyk ruhy baýlykdyr» diýip, jaýdar belleýär. Şoňa görä-de, bagt diňe beden we ruhy sazlaşygyň  jeminden  ybaratdyr. Her bir gymmatlygyň  gadyryny bilmegi üçin, ilki bilen, ynsana sagdyn düşünje we kämil aň gerekdir. Durmuşyň hözirini görmek, maksatlara ýetmek  we süýji durmuşyň mazasyny  duýmak diňe saglyk arkaly mümkindir. Saglyk iň uly baýlykdyr. Bu baýlyk diňe beden saglygy bilen çäklenmän, eýsem, ruhy sagdynlyk bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. 

 

     Bu gün jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň iň ýokary gymmatlygy adam diýlip ykrar edilen Türkmenistan döwletimizde  Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň taryhy-medeni geçmişine düşünýän, bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan, jemgyýete, maşgala, dogan-garyndaşa, dost-ýara wepaly, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň baş maksady bolup durýar.

     Bu ugurda halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan baý  durmuş  tejribesine  daýanylyp, ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan ösüşinde ýokary terbiýäniň, döwrebap bilimleriň berilmegine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn  durmuş ýaşaýşyny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda adamzat nesline, ynsanyň saglygyna  we ömrüne  uly  howp bolup durýan zyýanly endikler, şol sanda neşekeşlik belasynyň ýurdumyzda ýaýramagyna garşy barlyşyksyz göreşiň alnyp barylmagynyň netijesinde Türkmenistan dünýäde neşeden we neşekeşlikden azat ýurt hökmünde tanalýar. 

     Bilşimiz ýaly, Milli Liderimiz tarapyndan XXI asyrda jemgyýetiň neşekeşlige garşy göreşmeginiň hil taýdan täze çemeleşmeleri, täze filosofiýasy işlenip düzüldi. Ýurdumyzda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy durmagyň çäreleriniň  hukuk  binýady  berkidilip, ýaşlary neşe serişdelerine  garşy  durýan  görnüşde  terbiýelemegiň we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň, milli gymmatlyklary wagyz etmegiň özboluşly ideologiýasy döredildi. 

     Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikdäki birnäçe gözleg işleriniň netijesinde bikanun dolanyşykdan alnan neşe hem-de beýleki serişdeleri ýakyp ýok etmek çäresi hem ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyndan habar berýär. 

     Ekilmegi gadagan edilen we düzüminde neşe serişdeleri bolan ösümlikleri  gözläp  tapmak, ýörite çäreleriň, dessin-gözleg hereketleriniň geçirilmegi netijesinde elden alnan neşe serişdelerini ýok etmek boýunça şular ýaly yzygiderli işleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň neşekeşlige — adamy geljeginden, hünärinden, maşgalasyndan mahrum edip, diňe bir neşekeşiň däl-de, eýsem, onuň ýakynlarynyň hem durmuşyny kynlaşdyrmaga ukyply bolan bu zyýanly endige garşy aýgytly göreşýändigini tassyklaýar. 

     Mälim bolşy ýaly, neşe serişdeleriniň aýratyn howplulygy, köplenç halatda, bularyň täsirine ýaşlaryň, zähmete ukyply adamlaryň düşmeginden ybaratdyr. Bu zyýanly endik şol adamlary bagtyýar maşgala durmuşyny bozmaga iterýär. Çünki neşe  serişdeleri  jemgyýetiň sagdynlygynyň, ynsan durmuşynyň, çagalaryň bagtyýarlygynyň köküne palta urýan ägirt uly howp bolup, adamyň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygynyň düýpli esaslaryny hem-de milletiň ahlak, durmuş, syýasy, ykdysady ýörelgelerini we genofonduny bozmaga ukyplydyr. 

     Geçirilen çäre diňe bir neşe we beýleki serişdeleriň ýok edilmegini alamatlandyrman, eýsem, ýaşlar üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetine hem eýe. Şeýle hem ol parahatçylygy, durnukly ösüşi  berkitmek  işine Türkmenistanyň ygrarlylygynyň  nobatdaky subutnamasyny,  howpsuzlygy  üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara täze anyk goşandyny alamatlandyrýar. 

