Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz häzirki eşretli döwrümizde beýik ösüşleri külterleýär. Döwlet Baştutanymyzyň badalga berýän uly göwrümli özgerişlikleri we milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşleri biziň şu günümize buýsanjymyzy beýgeldip, nurana geljege bolan ynamymyzy şonça-da berkidýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi baradaky maglumatlar biziň her birimiziň döwletimize bolan buýsanjymyza buýsanç goşýar.
«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda geçen ýarymýyllykda ýurdumyzda 17 milliard 829 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlary özleşdirilen bolsa, şu ýylyň ahyryna çenli ol jemi 40 milliard 72 million manatlyga barabar bolar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meýdany ýene-de artýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda üstünlikli alnyp barylýar.
Şäherleriň binagärlik keşbini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ilatyň ýaşamagy, zähmet çekmegi, dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen ähli amatlylyklary bolan binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgähleriň gurluşygy dowam etdirilýär. Ýurdumyzda gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk serişdeleriniň täze önümçiliklerini we täze iş orunlaryny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta iberilýän önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ilatyň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny edinmegi üçin ýeňillikli we sarp ediş maksatly karzlaryň möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Eýeçiligiň dürli görnüşleriniň goraglylygy güýçlendirilýär, maliýe-karz we salgytlar ulgamy, bäsdeşligi ösdürmek, bahalar we girdejiler syýasaty, geljekki ýagdaýlary çaklamak ýaly hojalyk mehanizmini düzýän usullar ýene-de yzygiderli kämilleşdirilýär. Ykdysady pudaklaryň ählisinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilikler işe girizilýär. Tizden Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylyp, ulanylmaga berler, welaýatymyzda halkara derejeli onkologiýa merkeziniň düýbi tutular, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygyna başlanylar. Bu desgalar ykdysadyýetimiziň kuwwatly güýjünden habar berýär.
Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen şeýle işler buýsanjyňy artdyryp, ruhuňy belende göterýär. Ýene bir guwandyryjy ýagdaý: azyk bolçulygy yzygiderli üpjün edilýär. Ýurdumyz boýunça şu ýylyň galla oragynda 1 million 400 müň tonna bugdaýyň ýygnalmagy bilen çöregiň we çörek önümleriniň saçaklarymyzda bolçulygy gazanyldy. Gallanyň zerur bolan möçberini ýygnamak däp bolan kada öwrüldi. Ýurtbaştutanymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan işleriň çägi ýene-de giňeldilýär. Milli nusgadaky özgertmeleriň baş maksady adamyň abadançylygyna, onuň ruhy we akyl taýdan ösüşine, şeýle hem ilatymyz üçin ähli eşretleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bu günküsinden hem oňat
ýaşamagy ugrunda edýän hossarlyk aladalarynyň aýdyň güwäsidir.
Bahadur ŞADYÝEW, «Lebap galla önümleri» önümçilik birleşiginiň Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşigindäki
galla agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.