Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Çykyşlar we makalalar

TÜRKMEN-ÝAPON PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGYNY IŞJEŇLEŞDIRIP

Şu ýylyň fewral aýynyň ahyrky günlerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy. Dostlukly ýurduň dürli wezipelerdäki ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklar netijeli häsiýete eýe bolup, olaryň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, parlament diplomatiýasy arkaly halklary ýakynlaşdyrmak babatda möhüm meselelere garaldy. 

Hä­zir­ki zaman dünýäsinde parlamentleriň orny barha ýokarlanýar. Parlament diplomatiýasy dünýä halklarynyň we ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýedir. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly öňegidişlikler gazanylýar, bu babatda hyzmatdaşlyk edilýän döwletleriň sany hem barha artýar. Türkmenistanyň Mejlisi Parlamentara Birleşigiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolup durýar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň özara ynanyşmak esasynda guralmagyna oňyn täsirini ýetirýär, kanun çykaryjylyk işi boýunça halkara tejribeleri içgin öwrenmäge we olary milli kanunçylyk bilen sazlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň parlament wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran iş sapary hem bu ugurda möhüm wakalaryň biri boldy. 

Hususan-da, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň Sekretariatynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşçiler palatasynyň agzasy Matsuşita Şinpeý, Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň başlygy Fukuşiro Nukaga bilen geçirilen duşuşyklarda parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, şunda Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýanyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşyklarynda öňe süren teklipleriniň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Iki ýurduň arasynda hereket edýän parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmegiň, parlamentara hyzmatdaşlykda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmagyň, bu ugurda ýaşlaryň özara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi. Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň başlygy bilen bolan duşuşykda taraplar «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyň durmuşa geçirilmegine hem aýratyn üns berdiler. Gepleşikleriň dowamynda parlament diplomatiýasyny ösdürmek boýunça anyk teklipler beýan edilip, munuň iki dostlukly döwletiň özara hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirildi. 

Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi bilen geçirilen duşuşyk bolsa syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky, parlamentleriň ugry boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga şert döretdi. Şunda Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtalyp, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň işine üns çekildi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşmalaryň barşynda taraplar ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iri taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilendigini nazara alyp, bu babatdaky işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler. 

Ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalaryna Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşmak mümkinçiliginiň hem döredilmegi saparyň täsirliligini has-da artdyrdy. Duşuşykda şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan şygarynyň düýp mazmuny we döwletimiz tarapyndan ýaş nesiller üçin döredilýän şertler dogrusynda gürrüň edildi. Ýaşlaryň ýokary hilli bilim almaklary ugrunda döredilýän mümkinçilikler, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine girizilen kadalara laýyklykda, ýaşlara işlemek we mynasyp durmuş şertlerine eýe bolmak üçin berilýän ýeňillikler hakyndaky söhbetler Günüň dogýan ýurdunda bilimlerini artdyrýan ýaş ildeşlerimizde aýratyn gyzyklanma döretdi. Şeýle-de olar hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň mazmuny bilen tanyşdyryldy. 

Ýeri gelende bellesek, 2018-nji ýylyň oktýabrynda «Türkmen-ýapon parlamentara dostluk topary bilen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekilipdi. Şonuň netijesinde, kanun çykaryjylyk ulgamynda bilelikdäki hereketler has-da işjeň häsiýete eýe boldy. Bu resminamanyň maksady parlamentleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürmäge, işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, özara saparlaryň guralmagyna, kanun taslamalarynyň taýýarlanylmagy we kanunçylyk namalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin peýdalanylýan bilimleridir tejribeleri yzygiderli alyşmaga, özara kabul ederlikli çözgütleri tapmakda ikitaraplaýyn maslahatlaşmalary guramaga gönükdirilendir. 

Häzirki wagtda türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklarynda tejribe alyşmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Parlament işiniň guralyşy bilen tanşylýar. Kanun çykaryjylyk işi boýunça tejribe alşylýar. Parlamentarileriň iş usullary öwrenilýär. Munuň özi dürli ugurlarda alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasy arkaly goldamaga, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny wagyz etmäge, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge goşmaça itergi berýär. Türkmenistanyň parlament wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran nobatdaky iş sapary we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikler hem bu ugurda täze mümkinçiliklere ýol açdy. 

 

Annamuhammet SARJAÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň başlygy

07.03.2024 Giňişleýin

8 MАРТА МЕЖДУНАРОДНЫЙ ЖЕНСКИЙ ДЕНЬ СИМВОЛ ПОЧИТАНИЯ

Международный женский день – один из особенных праздников в жизни каждого, потому что он посвящён самому дорогому человеку в нашей жизни – нашим матерям. С древних времён почитание матерей остаётся одной из фундаментальных заповедей в каждой культуре. Ведь мама – это тот самый главный человек, чья бескорыстная любовь, доброта, забота и терпение помогают нам на протяжении всей жизни. 

В своём философском труде «Поклонение матери – преклонение перед святыней» Национальный Лидер туркменского народа Герой-Аркадаг, который является примером для нас в почитании матери, пишет: «Всё, что свойственно матерям, озарено их любовью. Матери теплом своих сердец согревают наши дома, хранят мир и покой в стране. Почитать матерей, значит, служить добру и преклоняться перед святыней». 

Великие начинания Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства находят своё достойное продолжение в политике уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара. Следуя мудрым традициям и духовно-нравственным ценностям предков, каждый год в честь праздника нашим дорогим матерям, жёнам и сёстрам вручаются от имени Президента страны денежные подарки, а Указом Президента Туркменистана матерям, родившим и достойно воспитавшим восьмерых и более детей, присваивается почётное звание «Ene mähri».

 При присвоении звания «Ene mähri» матери получают единовременную выплату в размере десятикратной базовой величины, установленной для исчисления государственных пособий. Также им вручают удостоверение и знак «Ene mähri». Помимо единоразовой выплаты обладательницам награды «Ene mähri» ежемесячно производится доплата в размере 30 процентов от пенсий (за исключением пенсии по потере кормильца и накопительной пенсии) или государственного пособия по уходу за ребёнком, государственного пособия по инвалидности, государственного социального пособия. 

Также они пользуются льготами в случаях и порядке, установленными законодательством Туркменистана. В частности, им предоставляется право бесплатного пользования услугами зубного протезирования за счёт средств Государственного бюджета Туркменистана, средствами общественного автотранспорта (кроме такси), им и совместно проживающим с ними членам семьи предоставляется право бесплатного пользования водой, газом, электроэнергией и жилищно-коммунальными услугами за счёт собственных средств соответствующих органов. 

Всё это свидетельствует об истинной заботе нашего государства о своих женщинах. и женщины искренне благодарны уважаемому Президенту Аркадаглы Герою Сердару и Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу за неустанную заботу о благополучии матерей, создание благоприятных условий для жизни. 

Пользуясь случаем, хочется поздравить каждую маму, всех женщин и девушек с праздником. быть мамой очень ответственно, потому что от неё в большинстве случаев зависит, каким вырастет ребёнок – будущее страны и мира. Желаю каждой матери больше поводов для гордости своими детьми. Пусть на ваших лицах сияют улыбки счастья! 

 

Гурбанмырат Гормеков, 

депутат Меджлиса Туркменистана.

07.03.2024 Giňişleýin

YNSAN KALBYNYŇ RUHY ÇYRAGY

Şeýdaýy, Şabende, Gaýyby, Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magrupy, Mollanepes we ýene-de ençeme şahyrlar türkmen ruhunyň täji bolup durýar. Türkmen edebiýatynyň düýp özeni, ony äleme tanadan Magtymguly atamyz bolsa dünýä halklarynyň ruhy hazynasy. Hut şoňa görä-de, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragy barada: «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany» diýip belleýär. 

Ynsan kalbynyň ruhy lukmany, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy öz ýaşan jemgyýetine syýasy, medeni we edebi ugurlardan ýolgörkeziji bolupdyr. Biz ony akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryndan aýdyň görüp bilýäris. Magtymguly Pyragy Hoja Ahmet Ýasawy ýaly köňle ýakyn adamlary özüne halypa hasaplapdyr. Nusgawy şahyrlaryň, akyldarlaryň eserlerini içgin öwrenipdir: 

Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany, 

Ferdöwsi, Nyzamy, Hafyz perwany, 

Jelaleddin Rumy, Jamy elnamy, 

Alarnyň ýanynda men hem san bolsam. 

1724 — 1807-nji ýyllar aralygyn da ýaşan beýik şahyr entek garaşsyz, bitewi bir döwleti bolmadyk, tire-taýpa bolup ýaşaýan türkmen halkyny bir döwlet bolmaga, agzybirlige, milli bitewülige çagyrypdyr. Magtymgulynyň goşgularyndaky ruhy düşünje ähli adamzadyň durmuşyna we ruhy dünýäsine täsir edip biljek güýje eýedir. 

Magtymguly Pyragy berkarar döwletli bolmagy arzuwlap, ýurtlary, ülkeleri aşyp, ençeme halklaryň, milletleriň durmuşy bilen tanşypdyr. Ol bolan syýahatlarynda dana, pähimdar, parasatly kişiler bilen görşüp, pikir alşypdyr. Şol ýerler barada, şeýle-de berkarar döwlet gurmagyň ugrunda öz halkyna ruhy goldaw boljak eserleri döredipdir. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi we şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi ähli halkymyzy buýsandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy ähli ildeşlerimiziň beýik akyldar şahyrymyza bolan sarpasynyň näderejede beýikdiginden nyşandyr. 

