Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
25.12.2025

Nurana geljegiň kepili

 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramynyň öň ýanynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň ellerimize gowuşmagy bu şanly senäni goşa baýramçylyga öwürdi. Diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, tutuş ynsanyýet üçin bimöçber ähmiýeti bolan bu eser ýurdumyzyň bilim işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma, ýaş nesiller üçin bolsa ýolgörkeziji şamçyragdyr. Kitabyň mazmunyna, çuňňur pelsepelerine,  taryhy  maglumatlaryna aralaşyp, biz halkymyzyň gadymyýetiň çuňluklaryndan gözbaş alýan, ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgesiniň esasyny düzýän parahatçylyk, myhmansöýerlik, dost-doganlyk, hoşniýetli garaýyşlar ýaly däpleriniň düýp  mazmunyna göz ýetirip bilýäris. Häzirki wagtda sebitde we dünýäde parahatçylygy gorap saklamakda, halklaryň we döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda  Türkmenistanyň  Bitaraplygy aýratyn orna eýedir. Bu babatda hormatly Prezidentimiz  täze eserinde «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu işjeň, ynamly, öz taryhyna we gymmatlyklaryna esaslanýan, şol bir wagtyň özünde halkara jemgyýetçilige doly açyk we hyzmatdaş bolan parahatçylyk syýasatydyr» diýip belleýär.

     Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  täze kitaby nesiller we nesil terbiýesi üçin hem wajyp ähmiýete eýedir. Çünki ata-babalarymyzyň parahat dünýäni, doganlyk gatnaşyklaryny ündeýän ýörelgeleri ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebidir, watançylyk sapaklarydyr.  Bu  mukaddeslikleri  özünde jemleýän türkmen Bitaraplygy bolsa parahatçylygyň, ygtybarly erteleriň kepilidir. 

     Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle eserleriniň höwri köp bolsun! 

 

Nepes ÇARYÝEW, Dänew etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.