Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
27.11.2025

Parahatçylygyň hem ynanyşmagyň binýady

 

     Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ýur­dumyzda dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary kämil derejede ýola goýmaga, sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, hyzmatdaşlygy, ösüşi üpjün etmäge ýardam berýän gymmatly syýasy tejribä öwrüldi.

     Bitaraplyk Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň gazanan beýik gymmatlygydyr. Bu düşünjäniň çägine parahatçylykly durmuş, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, durmuş-ykdysady ösüşleri gazanmakda arkalaşykly hereket etmek, umumy ykrar edilen halkara hukugyň esasy ýörelgelerini goldamak we goramak, deňhukukly gatnaşyklary üpjün etmek ýaly häzirki döwür üçin iňňän möhüm bolan çemeleşmeler girýär. Halkara hukugyň esasy hökmünde kesgitlenen bu ýörelgeleriň Bitaraplygyň taglymaty bilen umumy garaýyşda bir ýere jemlenmesi türkmen Bitaraplygynyň täsirini has-da artdyrýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde dabaralandyrýan bitaraplyk syýasatynyň taryhy ähmiýetini has-da çuň düşünjä öwürýär. 

     Ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ry­na ser sal­sak, ata-babalarymyzyň islendik ýagdaýda hem parahatçylyk, ynanyşmak ýoluna eýerendiklerine göz ýetirmek bolýar. Bu aýdanlarymyza Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndaky: «Milli bitewülige we hoşniýetli goňşuçylyga, beýleki halklar bilen parahatçylyk söýüjilik we dostlukly gatnaşyklara gadyr goýmagy türkmen halkynyň taryhynyň özi öwretdi» diýen parasatly sözleri hem aýdyň subutnamadyr.

      Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen utgaşmagy ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Bu taryhy se­ne Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­taraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýär. Geçen 30 ýylyň dowamynda Bitarap döwletimiz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşdyryjylygyň we dostlugyň mekanyna öwrüldi. 

     Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllyk baýramynyň şanyna guralýan medeni çäreleriň halkara derejede amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyz parahatçylygyň, bagtyýarlygyň berkarar bolýan ülkesi hökmünde ykrar edilýär. Munuň özi umumadamzat jemgyýetiniň ýaşaýşy üçin uly ähmiýete eýe bolan parahat durmuşy üpjün etmek bilen berk baglydyr. Watanymyzyň bagtyýarlygy, agzybirligi, abadan durmuşy, asudalygy nusgalykdyr. 

     Ak şäherimiz Aşgabadyň sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi türkmen Bitaraplygynyň iş ýüzünde ykrar edilýändigini görkezýär. Şeýle asylly ýö­rel­ge­le­re eýer­ýän Türkme­nis­ta­nyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde uly gol­da­wa eýe bol­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy özüniň doly many-mazmunynda sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda, deňhukukly we özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Mälim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň baş­langyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýanynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Häzirki wagtda bu topara birnäçe döwletler agza bolup durýar we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary goldaýar. 

     Döwlet Baştutanymyzyň parasatly daşary syýasatynyň maksady Ýer ýüzünde ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy pugtalandyryp, döwletleriň we halklaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden yba­rat­dyr. Mu­ňa Türk­me­nis­tanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilýän Kararnamalar hem aýdyň subutnamadyr. Şol resminamalar parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. 

     Şu ýyl Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde tek­lip eden Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tutýan garaýyşlary döwletimiziň ösüş tejribesini adamzadyň bähbitleriniň hyzmatyna goýmaga, ösüş arkaly parahatçylyga we howpsuzlyga gönükdirilen halkara gatnaşyklaryň kämilleşmegine hem-de özara hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmegine oňyn täsir eder diýip, ynamly aýdyp bolar. 

     Bitaraplyk biziň ösüşiň täze belentliklerine barýan röwşen ýolumyzda ruhlandyryjy güýç, çäksiz gymmatlygymyzdyr. Halkymyzyň ynsanperwerliginiň we parahatçylyk söýüjilikli ýolunyň dünýäde ykrar bolan nusgasydyr. Ony dünýä ýaýyp, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlara badalga berýän we ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi üçin taryhy tutumlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris. 

 

Baýrammyrat Ha­jy­mäm­me­dow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy