Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

ABADAN GELJEGIŇ AK ÝOLY

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllary ýokary zähmet ýeňişleri, şanly wakalary bilen şöhratlanýar. Bu hakykaty üstümizdäki -“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň guwançly sepgitleri, taryhy wakalary hem aýdyň subut edýär. Ajap eýýamymyzyň her bir gününde milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ýokary görkezijiler mähriban Watanymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda-da ösüş-özgerişli ýolumyza itergi berýär.

 “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatdan ugur alnyp durmuşa geçirilýän il-gün bähbitli işler bolsa, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna guwançly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda öňde baryjy tehnologiýaly ýokary öndürijilikli önümçilik kärhanalaryň gurluşygy giň gerime eýe bolýar. Şeýle bähbitli tagallalar medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen utgaşýar. Döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, şäherçeleriň ulanylmaga berilmeginde bitirilen we alnyp barylýan giň möçberli işler guwanjyňy goşalandyryp, ýokary ruhubelentligi döredýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň çar künjeginde ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaý toplumlarynyň şu günüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli ýaşaýyş jaýlarynyň eýelerinde hoşallyk duýgusyny döredýär. Begendirýän ýerem, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryny türkmen telekeçileriniň gurmagy başarýandyklarydyr. Ýene bir nygtamaly zat bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli beýik başlangyçlaryndan göz başly tutumly işleriň barha rowaçlanýandygydyr. 

Ajap eýýamymyzda türkmen halkynyň abadan geljege tarap aýdyň ýoly üstünliklere beslenýär. Muňa Türkmenistan döwletimiziň, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň ýeňişli gadamlary şaýatlyk edýär.

 

 Süleýman NURYMOW. 

Mary şäher ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň 

4-nji öý bölüminiň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

25.07.2024 Giňişleýin

ULAG ULGAMYNYŇ ÝEŇIŞLI SEPGITLERI

 

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ykdysady syýasaty Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýeňişli sepgitlere ýetilýär. Şeýle ösüş depgini “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem saklanyp galýar. Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ýokary netijeler Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagyna oňyn tasirini ýetirýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki ugurlary bilen birlikde, ulag ulgamynyň ösdürilmegine-de uly üns berilýär. Sebäbi, bu ulgamyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde guwançly netijeleriň gazanylmagy bilen baglydyr. Ulag ulgamynda demir ýoluň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi derwaýys bolup, bu babatda gowy görkezijiler gazanylýar. Bilşimiz ýaly, dürli görnüşli halk hojalyk ýükleriniň daşalmagynda demir ýol ulgamyna uly orun degişlidir. Ýolagçylary gatnatmakda-da demir ýol iň ygtybarly ulag ulgamy bolup hyzmat edýär. 

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň demir ýol ulgamynyň işi şu günüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Şu bähbitli tagallalar bolsa, dürli maksatly ýükleriň bellenilen ýerlere öz wagtynda ýetirilmegine giň ýol açýar. Ýurdumyzyň polat ýollarynyň bökdençsiz işi halk hojalygymyzyň mundan beýläk-de depginli ösdürilmegine itergi berýär. Döwlet Baştutanymyzyň beýik başlangyçlaryndan göz başly tutumly tagallalaryň bady şanly wakalara beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da barha artýar. Şeýle ösüş-özgerişli menzillerimizem eşretli ertirimize uzaýar. 

 

Tirkişmyrat ÝOMUDOW. 

“Demirýollary” AGPJ-niň 31-nji şahamçasynyň Mary stansiýasynyň 66-njy razýezdiniň demir ýoly boýunça nobatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

25.07.2024 Giňişleýin

BEÝIK YNAMA, MUKADDES BORJA WEPALYLYK

 