     Gahryman Arkadagymyzyň  başlangyjy bilen binýady goýlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän neşekeşlige  garşy  göreş  çäreleri her bir raýatyň erkin, bagtyýar, parahat we göwnejaý ýaşaýşy, Garaşsyz ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrundaky milli hereketdir. 

     Ýurdumyzda sagdyn  durmuş  ýörelgesiniň  dabaralanmagyna ýardam berýän maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagy we ornaşdyrylmagy şu meseläni çözmegiň ugurlarynyň biridir. Bu syýasat adamyň saglygynyň diňe bir onuň  özüniň  däl-de, döwletiň, ýurduň,  ata Watanymyzyň  esasy gymmatlygy bolup durýandygy baradaky umumymilli başlangyjyň berkarar edilmegini öňe sürýär. 

     Hormatly Prezidentimiziň täze taryhy zamanada durmuşa geçirýän şeýle oňyn başlangyçlary dünýä  jemgyýetçiliginde hem uly goldaw tapýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimizde pugta ornaşdyrmak, ýaramaz endiklere garşy göreş  alyp barmak boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň  Mejlisiniň  deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri, şeýle hem il sylagly ýaşulular, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň, gazet-žurnallaryň üsti bilen we gönüden-göni halk köpçüliginiň arasynda  hem wagyz-nesihat  işleri  yzygiderli  geçirilýär. Çünki häzirki wagtda ýurdumyzda saglygy berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek esasy ugra öwrüldi. Şunda, şahsyýeti  ahlak  taýdan  terbiýelemegiň, onuň raýat hökmündäki dünýägaraýşyny kemala getirmegiň, jogapkärçiligini artdyrmagyň usuly hökmünde ýaşlaryň we ýetginjekleriň jemgyýete peýdaly zähmete çekilmegini işjeňleşdirmek möhüm ähmiýete eýedir. Şol sebäpli-de, jemgyýetiň esasy ünsi ýaşlaryň saglygynyň goralmagyna we pugtalandyrylmagyna, olara islendik ýaramaz endikleri ýazgarmagyň öwredilmegine gönükdirilýär. Döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, berk bedenli, sagdyn ruhly we döwrebap, bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli amatly şertler yzygiderli döredilýär. 

     Ýeri gelende bellesek, tamamlanyp barýan 2025-nji ýyl hem türkmen  ýaşlary  üçin belent maksatlara barýan ýoldaky iň ýagty menzilleriň biri boldy. Şu ýylyň dowamynda dünýä derejesindäki abraýly ders bäsleşiklerinde, halkara sport ýaryşlarynda üstünlik gazanan ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň elinden Şa serpaýyny almagy we mähirli sözlerini eşitmekleri ýaşlar üçin diňe bir sylag däl, eýsem, geljekki täze maksatlara, has uly sport, ylmy-döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýan egsilmez ylham çeşmesi boldy. Bu Şa serpaýy ýaşlaryň täze gözýetimlerini açyp, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy. Ýaşlaryň oňyn şertlerde ösüp-kemala gelmegi, olaryň watançylyk, ynsanperwerlik we milli ýörelgelere ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmegi  ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun! 

 

Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty

26.12.2025 Giňişleýin

Türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

                                                 

     Türk­me­nis­tan Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň öňde­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ýa­po­ni­ýa bi­len iki­ta­rapla­ýyn gatnaşyklary ös­dür­mä­ge äh­mi­ýet be­rip, hä­zir­ki wag­tda ony syýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­deni-yn­san­per­wer ulgam­lar­da hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­karmak ug­run­da ta­gal­la edil­ýär. Şun­da ýo­ka­ry de­re­je­li sy­ýasy dia­lo­ga uly orun degişlidir.  Hor­mat­ly  Pre­zi­den­ti­mi­ziň  Hal­ka­ra  pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak  ýy­ly­nyň  do­wa­mynda Ýa­po­ni­ýa­da iki ge­zek sapar­da  bol­ma­gy  bu dost­luk­ly  ýurt  bi­len  öza­ra gatnaşyklaryň yzygider­li hä­si­ýe­te eýe­digi­ni gör­kez­ýär. Şu gezekki  sa­pa­ryň  mak­sa­dy  bol­sa  il­kin­ji  ge­zek  ýo­ka­ry derejede  ge­çi­ri­len «Merke­zi Azi­ýa — Ýa­poni­ýa» dia­lo­gy­nyň  sam­mi­ti­ne  gatnaşmak­dan  yba­rat  boldy. Onuň çäk­le­rin­de Arka­dag­ly Gahry­man Ser­da­ry­myz ne­ti­je­li iki­ta­rap­la­ýyn duşuşyk­la­ry hem ge­çir­di. 

 

     Döw­let Baştutanymyzyň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga bilen geçiren duşuşygynda soňky ýyllarda türkmen-ýapon parlamentara hyzmatdaşlygynyň durnukly, yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyna üns çekildi. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda döredilen dostluk toparlary hem bu işe goşant goşýar. Bu toparlar kanun çykaryjylyk işinde we ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary ýola goýmak, pikir alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň häzirki döwürde barha artýan ähmiýetini nazara almak bilen, parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi.

     2014-nji ýylyň maýyndan bäri üstünlikli hereket edýän parlamentara dostluk topary Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda kanun çykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen geçiren duşuşygynda hem bu toparyň kanun çykaryjylyk işinde we ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary ýola goýmak, pikir alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtady.

     Duşuşykda Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklarynyň has-da berkeýändigini, şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalaryna uly ornuň degişlidigini belledi. Çünki häzirki zaman dünýäsinde parlamentleriň orny barha ýokarlanýar. Parlament diplomatiýasy dünýä halklarynyň we ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Şo­ňa görä, duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň parlamentara forumyny geçirmek barada öňe süren başlangyjynyň ähmiýetine üns çekildi.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistan üçin Ýaponiýanyň ýokary tehnologiýaly ösüşiň, ykdysadyýete innowasion esasda çemeleşmegiň, senagat ösüşi bilen ekologik jogapkärçiligiň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy bolup durýandygyny, ýapon kompaniýalarynyň ylym, senagat, önümçilik işlerini dolandyrmak, korporatiw menejment ulgamynda ýeten sepgitleriniň biziň üçin milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm nusga bolup hyzmat edýändigini nygtaýar. Şu babatda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işlerine möhüm orun degişlidir. Birnäçe ýyl bäri «ITOCHU», «Kawasaki», «Mitsubishi», «Sojitz», «Toyo», «Mitsui», «Sumitomo», «Komatsu», «Toyota» ýaly kompaniýalar türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşup gelýärler. Soň­ky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda häzirki zaman iri senagat desgalary ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Marydaky we Garabogazdaky ammiak hem-de karbamid önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumlaryny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. Ikitaraplaýyn esasda hereket edýän parlamentara dostluk toparlarynyň alyp barýan işi bolsa kanun çykaryjylyk ulgamynda öň­debaryjy tejribäni alyşmak bilen bir hatarda, ykdysady taslamalary, medeni-ynsanperwer başlangyçlary durmuşa geçirmäge hem ýardam berýär.

     Ýeri gelende bellesek, 2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk topary bilen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek barada özara düşünişmek  hakynda  Ähtnama gol çekilipdi.  Şonuň netijesinde  kanun  çykaryjylyk ulgamynda bilelikdäki hereketler has-da işjeň häsiýete eýe boldy. Bu resminamanyň maksady parlamentleriň  arasyndaky hyzmatdaşlygy birek-birege hormat goýmak we deň­hukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürmäge, işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, özara saparlaryň  guralmagyna, kanun taslamalarynyň taýýarlanylmagy we kanunçylyk namalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin peýdalanylýan bilimleridir  tejribeleri yzygiderli  alyşmaga, özara  kabul ederlikli çözgütleri tapmakda ikitaraplaýyn maslahatlaşmalary guramaga gönükdirilendir.

     Häzirki wagtda türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklarynda tejribe alyşmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Parlament işiniň guralyşy bilen tanşylýar. Kanun çykaryjylyk işi boýunça tejribe alşylýar. Parlamentarileriň iş usullary öwrenilýär. Munuň özi dürli ugurlarda alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasy arkaly goldamaga, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny wagyz etmäge, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge goşmaça itergi berýär.

     Hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurda şu gezekki iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň düzüminde parlamentara ugur boýunça geçirilen gepleşiklere gatnaşmak bilen, iki tarapyň hem bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygy has-da ilerletmäge gyzyklanmalarynyň bardygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Munuň özi ähli ulgamlar bilen birlikde, parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde-de täze gözýetimleri açyp, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmekde, bilelikdäki hereketleri kanunçylyk taýdan üpjün  etmekde we goldamakda  biz — deputatlaryň öňünde täze wezipeleri goýýar.

 

Annamuhammet SARJAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.

25.12.2025 Giňişleýin

Nurana geljegiň kepili

 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramynyň öň ýanynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň ellerimize gowuşmagy bu şanly senäni goşa baýramçylyga öwürdi. Diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, tutuş ynsanyýet üçin bimöçber ähmiýeti bolan bu eser ýurdumyzyň bilim işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma, ýaş nesiller üçin bolsa ýolgörkeziji şamçyragdyr. Kitabyň mazmunyna, çuňňur pelsepelerine,  taryhy  maglumatlaryna aralaşyp, biz halkymyzyň gadymyýetiň çuňluklaryndan gözbaş alýan, ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgesiniň esasyny düzýän parahatçylyk, myhmansöýerlik, dost-doganlyk, hoşniýetli garaýyşlar ýaly däpleriniň düýp  mazmunyna göz ýetirip bilýäris. Häzirki wagtda sebitde we dünýäde parahatçylygy gorap saklamakda, halklaryň we döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda  Türkmenistanyň  Bitaraplygy aýratyn orna eýedir. Bu babatda hormatly Prezidentimiz  täze eserinde «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu işjeň, ynamly, öz taryhyna we gymmatlyklaryna esaslanýan, şol bir wagtyň özünde halkara jemgyýetçilige doly açyk we hyzmatdaş bolan parahatçylyk syýasatydyr» diýip belleýär.

     Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  täze kitaby nesiller we nesil terbiýesi üçin hem wajyp ähmiýete eýedir. Çünki ata-babalarymyzyň parahat dünýäni, doganlyk gatnaşyklaryny ündeýän ýörelgeleri ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebidir, watançylyk sapaklarydyr.  Bu  mukaddeslikleri  özünde jemleýän türkmen Bitaraplygy bolsa parahatçylygyň, ygtybarly erteleriň kepilidir. 

     Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle eserleriniň höwri köp bolsun! 

 

Nepes ÇARYÝEW, Dänew etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

25.12.2025 Giňişleýin

Berkarar ýurdumyzda iller bagtyýar

 

     2025-nji ýyl baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň elimize gowuşmagy ýaly möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, şeýle hem ägirt uly durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala  aşyrylan  döwri  hökmünde taryhyň sahypalaryna girýär. 

 

     Häzirki döwürde biziň ýurdumyz sebitde we dünýäde durnuklylygy üpjün etmäge uly goşant goşýan ýurtlaryň biridir, ýokary depginde ösýän, maýa goýum babatda özüne çekiji döwletdir. Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan döwletli ýörelgeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda, halkymyzyň abadançylygyny, döwletimiziň üstünlikli ösüşini üpjün etmekde amala aşyrylýan işler, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynda gazanylýan üstünlikler, binagärlik açylyşlary geçip barýan ýylda öňde goýlan asylly maksatlaryň amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

     Tamamlanyp barýan ýylymyzda amala aşyrylan düýpli özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy  ýaly, welaýatymyzda  hem möhüm  ähmiýetli desgalar işe girizildi, medeni-durmuş maksatly binalar we köpsanly ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berildi. Baýramçylyk günlerinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň we ussat tälimçileriniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen dünýä derejesindäki ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda gazanan ýokary üstünliklerini we olaryň tälimçileriniň bu ugurda bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, Şa serpaýlaryny gowşurmagy hem ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmaga, ylym-bilimi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýändigine güwä geçýär. Bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda hem düýpli özgertmeler dowam etdirilýär. 

     Goý, golaýlaşyp gelýän Täze, 2026-njy ýylda hem Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesi has-da belende  galsyn!  Türkmen  halkyny  röwşen geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn!

 

Gadam HEMRAÝEW, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

25.12.2025 Giňişleýin

BUÝSANÇLY SEPGITLER

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatynyň ýeňişli sepgitleri rowaçlanýar. 

     Ajap eýýamymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň tamamlanmagyna sanlyja günler galdy. Bu ýylyň ýeňişli  sepgitleri, taryhy wakalary bilen mähriban Watanymyzyň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy  il-günümiziň guwanjyny goşalandyrýar. Hormatly  Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan çalt depginlerde ösdürmekde ýokary görkezijiler gazanylýar. Muňa şu ýylyň dowamynda ulanmaga berlen we düýbi tutulan ýokary tehnologiýaly  önümçilik  kärhanalary, medeni-durmuş  maksatly binalardyr desgalaram  doly  güwä geçýär. Ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygyndaky tutumly işler döwrebap şäherçeleri gurmak bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Ýurt Baştutanymyzyň tagallalary bilen üstünlikli amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işleriň rowaçlanýandygy guwanç  hem-de buýsanç  duýgusyny  döredýär. Şu günler  bolsa türkmen halky uly zähmet ýeňişlerine, taryhy wakalara beslenýän  Halkara  parahatçylyk we ynanyşmak  ýylyny  ýokary netijeler  bilen jemlemegi  maksat  edinýär.

 

Döwran HAPBAÝEW.  Wekilbazar etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy,  Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

25.12.2025 Giňişleýin

Светлый путь мира и доверия

 

      В Доме культуры города Анау в атмосфере всеобщего высокого духовного подъёма состоялась презентация книги Президента Сердара Бердымухамедова «Нейтралитет Туркменистана – светлый путь мира и доверия».

 

      В презентации приняли участие депутаты Меджлиса, представители политических партий и общественных организаций, руководители и представители хякимликов Ахалского велаята и этрапов, средств массовой информации, умудрённые жизнью яшули и молодёжь. Встреча прошла в атмосфере всеобщего патриотического подъёма, проявляемого туркменистанцами в Международный год мира и доверия. 

     В выступлении хякима Ахалского велаята Тойгулы Нурмырадова и других докладчиков было отмечено, что государственная политика Президента Сердара Бердымухамедова стала основой развития общества в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства. Было приведено немало ярких примеров достижений независимого нейтрального Туркменистана и политики Аркадаглы Героя Сердара по обеспечению всестороннего повышения благосостояния туркменистанцев. 

     Как подчёркивалось, прекрасным и бесценным подарком как для туркменистанцев, так и всей мировой общественности в дни празднования Международного дня нейтралитета и 30-летия постоянного нейтралитета Туркменистана стала книга Президента Сердара Бердымухамедова «Нейтралитет Туркменистана – светлый путь мира и доверия». Книга, словно незыблемый мост, соединяет нынешний и будущий год, прошлое и настоящее, неся в себе идеи мира, гуманизма и единства, столь актуальные в Международный год мира и доверия. 

     Издание выполнено на высоком полиграфическом уровне, выпущено на трёх языках – туркменском, русском и английском. Особое внимание выступающие уделили богатым иллюстративным материалам, включающим произведения изобразительного искусства, а также наглядно демонстрирующим достижения страны в политической, экономической, культурной и социальной сферах, что придаёт изданию дополнительную информационную значимость. 

     Выступившие подчеркнули, что в произведении освещены достигнутые нашей страной высокие рубежи и успехи, особо отметили, что трижды принятая Генеральной Ассамблеей ООН Резолюция «Постоянный нейтралитет Туркменистана», а также проведение в Ашхабаде Международного форума наглядно подтверждают высокий международный авторитет Туркменистана и признание его миролюбивого, взвешенного и ответственного внешнеполитического курса. Выступившие на презентации отметили выдающийся вклад Аркадаглы Героя Сердара в развитие туркменской миролюбивой и гуманистической внешней политики страны. Сегодня высокие философские и гуманистические принципы Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова и Президента Сердара Бердымухамедова, заложенные в основу современной туркменской государственности, являются неиссякаемым источником вдохновения для нашего народа и страны. Прозвучали слова благодарности Аркадаглы Герою Сердару и Герою-Аркадагу за проводимую политику, основанную на принципах миролюбия, гуманизма и широкого сотрудничества со всеми народами планеты. 

     На презентации было немало ярких, впечатляющих выступлений. Надолго запомнится участникам выступление Почётного старейшины Туркменистана Гурбангельды Айлиева. Люди старших поколений для туркмен всегда олицетворяли собой житейскую мудрость, являлись главными хранителями социального опыта и нравственности. С высоты прожитых лет яшули высоко оценил новую книгу Аркадаглы Героя Сердара. 

– Выход в свет новой книги Президента Сердара Бердымухамедова «Нейтралитет Туркменистана – светлый путь мира и доверия» в преддверии Международного дня нейтралитета и 30-летнего юбилея постоянного нейтралитета Туркменистана – это значимое событие, а также уникальная возможность обратиться к гуманистическому наследию туркменского народа и использовать его в повседневной воспитательной работе, – сказал Гурбангельды Айлиев. – Издание книги Президента Сердара Бердымухамедова на трёх языках – это ещё одно свидетельство того, что Туркменистан – страна, открытая для диалога и сотрудничества. Книга Президента открывает перед нами богатуюпанораму туркменского нейтралитета, его исторических корней, правовых основ и гуманистического содержания. На её страницах прослеживается путь, пройденный страной за три десятилетия независимого развития, отражены конкретные достижения, укрепившие международное доверие и признание Туркменистана как миротворческого центра.

  Яшули Гурбангельды Айлиев выразил искреннюю признательность Президенту страны Сердару Бердымухамедову и Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедову за их самозабвенную любовь к национальным традициям и обычаям туркмен. Он сказал, что с помощью новой книги, как и с помощью других священных произведений, мы постигаем историю неиссякаемого высокого духа туркмен, расцвет нашей нации в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства. 

     Эмоциональным было выступление жительницы этрапа Ак бугдай Огулжемал Атаевой, награждённой орденом Туркменистана «Zenan kalby»: 

– Весь туркменский народ с большим воодушевлением провожает Международный год мира и доверия, ознаменованный широким празднованием 30-летия постоянного нейтралитета независимого Туркменистана, и встречает 2026 год. Ещё большее вдохновение нам придало новое произведение Президента Сердара Бердымухамедова «Нейтралитет Туркменистана – светлый путь мира и доверия». Книга главы государства является не только бесценным вкладом в изучение великого наследия предков и современных идей, но и символом единства созидательного труда и духовного наследия. Она напоминает о важности сохранения и приумножения культурных ценностей. Читая книгу, мне вспомнился славный исторический путь, пройденный туркменским народом, его самобытная культура, национальные ценности: ахалтекинские скакуны и алабаи, ковры и дутар, национальное искусство пения и танца куштдепди и другие. Эта книга станет настоящим проводником духовных ценностей и практическим ориентиром, который соединяет прошлое, настоящее и устремления Туркменистана в будущее. 

     Думаю, что новая книга Аркадаглы  Героя Сердара будет интересна не только нам, но и всем людям на планете. Мы знаем, что каждое произведение Аркадаглы Героя Сердара наполнено мудростью, новым мироощущением, служит делу воспитания у молодёжи высоких чувств, становится путеводителем нашей жизни. Эта новая книга станет поистине источником вдохновения для поэтов и писателей.

     Презентация завершилась на высокой патриотической ноте во славу независимого Туркменистана, Аркадаглы Героя Сердара и Героя-Аркадага. По итогам презентации участники приняли обращение к автору книги – Президенту Сердару Бердымухамедову, в котором выразили сердечную признательность за бесценный подарок туркменскому народу, заверив, что и впредь будут стремиться вносить достойный вклад в дальнейшее процветание нашей дорогой Отчизны! 

 

Ресул ИШАНГУЛЫЕВ, депутат Меджлиса Туркменистана, председатель Ахалского велаятского комитета Демпартии Туркменистана.

24.12.2025 Giňişleýin

Нейтралитет – путь к миру и развитию

 

     2025 год – «Международный год мира и доверия», когда отмечалось 30-летие нейтралитета Туркменистана, стал важной вехой в истории страны. За прошедшие десятилетия стало очевидно, что международно признанный правовой статус, подтверждённый тремя Резолюциями Генеральной Ассамблеи ООН, полностью отвечает долгосрочным интересам страны и служит инструментом укрепления мира, стабильности и безопасности как на региональном, так и на глобальном уровне. 

    Символично, что юбилей нейтрального статуса пришёлся на год, когда отмечается 80-летие Организации Объединённых Наций. Взаимное партнёрство Туркменистана с ООН неизменно является одним из ключевых направлений внешней политики. Следуя внешнеполитическому курсу, основанному на принципах позитивного нейтралитета, Туркменистан вносит значимый вклад в развитие международного сотрудничества и достижение Целей устойчивого развития. Об этом свидетельствуют инициативы, выдвигаемые нашей страной в рамках ООН и других крупных организаций. 

    Основная идея инициатив Туркменистана – призыв к государствам мира осознать ответственность за будущее планеты и отказаться от эскалации конфликтов. Как неоднократно подчёркивает Герой-Аркадаг, философия мира и доверия носит универсальный характер и отвечает реальным интересам мирового развития. 

    В этом ключе актуальной является инициатива Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова о разработке Стратегии глобальной безопасности. В ней безопасность рассматривается как единый комплекс, включающий военные, политические, экологические, экономические и другие факторы. Стратегия призвана стать обновлённым международно-правовым механизмом, способствующим укреплению мира. Также Туркменистан предлагает включить в Стратегию направления, связанные с превентивной дипломатией, использованием потенциала нейтралитета для мирного урегулирования конфликтов и возрождением культуры диалога. 

    Важное внимание в Международный год мира и доверия уделено региональной безопасности, особенно в Центральной Азии. Основой для этого служат Резолюции Генеральной Ассамблеи, принятые по инициативе Туркменистана, такие, как «Зона мира, доверия и сотрудничества Центральной Азии», «Договор о зоне, свободной от ядерного оружия, в Центральной Азии», «Сотрудничество между Организацией Объединённых Наций и Международным фондом спасения Арала». 

    Важным вкладом Туркменистана в укрепление глобального мира стал Международный форум, посвящённый Международному году мира и доверия, Международному дню нейтралитета и 30-летию постоянного нейтралитета Туркменистана. На Форуме, проведённом по инициативе Туркменистана в тесном сотрудничестве с ООН, были подведены итоги 30-летней последовательной реализации нашим государством миролюбивой внешней политики. Принятая Ашхабадская декларация является стратегическим документом, который определяет пути укрепления международных отношений в XXI веке. 

    Таким образом, позитивный нейтралитет Туркменистана реально служит гибким и эффективным механизмом международного взаимодействия. Признанный мировым сообществом, нейтралитет развивается, обогащается новыми идеями и адаптируется к современным вызовам. Его практическая реализация способствует достижению стратегических целей ООН и укреплению глобального мира и стабильности. 

 

Алламырат ГУРБАНМУРАДОВ, директор средней школы № 11 Туркменкалинского этрапа Марыйского велаята, депутат Меджлиса Туркменистана.

23.12.2025 Giňişleýin

WATANYŇ BEÝIKLIGI — NESILLERIŇ BEÝIKLIGI

 

     Mukaddes Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy bilen galkynýan eziz Diýarymyz halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi, ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüşleri bilen halkara giňişlikde uly orny eýeleýär. Bu biziň şu günümiziň buýsandyryjy  hakykatydyr. Ýurdumyzyň üstünliklerinde ýaşlaryň hem paýynyň bolmagy olara bildirilýän ynamyň we döredilýän  mümkinçilikleriň  netijesidir.

 

     Mähriban Watanymyzyň geljegine nazar aýlamak üçin ýetişip gelýän nesillere, olaryň gazanýan üstünliklerine, durmuş ýörelgelerine, öz öň­lerinde goýýan maksatlaryna baha we syn bermek zerurdyr. Çünki her bir nesil öz ýurduna täze ösüş getirýär, güýç-kuwwat berýär. 

     Ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, kämil bilim-terbiýe almagy, hünärine ezber bolmagy, ylym, döredijilik, beden-terbiýe, sport bilen meşgullanmagy üçin zerur şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ýaşlary ata Watanymyzyň bähbidiniň hatyrasyna jemgyýetçilik işlerine çekmek we höweslendirmek, olaryň döredijilik işlerine we başlangyçlaryna, ylmy açyşlaryna döwlet goldawyny bermek babatda degerli işler ýola goýulýar. Amala aşyrylýan işleriň di­ňe häzirki däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilmegi guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen sözlerinden ruhlanýan ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeň­ligi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da ýokarlandy.

