Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

HAÝYR-YHSAN — YNSANPERWERLIGIŇ GÖZBAŞY

Ynsan dünýäsiniň bezegi bolan hoşniýetlilik, ejizi goldamak, oňa hemaýat bermek ýaly ynsansöýüjilikli ýörelgelere halkymyz taryhyň ähli döwürlerinde ähmiýet berip, olary nesilden-nesle dowam etdirip gelýär. Bu ýörelgeler halkyň milli aýratynlyklaryny we medeni gymmatlyklaryny häsiýetlendirýär. 

Şeýle ynsanperwer kadalaryň durmuşda ýaýbaň­landyrylmagynyň jemgyýetçilik gatnaşyklaryna oňyn täsirini ýetirýändigi, onuň adamzat dünýäsinde eýeleýän orny we ähmiýeti barada Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda hem täsirli beýan edilýär: «Ýagşylykdyr haýyr-yhsan etmegiň, sadakadyr zekat bermegiň şahsy, jemgyýetçilik hem-de ykdysady bähbitleri barmak büküp sanardan köp: 

Ýüregiň bitakat bolsa, sadaka ber, ýagşylyk et! 

Dert basmarlaýan bolsa, sadaka ber, ýagşylyk et! 

Işiň ugrukmaýan bolsa, sadaka ber, ýagşylyk et! 

Zehiniň açylmaýan bolsa, sadaka ber, ýagşylyk et! 

Dilegiň kabul bolmaýan bolsa, sadaka ber, ýagşylyk et!

Bu setirleri ýene-de uzaldyp bolardy. Ata-baba asylly ýörelgelerimizde haýyr-yhsan etmek, başardygyň­dan sahawatly bolmak maşgala agzybirligini, işleriň öňe ilerlemegini üpjün edýän, hatda göz-dilden, howp-hatardan, bela-beterden goraýan iň netijeli ýol hasaplanylýar». 

Döwürleriň synagyndan geçen şeýle ahlak ýörelgelerimiz adamlaryň häsiýet-hereketlerine baha bermek üçin jemgyýet tarapyndan ykrar edilen ölçegler hökmünde kabul edilip, mazmun taýdan asyrlarboýy baýlaşdyrylypdyr. Ynsan aňynyň we jemgyýetçilik ösüşiniň täsirli görnüşi bolan bu ýörelgeler adamda giň dünýägaraýşy, parasatly pikir ýöredişi, adalat duýgularyny kemala getirýär we ösdürýär. Bu ýörelgeleriň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda giň­den orun almagyna, ýurdumyzda adamlaryň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uly ähmiýet berýändigi, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary göz öňünde tutulyp, geçen ýylyň 10-njy oktýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Arkadag» medaly bilen sylaglandy. Bu abraýly sylag bilen adamyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk, hukuk, ykdysady çäreler toplumyny durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmekde aýratyn görnükli hyzmatlary bitiren raýatlar sylaglanýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda onlarça çaganyň saglygyny dikeltmek, çylşyrymly operasiýalary geçirmek işleri bu gaznanyň hasabyna, mugt görnüşde ýerine ýetirildi. Bu çagalaryň bejergiden soň­ky dikeldiş döwründe-de ýerli saglyk öýleriniň aýratyn gözegçiliginde saklanmagy, mynasyp dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini hem bellemek gerek. Munuň özi Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» taglymatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň bir güwäsidir. 

Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşip, onuň işiniň baş maksady hem ene-atasyndan jyda düşen, ýörite durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz barada döwlet derejesinde alada etmek ýaly wezipeleri özünde jemleýär. 

Her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän, ynsanperwerlige ýugrulan kadalar döwletimiziň Konstitusiýasyndan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyzyň 54-nji maddasynda raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz galan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugynyň bardygy beýan edilýär. Şeýle hem ýaş we köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara, döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldawyň, ýe­ňillikleriň berilýändigi aýdylýar. Bu konstitusion kadalaryň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagyna, hususan-da, olaryň hatarynda pensiýa üpjünçiligi, raýatlaryň aýratyn toparlaryna döwlet kömek pullary bilen üpjünçiligi belleýän döwlet kepillikleriniň hem-de weteranlaryň we maýyplaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini anyk kesgitleýän Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini görkezmek bolar. Ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary durmuş taýdan goramak boýunça çäreler hökmünde birnäçe hukuklar we ýe­ňillikler kodeksiň 1211-nji maddasynda gi­ňişleýin görkezilýär. Şol sanawda ýokarlandyrylan möçberdäki talyp haklaryny tölemek; okaýan döwründe şäher ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşinde (ýe­ňil taksiden başga) we ýaşaýan ýerine garamazdan, etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan ulaglarda (ýe­ňil taksiden başga) mugt gidip-gelmek; ýaşaýan ýerine we yzyna okaýan ýerine ýylda bir gezek demir ýol, suw ulagynda we şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda mugt gidip-gelmek; döwletiň ambulatoriýa-saglyk öýleri edaralarynda we hassahanalarda nobatsyz mugt hyzmat etmek we bejermek hem-de Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygyna laýyklykda, ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek çäreleri bar.

