Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda her ýyly Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerine esaslanyp, halkymyzyň erk-isleglerini, tekliplerini göz öňünde tutup, milli ýörelgelerimize laýyklykda döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi bolsa, ýurdumyzyň taryhynda ýene-de bir täze sahypany açdy. Bu bir tarapdan, milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormat-sarpany aňlatsa, beýleki tarapdan ýurdumyzyň durmuşynda ählumumy ösüşiň täzeçillige esaslanýan beýik başlangyçlaryna hem-de ösüşlerine badalga berilýändigini alamatlandyrýar.
Üstümizdäki ýylymyzyň şygarynyň ilkinji jümleleri eziz Diýarymyzyň goşa ganatyny - Garaşsyzlygyny hem-de hemişelik Bitaraplygyny şöhlelendirýär. Şonuň bilen bir hatarda, bedew batly beýik başlangyçlaryň netijesinde tutan her bir maksadymyzyň myrat tapýandygy baradaky ruhy ganat beriji sözler toý-baýramly ýylymyzyň şygaryny bezeýär. Şu günki eşretli zamananyň nyşanynda ýurdumyzyň bäş welaýatynyň tebigy reňkleriniň hem-de haly gölleriniň ýerleşdirilmegi asuda, agzybir halkymyzyň jebisliginiň nyşanyny alamatlandyrýar. Onda Türkmenistan döwletimiziň ýaşyl reňkli kartasynyň ýerleşmegi sähra düzlerimiziň, ýaşyl ýaýlalarymyzyň tebigat bilen sazlaşygyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň netijesinde çäk bitewüligimiziň üpjün edilmegi bolup, zeýtun ýapraklary hemişelik Bitaraplygymyzyň nyşanyny şekillendirýär. Ýylymyzyň nyşanynda toý bagyny kesip barýan bedew atyň şekillendirilmegi bolsa bu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň hem-de bedew batly ösüşlerimiziň netijesinde toýly günleri garşylaýandygymyzyň subutnamasydyr.
Behişdi bedewlerimiz täze taryhy zamanada türkmen halkynyň milli buýsanjy, toý-baýramlarymyzyň bezegi hem-de ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň synmaz nyşanydyr. Türkmen bedewleriniň tohum arassalygyny saklamak we arassa ganly behişdi bedewleri köpeltmek ylmy esasda ýola goýlup, kanuny esasda goralýar hem-de milli gymmatlyga deňelýär. Ýurdumyzda «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Şeýle-de Arkadag şäherinde öňdebaryjy Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy guruldy we onda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO-nyň kluby döredildi. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa halkymyzyň milli mirasymyza bolan buýsanjyny goşalandyrdy.
Ýurdumyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi hem behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda aýgytly ädimleriň biridir. Heňňamlaryň jümmüşinden geçip, döwletli menzillere aşýan ganatly ahalteke bedewlerimiz joşgunly zähmetiň hem-de döredijilik başlangyçlarynyň sazlaşygyny, ynsanperwerligiň we parahatçylygyň ilçilerini, egsilmez güýjüni alamatlandyrýar.
Behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda we ony ajaýyp sungat, milli mirasymyzyň naýbaşy nusgasy hökmünde Arşa galdyrmakda ägirt uly hyzmat türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary we goldawlary netijesinde, milli atşynaslyk ata Watanymyzyň döwlet dolandyrylyşynda hem-de mähriban halkymyzyň durmuşynda aýratyn orun tutup, halkymyzyň bu ugurda asyrlarboýy sünnäläp saklan milli mirasyny, medeniýetini, taryhy tejribesini hem-de sungat derejesindäki döredijilik işjeňligini özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserleri türkmen bedewi bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp gollanmadyr. Milli Liderimiz «Atda wepa-da bar, sapa-da» kitabynda: «Toý-baýram esbaby bilen göwni howalanan taýsyz gözel bedewler döwrümiziň ýeňişli ýollary bilen öňe barýarlar. Ahalteke bedewiniň şöhraty synmazdyr» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary ahalteke bedewleriniň dünýädäki muşdaklaryny, atşynas alymlary, seýisleri hem-de çapyksuwarlary, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenleri özara ýakynlaşdyrmaga we kämilleşdirmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär. Eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyz bolsa ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterip, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Amangeldi HEZZIÝEW, Lebap welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, Mejlisiň deputaty.