Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň özeninde durýar. Munuň özi pederlerimiziň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň döwletliligiň gözbaşydygy baradaky durmuş ýörelgeleriniň dowamat dowam bolýanlygynyň miwesidir. Dost öýüne uly sarpa goýmak, baran ojagyňa döwlet dilemek ýaly türkmeniň ruhy dünýäsiniň keşbini çekýän ýörelgeler bolsa her bir ädimimize rowaçlyk eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň 25-26-njy noýabrda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary hem deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.
Häzirki döwürde ýurtlarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi, sebit we ählumumy derejede dürli ugurlara degişli möhüm meseleler boýunça özara düşünişmek ýagdaýynyň bardygy hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň döwlet Baştutany Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygynyň barşynda hem kanagatlanma bilen bellenilip geçildi. Merkezi Aziýanyň halklarynyň arasynda köp babatda umumylygyň, meňzeşligiň, ýakynlygyň bardygy aýratyn belläp geçmäge mynasypdyr. Ol umumylyk milli-ruhy gymmatlyklarymyzda has aýdyň ýüze çykýar. Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň, Aşgabatda bolsa Kurmangazy Sagyrbaýulynyň we Abaý Kunanbaýewiň ýadygärlikleriniň açylmagy soňky ýyllarda iki doganlyk halkyň arasyndaky hormat-sarpa esaslanýan gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygyndan habar berýär. Iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäklerinde alnyp barylýan gatnaşyklar sebitde parahatçylygy pugtalandyrmaga we dürli ugurlara gönükdirilen başlangyçlaryň ilerlemegine täsirini ýetirýär. Iki ýurduň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi we strategik hyzmatdaşlygy berkitmekdäki şahsy goşandy üçin, şeýle hem gazak-türkmen gatnaşyklarynyň geljekki rowaçlyklaryny nazarlap, öňde goýlan maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynamyň belent nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglanyldy. Bu bolsa geçilen menzillerde ädilen ädimlerden çuňňur kanagatlanmany alamatlandyryp, her birimizi buýsandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikler, gol çekilen Ylalaşyklardyr Ähtnamalar iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga berýän waka öwrüldi. Dürli ugurlara degişli, şol sanda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşykda, Türkmenistanyň Balkan welaýat häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamada, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasynda ylym babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamada, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň «Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradiotoplumy» hojalyk dolandyryş hukukly respublikan döwlet kärhanasynyň arasynda maglumat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşykda öňde goýlan maksatlaryň durmuşa geçirilmegi geljekde iki ýurduň, sebitiň halklaryna rehnet eçiler. Şeýle buýsançly sözleri hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurda döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalarynyň gazak kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalar barada hem aýtmak bolar. Olaryň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen «Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasy» milli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen «Halkara syýahatçylyk we myhmansöýerlik uniwersiteti» täjirçilik däl paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Medeniýet komitetiniň Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama hemde «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «TNSPlus» jogapkärçiligi çäklendirilen şereketiň arasynda Türkmenistan — Gazagystan Respublikasynyň serhet geçelgelerinde optikisüýümli aragatnaşyk kabelini gurnamak we magistral torlary birikdirmek meýilleri hakynda Ähtnama bar.
Halkymyzda döwletli ynsanlaryň her ädiminiň rysgalbereket getirýändigi barada ynam bar. Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň miweleri halkymyzyň rysgaldöwletini hasda artdyrar. Bizi dostdoganlyk ýollary bilen ösüşlerdenösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, tutumly işleri rowaç bolsun!
Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.