​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

ŞANY DÜNÝÄ DOLAN ŞÄHER

 

«Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar». Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyndan alnan bu jaýdar jümleler täze taryhy döwrümizde amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ägirt uly özgertmeleriň, bolup geçýän taryhy-syýasy ähmiýetli wakalaryň mysalynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady, egsilmez yhlasy we uzak geljegi nazarlaýan başlangyjy bilen kemala gelen Arkadag şäheriniň döredilmeginiň bir ýyllyk şanly senesi hem raýatlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Öňde baryjy tejribelere we täze tehnologiýalara esaslanyp bina edilýän bu şäher ýurdumyzdaky iri şäher gurluşyk taslamalarynyň biri bolup, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň döwlet berkararlygyny, ykdysady kuwwatynyň mizemezligini alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Köpetdagyň eteginde bina bolan Arkadag şäheri döwrümiziň beýikliginiň, halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimlidiginiň aýdyň nusgasydyr» diýen ajaýyp sözlerinde Arkadag şäherinde amala aşyrylýan işleriň ähmiýeti öz beýanyny tapýar. 

Ata Watanymyzyň taryhynda ilkinji döwlet ähmiýetli şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherine sebitiň ilkinji «akylly» hem-de «ýaşyl» şäher konsepsiýalaryna doly kybap gelýändigi üçin abraýly halkara guramalaryň güwänamalarynyň, sylaglarynyň gowşurylmagynda bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli we uzak geljegi nazarlaýan işleriň wajyplygy aýdyň görünýär. Şonuň üçin hem Arkadag şäheriniň gurluşygyna ýurdumyzyň täze taryhy döwrüniň beýik gudraty hökmünde baha berilýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de tagallasy bilen 2019-njy ýylda Arkadag şäheriniň gurluşygyna badalga berildi. Sanlyja ýylyň içinde bu şäherde döwrebap tehnologiýalaryň we milli binagärlik däpleriniň sazlaşygy esasynda bina edilen ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar, seýilgähler we beýleki desgalar peýda boldy. Bagtyýar halkymyzyň buýsanç bilen «Arkadag» diýip atlandyran şäheri bu günki gün dünýäniň ýaşaýyş üçin iň rahat şäherine öwrüldi. Bu hakda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasynda: «Täze Arkadag şäheri häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriniň biri boldy» diýip, aýratyn nygtap geçdi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallasy bilen binýat bolan Arkadag şäheri, sözüň doly manysynda, halkyň bagtyýar, abadan durmuşynyň, ýurdumyzyň ykdysady-senagat kuwwatynyň, şäher gurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleriniň we döwrebap tejribesiniň aýdyň beýanyna öwrülýär. 

 

Rasul SADULLAÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

GYMMATLY MIRASYŇ BEÝIK SARPASY

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratynam, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm meselede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Edebi mirasyna, ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýýan halkyň geljegi aýdyňdyr. Ýokarda ýatlananlary Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler hem äşgär edýär. 

Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň soňky nesillere miras galdyran eserleri sözüň doly manysynda terbiýe mekdebidir. Asyrlar aşsa-da, onuň watan söýüjilige, mertlige, lebzi halallyga, ruhy-ahlak terbiýesine ýugrulan şygyrlary gadyr-gymmaty bilen hemmeleri haýran galdyrýar. Özbaşdak türkmen döwletini, türkmeniň aşynyň bir suprada taýýar kylynmagyny arzuwlan Magtymguly atamyzyň isleg-arzuwy hasyl boldy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň gülläp ösýän zamanasynda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny toýlamak il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Beýik şahyrymyzyň şygarlarynda ata Watana, ene topraga çäksiz söýgi, edep-terbiýelilige, ahlaklylyga, halal zähmete, gaýduwsyzlyga, sagdyn durmuşa, ruhubelentlige çagyryş çeper beýan edilýär. 

Nusgawy şahyrymyzyň eserleri dünýä halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edildi. Şonuň üçinem Magtymguly atamyzyň şygyrlary dürli ýurtlaryň okyjylaryna tanyşdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Biz, nesip bolsa, geljek ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçeris. Bu gün ykbalyny halkyň ykbaly bilen baglan şahyryň arzuw eden zamanasy geldi”. Türkmen topragyny jandan söýüp, il-güni gözümiziň göreji deý eý gören akyldar şahyrymyzyň gymmaty hiç haçan öçmejek eserleri dürli dillerde söýlüp okalýar. Magtymguly atamyzyň belent şahsyýeti, şahyryň döredijiligi Gündogaryň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halkynyň köpasyrlyk edebi mirasynda öçmejek yz galdyrdy. Şahyryň pähim-paýhasdan doly, çuňňur filosofiýa ýugrulan şygyrlary bahasyna ýetip bolmajak terbiýe mekdebi boldy. Ol häzirem şeýleligine galyp, geljekde-de şeýle boljakdygy şübhesizdir. 

Häzirki wagtda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýunyň dabarasy dag aşýar. 

 

Saparmyrat ÇARŞAKOW. 

Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň ykdysatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

DÖREDIJILIGIŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ BAÝRAMY

 

Bagtyýar türkmen ili 27-nji iýunda Mede­ni­ýet we sun­gat işgärleriniň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ni uly dabara­la­ra bes­läp bel­läp geç­di. Ýur­du­my­zyň aba­dan­ly­gy­nyň, halkymyzyň bag­ty­ýar­ly­gynyň, ru­hu­be­lent­li­gi­niň we dö­re­di­ji­li­giň baýramy hök­mün­de giň­den da­ba­ra­lan­dy­ry­lan şan­ly se­ne ga­dy­my Ahal ýaý­la­syn­da hem baý da­ba­ra­la­ra ut­gaş­dy. 

Änew şä­he­ri­niň mer­ke­zi se­ýil­gä­hin­de — akyl­dar şa­hy­ry­myz Magtym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýady­gär­li­gi­niň öňün­dä­ki toý meý­dan­ça­syn­da ge­çiri­len da­ba­ra gö­wün gö­te­ri­ji duý­gu­la­ra bes­len­di. We­la­ýat hä­kim­li­gi, we­la­ýat Me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry tarapyndan bi­le­lik­de gu­ra­lan da­ba­ra eda­ra-kär­ha­na­la­ryň zäh­met­keş­le­ri, ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri, ýaş­lar hem-de me­de­ni­ýet-sun­gat iş­gär­le­ri gatnaşdy.

 Da­ba­ra­da­ky gut­lag çy­kyş­la­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ajaýyp baş­lan­gyç­la­ry, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýurdu­my­zyň beý­le­ki ul­gam­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, me­de­ni­ýet­de hem uly özge­riş­lik­le­riň bo­lup geç­ýän­di­gi, türk­men aý­dym-saz, ama­ly-ha­şam sunga­ty­nyň bü­tin dün­ýä ýaň sal­ýan­dy­gy hak­da söz açy­lyp, be­ýik, tutumla­ryň sa­ka­syn­da du­ran Mil­li Li­de­ri­mi­ziň hem-de Ar­ka­dag­ly Gahry­man Ser­da­ry­my­zyň ady­na al­kyş söz­le­ri aý­dyl­dy.

We­la­ýat Me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi ta­ra­pyn­dan ­aja­ýyp se­ne my­na­sy­bet­li taý­ýar­la­nan aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar toý ly­ba­syn­da­ky baý­ram­çy­lyk meýdan­ça­sy­na ru­hu­be­lent­lik çaý­dy. Gö­zel Diýa­ry­myz, be­ýik döw­rü­miz, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tanly­gyn­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­rylýan döw­let­li tu­tum­lar, ta­ry­hy ösüş-öz­gert­me­ler, mil­li medeniýetimi­ziň we sun­ga­ty­my­zyň ýe­ten be­lent de­re­je­si aý­dym-saz, tans-folk­lor to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­da joş­gunly was­py­ny tap­dy. Mil­li öwüş­gin­li ser­gi­ler we gy­zyk­ly to­ma­şa­lar bolsa, toý­çy mä­re­kä­niň ün­sü­ni çe­kip, ýa­kym­ly tä­sir­le­ri peş­geş ber­di.

Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gindä­ki Now­ruz ýaý­la­sy­nyň «Türkme­niň ak öýi» bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki toý meý­dan­ça­synda bo­lan da­ba­ra baýramçy­lyk çä­re­le­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­di. We­la­ýa­ty­my­zyň me­de­niýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň baý­ram­çy­lyk çy­kyş­la­ry beýik döw­rü­mi­ziň beýanyna öw­rül­di.

 

Resul IŞANGULYÝEW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

ENERGIÝANY TYGŞYTLAMAK SYÝASATYNYŇ MILLI KANUNÇYLYK ESASY DÖREDILDI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň energiýa üpjünçilik ulgamy yzygiderli ösüşlere beslenýär. Türkmenistan dünýäniň energetika serişdelerine baý döwletleriniň biri bolmak bilen, döwrüň şertlerine we talaplaryna kybap gelýän energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagy ygtybarly we kämil kanunçylygyň bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary, şol sanda energiýa üpjünçiligi çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk namalary öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda energiýanyň çeşmeleri bolup durýan ýeriň, ýerasty baýlyklaryň, suwlaryň, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi berkidilen. 

Häzirki wagtda «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Elektrik energetikasy hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Energiýany tygşytla­ma­gyň 2018 — 2024-nji ýyl­lar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürme­giň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Maksatnamasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» hem-de başga-da birnäçe kadalaşdyryjy we düzgünleşdiriji hukuk namalary hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda «ýaşyl» energetikany ösdürmeklige gönükdirilen işleriň milli kanunçylyk esaslarynyň yzygiderli berkidilmegine gönükdirilen işler uzakmöhletleýin esasda alnyp barylýar. Munuň şeýledigini sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly», «ýaşyl» şäher Arkadag şäherinde energiýany tygşytlaýjy, dünýäniň iň soňky gazananlary ornaşdyrylan desgalaryň, elektromobilleriň, elektrobuslaryň bolmagy-da doly tassyklaýar. 

Energiýa serişdeleri baradaky kanunçylyk namalarynyň üstüni ýetiren «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 30-njy martynda kabul edildi. Bu Kanunyň kabul edilmeginiň esasy maksady ata Watanymyzyň energiýa çeşmelerinden diňe bir bolelin peýdalanmakdan ybarat bolman, eýsem, energiýa serişdeleriniň tygşytlanylmagyny höweslendirmekden, energiýanyň netijeliligini goldamakdan, ýangyç-energiýa serişdelerini netijeli sarp etmekden, geljekki nesillerimizi energiýany netijeli peýdalanyp bilmek ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. 

«Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ata Watanymyzda bu ugurda täze sahypany açmak bilen, diňe bir energetika ulgamynyň däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli energiýadan peýdalanýan ulgamlarynda energetika babatdaky işleriň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegine we bu işleriň höweslendirilmegine ýardam eder. Garaşsyz Watanymyzyň ähli pudaklarynda netijeli peýdalanylan we tygşytlanylan energiýa serişdeleri bolsa Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyryp, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk hem pugtalanmagyna, ösmegine, geljek nesillerimiziň energiýa serişdelerinden uzak ýyllaryň dowamynda peýdalanyp biljekdiklerine, ylaýta-da ýaş nesillerimizi bu ugurda terbiýelemek işlerine ýardam etjekdigine ynam döredýär. Ýurdumyzyň energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek, onuň kuwwatyny artdyrmak barada giň gerimli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mydama rowaç bolsun! 

 

Nepes ROZYÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty 

baradaky komitetiniň agzasy.

TÄMIZ SÄHERLI KÄMIL ŞÄHER

 

Türkmen halky geçmişde jahana ýaň salan beýik döwletleri, gözelligi bilen haýrana goýan azym-azym şäherleri gurup, dünýäde uly şan-şöhrata eýe bolupdyr. Berkarar Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýan zamanasynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine ýugrulan pähim-paýhasyndan, ylahy yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäheri ýagty geljegimiziň nyşany hökmünde äleme şugla saçýar. Köpetdagyň etegindäki gadymy mekanda gurlup, döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan Arkadag şäherinde indi bir ýyl bäri eşretli durmuş gaýnap joşýar. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda gurlan ajaýyp şäherde ynsanyň döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy, hünär öwrenmegi, mahlasy, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler bar. 

«Akylly» tehnologiýalar bilen üpjün edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy gurlup, ulanylmaga berildi. Biri-birinden gözel hem-de täsin binagärlik keşbi bilen gözüňi dokundyrýan binalary synlanyňda, olaryň hersiniň özboluşly sungat eserine meňzeýändigine göz ýetirýärsiň. Olaryň diňe gözelligi däl, eýsem, adamlara getirýän uly peýdasy hem göwnüňe ganat berýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi we beýleki düzümler ýurdumyzda ilatyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan döwlet syýasatynyň dabaralanýandygyny äşgär edýär. Döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly sport toplumy we sport merkezi, 10 müň orunlyk stadion sagdynlygyň sakasy hasaplanýan bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin döredilen mümkinçilikleri görkezýär. Şäheriň beýleki binalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän «Ruhyýet köşgi», Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki täze şäherde medeniýetli dynç almaga döredilen giň şert-mümkinçiliklerden habar berýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi we beýleki ýöriteleşdirilen mekdeplerdir çagalar baglary ýaş nesle kämil derejede bilim we terbiýe berip, Watana wepaly, il-güne haýyrly raýatlary kemala getirmäge ýardam berýär. Bu ýerde döredilen iň häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş şertleri şeýle ajaýyp şäheriň döremeginde Gahryman Arkadagymyzyň neneňsi uly yhlasynyň, ýadawsyz zähmetiniň ýatandygyna şaýatlyk edýär. 

Milli Liderimiziň asylly başlangyçlary esasynda döredilip, ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan sogaply işler ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygyny görkezýär. Gaznanyň howandarlygynda işe girizilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň ýüzlerçesine toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergisi geçirildi. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze we seýrek görnüşli ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdylan merkezde degişli bejergi-dikeldiş işlerini amala aşyrmak, lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramak üçin ähli zerur şertler döredilendir. 

Gahryman Arkadagymyzyň mähir-söýgüsinden, ýürek yhlasyndan bina bolan Arkadag şäheri bu gün dünýäniň nazarynda. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen gurluşygynyň ikinji tapgyryna girişilen Arkadag şäherinde Milli Liderimiziň tagallalary esasynda ekologiýa taýdan arassa we sanly ulgamyň mümkinçiliklerine daýanýan innowasion önümçilik kuwwatlyklary döretmek bilen baglanyşykly işler berk gözegçilikde saklanýar. Täze şäheriň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik toplumlarynyň hatarynda ýerli çig mallardan lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň dürli görnüşlerini öndürmäge niýetlenen lukmançylyk klasteri hem-de milli halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde, täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýeti bolan haly kärhanasy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşar. 

Ýurt we halkara derejedäki medeni dabaralaryň, sungat festiwallarynyň, bilim bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli ýaýbaňlandyrylýan ýerine öwrülen Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Medeniýet hepdeligi geçirildi. Gözbaşy müňýyllyklara uzaýan medeniýetimizi, baý milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy dabaralandyrýan ajaýyp hepdeligiň berkarar döwletimiziň okgunly ösüşleriniň nyşanyna deňelýän Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, il-ulsumyzyň kalbyna ganat bekledi. Arkadag şäheri baky baharyň mesgeni hem-de ak bagtyň şäheridir. Bu ýerde ýaşaýan her bir adam egsilmez söýgi, mähir bilen gurşalyp alnandyr. Arkadag şäheri — türkmen halkynyň ykbalynyň galkynan şäheri.

 

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň agzasy.

ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGY – WATANYMYZYŇ BUÝSANJY

 

Ösüş­le­re bes­len­ýän aja­ýyp za­ma­na­myz­da Gah­ry­man Arkadagymyzyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz tagal­la­la­ry we ýa­daw­syz ala­da­la­ry bi­len ýaş ne­sil­le­riň bag­ty­ýar durmuşda ýa­şa­ma­gy, oka­ma­gy, dynç al­ma­gy, Wa­ta­na, il-gü­ne peý­da­ly, ru­hy hem be­den taýdan sag­dyn adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­ny hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Ça­ga­la­ryň bagty­ýar­ly­gy Wa­ta­ny­my­zyň buý­san­jy­dyr. Bi­ziň ama­la aşyr­ýan her bir işi­miz, be­lent tu­tum­la­ry­myz kö­ňül­le­ri­mi­ziň gu­wan­jy bo­lan şa­dy­ýan çaga­la­ry­my­zyň bagt­ly gel­je­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir» di­ýen söz­le­ri hem aýdyň tas­syk­la­ýar. 

Bag­ty­ýar ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi pe­der­leri­mi­ziň asyl­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri, edep-ter­bi­ýe ka­da­la­ry esa­syn­da ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek hem hä­zir­ki wagt­da döw­let de­re­je­sin­de esa­sy üns be­ril­ýän ugurla­ryň bi­ri­dir. Bu babat­da Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aja­ýyp ki­tap­laryn­dan ugur al­mak, şo­la­ra sal­gy­lan­mak çaga ter­bi­ýe­si bi­len iş sa­lyş­ýan her bir adam üçin mö­hüm­dir.

Ça­ga­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň gat­naşmak­la­ryn­da edep-ter­bi­ýä gönük­di­ri­len wa­gyz-ün­dew çä­re­le­ri­niň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi-de zamana­my­zyň aja­ýyp hem-de öz oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýän asylly dä­bi­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jöw­her ze­hin­le­rin­den dö­rän gym­matly ki­tap­la­ry­nyň esa­syn­da edepliligiň, ha­lal­ly­gyň, aras­sa ah­lak­ly­ly­gyň türk­men hal­ky­my­zyň asyr­lar­ bo­ýy esa­sy ýö­rel­ge­leri bo­lup gel­ýän­di­gi, zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da durup, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­giň her bir ça­ga­nyň, ýetginjegiň bor­ju­dy­gy ha­kyn­da­ky gür­rüň­le­re wagyz-ne­si­hat çä­re­le­rin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. 

Ýaş ne­sil­le­riň döw­re­bap bi­lim al­magy­ny, hü­när­li adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi­ni ga­zan­mak ýur­du­my­zyň mil­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ryn­da hem öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. «Ça­ga­nyň hu­kuk­la­ry­nyň döw­let ke­pil­likle­ri hakynda» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny we beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy resminamala­ry mu­nuň su­but­na­ma­sy hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. Olar eziz Diýarymyzda hem­me­ta­rap­la­ýyn kä­mil, sag­dyn nes­li ter­bi­ýe­läp ýetişdirmek­de uly tu­tum­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­dir.

Bil­şi­miz ýa­ly, hä­zir ça­ga­la­ryň to­musky dynç alyş möw­sü­mi dowam ed­ýär. Ýur­du­my­zyň aja­ýyp Gök­de­re jül­ge­sin­däki, Ha­za­ryň türkmen ke­na­ry­nyň jä­he­gi­ne öw­rü­len «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zolagyn­da­ky, we­la­ýat­la­ry­myz­da­ky ça­galar dynç alyş we sa­gal­dyş merkez­le­rin­de dö­re­di­len şert-müm­kin­çi­lik­le­ri gö­re­niňde-de, ýaş ne­sil­ler ha­kyn­da döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan edil­ýän ala­da­nyň dün­ýä nusgalykdygyna göz ýe­tir­ýär­siň. Şol ýer­ler­de dynç alyp, wagt­la­ry­ny şady­ýan hem peý­da­ly ge­çir­ýän ça­ga­la­ryň şat­lyk­ly, gül­ki ses­le­ri bol­sa Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň aja­ýyp mukamy bo­lup ýaň­lan­ýar. 

 

Per­man SA­PA­ROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­n

MEDENI-YNSANPERWER ÖSÜŞ WE DÖWLET SYÝASATY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhy ösüş ýolunda aýratyn möhüm tapgyrdyr. Häzirki döwürde beýleki ulgamlar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem uly özgerişleri äşgär görmek bolýar. Bu ugra döwletimiziň kuwwatly guramaçylyk, serişdeler, aňyýet güýji gönükdirilýär. Gazanylýan netijeler halkyň durmuşyna täzeçe öwüşgin berýär. Döwrebap ösüşiň ilkinji alamatlarynyň biri-de sowatlylygyň artmagydyr. Otuza golaý ýokary okuw mekdebinde, ýüzlerçe orta hünär we başlangyç hünär mekdeplerinde, daşary ýurtlaryň bilim merkezlerinde okap, hünär eýesi bolýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy medeni-aňyýet kämilliginiň artmagyna aýgytly täsir edýär.

Hä­zir­ki zaman önümçilik, aragatnaşyk, ulag we hyzmat ediş pudaklarynda işleriň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda barha giň gerimde ýaýbaňlanmagy, maglumat tehnologiýasynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň adaty we aýrylmaz bölegine öwrülmegi bilen, sowatlylygyň ýokary, öňdebaryjy derejesine bolan talap artýar. Bu bolsa jemgyýetçilik aňynyň işjeňleşmegine, pikirlenişiň çaltlaşmagyna ýol açýar. Işjeňligiň we aň ösüşiniň ilkinji şerti bolsa bilimiň, sowatlylygyň çalt hem giň gerimde ösdürilmegidir. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz — tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň durmuşyň ähli ugurlaryna barha giňden aralaşýan döwri. Döwür ösýär, şol bir wagtda adamzat jemgyýetinde dürli üýtgeşmeler, özgerişler bolup geçýär. Munuň özi ýaşlardan hünär taýýarlygy babatda edilýän talaplary hem düýpli özgerdýär, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmeklerini talap edýär» diýip, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynda belleýär. 

Hünär taýýarlygyna bolan talabyň ýokarlanmagynyň esasy sebäpleriniň biri hem telekeçiligiň, hususy işewürligiň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly düzümine öwrülýändigi, hususy pudakda dünýä ülňülerine laýyk önümçilik düzümleriniň ýyl-ýyldan giňelýändigi bilen baglydyr. Häzirki döwürde durnukly işleýän hususy pudakda iş orunlaryna bolan bäsleşik ýokarlanýar. Halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegi netijesinde ýaş hünärmenlere esasy hünär taýýarlygynyň daşyndan, daşary ýurt dillerini öwrenmek hem zerur bolup durýar. 

Jemgyýetçilik aňynda bolup geçýän şeýle oňyn özgerişler döwleti durmuş-ykdysady taýdan dolandyrmagy yzygiderli we netijeli kämilleşdirmegiň esasy şertleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan hem döwlet syýasatynda medeni-ynsanperwer, aňyýet ösüşlerine aýratyn uly üns berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim arkaly beýik geljegiň gurulýandygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly belleýşi ýaly, bu günki gün dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde sanly ulgama geçmek ileri tululýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. 

Döwrebap maksatlaýyn ösüş ýörelgelerini amala aşyrmakda ýurdumyzda ylym-bilim babatda halkara hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Aragatnaşygyň häzirki şertlerinde, maglumat tehnologiýasynyň ösmegi netijesinde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri artýar. Indi halkara ylym-bilim bäsleşiklerine, ylmy maslahatlara onlaýn arkaly gatnaşmak, milli ylym-bilim pudagynda gazanylýan üstünlikleri, täzelikleri halkara jemgyýetçilige ýetirmek, bu babatda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek kada öwrüldi. Biziň ýurdumyzda şeýle täzelenişden işjeň hem giňden peýdalanmak ýola goýuldy. 

Halkara hyzmatdaşlyk diňe tehniki bilimler babatda däl-de, eýsem, medeni-ynsanperwer ugurlarda-da yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, daşary ýurtlarda we öz ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlardyr beýleki çäreler hem medeni-ynsanperwer ösüşleri ilerletmekde döwlet syýasatynyň netijeli ýola goýlandygyny görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýy berlip, onuň «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky» diýlip atlandyrylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň näderejede uludygyny nobatdaky gezek tassyklady. Şunda milli ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasion önümçiligi guramak ýaly, häzirki döwürdäki ösüş maksatnamalarynyň möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy maksat bolup durýandygy mälimdir. Bilimde we ylymda giň gerimli çäreler yzygiderli, döwrüň talaplaryna we şertlerine görä dowam etdirilýär. Munuň özi milli ylym-bilim ulgamynyň halkara giňişlige ynamly çykyp, ösüş hereketlerine giňden goşulyşmagyna şert döredýär. 

Häzirki zamanyň ösüşini häsiýetlendirip, hormatly Prezidentimiz: «Durmuşda ähli zat biri-biri bilen bagly. Parahatçylyk, gülläp ösüş, asuda asman, abadan durmuş ýaly düşünjeler bolçulygyň, bagtyýar ýaşaýşyň açary hasaplanýar. Sebäbi bolçulyk üçin abadan durmuş, bagtyýar ýaşaýyş üçin bolsa parahatçylyk hem gülläp ösüş gerek. Biziň ýurdumyzda bularyň ikisi-de bar» diýip belleýär. Parahat, asuda, gülläp ösýän ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň miwesini öz durmuşlarynda görüp, bagtyýar döwre guwanyp ýaşaýan halkymyz, esasan hem, ýaşlar ýene bir esasy ugra — hususy iş bilen meşgullanmaga aýratyn üns berip başladylar. Mundan 10 — 12 ýyl öň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sany birnäçe müňe barabar bolan bolsa, häzirki döwürde ol gurama işewür düzümleriň 29 müňden gowragyny birleşdirýär. 

Ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň diňe bir san taýdan däl-de, önümçiligiň möçberi, görnüşleri, hili babatda-da uly ösüşleri gazanýandygyny bellemelidiris. Häzirki döwürde türkmen telekeçileri innowasion tehnologiýaly iri kärhanalary, elektroenergetika önümçilik desgalaryny gurmakda, döwletiň ösüş maksatnamalary esasynda şäher we ýol gurluşyk işlerine, oba hojalyk pudagyna gatnaşmakda uly tejribe topladylar we ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda öz orunlaryny yzygiderli giňeldýärler. Işewürler Arkadag şäherinde bina edilen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, medeni-önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna hem işjeň gatnaşýarlar. 

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy bolsa döwlet bilen hususy pudagyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgalarynyň biridir. 

