The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

MAŞGA LA — JEMGYÝETIŇ BINÝADY

 

Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly syýasaty ne­tije­sin­de, ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­ly­gy döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­dir­mek, döw­rebap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça Türk­me­nista­nyň Mej­li­si ta­ra­pyn­dan iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şol iş­ler bol­sa, il­kin­ji no­bat­da, ila­tyň hal­-ýag­da­ýy­ny mundan beý­läk has­-da ýokarlandyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň­ 7 ­nji çagy­ry­ly­şy­nyň 5-nji mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da ykdysadyýe­tiň dür­li ugur­la­ryn­da ýü­ze çyk­ýan hu­kuk gat­na­şyk­la­ry­ny kada­laş­dyr­mak, ila­tyň ýa­şa­ýyş­-dur­muş de­re­je­si­ni mun­da­nam has-­da ýokar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry kabul edil­di. Öň he­re­ket ed­ýän ka­nunçy­lyk na­ma­la­ry­na de­giş­li üýt­getme­ler we goş­ma­ça­lar girizil­di. Bu iş­ler «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýamy­nyň Gal­ky­ny­şy: Türkme­nis­ta­ny 2022—2052-­nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösdür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň» we «Türk­menis­ta­nyň Prezidentiniň ýur­du­my­zy 2022­—­2028­-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Maksat­na­ma­sy­nyň» üs­tün­lik­li dur­mu­şa geçirilmegine gö­nük­di­ri­len­dir. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­galla­sy ne­ti­je­sin­de, kä­mil­leş­di­ril­ýän ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ryn­da, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň Maş­ga­la kodeksinde maş­ga­la­ny ber­kit­mek, ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny, ka­nu­ny bähbit­le­ri­ni go­ra­mak ba­ba­tyn­da äh­li üp­jün­çi­lik­ler göz öňün­de tu­tul­ýar. Her ­bir ­maş­ga­la,­ il­ki­ bi­len,­ ata­ enä­ni sy­la­ma­gy, ulu­la­ra we töweregindäki­le­re hor­mat goý­ma­gy per­zent­le­ri­niň gursa­gy­na guý­ýar. Yn­sa­nyň jem­gy­ýet­de özü­ni­ alyp ­bar­şy,­ ke­ma­la­ ge­len­ hä­si­ýe­ti gö­nü­den-gö­ni maş­ga­la­dan göz­baş al­ýar. Şo­nuň üçin ili­miz­de ýa­şu­ly adam­lar görel­de­ mek­de­bi­ ha­sap­lan­ýar.­ Ça­ga­lar bol­sa­ maş­ga­la­nyň­ ýa-­da ­iliň horma­ty­na my­na­syp bo­lan adam­la­ry öz gö­rel­de mek­de­bi ­ha­sap­la­ýar.

Maş­ga­la­nyň berk­li­gi, ag­zy­bir­ligi ata­-enä bag­ly. Olar ça­ga­la­ry­na ýaş­lyk­dan zäh­met çek­me­gi, ylymly-­bi­lim­li, hü­när­li bol­ma­gy, te­biga­ty, gö­zel­li­gi söý­me­gi dur­muş tej­ri­be­si esa­syn­da öw­red­ýär­ler. Her bir maşga­la jem­gy­ýe­ti­mi­ziň gül­läp ös­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar. Şo­nuň üçin sag­dyn pi­kir­li, sag­dyn be­den­li maş­ga­la­—­sag­dyn jem­gy­ýe­tiň gözba­şyn­da dur­ýar. 

Maş­ga­la­da­ky asu­da­lyk, ag­zy­bir­lik ra­ýat­lyk jem­gy­ýe­ti­niň agzybirligi­niň göz­ba­şy­dyr. Şah­sy­ýe­tiň ah­lak­ly­ly­gynyň,­ ede­bi­niň ­hut maş­ga­la­da­ düý­bi ­tutul­ýar ­we ­onuň­ jem­gy­ýet­de ­özü­ni­ alyp bar­ma­gy­nyň, gy­lyk-­hä­si­ýe­ti­niň eme­le gel­me­gi­niň esa­sy­ny düz­ýär. Ça­ga­ny ös­dü­rip ýetiş­dir­ýän we ter­bi­ýe­le­ýän ýaş maş­ga­la­ uly ­dur­muş ­ýü­kü­ni­ çek­ýär. Şol esa­syn­da ýaş­la­ry dur­mu­şa taý­ýar­la­mak, maş­ga­la mu­kad­des­li­gi­ne söý­gi dö­retmek, ýaş­lar­da ha­lal­ly­k, edep­li­lik we maş­ga­la­ gym­mat­lyk­laryna­­ ygrar­ly­lyk ýa­ly­ hä­si­ýet­le­ri­ ter­bi­ýe­le­mek­ ugrunda yzy­gi­der­li­ wa­gyz­-nesihat ­iş­le­ri­ ge­çi­rilip­ du­rul­ýar. 

Her ­bir ­türk­men ­maş­ga­la­sy­nyň­ bagty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän türkmen ­hal­ky­nyň­ Mil­li ­Li­de­ri Gahryman Ar­ka­da­gy­my­za hem­-de Ar­ka­dag­ly Gahry­man Ser­da­ry­my­za köp sag ­bolsun ­aýd­ýa­rys.­ Türk­men ­hal­ky­nyň­ Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­up, tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waçlyk­la­ra beslensin! 

 

Ogulşat DURDYMEDOWA, 

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 

mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

24.08.2024 Details

ROWAÇ TUTUMLARYŇ BINÝADY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleriň ählisi halkymyzyň abadan hem bolelin, parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Täze taryhy döwrümiz agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýylymyzy bezejek, kalplara buýsanç duýgusyny paýlajak möhüm wakalaryň birine öwrüler. 

Umu­my­mil­li forumyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk — bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr. Şo­ňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak, geljekde öň­de duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň gazananlaryny berkitmek esasy wezipämizdir. Ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr. 

Dürli kärdäki raýatlaryň, jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisinde il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän çözgütleriň kabul edilmegi ösüşlerimizi dowamata atarýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryny täze taryhy döwrümizde baş ýörelge edinip, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyz esasynda alyp barýan döwlet syýasatymyzyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär». 

Elbetde, maslahatlaşylyp edilýän işiň rowaçlyklara beslenýändigine Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan baý tejribe aýdyň şaýatlyk edýär. Her bir işde il-halka ge­ňeşmek nesilbaşymyz Oguz handan başlap, ähli parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletlilige, kanunylyga we milli demokratik ýörelgelere esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýolunyň häzirki wagtda döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň aýan edýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde, halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek barada berýän tabşyryklary ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine wepalydygymyzyň nyşanydyr. Bularyň ählisi ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini pugtalandyrmaga, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri has-da işjeň­leşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Şu nukdaýnazardan, bu umumymilli forumyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti barada Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu meýilnama esasynda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek, ýokary wekilçilikli edaranyň ygtyýarlyklaryny düşündirmek maksady bilen, Ýaşlar guramasy tarapyndan ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, ylym-bilim ojaklarynda okap, bilim alýan ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagynyň binýady», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — abadançylygyň we bagtyýar durmuşyň aýdyň kepili», «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy çözgütleri: belent wezipeler, anyk maksatlar» ýaly şygarlar astynda dürli duşuşyklar, maslahatlar, düşündiriş işleri geçirilýär, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlar edilýär. 

Açyklyk hem-de aýanlyk ýagdaýynda, dürli kärdäki we ýaşdaky raýatlaryň gatnaşmagynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň hem gatnaşmaklary guramanyň agzalarynyň buýsançly başyny göge ýetirip, olary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çärelerine ýaşlaryň yzygiderli gatnaşmaklary olaryň alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň mazmunyna doly düşünmeklerine, durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalaryna mynasyp goşant goşýan hakyky watançy ogullar, gyzlar bolup kemala gelmeklerine ýardam edýär. 

Ýaşlaryň amatly şertlerde ýaşamaklary, dynç almaklary, zähmet çekmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, durmuş kepilliklerini gorap, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Halk Maslahatynyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň daýanjy bolan ýaşlaryň bagtyýar şu gününi we geljegini nazarlaýan, ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny, ylym ulgamyny ösdürmegiň Strategiýasyny işläp taýýarlamak babatda çözgütler kabul edildi. 

Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pullary, çagalary enelerimiziň mähir bilen gurşap almagy, olara terbiýe bermegi üçin ýola goýlan ýe­ňillikler ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň sagdyn kemala gelmegi, ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky aladalaryň miweleridir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi, Arkadag şäherinde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we beýlekileriň gurulmagy ýaş nesliň saglygy hakyndaky düýpli aladalaryň ýene-de bir anyk mysalydyr. Ata-babalarymyzyň milli däp-dessurlaryna, döwletlilik ýörelgelerine eýerilip döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýaşulular bilen ýaş nesliň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar. 

Şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetini dabaralandyrmak ugrundaky ýörelgeleriniň häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilmegi ýaşlarymyzy milli ruhda terbiýelemäge esas döredýär. Ýaşlara bildirýän ynam örän uly. Gahryman Arkadagymyzyň: «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin» diýen ganatly sözleri ýaşlary Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen beýik işlere has-da işjeň goşulmaga, täze başlangyçlara ruhlandyrýar. Şeýle uly ynama ygrarly ýaşlar Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. 

Halkymyzy bagtyýar, abadan durmuşda ýaşadýan, ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun! 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty

 

23.08.2024 Details

HALK DEMOKRATIÝASYNYŇ KÄMIL NUSGASY – MILLI ÝÖRELGE

 

Türk­men hal­ky özü­niň gaý­ta­lanma­jak köp asyr­lyk ta­ry­hyn­da mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny hem-de ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­di. Hal­ky­myz­da dilden dile ge­çip ge­len «Mas­la­hat­ly bi­çi­len don gys­ga bol­maz», «Geňeşli ýer­de kemlik ýok, ge­ňeş­siz ýer­de­–­deň­lik» di­ýen ýa­ly da­na pähim­le­riň dö­re­dil­me­gin­de hem uly ma­ny bar. Ata-ba­ba­la­ry­myz il sylag­ly ýa­şu­lu­lar, jem­gy­ýe­tiň dür­li gatla­gy­nyň we­kil­le­ri bi­len bi­le­lik­de äh­lihalk ýyg­nak­la­ry­ny ge­çi­rip, ýurt äh­miýet­li iň wa­jyp sy­ýa­sy, dur­muş, yk­dy­sa­dy me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şyp­dyrlar. Ila­tyň äh­li gatlaklarynyň mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çöz­güt­le­riň ka­bul edilmegine gat­naş­ma­gy­ny üp­jün edip, de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re eýe­rip, hal­kyň pi­ki­ri­ne hor­mat go­ýup döw­let äh­miýet­li ka­rar­la­ry, çöz­güt­le­ri kabul edi­pdir­ler. Şeý­le asyl­ly däp­le­re, ýö­rel­ge­le­re esas­la­nyp, türk­men hal­ky­nyň döw­let gur­lu­şy ba­bat­da ýüz­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan ta­ry­hyn­da top­lan tej­ri­be­si­ni hem­meta­rap­la­ýyn na­za­ra alyp, 2023-nji ýy­lyň 21-nji ýanwaryn­da halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­ –­ Türkmenis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty dö­re­dil­di. 

Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan bi­ze mi­ras galan döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri Berka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de de­mok­ra­tik, hu­kuk, dün­ýewi döw­le­ti­mi­ziň mil­li ka­nun­çy­ly­gy bilen ber­ki­dil­ýär. Halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň we de­mok­ra­ti­ýa­nyň äh­li ala­mat­la­rynyň iň naý­ba­şy usul­la­ry­ny ka­nun­çy­lyk ar­ka­ly ber­ka­rar ed­ýän döw­le­ti­miz­de Türkmenista­nyň Halk Mas­la­ha­ty Türkme­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na esas­lanýan «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tusi­on Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da he­re­ket edýän halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kilçi­lik­li eda­ra­sy­dyr. Bu ba­ra­da Ka­nu­nyň 1-nji mad­da­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ga­za­nan­la­ry­ny has-da berkitmek, ýur­du­my­zy ösü­şiň has ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne çy­kar­mak üçin ähli­halk he­re­ke­ti­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, dur­muş-ykdy­sady, me­de­ni-yn­san­per­wer we ka­nun­çylyk-hu­kuk ul­gam­lar­da tä­ze sep­git­le­re ýe­tir­mek, iň tä­ze ta­ry­hy­myz­da ga­za­nylan üs­tün­lik­le­ri wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty dö­re­dil­ýär» diýlip ber­ki­di­len­dir. 

Halka sala salmak, geňeşmek, ilatyň tekliplerini seljermek, şolaryň esasynda oňyn çözgütleri çykarmak ýaly asylly däpleriň kepili bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýlaryny kesgitleýän Konstitusion Kanunyň kadalary aýanlyk, demokratiýa, kanunyň hökmürowanlygy, adalatlylyk, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak bilen beýan edilýär. Halk Maslahaty milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sazlaşdyrmak bilen, döwlet derejesinde bilelikdäki hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Bu wekilçilikli edaranyň hemaýaty bilen her bir adamyň döredijilikli, halal zähmetiniň döwlet derejesinde goldanylýandygyny, ýokary baha mynasyp bolýandygyny görmek bolýar. Şeýle goldaw bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baý durmuş we syýasy tejribesiniň halkymyzyň gurujylyk, döredijilik pähim­-paýhasynyň netijesidir. «Döwlet adam üçindir!» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy, halkymyzy beýgeltmek ugrunda edýän aladasynyň netijesinde bu gün Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa ýurdumyzda halk häkimiýetiniň işine berilýän ýokary bahadyr, milli demokratiýanyň dabaralanmasydyr. 

Häzirki döwürde ylma daýanmak, ylmy esasda netijeliligi gazanmak we ýurdumyzyň ýeten sepgitlerden ruhlanyp, milliliklerimize guwanyp ata Watanymyzy has-­da ýokary galdyrmak üçin agzybirlikde, bitewülikde hereket etmek barada öňe sürülýän çagyryşlaryň wajyplygyna, onuň ähmiýetine, ildeşlerimiziň her biriniň aýdyň düşünmegi gerek. Halk Maslahatynyň geçirilmegi ýaşulular bilen ýaş nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar, bu baglanyşyk türkmen halkynyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap şertlerde, täzeçe çemeleşmeler arkaly, milli ýörelgelere daýanyp has-­da ösdürilýär. Täze taryhy döwürde asylly pent-­nesihatlara eýerilýändigini, il-­ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň, çözgütleriň gönüden­-göni halk bilen maslahatlaşylyp çözülýändigini Halk Maslahatynyň geçirilmeginde hem görmek bolýar. Eziz Diýarymyzda aýratyn işjeňlige eýe bolýan döredijilikli zähmetiň we bazar gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň halkyň hereketlerini, bähbitlerini utgaşdyrmagyň häzirki döwrüň zerurlygy bilen düşündirmek bolar. Ýurdumyz juda çalt özgerýän, ykdysady taýdan durnukly ösýän, taryhy işleriň durmuşa geçirilýän ýurdyna öwrüldi. Munuň şeýledigini halkymyzyň hal­ýagdaýynyň gowulanmagynda, ilatymyzyň sanynyň artmagynda, bazarlarymyzyň bolçulygynda, çagalarymyzyň döwrebap bilim-­terbiýe almagynda, halkymyzyň bagtyýar, eşretli ýaşaýşynda görmek bolýar. 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky köpri bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda barha berkidilýän milli döwletlilik ýörelgelerimizi dabaralandyrýar. Adamy jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hökmünde kesgitleýän täze taryhy döwür – bu gün köp düşünjelere, garaýyşlara, hereketlere täze many-­mazmun berýär, olara täzeçe röwüş çaýýar. Häzir ýurdumyzda raýatlaryň kanuny bähbitlerini, azatlyklaryny, zähmet çekmäge, eýeçilige, öz pikirini erkin beýan etmäge we goramaga bolan konstitusion hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän jemgyýetçilik gurluşy kemala gelýär. Jemgyýet ykdysady ösüşi gazanmak bilen, durmuş maksatnamalaryny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlara tarap ugur alýar. Bu günki gün jemgyýetiň wekilleriniň başlangyçlaryna, pikirine hormat goýulýar. 2024-nji ýylyň şygarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden dabaralandyrylýan Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň hem­-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän akyldar şahyra bagyşlap ýazan «Pähim-­paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy bilen baglanyşykly bolmagy aýratyn many­-mazmuna eýe. Munuň özi türkmen halkynyň beýik şahyryna, onuň baý edebi mirasyna çuňňur hormat­-sarpasynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Dana Pyragy: 

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar, 

Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar, 

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, 

Göteriler ol ykbaly türkmeniň – 

diýip türkmen halkynyň bir supranyň başyna ýygnanmagyny, bir döwlete gulluk etmegini, türkmeniň ykbalynyň göterilmegini arzuwlaýar. Magtymguly Pyragynyň şeýle arzuwlarynyň amala aşan, bir ýere jem bolan, bir döwlete gulluk edýän türkmen halky döwlet Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny uly dabara bilen belleniljek günlerinde döwletli maslahat geçirer. Bu üstünliklere dana Pyragynyň wesýetlerine wepaly halkymyzyň agzybirligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, zähmetsöýerligi, ata Watanyna, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize bolan beýik söýgüsi bilen ýetildi. Ýeri gelende bellemeli zatlarymyzyň biri hem «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dabarasyny has-­da beýgeldýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmek babatda taryhy işleriň durmuşa geçirilmeginde, bu ugurda möhüm başlangyçlaryň öňe sürülmeginde işjeň hereket edýär. Bu umumy milli forum döwletiň dolandyryjy, ýerine ýetiriji, kanun çykaryjy düzümleri bilen utgaşykly hereket edip, ähli işlerde halkyň isleg-­arzuwlarynyň, teklipleriniň, başlangyçlarynyň giňden şöhlelenmeginde möhüm orny eýeleýär. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meseleler, kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada – döwletimiziň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar, abadan ýaşamagyna, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak wezipesini amal etmäge gönükdirer. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzy ösüşiň ak ýoluna ataryp, bilelikde we agzybirlikde etmeli işleri kesgitläp, adamlaryň döredijilik ukybynyň artmagyna täze esaslary döredýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi ýurdumyzda diňe bir milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işine däl, eziz Diýarymyzyň durnukly, parahatçylykly ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň täsirini has-­da ýokarlandyrmaga, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam bermek bilen, syýasy-­jemgyýetçilik ulgamlarynyň tagallalaryny hem belent maksatlaryň daşynda jemleýär. Biziň her birimiz şeýle beýik döwürde ýaşaýandygymyza guwanmaga, buýsanmaga haklydyrys. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň binýadyny pugtalandyryp, il­-halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, halk bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun. 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar 

syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.

23.08.2024 Details

MILLI ÝÖRELGÄMIZ ROWAÇ ALÝAR

 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişli döwri başdan geçirýär. Muňa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ýokary görkezijiler doly şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan zähmet üstünlikleri jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar bilen sazlaşykly utgaşýar. Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdaky uly tagallalar ýerine düşýär 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde milli döwletlilik ýörelgämizi ösdürmekde we kämilleşdirmekde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda merdana ata-babalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten özboluşly milli demokratik ýörelgelerimizden ugur alynýar. Döwletliligi we hukugy kämilleşdirmekde, raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekde, döwlet we adam gatnaşyklarynyň has kämil sazlaşygyny üpjün etmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, indi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýetilen sepgitleri, öňde durýan wajyp wezipeleri halkymyzyň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek asylly däpleriň birine öwrüldi. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden kararyna laýyklykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy waka bolar. Giň wekilçilikli bu umumy milli forumda Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar we oňyn çözgütler kabul ediler. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli şol çözgütler Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolar. 

 

Akmuhammet BEKMYRADOW. 

Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň informatika mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

22.08.2024 Details

DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERINIŇ ROWAÇLYGYNYŇ KEPILI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletli tutumlar rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu rowaçlyklaryň dowamat-dowam bolmagynda uly ähmiýete eýe bolar. 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek bu ählihalk forum ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden gözbaş alýan milli demokratik ýörelgelerimiziň ajaýyp zamanamyzda dabaralanýandygyny açyk-aýdyň görkezer. Halk Maslahatynyň mejlisi döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülläp ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitlemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyz nobatdaky maslahata ýokary derejede taýýarlyk görýär. 

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlarda tutumly işler amala aşyrylyp, berkarar Watanymyz gülläp ösýär. Umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn özara peýdaly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Uly möçberli maýa goýumlaryň goýulmagy, daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Täze taryhy eýýamda syýasy-ykdysady, ruhy-medeni ýokary göteriliş ähli ugurlarda aýdyň duýulýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň esasynda ýurdumyz häzirki wagtda dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda öz mynasyp ornuny eýeledi. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işler, durmuş taýdan goraglylyk her bir raýaty buýsandyrýar, röwşen geljege ynamyny has-da pugtalandyrýar. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, ýakyn geljekde öňde durýan möhüm wezipeler, durmuşa geçirilmeli işler giňden ara alnyp maslahatlaşylyp, degerli çözgütler kabul ediler. Diýarymyzy ösdürmäge gönükdirilen, raýatlarymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegi nazarlaýan bu işlere goşant goşmak her bir raýat üçin mukaddes borçdur hem uly mertebedir. 

 

Wezirgeldi Aşyrow, 

welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna 

garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

22.08.2024 Details

HUSUSY ULGAMDA DEPGINLI ÖSÜŞ

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taglymat esaslary, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň many-mazmuny, bazar ykdysadyýetini, hususy ulgamy ösdürmekdäki orny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde giňişleýin beýan edilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bagtymyza ýagty Gün bolup dogan Garaşsyzlygymyz türkmen halky üçin altyn eýýamyň gapysyny açdy, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygyň mekanyna öwürdi. Bu dünýäde ykrar edilen hakykatdyr. Mundan 33 ýyl ozal — 1991-­nji ýylyň güýzünde Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazandy hem­-de dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Şol taryhy günden başlap, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny özbaşdak kesgitläp, okgunly ösýän ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, dünýä bileleşiginde uly abraýdan peýdalanýan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda berkararlygyň hem­-de bagtyýarlygyň röwşen ýoly bilen öňe barýan Diýarymyzda hususy pudakda gazanylýan üstünliklerdir ösüşler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna mynasyp sowgatdyr. Türkmen telekeçileri bu tutumly toýa döwrebap binalardyr desgalary ulanmaga bermek ýaly asylly işler, döwletli başlangyçlar bilen barýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döwrümiziň belent maksatlaryna ýetmekde, döwletiň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýar» diýip belleýär. Şu ýylyň geçen alty aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi 112,1 göterime, senagat önümçiliginiň ösüşi bolsa 103,2 göterime barabar boldy. Söwda boýunça haryt dolanyşygynyň ösüşi üpjün edildi. 

«Pähim-­paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýerli hususyýetçilerimiziň durmuşynda ençeme şanly wakalara beslenýär. Şu ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda işewürlik merkezli we ýerasty awtogoýalgaly «Arkaç» söwda-­dynç alyş merkezi, Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde «Derkar» söwda merkezi, Mary welaýatynyň Mary etrabynda «Täze Aý» haryt nyşanly et, şöhlat we ýarym taýýar önümleri öndürýän kärhananyň innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan gassaphana toplumy, Wekilbazar etrabynda «Berk önüm» hususy kärhanasynyň poliefir we polipropilen süýümini öndürýän kärhanasy, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda geçidarçylyk hojalygy, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginde mineral we sintetik ýag öndürýän zawod açylyp ulanmaga berildi. 17-­nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy, 25-­nji maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda bir bada edara ediş we söwda maksatly binalaryň 8-­siniň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Häzirki wagtda gurluşykçy telekeçileriň Arkadag şäheriniň 2­-nji tapgyrynyň gurluşygynda yhlasly zähmet çekýändikleri, olara şeýle iri taslamalary durmuşa geçirmegiň ynanylýandygy hem guwandyryjydyr.

Geljekde jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek üçin belent maksatlardan ugur alnyp, möhüm wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Garaşsyzlyk diýmegiň mertebäňi duýmak we mertebäňi ykrar etdirmek diýmekdigi, öz geçmişiňe, öz taryhyňa, öz milletlik derejäňe düşünmekdigi we bulary hemmelere düşündirmegi başarmakdygy bellenilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen telekeçileriniň galkynyşlarynyň gözbaşydyr. Hususyýetçiler döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar. 

 

Sa­par­my­rat­ OW­GA­NOW,

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar­ we­ te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň­ 

Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň­ baş­ly­gy,­ Mej­li­siň­ de­pu­ta­ty.

22.08.2024 Details

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMASY

 

         Gah­ry­man ­Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry ­bi­len, ­hor­matly­ Preziden­ti­mi­ziň­ baştutanlygynda milli däplerimize eýe­ri­lip ­ge­çi­ril­ýän Türk­menis­ta­nyň ­Halk ­Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ­ka­bul­ edil­ýän çözgütler ýur­du­my­zyň­ yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ­pu­dak­la­ýyn diwersifikasiýalaşdyr­mak, ilatyň ­ýa­şa­ý­şy­nyň­ my­na­syp­ de­re­je­si­ni­ üp­jün et­mek ­ba­ba­t­da­ düýp­li öňegi­diş­lik­le­ri­ ga­zan­mak ­bi­len ­bir­lik­de,­ halk häki­miýe­ti­niň ­ýö­rel­ge­le­ri­ni ­hem­ döw­re­bap ­gör­nüş­de ­kä­mil­leş­dir­ýär.­

Şunda asyrlaryň dowamynda milletimiziň ykbalyna, ruhy gymmatlyklaryna siňen döwletlilik ýörelgeleriniň gözbaşynda durýan döwletiň we raýatlaryň özara hyzmatdaşlygy berkeýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgelere esaslanýar. Bu bolsa ýurduň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we raýatlaryň bähbitleriniň sazlaşygyny saklamaga ýardam berýär. Döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň hatarynda welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde döredilýän ýerli wekilçilikli edaralaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Çünki Türkmenistanyň Halk Maslahaty öz ygtyýarlylygynyň çäginde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garaýar we makullaýar; degişli dolandyryş ­çäk birliklerinde ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşýar; parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar; kanunçykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugyny amala aşyrýar. Şol sanda jemgyýetçilik birleşikleri bilen işjeň gatnaşygy saklaýar. Şunda ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen mejlisleriniň netijelerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ilata düşündirmek işlerini gurnaýarlar.

 

 Mer­jen ­BOR­JA­KO­WA, 

Türk­me­nis­ta­nyň ­Mej­li­si­niň Dur­muş ­sy­ýa­sa­ty­

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň­ hü­när­me­ni.

22.08.2024 Details

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ ÝOLY BILEN

 

Ata Watanymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly üstünliklere besläp, mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramyna barýar. Bu uly toýuň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onda il-ýurt bähbitli möhüm meselelere garalar, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşde ýeten belent derejeleri barada gürrüň ediler, öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. 

Demokratik ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmakda, berkitmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleri mynasyp dowam etdirilýär» diýip belleýär. 

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi ösdürmek, beýgeltmek maksady bilen döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, milli agzybirligimiz, kanunlaryň hökmürowanlygy, häkimiýet edaralarynyň, dolandyryş ulgamynyň netijeli bolmagy, jemgyýetçilik pikiriniň ileri tutulmagy biziň saýlap alan ýolumyzyň kesgitleýji aýratynlygydyr. Şunda gadymdan gelýän demokratik garaýyşlarymyza, ynsanperwer ýol-ýörelgelerimize, döwlet bilen halkyň bitewüligi baradaky taglymatymyza laýyklykda, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň özara baglanyşygy üpjün edilýär, jemgyýetçilik-syýasy, kanunçylyk-hukuk taýdan ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň oýlanyşykly, sazlaşykly dolandyrylmagyna, giň gerimli özgertmelerimiziň işjeň­leşmegine ýardam edýär. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň gi­ňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy, ony geçirmäge düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. 20-nji iýulda bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edilip, bu umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. 

Gahryman Arkadagymyz «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary öňe sürdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly sözi bu ýörelgäniň ösüşiň täze döwründe özboluşly ýaň­lanmasydyr. Bu sözlerde döwletiň adam hakyndaky aladasy, demokratik kada-kanunlaryň düýp mazmuny jemlenendir. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli pudaklar depginli ösýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň kuwwatynyň barha artýandygynyň güwäsidir. Şeýle ösüşleri gazanmakda, ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş hem medeni taýdan durnukly ösdürmekde adam hukuklarynyň üpjün edilmegine möhüm ornuň degişlidigidir. Türkmenistan Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda berkidilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýär, hormatlaýar. Döwletimiz tarapyndan adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin ähli şertler döredilýär we olar barha gi­ňeldilýär. Hut şu esaslarda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini hem aýtmak gerek. Esasy Kanunymyz milli döwletliligiň, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen, jemgyýetiň kadalaşdyryjy hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň ygtybarly binýadyna öwrülendir. Konstitusiýamyzy has-da kämilleşdirmek, ony barha täzelenýän, öňe barýan döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, halkymyzyň bagtyýar, abadan ýaşaýşyny kepillendirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly şöhratly wakalara örän baý. Türkmen halkynyň guwanjy, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilýän ýyly hem taryhy wakalardyr üstünliklere beslenýär. Şunda döwrüň möhüm wezipelerinden ugur alnyp durmuşa geçirilýän ähli işler döwletimiziň we jemgyýetimiziň depginli ösüşiniň üpjün edilmegine, halk häkimiýetliligini berkitmäge, milli demokratik institutlary has-da kämilleşdirmäge, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy goramaga hem-de ösdürmäge, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», beýleki möhüm maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün edýär. Kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde ylmyň gazananlaryny, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ähli ulgamlarda zähmet çekýän adamlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Örän möhüm gurluşyklaryň amala aşyrylmagy, şol sanda täze şäherdir obalaryň, kärhanalaryň gurulmagy, önümçilikleriň döredilmegi gülläp ösüşlerimiziň aýdyň subutnamalarydyr. Sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri halkymyzyň guwanjyna hem buýsanjyna öwrüldi. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynda durmuş syýasatyna aýratyn ornuň degişlidigi has-da buýsandyrýar. Saglyk, bilim, sport, medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, täze iş ýerlerini döretmek, köp çagaly maşgalalara we döwletiň kömegine mätäçlere hemaýat bermek döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarydyr. 

Agzybir halkymyz Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasadyna uýup, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramyna barýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde gazanylan üstünlikleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenmeginiň, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň mundan beýläkki ösüşlerimiziň, bagtly geljegimiziň berk binýadyny döretjekdigine şek-şübhe ýokdur. 

 

Hatyja MUSTAKOWA,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we 

azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.

17.08.2024 Details

LEBAP WELAÝATY: ÝETILEN SEPGITLER

 

Daň saz berip, jahan ýagtylyp ugrandan eýýäm düýnki umyt - arzuwlarymyzyň Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen hasyl bolup, günsaýyn ösýän-özgerýän Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy, mähriban halkymyzyň şan-şöhraty dünýä dolýar. 

2022 - nji — Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni özi bilen alyp geldi. 

Şol ýyldan bäri il-günümiziň bähbidine ýugrulan birnäçe işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly ýurdumyzyň Gündogar künjegi hem her gününi toý-şatlyga besläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görýär. Elbetde, biziň her bir günümiziň asuda, parahat geçmeginiň, toý-baýrama beslenmeginiň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bar. 

Lebap welaýatynyň zähmetsöýer halky hem özleri üçin döredilýän ähli mümkinçilikler, döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýdýarlar. Welaýatymyzyň çäginde köpugurly ösüşler, üstünlikler yzygiderli gazanylýar. Döwrebap desgalar, edara-kärhanalar, hassahanalar, medeniýet öýleri, sport desgalarydyr sport mekdepleri, orta mekdeplerdir çagalar baglary, söwda merkezleri, seýilgähler we başga-da ençeme ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar açylyp, ulanylmaga berilýär. 

2022-nji ýylyň 18-nji iýunynda welaýatymyzyň Çärjew etrabynyň çäginde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen «Gadyn» gaz ýygnaýjy desgasy işe girizildi. 28-nji iýunda Hojambaz etrabyndaky Döwletli şäherçesinde 300 orunlyk metjidiň we onuň ýanyndaky sadaka jaýynyň düýbi tutuldy. Şeýle-de şol ýyl «Bilimler we talyp ýaşlar güni» mynasybetli welaýatymyzyň Saýat etrabynyň çäginde 600 orunlyk orta mekdep hem-de 160 orunlyk çagalar bagynyň täze döwrebap binalary, Dänew etrabyndaky Seýdi şäherinde 4 gatly 24 öýli täze ýaşaýyş jaýy, Türkmenabat şäherinde birnäçe döwrebap ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. 

Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň bosagasynda şäherimizde täze döwrebap awtomenzili halkymyza hyzmat edip başlady. Bu awtomenziliň şäher, şäherýaka, şäherara ugurlarda birbada 700 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçiligi bar. 

Şol ýylyň aýagyna bolsa Türkmenabat Halkara howa menziline gidýän ýoluň ugrunda 4 gatly 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 40-syny öz içine alýan ýaşaýyş jaý toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Türkmenabat şäherinde ýerleşýän merkezi bazaryň durky täzelenip, welaýatymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hyzmat edip başlady. 

Döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň eziz Watanymyza, mähriban halkymyza nusgalyk söýgüsiniň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan berkararlygyň we bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgelerine eýerip, taryhymyzyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen jemlendi. 

2023 - nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşlere ýetilip, umumadamzat bähbitli başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirildi. Bagtyýar zamanamyzyň gujurly, zähmetsöýer ýaşlary üçin bolsa giň mümkinçilikleriň, asylly başlangyçlaryň döredilen ýyly boldy. Halkymyzyň hal ýagdaýyny mundan beýläk-de düýpli gowulandyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly ädimler ädilip, durmuş, medeni maksatly birnäçe binalar gurlup, ulanylmaga berildi. 

2023 - nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem Lebap welaýatyna berekedini eçildi. 

Welaýatymyzyň Köýtendag, Halaç, Saýat, Çärjew, Dänew etraplarynda «Bilimler we talyp ýaşlar güni» mynasybetli umumybilim berýän orta mekdepleriň jemi 8-si, Kerki etrabynda bolsa 1 çagalar bagynyň döwrebap binalary açylyp, ulanylmaga berildi. Döwrebap kompýuter, multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, okamak, dynç almak, sport bilen meşgullanmak, hünär öwrenmek üçin ähli amatlyklary bolan bu bilim ojaklarynda terbiýe, bilim alýan ýaş nesillerimiz we olaryň hossarlary Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Bäş müň orunlyk bu täze binalar toplumy nesip bolsa 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berler. 

Welaýatymyzyň Dänew hem-de Saýat etraplarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde durky täzelenen, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan hassahanalar dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Durky täzelenen bu hassahanalaryň ikisinde hem dünýä belli kompaniýalaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň 200-e golaýy oturdyldy. Täze görke, täze durka eýe bolan, bejergi hyzmatlary üçin ähli amatlyklar döredilen bu hassahanalara barýan raýatlarymyzyň mähirli ýylgyryşlary döredilen mümkinçiliklerden hoşaldyklaryna şaýatlyk edýär. 

Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenabat şäherinde ähli amatlyklary bolan 4 gatly 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 10-a golaýy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi.

Tamamlanan ýylyň aýagynda Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherinde «Ak Bulut» hojalyk jemgyýetiniň gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän täze zawody işe girizildi. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň depginli ösüşleri biziň welaýatymyzda hem üstünliklere beslenýär. 

Ýylyň başynda watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenabat şäherinde hukukgoraýjy edaralaryň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlary açylyp, ulanylmaga berildi. 

Ynha, bu sene «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýatdan çykmajak günleriniň biri, has takygy, 2024-nji ýylyň mart aýynyň 13-i ýene-de bir taryhy waka, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamy Lebap topragyna düşdi. Welaýatymyzyň Köýtendag etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply bolan Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berilmegi ýurdymyzyň senagat toplumynyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam berer. Dünýä belli iri, öňdebaryjy meşhur kompaniýalarynyň enjamlary oturdylan desganyň işleriniň gidişine kompýuterler arkaly gözegçilik etmäge giň mümkinçilik döredilipdir. 

Şol günde ýene - de bir guwandyryjy dabara welaýatymyzyň Dänew etrabynda bolup geçdi. Şol ýerde «Asuda akym» hojalyk jemgyýetine degişli bolan «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglaryny öndürýän häzirki zaman kärhanasy açylyp, ulanylmaga berildi. 

Şeýle-de şol gün welaýatymyzdaky «Türkmenawtoulaglar» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslaryň 200-e golaýynyň hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat hökmünde gelip gowuşmagy hem welaýatymyzyň her bir ýaşaýjysynyň başyny Göge ýetirdi. Alys ýollary ýakyn edýän bu ulaglar şäherara, şäherýaka, etrapara ugurlary boýunça gatnap, halkymyzyň göwnüni göterýär. 

Şu ýyl ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky Döwletli şäherçesinde Mukaddes Remezan aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna täze «Jeýhun Metjidi» açyldy. 

Häzirki wagtda ýaşaýyş-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň gurluşyklary welaýatymyzyň çäginde güýçli depginler bilen dowam edýär. Milli Maksatnamalarymyza laýyklykda welaýatymyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen ýaşaýyş-durmuş maksatly işler köpugurly alnyp barylýar. Obalarda, şäherçelerde, etrapdaky şäherlerde we welaýat merkezinde gaz, suw, elektrik, aragatnaşyk geçirijileri geçirilip, käbir geçirijilerde bejeriş işleri, awtomobil ýollaryny çekmek, abatlamak, işleri dowam etdirilýär. 

Diýarymyzy üstünlikden-üstünlige alyp barýan, halkymyzy bol-elin, eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda tagallalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzyň çägi ýok. 

 

Merdan DOSMEDOW, 

TDP-niň Çärjew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

17.08.2024 Details
1 ... 28 29 30 31 32 ... 80