Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Bu ählumumy forumda kabul edilen döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli çözgütler eziz Watanymyzyň beýik geljege tarap ynamly öňe gitmegine kuwwatly itergi berer. Gadymy halkymyzyň asyrlardan gözbaşly asylly däbine eýerilip geçirilen bu mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini has-da pugtalandyrmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilen bu mejlis ýokary ruhubelentligi döretdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mejlisde eden çuň many-mazmunly çykyşlary üns berlip diňlenildi we uly täsir galdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy çykyşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmekde gazanylan üstünliklere, ýetilen sepgitlere seljerme berdi. Türkmenistan döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmegiň öňde durýan wajyp wezipeleriniň üstünde durup geçdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz çykyşynda halkymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilen tutumly işlere mejlise gatnaşýanlaryň ünsüni çekdi. Has takygy, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli gurulmagy göz öňünde tutulýan saglygy goraýyş edaralary barada aýdyp şeýle diýdi: “Bu işleriň ählisi milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr”. Ynsanperwerlige ýugrulan bu belent maksadyň myrat boljakdygy guwandyrýar.
Ýusup ANNAÝEW. Welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty