Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-­nji ýyla çenli Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa 8 bapdan ybarat bolup, onuň ilkinji babynda resminamanyň maksadyny, wezipesini we mazmunyny emele getirmek üçin zerurlyklar, jemgyýetçilik talaplary düşündirilýär. 

Döw­re­bap­ ylym­ly, ­bi­lim­li,­ sag­dyn­ ýaş­la­ryň ­saz­la­şyk­ly­ ösü­şi­ni üpjün ­et­mek, ­ola­ry ­wa­tan­sö­ýü­ji­lik ­ru­hun­da ­ter­bi­ýe­le­mek ­bi­ziň­ baş maksa­dy­myz bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­lim ul­ga­mynda ylym ­hem­-de­ önüm­çi­lik­ gat­na­şyk­la­ry­ny ­ber­kit­mek,­ ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy ­taý­dan­ ös­dür­me­giň ­mak­sat­na­ma­la­ry­na­ we­ san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň ­kon­sep­si­ýa­sy­na ­la­ýyk­lyk­da,­ ýo­ka­ry­ bilim­li­ hü­när­men­ler bilen ­üp­jün ­et­mek­ me­se­le­le­ri­niň ­wa­jyp­dy­gy­ny,­ bi­li­mi döwrebaplaşdyrmak­da we beý­le­ki ýurt­la­ryň öň­de­ba­ry­jy ugur­daş merkez­le­ri ­bi­len ­yzy­gi­der­li­ mag­lu­mat ­al­şyl­ma­gy­ny­ ýo­la goý­mak­da halka­ra­ hyz­mat­daş­ly­gy ­mun­dan ­beý­läk­de ­ös­dür­me­giň zerurdygyny nygtaýar. 

Kon­sep­si­ýa­da umu­my­bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça okuw dersleri­niň döw­let bi­lim stan­dart­la­ry­nyň we okuw mak­sat­nama­la­ry­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ge­ti­ri­li­şi­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­mak, mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň oka­ýyş, ma­te­ma­ti­ka we te­bi­gy ders­ler bo­ýun­ça bi­lim de­re­je­le­ri­ni ba­ha­lan­dyr­ýan hal­ka­ra mak­sat­na­ma­la­ry­nyň görkezijile­ri­ni mil­li bi­lim ul­ga­my­na or­naşdyrmak hem bellenilýär. 

Şu gün­ler ­ýur­du­myz­da­ mek­dep ­okuw­çy­la­ry­nyň ­to­mus­ky­ dynç alyş möwsümi do­wam ed­ýär. To­mus­ky dynç alyş möw­sü­min­de ça­ga­lar Gökde­re­de, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da we we­la­ýat­lar­da­ here­ket­ ed­ýän ­ça­ga­lar­ dynç ­alyş­ we­ sa­gal­dyş­ mer­kezle­rin­de­ göw­ne­jaý dynç ­alyp,­ sag­lyk­la­ry­ny ­ber­kid­ýär­ler.

Bi­lim iş­le­ri­ne in­no­wa­sion tehnologi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak do­wam edi­lip, okat­ma­gyň dün­ýä tejribesin­den peý­da­lan­mak bi­len, okuwçy­la­ryň akyl ýe­ti­ri­ji­lik, öwrenijilik iş­jeň­li­gi, konst­ruk­tor­çy­lyk, öz­baş­dak pikirleniş en­dik­le­ri ösdü­ri­ler. Üz­nük­siz bi­lim ul­ga­mynyň maz­mu­ny­ny hil taý­dan tä­ze­le­mek, taý­ýar­la­mak, ola­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýokarlandyrmak we us­sat­lyk­la­ry­ny, bi­lim­le­ri­ni, ba­şarnyk­la­ry­ny ösdürmek ba­bat­da­ky iş­ler döwrebaplaşdyrylar. Şeý­le hem umu­my­bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça okat­ma­gyň usu­ly­ýeti­ni yzy­gi­der­li kämilleşdirme­giň esa­syn­da, ýaş­la­ra çuň­ňur bi­lim we döw­re­bap ter­bi­ýe ber­mek, ola­ry iş ýer­le­ri bi­len üp­jün et­mek, mek­dep­den da­şa­ry we goşma­ça bi­li­miň hä­zir­ki za­man usul­la­ry we ugur­la­ry ba­bat­da de­giş­li işler dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. Kon­sep­siýa­da bellenen­le­riň iş ýü­zün­de ornaşdyryl­ma­gy esa­syn­da, bi­lim ul­ga­my­nyň res­mi­na­ma­la­ýyn hu­kuk binýa­dy­nyň üs­ti ýe­ti­ri­lip, ýaş nes­liň döw­re­bap ke­ma­la ge­ti­ril­me­gin­de ge­çi­ril­me­li iş­le­riň ma­ny­ maz­mu­ny tä­ze­le­ner, baýlaş­dy­ry­lar we gel­jek­ki ösüş­le­riň berk binýadyna öwrüler. 

 

Aýnabat TOÝLYÝEWA, 

Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

17.06.2024 Giňişleýin

DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ ÝAŞAÝJYLARY HOREZMŞALAR DÖWRÜNE DEGIŞLI GADYMY TEŇŇELERI TAPDYLAR

 

Da­şo­guz­ we­la­ýa­ty­nyň­ Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy­ et­ra­by­nyň­ Döwke­sen ge­ňeş­li­giniň­ ýa­şaý­jy­lary­ 18­ sa­ny­ altyn,­ 3­ sa­ny­ kü­müş­ teň­ňe,­ şeý­le­ hem 61­sa­ny­ al­tyn­ teň­ňä­niň ­bö­lek­le­ri­ni ­we 8­ sa­ny­ dür­li­ reňk­li­ tapyn­dy­ tap­dylar.­ Bu­ ba­ra­da­ an­na­ gü­ni­ ge­çi­ri­len Hö­kü­met­ mej­li­sin­de­ wise­prem­ýer M.Mäm­me­do­wa ­ha­bar­ ber­di. 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Ta­ry­hy­ we­ mede­ni­ ýa­dy­gär­lik­le­ri­ go­ra­mak,­ öw­renmek­ hem­-de­ re­je­le­mek­ ba­ra­da­ky mil­li mü­dir­li­gi­niň­ alym­la­ry­nyň­ we­ hü­närmen­le­ri­niň,­ Ylym­lar­ akademiýa­sy­nyň nu­miz­mat­la­ry­ bi­len­ bi­le­lik­de­ ge­çi­ren des­lap­ky­ öw­re­niş­ iş­le­ri­niň­ ne­ti­je­sinde, ­kä­bir ­al­tyn­ teň­ňe­le­riň­ ýü­zün­de ­Horezm­şa­lar­ döwleti­niň­ hö­küm­da­ry ­Soltan­ Al­la­ed­din­ Mu­ham­me­diň­ we­ onuň ka­ka­sy Sol­tan­Te­ke­şiň ­at­la­ry­nyň­ ýa­zylan­dy­gy­ anyk­la­nyl­dy.­ Alym­la­ryň­ çaklamala­ry­na­ gö­rä,­ bu­ teň­ňe­ler­ Kö­ne­ürgenç­ türk­men­le­ri­niň­ gu­ran­ kuwwat­ly döw­le­ti­niň ­XII ­XIII ­asyr­la­ryň ­ba­şyn­da gül­läp­ ösen­ döw­ri­ bilen ­bag­ly­dyr.

 

Ýakup ATABAÝEW, 

Türkmenistanyň­ Mejlisiniň­ deputaty

17.06.2024 Giňişleýin

BEÝIKLIGE SARPA

 

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň kanun esasynda berkidilmegi ony geljekki nesillere ýetirmegiň ygtybarly kepilidir

 

Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyny ösdürmek we onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasynda: «Döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir» diýlip beýan edilýär. Ýurdumyzda bu ulgama degişli Esasy Kanunymyzyň ýörelgelerinden ugur alýan birnäçe kanunlarymyz hereket edýär. Ýagny, «Medeniýet hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda», «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Teatr we teatr işi hakynda», «Kinematografiýa hakynda» ýaly Türkmenistanyň Kanunlary bolup, olar döwre görä yzygiderli kämilleşdirilýär

