Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
09.10.2025

EŞRETLI GELJEGIMIZIŇ BINÝADY

 

     Ajap eýýamymyzda nesil terbiýesinde dana pederlerimiziň şu mesele babatda miras galdyran ýol-ýörelgelerinden ugur alynýar. Ýurdumyzda ösüp gelýän nesil hakda alada çagalar baglaryndan başlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän yzygiderli tagallalar ertirimiziňem abadan, eşretli bolmagyna gönükdirilendir. Ýaş nesle döwrebap terbiýe bermekde çagalar baglarynyň terbiýeçileridir mugallymlaryna uly orun degişlidir.

     Şeýle jogapkärçilikden ugur alýan çagalar bakja-bagymyzyň işgärleri körpe nesil hakda uly alada edýärler. Terbiýeçilerimiz çagalaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmeklerine çalyşýarlar. Dürli oýunlar, türkmen halk ertekileri esasynda guralýan gysgajyk sahnalar körpelerde uly gyzyklanma döredýär. Çagalaryň goşgy okamagy öwrenip, aýdym aýtmakda ilkinji ädimleri bilim almakdaky yhlaslary bilen utgaşdyrylýar. Bakja-bagymyzda terbiýelenýän oglanjyklar we gyzjagazlar dürli bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, şowly çykyş edýärler. Munuň özi päk zähmetimiziň guwançly miwesidir. Dürli bäsleşiklere bakja-bagymyzyň terbiýeçileridir mugallymlaram yzygiderli gatnaşýarlar. Şol bäsleşikler tejribe alyşmakda, hünär taýýarlyklarymyzy ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar. Biz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzy uly üstünliklere beslemegi maksat edinýäris.

 

 Aýjemal ALLANOWA. Murgap etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty