Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
25.12.2025

Berkarar ýurdumyzda iller bagtyýar

 

     2025-nji ýyl baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň elimize gowuşmagy ýaly möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, şeýle hem ägirt uly durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala  aşyrylan  döwri  hökmünde taryhyň sahypalaryna girýär. 

 

     Häzirki döwürde biziň ýurdumyz sebitde we dünýäde durnuklylygy üpjün etmäge uly goşant goşýan ýurtlaryň biridir, ýokary depginde ösýän, maýa goýum babatda özüne çekiji döwletdir. Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan döwletli ýörelgeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda, halkymyzyň abadançylygyny, döwletimiziň üstünlikli ösüşini üpjün etmekde amala aşyrylýan işler, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynda gazanylýan üstünlikler, binagärlik açylyşlary geçip barýan ýylda öňde goýlan asylly maksatlaryň amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

     Tamamlanyp barýan ýylymyzda amala aşyrylan düýpli özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy  ýaly, welaýatymyzda  hem möhüm  ähmiýetli desgalar işe girizildi, medeni-durmuş maksatly binalar we köpsanly ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berildi. Baýramçylyk günlerinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň we ussat tälimçileriniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen dünýä derejesindäki ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda gazanan ýokary üstünliklerini we olaryň tälimçileriniň bu ugurda bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, Şa serpaýlaryny gowşurmagy hem ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmaga, ylym-bilimi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýändigine güwä geçýär. Bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda hem düýpli özgertmeler dowam etdirilýär. 

     Goý, golaýlaşyp gelýän Täze, 2026-njy ýylda hem Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesi has-da belende  galsyn!  Türkmen  halkyny  röwşen geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn!

 

Gadam HEMRAÝEW, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.