Diňe bir ýurduň däl, eýsem, tutuş dünýäniň geljegi, ykbaly, adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olar joşgunly derýa ýalydyr. Ýaşlaryň mümkinçiligini, kuwwatyny milletiň, adamzadyň haýryna, dünýäniň parahatçylygynyň bähbidine peýdalanmak, gülläp ösüşi üpjün etmäge, ykballary gowulyga tarap özgertmäge ukyply nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hemişe esasy wezipeleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, ýaş nesle ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Bu hakykat, ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň sport ulgamynda hem aýdyň ýüze çykýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, bu ugurda giň gerimli işler, halk bähbitli özgertmeler ýola goýuldy. Bu günki gün bolsa: «Ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak meniň esasy maksatlarymyň biridir» diýýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ulgam has uly üstünliklere, taryhy ýeňişlere beslenýär. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi, oňa halk köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Bildirilýän belent ynama ygrarly, mukaddes borjuna wepaly merdana nesiller bolsa döredilýän giň mümkinçiliklerden, döwrebap şertlerden netijeli peýdalanyp, halkara ýaryşlarda uly üstünlikleri gazanýarlar we dünýäde ýurdumyzyň sport abraýynyň has-da artmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň gi­ňişleýin mejlisinde aýdylyşy ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda türgenlerimiziň 122 altyn, 103 kümüş, 136 bürünç, jemi 361 medal gazanmaklary-da munuň aýdyň güwäsidir. 

Ata Watanymyz Türkmenistan bu günki gün iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi munuň nobatdaky aýdyň mysallary boldy. Aslynda, Milli Liderimiziň beýik başlangyjy we taýsyz tagallalary bilen paýtagtymyzda sebitde de­ňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy, onda türgenler üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi, şeýle hem bu ýerde birnäçe iri halkara ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň belent derejelere çykmagynyň baş şertini emele getirdi. Netijede, halkara sport ýaryşlaryna, dünýä çempionatlaryna, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, ýokary netijelere eýe bolýan türgenlerimiziň sany artdy. Geçen gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň sport abraýyny halkara derejede mynasyp gorap, Döwlet baýdagymyzy belende göteren ençeme türgenlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent ynamyna, gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldular. Ýeri gelende, Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň taryhynda dünýä derejeli şeýle abraýly ýaryşlarda ilkinji gezek kümüş medalyň gazanylandygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Bu şanly üstünlik sportuň ösdürilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň ajaýyp miwesi bolup, ýurdumyzyň sport taryhyna zer harplar bilen ýazyldy. 

Halk arasynda «Arassa göreşde gazanylan ýe­ňiş şatlyk getirýär» diýen pähim bar. Türkmen sportunyň taryhdan gözbaş alýan şeýle asylly däpleriniň häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýändigi, ösdürilýändigi we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy bizi has-da buýsandyrýar. Halkymyzyň iň oňat däp-dessurlaryna, edep kadalaryna laýyklykda, milli ruhda terbiýelenen türgenlerimiz hemişe di­ňe arassa ýaryşyp, halal ýe­ňiş gazanýarlar we ýaşuly nesilleriň üstünlikli ýollaryny mynasyp dowam edýärler. 

«Biziň üçin iň zerur, iň ajaýyp ýol — halkymyzy baky bagta ýetirýän ýoldur. Sport, sagdynlygam şol ýola ýetmegiň iň­ňän möhüm ugrudyr» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary, binýadyny berkden tutup, ýola goýan beýik işleri biziň ajaýyp durmuş ýolumyzdyr. Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlaryna, hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesine eýerip, bu günki gün bagtyýar türkmen ýaşlary bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini özlerine baky ýaran edindiler. Ine, bu gün bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda: «Ykbalyny sporta baglan ýaş türgenlerimiz Garaşsyz Watanymyzyň at-abraýyny ýokarlandyrýarlar. 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem ýygyndy toparlarymyzyň üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belende galdyrjakdyklaryna pugta ynanýaryn» diýmek bilen, türkmen türgenlerine bildiren uly ynamyna mynasyp jogap bermegiň pursady geldi. Bu belent ynam bagtyýar ýaşlarymyzy, ähli türgenlerimizi täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar hem-de borçlandyrýar. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň, halkymyzyň belent ynamyny ödemek bolsa her bir ýaş türkmenistanlynyň mukaddes borjudyr. 

Dana halkymyzda «Dagdan arkasy bolanyň daşdan ýüregi bolar» diýilýär. Arkasynda ýurdy, mähriban ili, Gahryman Arkadagy, Arkadagly Gahryman Serdary duran türkmen ýaşlarynyň ýüreginde belent maksat, gözlerinde dogum bar. Şeýle belent ynam bilen bitirilmejek iş, ýetilmejek menzil bolmaz. Hakyky watançy nesiller bolup kemala gelmek, mukaddes ýaşyl tugumyzy dünýäniň belent münberlerinde arşa galdyrmak ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr. Bu ýe­ňişli ýollarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, mähriban halkymyzyň ynamyny ödemek ýaşlarymyz üçin beýik mertebe, uly bagtdyr. Türkmen türgenleriniň hemişe şeýle beýik mertebä eýe boljakdygyna berk ynanyp, olara nobatdaky Olimpiýa oýunlaryndada uly üstünlikleri, şowlulyklary, sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýän ata Watanymyza şanly ýeňişler bilen dolanyp gelmeklerini arzuw edýäris. 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty

25.07.2024 Giňişleýin

KANUNLAR — KÄMILLIK BINÝADY

 

Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara kadalara laýyk getirmek we ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny kämil kanun esasynda berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Milli kanunçylygy kämilleşdirmekde soňky ýyllarda uly işler durmuşa geçirildi. Üstümizdäki ýylda-da bu babatda kanunlaryň ençemesi kabul edildi. Kanunçylygyň kämilleşdirilmegi bolsa milli ykdysadyýeti ösdürmekde, oňa daşary ýurtly maýadarlary çekmekde, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda ähmiýetli orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň 6-njy maslahatynda-da kanun taslamalarynyň ençemesine garaldy. 

Maslahatyň gün tertibiniň, esasan, «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taýýarlanan kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolandygy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň kanunçylyk esaslarynyň barha berkidilýändigini we kämilleşdirilýändigini görkezýär. Diýarymyzda şunuň ýaly uly maksatlara gönükdirilen işleriň amal edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyna aýratyn ähmiýet berýändiginiň, netijede, onuň binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň mynasyp güwäsidir. Bu ýagdaý halkara hyzmatdaşlygyň barha ösdürilmegine, şeýle hem dürli ugurlarda alnyp barylýan işleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam edýär. 

Gürrü­ňi edilýän maslahatyň dowamynda «Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen we beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda», «Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Tertipnamasynyň VI maddasyna Üýtgetmäni tassyklamak hakynda», «Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda», «1994-nji ýylyň 9-njy sentýabryndaky Ýewraziýa Patent Konwensiýasyna degişli Senagat nusgalaryny goramak hakynda Teswirnama goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy we biragyzdan kabul edilmegi döwletimizi ählitaraplaýyn ösdürmäge täze mümkinçilikleri döreder. Şonuň bilen birlikde-de, olar ýurdumyzyň hukuk binýadynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kämilleşdirilýändigini görkezmek bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmäge, şeýle hem ugurdaş ulgamlaryň işini kämilleşdirmek üçin hukuk mümkinçiliklerini gi­ňeltmäge gönükdirilendir. 

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda hem degişli Kanunlaryň kabul edilmegi bolsa bu ugurdaky işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksadyndan ugur alýar. 

Türkmenistanda amal edilýän her bir iş döwletimiziň has hem kuwwatlanmagyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu işleriň özeninde bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyza, eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi durandyr.

 

