Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Gahryman Arkadagymyzyň ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşlygyň barşynda belleýşi ýaly, üstümizdäki ýylda bu şanly sene mynasybetli guralýan toý-dabaralar ýylymyzyň şygarynyň çuň mazmunyna we belent ruhuna utgaşýar. Çünki türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda özüniň milli özboluşlylygyny, ahlak ýörelgelerini, ruhy baýlygyny saklap gelen gadymy halkdyr. Ata-babalarymyzyň ýaşaýyş durmuşynda, kalbynda aýratyn orny eýeläp, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri-de türkmen bedewleridir.
Berkarar Watanymyzda ahalteke bedewlerimiz milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen bir hatarda ösüşiň, döwletliligiň we aýdyň geljege bolan ynamyň nyşany hökmünde orta çykýar. Türkmen bedewi özüniň duýgurlygy, wepadarlygy we gaýratlylygy bilen müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň ýüreginde orun aldy. Kerem-keramata deňelen bedewlerimiziň keşbi türkmen edebiýatynda batyrlygyň, erkinligiň we beýik maksadyň nyşany hökmünde beýan edilýär. Dessanlarda beýan edilişi ýaly, ahalteke bedewleri öz eýelerini ýeňşe ýetirýär, söýginiň nyşany, ylhamyň ganaty bolup çykyş edýär. Şahyrlaryň döredijiliginde bedewiň ýelden ýyndam bady diňe bir onuň çapyşynyň tizligini däl, eýsem, wagtyň özünden hem öňe geçýän ruhy okgunlylygy alamatlandyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ösüş ýolunda bedew at milli döwletlilik ýolumyzyň ruhy keşbine öwrüldi. Bedewiň batly gadamy ýaly, ýurdumyzyň ösüşi hem ynamly, durnukly we beýik maksada gönükdirilendir. Ykdysadyýetde, jemgyýetçilik durmuşynda, bilimde, ylymda we medeniýetde gazanylan üstünlikler halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň netijesidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler, amala aşyrylýan iri taslamalar, şäherleriň we obalaryň döwrebap keşbe eýe bolmagy bedew batly ösüşlerimiziň beýanydyr. Üstümizdäki ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary hem türkmen bedewiniň waspyny has-da dabaralandyryp, milli ruhumyzyň bitewüligini alamatlandyrýar. Şanly ýylymyzda bedewlerimiz halkymyzyň hakydasynyň, medeni mirasynyň we beýik geljege bolan ynamynyň beýany hökmünde giňden wasp edilýär. Ýylyň dowamynda geçiriljek çäreler bolsa ýaş nesilleriň milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini has-da artdyrar, olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrar.
Bedew — türkmeniň päkize ýüreginiň sesi, beýik ruhunyň aýnasy, şanly taryhynyň aýrylmaz bölegi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda bedew batly ösüş ýolumyz halkymyzyň agzybirligi, milli buýsanjy we geljege bolan ynamy bilen rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan döwletli ýol-ýörelgesi häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, dünýä ýaýmak we ýaş nesillere ýetirmek ugrunda tutumly işler ýokary derejede amala aşyrylýar. Ähli durmuşa geçirilýän beýik işleriň özeninde bolsa halkyň bähbidi bar.
Goý, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bedew batly ösüşlerimiziň depgini has-da öňe ilerläp, Watanymyzyň abraý-mertebesi mundan beýläk-de belende göterilsin!
Amangeldi HEZZIÝEW, welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.