The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

SÖWDA ULGAMYNDAKY INNOWASION ÇEMELEŞMELER

 

     «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen çözgütler, paýlaşylan tejribeler, öňde goýlan wezipeler dünýä hojalyk gatnaşyklarynda ornuny berkitmäge hem-de raýatlary üçin abadan durmuşy üpjün etmäge ymtylýan ýurtlar üçin möhüm ähmiýete eýedir. Forumyň çäklerinde dürli ýurtlaryň, abraýly halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, bilermenleriň we işewür toparlaryň gatnaşmagynda geçirilen çäreleriň aglaba bölegi ykdysady ösüş hem-de durmuş abadançylygy mowzugyna bagyşlandy. 

     Dürli mowzuklar boýunça geçirilen ýokary derejeli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler özara tejribeleri alyşmakda netijeli meýdança öwrüldi. Şeýle görnüşde geçirilen çäreleriň biri söwdanyň özgerýän kuwwatyndan peýdalanmak, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek hem-de durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde sebitleýin ýakynlaşmak meselelerine bagyşlandy. Söhbetdeşlikde, esasan, söwda mümkinçiliklerini giňeltmäge, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, infrastrukturany gowulandyrmaga we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn strategiýalarydyr maslahatlary işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

     «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ösüşi bilen bagly möhüm meseleleriň hatarynda gümrük işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, elektron söwda platformalarynyň ösdürilmegi we innowasion logistiki çözgütleriň kabul edilmegi ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Bularyň ählisi söwda amallaryny ep-esli ýeňilleşdirmäge hem-de daşary ykdysady işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Elektron söwda platformalary bolsa içerki we daşarky bazarda hem önüm öndürijiler, sarp edijiler üçin uly ýeňillikleri hödürleýär. Sarp edijiler sanly platformalaryň kömegi arkaly özlerini gyzyklandyrýan harytlary sargyt edip bilýär. Önüm öndürijilere bolsa sanly platformalar müşderilere harytlaryny tanatmaga, gönümel aragatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Innowasion logistik çözgütler harytlaryň sargyt edijilere çalt hem-de ygtybarly ýetirilmeginde möhüm gural bolup hyzmat edýär.

     Şeýle hem bu çärede deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň söwda mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin netijeli gural hökmünde sebitde ýakynlaşmagyň orny ara alnyp maslahatlaşmalaryň möhüm meseleleriniň biri boldy. Islendik sebitiň döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli ýola goýulmagy oňyn netijelerini berýär. Halkara forumda köptaraply söwda ulgamy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratynlyklaryny we isleglerini nazara almak bilen, halkara söwda kadalaryny uýgunlaşdyrmagyň zerurlygyna üns çekildi. 

     «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň dowamynda söwdany giňeltmek babatda durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak meselelerine hem garaldy. Şunuň bilen baglylykda, ulag we söwda amallarynyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga mümkinçilik berýän ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary we tejribeleri ornaşdyrmagyň zerurdygyna üns çekildi. Çünki häzirki zaman dünýäsinde ykdysady ösüş we daşky gurşawyň abadançylygy bir-biri bilen berk baglanyşykly ugurlardyr. Bu gün önümçilik işi tebigata zyýan ýetirýän däl-de, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmaga gönükdirilýär. Awaza forumynda gazanylan netijeler bütin dünýäde söwda we sebitleýin hyzmatdaşlyk ulgamynda täze mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam edýän geljekki hereketler we strategiýalar üçin esas bolup hyzmat edip biler. 

 

Serdar ARAZOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.

16.08.2025 Details

TARYHY FORUM

 

     Dün­ýä sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň mer­je­ni ha­sap­la­nyl­ýan «Awa­za» mil­li sy­ýahat­çy­lyk zo­la­gyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň we oňa ugur­daş beý­le­ki çä­re­le­riň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwrü­niň ta­ry­hy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri bol­dy.

 

     Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde geçirilen bu uly forum Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki şan-şöhratyny, at-abraýyny öňküdenem belende göterdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şeýle umumadamzat bähbitli çäräniň biziň ýurdumyzda guralmagy ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwerlik, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk taglymatynyň, döwletimiziň parahatçylyk, ynanyşmak, abadançylyk we hyzmatdaşlyk babatdaky ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini görkezdi. Muny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her on ýyldan bir gezek geçirilýän halkara forumda eden taryhy çykyşynda: «Parahatçylyk, ynanyşmak, Bitaraplyk düşünjeleri biziň üçin özara aýrylmaz bagly bolup, Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň manysyny we düýp mazmunyny düzýär» diýen sözleri hem aýdyň tassyklaýar. 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen Hereketleriň Awaza maksatnamasy, Awaza syýasy Jarnamasy, şeýle-de beýleki çözgütler ýurtlaryň has-da ýakynlaşmagynda, durnukly ösüşe ýetmeginde möhüm ähmiýetli bolar. Öz işini Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlan halkara forumyň dünýä taryhyna altyn harplarda ýazyljakdygyny ynam bilen aýtsa bolar. 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, Le­bap we­la­ýat hä­kim­li­gi­niň baş hünär­me­ni, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty

16.08.2025 Details

АВАЗА – СИМВОЛ НАДЕЖДЫ И ВОЗМОЖНОСТЕЙ

 

     Эра Возрождения новой эпохи могущественного государства, – это то время, когда укрепляется незыблемая основа счастливой жизни, в том числе для грядущих поколений. Очередное тому свидетельство – Третья  Конференция  Организации  Объединённых Наций по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю, успешно и на высоком уровне проведённая в Национальной туристической зоне «Аваза». 

 

     Это представительное мероприятие, организованное в Международный год мира и доверия, когда продолжается подготовка к славным датам – 34-й годовщине священной независимости и 30-летнему юбилею нейтралитета Туркменистана, продемонстрировало всему миру достижения нашего суверенного государства. Вместе с тем оно стало свидетельством широкого признания и поддержки международным сообществом образцового политического курса нашей страны в интересах всего человечества. Этот курс был выстроен Национальным Лидером туркменского народа, Председателем Халк Маслахаты Туркменистана Героем-Аркадагом и последовательно проводится  под руководством уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара. 

    Третья Конференция ООН по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю, как и другие параллельные мероприятия в её рамках, всесторонне освещались в средствах массовой информации. Яркие события тех дней надолго останутся в памяти участников. Большие усилия для этого приложила наша страна. Принимая Форум, Туркменистан в полной мере проявил солидный опыт, наработанный в организации и проведении на высоком уровне масштабных международных мероприятий в соответствии с национальными традициями. 

   Опыт нашей страны признан показательным и получил высокую оценку со стороны Организации Объединённых Наций также в плане выстраивания международных отношений. 

    Это подчёркивалось в выступлении Генерального секретаря ООН Антониу Гутерриша на торжестве по случаю Третьей Конференции ООН по РСНВМ. Руководитель авторитетной международной организации отметил, что активно взаимодействовал с Правительством Туркменистана на протяжении около 20 лет, когда занимал различные посты в структуре ООН. Генсек ООН с благодарностью вспомнил эффективный подход Правительства Туркменистана к решению вопросов безгражданства, в чём убедился во время первого визита в нашу страну в должности Верховного Комиссара ООН по делам беженцев. Антониу Гуттериш также заявил, что Третья  Конференция  ООН по РСНВМ является значимым в масштабах истории событием, особенно для развивающихся стран, не имеющих выхода к морю. 

    Программа Авазинского форума была посвящена выработке действенных решений по конкретным для стран вопросам. Речь идёт о повышении позиции этих стран в системе мирохозяйственных связей, об обеспечении защиты их экономических интересов в равной степени, а также о доступности для них международных транспортно-транзитных маршрутов для активизации торговли и экономического развития. 

    Кроме того, следует выделить ещё одну важную составляющую в контексте сотрудничества и развития, которую подчеркнул Аркадаглы Герой Сердар в своём выступлении на первом пленарном заседании Третьей Конференции ООН по РСНВМ: «Тематика нашей Конференции имеет глобальную значимость. Она включает в себя ключевые измерения международной деятельности: гуманитарное, экономическое, социальное, экологическое и другие направления. В первую очередь хочу подчеркнуть важность гуманитарных вопросов. Государственная политика Туркменистана обращена к человеку, его запросам и потребностям. Она сфокусирована на раскрытии личности, её интеллекта и творческого потенциала, духовного и физического здоровья, защите и обеспечении законных прав и интересов». 

    Образцовость и важность для всего человечества принципов, заложенных в основу внешней и внутренней политики независимого нейтрального Туркменистана, в полной мере отразились в масштабной подготовке к Авазинскому форуму и в составлении программ его мероприятий при непосредственном участии Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага. Эти принципы позволили участникам Форума убедиться в востребованности повестки и решений, принятых по его итогам на основе политической, общественной и духовной опоры, позволившей консолидировать усилия в предстоящей работе. Таким образом, очевидно, что любой вопрос, в том числе глобальный, можно урегулировать сообща, руководствуясь отношениями дружбы и братства, доверия и мира. Кроме того, мероприятия в рамках этого масштабного Форума продемонстрировали историю, культуру, традиции и жизненные ориентиры народов Центральной Азии и Азербайджана. 

    При детальном анализе мероприятий в рамках Третьей Конференции ООН  по РСНВМ – форумов, встреч, выставок и фестивалей – отчётливо проявляется роль внешнеполитической стратегии суверенного Туркменского государства в глобальном развитии. Её суть выражена Героем-Аркадагом:  «Наши сердца, помыслы и устремления открыты для мира. В этом главное содержание внешней политики Туркменистана. Характер туркменского народа, его уважительность к другим народам, готовность прийти на помощь, на деле проявить солидарность – эти черты мы переносим в свою деятельность на международной арене. И это не просто практика, это философия внешнеполитического курса Туркменистана». 

    Смысл этих слов подводит к тому, что гуманистические идеи, выдвинутые на протяжении всей истории развития человеческого общества и выступающие основным надёжным ориентиром в жизни, служат для новой эпохи ценной духовно-интеллектуальной базой. В них указывается на необходимость политической, социальной и общественной воли и мудрости. 

    Конференция ООН по развивающимся стран, не имеющим выхода к морю, проводится один раз в десять лет. Первая Конференция проходила в 2003 году в городе Алматы (Республика Казахстан), Вторая Конференция – в 2014 году в городе Вена (Австрийская Республика). В Национальной туристической зоне «Аваза» состоялась Третья Конференция. Она объединила 5 тысяч 700 зарубежных участников, среди которых представители 103 государств, 30 международных организаций, 23 крупных международных компаний, 26 ведущих мировых информационных агентств, а также представителей культурной сферы разных стран. 

    Об огромной значимости Форума для международного сообщества свидетельствует также церемония поднятия Флагов ООН и Туркменистана в ознаменование начала Третьей  Конференции  ООН по РСНВМ, которая дала старт череде разноплановых мероприятий, продолжавшихся до 8 августа. 

    4 августа состоялся Парламентский форум, на котором обсуждались важные вопросы и выдвигались конструктивные предложения в   контексте содействия парламентариями реализации Авазинской программы действий, задействования ими её приоритетов в законотворческой деятельности и иных правовых процедурах. 

    В ходе организованных в тот же день Форума гражданского общества и Молодёжного форума состоялся обмен мнениями по таким актуальным темам, как «Социально ориентированная структурная трансформация и экологическая устойчивость», «Наведение мостов ради будущего развивающихся стран, не имеющих выхода к морю».  Принятые по их итогам решения, как и документы, позволят значительно расширить сотрудничество в этих областях.

    Следует отметить ещё одно значимое событие, состоявшееся в Авазе в дни Конференции ООН. Это мероприятие, приуроченное к подготовке Седьмой Консультативной встречи глав государств Центральной Азии. Оно позволило обсудить вопросы поддержания социального благополучия в дружественных странах-партнёрах и перспективы развития региона с учётом его нарастающей роли и влияния на мировой арене. На мероприятии Герой-Аркадаг вручил Президенту Республики Узбекистан орден Туркменистана «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin», что стало очередным свидетельством незыблемости уз дружбы и братства между двумя государствами. 

    Говоря о Третьей Конференции ООН по РСНВМ, необходимо отметить и её пленарные заседания, которые проходили в течение трёх дней. Они позволили детально и предметно обсудить включённые в повестку Форума вопросы, подготовить по ним конкретные предложения и инициативы, которые впоследствии нашли отражение в принятых решениях и документах. Как отметила на специальном брифинге по итогам Форума заместитель Генерального секретаря ООН, Высокий представитель по наименее развитым странам, развивающимся странам, не имеющим выхода к морю, и малым островным развивающимся государствам г-жа Рабаб Фатима, «Название Аваза уже ассоциировалось с оздоровлением, отдыхом и туризмом. Теперь это название также символизирует надежду и возможности для 32 развивающихся стран, не имеющих выхода к морю». Эти слова стали высокой оценкой деятельности Героя-Аркадага и Аркадаглы Героя Сердара по организации столь крупного представительного  мероприятия. Г-жа  Рабаб  Фатима также выразила глубокую признательность  Правительству и народу Туркменистана за гостеприимство и высокий организационный уровень самой масштабной и исторически значимой для международного сотрудничества Конференции. 

    В рамках Авазинского форума состоялось множество параллельных  мероприятий, в т.ч. министерская  встреча по сотрудничеству «Юг–Юг», консультации по Рабочей программе Всемирной торговой организации, встреча женщин-руководителей, мероприятия на тему «Связанность: цифровые возможности за пределами границ», «Цифровые коридоры, применяющие стандарты ООН для обеспечения доступа к морю развивающихся стран, не имеющих выхода к морю», организованное европейской экономической комиссией ООН, а также множество встреч, в том числе в формате «круглого стола». В ходе них были конкретизированы пути решения задач Программы действий на десятилетие, которые были изложены в Авазинской политической декларации, представленной  Председателем Третьей Конференции ООН по РСНВМ. В ней, в частности, говорится: «Мы заявляем о своей твёрдой решимости безотлагательно принять коллективные меры, чтобы выполнить обязательства, принятые в Авазинской программе действий для развивающихся стран, не имеющих выхода к морю, на десятилетие 2024–2034 годов». 

