Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde millilige uly sarpa goýulýar. Türkmen zenanlarynyň döredýän islendik el işini synlanymyzda bir hakykata göz ýetirmek bolýar. Ýürek mähri siňdirilip, yhlas bilen edilen işleriň deňsiz-taýsyz gözellige, gaýtalanmajak sungat eserine deňelmegi ýöne ýere däldir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa öz agtyklary bilen Ogulabat ejäniň nusgalyk el işini sarpalap, mähriban enäniň ören alajasyny hem-de alaja örmekde ulanan iş guralyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurdy. Beýik ogly dünýä beren beýik enäniň elinden çykan nepislikler bilen muzeý gymmatlyklarynyň üstüniň ýetirilmegi örän guwandyryjydyr.
Alaja inçe hem nepis iş. «Alaja aladyr, nagşa läledir» diýlişi ýaly, alaja salnan islendik nagşyň gözelligi has artýar. Şonuň üçin el işlerini alajasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Halk arasynda alajanyň ruhy güýjüniň bardygyna ynanylypdyr. Halkymyz ony gözden-dilden goraýjy hökmünde ulanypdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Biziň halkymyzda dagdan, düýe ýüňi, alaja ýaly zatlar ýakymsyz täsirlerden, gözden-dilden goraglylygy aňladýar» diýip belleýär. Hatda çarwadarlar hem yrym edip täze doglan guzularyň, owlaklaryň, köşekleriň, seýisler taýçanaklarynyň boýnuna alaja dakýarlar. Milli lybaslara, el işlerine, haly-palaslara aýratyn öwüşgin çaýýan alajanyň ak bilen gara sapaklardan işilmegine-örülmegine halkymyzda gije bilen gündiziň sazlaşygynyň beýany hökmünde garalýar.
Halypa halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa Döwlet muzeýine bu gymmatlygy gowşuran pursadynda türkmen zenanyna mahsus asyllylyk bilen alajany agaç gurala berkidip, onuň nähili ulanylýandygyny düşündirdi. Görüm-göreldeden, edep-ekramdan ýüki ýetik halypa enä, onuň döreden el işlerine hormatynyň çäksizdigini şol pursatlar ýene bir gezek aýan etdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ýörelgelerimiziň dowamatynyň dowam bolýandygy has-da buýsandyryjydyr.
Aýnabat TOÝLYÝEWA, Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.