Bu günki gün akyldar atamyzyň arzuwlap gelen zamanasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň we jebisligiň ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Şeýle ajaýyp zamanada türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň giňden öwrenilmegi bolsa her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar. 

 

Sahyberdi JAFAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk komitetiniň agzasy.

07.03.2024 Giňişleýin

TÄZE MENZILLERE BADALGA

Änew şä­he­rindä­ki Me­deni­ýet öýün­de «Türk­me­nis­ta­nyň ­Pre­zi­den­ti Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ösüş mak­sat­na­ma­lary­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lary­nyň ähmiýeti» ady bi­len mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ony we­la­ýat hä­kim­li­gi hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry bi­le­lik­de gu­ra­dy. 

We­la­ýat hä­kim­li­gi­niň, eda­ra kär­ha­na­la­ryň, gu­ra­ma­la­ryň ýolbaşçyla­ry­dyr iş­gär­le­ri­niň, we­la­ýat halk mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň, di­li se­na­ly ýa­şu­lu­la­ryň, mäh­rem ene­le­riň gat­naş­ma­gyn­da bo­lan maslahat­da çy­kyşlara giň orun beril­di. We­la­ýat hä­ki­mi Röw­şen Hojaguly­ýew çy­ky­şyn­da «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şan­ly ýyl­da ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik syýa­sy dur­mu­şyn­da­ky wa­ka­la­ra ün­si çe­kip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň nobat­da­ky mej­li­sin­den we Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň şol mej­lis­dä­ki mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şyn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýetir­me­giň me­se­le­le­ri ba­ra­da du­rup geç­di. Häki­miň bel­leý­şi ýa­ly, Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lyk­ly­gyn­da ge­çen ta­ry­hy mejlis­de «Türk­me­nis­ta­ny 2024-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Maksat­na­ma­syn­y» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek boýunça gaý­ra­go­ýul­masyz we­zi­pe­le­riň üs­tün­de dur­lup ge­çil­di, «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly üçin ka­bul edi­len Maksatnama­da öň­de goý­lan we­zi­pe­ler­den we mak­satlar­dan ge­lip çyk­ýan aý­ra­tyn­lyk­lar ba­ra­da gür­rüň edil­di. 

We­la­ýat hä­ki­mi «Türk­me­nis­ta­ny 2024-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­syn­da» Ahal welaýatynyň se­na­gat, oba ho­ja­lyk pu­dakla­ry­ny, me­de­ni-dur­muş, hyzmat­lar ul­gam­la­ry­ny hem-de yk­dy­sa­dy­ýetiň beý­le­ki ugur­la­ry­ny ösdür­mä­ge gö­nük­di­ri­len we­zi­pe­le­riň hem öz be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy­ny bel­läp, ýurdu­my­zy ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çy­kar­mak, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­landyr­mak ba­bat­da­ky taý­syz tagal­lala­ry üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gah­ry­man Arkadagymy­zyň ady­na al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy. 

Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň, we­la­ýat halk maslahaty­nyň ag­za­la­ry­nyň we beý­le­ki il­deşle­ri­mi­ziň çy­kyş­la­ryn­da tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de ýur­du­myz­da ýaý­baňlan­dy­ry­lan, il-gü­nü­mi­ziň bähbidi­ne gö­nük­di­ri­len ösüş-öz­gert­me­ler, giň möç­ber­li gur­lu­şyk taslamala­ry­ ba­ra­da aý­dy­lyp, hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ziň tas­syk­lan «Türkme­nis­ta­ny 2024-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­syn­da» yk­dy­sa­dy, ma­li­ýe, dur­muş, önümçi­lik we beý­le­ki we­zi­pe­ler bi­len bir ha­tar­da, ka­nun­çy­lyk üpjünçiligi­ne de­giş­li we­zi­pe­le­riň hem öz be­ýa­nyny tap­ma­gy buý­sanç­ly ýag­daý­dy­gyny aý­ra­tyn bel­läp geç­di­ler. 