    Достижение целей, обозначенных в Авазинской программе действий и изложенных в Авазинской политической декларации, является весьма ответственной и серьёзной миссией для Правительства Туркменистана, его экономических, политических и общественных структур в частности. Её успешное выполнение значительно приумножит международный авторитет и существенно ускорит развитие нашей Родины по всем направлениям. Убеждены, что благодаря мудрым начинаниям Героя-Аркадага и дальновидному руководству Аркадаглы Героя Сердара туркменский народ, как и прежде, непременно достигнет успехов, уверенно продвигаясь вперёд по заданному пути развития. 

 

Ата СЕРДАРОВ, председатель Демократической партии Туркменистана, депутат Меджлиса Туркменистана.

15.08.2025 Details

TÄZE OKUW ÝYLYNA TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

 

     Täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýän häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeginde hereket edýän söwda nokatlarynda mekdep bazarlary işleýär, bu ugurda ýöriteleşdirilen dükanlarda hem mekdep harytlarynyň birnäçe görnüşi alyjylara hödürlenýär. Ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek körpeleriň ene­-atalary, täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän okuwçylar we talyp ýaşlar mekdep bazarlaryndan, ýöriteleşdirilen dükanlardan zerur bolan okuw esbaplaryny satyn alýarlar.

     Ylym we bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösmeginiň, şol sanda ýurdumyzyň ykdysady, ylym-bilim kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň esasy hem-de möhüm şertidir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz häzirki täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýän döwürde mekdep harytlarynyň söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada belläp, mekdep bazarlarynyň ýerleşdirilýän ýerleriniň alyjylar üçin amatly bolmalydygyna hem-de olarda harytlaryň bolçulygynyň üpjün edilmegi ugrunda ähli çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyny üstünlikli garşylamak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlaryň etrapdyr şäherlerinde hereket edýän mekdep bazarlarynda döredilen haryt bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Bu asylly işlerde ýurdumyzyň telekeçilerine aýratyn orun degişlidir. Şu günler mekdep bazarlarynda alyjylara hödürlenýän dürli görnüşli okuw esbaplary amatlylygy, ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp, ýaş nesilleriň täze okuw ýylyna guramaçylykly başlamagyna itergi berýär. Bu söwdanyň gyzgalaňly pursatlaryny synlamak ýakymly. Indi birnäçe ýyl bäri halkymyza ýokary derejede hyzmat edip gelýän hem-de ýyl-ýyldan öz işini kämilleşdirip, hyzmatlaryň gerimini giňeldýän dükanlaryň biri hem paýtagtymyzda ýerleşýän «Galam» dükanlarydyr. Bu ýöriteleşdirilen dükanlar kanselýariýa harytlary, okuw esbaplary, baýramçylyklar we belli seneler üçin sowgatlyklar satylýan iň uly dükanlaryň biridir. Bu ýerden okuw esbaplarynyň dürli görnüşlerini satyn almak bolýar. Bu ýerdäki okuw esbaplary özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Olaryň arasynda oglanlar we gyzlar üçin ýokary hilli materiallardan öndürilen ýantorbalar, mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar üçin niýetlenen harytlar, ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri, paýtagtymyzyň owadan binalarynyň şekilleri bilen bezelen depderler we beýleki okuw esbaplary bar.  Dürli okuw derslerine niýetlenip öndürilen depderler, şeýle hem sözlükdir kartalar çagalaryň we ýaşlaryň okuwa bolan höwesini artdyrýar. Şular ýaly  okuw esbaplarynyň ählisini bu dükanlardan elýeterli bahadan satyn almaga hemme mümkinçilikler döredilipdir. 

     Söwda ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, döwrebap bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Telekeçiler hyzmat ediş ulgamynyň we söwdanyň ösdürilmegine maýa goýumlaryny goýýarlar, halkymyza giň gerimli durmuş, mahabat hem-de neşirýat hyzmatlaryny hödürleýärler. 

     Türkmenistanda açylan mekdep bazarlary bilen bilelikde internet dükanlar hem ýazuw we okuw esbaplarynyň köp görnüşini hödürleýär. Bu bazarlara gitmäge wagtyňyz bolmasa, onda internet dükanlar onlaýn söwda etmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolup biler. Internet dükanlarda söwda etmegiň esasy artykmaçlyklarynyň biri-de, ony islän wagtyňyz öýden çykman amala aşyrmak mümkinçiligidir. 

     Ýurdumyzda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde birinji synp okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan ajaýyp sowgadyň – öwrediji kompýuteriň gowşurylýandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 19-njy martynda iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýokary hünärli, maksada okgunly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini aýratyn nygtady. 

     Ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen işlere, bilim edaralaryny okuw esbaplary, döwrebap okuw-tehniki enjamlary bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ösüşi, ýaş nesillerimiziň geljegi ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Baýram ÖWLÝAGULYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, telekeçi.

15.08.2025 Details

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň sazlaşygy

 

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen güneşli Diýarymyzda halkyň  saglygynyň goraglylygyny dowamly üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilip başlan gününden bäri geçen 30 ýylyň içinde ýurdumyzyň lukmançylyk ylmyny we bilimini ösdürmekde, ilatyň saglygyny goramakda belent sepgitlere ýetildi. 

 

     Maksatnama ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we öňüni almagyň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna hem-de lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly badalga berdi. Geçen döwürde ilatyň sagdyn durmuş ýörelgeleri babatda sowatlylygyny artdyrmak, keselleriň öňüni almak, näsaglygy wagtynda ýüze çykarmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler keselleýjiligiň azalmagyna hem-de ynsan ömrüniň dowamlylygynyň uzalmagyna getirdi. Ýurdumyzda täze doglan bäbeklerden başlap, gartaşan adamlara çenli ähli raýatlar üznüksiz lukmançylyk gözegçiligi bilen gurşalýar.

     Raýatlaryň saglygyny goramak, iýmit önümleriniňdir agyz suwunyň hiline, daşky gurşawyň howpsuzlygyna gözegçilik etmek, ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän keselleri ylmy taýdan öwrenip, anyklamagyň, bejermegiň täze, häzirkizaman usullaryny işläp taýýarlamak milli lukmançylygyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu babatda alnyp barylýan işler saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berilýändigine, ynsan saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle öňegidişlikleriň hatarynda saglygy goraýşyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, ulgamyň dolandyrylyşynyň, guramaçylyk düzüminiň we lukmanlaryň hünär taýýarlygynyň kämilleşdirilýändigi, saglygy goraýyş edaralarynyň ygtyýarlyklarynyň giňeldilýändigi örän buýsandyryjydyr. Halkymyzyň elýeterli we ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edilýändigi, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylýandygy, raýatlaryň meýletin Döwlet saglyk ätiýaçlandyrmasynyň girizilip, keselleriň öňüni almak boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygy hem bellenilmäge mynasypdyr.

     Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan bu düýpli özgerişlikler dünýä jemgyýetçiligi we halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi. Geçen döwürde ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň etraplarynda hem iň häzirkizaman keselleri anyklaýyş we bejeriş enjamlary ornaşdyrylan hassahanalaryň işe girizilmegi, saglyk öýleriniň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, şypahanalaryň durkunyň düýpli täzelenilmegi ulgamyň işiniň kämilleşmegine, saglygy goraýyş işgärleriniň ukyp-başarnyklarynyň artmagyna uly itergi berdi. Şeýle giň möçberli işleriň ählisiniň özeninde jemgyýetimiziň hem döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adam hakyndaky aladalar durýar. Tejribäniň görkezişi ýaly, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejede bolmagy, ilatyň arassa agyz suwy we iýmit önümleri bilen üpjün edilmegi, daşky gurşawyň, howanyň arassalygyny saklamak ugrundaky tagallalar, umuman, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegi ilatyň ömür dowamlylygynyň artyp, uzak ýaşlylaryň sanynyň has-da köpelmegine ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň milli saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek babatda alyp barýan syýasaty hem hut şu maksatlara ýetmäge, Türkmenistany uzak ýaşaýan hem bagtyýar adamlaryň mekanyna öwürmäge gönükdirilendir.

 

Gadam HEMRAÝEW, welaýat  saglygy  goraýyş  müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

14.08.2025 Details

SAÝLAWLAR — DEMOKRATIK JEMGYÝETIŇ BINÝADY

 

     Hormatly Prezidentimiz  Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň  deputatlarynyň birinji maslahatynda öňde goýan wezipelerinden we beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar hem-de deputatlar degişli işleri geçirdiler. Şunda  saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň hem-de ýöretmegiň halkara tejribeleridir kanunçylyk namalary yzygiderli öwrenildi hem-de bu möhüm çäräni ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny işlenip taýýarlanyldy hem-de kabul edildi.

 

     Hal­kyň we ýurduň bähbitleri nazarda tutulyp kabul edilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegini gazanmak üçin milli parlamentde kanunlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegi boýunça netijeli işler dowam edýär. Şu ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň 9-njy maslahaty geçirilip, onda täze kanunlar kabul edildi, ozaldan hereket edýänleriniň birnäçesine goşmaçalar girizildi. Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň hem-de ýöretmegiň milli we halkara tejribesini özünde jemleýän «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bolsa saýlaw ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Bu Kanun saýlawçylaryň we sala salşyga gatnaşyjylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen, onuň maksady göz öňünde tutulan maglumatlary öz içine alýan, maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak üçin niýetlenen, saýlaw hukukly raýatlaryň döwlet hasabyny üpjün etmek üçin merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamyny döretmekden hem-de bu hasabyň dogry hem dürs ýöredilmegini, raýatlaryň saýlaw hukugynyň berjaý edilmegini, maglumatlaryň ygtybarlylygyny, goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. 

     Saýlaw işlerine sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giň­den ornaşdyrylmagy bu möhüm syýasy çäräniň häzirki zaman şertlerinde ýokary guramaçylykly derejede geçirilmegini üpjün eder. Şeýle hem sanaw ýörediji edaralara maglumatlary, resminamalary bermegiň, olara ýüz tutmagyň, şahsy maglumatlary döwürleýin täzelemegiň, anyklamagyň we olardan peýdalanmagyň tertipleri we şertleri, edaralaryň çözgütlerine, hereketlerine ýa-da hereketsizligine, şol sanda kazyýete şikaýat etmegiň tertibi bellenildi. 

     Kanun Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlangyjy boýunça Mejlis bilen bilelikde taýýarlanyldy. Şunda ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň teklipleri nazara alyndy. Kanun 6 bapdan we 34 maddadan ybarat bolup, Kanunyň esasy wezipeleri saýlawçylar baradaky şahsy maglumatlaryň hasaba alynmagyny guramakdan we ony ýöretmekden, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirmek üçin saýlawçylaryň sanawyny düzmekden ybarat bolup durýar. Şeýle-de onda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça birnäçe işler göz öňünde tutulýar. 

     Saýlawlar demokratik jemgyýetiň möhüm binýady hasaplanýar. Munuň özi raýatlara öz pikirini açyk beýan etmäge, halkyň wekillerini saýlamaga we döwlet dolandyryşyna gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Bu gatnaşygyň netijesinde, jemgyýet ösüş ýoluna düşýär. Sebäbi saýlawlar arkaly halkyň islegleri we garaýyşlary döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Demokratiýanyň özeni hökmünde saýlawlar di­ňe bir halkyň wekillerini täzelemek üçin guramaçylyk işi bolman, jemgyýetiň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni taýdan ösüşiniň hereketlendiriji güýjüdir. Dürli ýurtlarda geçirilýän saýlawlar arkaly raýatlar Hökümetiň alyp barýan işine baha berýär. Şeýlelikde, döwlet häkimiýeti halk tarapyndan kesgitlenýär we dolandyryjylar jemgyýetiň öňünde jogapkärçilik çekmäge borçludyr. 

     Saýlawlaryň jemgyýetiň dürli ulgamlaryndaky ösüşe ýetirýän täsirini gi­ňişleýin seljermek we olaryň demokratik jemgyýeti döretmekdäki ähmiýetini düşündirmek esasy maksatlaryň biridir. Syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni-ahlak ugurlary boýunça saýlawlaryň täsiri dürli mysallar arkaly düşündirilýär. 

     Saýlawlaryň ykdysady ösüşe ýetirýän esasy täsirleriniň biri ykdysady syýasatyň halkyň islegine laýyklykda kesgitlenilmegidir. Demokratik ýurtlarda saýlawlar arkaly saýlanan milletiň wekilleri halkyň ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen iş tutýar. Dalaşgärler öz maksatnamasynda ykdysady ösüşi gazanmak üçin dürli teklipler bilen çykyş edýär. Halk bolsa öz bähbitlerine laýyk syýasaty hödürleýän dalaşgärlere ses berýär. Bu ýagdaý döwletde ykdysady syýasatyň has netijeli we halkyň isleglerine laýyk bolmagyna getirýär.

      Maýa goýum üçin durnuklylygyň döremegi barada aýdylanda, saýlawlaryň yzygiderli hem-de adalatly geçirilmegi daşary ýurtly we içerki maýadarlaryň ykdysadyýete ynamyny artdyrýar. Syýasy durnuklylyk we aç-açan dolandyryş maýa goýumlary­ň artmagyna getirýär. Saýlawlar arkaly döredilen demokratik şertler ykdysadyýetde eýeçilik hukugynyň goralmagyny, kanunlaryň ýerine ýetirilmegini we telekeçilige goldaw berilmegini üpjün edýär. Netijede, daşary ýurt kompaniýalary şeýle ýurtlarda ykdysady gatnaşyk gurmaga isleg bildirýärler. Bu bolsa ykdysady ösüşi güýçlendirýär. 

     Saýlawlarda raýat işjeň­liginiň ýokarlanmagy barada aýdylanda, bu çäräniň jemgyýetçilik ösüşine ýetirýän ilkinji uly täsiri raýatlaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagydyr. Saýlaw  hereketleri adamlary jemgyýetde bolup geçýän wakalara  göz ýetirmäge, syýasy meseleler bilen gyzyklanmaga, öz pikirini açyk beýan etmäge iterýär. Adamlar dalaşgärleriň maksatnamalary bilen gyzyklanyp, öz hukuklaryny öwrenýärler we jemgyýetçilik dialoglaryna gatnaşýarlar. Şeýlelikde, jemgyýetde işjeň, pikirli we jogapkärli raýatlaryň sany artýar. Bu bolsa jemgyýetiň ösüşine giň ýol açýar. Adalatly saýlawlar adam hukuklarynyň goralmagynyň möhüm kepili bolup çykyş edýär. Saýlawlaryň erkin we deň şertlerde geçirilmegi raýatlara öz pikirini beýan etmäge, dalaşgärlige hödürlenmäge we ses bermäge mümkinçilik döredýär. Bu hukuklaryň giň­den ulanylmagy erkinligiň derejesiniň ýokarlanmagyna, Hökümetiň kanuny esasda hereket etmegine sebäp bolýar. 