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy

23.07.2024 Giňişleýin

YKBALLARY NURLANDYRÝAN DÖWRÜŇ BEÝIK ÖSÜŞLERI

 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­mynyň Gal­ky­ny­şy döw­ri dost­-doganlyk, hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­rimi­zi naý­ba­şy orun­da goýup, ýur­du­my­zy äh­li ugur­lar­da gül­läp ös­ýän döw­le­te öwür­mek babatda­ky giň ge­rim­li öz­gert­me­leriň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gin­de döredi­ji­lik­li zäh­me­tiň nus­ga­sy­ny gör­kez­ýän ag­zy­bir halky­my­zyň be­ýik mak­sat­la­ry­nyň my­ra­dy­na gowuş­ýan za­ma­na­sy­dyr. Şöh­rat­ly taryhymyzyň al­tyn sa­hy­pa­la­ry­ny art­dyr­ýan «Pä­him­-paýhas um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň pa­ra­sat­ly baştutan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik işler, nu­ra­na geljegi­mi­zi na­zar­la­ýan iri möç­ber­li tas­la­ma­lar mu­ňa buý­sanç­ly subutnama­lar­dyr. Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän şeý­le döw­let­li işler ýur­du­my­zyň be­dew bat­ly ok­gun­ly ösüş­leri­niň, ynsan­per­wer döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň rowa­na ak ýol­la­ry ba­ky hem­ra edinenli­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­dir. Şol bir wagt­da, mu­nuň özi Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ber­ka­rar eden döwlet­li­lik ýol-­ýö­rel­ge­si­ni üs­tün­lik­le­re bes­le­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­lala­ry bi­len ata Wata­ny­my­zyň anyk müm­kinçi­lik­le­re esas­lan­ýan ägirt uly tas­la­ma­la­ryň do­wam­ly ama­la aşy­ryl­ýan aja­ýyp me­ka­ny­na öw­rü­len­di­gi­ni hem aý­dyň gör­kez­ýär. Mu­nuň anyk my­sal­la­ry bol­sa durmuşa geçirilen beýik işlerde aýdyň görmek bolýar. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ge­çen ýy­lyň no­ýabr aýy­nyň il­kin­ji günle­rin­de Balkan welaýatyna bo­lan iş sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da Türkmenbaşy et­ra­by­nyň çä­gin­de tä­ze, döwre­bap elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň, Guw­ly­ma­ýak şä­her­çe­sin­de me­de­ni­-dur­muş mak­sat­ly bi­nala­ryň düý­bi tutu­lyp, Ma­ry­-Ahal ug­ry boýun­ça ýo­ka­ry wolt­ly as­ma elekt­rik ge­çi­ri­ji­si hem­-de Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da iki sa­ny gaz tur­bi­na des­ga­sy ulan­ma­ga be­ril­di. El­bet­de, bu pur­sat­lar sebi­tiň ila­ty­nyň dur­mu­şyn­da ta­ry­hy wa­ka­lar bo­lup­dy. Se­bä­bi iri möçberli tas­la­ma­lar bu kün­je­giň nu­ra­na gel­je­gi­niň, dur­muş­-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk­de ok­gun­ly ösü­şi­niň ke­pi­li­dir.­ 4 ­sa­ny gaz hem-de 2­ sa­ny bug tur­bi­na­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň öndüri­ji­lik kuw­wa­ty 1574 me­ga­wa­ta deň bo­lup, ol ýur­du­myzda şeý­le kuw­wat­ly elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň ikin­ji­si­dir. Des­ga ök­de hü­när­li işgärleriň 150­-den gow­ra­gy­ny he­mi­şe­lik iş orun­la­ry bi­len üp­jün eder. Diý­mek, bu iri möç­ber­li tas­la­ma ila­tyň bag­ty­ýar ýa­şa­ýyş-­dur­mu­şydyr, ojak­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­dyr, eg­sil­mez rys­gal ­be­re­ke­di­dir. 

Guw­ly­ma­ýak şä­her­çe­sin­de gur­lu­şy­gy­na badal­ga ber­len ýa­şa­ýyş jaý­lar we bi­na­lar top­lu­my hem şeý­le mi­ze­mez ha­ky­ka­tyň subutnamalary­dyr. Üç ýy­lyň do­wa­myn­da ama­la aşy­ryl­jak bu tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de şä­her­çe­de ­4 ­gat­ly­ 6­ sa­ny 32 öý­li,­4 ­sa­ny 40 öý­li hem­-de­ 2 ­sa­ny 60 öý­li ýa­şa­ýyş jaý­la­ry gur­lar. Şeý­le-­de bu ýer­de 320 orun­lyk umumybilim ber­ýän or­ta mek­debiň, 120 orun­lyk ça­ga­lar ba­gy­nyň, söwda we dynç alyş mer­ke­zi­niň ra­ýat­la­ryň hyz­ma­ty­na be­ril­jek­di­gi halky­my­zyň bag­ty­ýar­lyk­da ýa­şama­gy, ha­lal zäh­met çek­me­gi ba­bat­da döw­leti­miz ta­ra­pyn­dan edil­ýän ala­da­la­ryň ke­pi­li­dir. 