 Kyn durmuş ýagdaýyna düşene hemaýat bermek işleri di­ňe bir ýurduň çäginde ýaýbaň­landyrylman, bu asylly ýörelgelerimiz halkara derejede-de ýola goýulýar. Geçen ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerinden Türkiýäniň, Ukrainanyň, Owganystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegi iberildi. «Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna görä, kömek üçin niýetlenen maddy-tehniki, azyk, lukmançylyk we beýleki harytlar hem-de serişdeler, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýda ejir çekenleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin niýetlenen ilkinji zerur zatlar (iýmit önümleri, geýim, aýakgap, arassaçylyk, derman serişdeleri, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler we başgalar) ugradylýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirende, bu gaznanyň häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň döwletlilik ýörelgelerini döwrebap röwüşde dowam etdirmeginde, sagdyn nesli kemala getirmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Şunda ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar arkaly nesilleri terbiýelemek wezipesinde il sylagly ýaşulularyň bitirýän işleriniň ähmiýeti bellenildi. Türkmen jemgyýetinde ata-enesinden galan çagalary ogullyga ýa-da gyzlyga almak, olara mynasyp atlary dakmak bilen bagly meseleleri çözmek maksady bilen, gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular ge­ňeşiniň agzalary bu çagalaryň ilhalar, watansöýüji bolup ýetişmegi üçin zerur çäreleriň geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Elbetde, asylly däplerimizi dowam etdirmekde, ýagny ata-enesinden galan çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzyň mynasyp goşant goşýandygynyň özi hem ynsanperwerlikden, agzybirlikden nyşandyr. 

Haýyr-sahawat işleri amala aşyrylanda, kanunçylyk, ynsanperwerlik, aýanlyk, meýletinlik, bähbitleriň umumylygy we oňa gatnaşyjylaryň hukuklarynyň deň­ligi ýaly asylly ýörelgelere esaslanylýar. «Haýyr-sahawat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ilatyň durmuş taýdan goralmagyna gönükdirilen milli we halkara maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna ýardam etmek, ýetim çagalara, ata-enesiniň hossarlygyndan galan çagalara, agyr durmuş ýagdaýyndaky çagalara, köp çagaly maşgalalara, gartaşan adamlara, pensionerlere, maýyplygy bolan adamlara, zähmete ukypsyzlara, işsizlere, şeýle hem durmuş taýdan goralmaga mätäç başga adamlara zerur kömegi bermek ýaly maksatlary özünde jemleýär. 

Halal gazanjyň belli bir möçberini haýyr-sahawata bagyşlamagyň saçagy­ňa, rysgy­ňa bereket goşýandygy halkymyzda ata-baba ündelýän ýörelge. Şeýle hoşmeýilli tagallalaryň netijesi döwletimiziň täze ösüşlere ilerlemegine, jemgyýetimizde ynsanperwerlik duýgularynyň artmagyna, haýyr-sahawat işleriniň giň gerim almagyna we onuň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirýär. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni

02.02.2024 Giňişleýin

HALKYMYZYŇ BUÝSANJY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurdaky işleri halkara derejesinde ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde türkmen alabaýy bu gün dostlugyň we wepalylygyň halkara nyşanyna öwrüldi. 

Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaýlary özleriniň aýratynlyklary boýunça tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly nusgalyk kitabynda belleýşi ýaly: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý-biziň Watanymyzyň baýlygy». Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýyň eýeleýän orny, alabaý tohumynyň gelip çykyşy we kemala gelşi baradaky taryhy, arhiw maglumatlary, dünýäniň iň arassa ganly, gadymy tohum itiniň alabaýdygyny açyp görkezýän köpýyllyk ylmy-barlag işleriniň maglumatlaryny özünde jemleýär. 

Göreniňde, gözüňi dokundyrýan alabaýlary ata-babalarymyz goragçy hökmünde eý görüp gelipdirler. Şoňa görä-de, pederlerimiz «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «Adyl sakçylygy goýun itinden öwren», «Awçy görmese, it görer, it görmese, at görer» ýaly nakyllary döredipdirler. 

Türkmen halky birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda türkmen alabaýlaryny seçip-saýlamakda, köpeltmekde, ösdürip ýetişdirmekde we kämilleşdirmekde örän baý tejribe toplapdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Ýurdumyzda ata -babalarymyzyň köp ýyllaryň dowamynda çeken irginsiz zähmeti bilen döredilen hem-de nesilden-nesle geçip gelen türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak we kämilleşdirmek, gadymy türkmen itşynaslyk sungatyny ylmy esasda ösdürmek, meşhurlygyny dünýä ýaýmak, ýokary derejeli türkmen kinologlaryny taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Milli itşynaslyk sungatynyň iň gowy tärlerini nesilden-nesle geçirmek, seçgi-tohumçylyk işinde milli we dünýä tejribesini peýdalanmak, milli ýörelgeleri ylmyň täze gazanan netijeleri bilen utgaşdyrmak, itşynaslyk sungatynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça türkmen itşynaslarynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Bu ugurda döwletimizde «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» we «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu hormatly atlar ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, seýisçilik sungatyny ösdürmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren, itçilik pudagyny ösdürmekde aýratyn şahsy goşandyny goşan we ýokary netijeleri gazanan adamlara dakylýar. 

Özüniň mertligi, hüşgärligi, wepalylygy, düşbüligi bilen halkymyzyň ýakyn dostuna öwrülip, milli mirasymyzyň hatarynda mynasyp orun alan türkmen alabaýlarynyň şöhraty bütin dünýä ýaň salýar. Ýeri gelende bellesek, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa Türkmenistan — Tatarystan dostlukly döwletleriň nyşany hökmünde sowgat berlen Akdost (Ak dus) atly türkmen alabaý iti 2024-nji ýylyň 15-17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça geçirilen Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda arassa ganlylygy we owadanlygy, şeýle hem düşbüligi, ünslüligi üçin iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy. Munuň özi türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy, milli buýsanjy hasaplanylýan türkmen alabaýynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň barha beýgelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Milli buýsanjymyz hasaplanylýan türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, bu gymmatly baýlygymyzy geljekki nesillerimize miras galdyrmak ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, döwlet ähmiýetli, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

 Jennet ÖWEKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy

02.02.2024 Giňişleýin

YNSAN KALBYNYŇ RUHY LUKMANY

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp hem-de halkymyzyň erk-islegi esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi bizi täze döredijilik başlangyçlaryna ruhlandyrdy. Ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän we badalga berilýän iri möçberli tutumly işleriň düýp özeninde ýurdumyzyň ertirki eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky alada durýar. Türkmen halky ähli döwürlerde hem ylymly-bilimli, watansöýüji, sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, kämil nesilleri kemala getirmeklige aýratyn ähmiýet beripdir. Biz muňa Magtymguly Pyragynyň nesil terbiýesi bilen baglanyşykly şygyrlarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. 

Şahyryň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten edebi mirasynda ýaş nesli terbiýelemekde, olara edep-terbiýe bermekde ähmiýeti uly bolan garaýyşlar giňden beýan edilýär. Onuň goşgy setirlerindäki öwüt-ündewler bu gün ýaşlarymyzyň uly durmuş mekdebine öwrüldi. Şahyr il-güni, ulyny sylamagy, kiçä hormat goýmagy, hemmelere mylakatly bolmagy, ýagşylardan görelde almagy ündeýär. Şonuň üçin-de ol ynsany bezeýän, ony hakyky ynsan edýän, mertebesini beýgeldýän ähli ýagşy gylyk-häsiýetler hakynda söz açypdyr. Magtymguly Pyragynyň «Sözläbilseň ýagşy sözle, //Halk ýamanyň bizarydyr» diýen setirlerinde halkymyzyň ýagşy sözli bolmak medeniýeti ör-boýuna galýar. Beýik söz ussady iliniň sowulmaz ýaza ulaşmagyny, ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny ündeýär, mertligi, edermenligi, Watan mukaddesligini wasp edýär. 

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem, gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir. Onuň şygyrlary ynjan ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr» diýip belläp geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldara uly hormat-sarpa goýulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dünýä boýunça dabaraly bellenip geçiljek şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Goý, agzybir halkyny röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary has-da rowaç bolsun! 

 

Tuwakgylyç Weli­ýew, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler 

partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

01.02.2024 Giňişleýin

DÖWLET ÄHMIÝETLI ŞÄHER — DÖWLETIŇ BUÝSANJY

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzyň ösüşiniň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň hukuk-kanunçylyk binýadyny üpjün edýän degişli resminamalaryň taslamalary taýýarlanyldy we kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz 2023-­nji ýylyň 23­-nji martynda «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. 

Bu Ka­nun Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hu­kuk ýagda­ýy­ny, şo­nuň ýa­ly­-da, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň we­zi­pe­le­ri­ni ama­la aşyr­ma­gy bi­len bag­ly döw­let häki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň işi­niň hu­kuk, gu­ra­ma­çy­lyk we beý­le­ki esaslaryny kes­gitle­ýär. Ka­nun­ 4­ bap­dan we 13 mad­da­dan yba­rat bo­lup, umu­my düz­gün­le­ri, Döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry, ka­zy­ýet hä­ki­mi­ýe­ti we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar,  jem­leý­ji düz­gün­leri öz içi­ne al­ýar. Tä­ze Kanunda bel­le­ni­len ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da, Ar­ka­dag şä­he­ri üçin döw­let ähmi­ýet­li şä­her di­ýen aý­ra­tyn hu­kuk ýag­da­ýy bel­le­nil­ýär. Şä­he­riň çäginde ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýet şä­he­riň hä­ki­mi we et­rap­laryň hä­kim­le­ri ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar. 

Ar­ka­dag­ şä­he­ri­niň­ do­lan­dy­ryş ­ul­ga­myny kä­mil­leş­dir­mek üçin Türk­me­nis­ta­nyň  Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň 81-­nji maddasy­nyň 12-­nji ben­di­ne la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ ka­rar ka­bul ­et­di.­ Şä­he­riň­ guramaçylyk ­hu­kuk dü­zü­mi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi Arka­dag şä­he­rin­de alnyp ba­ryl­ýan iş­leriň hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gelmegin­de, şä­her­ ilatynyň ­sa­ny­ny ­art­dyr­mak­da,­ ony gel­jek­de dep­gin­li ös­dür­mek­de, çäkleri­ni gi­ňelt­mek­de, ­ulag,­ se­na­gat,­ söw­da,­ hyzmat­lar, ylym­-bi­lim,­ sagly­gy­ go­ra­ýyş,­ gurlu­şyk ­ul­gam­la­ry­ny ­ös­dür­mek­de­ ähmiýet­li ýag­daý­ bo­lup ­dur­ýar. 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ka­ra­ry­na laýyk­lyk­da, Ar­ka­dag şäherinde gur­lan bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, medeniýet eda­ra­la­ry­na we sungat bi­na­sy­na ­türk­men hal­ky­nyň gör­nük­li şah­sy­ýet­le­ri­niň at­la­ry dakyl­dy. At­la­ry ebe­dileş­di­ri­len gör­nük­li şahsyýetle­riň hal­kymyza, mähri­ban­ Wa­ta­nymyza ba­gyş­la­n ömür ýolla­ry ýaş ne­sil­ler üçin nus­ga­lyk mek­dep­dir. Be­ýik şah­sy­ýet­le­riň ýur­du­my­zyň be­ýik ösüşle­ri­ni alamatlandyr­ýan Ar­ka­dag şä­he­rin­dä­ki bi­na­la­ra we desga­la­ra at­la­ry­nyň da­kyl­ma­gy ola­ryň hal­kyň ha­ky­da­syn­da ebe­di­lik galmagy­ny şertlendirýär. 

Türk­men te­bi­ga­ty­nyň gö­zel kün­jek­le­ri­niň birin­de bi­na edi­len Arkadag şä­he­ri ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň güýç-kuwwaty­ny we ägirt uly ösüş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni bü­tin dün­ýä äş­gär edýär. Bu ba­bat­da mag­lu­mat eý­ýa­my hasap­lan­ýan döw­rü­miz­de­ sy­ýa­sy,­ yk­dy­sa­dy, dur­muş ugur­lar boýun­ça tä­ze çe­me­leş­meler ­te­bi­gy­ ýag­daý­da­ ýü­ze­ çyk­ýar.­ Se­na­gat eýýamyn­da yk­dy­sa­dy peý­da we adam­la­ryň dur­muş üp­jün­çi­li­gi esa­sy üns mer­ke­zin­de dur­ýan bol­sa, hä­zir­ki dö­wür­de daş­ky gur­şawy go­ra­mak we eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­na il­kin­ji no­bat­da üns beril­ýär. Çak­la­ma­la­ra görä, dün­ýä­de 2050­-nji ­ýy­la­ çen­li­ şä­her­ler­de ýaşaýan ilat sa­ny­nyň has art­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu ýag­daý şä­her­leş­mek de­re­je­si­niň ösü­şi­ne maksat­na­ma­la­ýyn we eko­lo­gik bi­na­gär­lik nukdaýnaza­ryn­dan kö­p u­gur­ly çe­me­leş­me­gi ta­lap ed­ýär. Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň bi­ri «Dur­nuk­ly şä­her­ler we ilat­ly no­kat­lar»  di­ýip atlandy­ry­lyp, ol dur­nuk­ly şä­her durmu­şy­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da jem­gy­ýet­çi­lik ulagla­ry­nyň ne­ti­je­li işi­niň gu­ral­ma­gy ze­rur bo­lup dur­ýar. Şä­her­le­riň meý­da­ny­ny gi­ňelt­mek müm­kin­çi­li­gi­niň köp ýag­daý­lar­da tebigy çäk­li bol­ma­gy se­bäp­li şäherlerde jem­gy­ýet­çi­lik ulag ulgamlarynyň ne­ti­je­li işi­ni ýo­la goý­mak ila­tyň ýa­şa­ýyş­-dur­muş derejesiniň ýo­karlan­ma­gyn­da esa­sy gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri bo­lup çy­kyş edýär. 

 

Kerimguly GELDIÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy

01.02.2024 Giňişleýin

WASPY ÝAÝRAR ÇARÝANA

Watanymyzyň mukaddesligi, ýaşlaryň abraý-mertebesi barada söz açanymyzda, türkmen ýaşlarynyň kalbynyň iň gözel duýgulary, joşgunly owazlary bilen sazlaşyp, adaty sözler ajaýyp jümlelere öwrülýär. Çünki, biri-birine utgaşykly gelýän Watan we ýaşlar düşünjesi biziň durmuşymyzyň özeni, ýaşaýşymyzyň asyl manysydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakynda edýän bimöçber aladalary bolsa, belent maksatlarymyza joşgun, yhlasymyza ganatly ylham berip, buýsançly söhbetlere hemra edýär. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde bagtyýar ýaşlarymyza bildirilýän uly ynamy äşgär etdi. Türkmen jemgyýetiniň kämilligiň ýoly bilen abadan geljegimize tarap gadamynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmen ýaşlary üçin giň mümkinçilikleriň gapysyny açan ýyl hökmünde, taryhy wakalara we toýdur-baýramlara beslendi. 

Bularyň anyk mysaly hökmünde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütin dünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bagtyýar ýaşlaryň ykbalynda ýatdan çykmajak taryhy wakalara öwrüldi. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçen ýylyň 16-18-nji noýabrynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň geçirilmegi ýaşlaryň göwün guşuny has hem ganatlandyrdy.

Hawa, ata Watanymyzyň her bir güni bagtlylykdan nyşandyr. Bagtly günleriň şaýady bolýan günlerimiziň her bir pursaty bolsa, taryhy wakalara, şatlykly senelere baýdyr. Şeýle taryhy wakalaryň biri hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp ilkinji kitabynyň elimize gowuşmagy boldy. Kitap - kämilligiň gözbaşy. Islendik bir kitabyň dünýäniň ýüzünde ykrar edilmegi, şol kitabyň awtorynyň näderejede kämil şahsyýetdigini doly açyp görkezýän hakykatdyr. Ynha, bu günki gün hem hormatly Prezidentimiz dünýäde diňe bir parasatly syýasatçy hökmünde däl, eýsem, özünde çuň pelsepewi pikirleri jemleýän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriň awtory hökmünde hem giňden ykrar edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan bu ajaýyp eseriniň her bir jümlesi biz — ýaşlaryň işlerinde nusgalyk gollanmadyr, kämil ýol-ýörelgedir. 

Goý, Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde döwlet ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun! 

 

Maksat JANMYRADOW. 

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

01.02.2024 Giňişleýin

YNSANPERWERLIGIŇ BELENT NUSGASY

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly belent şygar bilen dabaralanýan 2024-nji ýyl ilkinji günlerinden uly ösüşlere, taryhy wakalara beslenýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-ýurduň bähbidine gönükdirilen düýpli taslamalara badalga berilmegi, şanly özgerişlikleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. 

Ýa­kyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ar­ka­dag şäherin­de luk­man­çy­lyk klas­te­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy ger­man kom­pa­ni­ýa­la­rynyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da, şeý­le hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň işi­ni has-da kämilleş­dir­mek boýun­ça ge­çi­ren iş mas­la­ha­tyn­da se­re­di­len me­se­le­ler, kes­git­le­ni­len we­zi­pe­ler ýur­dumyz­da ila­tyň sag­ly­gy, ýaş nes­liň bag­ty­ýar gel­je­gi ba­ra­da­ky me­se­lä­niň bir­jik-de üns­den dü­şü­ril­me­ýän­di­gi­ni su­but ed­ýär. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň döw­let­lilik ýö­rel­ge­si­ni my­na­syp dowam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ry bi­len bir­lik­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my hem ösdürilýär. Özara gatnaşyklaryň çäginde türk­men-ger­man hyzmatdaşlygy hem işjeň­leş­di­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, ýurdu­my­zyň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da dostlukly ýurduň meşhur kompa­ni­ýa­la­rynyň iň kä­mil, öň­de­ba­ry­jy en­jam­la­ry giň­den ornaşdyrylýar. Ar­ka­dag şä­he­rin­de luk­mançy­lyk klas­te­ri­ni dö­ret­mek boýun­ça mas­la­hat be­riş hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek ha­kyn­da gol çekilen Äht­na­ma­nyň iki ýur­duň ara­synda öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iler­let­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat etjekdi­gi ikuç­suz­dyr. Il-günüň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­la­ra ýug­ru­lan «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň üstün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi netije­sin­de bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy dün­ýä­niň iň ösen hil-de­re­je­le­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de döwre­bap sag­ly­gy go­ra­ýyş edara­la­ry­nyň gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi, şy­pa­ha­na­la­ryň durku­nyň düýp­li tä­ze­le­nilip, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk ge­ti­ril­me­gi bu ul­gam­da ama­la aşyryl­ýan öz­gert­me­le­riň ro­waç­lyk­la­ra bes­lenýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýa­kyn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­nasy­nyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­ler, geljekde ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li iş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ren iş mas­la­ha­ty hem sagly­gy go­ra­ýyş eda­rala­ryn­da iş­le­riň gu­ra­ly­şy­ny, hal­ka edil­ýän hyz­ma­ty has-da kä­mil­leş­dir­mek­li­ge, sagly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň öz kes­bi­ne örän jo­gap­kär­li we tu­tan­ýer­li çe­me­leş­mek­le­rine ba­dal­ga ber­di. Çün­ki Gahryman Arka­da­gy­myz ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek üçin asyl­ly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Halkyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ýaş nes­liň bagty­ýar­ly­gyny gazanmak ba­ra­da­ky alada­lar çuň­ňur yn­san­per­wer­li­ge hem-de wa­tansö­ýü­ji­li­ge ýug­ru­lan be­ýik iş­ler­dir. 

Bu gün­ki gün il­deş­le­ri­mi­ziň her bi­ri türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ryman Ar­ka­da­gy­my­zyň we hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň öz il-ul­su­ny mä­hir bi­len gurşap al­şyn­dan, hal­ky ha­kyn­da hos­sar­lyk ala­da edi­şin­den nus­ga al­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň asyl­ly baş­lan­gy­jy bi­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­synyň dö­re­di­le­ni­ne he­niz kän wagt geç­me­dik bol­sa-da, asyl­ly mak­sa­da gö­nük­di­ri­len bu tu­tum giň ge­ri­me hem-de gyz­gyn gol­dawa eýe bol­mak bi­len, ça­ga­la­ryň, ola­ryň hos­sar­la­ry­nyň, do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­nyň ýüz­ler­çe­si­ne iň uly baý­ly­gy - sag­ly­gy, gel­je­ge bo­lan umy­dy ser­paý ýap­dy. 

Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy, ça­ga­la­ryň bagty­ýar­ly­gy, ýur­du­my­zyň berkarar­ly­gy we döw­rü­mi­ziň gal­kyn­ma­gy ba­ra­da ýa­dawsyz ala­da ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gymy­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň jan­la­ry sag bolsun, ömür­le­ri­ne ömür go­şul­syn, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri mun­dan buýanada ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Züleýha JORAÝEWA, 

Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

01.02.2024 Giňişleýin

NURANA ÝOLLARYŇ ŞAMÇYRAGY

 

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly il­kin­ji ki­ta­by Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rü­niň şan­ly wa­ka­la­ry­na bes­lenen Ar­ka­dag Ser­dar­ly bagty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň hem-de be­ýik mak­sat-tu­tum­lar bi­len gar­şy­la­nan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň sep­gi­din­de halky­myz, şol san­da ýaş ne­sil­ler üçin aja­ýyp ser­paý bol­dy.

Çuň we giň mazmunly bu kitapda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dowamynda halk üçin halk bilen bilelikde amala aşyrylan beýik işler, şol işlere ýaşlaryň gatnaşygy beýan edilýär, şeýle hem bu işleriň geljekki belent sepgitler üçin badalgadygy nygtalýar. Şu jähetden, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitap taryhyň hut şeýle beýik işler bilen ýazylýandygyny nygtamakdan başlanýar. 

Hemmämiziň şaýat bolşumyz ýaly, täze taryhy eýýamyň her bir güni ykbal özgerdiji ajaýyp wakalar, döwletli tutumlar bilen keşdelenýär. Zähmetsöýer halkymyzyň abadan durmuşyna, berkarar Diýarymyzyň gülläp ösüşlerine gönükdirilen köpugurly taryhy işlerde ýaşlara ýokary ynam bildirilmegi aýratyn guwandyryjydyr. Bu barada döwlet Baştutanymyz özüniň ilkinji kitabynda şeýle belleýär: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesilleriň düzýändigini, biziň olara berkarar Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýandygymyzy yzygiderli nygtaýarys. Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek hem, ilkinji nobatda, şu nesilleriň taýýarlygyna baglydyr». 

Hut şonuň üçin-de, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan oňyn özgertmeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, nesilleriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Täze kitapdaky: «Döwletimiziň ýaşlar baradaky aladasynyň berk binýatlydygy aýdyň hakykat. Bu ýyla gelýänçäk ýaşlaryň tutuş geljegi syýasy, ykdysady, medeni we beýleki möhüm nukdaýnazarlardan ilik-düwme öwrenilip, ädimme-ädim kesgitlenilip, onuň hukuk binýady berkidildi» diýen setirler muny aňryýany bilen tassyklaýan bolsa gerek. 

Bu jümleleriň çuňňur mazmunyndan görnüşi ýaly, nesilleriň sazlaşykly ösüşi babatda halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgeleri döwrüň möhüm talaplaryna laýyklykda mazmun taýdan yzygiderli baýlaşdyrylýar. Netijede, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň milli ruhumyza kybap edep-terbiýe, halkara ülňülerine laýyk gelýän bilim, ylym almaklary, hünär öwrenmekleri, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin giň şertler döredilýär. Şunuň ýaly şertlerdir mümkinçiliklere eýe bolýan ýaşlar üçin beýik işlere çakylyk bolup ýaňlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, döredijiligiň ylham çeşmesine öwrüldi. Şygarynda uly güýji, özem hereketlendiriji, dörediji güýji jemlän bu ýylda bagtyýar ýaşlarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda belent sepgitleri nazarlaýan berkarar Watanymyzyň köpugurly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşdular. 

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseri okanyňda, bu kitabyň diňe bir edilen işleriň, ýetilen sepgitleriň, geçilen menzilleriň seljermesi däldigine magat göz ýetirýärsiň we onuň indiki geçilmeli nurana ýollara şamçyragdygyna buýsanýarsyň. Çünki bu kitap Watana, halka hyzmat etmegi ykbaly saýýan nesilleri terbiýelemekde pederleriň kämillik mekdebini geçen döwletlilik ýörelgelerimiziň dowamat-dowamdygyna tassyknamadyr. 

Biz — ýaşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze-täze üstünliklerine ruhlandyryp, hemişelik ýol görkeziji şamçyraga we edep mekdebine öwrüljek şeýle ajaýyp eseri serpaý eden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmeniň döwletlilik ýörelgesini dowamata ýetirmekde ýaş nesillere uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il bagtyýarlygyna gönükdirilen taryhy tutumlary elmydama üstünliklere beslensin!

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

30.01.2024 Giňişleýin

WATAN GORAGY — BORÇ WE MERTEBE

 

Biziň her birimiziň ykbalymyz Watan bilen bagly, Watan goragy — parasatly, gaýduwsyz merdanalarymyzdan nesilme-nesil dowam edip gelýän belent jogapkärçilik. Häzirki wagtda hem bu gymmatlyk özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şunda ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçekleriniň alyp barýan işleri örän uludyr. 

Parahatçylyk ýörelgelerine ýugrulan goranyş maksatly Harby doktrinamyza laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň baş maksady Türkmenistanyň milli bähbitleriniň hem-de harby howpsuzlygynyň goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň Harby doktrinasy döwletimiziň harby howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýörelgelerini, maksatlaryny, harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýär. Şeýle-­de ýurdumyzda hereket edýän kanunlar Türkmenistanyň harby­-syýasy ugrunyň esaslaryny düzýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň harby borçlulyk we harby gulluk çygrynda Watany goramakda konstitusion borçlaryny ýerine ýetirmekleriniň hukuk binýady «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenendir. Kanunda Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, öz ata Watanyny — Türkmenistany, onuň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga borçludygy berkidilendir. «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyny, şeýle­-de harby gullukçylaryň we harby gullukdan boşan raýatlaryň hem-­de olaryň maşgala agzalarynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy babatda döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär. Munuň özi ýurdumyzda harby gullukçylara uly hormat goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna, ylmyň soňky gazanan sanly tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagyna we täze ýörite tehnikalar bilen üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-­durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna, ýokary derejeli harby hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem­-de hünär tejribeleriniň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ýokary goranyş kuwwatyny saklamaga, onuň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge, ýokary hünärli harby hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzda ähli harby okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar, sport desgalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýär. Ýaşlaryň kämil bilim almagyna, watansöýüji, mert, edermen, ýurduna, halkyna wepaly serkerdeler bolup ýetişmegine uly üns berilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly atalyk kitaplary Watan goragçylarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekde diýseň uly ähmiýete eýedir. Bu kitaplar terbiýe mekdebi bolmak bilen, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň jogapkärçiligini, abraýly kärine ygrarlylygyny has­-da ýokarlandyrýar. 

Her ýylyň 27­-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň döwlet derejesinde dabaraly bellenilmegi olara goýulýan uly hormatyň we egsilmez ynamyň subutnamasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby kuwwatynyň pugtalanmagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn! 

 

Jennet ÖWE­KO­WA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.

30.01.2024 Giňişleýin

«YKRAR TÜRKMEN ALABAÝY»

Türk­men ­ala­ba­ýy ­örän­ wepaly­ it ­bolup, ­öz­ çä­gi­niň­ go­ra­gçysydyr. Bu­ it­ler Türk­me­nis­ta­nyň­ ga­dy­my­ otu­rym­ly ýer­le­rin­de­ mes­gen­ tutupdyrlar.­ Alymlar ­ala­baý­la­ryň­ to­ýun­dan­ şe­kil­jik­le­ri­ni di­ňe ­ga­dy­my oba­lar­da ­däl-de,­ eý­sem,­ an­tik­ eý­ýa­myň­ we­ or­ta­ asyr­la­ryň­ uly şäherleriniň ­ýer­leş­ýän­ ýer­le­rin­de­ hem ýü­ze ­çy­ka­ryp­dyr­lar. 

Ma­ry­ we­la­ýa­tyn­da­ky­ Gä­wür­ga­la­ ha­raba­ly­gyn­d­a ýü­ze çy­ka­ry­lan­ tapyn­dy­lar ­bi­ziň eý­ýa­my­my­zyň­ il­kin­ji­ asyr­la­ry­na­ de­giş­li­dir.­ Ga­dy­my Par­fi­ýa ­döw­le­ti­niň ­paý­tag­ty ­Nu­saýda­ ge­çi­ri­len ­ar­heo­lo­gik­ bar­lag­la­rda tapy­lan ri­ton­la­ryň­ ýü­zün­de­ hem­ ala­ba­ýyň­ şe­ki­li­ni gör­mek ­bol­ýar. 

Hal­ky­myz ­iti ­sak­la­mak­ we ­ös­dü­rip ­ýe­tişdir­mek ­ba­bat­da-­da­ ussatlyk­ gör­ke­zip­dir­ler.­ Şeý­dip, ­olar ­iti­ aý­ryl­maz ­hem­ra­la­ry­na,­ ýa­kyn kö­mek­çi­le­ri­ne­ öw­rüp­dir­ler.­ Hut­ şo­nuň­ üçin hem­ itiň­ hä­si­ýet­le­ri,­ eýe­si­ne­ bo­lan­ we­palylygy­ en­çe­me­ na­kyl­laryň,­ er­te­ki­ler­iň­ ro­waýat­laryň, matallaryň,­ tym­sal­la­ryň­ dö­re­me­gi­ne ge­ti­rip­dir.­ Gahryman Arkadagymyzyň ­ta­galla­sy­ bi­len­ çap­ edi­len­ «Paý­has­ çeş­me­si»­ at­ly­ kitapda ­hem­ şeý­le ­na­kyl­la­ryň ­ençemesi ýer­leş­di­ri­lip­dir. ­Olar­dan: ­«It­ çopa­nyň ­gol­da­şy,­ ýal­ňyz­lyk­da­ ýol­da­şy»,­­ «Itim­—­gu­tum»­ ýa­ly na­kyl­la­ry ­my­sal ­ge­tir­mek­ bo­lar. 

Türk­men­çi­lik­de,­ esa­san­da,­ oba­ ýer­lerin­de­ her ­öý­de­ di­ýen ­ýa­ly ­it sak­la­nyl­ýar.­ Bu bir­ ta­rap­dan,­ ho­ja­ly­gyň ­go­ra­gy ­üçin­ ze­rur bol­sa,­ ikin­ji­ ta­rap­dan,­ it ­özü­niň ­eýe­si­ hem-de­ onuň­ maş­ga­la­sy ­hak­da­ go­wy­ ar­zuw­la­ry di­leg­ eder­miş,­ eýe­si­ne­ çirk­siz­ we­pa­ly­ jana­waryň­ di­le­gi­de­ ka­bul­ bolarmyş­ diý­len ynan­jyň ­tä­si­ri­ bi­len­ berk­ bag­ly­dyr. 

Türk­men ­ala­ba­ýy ­bilen bagly ­halk­ dö­redi­ji­li­gi­miz­de ­na­kyl­la­r, rowa­ýat­la­r, ­sa­na­waçla­r­ bar.­ Ata­-ba­ba­la­ry­myz ­ýi­ti ­syn­çy­ly­gy­nyň netijesin­de ­it­ler ­bi­len ­bag­la­ny­şyk­ly ­bir­nä­çe na­kyl­la­ry­ dürli­ ýagdaýlarda­ ulanypdyrlar.­ «It­ üýr­se, ­myh­man ­ge­ler»,­«It ­ga­ra­ gör­män üýr­mez», «Bir ba­şy ­it­de­ ek­lär», ­«Ýurt­ ýe­riň ýit­me­sin­ diý­seň,­ it­ edin»­ di­ýen­ nakyllar ­muňa ­my­sal­dyr.­ Eli ­çe­per­ ene­ ma­ma­la­ry­myz bol­sa, ­we­pa­ly ­itiň keş­bi­ni­ öz ­dö­re­den­ sun­gat eser­le­ri­ne­ siň­dir­me­gi­ ba­şa­ryp­dyr­lar.­ Olar­ ak öý­le­riň­ ga­py­sy­nyň­ eň­si­le­ri­ne,­ sal­lan­çak­ we dü­şek­lik­ ke­çe­le­re­ «ta­zy­ guýruk»,­ «it­ yzy»­ na­gyş­la­ry ­sa­lyp­dyr­lar.­ 

Ala­baý­ kö­pa­syr­lyk­ ta­ry­hy­my­zyň­ do­wamyn­dan­ hä­zir­ki­ gün­le­re­ çenli­ hal­ky­my­zyň we­pa­ly ­hem­ra­sy­na ­öw­rü­len ­jan­dar­dyr.­ Hä­zirki­ wagt­da­ hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­miz ­Arkadagly Gahryman ­Serdarymyzyň baştutanlygyn­da türk­men­ ala­baý­la­ry­ny­ ýe­tiş­dir­mek­ däp­le­rini­ ÝUNESKO-­nyň­ Adam­za­dyň­ mad­dy­ däl me­de­ni ­mi­ra­sy­nyň­ sa­na­wy­na gi­riz­mek ­üçin ze­rur ­iş­ler­ al­nyp ­ba­ryl­ýar.­ Ýa­kyn­da­ Ak­dost at­ly­ ala­ba­ýyň­ Rus­si­ýa­nyň­ çempionatynda ýe­ňi­ji­ bol­ma­gy ­türk­men ­ala­ba­ýy­nyň­ şöhraty­ny has­-da ­be­len-de­ gö­ter­di.­ Goý, ­milli­ gymmat­lyk­la­ry­my­zy dabaralandyrýan ­Gahryman Arkadagymyzyň,­ Arkadagly­ Gahryman Serdarymyzyň­ jan­la­ry­ sag,­ ömür­le­ri uzak­ bol­sun!

 

 Mer­dan ­DOS­ME­DOW, 

Türk­me­nis­ta­nyň ­Mej­li­si­niň­ de­pu­ta­ty.

 

25.01.2024 Giňişleýin
1 ... 27 28 29 30 31 ... 53