The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

YNSANPERWERLIGIŇ BELENT NUSGASY

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly belent şygar bilen dabaralanýan 2024-nji ýyl ilkinji günlerinden uly ösüşlere, taryhy wakalara beslenýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-ýurduň bähbidine gönükdirilen düýpli taslamalara badalga berilmegi, şanly özgerişlikleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. 

Ýa­kyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ar­ka­dag şäherin­de luk­man­çy­lyk klas­te­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy ger­man kom­pa­ni­ýa­la­rynyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da, şeý­le hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň işi­ni has-da kämilleş­dir­mek boýun­ça ge­çi­ren iş mas­la­ha­tyn­da se­re­di­len me­se­le­ler, kes­git­le­ni­len we­zi­pe­ler ýur­dumyz­da ila­tyň sag­ly­gy, ýaş nes­liň bag­ty­ýar gel­je­gi ba­ra­da­ky me­se­lä­niň bir­jik-de üns­den dü­şü­ril­me­ýän­di­gi­ni su­but ed­ýär. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň döw­let­lilik ýö­rel­ge­si­ni my­na­syp dowam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ry bi­len bir­lik­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my hem ösdürilýär. Özara gatnaşyklaryň çäginde türk­men-ger­man hyzmatdaşlygy hem işjeň­leş­di­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, ýurdu­my­zyň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da dostlukly ýurduň meşhur kompa­ni­ýa­la­rynyň iň kä­mil, öň­de­ba­ry­jy en­jam­la­ry giň­den ornaşdyrylýar. Ar­ka­dag şä­he­rin­de luk­mançy­lyk klas­te­ri­ni dö­ret­mek boýun­ça mas­la­hat be­riş hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek ha­kyn­da gol çekilen Äht­na­ma­nyň iki ýur­duň ara­synda öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iler­let­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat etjekdi­gi ikuç­suz­dyr. Il-günüň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­la­ra ýug­ru­lan «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň üstün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi netije­sin­de bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy dün­ýä­niň iň ösen hil-de­re­je­le­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de döwre­bap sag­ly­gy go­ra­ýyş edara­la­ry­nyň gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi, şy­pa­ha­na­la­ryň durku­nyň düýp­li tä­ze­le­nilip, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk ge­ti­ril­me­gi bu ul­gam­da ama­la aşyryl­ýan öz­gert­me­le­riň ro­waç­lyk­la­ra bes­lenýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýa­kyn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­nasy­nyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­ler, geljekde ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li iş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ren iş mas­la­ha­ty hem sagly­gy go­ra­ýyş eda­rala­ryn­da iş­le­riň gu­ra­ly­şy­ny, hal­ka edil­ýän hyz­ma­ty has-da kä­mil­leş­dir­mek­li­ge, sagly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň öz kes­bi­ne örän jo­gap­kär­li we tu­tan­ýer­li çe­me­leş­mek­le­rine ba­dal­ga ber­di. Çün­ki Gahryman Arka­da­gy­myz ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek üçin asyl­ly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Halkyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ýaş nes­liň bagty­ýar­ly­gyny gazanmak ba­ra­da­ky alada­lar çuň­ňur yn­san­per­wer­li­ge hem-de wa­tansö­ýü­ji­li­ge ýug­ru­lan be­ýik iş­ler­dir. 

Bu gün­ki gün il­deş­le­ri­mi­ziň her bi­ri türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ryman Ar­ka­da­gy­my­zyň we hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň öz il-ul­su­ny mä­hir bi­len gurşap al­şyn­dan, hal­ky ha­kyn­da hos­sar­lyk ala­da edi­şin­den nus­ga al­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň asyl­ly baş­lan­gy­jy bi­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­synyň dö­re­di­le­ni­ne he­niz kän wagt geç­me­dik bol­sa-da, asyl­ly mak­sa­da gö­nük­di­ri­len bu tu­tum giň ge­ri­me hem-de gyz­gyn gol­dawa eýe bol­mak bi­len, ça­ga­la­ryň, ola­ryň hos­sar­la­ry­nyň, do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­nyň ýüz­ler­çe­si­ne iň uly baý­ly­gy - sag­ly­gy, gel­je­ge bo­lan umy­dy ser­paý ýap­dy. 

Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy, ça­ga­la­ryň bagty­ýar­ly­gy, ýur­du­my­zyň berkarar­ly­gy we döw­rü­mi­ziň gal­kyn­ma­gy ba­ra­da ýa­dawsyz ala­da ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gymy­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň jan­la­ry sag bolsun, ömür­le­ri­ne ömür go­şul­syn, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri mun­dan buýanada ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Züleýha JORAÝEWA, 

Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

01.02.2024 Details

NURANA ÝOLLARYŇ ŞAMÇYRAGY

 

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly il­kin­ji ki­ta­by Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rü­niň şan­ly wa­ka­la­ry­na bes­lenen Ar­ka­dag Ser­dar­ly bagty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň hem-de be­ýik mak­sat-tu­tum­lar bi­len gar­şy­la­nan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň sep­gi­din­de halky­myz, şol san­da ýaş ne­sil­ler üçin aja­ýyp ser­paý bol­dy.

Çuň we giň mazmunly bu kitapda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dowamynda halk üçin halk bilen bilelikde amala aşyrylan beýik işler, şol işlere ýaşlaryň gatnaşygy beýan edilýär, şeýle hem bu işleriň geljekki belent sepgitler üçin badalgadygy nygtalýar. Şu jähetden, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitap taryhyň hut şeýle beýik işler bilen ýazylýandygyny nygtamakdan başlanýar. 

Hemmämiziň şaýat bolşumyz ýaly, täze taryhy eýýamyň her bir güni ykbal özgerdiji ajaýyp wakalar, döwletli tutumlar bilen keşdelenýär. Zähmetsöýer halkymyzyň abadan durmuşyna, berkarar Diýarymyzyň gülläp ösüşlerine gönükdirilen köpugurly taryhy işlerde ýaşlara ýokary ynam bildirilmegi aýratyn guwandyryjydyr. Bu barada döwlet Baştutanymyz özüniň ilkinji kitabynda şeýle belleýär: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesilleriň düzýändigini, biziň olara berkarar Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýandygymyzy yzygiderli nygtaýarys. Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek hem, ilkinji nobatda, şu nesilleriň taýýarlygyna baglydyr». 

Hut şonuň üçin-de, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan oňyn özgertmeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, nesilleriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Täze kitapdaky: «Döwletimiziň ýaşlar baradaky aladasynyň berk binýatlydygy aýdyň hakykat. Bu ýyla gelýänçäk ýaşlaryň tutuş geljegi syýasy, ykdysady, medeni we beýleki möhüm nukdaýnazarlardan ilik-düwme öwrenilip, ädimme-ädim kesgitlenilip, onuň hukuk binýady berkidildi» diýen setirler muny aňryýany bilen tassyklaýan bolsa gerek. 

Bu jümleleriň çuňňur mazmunyndan görnüşi ýaly, nesilleriň sazlaşykly ösüşi babatda halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgeleri döwrüň möhüm talaplaryna laýyklykda mazmun taýdan yzygiderli baýlaşdyrylýar. Netijede, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň milli ruhumyza kybap edep-terbiýe, halkara ülňülerine laýyk gelýän bilim, ylym almaklary, hünär öwrenmekleri, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin giň şertler döredilýär. Şunuň ýaly şertlerdir mümkinçiliklere eýe bolýan ýaşlar üçin beýik işlere çakylyk bolup ýaňlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, döredijiligiň ylham çeşmesine öwrüldi. Şygarynda uly güýji, özem hereketlendiriji, dörediji güýji jemlän bu ýylda bagtyýar ýaşlarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda belent sepgitleri nazarlaýan berkarar Watanymyzyň köpugurly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşdular. 

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseri okanyňda, bu kitabyň diňe bir edilen işleriň, ýetilen sepgitleriň, geçilen menzilleriň seljermesi däldigine magat göz ýetirýärsiň we onuň indiki geçilmeli nurana ýollara şamçyragdygyna buýsanýarsyň. Çünki bu kitap Watana, halka hyzmat etmegi ykbaly saýýan nesilleri terbiýelemekde pederleriň kämillik mekdebini geçen döwletlilik ýörelgelerimiziň dowamat-dowamdygyna tassyknamadyr. 

Biz — ýaşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze-täze üstünliklerine ruhlandyryp, hemişelik ýol görkeziji şamçyraga we edep mekdebine öwrüljek şeýle ajaýyp eseri serpaý eden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmeniň döwletlilik ýörelgesini dowamata ýetirmekde ýaş nesillere uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il bagtyýarlygyna gönükdirilen taryhy tutumlary elmydama üstünliklere beslensin!

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

30.01.2024 Details

WATAN GORAGY — BORÇ WE MERTEBE

 

Biziň her birimiziň ykbalymyz Watan bilen bagly, Watan goragy — parasatly, gaýduwsyz merdanalarymyzdan nesilme-nesil dowam edip gelýän belent jogapkärçilik. Häzirki wagtda hem bu gymmatlyk özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şunda ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçekleriniň alyp barýan işleri örän uludyr. 

Parahatçylyk ýörelgelerine ýugrulan goranyş maksatly Harby doktrinamyza laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň baş maksady Türkmenistanyň milli bähbitleriniň hem-de harby howpsuzlygynyň goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň Harby doktrinasy döwletimiziň harby howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýörelgelerini, maksatlaryny, harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýär. Şeýle-­de ýurdumyzda hereket edýän kanunlar Türkmenistanyň harby­-syýasy ugrunyň esaslaryny düzýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň harby borçlulyk we harby gulluk çygrynda Watany goramakda konstitusion borçlaryny ýerine ýetirmekleriniň hukuk binýady «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenendir. Kanunda Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, öz ata Watanyny — Türkmenistany, onuň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga borçludygy berkidilendir. «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyny, şeýle­-de harby gullukçylaryň we harby gullukdan boşan raýatlaryň hem-­de olaryň maşgala agzalarynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy babatda döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär. Munuň özi ýurdumyzda harby gullukçylara uly hormat goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna, ylmyň soňky gazanan sanly tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagyna we täze ýörite tehnikalar bilen üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-­durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna, ýokary derejeli harby hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem­-de hünär tejribeleriniň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ýokary goranyş kuwwatyny saklamaga, onuň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge, ýokary hünärli harby hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzda ähli harby okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar, sport desgalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýär. Ýaşlaryň kämil bilim almagyna, watansöýüji, mert, edermen, ýurduna, halkyna wepaly serkerdeler bolup ýetişmegine uly üns berilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly atalyk kitaplary Watan goragçylarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekde diýseň uly ähmiýete eýedir. Bu kitaplar terbiýe mekdebi bolmak bilen, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň jogapkärçiligini, abraýly kärine ygrarlylygyny has­-da ýokarlandyrýar. 

Her ýylyň 27­-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň döwlet derejesinde dabaraly bellenilmegi olara goýulýan uly hormatyň we egsilmez ynamyň subutnamasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby kuwwatynyň pugtalanmagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn! 

 

Jennet ÖWE­KO­WA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.

30.01.2024 Details

«YKRAR TÜRKMEN ALABAÝY»

Türk­men ­ala­ba­ýy ­örän­ wepaly­ it ­bolup, ­öz­ çä­gi­niň­ go­ra­gçysydyr. Bu­ it­ler Türk­me­nis­ta­nyň­ ga­dy­my­ otu­rym­ly ýer­le­rin­de­ mes­gen­ tutupdyrlar.­ Alymlar ­ala­baý­la­ryň­ to­ýun­dan­ şe­kil­jik­le­ri­ni di­ňe ­ga­dy­my oba­lar­da ­däl-de,­ eý­sem,­ an­tik­ eý­ýa­myň­ we­ or­ta­ asyr­la­ryň­ uly şäherleriniň ­ýer­leş­ýän­ ýer­le­rin­de­ hem ýü­ze ­çy­ka­ryp­dyr­lar. 

Ma­ry­ we­la­ýa­tyn­da­ky­ Gä­wür­ga­la­ ha­raba­ly­gyn­d­a ýü­ze çy­ka­ry­lan­ tapyn­dy­lar ­bi­ziň eý­ýa­my­my­zyň­ il­kin­ji­ asyr­la­ry­na­ de­giş­li­dir.­ Ga­dy­my Par­fi­ýa ­döw­le­ti­niň ­paý­tag­ty ­Nu­saýda­ ge­çi­ri­len ­ar­heo­lo­gik­ bar­lag­la­rda tapy­lan ri­ton­la­ryň­ ýü­zün­de­ hem­ ala­ba­ýyň­ şe­ki­li­ni gör­mek ­bol­ýar. 

Hal­ky­myz ­iti ­sak­la­mak­ we ­ös­dü­rip ­ýe­tişdir­mek ­ba­bat­da-­da­ ussatlyk­ gör­ke­zip­dir­ler.­ Şeý­dip, ­olar ­iti­ aý­ryl­maz ­hem­ra­la­ry­na,­ ýa­kyn kö­mek­çi­le­ri­ne­ öw­rüp­dir­ler.­ Hut­ şo­nuň­ üçin hem­ itiň­ hä­si­ýet­le­ri,­ eýe­si­ne­ bo­lan­ we­palylygy­ en­çe­me­ na­kyl­laryň,­ er­te­ki­ler­iň­ ro­waýat­laryň, matallaryň,­ tym­sal­la­ryň­ dö­re­me­gi­ne ge­ti­rip­dir.­ Gahryman Arkadagymyzyň ­ta­galla­sy­ bi­len­ çap­ edi­len­ «Paý­has­ çeş­me­si»­ at­ly­ kitapda ­hem­ şeý­le ­na­kyl­la­ryň ­ençemesi ýer­leş­di­ri­lip­dir. ­Olar­dan: ­«It­ çopa­nyň ­gol­da­şy,­ ýal­ňyz­lyk­da­ ýol­da­şy»,­­ «Itim­—­gu­tum»­ ýa­ly na­kyl­la­ry ­my­sal ­ge­tir­mek­ bo­lar. 

Türk­men­çi­lik­de,­ esa­san­da,­ oba­ ýer­lerin­de­ her ­öý­de­ di­ýen ­ýa­ly ­it sak­la­nyl­ýar.­ Bu bir­ ta­rap­dan,­ ho­ja­ly­gyň ­go­ra­gy ­üçin­ ze­rur bol­sa,­ ikin­ji­ ta­rap­dan,­ it ­özü­niň ­eýe­si­ hem-de­ onuň­ maş­ga­la­sy ­hak­da­ go­wy­ ar­zuw­la­ry di­leg­ eder­miş,­ eýe­si­ne­ çirk­siz­ we­pa­ly­ jana­waryň­ di­le­gi­de­ ka­bul­ bolarmyş­ diý­len ynan­jyň ­tä­si­ri­ bi­len­ berk­ bag­ly­dyr. 

Türk­men ­ala­ba­ýy ­bilen bagly ­halk­ dö­redi­ji­li­gi­miz­de ­na­kyl­la­r, rowa­ýat­la­r, ­sa­na­waçla­r­ bar.­ Ata­-ba­ba­la­ry­myz ­ýi­ti ­syn­çy­ly­gy­nyň netijesin­de ­it­ler ­bi­len ­bag­la­ny­şyk­ly ­bir­nä­çe na­kyl­la­ry­ dürli­ ýagdaýlarda­ ulanypdyrlar.­ «It­ üýr­se, ­myh­man ­ge­ler»,­«It ­ga­ra­ gör­män üýr­mez», «Bir ba­şy ­it­de­ ek­lär», ­«Ýurt­ ýe­riň ýit­me­sin­ diý­seň,­ it­ edin»­ di­ýen­ nakyllar ­muňa ­my­sal­dyr.­ Eli ­çe­per­ ene­ ma­ma­la­ry­myz bol­sa, ­we­pa­ly ­itiň keş­bi­ni­ öz ­dö­re­den­ sun­gat eser­le­ri­ne­ siň­dir­me­gi­ ba­şa­ryp­dyr­lar.­ Olar­ ak öý­le­riň­ ga­py­sy­nyň­ eň­si­le­ri­ne,­ sal­lan­çak­ we dü­şek­lik­ ke­çe­le­re­ «ta­zy­ guýruk»,­ «it­ yzy»­ na­gyş­la­ry ­sa­lyp­dyr­lar.­ 

Ala­baý­ kö­pa­syr­lyk­ ta­ry­hy­my­zyň­ do­wamyn­dan­ hä­zir­ki­ gün­le­re­ çenli­ hal­ky­my­zyň we­pa­ly ­hem­ra­sy­na ­öw­rü­len ­jan­dar­dyr.­ Hä­zirki­ wagt­da­ hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­miz ­Arkadagly Gahryman ­Serdarymyzyň baştutanlygyn­da türk­men­ ala­baý­la­ry­ny­ ýe­tiş­dir­mek­ däp­le­rini­ ÝUNESKO-­nyň­ Adam­za­dyň­ mad­dy­ däl me­de­ni ­mi­ra­sy­nyň­ sa­na­wy­na gi­riz­mek ­üçin ze­rur ­iş­ler­ al­nyp ­ba­ryl­ýar.­ Ýa­kyn­da­ Ak­dost at­ly­ ala­ba­ýyň­ Rus­si­ýa­nyň­ çempionatynda ýe­ňi­ji­ bol­ma­gy ­türk­men ­ala­ba­ýy­nyň­ şöhraty­ny has­-da ­be­len-de­ gö­ter­di.­ Goý, ­milli­ gymmat­lyk­la­ry­my­zy dabaralandyrýan ­Gahryman Arkadagymyzyň,­ Arkadagly­ Gahryman Serdarymyzyň­ jan­la­ry­ sag,­ ömür­le­ri uzak­ bol­sun!

 

 Mer­dan ­DOS­ME­DOW, 

Türk­me­nis­ta­nyň ­Mej­li­si­niň­ de­pu­ta­ty.

 

25.01.2024 Details

Ömürleri bezeýän, göwünleri gülledýän eser

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen şygar astynda taryhy ösüşlere beslenen 2023-nji ýylda bolup geçen şanly wakalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy biziň buýsanjymyzy, şatlygymyzy artdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň röwşen geljegimiz bolan, eziz Watanymyzy öňümizdäki ýyllarda has-da uly ösüşlere eýe etmekde aýratyn uly ynam bildirilýän ýaş nesillere bagyşlanan ilkinji kitaby halkymyz tarapyndan uly höwes bilen garşylandy. Geçen ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaşlaryň döwletimiz tarapyndan uly aladalar bilen gurşalýandygynyň, olara belent ynam bildirilýändiginiň, ýaş nesilleriň okamaklary, öwrenmekleri, işlemekleri, döretmekleri, gurmaklary, dynç almaklary, ýokary aň-düşünjeli, ylym-bilimli, beden hem ruhy taýdan sagdyn, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň nyşany bolup dabaralandy. Geçen ýylyň soňky günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz mähriban halkyna «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny peşgeş bermegi bu hakykatyň nobatdaky subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserinde ýaşlaryň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň giňişleýin beýan edilmegi bolsa, merdana nesillerimiziň döwletimiziň özleri hakynda edýän aladalaryna mynasyp jogap berýändikleriniň, bildirilýän belent ynamy ödeýändikleriniň aýdyň nyşanydyr. 

Ajaýyp kitap milli edebiýatymyzyň altyn hazynasynda hem mynasyp orun aldy diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Bilşimiz ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda edebiýat düşünjesi we onuň bilen bagly garaýyşlar köpleri gyzyklandyryp gelipdir. Bu bolsa edebiýatyň zerurlygy bilen şertlendirilýär. Tebigy zehine we ösen aňyýete eýe bolan adamlaryň döredijiligi edebiýatyň baýlaşmagyna sebäp bolýar. Edebiýat adamlaryň medeniýetli, ösen aňly, giň dünýägaraýyşly, ylym-bilimli bolup kemala gelmeklerine oňaýly täsir edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa edebiýatyň adamzadyň durmuşyndaky gymmaty we ähmiýeti has aýdyň duýulýar. Şonuň üçinem täze taryhy eýýamda edebiýatymyzyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly çuň mazmunly kitabynda: «Milli edebiýatymyzyň ýeten derejesine buýsanmak, ony ruhy mirasymyz deý aýawly saklamak mukaddes borjumyzdyr. Çünki edebiýat — halkymyzyň hakydasy- aňyýeti. Edebiýat halkymyzyň uzak eýýamlaryň dowamynda gazanan ar-namysy, lebiz-ygrarydyr, watansöýüjilik, dostluk, agzybirlik, ynsanperwerlik baradaky oý-pikirleriniň jemidir, ahlak päkligi, syýasy, etiki, estetik garaýyşlarynyň täzeçe ruhda şöhlelenmesidir» diýip bellemegi edebiýatyň ähmiýetine berlen örän ýokary bahadyr.

 Diýmek, edebiýat ýagşylyga we gözellige özboluşly çagyryşdyr. Türkmen edebiýatynda halkymyzyň ruhy baýlygy, ösen aňyýeti, jemgyýetçilik durmuşy we türkmençilik ýörelgeleri jemlenýändir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitabyndaky «Edebiýat — watançylyk duýgularyň dabaralanmasy!» diýen sözleri ruhy döredijiligiň, ozaly bilen, watanperwerlikden başlanýandygyny öňe çykarýar. Watany söýmegiň kämil nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby hem edebiýatymyzyň altyn hazynasyna giren ajaýyp eserdir. Döwlet Baştutanymyzyň ömürlerimizi bezeýän, göwünlerimizi gülledýän şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun! 

 

Annabagt Maýewa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe, 

bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň esasy 

hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

25.01.2024 Details

KANUNY DÖWLET

Uly üstünliklere, täze ösüş-özgerişlere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly taryhy häsiýetliligi bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şu ýylymyzyň hem ýokary ruhubelentlik bilen garşylanmagyna uly esas berdi. Biz - milli parlamentiň deputatlary häzirki wagtda halk köpçüliginiň arasynda bolup, döwlet syýasatymyzy, belent özgertmeleri, täze ýylymyzyň buýsançly şygarynyň mazmunyny wagyz etmek boýunça uly işleri alyp barýarys. Şeýle hem ýurdumyzda maşgala, raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kadalaryny has-da kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirilýär, hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek babatda kanunçylyk namalarynyň taslamalary taýýarlanylýar. Mundan başga-da, öz saýlawçylarymyzyň arasynda bolup, olaryň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklanýarys, tekliplerini, isleglerini öwrenýäris. Munuň özi ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanýan möhüm taslamalaryň ähmiýetini artdyrmaga uly ýardam berýär. 

Nesip bolsa, täze taryhy döwrümiziň buýsançly şygarly şu ýylynyň hem ýokary üstünliklere beslenjekdigini, olar babatda netijeli kanunçylyk namalarynyň işlenip taýýarlanjakdygyny we kabul ediljekdigini uly ynam bilen aýdasymyz gelýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň hem, Gahryman Arkadagymyzyň hem öňümizde goýýan belent wezipeleri hut şu işleriň düýp mazmuny bilen berk baglanyşyklydyr. 

Bize öz bilimimizi, tejribämizi gaýgyrman, netijeli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwrebap kanunçylyk namalaryny taýýarlamakda beýik ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. 

 

Gurbangylyç DURDYÝEW, 

welaýat häkimliginiň işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

25.01.2024 Details

TÄZE TARYHY DÖWRÜŇ DURMUŞ SYÝASATY

 

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly jümlesi ata Watanymyzyň berkararlygy, halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň baş ýörelgesine öwrülip, ýurdumyzyň täze taryhyny dabaralandyrýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda belent maksatly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasyny taýýarlamak boýunça görlen çäreler barada hasabat berilmegi bu hakykatyň aýdyň subutnamasydyr. 

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» hem-de 2024-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp taýýarlanylan bu maksatnama laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçiriljek ykdysady-syýasy özgertmeler, ýurdumyzyň makroykdysady taýdan durnukly ösüşini, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga ýardam berer. 

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmek, halkyň bagtyýar durmuşyny berkarar etmek babatda möhüm çäreler göz öňünde tutulandyr. Döwlet maksatnamalaryndaky çärelerden ugur alnyp, gurlup ulanmaga berilýän durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalar ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatymyzyň çäginde hem durmuş-önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary giň gerimde amala aşyrylýar. Täze taryhy döwürde halkymyzyň ykbalyna aýratyn öwüşgin çaýýan, başlangyçlary öňe sürýän, ata Watanymyzyň röwşen geljegi ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun! 

 

Rasul SADULLAÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

25.01.2024 Details

KÄMILLIGI NAZARLAÝAN MÖHÜM ÖZGERTMELER

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly şan-şörata beslenýär. Üstünlikli jemlenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem jemgyýetimizi, döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik ulgamlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreler, ýurdumyzyň gülläp ösüşleri bilen bagly möhüm wakalara baý boldy. Şeýle wakalaryň biri-de, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen ýurdumyzyň parlament ulgamy bilen giň jemgyýetçiligiň wekillerini bilelikdäki mejlisidir. 

Mä­lim­ bolşy ýaly, mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, iki palataly Milli Geňeşi bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek baradaky çözgüt makullandy we «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi. Şol mejlisde «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bolsa il­halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza çäksiz hormatynyň ýene­-de bir ýüze çykmasyna öwrüldi. Şol taryhy mejlisden bäri geçen bir ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem halkara gatnaşyklarda parlament ulgamyny, kanunçykaryjylygy, döwlet we ýerli wekilçilikli edaralaryň işini kämilleşdirmekde il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriň has ilerledilendigini, bu ugurda jemgyýetçilik işjeňliginiň ýokarlanandygyny bellemek zerurdyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş tutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertme halkymyzyň bähbidine gönükdirilýär we biz bu özgertmeleriň ajaýyp netijelerini durmuşda açyk­-aýdyň görýäris. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolup, özygtyýarly ösüş ýoluna düşeli bäri bary­-ýogy 32 ýyldan gowrak wagt geçdi. Munuň özi taryh üçin uly döwür däldir. Biz Garaşsyzlygyň döredýän mümkinçiliklerine ýyl­-ýyldan has oňat göz ýetirýäris. Şunda esasy bellemeli ýagdaý, ýurdumyzda kanunçylygyň, jemgyýetçilik sazlaşygynyň, ösüş üçin zerur bolan şertleriň ýokary derejede ýola goýulmagydyr. Bu bolsa Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan syýasy­-jemgyýetçilik, demokratik-­hukuk özgertmeleriniň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. 

Ýurdumyzda kanun çykaryjylyk ulgamlarynyň, parlament işiniň kämilleşdirilmeginiň hemişe jemgyýetçilik garaýyşlaryna esaslandyrylmagy bu ugurda alnyp barylýan işlere halkyň gyzyklanmasyny artdyrýar. Her bir kanun döwletiň, halkyň zerurlyklaryna görä kabul edilýär. Bu bolsa syýasy, ykdysady, medeni­-ynsanperwer ugurlaryň hemmesinde işleri döwre görä anyk meýilleşdirmäge we üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we onuň Başlyklygyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bellenilmegi parlament işini diňe bir ýurdumyzda däl­de, tutuş sebitde, halkara giňişlikde has işjeňleşdirdi. Gahryman Arkadagymyz paýhasly döwlet işgäri, dünýä ýagdaýlaryna çuňňur düşünýän diplomat hökmünde ählumumy parahatçylygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üpjün edilmeginde parlamentara gatnaşyklaryň aýratyn möhüm ornunyň bardygyny halkara jemgyýetçilige ýetirýär. 

Parlamentara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek bilen, halkara syýasy-­ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge ýol açýar. Parlament diplomatiýasynyň täsiriniň artmagy häzirki çylşyrymly dünýä ösüşinde dartgynlylygy gowşatmagyň, özara düşünişmegiň we ylalaşygyň zerur şertleriniň biri hökmünde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň içerki ösüşlerini netijeli ýola goýmagyň hem esasy şertleriniň biridir. Çünki Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni­ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygy has giňeltmek ugrunda çalyşýan Türkmenistanyň ösüşleri üçin hyzmatdaş ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary, düşünişmegi we ylalaşygy gazanmak ilkinji nobatdaky zerurlykdyr. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kanunçykaryjylyk we parlament işiniň ähmiýetini nygtamak bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Täze döwürde ýurdumyzyň parlamentiniň işini hem barha ösdürýäris. Milli kanunçylygymyzy halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirýäris» diýip belleýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda durmuş-­ykdysady özgertmeleriň hem-­de halkymyzyň ýaşaýyş-­durmuş derejesini mundan beýläk-­de ösdürmegiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak işiniň ähmiýeti uludyr. Döwlet Baştutanymyz jemgyýetde täze hukuk medeniýetiniň kemala getirilmeginde, döwletlilik ýörelgelerini we demokratiýany ösdürmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalaryna, Mejlisiň deputatlaryna uly ynam bildirýär. 