Ula­nyl­ma­ga be­ril­jek des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da my­na­syp or­ny eýeleýän Je­bel şä­her­çe­sin­dä­ki Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuwwaty­nyň art­ma­gy­na, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­na gö­nük­di­ri­len iri möç­ber­li tas­lama­la­ryň bi­ri­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ak pa­ta bermegi bi­len gur­lu­şy­gy­na gi­ri­şi­len ho­wa men­zi­li sa­gat­da 100 ýo­lag­ça hyz­mat et­mä­ge ukyp­ly bol­mak bi­len, kä­mil ae­ro­nawi­ga­si­ýa dü­züm­le­ri we teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­ler. Dö­re­dil­ýän şeý­le müm­kin­çi­likler hem-­de men­zil­de di­ku­çar­la­ryň dör­dü­si, uçar­la­ryň bol­sa al­ty­sy üçin dural­ga­la­ryň göz öňün­de tu­tul­ma­gy hal­ka­ra de­re­je­li bu ho­wa men­zi­lin­de dür­li gör­nüş­li ho­wa gä­mi­le­ri­ni ka­bul et­mä­ge şert­le­ri dö­re­der. Şun­da hyzmat­la­ryň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň baş orun­da dur­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek. Munuň özi Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de ýo­lag­çyla­ry gatnat­mak­da hem­-de ýük­le­ri da­şa­mak­da ýer­li we da­şa­ry ýurt gatnawlary­na hal­ka­ra hil ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk hyz­mat et­mä­ge mümkin­çi­lik be­rer. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta­ bermegi bi­len ula­ny­şa tab­şy­ry­lan Bal­kan­—­Da­şo­guz ug­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry wolt­ly as­ma elekt­rik ge­çi­ri­ji­si yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu pu­da­gy­nyň dur­mu­şyn­da şan­ly wa­ka hem­-de ýurdu­myzda hal­ka­la­ýyn elekt­roul­ga­my dö­ret­me­giň ta­mam­laý­jy tap­gy­ry bol­dy. Onuň çäk­le­rin­de her biriniň güý­jen­me­si 500 ki­lo­wolt bo­lan «Balkan» we «Da­şo­guz» elekt­rik be­ket­le­ri hem gu­rul­dy.­­ 

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerinden göz­baş al­ýan bu taryhy tas­la­ma­nyň baş maksa­dy içer­ki sarp edi­ji­le­ri elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len bök­denç­siz üp­jün et­me­giň yg­ty­bar­ly­lygy­ny has-­da ber­kit­mek­den yba­rat­dyr. Çün­ki se­bit­le­riň ener­goul­gam­la­ry­nyň bi­te­wi energe­ti­ka halkasy­na bi­rik­di­ril­me­gi ýur­du­my­zyň is­len­dik kün­je­gin­de elekt­rik energi­ýa­sy bi­len bag­ly­lyk­da ýü­ze çyk­ma­gy müm­kin bo­lan bökdençlikleri des­si­ne dü­zet­mä­ge şert­le­ri üp­jün ed­ýär. Hal­ka­la­ýyn energoul­ga­myň dö­re­dil­megi­niň eziz Di­ýa­ry­my­zyň is­len­dik kün­je­gin­den elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny da­şar­ky ba­zar­la­ra çy­karmak müm­kin­çi­li­gi­ni el­ýe­ter­li eden­di­gi­ni hem aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek.

 Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­da dur­ma­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan döwlet­li işler yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ägirt uly kuw­wa­tyn­dan ha­bar ber­ýär. Kuw­wat­ly ykdy­sa­dy­ýet ýur­du­my­zyň nu­ra­na gel­je­gi­dir, halkymyzyň eş­ret­li dur­mu­şy­dyr. Eziz Wata­ny­my­zyň ok­gun­ly ösü­şi, halky­my­zyň bagty­ýar­ly­gy bol­sa Gahryman Arkadagymyzyň hem­-de Arka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­ry­hy özgertmeleriniň aýdyň beýanydyr. 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky 

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň 

başlygy, Mejlisiň deputaty

22.07.2024 Giňişleýin

SAGDYN JEMGYÝETIŇ BINÝADY

 

Jemgyýetiň abadançylygyny, döwletiň gülläp ösüşini üpjün etmekde bedenterbiýä we sporta wajyp orun degişlidir. Dünýä derejesinde bu ugurlary ösdürmek, ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak, halkara ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Berkarar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketine nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan kämilligini gazanmakda möhüm şertleriň biri hökmünde garalýar. Degişli ugurdaky döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýän türgenleri taýýarlamaga gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr. Şonuň bilen birlikde, ol ýokary netijeli sporty ösdürmegiň hem esasy şertleriniň biridir» diýip belleýär. Bu jümlelerde ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketiniň öňünde durýan esasy wezipeler beýan edilýär.