Mas­la­ha­ta gat­na­şan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän be­ýik iş­le­ri­ne my­na­syp go­şant go­şup, öň­de du­ran we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­nda yh­las­ly zäh­met çek­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy­lar. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Ahal welaýat komitetiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

06.03.2024 Giňişleýin

НАМЕЧЕННЫЕ ПЛАНЫ БУДУТ ВЫПОЛНЕНЫ

 

На расширенном заседании Кабинета Министров Туркменистана 9 февраля 2024 года уважаемый Президент Сердар Бердымухамедов утвердил «Программу социально-экономического развития Туркменистана и инвестиций в 2024 году». Первоочередные задачи по успешной реализации Программы были обсуждены на заседании Президиума Халк Маслахаты Туркменистана, которое состоялось 22 февраля с.г. под председательством Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова. Одна из главных тем, на которой Герой-Аркадаг акцентировал внимание, – нормативно-правовое обеспечение программных задач. Также был принят План работ и мероприятий по основным направлениям деятельности Халк Маслахаты, намеченных к претворению в жизнь в текущем году в целях реализации «Программы социально-экономического развития Туркменистана и инвестиций в 2024 году». 

Исторические решения заседания Президиума Халк Маслахаты Туркменистана восприняты депутатами Меджлиса как основное руководство в законотворческой деятельности и высокий уровень ответственности за реализацию обозначенных направлений по нормативно-правовому обеспечению задач социально-экономического развития нашей Отчизны в 2024 году. 

В деятельности Меджлиса Туркменистана совершенствование национального законодательства является приоритетной задачей. Работая по укреплению правовой базы, в 2023 году Меджлис принял 49 законов Туркменистана, которые призваны содействовать дальнейшему процветанию нашего государства, обеспечению благополучной и счастливой жизни народа.

 В ряду направлений законотворческой работы парламента в 2024 году в соответствии с Программными задачами будет дальнейшее развитие, модернизация и совершенствование нормативно-правовой базы экономико-финансовой сферы, включая инвестиционную и налоговую политику, внедрение цифровой системы, активизацию исследований в области науки и технологий, охрану интеллектуальной собственности. При этом важно будет учесть, что Туркменистан является страной, присоединяющейся к Всемирной торговой организации (ВТО). 

В контексте законодательной поддержки инициатив Президента Туркменистана в области внутренней и внешней политики перед нами поставлена задача сделать глубокий и всесторонний анализ действующего законодательства и на этой основе усовершенствовать законодательную базу в таких областях, как гражданско-правовые отношения, профилактика правонарушений, развитие цифровых технологий для системы государственных услуг, транспортно-логистической и других сфер экономики, климат и экология, оптимизация деятельности предприятий, агропромышленный комплекс, регулирование занятости и трудовых отношений, здравоохранение. 

Большой блок задач имеется и в социальной сфере. Как подчеркнул Национальный Лидер туркменского народа, Председатель Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы бердымухамедов, «надлежит провести необходимую работу на основе регулярного анализа законодательства, затрагивающего вопросы совершенствования регулирования занятости и трудовых отношений, охраны семьи, материнства и детства, поддержки молодых, здравоохранения». 

В числе важнейших направлений определено законодательное закрепление государственных начинаний и колоссальной заботы о расширении помощи нуждающимся в опеке детям, а также укрепление правового обеспечения создаваемых условий для женщин и защиты их законных интересов. 

Кроме того, в 2024 году в фокусе внимания депутатов будет сфера культуры и, в частности, законодательное закрепление культурного наследия Махтумкули Фраги. «Президентом страны подписан Закон «Об учреждении юбилейной медали Туркменистана «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna». Полагаю, что в продолжение подобных инициатив на основе созидательного подхода целесообразно законодательно закрепить в перспективе культурное наследие Махтумкули Фраги и тем самым увековечить его», – подчеркнул Герой-Аркадаг. 

Поставленные перед парламентом задачи требуют усилить организационную составляющую нашей деятельности. В 2023 году народные избранники в рамках развития международного сотрудничества участвовали во встречах с представителями парламентов других государств, диппредставительств и международных организаций, в рамках рабочих поездок в другие страны изучали передовой опыт, также мы принимали участие в семинарах, организованных соответствующими государственными учреждениями нашей страны совместно со структурными подразделениями ООН и авторитетными международными организациями, по вопросам совершенствования законотворческой деятельности и правового обеспечения реализуемых госпрограмм. 

В 2024 году Меджлис Туркменистана будет руководствоваться Планом работ и мероприятий по основным направлениям деятельности Халк Маслахаты, намеченных к претворению в жизнь в текущем году в целях реализации «Программы социально-экономического развития Туркменистана и инвестиций в 2024 году». 

На основе данного плана депутаты усилят совместную работу с министерствами, ведомствами и общественными объединениями Туркменистана для успешного достижения грандиозных целей новой исторической эпохи. Также мы продолжим подбор экспертов из числа ведущих специалистов отраслей экономики, учёных, научно-педагогических работников, эффективных представителей предпринимательского сектора для формирования кадровой базы данных, которые будут предлагаться в состав создаваемой Рабочей комиссии по подготовке законопроектов с целью продвижения передовых идей и актуальных предложений и в экспертно-правовую комиссию, создаваемую при Аппарате Халк Маслахаты Туркменистана, для проведения аналитической работы и подготовки предложений по совершенствованию действующего законодательства, а также для работы над конкретными законопроектами в рамках парламентских рабочих групп. 

В этом направлении мы также активизируем работу с учёными, специалистами и экспертами по теоретическим и практическим вопросам законотворческой деятельности по выполнению озвученных на заседании Халк Маслахаты Туркменистана решений и поручений, Постановлений и указаний Президента Туркменистана, касающихся основных направлений развития страны в 2024 году, и приоритетным направлениям средне и долгосрочных программ развития страны. 

Для всех структур власти, общественно-политических организаций Национальный Лидер туркменского народа, Председатель Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов определил в качестве главной задачи «дальнейшее воодушевление населения на созидательный труд, его привлечение к осуществляемой исторически значимой деятельности, широкое разъяснение и популяризация достижений Отчизны». 

Встречи с избирателями на местах являются неотъемлемой частью работы депутатов Меджлиса. В 2024 году это направление будет усилено с целью широкого разъяснения и пропаганды общественно-политической важности масштабных инициатив Президента страны, заседаний Халк Маслахаты Туркменистана, принятых законов. Через организацию для населения различных мероприятий, публикации в СМИ будем пропагандировать создаваемые со стороны государства условия соблюдения верховенства закона в обществе, защиты прав и свобод человека, развития правовой культуры, утверждения принципов здорового образа жизни для добросовестного труда и счастливой жизни людей, а также популяризации национальной культуры, семейных ценностей, традиций и обычаев, общественной морали. 

Депутаты Меджлиса Туркменистана на своём заседании, посвящённом итогам расширенного заседания Кабинета Министров Туркменистана от 9 февраля 2024 года и заседания Президиума Халк Маслахаты Туркменистана от 22 февраля 2024 года, рассмотрели и конкретизировали свою деятельность по всем направлениям. Депутаты Меджлиса выразили единодушную поддержку Аркадаглы Герою Сердару и Герою-Аркадагу Гурбангулы Бердымухамедову в их неустанной деятельности во благо туркменского народа и процветания родной Отчизны, а также желание трудиться и неукоснительно выполнять все намеченные планы социально-экономического развития Туркменистана в 2024 году, девиз которого «Кладезь разума Махтумкули Фраги». 

 

ГАХРЫМАН РОЗЫЕВ,

 заместитель Председателя 

Меджлиса Туркменистана.

 

02.03.2024 Giňişleýin

GATNAŞYKLARYŇ TÄZE SAHYPALARY

 

Türkmenistanyň daşary syýasatda öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary täze belentliklere çykarmaga giň şertleri döredýär. Ýurdumyz dünýä ýüzünde ynsanperwerlige ýugrulan pikirleri öňe sürýänligi bilen ençeme döwletleriňdir halkara guramalaryň goldawyny gazandy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ençeme tutumlary dünýä döwletleriniň aglabasy tarapyndan goldanyldy. Şeýle tagallalar häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Bu gün Türkmenistanyň daşary döwletlere uzaýan dostluk köprüleri has alyslary nazarlaýar. 

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty ýurdumyzyň Konstitusiýasy, konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem döwletimiziň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar. 

Döwletimiz dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan türkmen-ýapon döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ýokary derejedäki gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde we pugtalandyrylmagynda aýratyn orun eýeleýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. 2013-nji ýylyň maý aýynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy. Türkmen-ýapon gatnaşyklary ähli ugurlarda netijeli ösdürilýär. Biz muňa 2022-nji ýylyň sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Ýeri gelende bellesek, «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogy görnüşinde türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek, bu ugurda halkara forumlary geçirmek baradaky başlangyçlar, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza degişlidir. 

Şu nukdaýnazardan ugur alyp, 2024-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň Baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar Palatasynyň agzasy hem-de deputatlary bilen geçirilen duşuşykda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm orny, ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy barada pikir alşyldy. Şeýle hem Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň döwlet syýasatynda dünýä döwletleri, aýratynda, Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ähli ugurlarda yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi bellenilip, bu ugurda «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň işine aýratyn üns berildi. Medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýetde ösdürilýändigi bellenilip, iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen we ýapon dilleriniň okadylmagynyň ähmiýetiniň uludygy nygtaldy. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» atly bölüminde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna ýokary baha berilýändigi buýsançly nygtaldy. 

Ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalarynyň Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen geçiren duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren ilkinji eseri bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmuny bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýapon diline terjime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda beýan edilen türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklary dogrusynda gürrüň berildi. 

Şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň ähmiýeti hem-de ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler barada söhbet edildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine girizilen kadalara laýyklykda, ýaşlara bilim almaga, hünär öwrenmäge, işlemäge we durmuş goldawlaryny almaga döredilýän mümkinçilikler barada bellenildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň bu iş sapary döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda tagallalary birleşdirmäge, kanun çykaryjylyk we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga amatly mümkinçilikleri döretdi. 

Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da ýokary göterip, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, ynsanperwer, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, nurana geljegi nazarlaýan tutumlary rowaç bolsun! 

 

Enejan ATAÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Halkara we parlamentara aragatnaşyklar 

baradaky komitetiniň agzasy

01.03.2024 Giňişleýin

MAKSATLY TUTUMLAR — ROWAÇLYGYŇ KEPILI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir raýatyň syýasy, ykdysady, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, döwletiň we jemgyýetiň demokratik kadalaryny, hukuk esaslaryny berkitmek babatdaky giň gerimli işler jemgyýetimiziň öňünde täze wezipeleri goýýar. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» hem Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini iň ýokary derejelere çykarmak ýaly belent wezipeleri kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 22-nji fewralda geçirilen mejlisinde bu Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden çykyşynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp işlenilip düzülen Maksatnamany amala aşyrmakda öňde duran wezipeleri birnäçe aýratynlyklar boýunça kesgitledi. Olarda önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, eksporty artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezilýär. Gahryman Arkadagymyz Maksatnama boýunça amala aşyrylmaly işleriň öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmaklyga, amatly işewürlik gurşawyny döretmeklige, döwlete dahylsyz bölegi ösdürmeklige esaslanmalydygyny aýratyn belläp geçdi. Akyldar Pyragynyň wesýetlerini kalbyna guýup, bir başa uýýan halkymyzyň agzybirlikli zähmeti netijesinde ýurdumyzda 2009-njy ýyldan bäri ortaça 6 göterimden ýokary ösüşiň gazanylandygy, soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberiniň 3,7 esse artandygy, öndürilýän önümleriň görnüşleriniň barha artmak bilen, hil babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigi, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda öndürilen senagat önümleriniň möçberiniň 3 esseden gowrak köpelendigi maksatly aşylan menzilleriň ajaýyp miwe berýändiginiň buýsandyryjy mysalydyr. 

Ýurdumyzyň içerki we daşarky ösüşleri bilen bir hatarda türkmen halkynyň Milli Lideri, hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan Maksatnamada göz öňünde tutulan, ykdysady, maliýe, durmuş, önümçilik, kanunçylyk ulgamlaryna degişli ýerine ýetirilmeli işleriň çäklerinde howandarlyga mätäçlere hemaýat bermegi ösdürmek, her bir adamyň, ylaýta-da, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatdaky başlangyçlary kanunçylyk taýdan berkitmegi möhüm meseleleriň biri hökmünde kesgitledi. Bu kesgitlenilen wezipeleri halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykjakdygynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokary galjakdygynyň ýolgörkezijisi hökmünde kabul etdi. 

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde kanunçylygy kämilleşdirmekligi guramaçylykly dowam etdirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek hakdaky aýdanlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir raýaty üçin geljekki ädimleriň şamçyragyna öwrüler. Bu şeýle-de bolar. Çünki ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirilýän işlerde hemişe halkyň ýürek isleginden ugur alynýar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň öz taryhy çykyşynda il-ýurt bähbitli taryhy başlangyçlar, kabul edilen resminamalar babatda wagyz-nesihat işleriniň, duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmeginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde täsirli çykyşlaryň guralmagynyň wajypdygyna ünsi çekmegi hem ýene bir ýola aýdyň görkezdi. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, gadamlary şowly bolsun! 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni

01.03.2024 Giňişleýin

PARAHATÇYLYGY BERKITMEKDE PARLAMENT DIPLOMATIÝASYNYŇ MÖHÜM ORNY

 

Türk­me­nis­tan «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­menis­ta­ny 2022­ –­ 2052-­nji ýyl­lar­da durmuş­-yk­dy­sa­dy taý­dan ösdür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» kes­git­le­nen, Türk­me­nis­ta­nyň Prezi­den­ti­niň der­waýys baş­lan­gyç­la­ryn­dan ge­lip çyk­ýan, Türkmenistanyň Hö­kü­me­ti ta­ra­pyndan da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň ös­dü­ril­me­ginde ile­ri tu­tul­ýan uzak­-möh­let­le­ýin we gys­ga­ möh­let­le­ýin mak­sat­la­ryň hem-de we­zi­pe­le­riň na­zar­da tu­tul­ma­gyn­da hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga, deňhukuk­lylyk we bi­rek­-bi­re­ge hor­mat goý­mak, öza­ra bäh­bit­li­lik ýörelge­le­ri­ne esas­lanýan hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy alyp barýar. Şu­nuň bilen bag­ly­lyk­da, go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­sin­de gib­rid gör­nü­şin­de Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry topa­ry­na ag­za ýurt­la­ryň par­la­ment­le­riniň ýolbaşçy­la­ry­nyň «Pa­ra­hat­çy­ly­gy we dia­lo­gy ber­kit­mek­de par­la­ment hyz­mat­daş­ly­gy­nyň or­ny» at­ly il­kin­ji du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.

 Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry 2020­-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Türkme­nis­tanyň­­ baş­lan­gy­jy bi­len pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne dö­re­dil­di. Bu to­par Bir­le­şen Mil­let­ler Gurama­sy­na ag­za döw­let­lere se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de hyzmatdaşlygyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça oňyn pi­kir alyş­mak üçin mümkin­çilik dö­red­ýär. Bu köp ­ta­rap­ly dia­lo­gyň çäk­le­rin­de yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän duşu­şyk­lar hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da Bi­tarap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni öňe iler­let­mek, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suzly­gy we aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pugta­lan­dyr­mak babatda dur­nuk­ly­­ sy­ýasy ­dip­lo­ma­tik gu­ral­la­ry iş­läp taý­ýar­lama­ga ýardam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len. Hä­zir­ki wagt­da BMG­-niň 20­-den gowrak ag­za­sy bu to­pa­ra go­şul­dy.

 Du­şu­şy­gyň­ esa­sy­ mak­sa­dy­ Türkme­nis­ta­nyň­ baş­lan­gy­jy­ bo­ýun­ça BMG-­niň­ çäk­le­rin­de ­pa­ra­hat­çy­ly­gyň,­ howp­suz­ly­gyň­ we­ dur­nuk­ly­ ösü­şiň bäh­bi­di­ne­ dün­ýä­de­ giň­ gol­da­wa­ eýe bol­ýan­ Bi­ta­rap­ly­gyň­ dost­la­ry­ topary­na ­ag­za ­döw­let­le­riň ­par­la­ment­ wekil­le­ri­ni­ ýur­du­my­zyň­ parahatçylygy we­ howp­suz­ly­gy­ üp­jün­ et­mek­de,­ köp­ta­rap­la­ýyn­ ne­ti­je­li,­ deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­ly­gy­ ös­dür­mek­de­ top­lan tej­ri­be­si­ bi­len­ tanyşdyrmak­dan,­ şeýle­ hem,­ döw­le­ti­mi­ziň­ yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty­ny­ parla­ment­ dip­lo­ma­ti­ýasy­nyň ­üs­ti­ bi­len­ gol­da­mak­dan, ­pa­rahat­çy­lyk­ döredi­ji­lik­ müm­kin­çi­lik­le­rini­ dur­mu­şa­ ge­çir­mek­de­ hyz­mat­daş ýurt­lar­ bilen ­öza­ra ­pi­kir­ alyş­mak­dan,­ ýo­la ­goý­lan ­gat­na­şyk­la­ryň­ tä­ze­ gurallaryny ­iş­läp­ düz­mek­den ­yba­rat­ bol­dy.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da BMG-­niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­loma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy­nyň, BMG-­niň Türk­me­nistan­da­ky He­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy­nyň, Par­la­men­ta­ra Bileleşigi­niň Baş Sek­reta­ry­nyň (wi­deo­ýüz­len­me), GDA-­nyň Parlamenta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň Geňe­şi­niň baş­ly­gy we Rus­si­ýa Federasiýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­dera­si­ýa Ge­ňe­şi­niň başlygynyň, Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li Ýyg­na­gy­nyň Res­pub­li­ka Ge­ňe­şi­niň, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Halk We­kil­le­ri­niň Äh­li­hy­taý Ýyg­na­gy­nyň he­mi­şe­lik komi­te­ti­niň (wi­deo­ýüz­len­me), Ga­na Respublikasy­nyň par­la­men­ti­niň, ŞriLan­ka De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň par­la­men­ti­niň, Öz­be­gis­tan Res­publi­ka­sy­nyň Oliý Maj­li­si­niň Se­na­ty­nyň (wi­deo­ýüz­len­me), Gyr­gyz Res­pub­lika­sy­nyň Žogorku Keneşiniň, Marokko Pa­ty­şa­ly­gy­nyň We­kil­ler Pa­la­ta­sy­nyň, Ka­tar döw­le­ti­niň Şu­ra Ge­ňe­şi­niň, Russi­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­nagy­nyň Döw­let Duma­sy­nyň, Ga­za­gystan Res­pub­li­ka­sy­nyň par­la­men­ti­niň, Par­la­men­ta­ra Bi­le­le­şi­gi­niň par­la­mentler bi­len iş­le­mek we da­şa­ry gat­na­şyk­lar bo­ýun­ça ýol­baş­çy­la­ry­nyň wi­deoa­ragat­na­şyk ar­ka­ly çy­kyş­la­ry hem­-de wideoýüzlen­me­le­ri diň­le­nil­di. 

Du­şu­şy­gyň­ ahy­ryn­da­ Jem­leý­ji res­mi­na­ma ­ka­bul­ edil­di. ­Bu resminama­da­ Bi­ta­rap­ly­gyň­ dost­la­ry­ to­pa­ryna­ ag­za­ ýurt­la­ryň­ parlamentle­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ­bi­rin­ji­ du­şu­şy­gy­nyň par­la­ment­ hyzmat­daş­ly­gy­ny­ iler­letmek­de­ mö­hüm­ or­ny­ bel­le­nil­di,­ şeýle­ hem­ Garaşsyz,­ he­mi­şe­lik­ Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň­ pa­ra­hat­çy­ly­gy­ we dia­lo­gy­ ber­kit­mek­ işi­ne­ ta­gal­la­la­ry we ­go­şan­dy­ aý­ra­tyn­ nyg­tal­dy. 

 

Ene­jan ATAÝEWA, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Hal­ka­ra we par­la­men­ta­ra

ara­gat­na­şyk­lar ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy

01.03.2024 Giňişleýin

TÜRKMEN –ÝAPON PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE SAHYPALARY

 

Türkmenistanyň daşary syýasatda alyp barýan meýilleri, başlangyçlary dünýä döwletleri bilen täze gatnaşyklary ýola goýmaga giň şert döredýär. Ýurdumyz dünýä arenasynda ynsanperwerlige ýugrulan pikirleri öňe sürýänligi bilen ençeme döwletleriňdir halkara guramalarynyň goldawyny gazandy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ençeme tutumlary dünýä döwletleriniň aglabasy tarapyndan goldanyldy. Şeýle tagallalar häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Bu gün Türkmenistanyň daşary döwletlere uzaýan dostluk köprüleri has alyslary nazarlaýar.

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.

Türkmenistan dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan türkmen-ýapon döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde we pugtalandyrylmagynda aýratyn orun eýeleýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. 2013-nji ýylyň maý aýynda Ýaponiýada Türkmenistanyň Ilçihanasy açyldy. Türkmen-ýapon gatnaşyklary ähli ugurlarda netijeli ösdürilýär. Biz muňa 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Ýeri gelende bellesek, «Merkezi Aziýa– Ýaponiýa» hyzmatdaşlyk görnüşinde türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek, bu ugurda halkara forumlary geçirmek baradaky başlangyçlar hem, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza degişlidir. 

Şu nukdaýnazardan ugur alyp 2024-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň Baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar Palatasynyň agzasy hem-de deputatlary bilen geçirilen duşuşykda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm orny, ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem, Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň döwlet syýasatynda dünýä döwletleri, aýratynda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ähli ugurlarda yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi bellenilip bu ugurda «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň işine aýratyn üns çekildi. Medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýetde ösdürilýändigi bellenilip, iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen we ýapon dilleriniň okadylmagyň ähmiýetiniň uludygy nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» atly bölüminde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna ýokary we oňyn baha berilýändigi barada aýratyn üns çekildi.

Ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalary Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen geçiren duşuşygynda Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren ilkinji eseri «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmuny bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýapon diline terjime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda beýan edilen türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklary dogrusynda gürrüň berildi. 

Şeýle hem, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň düýp pikir we ähmiýeti hem-de ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler barada söhbet edildi. Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine girizilen kadalara laýyklykda ýaşlara bilim almaga, hünär öwrenmäge, işlemäge we durmuş goldawlaryny almaga döredilýän mümkinçilikler barada bellenildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň bu iş sapary döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda tagallalary birleşdirmäge, kanunçykaryjylyk we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga amatly mümkinçilikleri döretdi.

 Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokary göterip, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, ynsanperwer, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, nurana geljegi nazarlaýan tutumlary rowaç bolsun!

 

Enejan Ataýewa 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we 

parlamentara aragatnaşyklar 

baradaky komitetiniň agzasy.

28.02.2024 Giňişleýin
1 ... 29 30 31 32 33 ... 60