Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

KÖPUGURLY GATNAŞYKLARDA HUSUSY PUDAGYŇ ORNY

 

     Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen utgaşýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bütin dünýäniň nazary eziz Diýarymyza gönügýär. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda adamzadyň abadançylygyny nazarlaýan asylly işler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahaty hem bu ugurda diýseň ähmiýetli waka bolar.

 

     Hazaryň kenarynda ýaýbaň­landyryljak wekilçilikli maslahatyň çäklerinde hususy pudagyň forumyny geçirmek hem meýilleşdirilýär. Bu çäre maslahata gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ählumumy bähbitli çözgütleri işläp taýýarlamakda we olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolar. Awaza forumynyň esasy maksady durmuş abadançylygy we ykdysady ösüş üçin hyzmatdaşlygy ilerletmek bilen baglanyşyklydyr. Hususyýetçilik ykdysady ösüşiň depginini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga ukyply pudak hasaplanýar. Ýurdumyzyň döwrebap ulag-logistika düzümleriniň mümkinçilikleri, halkara hyzmatdaşlykda gazanylan oňyn tejribeler maslahata gatnaşýan ýurtlaryň hususy pudagynyň wekilleri üçin iň­ňän peýdaly bolup biler. 

     Hususy pudagyň forumynda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň çäklerinde halkara işewür gatnaşyklary ösdürmegiň giň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu forum ýokary derejeli açylyş dialogyny, dört sany mowzuklaýyn mejlisi, aragatnaşyk we sergi meýdançalaryny öz içine alar. Forum kompaniýalaryň wekilleri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýurtlaryndan gelen wekiliýetleriň, şeýle hem onuň agentlikleriniň, maýa goýumlara ýardam bermek boýunça düzümleriň, beýleki gyzyklanýan taraplaryň arasynda göni aragatnaşyk saklamak üçin gurşawy döreder. Onda deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň söwdasy we üstaşyr geçirmek, ösüş mümkinçilikleri, sanlylaşdyrmak, maliýeleşdirmek, maýa goýum syýasaty hakynda pikir alşylar, täze başlangyçlar öňe sürler. Umuman, hususy pudagy ösdürmek bilen bagly meseleleriň deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin BMG-niň indiki onýyllyk ösüş maksatnamasy işlenip düzülende göz öňünde tutulmagy forumyň esasy netijeleriniň biri bolar. 

     Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda ykdysadyýetiň hususy bölegi önümçiligiň ösmegine we eksportyň artmagyna uly goşant goşýar. Bu ýurtlar, esasan, oba hojalyk önümlerini öndürmekde, gazylyp alynýan peýdaly tebigy baýlyklary özleşdirmekde, gaýtadan işleýän senagatda geljegi uly mümkinçiliklere eýedir. Hususy pudagyň ösdürilmegi ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly halk hojalygynyň haýsydyr bir pudaga garaşly bolmagyny peseltmäge kömek edýär. Başgaça aýdylanda, öndürilýän we dünýä bazaryna çykarylýan ýokary hilli önümleriň önümçiliginiň artmagy, syýahatçylygyň, hyzmatlar ulgamynyň, gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegi çig mala ýöriteleşen ykdysadyýetden taýýar önüm öndürýän ulgama geçmäge mümkinçilik berýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýan türkmen senagatçylarynyň we telekeçileriniň tejribesi bu hakykaty aň­ry ýany bilen tassyklaýar. 

     Ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň köpüsinde derwaýys meseleleriň hatarynda durýar. Hususy pudak täze iş orunlaryny döretmäge işjeň gatnaşýar. Işewürlige çekilýän maýa goýumlaryň möçberiniň ýokarlanmagy hem-de hususy düzümleriň işiniň gi­ňeldilmegi ilatyň iş bilen üpjünçilik meselesini çözmekde, raýatlaryň girdejilerini artdyrmakda möhüm orun eýeleýär. Hususy pudak ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna we durmuş gurşawyna innowasiýalary, täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda hem netijeli işleri alyp barýar. Hususy kärhanalar önümçilige, hyzmatlar ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyryp, önümçilik görkezijileriniň we tutuş ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň, netijeliliginiň ýokarlanmagyna, önümleriň hem-de hyzmatlaryň hiliniň gowulanmagyna, işewürligiň kämilleşmegine goşant goşýar. Hususy kärhanalaryň arasyndaky bäsdeşlik, öz gezeginde, harytlaryň we hyzmatlaryň bahasynyň has amatly bolmagyna, olaryň görnüşleriniň köpelmegine, elýeterliligine ýardam edýär. 

     Hususy pudak ýurduň durmuş infrastrukturasyny ösdürýär, demir we awtomobil ýollarynyň, portlaryň, energetika desgalaryny gurýar hem-de ozal bar bolan düzümleri döwrebaplaşdyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, daşary ýurt bazarlaryna çykmak üçin sarp edilýän ulag çykdajylaryny peseltmäge mümkinçilik berýär. Hususyýetçiler halkara banklar we hususy maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, ýurduň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde hem netijeli işleri alyp barýarlar. 

     Işewürligiň okgunly ösmegi üçin döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň oýlanyşykly ýola goýulmagynyň we netijeli amala aşyrylmagynyň möhümdigine milli tejribämiziň mysalynda göz ýetirýäris. Şo­ňa görä-de, deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hökümetleri hususy pudagyň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirip bilmegi üçin zerur kanunçylyk binýadyny emele getirmäge, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmäge, döwrebap ulag-logistika düzümlerini döretmäge, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin maliýe goldawyny bermäge, işewürlige başlamak we oňa maýa goýumlary çekmek üçin gerekli resminamalaryň berilmegini ýeňilleşdirmäge, ýokary hilli hünärmenleri, işçi güýjüni taýýarlamak üçin zerur işleri alyp barmaga oňaýly şertleri döretmelidir. 

     Milli Liderimiziň parasatly başlangyjy esasynda döredilen hem-de hormatly Prezidentimiziň goldawy esasynda uly üstünlikleri gazanýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň sarp edýän harytlarynyň üpjün edilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň ilerlemegine mynasyp goşant goşýar. Biz muny halkara sergi-ýarmarkalarda, forumlarda ýokary hilli önümlerimiz we hyzmatlarymyz bilen gatnaşyp, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyby barha artýan hususyýetçilerimiziň iş tejribesinde aýdyň görýäris. Bu gün ýurdumyzda öndürilen önümler dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar, halkara sergi-ýarmarkalarda abraýly baýraklara mynasyp bolýar. Türkmen telekeçileriniň hatarynda ulag-logistika ulgamynda netijeli işleri ýola goýup, dünýäniň çar tarapynda harytlary daşamakda baý tejribe toplaýanlaryň az däldigini aýratyn bellemek gerek. Bularyň ählisi özleri hakynda edilýän aladalardan, döredilýän şertlerden we mümkinçiliklerden göwünleri galkynýan telekeçilerimiziň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň belent ynamyny ödemek üçin tutanýerli, yhlasly, döredijilikli zähmet çekýändigini, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna uly goşant goşýandygyny tassyklaýar. 

     BMG-niň Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde hususy pudagyň ýörite forumynyň geçirilmegi möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, tejribeleri baýlaşdyrmaga uly kömek eder. Forum deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin hususy pudagy ösdürmek bilen baglanyşykly täzeçil çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga, şol döwletler üçin degişli maslahatlary, teklipleri hödürlemäge mümkinçilik berer. Bu möhüm ugurdaky oňyn çözgütler forumyň netijeleri boýunça kabul ediljek 2024 — 2034-nji ýyllar döwri üçin deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda mynasyp orun alar. 

     Gahryman Arkadagymyz: «Hazaryň kenarynda BMG-niň Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaň­landyrmak arkaly Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkider» diýip belleýär. Şunuň ýaly asylly hem-de belent maksada öz mynasyp goşandymyzy goşmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ösüşiň täze belentliklerine gadam urýan Diýarymyzda her güni taryhy wakalara beslenýän şanly ýylda ählimiz agzybirlikde, jebislikde çekýän zähmetimiz, gazanýan üstünliklerimiz arkaly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda berkarar Watanymyzyň abraýynyň dünýä dolmagy, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, asuda hem abadan durmuşyň rowaçlanmagy üçin yhlasymyzy gaýgyrmaly däldiris. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän, bütin adamzadyň abadançylygy üçin möhüm başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. 

 

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty. 

24.07.2025 Giňişleýin

AÝDYŇ MAKSATLARYŇ MENZILINDE

 

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Agzybirlikden, jebislikden rysgal-bereket tapan, halallyga, adalata, ynsanperwerlige, dostana gatnaşyklara ygrarly merdana halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy berk binýatly, senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwürmek, milli mirasymyzy we medeniýetimizi tutuş dünýäde nusgalyk derejä götermek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen asylly ýörelgä eýerýän syýasatynyň barha rowaçlanýandygyndan habar berýär. 

 

     Bu günki gün türkmen Bitaraplygy barha işjeňleşýär we özüniň tarapdarlarynyň sanyny artdyrýar. Munuň ykrarnamasy hökmünde şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilendigini görkezmek bolar. 

     Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny geljekde has-da işjeňleşdirmek we ony dünýä syýasatyndaky ýagdaýlary kadalaşdyrmakda, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde netijeli gural hökmünde peýdalanmak üçin ýörite meýilnamalary işläp düzdi. Şunuň bilen baglylykda ata Watanymyz geçen döwrüň içinde dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, ylalaşygy saklamakda we pugtalandyrmakda, ilkinji nobatda, goňşy we dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde uly işleri alyp barýan, milli we umumadamzat bähbitlerini berk berjaý edip, öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalarynyň ählisini gyşarnyksyz ýerine ýetirip gelýän döwlet hökmünde tanaldy we ýokary halkara abraýyna eýe boldy. 

     Türkmenistan parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär, şoňa görä-de, ýurtlaryň arasynda dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmek we pugtalandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bitaraplyk türkmen halkyna parahatçylyksöýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetlerine we däp-dessurlaryna hormat goýmak ýaly ýörelgelere eýermäge mümkinçilik berýär. Bu ýörelgeler bolsa Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynda we diplomatiýasynda öz aýdyň beýanyny tapýar. 

     Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegine 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli üstümizdäki ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň daşary syýasaty parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, durnukly ösüşiň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmat edýär. Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ählumumy derejede dünýä syýasatyna ýetiren oňyn täsirini soňky ýyllaryň taryhy tejribesi äşgär etdi. Bitaraplygyň dünýädäki ähmiýetiniň artmagynda hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň orny uludyr. 

Serdar ÝUMITOW,

Çärjew etrap häkimliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň 

Mejlisiniň deputaty

24.07.2025 Giňişleýin

Döwrüň sahawat serpaýy nesillere bagt paýlaýar

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adam hakyndaky alada hemişe ilkinji orunda durýar. Ýaş nesliň saglygy baradaky alada döwlet syýasatymyzda  aýratyn  ileri  tutulýar. 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ynsanperwerligiň, haýyrly işleriň aňrybaş nusgasydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy bilen haýyr-sahawat gaznasy döredilen gününden bäri ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygynyň  goralmagyna  gönükdirilen çäreler toplumyny amala aşyryp gelýär.  Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna kömege mätäç çagalara, şeýle-de dostlukly döwletleriň çagalaryna ynsanperwerlik hem-de durmuş kömekleri berilýär.

      Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna operasiýa edilip, sagdyn çagalaryň hataryna goşulyp, sowat-bilim almak mümkinçiliklerini giňden peýdalanýan ýaş nesilleriň täze ädimleri olaryň hossarlaryny hem-de tutuş jemgyýeti buýsandyrýar. Gaznanyň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýete hem-de netijeli häsiýete eýe bolmak bilen, halkara ykrarnama hem mynasypdyr. Üstümizdäki ýylda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilmegi bolsa, abraýly gaznanyň işini halkara derejede ilerletmekde möhüm ädim boldy. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça  wise-prezidenti  Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen halkara maslahatyň dowamynda seredilen meseleleriň onuň Jemleýji resminamasynda beýan edilip, Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edilmegi, onuň Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradylmagy gaznanyň işiniň ählumumy bähbidine halkara derejede ähmiýet berilýändigi bilen berk baglanyşyklydyr. 

     Gahryman Arkadagymyzyň  nygtaýşy  ýaly, islendik döwletiň ykdysady kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenýär. Türkmenistan ýurdumyzyň bolsa bu ugurda kuwwatly döwletdigini bellemek has-da ýerliklidir. Ýurdumyzda ýaşlaryň sagdyn ösüp-ulalmaklary, döwrebap bilim almaklary, hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilip,  bu babatda ýaşlaryň hukuklary kanun esasynda kepillendirilýär. 

     Pederlerimiziň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwer durmuş ýörelgelerini, kämil zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirýän, çuňňur bilimli, döredijilikli pikirlenmegi başarýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bilim ulgamynda alnyp barylýan köpugurly tutumlaryň düýp özenidir. Şunda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, mazmunyny baýlaşdyrmak möhüm bolup durýar. Şeýle giň mümkinçiliklerden ýaş nesillerimiziň ählisi deň derejede peýdalanyp bilýärler. 

     Bilim hem-de sagdyn ýaşaýyş arkaly beýik geljegiň gurulýandygyny nygtap, milli bilim ulgamyny hem-de milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegi, kämilleşdirmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän türkmen halkynyň  Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, taryhy tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Annabagt Maýewa, welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

24.07.2025 Giňişleýin

ÝAŞLARYŇ GELJEGI — DÜNÝÄNIŇ GELJEGI

 

     Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry esa­syn­da şu ýy­lyň 4-8-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da «Awa­za» mil­li syýahatçy­lyk zo­la­gyn­da geçiril­jek BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar boýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty äh­lu­mu­my me­se­lele­ri bilelikde çöz­mek­de ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka bo­lar. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji ple­nar mej­li­sin­de «BMG-niň Deň­ze çykal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­laha­ty­ny ge­çir­me­giň ter­ti­bi­ne goş­ma­ça maglu­mat» at­ly Kararna­manyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi berka­rar döw­le­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry syýasatynyň hem-de bi­ta­rap­lyk tag­ly­ma­ty­nyň bü­tin dün­ýä­de daba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky güwäsidir. 

 

     Ýa­kyn­da Gahryman Arkadagymyz BMG-niň bu wekilçilikli maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksady bilen, Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Milli Liderimiz halkara forumda çykyş etjekler, terjimeçiler hem-de onuň geçişini beýan etjek žurnalistler üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini Gahryman Arkadagymyzyň meýletinçi-ýardamçylaryň alyp barjak möhüm ähmiýetli işleri babatda gymmatly maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini bermegi hem-de öň­de goýan anyk we aýdyň wezipeleri biziň her birimizi has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrdy. Munuň özi forumda garaljak meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň ähmiýetini dünýä ýaýmakda wajypdyr. 

     Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň has-da ilerledilmegi ugrunda Awazada geçiriljek maslahat mümkinçilikleriň we täze başlangyçlaryň netijeli meýdançasy bolup hyzmat eder. Maslahat bilen ugurdaş ýaýbaň­landyryljak Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleri, parlamentara, ýaşlar, zenanlar forumlary we beýleki çäreler hyzmatdaşlygyň, ynanyşmagyň binýadyny has-da berkider. «Inklýuziw ösüş üçin ýaşlaryň hukuklaryny artdyrmak we mümkinçiliklerini giňeltmek: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geljegi üçin köpri gurmak» ady bilen geçiriljek Ýaşlar forumy bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek bilen bir hatarda, halkara ýaşlar dialogyny dabaralandyrmakda hem uly ähmiýete eýe bolar. 

     Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki oňyn başlangyçlary işläp taýýarlamakda, döwletara hyzmatdaşlygy, dost-doganlygy berkitmekde, ýaşlar syýasaty çygrynda ykdysady, ynsanperwer, medeni gatnaşyklary giňeltmekde hem-de durmuşa geçirmekde, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna, dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmegine itergi bermekde ýaşlaryň intellektual mümkinçilikleridir pikir-garaýyşlaryna uly ähmiýet berilmegi ýöne ýere däl. Dünýä ilatynyň agramly böleginiň ýaşlardygy sebäpli häzirki wagtda olar ählumumy ösüşiň hereketlendiriji güýji hasaplanýar. 

     Ýaşlar BMG-niň ählumumy Gün tertibi boýunça möhüm halkara meselelere we wajyp wezipelere işjeň seslenýärler. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin Bitarap Türkmenistan döwletimiz tarapyndan ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. BMG-niň wekilçilikli maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi sözümiziň aýdyň delilidir. Bu forum di­ňe deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň arasyndaky dialog meýdançasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, üstaşyr geçelgeleri bolan ösüp barýan ýurtlaryň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde, özara tejribe, pikir alyşmakda hem esasy meýdança öwrüler. 

     Ýaşlar forumy deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça ýaşlaryň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň maksatlaryna laýyk gelýän täze Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün eder. Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ilatynyň 58 göterimi 25 ýaşa çenli ýaşdaky ýaşlar bolup, olar ägirt uly intellektual mümkinçiliklere we innowasion serişdelere eýedir. Bu ýurtlaryň ilat sany indiki onýyllygyň ahyryna çenli 140 milliona çenli artar diýlip çaklanylýar. Netijede, dünýä döwletleriniň ykdysady-jemgyýetçilik ösüşi ýaşlaryň demografik güýji we döredijilik kuwwaty bilen berk baglanyşyklydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk işleriniň çäklerinde halkara guramalaryň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler we Bilim ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekillerinden ybarat bolan maslahat topary döredildi we bu ugurda birnäçe duşuşyk geçirildi. Olarda Ýaşlar forumy baradaky Maksatnamanyň hem-de Ýaşlar Jarnamasynyň taslamalary taýýarlanyp, degişli teklipler berildi. 

     BMG-niň agza döwletleriniň, guramalarynyň ýokary derejeli işgärlerini, şol sanda Ýaşlar maslahat beriş toparynyň agzalaryny, deň­ze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ýaş wekillerini, türkmenistanly ýaşlaryň 100-e golaýyny bir ýere jemlejek Ýaşlar forumy innowasion pikirleri ösdürmek, durnukly ösüşi gazanmak hem-de deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hereketleriniň indiki 10 ýyllyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan ösüşi üpjün etmek babatda uly ähmiýete eýedir. Forum deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary­ň geljegi bilen bagly garaýyşlaryny we goşantlaryny beýan etmegi üçin ýaşlara uly mümkinçilik döreder. 

     Ýaşlar syýasatyny halkara derejede ýaýbaň­landyrmak Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 -2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Soň­ky ýyllarda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dialog -parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halklaryň dostlugy — ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili» atly ýaşlaryň halkara maslahatynyň, Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumynyň geçirilmegi, şeýle-de Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäginde nobatdaky «Howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde ýaşlaryň işjeňligini gazanmak» atly 13-nji ýaşlar forumyna ilkinji gezek ýurdumyzyň ýaşlarynyň gatnaşmagy ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. 

     Türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işlere mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagy özlerine uly bagt we borç hasaplaýarlar. Çünki ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň daýanjydyr. 

 

Ýazpolat KERIÝEW. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

23.07.2025 Giňişleýin

SANLY ULGAM — döwrebap mümkinçilikleriň nusgasy

 

     Türkmenistan döwletimiziň ähli ugurlarda durnukly ösüşini gazanmak, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyny üpjün etmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan düýpli özgertmelerde öz beýanyny tapýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler muňa aýdyň subutnama bolup, gazanylýan köpugurly üstünlikler sazlaşykly ösýän jemgyýetimiziň ajaýyp görkezijileridir. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan halkara ülňülerine laýyk getirmäge gönükdirilen şeýle giň gerimli özgertmelerde sanly ykdysadyýetiň, ýagny internet-üpjünçilik ulgamlarynyň binýadyny pugtalandyrmak örän ähmiýetlidir. Munuň özi häzirki döwürde pudaklary sazlaşykly ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli tutumlar göwün göterijidir.

 

     Milli Liderimiziň Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli sebitiň ilkinji «akylly» şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata bermegi munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň hukuk derejesine doly laýyk gelýän bu çözgüt sanly ulgam arkaly maslahatlary geçirmekde, emeli aňyň mümkinçiliklerini işjeň durmuşa ornaşdyrmakda, saglygy goraýyş ulgamynda bejeriş işleriniň geçirilýän pursatlarynda maglumatlary alyşmagyň wagtyny tizleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Aragatnaşygyň simsiz görnüşiniň bäşinji nesli bolan 5G tehnologiýasynyň tizlik derejesi öňkä garanyňda 20 esse ýokarydyr. Şonuň üçin Arkadag şäherine aragatnaşygyň iň kämil görnüşiniň ornaşdyrylmagy «akylly» şäheriň köp taraply okgunly ösüşinde esasy orny eýelejekdigini aýratyn buýsanç bilen nygtap bileris. 

     Sanly ulgam durmuş hyzmatlarynyň dürli ugurlarynda elektron enjamlaryň kömegine daýanmak arkaly zerur amallary ýerine ýetirmegi aňladýar. Muňa mysal hökmünde önümçilik alyş­çalyş, paýlamak hem­de sarp etmek hyzmatlaryny görkezmek bolar. Ylmy düşündirmelere salgylanyp aýdylanda, sanly ykdysadyýet munuň özi elektron hasaplaşyk, internet söwda, göni ýaýlym hyzmatlaryny öz içine alýan sanly kompýuter tehnologiýalary bilen berk baglanyşykly hereketdir. Diýmek, sanly tehnologiýalar ulanylýan ykdysady önümçilige sanly ykdysadyýet diýlip düşünilse dogrudyr. 

     Internet ýa-da ykjam telefonlaryň üsti bilen dürli harytlaryň söwda-satuwyny guramak, ulag peteklerini sargyt etmek we satyn almak, ýaşaýyş­durmuş hyzmatlarynyň birnäçe görnüşleri babatda nagt däl tölegleri amala aşyrmak indi abadan durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu hyzmatlaryň geriminiň dowamly giňelýänligi bolsa mizemez hakykatdyr. Gündelik durmuşymyzda ençeme ýeňillikleri döredýän şunuň ýaly elektron hyzmatlaryň sanly ykdysadyýetiň ilkinji esaslaryny döredýändigini nygtamak gerek. 

     Elbetde, islendik ýurduň köpugurly ösüşi, uzak geljegi nazarlaýan iri möçberli tutumlaryň rowaçlygy, ilkinji nobatda, ylymdyr­bilimiň ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýetiň binýady bilim hem ylymdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny paýhasly dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz jemgyýetimiziň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmakda, milli ykdysadyýetimize ylmy­tehnologiýanyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmakda ylymdyr bilimiň ornuna möhüm ähmiýet berýär. Ulgamyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň kanunçylyk hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028­nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem­de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy muňa anyk mysaldyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesillerine berilýän bilim­terbiýäniň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen bu möhüm resminama okuw işine innowasion usullary giňden ornaşdyrmakda täze wezipeleri öňde goýýar. Şol wezipelere üstünlikli hötde gelinmegi okatmagyň ähli tapgyrlaryny elektron serişdeler bilen ýeterlik üpjün etmekde, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmakda mynasyp beýanyny tapýar. 

     Sanly bilim ulgamy ýurdumyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmegine, ykdysadyýetiň köpugurly pudaklaryna ylmyň döwrebap gazananlaryny işjeň ornaşdyrmaga, kämil tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaş hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmäge netijeli itergi berýär. Sanly ulgamyň ýene­de bir ähmiýetli tarapy ykdysadyýetiň depginli ösüşinde iň gymmatly serişde bolan maglumatlary jemlemäge şertleri üpjün edýänligindedir. Bu maglumatlar bolsa ýurduň geljekki ykdysady ösüşini çaklamaga, ylmy taýdan esaslandyrylan toplumlaýyn maksatnamalary işläp taýýarlamaga, ykdysadyýetiň durnukly ösüşine gönükdirilen zerur çäreleri geçirmäge mümkinçilik döredýär. 

     Sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň halkara ykdysady giňişligindäki ornuny has­da pugtalandyrýan, dünýä döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklaryny ösdürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary

sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Guwanç ÇENDIROW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

23.07.2025 Giňişleýin

ASYLLY MAKSATLAR BEÝIK GELJEGI NAZARLAÝAR

 

     Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmaga ýardam edýän başlangyçlary ýurdumyzyň abraýyny belende göterýär. Muny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 11-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem tassyklaýar. Kararnama laýyklykda, bu wekilçilikli çäräni Türkmenistanda geçirmek boýunça çözgüt Milletler Bileleşigine agza ýurtlar tarapyndan goldanyldy. 

     Şu ýylyň 4-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz bu maslahaty we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryk bermegi bu iri foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde möhüm ähmiýete eýe boldy. 

     Türkmenistan soňky ýyllarda dürli ugurlar boýunça giň möçberli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Olaryň guramaçylyk we taýýarlyk işlerini örän ýokary derejede alyp barmakda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň köpýyllyk tejribä esaslanýan gymmatly maslahatlary möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Iýul aýynyň 8-10-y aralygynda Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda iş saparynda boldy we halkara çäräniň taýýarlyk derejesi, bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy. Milli Liderimiz «Awaza» köpugurly sport toplumynyň binalarynda hem-de maslahatyň çäklerinde dürli derejedäki duşuşyklaryň geçiriljek ýeri bolan Kongresler merkezinde, şeýle hem olaryň çäginde ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini, merkezi girelgäniň öňünde häzirki zaman tehnologiýalarynyň döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmalydygyny, halkara maslahata degişli nyşanlaryň göze gelüwli görnüşde ýerleşdirilmelidigi barada özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi. 

     Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, häzirki wagtda bu maslahatyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Parlament forumyna hem taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Dünýä ýurtlarynyň Parlamentleri deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara, üstaşyr geçilýän ýurtlar bilen ösüş hyzmatdaşlyklarynda, maksatnamalary düzmekde, olaryň ýerine ýetirilişine baha bermekde, netijeliligi ýokarlandyrmakda, jogapkärçiligi berkitmekde hem-de borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin kabul edilen resminamalaryň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde möhüm orna eýe bolup durýar. 

     Hazaryň türkmen kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny mundan beýläk-de ilerletmäge taýýardygynyň nobatdaky subutnamasy bolar. 

 

Nepes ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

22.07.2025 Giňişleýin

INNOWASION ÖSÜŞIŇ MÖHÜM UGRY

 

     Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gynda­ ýur­du­myz­da­ ykdysady­ýe­tiň ­pu­dak­la­ry­na san­ly ul­ga­myň or­naş­dy­ryl­ma­gy halky­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni has-­da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, hä­zirki za­man ­mag­lu­mat­ gi­ňiş­li­gi­ni ­ke­ma­la ge­tir­mä­ge we ös­dür­mä­ge, ön­dü­ril­ýän önümle­riň­ we ­ýe­ri­ne­ ýe­ti­ril­ýän­ hyz­mat­la­ryň ­hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ýur­du­myzda­ san­ly­ ykdysadyýe­ti ­ös­dür­me­giň­ stra­te­giýa­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry «Türkme­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ­ýur­du­my­zy­ 2022­-2028-­nji ýyllar­da dur­muş­-ykdysa­dy taý­dan ös­dürme­giň Maksatnamasynda» hem­-de «Berka­rar ­döw­le­tiň ­tä­ze­ eýýamynyň Gal­ky­ny­şy:­ Türk­me­nis­ta­ny 2022­-2052-­nji ýyl­lar­da dur­muş ykdy­sa­dy ­taý­dan ­ös­dür­me­giň ­Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» kesgitlenil­ýär.­ 

     Hä­zir­ki dö­wür­de yk­dy­sa­dy ösü­şi san­ly ul­gam­dan hem-­de inno­wa­sion teh­no­lo­giýa­lar­dan üz­ňe göz öňü­ne ge­tir­mek kyn. Dünýä ba­za­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly­lyk tä­ze­çil yl­my­-tehniki çözgütle­riň önümçi­li­ge or­naş­dy­ry­ly­şy hem­-de innowasion tehnologiýala­ryň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy bi­len berk baglanyşyk­ly­dyr. Sanly­laş­dyrmak­ dü­şün­je­si­ ha­ryt­la­ryň­ önümçili­gi­ni­ we hyz­mat­la­ryň do­lan­dy­ry­ly­şy­ny döw­re­bap intellek­tual teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan peýda­lan­mak ar­ka­ly­ kämilleşdirme­giň ­tä­ze ­tap­gy­ry­ny ­göz öňün­de­ tutýar. Ykdysadyýe­ti ­san­ly ­ul­ga­ma ge­çir­me­giň­ esa­sy­ mak­sa­dy döwlet do­lan­dyry­şy­ny, ­ma­li­ýe ­ul­ga­my­ny,­ lo­maý­ we ­bö­lek söwda­ny, jema­gat-­dur­muş hyz­mat­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­me­gi nazarla­ýar. Häzir­ki dö­wür­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly halk hojalygynyň pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi­ni çalt­lan­dyr­mak, ila­ta edil­ýän hyz­mat­la­ryň hi­li­ni­ ýo­kar­lan­dyr­mak we gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça iş­ler do­wam ­et­di­ril­ýär. 

     Bu­ gün­ki gün­ söw­da­-yk­dy­sa­dy­ amal­la­ry ýeňil­leş­dir­ýän san­ly tä­ze­çil­lik­le­riň ge­ri­mi bar­ha­ gi­ňe­ýär. ­Şo­la­ryň bi­ri­ hem ­soň­ky ýyllar­da ­meş­hur­ly­gy­ bar­ha ­ýo­kar­la­nyp,­ «San­ly ak­tiw­ler» ýa­-da «Wir­tual ak­tiw­ler» di­ýen dü­şün­je­ler­ bi­len aňladylýan kriptowalýu­talar,­ to­ken­ler, ­maý­ning ­tehnologiýalary ýa­ly innowa­si­ýa­lar­dyr. Wir­tual ak­tiw­ler di­ňe san­ly gör­nüş­de duş gelip, öz­le­ri­ne eýe­lik ed­ýän ta­rap­la­ra gir­de­ji ge­tir­ýän san­ly dolany­şyk ­we­ top­la­ýyş­ se­riş­de­le­ri­dir. ­Hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä ykdy­sa­dy­ýe­tin­de wir­tual ak­tiw­le­riň pa­ýy­nyň yzy­gi­der­li artýandy­gy­ny gör­mek ­bol­ýar.­ 

     Türk­me­nis­tan­da tehno­lo­gik öňegidiş­li­giň iň soň­ky gazananlary­ny yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pudaklaryna,­ şol­ san­da ma­li­ýe ulga­my­na iş­jeň or­naş­dyr­ma­ga ­uly­ äh­miýet be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, il­kin­ji no­bat­da, ýurdu­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan durmuş­-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň berkidil­ýän­di­gi­ni bel­le­mek­ ge­rek.­ Şu­ ýy­lyň­ 23-­nji­ ma­ýyn­da Ministr­ler­ Ka­bi­ne­ti­niň­ san­ly­ ul­gam­ arkaly ge­çi­ri­len mej­li­sin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na laýyklyk­da, Türkmenistanda wir­tual ak­tiw­le­ri düz­gün­leş­dir­mek we maý­ning ­teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ­ka­nun­laş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp baryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­me­gi­ hem-­de ­«Wir­tual­ aktiwler ­ha­kynda» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­masy­nyň­ iş­le­nip taýýarlanylan­dy­gy­nyň­ ha­bar be­ril­me­gi­ mu­nuň ­aý­dyň­ my­sa­ly­dyr.­ De­giş­li Ka­nun­da wir­tual ak­tiw­ler işi ba­bat­da döw­let düzgünleşdir­me­si,­ ola­ryň­ do­la­ny­şy­gy­ çygryn­da ­iş­le­riň­ guralmagy, ­maý­ning,­ wir­tual ak­tiw­le­riň emis­si­ýa­sy we jemgyýet­çi­li­ge hö­dür­len­me­gi,­ şeý­le ­hem de­giş­li­ ugur­da­ky hyzmat­la­ry ­üp­jün ­edi­ji­ler ­bi­len ­bag­ly ­gat­naşyk­lar düzgünleşdiril­ýär. Wir­tual ak­tiw­ler mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze maýa go­ýum­la­ryň çe­kil­me­gi­ne, ma­li­ýe teh­no­lo­gi­ýa­la­ry başlangyç­la­ry­nyň ­ös­dü­ril­me­gi­ne,­ san­ly­ hyz­mat­lar ul­ga­myn­da tele­ke­çi­lik iş­jeň­li­gi­niň hö­weslen­di­ril­me­gi­ne­ go­şant­ go­şar. 

     Häzirki dö­wür­de dün­ýä tej­ri­be­sin­de söw­da­-da, alyş-­ça­lyş­da, maýa go­ýum işinde ­wir­tual­ ak­tiw­le­riň­ peý­da­la­ny­ly­şy ­art­ýar.­ Ola­ryň uly bö­le­gi blok­çeýn teh­no­lo­gi­ýa­sy­na esas­lan­ýar. Merkez­leş­di­ril­me­dik we ýaýraw ­gör­nüş­dä­ki­ mag­lu­mat­la­ryň gory ­bo­lan blok­çeýn­ler öza­ra bag­la­ny­şyk­ly blok­la­ryň zyn­jy­ry­ny eme­le ge­tir­ýär. Ol mag­lu­mat­la­ryň ­aý­dyň­ly­gy­ny,­ howp­suz­ly­gy­ny we üýtgew­siz­li­gi­ni üp­jün ed­ýär. Blok­çeýn amal­lar, geçi­rim­ler, ak­tiw­ler bara­da­ky ýa-da is­len­dik beý­le­ki­ mag­lu­mat­la­ry ýaz­mak we sak­la­mak üçin ni­ýet­le­nen san­ly re­ýestr bo­lup hyz­mat ed­ýär. Mag­lu­mat­la­ryň bir ser­wer­de däl-­de, dür­li komp­ýu­ter­le­riň­ tor­la­ry ­bo­ýunça ýaý­ra­dy­lan gör­nüş­de bol­ma­gy onuň­ yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar.

     Wir­tual ak­tiw­ler öz­baş­dak ha­sap­la­şyk ýa­-da­ top­la­ýyş serişdele­ri,­ ýag­ny ­pu­luň ­bir gör­nü­şi hök­mün­de-­de, kesgit­li emläk­le­re bolan­ hu­ku­gy­ ke­pil­len­dir­ýän ­to­ken­ler­ görnüşin­de­-de duş gel­ýär. To­ken­ler ak­si­ýa­lar, ob­li­ga­si­ýa­lar ­ýa­ly ­gym­mat­ bahaly ka­gyz­lar,­ goz­gal­ma­ýan­ em­läk­ler­ gör­nü­şin­de­ hem duş gelýär.­ Hä­zir­ki­ dö­wür­de­ wir­tual ­ak­tiw­le­riň gör­nüş­le­ri yzy­gi­der­li kö­pel­ýär. Ola­ryň iň meş­hur­la­ry krip­to­wal­ýu­ta­lar, to­ken­ler, san­ly hu­kuk­lar we beýle­ki san­ly gym­mat­lyk­lar­dyr.

     Yk­dy­sa­dy­ýe­ti sanly­laş­dyr­mak­da we in­nowa­sion iş­läp taýýarla­ma­la­ry, öňdebary­jy tejri­be­le­ri or­naş­dyr­mak­da oýlanyşyk­ly çemeleşilmegi,­ kä­mil­ ka­nun­çy­lyk­ bin­ýa­dy­nyň­ döredil­me­gi­ oňyn ­ne­ti­je­le­ri­ ber­ýär.­ Arkadagly Gah­ry­man Serdary­my­zyň dur­nuk­ly yk­dy­sady ­ösü­şiň ­bin­ýa­dy­ hök­münde san­ly ­yk­dy­sady­ýe­tiň ilerledil­me­gi­ ug­run­da­ky ­ta­gal­la­la­ry ýurdumy­zyň ösü­şiň tä­ze belent­lik­le­ri­ne çykma­gyn­da ­mö­hüm ähmi­ýe­te­ eýe­dir. 

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.

22.07.2025 Giňişleýin

Ählumumy tagallalary birleşdirip

 

     Täze taryhy döwürde geçirilýän hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li du­şu­şyklar­dyr mas­la­hat­lar Türk­me­nis­ta­nyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bi­len gat­na­şyk­la­ry­ny maz­mun taý­dan has-da baý­laş­dyr­ýar. Şu jä­het­den, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň 4-8-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi mö­hüm ähmiýe­te eýe­dir. Mu­nuň özi hoş­ni­ýet­li­lik, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

 

     Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksady bilen, Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Hazaryň türkmen kenarynda meýilleşdirilen bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. 

     Maslahat bilen ugurdaşlykda birnäçe çäreleriň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär. Geçiriljek bu çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry, hususan-da, halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany); ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, arabaglanyşyk boýunça çäräni, şeýle-de maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreleri, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çärelerini; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljek binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergilerini; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini; Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak resmi nahary öz içine alýar. 

      Milli Liderimiziň öwüt-ündewlerinden, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, häzirki wagtda bu maslahatyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunda halkara foruma, onuň bilen bagly ugurdaşlykda guraljak çärelere ýurdumyzyň ýaşlarynyň hem işjeň çekilýändigini buýsançly bellemek gerek. Ýokary okuw mekdepleriniň birnäçe daşary ýurt dillerini bilýän talyplaryndan meýletinçileriň taýýarlanylmagy munuň aýdyň beýanydyr. Milli Liderimiziň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolmagynyň çäklerinde halkara çärelere gatnaşjak meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslary synlap, olara birnäçe belliklerini aýtmagy hem-de lybaslaryň has-da kämilleşdirilmelidigine ünsi çekmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi ýaş nesillere döwletimiziň halkara at-abraýynyň has-da belende galmagynyň bähbidine döredijilikli, ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine berk ynam bildirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Bu hakykatyň maslahat bilen ugurdaşlykda geçiriljek ýaşlar forumynda hem öz beýanyny tapjakdygyny ynamly aýdyp bolar.

     Mälim bolşy ýaly, belent ruhly, hemmetaraplaýyn bilimli, aň we beden taýdan kämil, watansöýüji ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň strategik wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda bolsa, döwlet dolandyryşynda ýaşlaryň eýeleýän orny barha ýokarlandyrylýar, bu babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirilýär. Şeýlelikde, BMG-niň howandarlygynda geçiriljek ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde ýaşlar forumynyň hem meýilleşdirilmegi häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça köptaraply halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde giň gözýetimli, başarnykly, täze dünýägaraýyşly ýaşlara uly orun degişlidigini, türkmen ýaşlarynyň dünýä çykýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezer. 

     Goý, dünýäde ählumumy abadançylygyň hatyrasyna parasatly başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Nepes ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy, Mejlisiň deputaty.

19.07.2025 Giňişleýin

AWAZA: HALKARA FORUMLARYNYŇ MERKEZI

 

     Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu halkara forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär. Halkara gatnaşyklarynda Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan döwletimiz ozaldan hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, sport ugurly halkara derejeli çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplady. 

 

     2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnamanyň kabul edilmegi we bu möhüm resminama 57 sany döwletiň bilelikde awtordaş bolup çykyş etmegi, ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň halkara derejede goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyzyň ýene bir gezek dabaralanmasydyr. 

     Bu halkara maslahata deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

     Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysadyýet, söwda, senagat, ulag, energetika, maýa goýum, howpsuzlyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleri forumyň gün tertibine giriziler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde bu döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek göz öňünde tutulýar. Çünki deňze göni çykalgasy bolmadyk ýurtlar söwdada, aragatnaşykda we ösüşde üstaşyr geçiriji ýurtlara garaşly bolýarlar. Bu bolsa söwda çykdajylarynyň artmagyna getirýär, harytlaryň daşalyşy möhlet taýdan gijikmelere sezewar bolýar. Deňiz kenarynyň we öz gämisiniň bolmazlygy bu ýurtlaryň söwda hem-de gümrük çykdajylarynyň artmagyny şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň az ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar we ösýän kiçi ada döwletler boýunça Ýokary Wekiliniň Edarasy her on ýyldan bir gezek geçirilmegi meýilleşdirilen Hereket Maksatnamasyny taýýarlaýar. Bu kynçylyklary mümkinçiliklere öwürmek arkaly tagallalary birleşdirip ösüş gazanmak maksat edinilýär. Nobatdaky bu formatdaky halkara maslahatda garaljak meseleler 2014-nji ýylda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirilen ikinji halkara maslahatda kabul edilen hereketler maksatnamasyna ählitaraplaýyn baha bermekden, üstaşyr ýük gatnawlary hem-de halkara söwdasy babatda milli, sebit we sebitara, halkara strategiýalary kesgitlemekden, täze emele gelýän we geljekde ýüze çykyp biljek şertleri, mümkinçilikleri göz öňünde tutmak arkaly, üstaşyr gatnawlar ulgamlarynyň meselesine garamakdan, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga hem-de olaryň öňünde durýan meseleleri çözmäge bütindünýä derejesinde ygrarlylygy berkitmekden, şeýle hem 2024 — 2034-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk üçin täze çarçuwaly maksatnamany düzmekden we kabul etmekden ybarat bolar. Bu bolsa 570 milliondan gowrak ilaty bolan, dünýäniň syýasy kartasynda şeýle özboluşly ýerleşişe eýe bolan döwletleriň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesine oňyn täsir eder. Halkara maslahatyň çäklerinde parlament forumy, ýaşlar forumy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy ýaly ugurdaş maslahatlaryň geçirilmegi-de göz öňüne tutulýar. 

     BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän parlament forumyna häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisinde hem ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, milli parlamentde geçen 2024-nji ýylda «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» we «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin halkara seljerme merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle Kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň ulag we söwda ulgamynda uly öňegidişlikleri gazanmagyna itergi berýär. 

     Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahaty geçirilipdi. Şonda hormatly Prezidentimiz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň global ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ornuny ýokarlandyrmak bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyny işläp taýýarlamak babatda möhüm başlangyçlary öňe sürüpdi. 

     Ýeri gelende, www.lldc3.gov.tm saýtynyň hem hereket edýändigini okyjylara ýatlatsak ýerlikli bolar. Bu ýerde ýurdumyz barada we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahat dogrusynda türkmen, iňlis we rus dillerinde giňişleýin tanyşmak mümkin. Ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

 

 Orazgeldi SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

18.07.2025 Giňişleýin
1 ... 16 17 18 19 20 ... 106