Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
22.01.2026

Halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik pelsepesiniň beýany

 

     Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetini, häsiýetli aýratynlygyny beýan edýän, halkymyzyň ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilik däplerine esaslanýan syýasy ýoluny şöhratlandyrýan gymmatly gollanmadyr. Ajaýyp eseriň mazmunynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy kökleri hem-de beýik üstünlikleri hakynda çeperçiligiň ýokary ussatlygynda söhbet edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň köňül buýsanjyna eýlenen kitabyndaky: «Parahatçylyk türkmen halkynyň diňe bir saýlap alan ýörelgesi däl, eýsem, müňýyllyklardan bäri kemala gelen ýaşaýyş pelsepesidir. Bu garaýyş ata-babalarymyzyň tebigat, jemgyýet we ynsanperwerlik bilen sazlaşykly gatnaşyklaryndan gözbaş alýar» diýen sözleri bitaraplyk taglymatynyň halkymyzyň ruhy garaýyşlary, ýaşaýyş pelsepesi bilen gabat gelip, bir bitewi sazlaşygy emele getirýändigi baradaky hakykaty açyp görkezýär. Türkmeniň ruhy dünýäsiniň hemişe parahatçylygy saklamak, adamlar bilen sazlaşykly ýaşamak düşünjesi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolandygyny ündeýär. Taryhda ençeme döwletleri döreden halkymyzyň dünýä meşhur şäherlerinde ýaşaýşyň güýç bilen däl-de, söwda, ylym, sungat we dinler arasyndaky özara hormat bilen dowam edendigi baradaky gürrüňler hem ynsanperwerlik medeniýetiniň, dostluk ýörelgesiniň nusgasy hökmünde kitapda giňden beýan edilýär.

     Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ynanyşmagy ündeýän beýik taglymatdyr, parahatçylykly ýaşamagyň sungatydyr, ata-babalarymyzyň syýasy ýörelgesidir, taryhy mirasydyr. Dünýäde üç gezek ykrar edilen türkmen Bitaraplygy parahatçylyk arkaly durnukly ösüşi gazanmagyň binýady bolmak bilen, halklaryň arasyndaky dostlugy, goňşuçylyk däplerini we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan ygtybarly syýasatdyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz gymmatly kitabynda: «Bitaraplyk müňýyllyk parahatçylyk däp-dessurlarynyň häzirki zaman daşary syýasy görnüşindäki  beýanydyr. Taryhy tejribämiziň, medeniýetimiziň, ruhy gymmatlyklarymyzyň ykrar edilmegidir. Hyzmatdaşlygyň, söwdanyň, medeniýetiň ýolunyň has netijeli bolýandygynyň jar edilmegidir» diýip belleýär.  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby diňe bir türkmen Bitaraplygynyň özboluşlylygyny we gymmatyny beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylygyň wekili bolmaga, geljekki nesillere mirasy ýetirmäge, adamzadyň parahatçylykly geljegini gurmakda jebisleşmäge hem özboluşly çagyryşdyr.

    Ata-babalarymyzyň miras galdyran ruhy hazynasyny — parahatçylygy wagyz etmekde, Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, gymmatly kitaplarynyň höwri köp bolsun!

 

Annabagt Maýewa, welaýat baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe, bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň  başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.