Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolmak bilen, bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däplerine, hakyky halk demokratiýasyna daýanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik» diýip nygtaýar. Ýeri gelende aýtsak, halkylyk Türkmenistan döwletiniň häsiýetli aýratynlygydyr, ol döwlet, jemgyýet, şahsyýet gatnaşyklarynyň bir bitewüliginiň beýanydyr. Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi halka hyzmat etmekde, onuň bähbitlerini goramakda we bütin jemgyýetde ilerleýji ösüşi üpjün etmekde iňňän möhüm ähmiýete eýe boldy. Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmek hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar.
Halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Geçmişiň tejribesini beýan edýän ynsanperwer gymmatlyklar jemgyýetiň pugtalandyryjy düzümi bolup durýar. Bu asylly däplerde, türkmen döwletliliginiň gözbaşynda durýan çuňňur ynsanperwerlik, döwletiň we raýatlaryň jebisligi, agzybirligi, olaryň özara täsiri we hyzmatdaşlyk hereketleri öz beýanyny tapýar. Ýurtda jemgyýetiň jebisligi, agzybirligi, raýdaşlygy, raýatlaryň bagtyýar ýaşamagy hem ösmegi üçin döwlet derejesinde döredilýän mümkinçilikler döwletliligimiziň şuglasy bolup ýagty saçýar.
Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň baý taryhy geçmişine daýanyp esasyny goýan döwletlilik taglymaty adamzat jemgyýetiniň ösüşindäki ýetilen sepgitleri, türkmen halkynyň taryhyny we milli mirasyny, häzirki zaman tejribesini hasaba almak we olary döwrümiziň nukdaý-nazaryndan özleşdirmek esasynda işlenip düzülen ynsanperwerlik ýörelgesiniň esasyndaky garaýyşlaryň ulgamydyr. Bu asylly ýörelgä eýerip, häzirki zaman türkmen jemgyýeti adama bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde garaýar. Il-ýurt bähbitli möhüm meseleleri maslahatlaşyp çözmek ýörelgesi atababalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemlemek bilen milli demokratik gymmatlyklara daýanýar. Şonuň üçin hem, Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk demokratiýasynyň belent nusgasydyr. Onda ýurduň ýakyn we uzak geljegini nazarlaýan birnäçe meseleleriň oňyn çözgüdi ara alnyp maslahatlaşylýar, degişli çözgütler kabul edilýär.
Paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem Watanymyzyň dürli kärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan wajyp, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän anyk kararlardyr çözgütler kabul edildi. Çünki häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn döwrebaplaşdyrmak, häzirki zamana kybapdaş senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler, netijeli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtda-da, zähmetde tapawutlanan raýatlar döwlet tarapyndan sylaglanylýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we demokratik başlangyçlary mundan beýläk hem ösdürmekde bu taryhy maslahatyň ägirt uly ähmiýetiniň boljakdygyny uly ynam bilen aýtmaga doly esas bar.
Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.