Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
20.06.2025

Telekeçiligiň hukuk binýady

 

     Döwletimizde hususy ulgamy ösdürmäge giň mümkinçiliklerdir zerur şertler döredilýär. Munuň özi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, şol sanda senagat, oba hojalygy, gurluşyk, syýahatçylyk, söwda, durmuş hyzmaty ulgamlarynyň netijeli işlemegine uly ýardam edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysadyýetinde iri, orta we kiçi kärhanalar bilen bir hatarda, maşgala we ýekebara  zähmete esaslanyp, telekeçilik işleri alnyp barylýar. Döredilýän kärhanalaryň özboluşlylygy pudaklaryň aýratynlyklaryna, tehnologiýalaryň ösüş badyna bagly bolup durýar.

 

     Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, maliýe-ykdysady ulgamy durnukly ösdürmek boýunça işler ýokary depginler bilen dowam etdirilýär. 

     Milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmekde kanunçylygy kämilleşdirmek we düzgünleşdirmek bazar ykdysadyýetine geçmegiň esasy şertleriniň biridir. Esasy Kanunymyzyň 47-nji maddasynda: «Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr» diýlip bellenilýär. Bazar gatnaşyklarynda hususy telekeçiligi höweslendirmek, telekeçilik işiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, raýatlaryň telekeçilik işini kabul edilen kanunlar esasynda alyp barmaklary üçin giň gerimli şertler döredildi. Şoňa görä-de, ýurdumyzda telekeçilik işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek üçin «Telekeçilik işi hakynda», «Eýeçilik hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Erkin telekeçiligiň ykdysady zonalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we başga-da birnäçe resminamalar kabul edildi.

    Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň gerimini giňeltmek, telekeçilik işini alyp barýan taraplara döwlet goldawyny bermek, telekeçileriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek we olary hemme ugurdan goldamak, hususyýetçileriň ilat üçin täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny uzak möhletli karz serişdeleri arkaly üpjün etmek işleri toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýe bolmak bilen, özüniň oňyn netijesini berýär. Önümleri öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek arkaly telekeçilik işini amala aşyrýan hususy eýeçilikdäki edara görnüşli taraplara we hususy telekeçilere önümçiligi ösdürmek we täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýumlary bermek boýunça durmuşa geçirilýän işler ýokary hilli milli önümleriň möçberiniň, görnüş sanawynyň artmagyna getirýär. 

     Ýurdumyzda söwda, hyzmat ediş, oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmek ulgamlarynda hususy telekeçilik sazlaşykly ösdürilýär. Telekeçiligiň ýurduň jemi içerki önüminde tutýan paýynyň yzygiderli artmagy, şunuň bilen baglylykda hem ilatyň girdejisiniň ýokarlandyrylmagy sazlaşykly utgaşdyrylýar. 

     Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem üstünliklere beslensin! 

 

Orazdurdy ABDYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty