Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Mukaddes Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy bilen galkynýan eziz Diýarymyz halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi, ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüşleri bilen halkara giňişlikde uly orny eýeleýär. Bu biziň şu günümiziň buýsandyryjy hakykatydyr. Ýurdumyzyň üstünliklerinde ýaşlaryň hem paýynyň bolmagy olara bildirilýän ynamyň we döredilýän mümkinçilikleriň netijesidir.
Mähriban Watanymyzyň geljegine nazar aýlamak üçin ýetişip gelýän nesillere, olaryň gazanýan üstünliklerine, durmuş ýörelgelerine, öz öňlerinde goýýan maksatlaryna baha we syn bermek zerurdyr. Çünki her bir nesil öz ýurduna täze ösüş getirýär, güýç-kuwwat berýär.
Ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, kämil bilim-terbiýe almagy, hünärine ezber bolmagy, ylym, döredijilik, beden-terbiýe, sport bilen meşgullanmagy üçin zerur şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ýaşlary ata Watanymyzyň bähbidiniň hatyrasyna jemgyýetçilik işlerine çekmek we höweslendirmek, olaryň döredijilik işlerine we başlangyçlaryna, ylmy açyşlaryna döwlet goldawyny bermek babatda degerli işler ýola goýulýar. Amala aşyrylýan işleriň diňe häzirki däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilmegi guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen sözlerinden ruhlanýan ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da ýokarlandy.
Kalby ýagşy umyt-arzuwlardan püre-pür türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlary netijesinde halkara ders bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, Watanymyzyň abraý-mertebesini beýgeldýärler, ýaşyl Tugumyzy belentde parladýarlar. Ýakynda halkara derejede üstünlik gazanan ýaşlara hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda gowşurylan sylaglar ýaşlarymyzyň belent sepgitlere ýetmek ugrunda kalbynda besleýän ynamyny has-da artdyrdy. Bu bolsa şol bir wagtda olaryň ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize bolan çuňňur söýgüsini hem goşalandyrdy. Türkmen ýaşlarynyň şeýle üns-alada bilen gurşalmagy olara halallyga, ýagşylyga ymtylmaga, maksada okgunly bolmaga, päk zähmete yhlasly ýapyşmaga hem ruhlandyrýar.
2025-nji ýylyň dowamynda abraýly halkara ders bäsleşiklerinde hem-de sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlary döwlet derejesinde sylaglamaga hödürlemegiň sanawy düzülende, olaryň gatnaşan bäsleşikleriniň we sport ýaryşlarynyň hereket edýän reýtinglerdäki derejesinden we ähmiýetinden, şonuň ýaly-da gatnaşan ýurtlarynyň sanyndan ugur alynmagy ýaşlaryň geljekki maksadyny işjeňleşdirmekde, dünýä derejesinde ýokary netijeleri gazanmaga bolan höwesini artdyrmakda ähmiýetli boldy. Ýeri gelende bellesek, şanly ýylymyzda amala aşyrylan beýik işleriň özboluşly many-mazmuny, biri-biriniň üstüni ýetirýän berk arabaglanyşygy bar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk senesiniň giň gerimli dabaralar bilen bellenilmegi, şanly waka mynasybetli paýtagtymyzda halkara wekilçilikli forumyň üstünlikli geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň neşir edilmegi, onuň yz ýany bilen bolsa ylym-bilimde, sportda halkara görkezijilere eýe bolan ýaşlaryň ençemesiniň Şa serpaýy bilen sylaglanmagy taryhy ýylyň hümmetini we ähmiýetini artdyran bitewi bir kökeni emele getirdi. Ol köken, elbetde, milli kökleriň esasynda durýan «parahatçylyk» we «ynanyşmak» düşünjeleridir.
Ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat ýok. Ýagşy sözler, süýji jümleler, pähimler her bir adamyň göwnüni göterýär, ýüregini giňeldýär, haýyrly işlere höwes döredýär. Merdana ata-babalarymyz çuňňur mazmunly eserleri ykbalyň eçilen ajaýyp sowgady hökmünde görüpdirler. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa, ynsanperwer garaýyşlara, belent watansöýüjilige, dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilik ideýalaryna ýugrulan «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby ýaş nesliň duýgy-düşünjesine oňyn täsir etjek, geljekki üstünliklerine we maksatlaryna çelgi boljak gymmatly ruhy baýlykdyr. Çünki beýik işleri diňe parahat, asuda, abadan durmuşyň gadyryny bilýän nesiller amal edip bilýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Bu kitaby ýazmak bilen, men diňe taryhy, syýasy, medeni gymmatlyklary beýan etmän, eýsem, has uly maksada — geljek nesillere parahatçylygyň ruhy mirasyny geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdim. Biziň çagalarymyz, agtyklarymyz, olardan soňky nesiller bu hakykaty bilmelidirler. Çünki parahatçylyk mirasdyr» diýen ganatly jümleleri örän uly ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleri ýurdumyzda gazanylýan uly üstünlikleriň özeni bolup durýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň şu günki bagtyýar durmuşynyň we nurana geljeginiň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.