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler has-da işjeňleşdirilip, bu ugurdaky milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Professional sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, «Türkmenistanda 2021 ― 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi Diýarymyzda sport ulgamyny ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşilýändigini subut edýär. Häzirki döwürde ulgamyň kanunçylyk binýadyny berkitmek bilen baglylykda, maýyplygy bolan adamlaryň dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaklaryny düzgünleşdirmek, ýurdumyzda sport ulgamynda amala aşyrylýan işleri Bütindünýä dopinge garşy göreş agentliginiň kodeksine laýyk getirmek bilen baglanyşykly kanunlara goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek boýunça alnyp barylýan işleri görkezmek bolar. 

Bedenterbiýe we sport ulgamynyň kanunçylyk binýady bilen birlikde, jemgyýetiň sagdynlygyny goramakda giň gerimli hem-de anyk maksatlara gönükdirilen çäreleriň hem yzygiderli geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi oňyn netijelerini berýär. Iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi hem sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinýän ildeşlerimiziň sanynyň barha artmagynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Paýtagtymyzda soňky birnäçe ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýaly iri ýaryşlaryň tejribesi hem bu hakykaty aýdyň tassyklaýar. 

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde ildeşlerimize nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, 

TSTP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň 

orunbasary, Mejlisiň deputaty.

20.07.2024 Giňişleýin

DÖWRÜŇ TALABY — SANLY YKDYSADYÝET

 

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilen syýasaty ilatyň abadançylygy üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar.

 Esasy Kanunymyzyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar» diýlip kesgitlenilýär. Bu konstitusion kadalar «Aragatnaşyk hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Maglumatlar we ony goramak hakynda», «Kiber howpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda giňişleýin beýan edilendir. 

Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna ornaşdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaly iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň ähli ulgamlarynyň durnukly ösüşine uly itergi berýän sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, şeýle-de jemgyýetde we döwlet dolandyryşynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artmagyna, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Ol ylmyň we tehnikanyň ösüş kuwwatyna, jemgyýetiň ylmy-tehniki meseleleri çözmek bilen bagly mümkinçilikleriniň hem-de gorlarynyň derejelerine toplumlaýyn baha bermek bilen häsiýetlendirilýär. Onuň görkezijileri bolup bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler, işleriň maddy-tehniki üpjünçiligi, maglumatlar gory ýaly görnüşler çykyş edýär. Şunuň bilen bir hatarda, «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynda: «Administratiw önümçiligiň amala aşyrylmagy ýönekeý, maksadalaýyk we gysga möhletli bolmalydyr» diýen kada berkidilendir. Bu kada, ilkinji nobatda, önümçiligiň ähli babatda tygşytlylygyny aňladýar. Ýagny, mümkin boldugyça, az harajat etmek bilen kesgitli netijäniň ýa-da anyk serişdeleriň üsti bilen mümkin bolan oňyn netijäniň gazanylmagyny göz öňünde tutýar. Ýönekeýlik we maksadalaýyklyk diňe çözgüt kabul etmek üçin zerur bolan ýagdaýlaryň ýüze çykarylmalydygyny, eger ýüze çykan sorag häzirki zaman elektron serişdeler arkaly çözülip bilinýän bolsa, önümçiligiň raýaty ýa-da ýuridik şahsyň wekilini çagyrmazdan amala aşyryp bolýandygyny aňladýar. 

Goý, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin giň gerimli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumadamzat bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun! 

 

Sahyberdi JEPBAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky 

komitetiniň agzasy

 

19.07.2024 Giňişleýin

Geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň edebiýaty, medeniýeti, sungaty dünýäde arzylanyp, umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň deňsiz-taýsyz döredijiligi hem halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma eýe bolýar. Beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldaryň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen eserleriniň birnäçe dillere terjime edilmegi, onuň edebi mirasynyň dünýä jemgyýetçiligine ýaýylmagy babatdaky işleriň has-da giň gerime eýe bolmagy şahyryň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetine eýediginden habar berýär. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly täze kitabyň neşir edilmegi şahyryň hormatyna atlandyrylan şöhratly ýylyň şanly wakalarynyň biri boldy. Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen ýygyndynyň okyjylara gowuşmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Ýygyndynyň üç dilde aýratyn kitaplar görnüşinde taýýarlanylmagyny olardaky goşgularda beýan edilýän çuň mazmunly pikir-garaýyşlaryň, pent-nesihatlaryň diňe bir halka ýa-da bir millete däl-de, eýsem, tutuş ynsanyýete dahyllydygy bilen düşündirse bolar. Hakykatdanam, şahyryň öňe süren agzybirlik, parahatçylyk, ynsanperwerlik, watançylyk taglymatlary tutuş adamzada gönükdirilendir, ähli halka çakylykdyr. 

