Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bu ajaýyp döwürde ýurdumyzyň daşary syýasy abraýy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde has-da beýgelýär.
Bu günki günde ýurdumyz parahatçylygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan Türkmenistan umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalara özüniň uly goşandyny goşmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde birnäçe umumadamzat bähbitli teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolup, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna gatnaşdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki çykyşynda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça beýik başlangyçlary öňe sürdi. Munuň özi parahatçylygyň, dost-doganlygy ösdürmegiň aýdyň ýoludyr, dünýäde durnukly ösüşi, abadançylygy pugtalandyrmakda beýik başlangyçdyr.
Häzirki ajaýyp döwürde ýurdumyz parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine kuwwatly itergi berdi. Ýurdumyz taryh üçin örän gysga möhletde dünýäde hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatyny durmuşa geçirýän döwlet hökmünde belent ykrara eýe boldy. Munuň özi halkara gatnaşyklaryň bedew bady bilen ösýän häzirki şertlerinde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň örän uly ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.
Dünýäde parahatçylygy wagyz etmekde hemişelik Bitaraplygymyzyň hem möhüm orny bardyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy häzirki döwrüň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmekdir hem-de olary has giň, kämil tejribä daýanyp çözmekdir. Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň toplan tejribesi häzirki zaman şertlerinde parahatçylyk döredijilik işlerinde örän zerurdyr. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek, parahatçylygy gorap saklamak, ýurtlaryň arasynda özara ynanyşmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän eziz Diýarymyz dünýäde belent abraýa eýe bolýar.
Ýurdumyzyň hoşniýetli, ynsanperwer, dost-doganlyga ygrarlylyk ýörelgeleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiziň dünýä ýaýylmagydyr. Dünýäde dost-doganlygy, parahatçylygy ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, umumadamzat bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.