Türkmen medeniýetini dünýä ýaýan Magtymguly Pyragynyň adyny ebedileşdirmek, onuň şan-şöhratyny arşa götermek we geljekki nesillere miras galdyrmak maksady bilen, şu ýylda birnäçe kanun kabul edildi. Has takygy, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden taryhy çykyşynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, onuň baý we gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak hem-de nesilden-nesle geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygy hakynda belledi we şu ýylyň fewral aýynda «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanuna gol çekdi. Döwrebap başlangyçlardan ugur alnyp, şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz hem Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy hakynda belläp, Mejlisiň deputatlaryna anyk tabşyryklary berdi. Anyk wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisinde «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen iş topary döredildi. Topara Mejlisiň deputatlary, döwrebap teklipleri öňe sürýän tejribeli hünärmenler, bilermenler, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar hem-de gelip gowuşýan teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu bolsa ýurdumyzda demokratiýanyň, raýat jemgyýetiniň has-da pugtalandyrylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. 

Şeýlelik-de, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 7-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy ýörelgeleri we milli ýol-ýörelgeler esasynda taýýarlanylan «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu Kanun Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny belleýär hem-de şu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Kanunyň talaplaryna laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy milli medeni gymmatlyk hökmünde döwletiň we türkmen halkynyň ruhy hazynasy diýlip ykrar edilýär. Kanunda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy döwlet tarapyndan goralýandygy, onuň medeni mirasyna zyýan ýetirilmegine, at-abraýynyň we mertebesiniň kemsidilmegine ýol berilmeýändigi, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamaga, ylmy taýdan barlamaga, aýawly saklamaga, goramaga, öwrenmäge we wagyz etmäge aýratyn goşant goşan fiziki we ýuridik şahslaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde höweslendirilýändigi, şol sanda döwlet sylaglary bilen sylaglanylýandygy baradaky kadalar beýan edilen. 

Kanunyň talaplaryna laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna onuň ady, keşbi, şekili, monumental heýkelleri, ömri we döredijiligi baradaky maglumatlar, Magtymguly Pyragynyň nebereleri hem-de şahyrlar, alymlar, bagşylar tarapyndan onuň şygyrlarynyň asyl golýazmalaryndan nusgasy alnan eserleriniň ýygyndysy, Magtymguly Pyragynyň nesil şejeresine degişli resminamalar we maglumatlar, neşir edilen goşgulary we beýleki edebi eserleri, beýik akyldaryň ömri, döredijiligi baradaky fiziki we ýuridik şahslaryň arhiwlerinde hem-de gaznalarynda saklanylýan resminamalar degişlidir. Şeýle-de şahyryň medeni mirasyna kino, wideo, fono, foto resminamalaryň, poçta markalarydyr çeperçilik-sungat eserleriniň, golýazmalar we beýleki materiallaryň, Magtymguly Pyragynyň ömür we döredijilik hakykatyna bagyşlanan kitaplaryň, ylmy işlerdir makalalaryň, çap önümleriniň, pýesalaryň, kinossenarilerdir filmleriň, spektakllaryň, wideoşekilleriň, teleradiogepleşikleriň, şeýle hem kompozitorlaryň, bagşy-sazandalaryň we çeper halk döredijilik eserleriniň hem-de beýleki eserleriň degişlidigi beýan edilýär. 

«Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasy maksady şahyr hakynda taryhy hakydanyň dowamatlylygyny we onuň medeni mirasynyň aýawly saklanylmagyny üpjün etmekden, halk arasynda saklanylýan golýazmalary we beýleki ýazuw ýadygärlikleri toplamak, rejelemek boýunça çäreleri işläp düzmekden, şeýle hem alymlaryň şol golýazmalar babatda iş alyp barmaklary üçin zerur şertleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle-de bu Kanun Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň ählitaraplaýyn ylmy barlaglarynyň geçirilmegi, öwrenilmegi we wagyz edilmegi üçin şertleri döretmek boýunça işi hil babatda täze derejä çykarmak, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde akyldaryň pähim-paýhas hazynasyndan peýdalanmak, onuň medeni mirasyny dünýä ýaýmak işleriniň hukuk binýadydyr. Galyber se-de, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny neşir etmek, terjime etmek we ylmy düşündirişler bilen üpjün etmek arkaly bilim-terbiýeçilik işine ornaşdyrmak hem-de ylmy dolanyşyga girizmek we beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen bagly maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we jemgyýetçiligiň öňündäki çykyşlarda dogry beýan etmek işleri hem şu Kanun esasynda düzgünleşdirilendir. 

«Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen türkmeniň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, şahyryň edebi döredijiligini nesilden-nesle geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. 

Türkmen halkyny aýdyň ertirlere tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. 

 

Çemen AKYÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Adam hukuklaryny we azatlyklaryny 

goramak baradaky komitetiniň agzasy

14.06.2024 Giňişleýin

ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGY — DÖWLETIŇ ABATLYGY

 

Galkynyşly döwrümizde amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň, döwletli tutumlaryň her biriniň özeninde çagalaryň bagtly geljegi ugrundaky aladalar jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary esasynda ýaşlar aýratyn goldaw we hemaýat bilen gurşalýar. 

Ýurdumyzda yglan edilen maksatnamalara laýyklykda bina edilýän döwrebap hassahanalarda, saglyk merkezlerinde, saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynda näsag çagalar saglygyny dikeldýärler we döwrebap bilim alýarlar. Bu ýerlerde bejergi işleriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna geçirilmegi bolsa örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Milli Liderimiziň adyny göterýän bu gaznadan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralarynda zerur lukmançylyk operasiýalaryny geçirmek üçin serişdeler yzygiderli bölünip berilýär. Çagalary goramagyň Halkara gününiň öň ýanynda welaýat köpugurly hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan emeli böwrek enjamlarynyň ikisiniň sowgat berilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Munuň özi ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, ösüp gelýän ýaş nesliň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenilmegine gönükdirilýän işleriň aýdyň subutnamasydyr. 

Gahryman Arkadagymyz dürli sebäplere görä hossarlaryny ýitiren çagalar hakyndaky aladany döwletimiziň öz üstüne alýandygyny yzygiderli nygtaýar. Hossarlaryny ýitiren çagalary mähir, alada bilen gurşap almakda bu gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň orny örän uludyr. Onuň agzalary ene-atasyndan mahrum bolan çagalary ogullyga almak, olara at we familiýa bermek bilen baglanyşykly dürli meselelere garaýarlar. Türkmenistanyň kanunçylygyna we milli däp-dessurlarymyza daýanyp, bu meseleler boýunça anyk çözgütleri kabul etmek ygtyýarlyklary Ýaşulular geňeşiniň agzalaryna berildi. Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Gaznanyň müdiriýetiniň agzalary bilen yzygiderli duşuşyp, bu meseläni üns merkezinde saklamagy-da aýratyn bellenilmäge mynasyp. Gaznanyň döredilen gününden bäri serişdeleriniň diňe bir içerki maksatlara gönükdirilmän, eýsem, daşary ýurtlarda tebigy betbagtçylyklarda hem-de dürli wehimlerde ejir çeken çagalar üçin sarp edilmegi, dünýä halklarynyň kalbyny ýyladyp, millionlarça maşgalada ýaşaýşa bolan umydyň döredilmegi Milli Liderimiziň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän ynsanperwer taglymatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir.

 Şeýle ynsanperwer ýörelgeler çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegini hem-de goralmagyny kepillendirýän hukuk namalarymyzda-da öz beýanyny tapýar. Durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň çäklerinde howandarlyga mätäçlere hemaýat bermek işini ösdürmek, döwletiň her bir adamyň, ylaýta-da, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatdaky aladalaryny kanunçylyk taýdan berkitmek möhüm meseleleriň biridir. «Hossarlyk we howandarlyk hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda, Zähmet kodeksinde, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda we Maşgala kodekslerinde hem-de bu meselelere degişli beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ýaşlar üçin amatly durmuş, ýaşaýyş, zähmet we dynç alyş şertlerini döretmek, maşgalany goramak hakynda düzgünler kepillendirilýär. 

Ýurdumyzy bagtly çagalygyň hem-de bagtyýar ýaşlaryň Watanyna öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli dünýä nusgalyk işleriniň dowamaty dowam bolsun! 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, 

welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

12.06.2024 Giňişleýin

TÄZE DESGALAR — ÖSÜŞIŇ MÖHÜM UGRY

 

«Pähim­-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni täzeliklere, hoş habarlara beslenýär. Şeýle hoş habarlaryň biri hem ýakynda ýaýbaňlandyrylan Daşoguz welaýatyndaky dabaralardyr. Has takygy, Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen täze desga ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüşlere beslenýändigini aýdyň beýan etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli beýik işleriniň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem bu ägirt uly desga ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyny, ösüşlere beslenýändigini alamatlandyrýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe elektroenergetika pudagynyň maddy-­tehniki binýady düýpgöter döwrebaplaşýar, täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Munuň özi pudagyň işiniň has­-da rowaçlanýandygynyň, üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu energetika pudagyny ösdürmekde we bir halka düzmekde möhüm ädimdir. Şeýle hem munuň özi diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga, ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýän ygtybarly energetika ulgamyny döretmäge gönükdirilen işler bolup durýar. 

Bedew bady bilen ösüşleriň aýdyň ýolundan barha öňe barýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuş­-ykdysady maksatly gurluşyklar giň gerime eýe bolýar. Bitewi halkalaýyn energoulgamyň döredilmeginde möhüm bolan täze desganyň ulanmaga berilmegi hem ýurdumyzyň ösüşini, energetika ulgamynyň döwrebaplygyny beýan edýär. Şonuň üçin hem bu desga milli ykdysadyýetimiziň berk binýadynyň bardygyny we giň mümkinçilige eýedigini alamatlandyrýar. Bu desganyň döwrebap mümkinçiliklerini, iň täze enjamlaryny mynasyp bolan halkara güwänamalary hem doly tassyklaýar. Daşoguz welaýatyndaky bu uly dabarada halkara güwänamalaryň gowşurylmagy energetika diplomatiýasynyň has­-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy. 

Daşoguz welaýatynda taryhy waka bolan dabarada awtobuslaryň sowgat berilmegi, şeýle hem 4 gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi çuňňur many­-mazmuna eýe boldy. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmakda beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrdy. Çünki halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, ýaşaýyş­-durmuş şertlerini we hilini yzygiderli gowulandyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenendir. 

Ýurdumyzy ösüşlerden­-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

Durmuş syýasaty baradaky 

komitetiniň baş hünärmeni.

10.06.2024 Giňişleýin

ÝAŞ ZEHINLERIŇ DÖREDIJILIGI

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň çäklerinde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen bu döredijilik bäsleşiginiň sylaglanyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Munuň özi röwşen geljegimiziň eýeleri baradaky aladalaryň döwletimizde ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýdyň görkezýär. 

Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-­sahawat gaznasy tarapyndan ilkinji gezek guralan döredijilik bäsleşigi iki tapgyrda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden müňden gowrak çaga gatnaşdy we şolaryň 350-­si aýratyn döredijilik zehini bilen tapawutlanyp, 21-­si bolsa birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan we oňa gatnaşan ähli çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Ýurdumyzyň mizemez binýadyny halallykdan, agzybirlikden we tutanýerli yhlasdan guran Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň çäksiz sahawaty bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr­-sahawat gaznasynyň alyp barýan asylly işleri ýaş nesiller babatda nusgalykdyr. 

Hormatly Prezidentimiziň: «Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurduna we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesine öwrüldi» diýen jümlelerinden hem­-de Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyndan ruhlanyp, çagalarda watançylyk duýgusyny ösdürmek, döredijilik bilen meşgullanmaga, sungata, surat çekmäge höwes döretmek, olaryň özbaşdak döredijilik ukyplaryny goldamak, bilesigelijiligini, çeperçilik işjeňligini ýokarlandyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen geçirilen bu döredijilik bäsleşigi täze, ýaşajyk zehinleri ýüze çykarmaga uly itergi berdi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň durmuş daragtynyň geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy taýdan sagdyn ösüşini, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, döwrebap bilim almagyny, watan söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi hem­-de ata-­babalarymyzyň pähim-­parasatly, berk bedenli, arassa ahlakly, kesp­-hünärli nesilleri kemala getirmekde döreden kämil ýörelgelerini, maşgala gymmatlyklaryny döwlet syýasatynyň derejesine çykarmakda we ony durmuşa geçirmekde alyp barýan beýik işleri gyzgyn mähir bilen gurşalyp alnan çagalaryň bagtyýarlygyny has-­da goşalandyrýar. 

Umuman, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary esasynda çagalaryň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmeginiň ýaş nesilleriň döredijilik mümkinçiliklerini, zehinini açmak bilen birlikde, olaryň mähriban Watanymyza, sahawatly topragymyza bolan söýgüsini has-da artdyrmaga ýardam berýändigini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalydyr. 

 

Ýaz­po­lat­ KE­RI­ÝEW, 

Türk­me­nis­ta­nyň ­Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky­ 

Ýaş­lar­ gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi­ Ge­ňe­şi­niň­ baş­ly­gy,­

Mej­li­siň­ de­pu­ta­ty.

06.06.2024 Giňişleýin

KÄMIL UGRUŇ AMATLYKLARY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, watançylyk ruhunda terbiýelemek biz, mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üstünlikli bolmagynyň girewidir. Okadylýan sapaklaryň göwnejaý guralmagynda multimediýa tagtasynyň täsiri örän uludyr. Hormatly Prezidentimiz milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini belleýär. 

Ýurdumyzda ylmyň, tehnikanyň, sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklylygyna, bir bitewiligine öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Bilimli, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan ýaşlar biziň geljegimizdir. Sowatly ýaşlary kemala getirmekde mekdepleriň mugallymlaryna uly jogapkärçilik düşýär. 

Okatmagyň bu usullaryndan peýdalanmak okuwçylara bilim bermekde netijeli mümkinçilik berýär. Şonuň üçinem sanly bilim ulgamynyň amatlyklaryndan ýerlikli peýdalanylmaga uly üns berýäris. Bilim bermegiň dürli ugurlary boýunça okatmakda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini giňden ulanmaga we ýokary hilli bilim bermäge mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys. Şeýle üstünliklere eýe bolmak üçin halal, jogapkärli zähmet çekip, ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys. 

Her bir işde bize görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet bähbitli we dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaç alsyn! 

 

Akmuhammet BEKMYRADOW. 

Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini 

çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta 

mekdebiň informatika mugallymy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

06.06.2024 Giňişleýin

EKOLOGIK ABADANÇYLYK — ROWAÇ ÝAŞAÝŞYŇ KEPILI

 

Ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyzy ýörelge edinip, adam saglygy babatdaky aladany ileri tutup, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak we olary geljek nesillere has gözel görnüşde ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Toplumlaýyn ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigat bilen sazlaşykly alyp barmaga, ýaşaýşyň arassa gurşawyny döretmäge, suw, ýer we biologik serişdelerden rejeli peýdalanmaga, biologik köpdürlüligidir tebigaty goramaga, çölleşmä hem-de tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmäge, ilatyň ekologiýa bilimini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar, halkara hyzmatdaşlyk yzygiderli ilerledilýär. Ekologik abadançylygy gorap saklamak we onuň köpdürlüligini has-da baýlaşdyrmak bilen bagly halkara maslahatlarda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçilikde giňden goldaw tapýar. 

Hä­zir dünýäde ekologik meseleleriň ähmiýeti örboýuna galdy, olary çözmezden jemgyýeti­ň durnukly ösmegini göz öňüne getirmek mümkin däldir. Dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky tagallalaryna Türkmenistan wajyp ähmiýetli maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly saldamly goşant goşýar. 

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda ekologiýa babatdaky halkara kadalary we bu ugurda kabul edilen konwensiýalaryň talaplaryny milli kanunçylygyna berk ornaşdyrdy. Hukuk ulgamyny ösdürmegiň we onuň kämil gi­ňişligini döretmegiň esasy bolan Konstitusiýa laýyklykda, tebigatdan peýdalanyjylaryň gatnaşygyny düzgünleşdirýän hem-de ekologik howpsuzlygy üpjün edýän ekologiýa kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, döwrüň talabyna görä, täze kanunlary işläp taýýarlamak işleri hem yzygiderli durmuşa geçirilýär. Esasy Kanunda daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlyk baradaky düzgünler has-da gi­ňeldildi we aýdyň­laşdyryldy. Konstitusiýanyň 53-nji maddasynda her bir raýatyň durmuşy jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata hem-de ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna, emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugynyň bardygy, döwletiň ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak, üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýändigi, her bir raýatyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludygy kadalaşdyryldy. Munuň özi tebigy baýlyklary geljek nesillerimiz üçin gorap saklamakda we ekologik howpsuzlygy üpjün etmekde-de möhüm ähmiýete eýedir. 

Ýurdumyzda ýaýbaň­landyrylan giň möçberli maksatnamalaryň çäklerinde paýtagtymyzyň daş-töwereginde we welaýatlarda tokaý zolaklarynyň emele getirilmegi, Merkezi Garagumda «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň, Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilmegi daşky gurşawy goramak meselesine milli derejede örän uly ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Garagumuň jümmüşinde gurlan «Altyn asyr» Türkmen köli di­ňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä boýunça hem iň uly ekogidrotehniki taslamalaryň biri bolup durýar. Ummasyz maýa goýum gönükdirilen Türkmen köli ýurdumyzyň dünýäniň suw gorlaryny aýawly saklamak bilen bagly ählumumy meseleleri çözmäge uly goşant goşýandygyny subut edýän hakyky innowasion taslamadyr. 

«Türkmenistanyň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ilatly ýerleriň daş-töweregine ýaşyl zolaklary aýlamak, oba hojalyk meýdanlarynyň daşynda goraýjy tokaý zolaklaryny döretmek, dag arçalarynyň, çöl sazaklarynyň tokaýlaryny we kenarýaka jeň­ňellikleri gaýtadan dikeltmek işleri üstünlikli ýerine ýetirildi. «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» kabul edilmegi bu asylly işiň mynasyp dowamyna öwrüldi. Ýeri gelende, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän agaç nahallaryny köpçülikleýin oturtmak işiniň häzirki döwrüň keşbine mynasyp dessur bolup ornaşandygyny nygtamak gerek. 

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna goşulan ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän önümçilik tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, tygşytlaýjy we ekologik taýdan arassa jemgyýeti döretmek boýunça hem yzygiderli tagalla edilýär. Şunda suw serişdelerini tygşytlamak, gaýtadan dikeltmek, suw çeşmelerini goramak, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak ýaly giň gerimli işler alnyp barylýar. 

«Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegini­ňem çuňňur manysy bar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen bu möhüm Kararnamanyň ähmiýeti, ilkinji nobatda, onuň Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendigindedir. Bu Kararnamany di­ňe bir Merkezi Aziýa döwletleri däl, eýsem, onuň çäklerinden has uzakdaky ýurtlar hem goldadylar. Munuň özi Aral deň­zi meselesi boýunça ählumumy derejede alada edilýändiginden, bilelikde irginsiz tagallalaryň durmuşa geçirilýändiginden habar berýär. 

Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygyny, soň­ky ýyllarda ýurdumyzda gurlan möhüm senagat desgalarynyň ençemesine ekologiýa ugurly halkara güwänamalaryň ençemesiniň gowşurylandygyny ýatlamak bilen, Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň ähli pudaklaryň ösüşi bilen sazlaşykly utgaşyp, dünýäde ösüş arkaly parahatçylygy gazanmaga gönükdirilendigini nygtap bileris. 

Ýurdumyzyň ekologik ýagdaýyny has-da gowulandyrmak ugrunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan hem uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşynda birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi. Şunda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa boýunça BMG-niň maksatly ekologik strategiýasyny taýýarlamak, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek ýaly başlangyçlaryna aýratyn üns çekildi. 

Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, parnik gazlarynyň zy­ňyndylarynyň yzygiderli azaldylmagy boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldamagy ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýyny has-da artdyrýar. Geçen ýylyň ahyrynda Dubaý şäherinde geçirilen COP-28 maslahatynyň sammitinde bolsa Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. 

Adamzady tolgundyrýan meseleleriň ilkinjileriniň hatarynda durýan ekologik abadançylygy üpjün etmek işini işjeň­leşdirmekde we bu ugurda anyk netijeleri gazanmakda Milli Liderimiziň tagallalary bilen başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam edýän işleri ýagty geljege alyp barýan dogry ýol bolup durýar. Ol ýol adamlaryň arassa gurşawda bagtyýar ýaşamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri babatdaky işleri öz içine alýan «Döwlet adam üçindir!», «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýar. 

 

Bäşim ANNAGURBANOW, 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

05.06.2024 Giňişleýin

ŞANLY ÝYLA GYMMATLY SOWGAT

 

Düýn Änew şä­he­rin­dä­ki Me­de­niýet öýün­de «Mag­tym­gu­ly» at­ly täze ki­ta­byň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. We­la­ýat hä­kim­li­gi ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan da­ba­ra we­la­ýa­ty­my­zyň eda­ra-kärha­na­la­ry­nyň iş­gär­le­ri, jemgyýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, di­li se­na­ly ýa­şu­lu­lar, mäh­rem ene­ler, köp san­ly ýaş­lar gat­naş­dy. 

Me­de­ni­ýet oja­gy­nyň eý­wa­nyn­da we­la­ýat ki­tap­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan gura­lan ki­tap ser­gi­si bi­len ta­nyş­mak­dan baş­la­nan da­ba­ra tä­sir­li çy­kyş­lar bi­len do­wam et­di. Çy­kyş eden­ler Mag­tymgu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gününiň 300 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan toý­lan­ýan ýy­ly­nyň “Pä­him-paý­has umma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy” ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy, şan­ly ýylymyz­da be­ýik akyl­da­ryň ede­bi mi­ra­sy­na ba­gyş­la­nan giň ge­rim­li çärele­riň ge­çi­ril­me­gi hal­ky­myz­da buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýän­di­gi bara­da söz aç­dy­lar. 

— Şi­rin dil­li söz us­sa­dy­myz Magtym­gu­ly Py­ra­gy­nyň saý­la­nan eser­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byň ne­şir edil­me­gi şan­ly ýy­ly­myza şan go­şan wa­ka öw­rül­di. Türk­menis­ta­nyň Ylym­lar akade­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li golýazma­lar ins­ti­tu­ty ta­rapyn­dan taý­ýar­la­nan bu eser hal­ky­myz üçin baha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak sow­gatdy— di­ýip, da­ba­ra­da çy­kyş eden­ler ajaýyp eser­ler ýy­gyn­dy­sy­nyň ma­ny-maz­mu­ny dog­ru­syn­da­ky gür­rü­ňe ün­si çek­di­ler. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu ki­ta­byň ne­şir edil­me­gi hor­mat­ly Preziden­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň hem-de ­Gah­ry­man Arkadagy­my­zyň be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň öw­re­nil­me­gi­ne we giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne ber­ýän ün­sü­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ni­ýet­le­nip ki­tap şa­hy­ryň çuň­ňur pä­him-paý­hasa ýug­ru­lan goş­gu­la­ry­ny, aý­ra­tyn-da, edep-ter­bi­ýe, ylym-bi­lim, ah­lak, ça­ga ter­bi­ýe­si, ula hor­mat, ki­çä sar­pa, ynsanper­wer­lik, dost-do­gan­lyk, mertlik-na­mart­lyk, gah­ry­man­çy­lyk, watançy­lyk, mil­li döw­let­li­lik ýa­ly pel­se­pe­wi ga­ra­ýyş­la­ry­ny, türk­men tebi­ga­ty­ny be­ýan ed­ýän şy­gyr­la­ry­ny özün­de jemle­ýär. Bu aja­ýyp eser­ler yn­san kal­bynda ba­ky orun al­ýar. 

Toý ru­hu­na eýe bo­lan da­ba­ra gatna­şan­lar ýaş nes­li wa­tan­sö­ýü­ji­lik, zäh­met­sö­ýer­lik we hal­ky­my­zyň dö­reden mil­li ýö­rel­ge­le­ri ru­hun­da terbiýele­mek­de «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byň äh­mi­ýe­ti­niň örän ulu­dy­gy­ny buý­sanç bi­len nyg­tap, be­ýik akyl­da­ryň dö­redi­ji­li­gi­ne goý­ýan bi­möç­ber sar­pa­sy üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we ­Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň ady­na al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy­lar. 

Da­ba­ra we­la­ýa­ty­my­zyň me­de­ni­ýet-sun­gat us­sat­la­ry­nyň aý­dym-saz­la­ry­na, mil­li öwüş­gin­li tans-halk dö­re­di­ji­lik çykyş­la­ry­na utgaşdy. Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry­na dö­re­di­len aýdym­la­ryň ýaň­lan­ma­gy daba­ra­ baý ma­ny ça­ýyp, äh­li­niň kal­by­ny heýjana ge­tir­di. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Ahal welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

05.06.2024 Giňişleýin
1 ... 17 18 19 20 21 ... 60