Şu ýylyň fewral aýynyň ahyrky günlerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada iş saparynda boldy. Dostlukly ýurduň dürli wezipelerdäki ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklar netijeli häsiýete eýe bolup, olaryň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, parlament diplomatiýasy arkaly halklary ýakynlaşdyrmak babatda möhüm meselelere garaldy.
Häzirki zaman dünýäsinde parlamentleriň orny barha ýokarlanýar. Parlament diplomatiýasy dünýä halklarynyň we ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýedir. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly öňegidişlikler gazanylýar, bu babatda hyzmatdaşlyk edilýän döwletleriň sany hem barha artýar. Türkmenistanyň Mejlisi Parlamentara Birleşigiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolup durýar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň özara ynanyşmak esasynda guralmagyna oňyn täsirini ýetirýär, kanun çykaryjylyk işi boýunça halkara tejribeleri içgin öwrenmäge we olary milli kanunçylyk bilen sazlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň parlament wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran iş sapary hem bu ugurda möhüm wakalaryň biri boldy.
Hususan-da, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň Sekretariatynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşçiler palatasynyň agzasy Matsuşita Şinpeý, Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň başlygy Fukuşiro Nukaga bilen geçirilen duşuşyklarda parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, şunda Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýanyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşyklarynda öňe süren teklipleriniň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Iki ýurduň arasynda hereket edýän parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmegiň, parlamentara hyzmatdaşlykda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmagyň, bu ugurda ýaşlaryň özara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi. Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň başlygy bilen bolan duşuşykda taraplar «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyň durmuşa geçirilmegine hem aýratyn üns berdiler. Gepleşikleriň dowamynda parlament diplomatiýasyny ösdürmek boýunça anyk teklipler beýan edilip, munuň iki dostlukly döwletiň özara hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.
Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi bilen geçirilen duşuşyk bolsa syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky, parlamentleriň ugry boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga şert döretdi. Şunda Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtalyp, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň işine üns çekildi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşmalaryň barşynda taraplar ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iri taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilendigini nazara alyp, bu babatdaky işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.
Ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalaryna Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşmak mümkinçiliginiň hem döredilmegi saparyň täsirliligini has-da artdyrdy. Duşuşykda şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan şygarynyň düýp mazmuny we döwletimiz tarapyndan ýaş nesiller üçin döredilýän şertler dogrusynda gürrüň edildi. Ýaşlaryň ýokary hilli bilim almaklary ugrunda döredilýän mümkinçilikler, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine girizilen kadalara laýyklykda, ýaşlara işlemek we mynasyp durmuş şertlerine eýe bolmak üçin berilýän ýeňillikler hakyndaky söhbetler Günüň dogýan ýurdunda bilimlerini artdyrýan ýaş ildeşlerimizde aýratyn gyzyklanma döretdi. Şeýle-de olar hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň mazmuny bilen tanyşdyryldy.
Ýeri gelende bellesek, 2018-nji ýylyň oktýabrynda «Türkmen-ýapon parlamentara dostluk topary bilen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekilipdi. Şonuň netijesinde, kanun çykaryjylyk ulgamynda bilelikdäki hereketler has-da işjeň häsiýete eýe boldy. Bu resminamanyň maksady parlamentleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürmäge, işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, özara saparlaryň guralmagyna, kanun taslamalarynyň taýýarlanylmagy we kanunçylyk namalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin peýdalanylýan bilimleridir tejribeleri yzygiderli alyşmaga, özara kabul ederlikli çözgütleri tapmakda ikitaraplaýyn maslahatlaşmalary guramaga gönükdirilendir.
Häzirki wagtda türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklarynda tejribe alyşmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Parlament işiniň guralyşy bilen tanşylýar. Kanun çykaryjylyk işi boýunça tejribe alşylýar. Parlamentarileriň iş usullary öwrenilýär. Munuň özi dürli ugurlarda alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasy arkaly goldamaga, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny wagyz etmäge, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge goşmaça itergi berýär. Türkmenistanyň parlament wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran nobatdaky iş sapary we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikler hem bu ugurda täze mümkinçiliklere ýol açdy.
Annamuhammet SARJAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň başlygy