2023-­nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen mejlisde Halk Maslahatynyň hukuk derejesiniň özgerdilmegi bilen bagly bolan iň möhüm syýasy-­jemgyýetçilik çäreleriniň biri­de şol ýylyň 26­-njy martynda demokratik esaslarda, açyklykda, aýanlykda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarydyr. Munuň özi halk häkimiýetliliginiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda ýene bir wajyp ädimi alamatlandyrdy. Saýlawlar döwründe halkymyz diňe bir öz isleg­-arzuwyny ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, gülläp ösýän Watanymyzyň dünýäde beýgelýän abraýyna ýürekden buýsanýandyklaryny beýan etdiler. Bu saýlawlar döwlet bilen halkyň jebisligini ýene bir ýola ýüze çykardy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2023-­nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Halk bilen häkimiýetiň mizemez jebisligi biziň ähli işlerimizi rowaçlandyrýan güýçdür. Biziň bu ugurda gazanan üstünliklerimiz kanunlaryň berjaý edilmegine esaslanýar» diýip nygtady. 

Milli demokratiýanyň üstünlikli ösdürilýän, kanunçykaryjylyk işleriniň kämilleşdirilýän ýurdunda durmuş-­ykdysady ösüşleriň hem kämil ýaşaýyş şertlerine, halkyň bagtyýar durmuşyna tarap ugur alýandygy hemmelere mälim hakykatdyr. Ýurtda syýasy-­jemgyýetçilik durnuklylygynyň kanun esasynda üpjün edilip, döwlet bilen halkyň jebisliginiň gazanylmagy il-­ýurt bähbitli ösüş maksatnamalaryny dolulygyna ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Döwlet syýasatynyň döwre görä örän netijeli, öňdengörüjilikli alnyp barylmagy türkmen halkynyň durmuşyny, ýaşaýyş şertlerini bütinleý özgertdi. Ýyllarboýy halkyň durmuş tölegleriniň şol bir derejede, ujypsyz möçberlerde saklanmagy, harytlaryň, esasan­da, azyk harytlarynyň nyrhlarynyň elýeterliligi, şäherdir obalaryň gaz, elektrik togy, suw bilen bökdençsiz üpjün edilmegi we beýleki durmuş zerurlyklaryna bolan islegleriň kanagatlandyrylmagy türkmen halkynyň bagtyýarlygyna, eşretli durmuşyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, her ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, durmuş kömek pullarynyň 10 göterim ýokarlandyrylmagy halkymyzyň ertirki güne ruhubelent garamagyny şertlendirýän ýagdaýdyr. 

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary adamlaryň ruhubelentligini, eziz Watanymyzyň ösüşlerine buýsanjyny, döwlet syýasatyna pugta ynamyny ýene bir gezek aýdyň görkezen waka boldy. Hajy Arkadagymyzyň “Pähim­-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ilkinji aýynda Mary welaýatynyň ýaşululary, zähmet adamlary bilen didarlaşmagy ýurdumyzda höküm sürýän ynsanperwerlik, jebislik, agzybirlik ruhunyň ýüze çykmasy boldy. Halkyň pähim-­parasadyna uly sarpa goýýan, ýaşuly bolsun, ýaş kiçi bolsun, hemişe adamlaryň ýürek sözlerine, isleg­-arzuwlaryna uly üns berýän Gahryman Arkadagymyz kalbyndaky maksat­-niýetlerini adamlar bilen paýlaşýar, ýaşululara maslahat salyp, olaryň sözlerini diňleýär. Gahryman Arkadagymyz kyblasy Mälikguly aganyň, käbesi Ogulabat ejäniň we hemme öten­-geçenleriň ruhuna degsin edip, Gurbanguly hajy metjidinde aýat-­töwir okanda, öz mähribanlarynyň Oraza aýyna gabat gelýän belli günleriniň sadakasyny bermek barada ýaşululara sala salmagy­-da tüýs türkmençilik ýörelgelerini alamatlandyrdy. 

Iş sapary mahaly Milli Liderimiziň Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynda çopan goşunda bolmagy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşykçylary bilen duşuşmagy Gahryman Arkadagymyzyň halk baradaky, ýurtda bagtyýar durmuşy üpjün etmek baradaky ýürekden çykýan aladasyna şaýatlyk edýän pursatlar bolup, hemmeleriň ýadynda galdy. 

Halk bilen häkimiýetiň bitewüligi, adamlar hakyndaky çynlakaý alada, anyk işler ähli rowaçlyklaryň kepili bolup, watandaşlarymyzy röwşen geljegiň täze belentliklerine ruhlandyrýar.

 

Ata SERDAROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

başlygy, Mejlisiň deputaty.

