​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

ÇAGANYŇ IRKI ÖSÜŞ DÖWRÜNIŇ PSIHOLOGIK AÝRATYNLYKLARY

 

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrýan bilim syýasatyna laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň ählisi üns­alada bilen gurşalyp alynýar we olaryň hemmetaraplaýyn ösüp, kemala gelmegi üçin dürli usullardan peýdalanylýar. Esasan hem, psihologik hem­de ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, çagany hemmetaraplaýyn ösdürýän terbiýeçilik sapaklaryny guramak, oýunlar arkaly onuň dünýägaraýşyny giňeltmek ýaly ugurlara uly üns berilýär. 

     Ruhy ösüş çaganyň dünýä inen gününden başlap, pedagogik- psihologik gözegçilikde saklanylmalydyr. Täze dünýä inen körpäniň ilkinji gözegçisiniň ata­enesidigine ýa­da enekesidigine garamazdan, onuň kadaly ösüşi degişli hünärmenleriň üns merkezinde bolmalydyr, çünki çaganyň irki ösüş döwrüniň özüne mahsus psihologik aýratynlyklary bardyr. Irki ýaş onuň durmuşynyň iň möhüm döwri bolup, bu döwürde çaganyň mundan beýläk bütin ömrüniň dowamynda ösüşini kesgitleýän möhüm ukyplardyr başarnyklar, ýagny akyl işjeňligi, sözleýiş dili, özüne ynamlylyk, daş­töweregindäkilere mähirli garaýyş, hereket edijilik mümkinçilikleri, umumy durmuş işjeňligi we beýleki esasy häsiýetleri kemala gelýär. Şeýle başarnyklaryň ösüşi çagada birden ýüze çykmaýar. Kadaly ösüşiň gazanylmagy çagany gurşap alýan we onuň terbiýesine gatnaşýan adamlaryň dogry işlemegini, olar bilen çaganyň arasynda belli­bir aragatnaşyk görnüşiniň, bilelikdäki işjeňliginiň dogry amala aşyrylmagyny talap edýär. Şu makalada köp ýyllyk iş tejribämize esaslanyp, irki ösüş döwri bolan 1­3 ýaşly çagalaryň psihologik aýratynlyklarynyň ösüşini häsiýetlendirmäge synanyşdyk. 

    Çaganyň akyl işjeňliginiň kemala gelşi. Bu döwür sözleri öwrenmek üçin amatly hasaplanýar. 3­ýaşa çenli çaganyň sözleýiş dili onuň durmuşynda hakykatdan hem görýän, eşidýän, elläp bilýän zatlary esasynda kämilleşýär (sözleýiş anyk mana eýe bolýar, şunuň bilen baglanyşyklylykda çaganyň aňynda obýektiw umumylaşdyrmalar ýüze çykýar). Kadaly ösýän çaga 3 ýaşyna çenli köp zada düşünýär, ol 1000­1500­e çenli sözi ýatda saklamaga we sözleýişde ulanmaga ukyplydyr. 

    Düşünmek işjeňliginiň ösüşi. Çaganyň ýokarda agzalan (1­3ýaşly) döwürde duýmak, pikirlenmek, ýatlamak, üns bermek ýaly akyl taýdan ösüşiniň dürli taraplary kemala gelýär we ösýär. Şeýlelikde, düşünmek ukyby artýar. Bu bolsa körpejäniň beýleki akyl amallaryny ýerine ýetirmegi üçin düşünmek başarnygynyň örän möhümdigini aňladýar. Çagalaryň özüni alyp barşynda islegleri peýda bolýar (erkin pikirli, özdiýenli hereket etmek islegi ýokarlanýar),daşky ýagdaýlaryň hiç biri olaryň ünsüni çekmeýär, çekäýende­de, bu ýaşdaky çagalaryň ünsi şeýle ýagdaýlarda uzak saklanmaýar. 

     Psihologlaryň pikiriçe, çaganyň iki ýaşyna çenli hereketi ulularyň (ata­enäniň ýa­da terbiýeçiniň) kömegine daýanmazdan, duýgularyny, hyýallaryny durmuşa ornaşdyrmakda heniz gowşak bolýar. Körpede duýgynyň başlangyç görnüşleri we hyýal etmek islegi ösüşli häsiýete eýedir. Kiçijik çaga bir zady oýlap tapmaga, ýalan sözlemäge ukyply däldir. Çaga daş­töwereginde gören-eşiden zatlaryny, wakalaryny bolşy ýaly, hakykata laýyk gürrüň berýär, düşündirýär. Bu ýaşdaky çaganyň dili grammatik taýdan dogry we mazmuna baý bolmasa­da, ýaş aýratynlygyna laýyklyk­da, kadaly ösýän çaga, özi duýmazdan, takyk maglumat bermäge, baglanyşykly we yzygiderli düşündirmäge çalyşýar.

     Terbiýeçiniň wezipesi körpäniň sözleýşini ösdürmekdir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen sözleýşi ösdürmek sapaklary guralýar. Her bir terbiýeçiniň bu sapaklary talabalaýyk guramagy zerurdyr, çünki bu sapaklaryň üsti bilen çaganyň sözleýşi kämilleşdirilýär. Bu sapaklarda çagalara gysgajyk hem gyzykly ertekiler gürrüň berilýär. Goşgular ýatdan öwredilýär. Gaty gysga tekstli paýhasly sözleriň manysy düşündirilýär. Munuň netijesinde, çagalarda hem gürrüň bermek başarnygy kämilleşýär. Ýat tutmak ukyby has ýitileşýär. Ertekiniň gahrymanlarynyň häsiýetleri baradaky gürrüňdeşlikler olarda uly gyzyklanma döredýär we kiçijik çaga üçin täsirli bolýar. Çaganyň ata­eneleri çagalar bagynda öwredilen düşünjeler bilen yzygiderli gyzyklanyp, gürrüň berdirip, çagany diňläp, öwredilenler bilen baglanyşykly sorag-jogap alşyp durmagy endik etseler, bu çagada gürrüň bermek endigini berkider, sözleýşini çeperleşdirer we düşünmek işjeňligini artdyrar.

     Ýatda saklamak ukyby we onuň ösüşi. Bu ýaşda entek ýat tutmak, unutmazlyk, ýatda berk saklamak babatda çaganyň tejribesi ýok. Çaganyň daş­töweregi kabul etmek başarnygy güýçli bolsa­da, çaganyň görýän-eşidýän, öwrenýän zatlaryny, düşünjelerini ýadynda saklamagy we ýatda saklamak ukybyny ösdürmek üçin, ata­enelerdir terbiýeçiler anyk usuly işleri geçirmelidir. Mysal üçin, terbiýeçi durmuşda gaýtalanyp duran käbir zatlar barada her gün şol bir soraglar bilen ýüzlenmäge endik edinse, çaga hem şoňa jogap bermäge gündelik taýýar bolar. Görkezmek, öwran-öwran gaýtalatmak, sorag bermek arkaly gaýtaladan zadyny berkitmek, ýörite ýat tutdurmak ýaly usullardan peýdalanmak netijelidir. Güýç ýeterliligine görä, çaga goşgy, çeper tekst ýat tutdurmak hem onuň ýadyny berkitmekde ähmiýetli usuldyr.

    Çagada hereketleriň we pikirlenmegiň ösüşi. Bu döwürde çaganyň pikirlenişi “wizual täsirli” diýilýär. Çaga özündäki bar bolan düşünjelerine we hereketlerine esaslanýar (isleýşiçe düşünýär we isleýşiçe­de hereket edýär). Çaga eýýäm, takmynan, 2 ýaşynda özüniň “içerki hereket meýilnamasyny düzýän” hem bolsa, irki çagalyk döwründe obýektiw işjeňlik onuň intellektual ösüşiniň möhüm esasy bolmagynda galýar. Uly adam bilen bilelikdäki işjeňlik ýagdaýlarynda (bile gezelenç edenlerinde, tebigata çykanlarynda, öý şertlerindäki işlerde) çaga dürli görnüşde hereket etmegiň usullaryny öwrenýär.

    Çaganyň 1­3 ýaşly döwründe onuň işjeňligi oýunlar arkaly ýüze çykýar. Ösüşiniň bu döwründe çagalar üçin reňkli kublar, toplar, piramidalar, höwürtgejikler, guşjagazlar, dürli gurjaklar, geometrik şekiller ýerleşdirilen tagtalar, gurluşyk materiallary ýaly oýunjaklar bolmalydyr. Ilki çaga ýeke oýunjak bilen oýnaýar, soňra ol oýunjaklarynda “ýönekeýje ýordumlary döretmäge” höwes edip başlaýar. Çaganyň döredýän ýordumlary onuň öz durmuşy, öýündäki ýagdaýlar, özüni gurşap alan töweregindäki wakalar bilen baglanyşykly bolýar. Oýunjaklar oýnalyp, öwrenilen düşünjeler, endikler, başarnyklar kämilleşdirilýär. Öwrenilen hereketler kem­kemden çaganyň durmuş şertlerinde peýdalanmak başarnygyna geçýär.

     Duýgynyň ösüşi. Akyl işiniň kadaly bolmagy çaganyň duýgulaýyn (emosional) ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çaga 1­3 ýaş aralygyndaky döwründe diňe duýýan zatlaryna laýyk garşylykly hereket edip bilýär. Çaganyň islegleri durnuksyz we çalt bolup geçýän psihologik ýagdaýdyr, ol öz duýgularynyň hemmesine özbaşdak erk edip bilmeýär hem­de diňe ulularyň täsiri bilen hereket etmeli bolýar. Çaga bu döwürde örän duýgurdyr. Ol “Et!” ýa­da “Etme!”­diýlen buýruga düşünýär hem­de özüniň hereketleriniň goldanylýandygyny ýa­da inkär edilýändigini gowy duýýar. Kiçijik çaga öz deň­duşlary bilen aragatnaşyk saklanda, hemişe başgalaryň isleglerini inkär edip, öz islegleriniň kanagatlandyrylmagyny halaýar. 

     Çagada içki “ego” (“men”düşünjesi) güýçlüdir, ol duýgudaşlygy bilenok. Şeýlelikde, irki çagalyk döwri, körpäniň islegleri bilen baglanyşykly aýdyň duýgularynyň ýüze çykýandygy, olara erk etmekde entek güýçli bolmadyk bellibir çägiň, ukybyň bardygy bilen häsiýetlendirilýär. Bu döwrüň ahyrynda, ýagny 3 ýaşly çaganyň ýüzbe­ýüz bolýan durmuş wakalarynda, hereketlerinde olary täsirli duýmak pursatlary we degerli jogap bermek ukyplary ýüze çykyp başlaýar. 

     Çaga hoşal bolsa, onuň bile dil tapyşmak oňaýly bolar, emma gaharly, öýkeli bolsa, onda körpejäniň özüniň halaýan oýunjagyny ýa­da täze oýnawaç görkezmek, gyzykly bir zatlary bilelik-de ýerine ýetirmegi teklip etmek zerurdyr. Şeýle usul çaganyň ünsüni başga bir zada sowmakda örän netijelidir. 

    Çaga terbiýesiniň ähli görnüşinde şahsy görelde uly ähmiýete eýedir. Çaga näme öwredesiň gelse, nämäni unutmazlygyny isleseň, ony özüň edip görkezmelidir. Ata­enäniň we terbiýeçiniň çaganyň irki ösüş döwründe beren terbiýesi hem­de onuň jemgyýete goşulyşmagynyň gazanylmagy geljekde şol çaganyň näderejede il­gününe peýdaly şahsyýet bolup ýetişjekdigini kesgitleýär. Diňe dogry terbiýelenen çaga geljekde eziz Watanymyzyň kuwwatyna kuwwat goşmakda wepaly zähmet çeker we döwrebap ýaşar. Bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem­de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nesilleriň terbiýesi ynanylan bilim işgärlerinden edýän esasy talabydyr.

 

Annabagt Maýewa, Balkan welaýat Baş bilim

müdirliginiň Mekdebe çenli bilim,

terbiýe we mekdepden daşary eda-

ralar bölüminiň başlygy, Türkme-

nistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

ROWAÇ ÝOLUŇ KEPILI

 

     Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýär. Şu syýasatyň netijesinde döwletimiz parahatçylygyň, ynanyşmagyň pugtalandyrylyp, döwletleriň arasynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu bolsa, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna netijeli täsirini ýetirýär. 

      Şeýle parahatçylyksöýüjilikli ýörelge üstümizdäki — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Parahatçylyk hakynda gürrüň açylanda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyndaky:                                                                                                               

Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr-

- diýen setiri ýadyňa düşýär. Hakykatdanam, parahat, asuda, abadan durmuş geljekki nesillere iň mukaddes mirasdyr. Şonuň üçinem ýurt   Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary bilen bütin dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda tutumly işleriň bady artýar. Çünki, durnukly ösüş ýoly gözbaşyny parahatçylykdan alyp, abadan geljegimiziň ygtybarly kepili bolup hyz- mat edýär. 

     Bilşimiz ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Şu taryhy senä taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Şu ýylyň 15-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Tanyşlygyň barşynda Milli Liderimiz Bitaraplyk binasynyň talabalaýyk döwrebaplaşdyrylmalydygyny, onda BMG-niň baýdagynyň reňkiniň öz beýanyny tapmagyna jogapkärli çemeleşmelidigini aýtdy.

 

Arslan ÇARYÝEW.

Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-niň Pendi şahamçasynyň

esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

 

 

 

DÖWRÜŇ WASPY BELENTDEN

 

         Hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýyl Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalaryň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumynyň açylyp ulanmaga tabşyryljakdygy barada aýdanlary bizde çäksiz guwanç duýgusyny döretdi. 

Munuň özi agzybirlikden, jebislikden rysgal-bereket tapan, halallyga, adalata, ynsanperwerlige, dostana gatnaşyklara ygrarly merdana il-ulsumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sapaly durmuşa eýediginiň jedelsiz subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy berk binýatly, senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwürmek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan syýasaty barha rowaçlanýar. 

Ýurdumyzyň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we etrabynda, Balkanabat şäherinde hem-de Bereket, Gyzylarbat etraplarynda 2025-nji ýylyň ilkinji günlerinden bäri geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri çuňňur many-mazmuna eýe bolup, ýokary ruhubelentlige beslenýär. Bu watançylyk ruhundaky maslahatlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň we onuň ýerlerdäki guramalarynyň işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary, medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleri, edara-kärhanalaryň hünärmenleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Bu işjeň maslahatlarda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpli ýokarlandyrylmagynyň hatyrasyna amala aşyrýan beýik özgertmeleri, mähriban Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatyna hem gönüden-göni dahyllydygyny buýsanç bilen nygtaýarlar. 

Geoykdysady taýdan diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde has amatly ýagdaýda ýerleşýän Balkan welaýaty, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylýan ykdysady, medeni-durmuş ulgamlaryndaky il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli taslamalar bu gün ynamly dowamat tapýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bolsa, sözüň doly manysynda, dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülýär. 

Maslahatlaryň dowamyndaky çykyşlarda buýsanç bilen aýdylan bu gürrüňler ýokary derejede guralýan çärelerimize gatnaşyjylaryň kalplaryna ýokary ruhubelentlik eçilip, balkanlylaryň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize söýgi-buýsançlarynyň çäksizdiginiň aýdyň beýanyna öwrülýär. Wagyz-nesihat maslahatlaryna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize türkmen döwletiniň berkararlygynyň, halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň hatyrasyna alyp barýan dünýä nusgalyk beýik işlerine baky rowaçlyk arzuw edýärler. 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Balkan welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

MAKSATNAMALAÝYN TAGALLALAR — abadan durmuşyň bähbidine

 

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, «Pä­him paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly uly üs­tün­lik­ler bi­len jem­le­nip, öň­de goý­lan mak­sat­na­ma­la­ýyn wezipe­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni 7-nji few­ral­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ber­len hasabatlardyr be­ýan edi­len yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler hem do­ly tas­syk­la­ýar. 

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ge­çen ýyl top­lum­laýyn çä­re­le­riň dur­mu­şa geçirilme­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň mak­roykdy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­rin­de dur­nuk­ly ösüş üp­jün edi­lip, je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni 6,3 gö­te­rim art­dy­ryl­dy. Bu gör­ke­zi­ji­niň ýur­dumy­zyň se­na­gat, gur­lu­şyk, ulag-aragatna­şyk pudaklaryn­da, söw­da ul­ga­myn­da, oba ho­jaly­gyn­da, hyzmatlar ulgamynda al­nyp bar­lan saz­la­şyk­ly iş­le­riň ne­ti­je­sin­de mümkin bolandygy­ny nyg­ta­mak ge­rek. Şeý­le ýo­ka­ry ne­tije­le­riň gazanylma­gy­na ýur­du­myz­da ön­dü­rilýän önüm­le­riň möç­ber­le­ri­niň artdyryl­ma­gy, ykdysady pu­dak­lar­da ka­da­ly önüm­çi­li­giň ýo­la go­ýul­ma­gy müm­kin­çi­lik ber­di. 

Ýur­du­myz­da eýe­çi­li­giň gör­nü­şi­ne ga­ramaz­dan, äh­li pu­dak­lar­da zäh­met çek­ýän il­deş­le­ri­mi­ziň zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­siýa­la­ryň, döwlet kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp we diň­leý­ji hak­la­ry­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy hem-de ha­sap­la­şyk­la­ryň öz wag­tyn­da geçi­ril­me­gi hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni dur­nuk­ly ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, dur­muş ze­rurlyk­la­ry bi­len do­ly de­re­je­de üp­jün et­mä­ge şert dö­red­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de halk hoja­lyk top­lu­my­ny, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti innowa­sion esas­da ösdür­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­ler dep­gin­li do­wam etdirilýär. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, öňdeba­ryjy teh­no­lo­gi­ýa­la­ra da­ýan­ýan hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­le­riň, üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň, ýo­ka­ry tiz­lik­li awto­mo­bil ýol­la­ry­nyň, iri sena­gat-önüm­çi­lik kär­ha­na­la­rynyň, dür­li durmuş, luk­man­çy­lyk, sport-sa­gal­dyş mak­satly des­ga­la­ryň, tä­ze şäherçele­riň, oba­la­ryň, şä­her­le­riň, ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ry­nyň gurluşykla­ry-da ama­la aşy­ryl­ýar. Bu bol­sa, ilkin­ji no­bat­da, Türkmenistanyň giň yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­rin­den ha­bar ber­ýär. Sebitde il­kin­ji «akyl­ly» şä­he­riň — Ar­ka­dag şä­he­riniň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi hem-de ikin­ji tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň batly depgin­ler­de do­wam et­di­ril­ýän­di­gi-de munuň aý­dyň my­sa­ly bo­lup durýar. 

Ýur­du­myz­da ge­çen ýyl ma­li­ýe­leş­dirme­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň hasaby­na 86 sa­ny önüm­çi­lik we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly desga­lar, umu­my meý­da­ny 1 mil­lion 145 müň ine­dör­dül met­re deň bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry ulan­ma­ga be­ril­di. Hä­zir­ki za­ma­nyň ýö­ne­keý bol­ma­dyk şertlerinde, hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­likde eme­le ge­len yk­dy­sa­dy dur­gun­ly­gyň bolup geç­ýän döw­rün­de ýur­du­myz­da şu­nuň ýa­ly be­ýik iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi oýla­ny­şyk­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň, Gah­ry­man Arkadagymyzyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň hal­ky­myz barada­ky ed­ýän ýa­daw­syz ala­da­la­ry­nyň gu­wan­dy­ry­jy miwe­le­ri­dir. Bu iş­ler Wa­ta­ny­my­zyň dur­nuk­ly ösü­şi­ni, hal­ky­my­zyň aba­dan, bag­ty­ýar durmuş­da ýa­şa­ma­gy üçin giň şert­le­ri dö­ret­mek bi­len bir­lik­de, ne­sil­le­riň röw­şen gel­je­gi­ni üpjün et­mek ba­bat­da-da pug­ta bin­ýat bo­lup dur­ýar. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­my­zy ösdür­mek bo­ýun­ça alyp barýan dur­muş-ykdy­sa­dy stra­te­gi­ýa­syn­da ma­ýa go­ýum işjeň­li­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hö­kü­me­tiň golaýda geçirilen gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de kabul edi­len «Türk­me­nis­ta­ny 2025-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy» hem bu babat­da örän möhüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Maksat­na­ma la­ýyk­lyk­da, şu ýy­lyň do­wa­myn­da umu­my meý­da­ny 500 müň ine­dör­dül met­re go­laý ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, 4 müň 620 orunlyk umu­my­bi­lim eda­ra­la­ry­ny, 2 müň orunlyk mek­de­be çen­li ça­ga­lar edaralary­ny gu­rup ulan­ma­ga ber­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şonuň bi­len birlik­de-de, Ahal we­la­ýa­tynyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Öňaldy, Ka­ka etraby­nyň Gow­şut ge­ňeş­lik­le­rin­de, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat etrabyn­da tä­ze, döw­re­bap oba­lar, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Köneür­genç etra­byn­da tä­ze şä­her­çe, Balkan we­la­ýa­tyn­da Ga­ra­bo­gaz­köl aý­la­gynyň üs­tün­den geç­ýän aw­to­mo­bil köp­rü­si, Je­bel şä­her­çe­sin­de Halka­ra ho­wa men­zi­li top­lu­my ulan­ma­ga tab­şy­ry­lar. Açyl­jak desga­la­ryň ha­ta­ryn­da Aşga­bat — Türk­me­nabat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Ma­ry — Türk­me­na­bat bö­le­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we telekeçi­ler birleşme­si­niň ýo­ka­ry okuw mek­de­bi-de bar. Ila­tyň ýaşa­ýyş-dur­muş şertle­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň, ara gat­na­şyk, suw, gaz we elekt­rik üp­jün­çilik ul­gam­la­ry­nyň, suw, la­gym aras­sa­laý­jy des­ga­la­ryň gur­lu­şyk­la­ry üçin hem ep-es­li se­riş­de gönükdiriler. Bu iş­le­riň äh­li­si Türkme­nis­ta­nyň dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösüşiniň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ka­bul edil­ýän mil­li maksat­na­ma­la­ryň­dyr me­ýil­na­ma­la­ryň gy­şar­nyk­syz ama­la aşyrylýandygy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir. 

«Türk­me­nis­ta­ny 2025-nji ýyl­da durmuş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösdürme­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy» ýur­du­myzyň ministrlikleri, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, welaýatlaryň, Aş­ga­bat hem-de Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri bi­len bi­le­lik­de, «Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da durmuş-ykdysa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­satna­ma­sy­nyň», «Türkmenista­nyň Pre­zi­denti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şäher­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni özgert­mek boýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li maksatnamasynyň» hem-de 2025-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­tin­de kesgitle­nen gaý­ra go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň çäk­le­rin­de iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. 

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ryn­da ýoka­ry depgin­li ma­ýa goýum sy­ýa­sa­ty­ny durmu­şa ge­çir­mek üçin ze­rur şert­ler dö­re­di­lip, ýeterlik möç­ber­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri bölü­nip be­ril­ýär. Tä­ze maksatnama­nyň esasy we­zi­pe­si ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň deňagram­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek­den ybarat bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­be­ri­ni art­dyr­ma­gyň, ýur­du­my­zyň ykdy­sa­dy­ýe­tin­de gaý­ta­dan işle­ýän önüm­çi­lik se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň ne­ti­je­sin­de, se­na­gat­da ön­dü­ril­ýän hem-de eks­por­ta gö­nük­di­ril­ýän önümle­riň möç­berle­ri art­dy­ry­lar, ola­ryň gör­nüş­le­ri hem has gi­ňel­di­ler. Bu iş­ler, el­bet­de, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de döw­le­te da­hyl­syz pudagyň pa­ýy­ny art­dyr­ma­ga, şeý­le-de da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mä­ge iter­gi berýär. Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry dep­gin­li yk­dy­sa­dy ösü­şi dur­nuk­ly de­re­je­de üp­jün ed­ýän ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň al­nyp barylma­gy dür­li kär­ha­na­la­ry teh­ni­ki taý­dan hal­ka­ra de­re­jä la­ýyk döwrebap en­jam­laş­dyr­ma­ga, ön­dü­riji­li­gi ýo­kar­lan­dyr­ma­ga giň mümkinçi­lik döred­ýär. 

 

Serdar ARAZOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY — DÜNÝÄNIŇ NURLY ÇYRAGY

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!» atly ajaýyp şygryny okap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäde parahatçylygy berkitmek babatda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň, daşary syýasatynyň häzirki döwür we geljek babatdaky taryhy ähmiýeti hakynda pikir edeniňde bir hakykata aýdyň göz ýetirýärsiň. Oňa görä türkmen Bitaraplygy — dünýä parahatçylyk, abadançylyk eçilýän kuýaşdyr. 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň sahawatly we ynsanperwer ýörelgeleri ynanyşmak arkaly bütin dünýäni birleşdirýär, dost-dogan halklary jebisleşdirýär. Munuň hakykatdygyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem-de berkarar döwletimiziň bu başlangyjynyň dünýä döwletleriniň ençemesi tarapyndan goldanylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň parahatçylyk taglymaty häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde we halkara syýasy giňişliginde hoşniýetli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm ýörelge bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan parahatçylyk taglymatynyň, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynyň dünýäniň abadançylygy ugrunda döwletleriň tagallalaryny utgaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. 

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä parahatçylygynyň beýik taglymaty bolan baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy uly dabaralara beslenip, ata Watanymyzyň şöhratyny äleme ýaýar. 

 

Rasul SADULLAÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY — DOSTLUGYŇ WAGYZÇYSY

 

Hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmuna beslenen «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitaby halkymyzyň gözbaşy müňýyllyklara uzaýan asylly ruhy ýörelgeleriniň özboluşly beýanydyr. Bu gymmatly eseri okan her bir türkmen raýaty öz taryhyna, beýik şahsyýetlerine, nusgalyk däplerine göz ýetirmäge mümkinçilik tapýar. Bu kitap biziň günlerimize gelip ýeten taryhy maglumatlaryň seljermesi bolup, onuň diňe bir ýurdumyzyň raýatlaryna däl, eýsem, dünýä halklaryna hem elýeterli bolmagy aýratyn buýsandyrýar. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömrüne, döredijiligine degişli maglumatlaryň, akyldar şahyryň edebi mirasynyň gymmatyny wagyz edýän pikir-garaýyşlaryň çeper dilde beýan edilmegi kitabyň täsirliligini we ähmiýetini artdyrýar. 

Hormatly Prezidentimiz ajaýyp kitabynda: «Magtymgula düşünmegiň birinji ädimi akyldar şahyrymyzyň eserlerini yzygiderli, dowamly ürç edip okamakdyr... Magtymgula düşünmegiň ikinji ädimi onuň okan kitaplaryny okamakdyr» diýip belleýär. Şeýle dürdäne sözlere salgylanyp aýtsak, Magtymguly özünden öňki alym-ulamalaryň, beýik mugallymlaryň işleri bilen tanyşmak arkaly öz öwrenen zatlaryny, pikirlerini, garaýyşlaryny gymmatly goşgy setirlerine siňdirmegi başarypdyr, şonuň üçinem akyldar şahyryň okan eserlerini hem-de şahyryň öz eserlerini okamak adamyň dünýägaraýşynyň giňemegine, akyl ýetirip bilijilik ukybynyň artmagyna täsirini ýetirýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň ylmy- -taryhy kitabynda «Magtymguly Pyragy mekdebi» barada söz açmak bilen, onuň XVIII asyrda kemala gelendigine, kämillige gol beren beýik şahyrlaryň, şahsyýetleriň nusgalyk häsiýete eýe bolan şol mekdebe esaslanandygyna ünsi çekýär. Magtymguly Pyragynyň özboluşly mekdebini halkylygyň hem-de milliligiň gözbaşy hökmünde kesgitleýär. 

Hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda: «Aslynda, her bir türkmen magtymgulyşynasdyr. Her bir türkmen ömrüniň dowamynda Magtymgula düşünmäge çalyşýar. Magtymgulynyň sözleri, öwüt-ündewleri bilen ýaşaýar» diýen gyzyldan gymmatly garaýyşlary öňe sürmek bilen, her bir türkmeniň Magtymgula ýakyndygyny, özüniň ýaşaýyş-durmuşynda şahyryň şygyrlaryna aýratyn ähmiýet berýändigini nygtaýar, şeýle-de her bir türkmeni magtymgulyşynas hökmünde orta çykarýar, her bir türkmeniň beýik Pyragyny öwrenmäge çemeleşýändigini belleýär.

Kitabyň şu setirleri ünsüňi aýratyn özüňe çekýär: «Magtymguly Pyragy hemişe Watanyň azat- -asudalygy, geljek günleriň rahatlygy hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr. Galamyny ýaragdan ýeg görüp, hikmetli setirlerinde il-halka pederlerimiziň mertlik mekdebine eýermegi, topragy ýürekden söýmegi ündäpdir. XVIII asyrda Magtymgulynyň şygyrlary ruhy konstitusiýa hasaplanypdyr». Häzirki täze taryhy eýýamymyzda akyldar şahyryň agzybirlik, azatlyk, erkinlik, parahatlyk hakyndaky pikirleri döwrümiziň öňe çykaran baş taglymaty bolmak bilen, şol gymmatly düşünjelere döwlet syýasatymyzda möhüm ähmiýet berilýändigini nygtamak ýakymlydyr. 

Milli Liderimiziň tutumly başlangyçlaryndan badalga alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasy bilen dowamat tapýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň şahyry we dostlugyň wagyzçysy hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň ähli arzuwlary wysal bolmak bilen, biziň döwletimiziň baş ýörelgesi parahatçylyk, dost-doganlyk, adamzadyň abadan durmuşy, nesilleriň bagtyýar geljegi bilen baglydyr. 

«Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi bilen adamy hormatlamagyň nusgalyk göreldesini görkezip, belent mertebä eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de adamzadyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürüp, parahatçylyk taglymatyny dünýäde dabaralandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun! 

 

Annabagt MAÝEWA, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, 

terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

BITARAPLYK — DÜNÝÄNIŇ YKRARY

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýetli şanly wakalara baý bolar. Şu ýyl berkarar Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30  ýyllyk baýramy uludan belleniler. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan syýasy-ykdysady we medeni ösüşler halkara derejede giňden ykrar edilýär. Türkmenistanyň öňden görüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýän hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, dünýä döwletleri bilen halkara derejede syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanylýan ösüşler ähli halkymyzy guwandyrýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän hemişelik Bitaraplyk syýasaty beýik ösüşleriň hatyrasyna dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň esasy guraly hökmünde hyzmat edip, täze mazmuna eýe boldy. 

Hormatly Prezidentimiziň möhüm halkara başlangyçlary, dünýäde parahatçylygy berkitmek we howpsuzlygy üpjün etmek, dürli ugurlarda hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitiň energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa meseleleri babatdaky teklipleri we başlangyçlary dünýäde giň goldawa eýe bolýar. 

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamany kabul etmegi, şol ýylyň 6-njy dekabrynda 77-nji sessiýanyň 45-nji plenar mejlisinde kabul eden Kararnamasy esasynda 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn bellärliklidir. Şol ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň Jemleýji resminamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde guramanyň resmi dilleriniň altysynda çap edilmegi türkmen döwletiniň parahatçylyga, beýik ösüşlere çagyryşlary bolup, dünýä ýaň saldy. 

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň halkara abraýynyň we taryhy tejribesiniň ykrar edilýändiginiň güwäsi boldy. 

Dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüşleri gazanmak babatda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun! 

 

Akjagül ŞIHLYÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Umumy bölüminiň 

Terjime bölümçesiniň terjimeçisi.

ROWAÇ MENZILLERIŇ ÇELGISI

 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dyýe­ti­niň pudaklaryn­da 2024-nji ýyl­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri­ne ba­gyş­lap geçi­ren Mi­nistr­ler Kabi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ne te­le­ýaý­lym ar­ka­ly syn et­dik. Wa­ta­ny­my­zyň ge­çen şan­ly ýyl­da­ky dur­muş-yk­dy­sa­dy görkezi­ji­le­ri­ne, ga­za­nan be­lent üs­tün­lik­le­ri­ne, ýe­ten sep­git­leri­ne guwanjy­myz art­dy. 

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­z Hö­kü­me­tiň gi­ňiş­leýin mejlisindä­ki çy­ky­şyn­da: «Şu ýyl «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­di. Bu şy­gar uly many-maz­mu­na eýe bo­lup, Garaş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döwle­ti­mi­ziň at-ab­ra­ýy­ny has-da ýokarlandyr­ma­ga, ata Wa­tany­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ösmegine gö­nük­di­ri­len iş­le­ri ama­la aşyr­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar» di­ýip bellemek bi­len, ýy­lyň şy­ga­ry­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek üçin tutanýer­li zäh­met çek­mä­ge ça­gyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu çagyryşy her bi­ri­mi­ziň wa­tan­çy­lyk ru­hu­my­zy has-da belen­de gö­te­rip, päk zäh­me­te hy­juw­lan­dyr­dy. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­ny 2025-nji ýylda dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa goýum Mak­sat­na­ma­sy­ny tassykla­mak ha­kyn­da» Ka­ra­ra gol çek­me­gi uly jem­gy­ýet­çi­lik seslenmesi­ni dö­ret­di. «Türk­menis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­larda dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Maksatnamasynyň» hem-de «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýyly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şan­ly ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň esa­syn­da taý­ýar­la­ny­lan bu res­mi­na­ma­da 2025-nji ýyl­da ýe­til­me­li mak­royk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­riň, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry bo­ýun­ça önüm­çi­lik meýilna­ma­la­ry­nyň, şeý­lede ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da go­wulan­dyr­mak bi­len bag­ly çä­re­le­riň öz be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy guwandyryjydyr. 

Şan­ly ýyl­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ma­li­ýe­leşdir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na je­mi 40 mil­liard ma­nat­dan gow­rak ma­ýa goýumla­ry gö­nük­dir­me­giň mak­sat edi­nil­me­gi, Di­ýa­ry­my­zyň äh­li sebitle­rin­de mede­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry, oba­dyr şä­her­çe­le­ri, şol san­da we­la­ýa­ty­my­zyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Öňal­dy, Ka­ka et­ra­by­nyň Gow­şut ge­ňeş­lik­le­rin­de tä­ze, döw­rebap oba­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyp ulan­ma­ga ber­megiň me­ýil­leş­di­ril­me­gi gö­wün gu­şu­my­zy ga­nat­lan­dyr­dy. Bu­lar tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döwlet di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen baş tag­ly­ma­ty­nyň bar­ha da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň, hal­ky­my­zyň ýaşaýyş-durmuş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ryň rowaç­lan­ýan­dy­gy­nyň ala­ma­ty­dyr. Hal­ky­my­zy eş­ret­li dur­muş­da ýaşadýan, ýur­du­my­zy bag­ty­ýar­ly­gyň, ro­waçly­gyň ak ýo­lun­dan bar­ha öňe alyp bar­ýan hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ze hem-de Gah­ry­man Arkadagymy­za tüýs ýürek­den al­kyş aýd­ýa­rys. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Ahal welaýat komitetiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

SAGDYN NESIL – SAGDYN JEMGYÝET

 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­myz­da ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýörelgelerini ber­kit­mek ug­run­da ba­şy­ny baş­lan asyl­ly iş­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da has-da ro­waç­lan­ýar. Sag­dyn jemgyýe­ti ber­ka­rar et­mek ýur­du­my­zy uzak möh­let­le­ýin esas­da ösdürme­giň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­ni­lip, bedenterbi­ýe we sport ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy bi­len bir­likde, hu­kuk esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da-da toplum­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Döwlet Baştutanymyzyň çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly özgert­me­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de türk­menis­tan­ly tür­gen­ler hal­ka­ra ýaryşlarda yzy­gi­der­li ýe­ňiş gaza­nyp, ata Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny has-da beý­geld­ýär­ler. Sport we be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti ildeşlerimiziň dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­ýär.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň ýaýbaňlandyrylmagy, dürli ýaşdaky hem-de kärdäki adamlaryň gatnaşmagynda bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzda sport we bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap sport düzümlerini döretmek arkaly sport bilen meşgullanmagyň raýatlar üçin elýeterli bolmagy üpjün edilýär. Şunuň bilen birlikde, ýaş nesilleri sporta çekmek, olaryň bedenterbiýe bilen köpçülikleýin meşgullanmagyny gazanmak üçin uly tagallalar edilýär. Munuň üçin bilim edaralarynda okuw we okuwdan daşary wagtda beden terbiýesi boýunça işler alnyp barylýar. 

«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bilim ulgamynda beden terbiýesini guramak esasy bilim maksatnamalarynyň çäklerinde bedenterbiýäniň we sportuň hökmany sapaklarynyň, şeýle hem goşmaça umumybilim maksatnamalarynyň çäklerinde bedenterbiýäniň hem-de sportuň goşmaça sapaklarynyň geçirilmegini, terbiýelenýänleriň, okuwçylaryň we talyplaryň bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport taýýarlygy boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek üçin şertleriň döredilmegini, şol sanda zerur enjamlardyr serişdeler bilen üpjün edilmegini, aýratyn başarnyklaryny we saglyk ýagdaýyny göz öňünde tutmak bilen, terbiýelenýänlerde, okuwçylarda hem-de talyplarda bedenterbiýe endikleriniň kemala getirilmegini, olary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle hem okuwçylaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport çäreleriniň guralmagyna we geçirilmegine, mekdep sportunyň hem-de talyp sportunyň ösüşine we ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam edilmegi, okuwçylaryň hem-de talyplaryň halkara sport çärelerine, şol sanda Bütindünýä uniwersiadalaryna we resmi halkara sport ýaryşlaryna gatnaşdyrylmagy bilim ulgamynda beden terbiýesini guramagyň möhüm ugurlarynyň biridir. 

Häzirki döwürde «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary bilen yzygiderli geçirilýän Spartakiadalar we Uniwersiadalar sporta höwesek ýaşlaryň hatarynyň artýandygyny subut edýär. Halkara ýaryşlarda üstünlik gazanýan türgenlerimiziň köpüsiniň hut ýaşlar bolmagy ýaşlar sportuny ösdürmek ugrundaky işleriň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, ähli raýatlaryň, hususan-da ýaş nesilleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek ugrunda ýadawsyz aladalanýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary rowaç bolsun!

 

 

Per­man SA­PA­ROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni.

1 ... 28 29 30 31 32 ... 98