     Raýatlaryň öz erk-islegini erkin beýan etmeginiň, halk demokratiýasynyň netijeli görnüşi bolan saýlawlary geçirmek boýunça ýurdumyzda baý tejribe toplandy. Bu günki dürli görnüşli saýlawlar il-ýurt bähbitli möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärelere öwrülýär. Saýlawlar raýatlaryň öz erk-islegini erkin we meýletin amala aşyrmagynyň hem-de milli demokratiýanyň özboluşly ýüze çykmasynyň netijeli guralyna öwrülýär. Netijede, saýlawlar jemgyýetiň ösüşiniň, durnuklylygynyň we agzybirliginiň esasy sütüni bolup, olaryň hereket edýän ýerinde pikirler diň­lenilýär, ösüş ýolunda bilelikde ädim ädilýär. Şonuň üçin her bir raýat saýlaw hukugynyň gadyr-gymmatyna düşünýär we ony jogapkärli ýagdaýda peýdalanýar. «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi demokratik saýlawlaryň we raýat jemgyýetiniň has-da kämilleşmegini, her bir raýatyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrundaky tagallalaryň yzygiderli dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir güwäsidir.

 

Maksatberdi GURBANOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy.

14.08.2025 Details

SAHAWATLY ÝÖRELGELERIŇ HUKUK ESASY

 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz çykyşlarynda ýurdumyzyň raýat-hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şunda Türkmenistanyň Raýat kodeksinde halkara hususy hukugyna degişli kadalary hem beýan etmek barada berýän gymmatly maslahatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen «Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň esasynda amala aşyrylýan haýyr-sahawat işiniň kämil hukuk binýadyny emele getirmek maksady bilen, Raýat kodeksiniň borçnamalaryň aýry-aýry görnüşlerine dahylly kadalar beýan edilýän ikinji bölümine haýyr-sahawat işi bilen bagly kadalar bellenilýän täze, üçünji baby, şonuň ýaly-da, daşary ýurt raýatlarynyň ýa-da ýuridik şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da beýleki daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan halkara hususy hukugynyň kadalary beýan edilýän altynjy bölegi, jemi 61 sany täze maddalar girizildi. 

     Kodekse ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwerlik syýasatyna laýyklykda, täze goşulan bapdaˆfiziki we ýuridiki şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary öz beýanyny tapýar. 

     Şu Kanun bilen kodekse täze goşulýan altynjy bölekde fiziki şahsyň şahsy hukugyna düşünje berilýär, ýagny bu adamyň raýatlygy bolan ýurdunyň hukugy hasap edilýändigi, eger-de daşary ýurt raýatynyň Türkmenistanda ýaşaýan ýeri bar bolsa, ýurduň çäginde ýüze çykýan raýat-hukuk gatnaşyklary babatda onuň şahsy hukugy Türkmenistanyň hukugy bolup durýandygy, eger-de şahsda birnäçe daşary ýurtlaryň raýatlygy bar bolsa ýa-da şahsyň raýatlygy bolmasa, onda olaryň ýaşaýan ýeri bolan ýurdunyň hukugy şahsy hukuk diýlip hasap edilýändigi beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, Kanunda  fiziki şahsyň hukuk ukyby, kämillik ukyby, adyna bolan hukugy, telekeçilik işi bilen meşgullanmaga bolan mümkinçiligi kesgitlenilende ulanylýan hukuk hem-de hossarlyk we howandarlyk babatda we  fiziki şahs nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilende we ölen diýlip ykrar edilende ulanylýan hukuk baradaky kadalar öz beýanyny tapýar. 

     Şeýle hem, ýuridik şahsyň şahsy hukugy, daşary ýurt hukugy boýunça ýuridik şahs bolup durmaýan daşary ýurt guramasynyň şahsy hukugy hem-de döwletiň daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklaryna gatnaşygyny düzgünleşdirýän kadalar berkidilendir. Ýurdumyzyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, gozgalmaýan we gozgalýan emläge eýeçilik hukugy we beýleki emläk hukuklary bu emlägiň ýerleşýän ýurdunyň hukugy boýunça kesgitlenilýär. Şonuň ýaly-da, geleşigiň görnüşine, sarp edijiniň gatnaşmagyndaky şertnama we zyýan ýetirilmegi netijesinde ýüze çykýan borçnamalar babatda ulanylýan hukuk, şertnamanyň taraplarynyň hukugy saýlap almagy, miras gatnaşyklary babatda ulanylýan hukugy kesgitleýän kadalar doly kepillendirilendir. 

     Ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadynyň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegi we daşary ýurt şahslarynyň gatnaşmagyndaky ýa-da daşary ýurt elementli raýat-hukuk gatnaşyklary babatda ulanylýan hukuk esaslaryň berkidilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan bu kanunyň işlenip taýýarlanylmagy barada gymmatly maslahatlaryny beren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, bu ugurdaky belent tutumlary rowaç bolsun! 

 

Rasul SADULLAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

14.08.2025 Details

BILIM — BAGTYŇ AÇARY

 

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, sagdyn ruhly, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, şeýle-de Watanymyza, il-günümize, milli ýörelgelerimize wepaly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagalla edýär. Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň, okuw kitaplarydyr gollanmalaryň kämilleşdirilmegi we many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagy, ýaş nesiller üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçilikler hem şeýle tagallalaryň netijesidir. 

     Bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeler ulgamyň işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Bu hakykat 11-13-nji awgustda geçirilen pedagogik işgärleriň etrap usuly-amaly okuwlarynda has aýdyň duýuldy. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini maksadalaýyk durmuşa geçirmek, hil taýdan täze derejä çykarmak, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, çagalaryň innowasion tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak başarnyklaryny we döredijilik ukyplaryny ösdürmek, olara hünär öwretmek babatda durmuşa geçirilmeli işleri maslahatlaşmakda we özara pikir-tejribe alyşmakda 14-nji awgustda geçiriljek öňdebaryjy bilim işgärleriniň etrap maslahatlarynyň ähmiýeti hem uludyr. 

     Bilim işgärleriniň maslahatyna Kaka etrabynda hem ýokary taýýarlyklar bilen gelindi. Onda etrabymyzyň bilim edaralarynda 2024-2025-nji okuw ýylynda alnyp barlan işler hem-de täze okuw ýylynda öňde duran wezipeler dogrusynda hasabatlar diňleniler, şeýle-de geçen okuw ýylynda aýratyn tapawutlanyp zähmet çeken bilim işgärleri sylaglanar. 

     Biz — bilim işgärlerini begendirýän zatlaryň biri-de ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň, şeýle-de Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda Konsepsiýasynyň hereket etmegidir hem-de olarda göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigidir. Munuň özi ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini, derejesini we netijeliligini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Özümiz üçin döredilýän döwrebap şertlerdir mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, bagtyýar ýaşlarda Watana, milli gymmatlyklarymyza hormaty we söýgini, ynsanperwerligi terbiýelemek we ösdürmek ugrundaky tagallalara mundan beýläk-de mynasyp goşandymyzy goşarys. Şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw edýäris. 

 

Gur­ban­gö­zel MU­HAM­ME­DO­WA, Ka­ka et­ra­byn­da­ky ýöriteleş­di­ri­len 21-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Mejlisi­niň de­pu­ta­ty.

14.08.2025 Details

Birleşen tagallalar — möhüm çözgütler

 

     BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda hususy kärhanalaryň we işewürleriň öndüren ýokary hilli önümleriniň sergisiniň guralmagy döwletimiziň önümçilik we ykdysady kuwwatyny dünýä ýaýdy. Bu forumda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler telekeçilik, maýa goýumlary çekmek, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek arkaly, söwda-haryt dolanyşygynyň gerimini giňeltmek, täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmak bilen bagly bolup, geçirilen çäreler tejribeleri alyşmakda, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meselelerini çözmekde ähmiýetli meýdança öwrüldi. Şeýle maslahatlaryň geçirilmegi az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan, şeýle-de kiçi ada döwletleri goldamakda, olara ýakyndan ýardam bermekde tagallalary birleşdirmek, ýüze çykýan meseleleriň çözgüdini ara alyp maslahatlaşmak, netijeli çözgüdi tapmak ýaly maksatlardan ugur alýar. 

     2024-nji ýylyn 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem şeýle maksatlary durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýetlidir. Bu Konwensiýa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üstaşyr söwda gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek bilen, onda deňiz portundan peýdalanmaga hem-de deňizde hereket etmäge mümkinçilik berilýändigi nygtalýar. «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygaryna esaslanyp geçirilen çäre ynsanperwer häsiýetleri, raýdaşlyk, arkalaşykly ýaşamak, hemaýata mätäji goldamak ýörelgelerini dünýä ýaýmak bilen bir hatarda, umumadamzat durmuşyna dahylly täze başlangyçlara hem özboluşly badalga boldy. 

     Goý, Diýarymyzy gülledýän, telekeçiligi goldaýan, halkymyzyň bagtyýarlygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, döwletli işleri uly üstünliklere beslensin! 

 

Tu­wak­gy­lyç Weliýew, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we telekeçi­ler par­ti­ýa­sy­nyň we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň orunba­sa­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty.

14.08.2025 Details
1 ... 12 13 14 15 16 ... 106