     Kalby ýagşy umyt-arzuwlardan püre-pür türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlary netijesinde halkara ders bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, Watanymyzyň abraý-mertebesini beýgeldýärler, ýaşyl Tugumyzy belentde parladýarlar. Ýakynda halkara derejede üstünlik gazanan ýaşlara hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda gowşurylan sylaglar ýaşlarymyzyň belent sepgitlere ýetmek ugrunda kalbynda besleýän ynamyny has-da artdyrdy. Bu bolsa şol bir wagtda olaryň ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize bolan çuň­ňur söýgüsini hem goşalandyrdy. Türkmen ýaşlarynyň şeýle üns-alada bilen gurşalmagy olara halallyga, ýagşylyga ymtylmaga, maksada okgunly bolmaga, päk zähmete yhlasly ýapyşmaga hem ruhlandyrýar. 

     2025-nji ýylyň dowamynda abraýly halkara ders bäsleşiklerinde hem-de sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlary döwlet derejesinde sylaglamaga hödürlemegiň sanawy düzülende, olaryň gatnaşan bäsleşikleriniň we sport ýaryşlarynyň hereket edýän reýtinglerdäki derejesinden we ähmiýetinden, şonuň ýaly-da gatnaşan ýurtlarynyň sanyndan ugur alynmagy ýaşlaryň geljekki maksadyny işjeňleşdirmekde, dünýä derejesinde ýokary netijeleri gazanmaga bolan höwesini artdyrmakda ähmiýetli boldy. Ýeri gelende bellesek, şanly ýylymyzda amala aşyrylan beýik işleriň özboluşly many-mazmuny, biri-biriniň üstüni ýetirýän berk arabaglanyşygy bar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk senesiniň giň gerimli dabaralar bilen bellenilmegi, şanly waka mynasybetli paýtagtymyzda halkara wekilçilikli forumyň üstünlikli geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň neşir edilmegi, onuň yz ýany bilen bolsa ylym-bilimde, sportda halkara görkezijilere eýe bolan ýaşlaryň ençemesiniň Şa serpaýy bilen sylaglanmagy taryhy ýylyň hümmetini we ähmiýetini artdyran bitewi bir kökeni emele getirdi. Ol köken, elbetde, milli kökleriň esasynda durýan «parahatçylyk» we «ynanyşmak» düşünjeleridir. 

     Ynsan kalbyna täsir etmekde çuň­ňur manyly sözden ähmiýetli zat ýok. Ýagşy sözler, süýji jümleler, pähimler her bir adamyň göwnüni göterýär, ýüregini gi­ňeldýär, haýyrly işlere höwes döredýär. Merdana ata-babalarymyz çuň­ňur mazmunly eserleri ykbalyň eçilen ajaýyp sowgady hökmünde görüpdirler. Şo­ňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa, ynsanperwer garaýyşlara, belent watansöýüjilige, dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilik ideýalaryna ýugrulan «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby ýaş nesliň duýgy-düşünjesine oňyn täsir etjek, geljekki üstünliklerine we maksatlaryna çelgi boljak gymmatly ruhy baýlykdyr. Çünki beýik işleri di­ňe parahat, asuda, abadan durmuşyň gadyryny bilýän nesiller amal edip bilýär.

      Hormatly Prezidentimiziň: «Bu kitaby ýazmak bilen, men di­ňe taryhy, syýasy, medeni gymmatlyklary beýan etmän, eýsem, has uly maksada — geljek nesillere parahatçylygyň ruhy mirasyny geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdim. Biziň çagalarymyz, agtyklarymyz, olardan soň­ky nesiller bu hakykaty bilmelidirler. Çünki parahatçylyk mirasdyr» diýen ganatly jümleleri örän uly ähmiýete eýedir.

     Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleri ýurdumyzda gazanylýan uly üstünlikleriň özeni bolup durýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň şu günki bagtyýar durmuşynyň we nurana geljeginiň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun! 

 

Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

19.12.2025 Giňişleýin
1 ... 11 12 13 14 15 ... 117