Bu gymmatly ýygyndy akyldar şahyryň durmuş pelsepesine ýugrulan watançylyk, gahrymançylyk, edep-terbiýe, döwletlilik baradaky pikir-garaýyşlaryny çeper dilde beýan edýän ajaýyp goşgularynyň toplumydyr. Taryhy suratlar bilen bezelmegi onuň ýene bir artykmaçlygy bolmak bilen, kitabyň ähmiýetini hem-de täsirliligini artdyrýar. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ebedileşdirmekde alnyp barylýan bu işler geljekki nesiller baradaky aladany hem öz içine alýar. 

Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragynyň päk ahlaklylyk, edep-terbiýe, watansöýüjilik, gözelligi wasp etmek, berkarar döwlet baradaky ynsan aňyna we ýüregine ornaýan gymmatly ündewleri biziň döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. Bularyň ählisi iň asylly adamzat däplerine daýanýan ynsanperwer gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam edýär» diýmek bilen, akyldar şahyryň abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Goý, beýik şahyryň gymmatly ündewlerini parasatly döwlet syýasatynda ýörelge edinýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumlary rowaç bolsun! 

 

Annabagt Ma­ýe­wa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

18.07.2024 Giňişleýin

ÖZGERTMELER DÖWRÜŇ TALABY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ösüşlere beslenýän ýyllarynda bolup geçýän özgertmeler döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynyň täze döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Şu jähtden her bir ugurda gazanylýan üstünlikleri berkitmek, olaryň hukuk binýadyny kämilleşdirmek işleri giň gerimde durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, golaýda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynda dürli ugurlara degişli kanunlary kämilleşdirmek boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Şolaryň hatarynda «Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen we beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda», «Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Tertipnamasynyň VI maddasyna Üýtgetmäni tassyklamak hakynda», «Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda», «1994-nji ýylyň 9-njy sentýabryndaky Ýewraziýa Patent Konwensiýasyna degişli Senagat nusgalaryny goramak hakynda Teswirnama goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Ylmy edaralar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de Mejlisiň karary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryndan ugur alnyp, bedenterbiýe we sport ulgamynyň hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 

Ýurdumyzda maýyplygy bolan we saglyk mümkinçilikleri çäkli adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny has-da höweslendirmek hem-de dünýä tejribesinde kabul edilen kadalara laýyk getirmek maksadynda, bu kanuna «Aziýa Para oýunlary» diýen düşünje goşuldy, türgenleşik geçirilýän fitnes zallary hem-de olarda gurnalýan trenažýorlary tehniki howpsuzlyk kadalaryna laýyk getirmek göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu Kanun bilen fitnes tälimçileriniň tejribesini, ýörite bilimlerini, nazary we usuly taýdan taýýarlyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, bedenterbiýe we sport bilen bagly hyzmatlary sertifikatlaşdyrmak işini bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlylygynda amala aşyrmak bilen bagly goşmaça girizildi, beden terbiýesiniň döwlet toplumy bilen bagly üýtgetmeler girizmek we käbir maddalary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek göz öňünde tutuldy. 

Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ilerlemegine, sportda gazanylýan netijeleriň üstünliklere beslenmegine bu Kanunyň ýardamy örän uly bolar. 

Beýleki kabul edilen kanunlar hem şol ugurlara degişli meseleler göz öňünde tutulyp, üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň hasabyna kämilleşdirildi. Bularyň ählisi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň her bir ugrunyň hukuk binýadynyň berkidilmegini göz öňünde tutýar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň deputatlaryň öňünde goýýan wezipeleriniň amal edilýändigini görkezýär. 

 

Ýeňiş HAÝYTJANOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

18.07.2024 Giňişleýin
1 ... 13 14 15 16 17 ... 60