23.01.2024 Details

PARLAMENT DIPLOMATIÝASYNY ILERLEDIP

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyl — bu agzybirligiň, parahatçylygyň, ösüşleriň, oňyn başlangyçlaryň ýylydyr. Belent sepgitleri nazarlaýan ýurdumyz geljege ynamly gadam basýar. Geçen ýyllaryň dowamynda, şol sanda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda durmuşa geçirilen beýik işler geljekki tutumly maksatlarymyzyň berk binýady bolup durýar.

Türk­me­nis­ta­nyň ­Mejlisinde milli kanunçylygy kämilleşdirmek işleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-­hukuk binýadyny berkitmek, daşary ýurtlaryň parlamentleri, abraýly halkara guramalar bilen iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek boýunça meýilnamalaýyn işler döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem Türkmenistanyň goşulyşan halkara resminamalaryny we döwletara ylalaşyklaryny tassyklamak hakynda kanunlar kabul edilýär. 

Türkmenistan parlament diplomatiýasynyň esasy ugurlary hökmünde parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmegi, ýaşlar we zenan parlamentarileriň işini goldamagy, şeýle hem ählumumy gün tertibinde durýan Durnukly ösüş maksatlaryny amal etmek ugrunda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi ileri tutýar. Geçen ýylyň 6­-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň 1­nji mejlisinde hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň Mejlisi dünýä döwletleriniň parlamentleri hem­-de abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny yzygiderli berkitmelidir» diýipdi. Türkmenistanyň Mejlisi Bitarap ýurdumyzyň hoşniýetli içeri we daşary syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek bilen, döwletimiziň oňyn başlangyçlaryny halkara giňişlikde wagyz etmek, parlament diplomatiýasynyň üsti bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak babatda döwrebap işleri alyp barýar. 

Türkmenistanyň Mejlisi Parlamentara Bileleşigiň hem-­de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolup durýar. Mejlisiň deputatlary bu parlamentara guramalaryň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem­-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň maslahatlaryna Ýewropa Bileleşiginiň Parlament Assambleýasynyň wekilleri bilen guralýan duşuşyklara, maslahatlara yzygiderli gatnaşýarlar. Olar parlament meýdançalarynda döwletimiziň Bitarap ýurt hökmünde öňe sürýän başlangyçlaryny we ýurdumyzda ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin döredilýän mümkinçilikleri halkara jemgyýetçilige ýetirýärler. 

2023-­nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda «ÝHHG-­niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly Merkezi Aziýa boýunça sebit maslahaty geçirildi. Maslahat döwletleriň arasynda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüşi gazanmak, sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda ÝHHG-­niň Parlamentara Assambleýasynyň agzalarynyň özara tejribe alyşmaklaryna hem­-de täze teklipleri beýan etmeklerine giň mümkinçilikleri döretdi. 

Türkmenistanyň Mejlisi parlamentara gatnaşyklary kämilleşdirmek boýunça dürli derejelerde yzygiderli maslahatlaşmalary hem geçirýär. Geçen ýylyň dowamynda Mejlisde birnäçe ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly duşuşyklar geçirildi. Mejlisde ýurdumyza sapar bilen gelýän ýokary derejedäki myhmanlaryň hem köp sanlysy kabul edildi. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça pikir alşyldy. 

Dünýä döwletleriniň parlamentleri bilen gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde geçen ýyl «Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlaryny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Häzirki wagtda Mejlisde dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň 48-­si bilen iki taraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlary hereket edýär. 

Her ýyl bolşy ýaly, 2023-­nji ýylda hem döwlet wekiliýetiniň düzüminde Mejlisiň wekilleri ÝHHG­-niň Parlament Assambleýasynyň 30­-njy ýyllyk maslahatyna, Türkmen-saud parlamentara dostluk toparynyň agzalary Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparlaryny amala aşyrdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda 10-­njy Newa halkara ekologiýa kongresine, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyna gatnaşdylar. Bu çärelerde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Bitarap Türkmenistan döwletimiziň oňyn başlangyçlary, milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi we ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada çykyş etdiler. 

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-­njy ýyllar üçin Strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenen halkara ýaşlar parlamentarizmi ulgamyny ösdürmek maksady bilen, 2023­-nji ýylyň 24­-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler topary döredildi. Toparyň esasy maksady ýaş parlamentarilerimiziň başlangyçlary üçin şert döretmekden, ýurduň ýaş raýatlarynda hukuk we syýasy medeniýeti kemala getirmekden, olaryň döredijilik, raýatlyk işjeňligini, şeýle hem ýaşlar parlamentarizmini ösdürmekden ybarat bolup durýar.

 «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, adam hakyndaky aladanyň beýik nusgasyny görkezýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda Mejlisiň halkara we parlamentara gatnaşyklaryny döwrebap şertlerde kämilleşdirmek, ösdürmek üçin döredýän giň mümkinçilikleri «Pähim-­paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024­-nji ýylda hem netijeli, üstünlikli işlemäge ruhlandyrýar.

 

Enejan ATAÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy

 

23.01.2024 Details
1 ... 30 31 32 33 34 ... 55