Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
04.03.2026

BELENT MAKSATLARYŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan taryhy tutumlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna bedew badyny eçilýär. Ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler döwlet durmuşyny pugtalandyrýar, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini berkidýär. Ähli ugurlarda işleriň döwrüň gazananlaryna laýyk derejede guralmagy öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň meýilnamalaryny talaba laýyk ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň jemine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň netijelerinden hem aýdyň görmek bolýar.

 Mejlisde geçen ýyl üçin bellenen maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň makroykdysady görkezijileriniň ýokary bolandygy barada bellenip geçildi. Bu hakykat ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň baş ýörelgesiniň esasynda ähli ugurlar babatda gazanylýan sepgitleriň durmuşy beýanydyr. 

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen, taryhy döwrümiziň ýene-de bir şanly ýyly — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny döwlet durmuşynyň ähli ugurlary babatda üstünliklere beslemek ugrundaky meýilleşdirilen işlere badalga berildi. Maksatnamada şu ýyl üçin ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işler, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde, welaýatlarda durmuş-ykdysady, maýa goýum görkezijiler bellenilýär. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini  has-da gowulandyrmak, girdejilerini yzygiderli artdyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutulýar. 

Ýaşaýyş jaýlarynyň, umumy bilim, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň uly toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi, welaýatlarda we paýtagtymyzda köpsanly binadyr desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmagy, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, oňa laýyklykda awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz we elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberilmegi ýaly maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi buýsançly şygara beslenen ýylymyza üstünlikleriň ýar boljakdygyna ynamy berkidýär. 

Hormatly Prezidentimiziň döwletimizi bedew batly ösüşlere beslemek maksadyndaky ähli tutumlarynyň özeninde halkymyzyň abadan durmuşy, bagtyýar geljegi hakdaky aladalar öz beýanyny tapyp, taryhy döwrümizde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatyň durmuş hakykatyna eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. Şeýle asylly işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, maksatly hem döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaç bolsun! 

 

Gurbangylyç DURDYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty