Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
13.08.2025

PARLAMENT DIPLOMATIÝASY: ABADAN DURMUŞYŇ BÄHBIDINE

 

     Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len «Awaza» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da BMG-niň Deň­ze çykalgasy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji masla­ha­ty üs­tün­lik­li ta­mam­lan­dy. Onuň çäk­le­rin­de il­kin­ji ge­zek dür­li maz­mun­ly fo­rum­lar­dyr çä­re­ler hem gu­ral­dy. Şo­laryň arasyn­da Par­la­ment fo­ru­my-da bo­lup, mu­nuň özi hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de ka­nun çy­ka­ry­jy­ly­gyň hal­ka­ra işi bo­lan par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň barha uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­ny nobatda­ky gezek gör­ke­zen wa­ka öw­rül­di. Çün­ki dip­lo­ma­ti­ýa­nyň bu gör­nü­şi hal­ka­ra ýag­daý­la­ry sag­dyn­laş­dyr­maga, oňa ne­ti­je­li tä­sir et­mä­ge, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar­da yna­nyş­ma­gy di­kelt­mek üçin şert­le­ri dö­ret­mä­ge, halk­la­ryň öza­ra dü­şü­niş­me­gi­ne ýar­dam et­mä­ge, dür­li mil­let­li we sy­ýa­sy ga­ra­ýyş­ly adam­la­ryň ara­syn­da deň­hu­kuk­ly­ly­ga, öza­ra hor­mat goý­ma­ga esas­lan­ýan gatnaşyklary ýo­la goý­ma­ga esaslanýar. 

   

     Parlamentara gatnaşyklar kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bir hatarda, bu ugurda anyk işleri durmuşa geçirmek, dünýä derejesinde umumy meseleleri çözmek we beýleki möhüm ugurlar boýunça tejribe alyşmak üçin hem netijeli gurallaryň biri hasaplanýar. Parlament her bir ýurtda häkimiýetiň kanun çykaryjy şahasy bolmak bilen, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunlary kabul edýär. Şonuň ýaly-da, döwlet syýasatynyň işlenip düzülmeginde, ýerine ýetirilmeginde we oňa gözegçilik edilmeginde netijeliligi üpjün edýär. BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde ilkinji gezek Parlament forumynyň geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň parlament diplomatiýasynyň uly üstünligidir. Munuň özi DÇBÖBD-niň arasynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine, Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjyna laýyklykda, parahatçylyk, dialog we ynanyşmak ýörelgelerini wagyz etmekde-de aýratyn ähmiýete eýe boldy. 

     Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasynyň Parlamentara Birleşik bilen hyzmatdaşlykda guran giň möçberli forumyna deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. DÇBÖBD-niň kanun çykaryjy edaralary bu döwletleriň geografik ýerleşişi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge gönükdirilen Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýär. Parlamentariler ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýän milli kanunlaryň, syýasatlaryň kabul edilmegini hem-de ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler. Şo­ňa görä, Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda gazanylan tejribäni paýlaşmak, parlamentarilere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny amala aşyrmaga ýardam bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, parlamentarileriň ýerli, milli we sebit derejesinde alyp barýan syýasy işi arkaly bu maksatnamanyň ýerine ýetirilmegini çaltlandyrmak maksady bilen, olaryň tejribe alyşmagyna ýardam bermek, deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň öz kanun çykaryjylyk we beýleki işlerine Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny girizmegi üçin anyk çäreler babatda maslahatlary işläp taýýarlamak hem-de paýlaşmak Parlament forumynyň esasy maksady boldy. 

     «Ugry kesgitlemek: deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» şygary astynda geçirilen forum öz işini «Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we täze mümkinçilikler», «Deň­ze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan ýurtlara ýaýraýan köptaraplaýyn söwda ulgamyny kemala getirmek we pugtalandyrmak», «Parahatçylygy, ynanyşmagy we hasabatly dolandyryşy döretmek: deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda durnukly ösüşe ýardam edýän şertler», «Parlament wekilleriniň ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen, Hereketleriň maksatnamasy boýunça gyzyklanma bildirýän taraplaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy» atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. Olara gatnaşyjylar parlamentarileriň kanun çykaryjylyk, wekilçilik we gözegçilik wezipeleri arkaly Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde eýeleýän ornuna ünsi çekdiler. «Parlamentler serişdeleri çekmekde, syýasatyň kanunçylyk binýadyny döretmekde we onuň berjaý edilişine gözegçilik etmekde möhüm orun eýeleýärler. Bu bolsa DÇBÖBD-niň meseleleri bilen baglylykda aýratyn wajypdyr» diýip, çykyş edenler biragyzdan bellediler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda bu ýurtlaryň Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýüzbe-ýüz bolan esasy meseleleri barada-da durlup geçildi. 

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisi Parlamentara Birleşigiň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolup, Ýewropa Parlamenti bilen ikitaraplaýyn dialogyň çäklerinde wekiliýetleriň yzygiderli duşuşyklary guralýar. Olar bilen parlament işini, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, bilelikdäki maksatnamalaýyn taslamalary durmuşa geçirmek babatda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy forumda eden çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ýurdumyzyň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň halkara gi­ňişlikde giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidigini nygtady. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bolsa parlamentarileriň kanun çykaryjylyk, gözegçilik işi we býujet çözgütleri arkaly ählumumy borçnamalary milli derejede durmuşa geçirmäge konstitusion ygtyýarlyklara eýedigini aýtdy. Hereketleriň Awaza maksatnamasy hem parlamentleri bu resminamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmäge, degişli kanunlary kabul etmäge we hiç kimiň çetde galmazlygyny üpjün etmäge çagyrýar.

     Parlamentara hyzmatdaşlyk dostlukly gatnaşyklaryň möhüm ugrudyr. Şonuň üçinde Hazaryň kenarynda geçirilen wekilçilikli maslahatyň çäklerinde guralan Parlament forumy deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde, özara hyzmatdaşlygy gi­ňeltmekde wajyp ädimleriň biri boldy. Awaza forumynyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň halkara hyzmatdaşlykda has netijeli ugurlaryň ýüze çykarylmagyny, dostlukly döwletleriň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin tagallalaryň birleşdirilmegini üpjün etjekdigi şübhesizdir. Daşary döwletleriň parlamentleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň gazanýan üstünliklerini dünýä ýaýmak babatda döredýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. 

 

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW, Türk­me­nis­ta­nyň Mejlisiniň de­pu­ta­ty.