Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutumly işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän körpe nesil babatdaky döwlet syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de bu ugurdaky halkara resminamalara laýyklykda, olaryň hemmetaraplaýyn beden, aň-bilim, ruhy-ahlak, durmuş taýdan ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Çagalyk ýyllarynda ynsanyň ruhy-ahlak ýörelgeleri we durmuşa ukyplylyk hem-de maksada okgunlylyk häsiýetleri kemala gelýär. Maşgala we çagalar babatda döwlet syýasaty halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, jemgyýetiň ruhy, medeni, döredijilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen milli ykdysady strategiýa bilen üznüksiz baglydyr.
Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary bilen baglanyşykly kanun çykaryjy edarasynyň, ýagny, Milli parlamentiň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitlenendir. Şuňa laýyklykda, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi hem-de oňa degişlilikde goşmaçalar we üýtgetmeler girizilip, üznüksiz kämilleşdirilýär.
Ýurdumyzda çagalaryň hukuklarynyň kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda, olary durmuşa geçirmek ugrunda ýörite meýilnamalaýyn işler hem alnyp barylýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda» hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Onuň esasy maksady, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny mundan beýläk-de üpjün etmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de milli-medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertleri ýaýbaňlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, çagalary okatmagyň we durmuşa taýýarlamagyň, olar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň hilini has ýokarlandyrmak we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we olaryň hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de şol hukuklardan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmakdan ybaratdyr.
Çagalaryň aladalary barada söhbet edilende, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy barada aýtman geçmek bolmaz. Sebäbi ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygynda galan çagalaryň hem ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp, doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan işleriň barha rowaçlanmagy ynsanperwer ýörelgeleriň döwlet syýasaty derejesinde giň gerim alýandygyndan nyşandyr.
Döwlet tarapyndan her bir maşgala, ene, çaga goralýar. Her bir ýaşajyk raýatlar üçin has oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerini çözmäge örän jogapkärli çemeleşilýär. Ata Watanymyzda eşretli ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesil üçin ähli mümkinçilikler döredilip, olaryň sagdyn, berk bedenli, bilimli bolmaklary ugrunda uly alada edilýär. Şeýle aladalaryň netijesinde, Türkmenistan bagtyýar çagalygyň hem-de iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi.
Baýrammyrat
HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.