Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň iň ýokary döwlet sylagy — «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanyldy. Sylaglamak dabarasy Awazada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk çäreleriniň çäginde geçirildi. Ony Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 5-nji awgustyndaky Permanyna laýyklykda, Şawkat Mirziýoýew bu ýokary sylaga türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy, iki halkyň arasynda dost-doganlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegi hem-de Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagyna goşan hyzmatlary üçin mynasyp boldy.
Gahryman Arkadagymyz Şawkat Mirziýoýewiň strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan aýratyn tagallalaryny nygtap, onuň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna edýän goldawyna minnetdarlyk bildirdi.
Dabarada Özbegistanyň Prezidenti:
— Bu sylagy kabul etmek meniň üçin uly hormatdyr. Muny Özbegistana bildirilen aýratyn hormatyň we Merkezi Aziýada dostluk, goňşuçylyk we ynamy pugtalandyrmak boýunça edýän bilelikdäki tagallalarymyzyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde kabul edýärin — diýip aýtdy.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2017-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparyny ýatlap, geçen ýyllarda iki döwletiň arasynda gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetendigini, iri ykdysady we ynsanperwer taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, özara söwdanyň möçberiniň ep-esli artandygyny belledi. Şeýle-de, ol sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň goşandyny aýratyn nygtady.
— Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiligi biziň sebitde täze hyzmatdaşlyk modelini döretmekde gazanan bilelikdäki üstünliklerimizi ykrar edýär. Bu — sebitiň ähli doganlyk döwletleriniň gazanan netijesidir — diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti aýtdy.
Çykyşynyň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew BMG-niň maslahatynyň hem-de şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara Sammitiň halklaryň ýakynlaşmagyna we dialogyň ösmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Baýrammyrat Hajymämmedow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.