Arkadagly Gahryman Prezidentimiz «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» öňe sürülýän möhüm wezipeleriň hatarynda ýangyç energetika pudagyny hasaba almazdan, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmegiň ileri tutulýandygyny belledi. Munuň özi diňe bir telekeçilere we hususy işewürlere bildirilýän ynam bolmak bilen çäklenmeýär. Sebäbi ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň ösüşi döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň köp ugurlaryny öz içine alýar. Bu esasan hem, döwletiň ykdysady syýasatynyň netijeliligine, ýurdumyzyň Hökümetiniň ýerlerde döredýän mümkinçiliklerine baglydyr. Telekeçilik işleriniň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugta kemala getirilmegi, hususy önüm öndürijilere we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýanlara döwletiň ykdysady-önümçilik, ulag-aragatnaşyk düzümlerindäki, ylmy-barlag edaralaryndaky we beýleki ulgamlaryndaky serişdelerden hem-de gazanylanlardan peýdalanmaga hukuklaryň kepillendirilmegi hususy pudagyň çalt depginde ösmegine ýardam edýär. 

Türkmenistanyň öňdengörüjilik bilen ýola goýan, kämilleşdiren ösüş strategiýasynda halkyň, jemgyýetçiligiň çeper-döredijilik başlangyçlaryna, milli maddy gymmatlyklar babatda gadymdan gelýän ýörelgelere, senetçiligiň döwrebap görnüşleriniň ýaýbaňlandyrylmagyna döwlet tarapyndan goldaw bermek esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Medeni-ynsanperwer ösüşiň bu ugurlary häzirki zaman jemgyýetçilik durmuşynyň ruhy-aňyýet binýadyna, döwlet bilen halkyň jebisligini şertlendirýän ýagdaýa öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň deňsiz-taýsyz başlangyçlary, hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýörelgelerimiz halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze many-mazmuna, barha giň gerime eýe bolýar. Çeper döredijiligiň hemde maddy-medeni gymmatlyklary baýlaşdyrmagyň döwlet tarapyndan ýokary derejede höweslendirilmegi adamlaryň aňyýet işjeňligine giň ýollary açýar. Medeni hyzmatdaşlygyň halkara derejä çykarylmagy bolsa türkmen halkynyň döredijilik mümkinçilikleriniň örän uludygyny, asyrlara ýaň salýan ägirt uly ruhy güýjüniň bardygyny äşgär edýär. 

Halkynyň paýhas güýjüniň döwürlere täsirini açyp görkezmekde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik hazynasynyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getirilen asylly gymmatlyklar baradaky naýbaşy kitaplarynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bardyr. Medeni-ruhy mirasymyzyň ähmiýetiniň döwlet syýasatynda şöhlelenmegi milletimiziň geçmişde beýik döwletleri gurmakda we dolandyrmakda şöhrat gazanyşy ýaly, milli gymmatlyklaryň baý hazynasyny döretmekde-de taryhy işleri bitirendigini aýan edip, onuň halkara derejede giňden ykrar edilmegine ýol açýar. 

Medeniýetimiziň, maddy-ruhy mirasymyzyň islendik ugruny alyp görenimizde, häzirki döwürde örän uly we düýpli döredijilik galkynyşynyň şaýady bolýarys. Munuň özi milletimiziň döredijilik, ruhy dünýäsiniň baýlaşýandygyna adamzat durmuşynyň aňyýet zerurlygynyň gözellikler, medeni-ynsanperwer ösüşler bilen baglydygyna çuňňur göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Tebigatyň gözelliklerinden ruhlanýan, kalbyň gözelliginden gaýnap çykýan, sazlaşykly, ruhubelent ýaşamaga çagyrýan, hiç haçan gymmaty gaçmaýan maddy, medeni, ruhy, aňyýet gymmatlyklarymyzy beýik taryhymyzyň zynatyna, kalplarymyzyň şamçyragyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ösdürýän, kämilleşdirýän, geljege alyp barýan döwletlilik ýoly dowamat-dowam bolsun! 

 

Ata SERDAROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLERIŇ ŞÄHERI

 

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, innowasion täzeçillikler ileri tutulyp, gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tejribeler özleşdirilýär. Döwrümiziň binagärlik sungatynyň ajaýyp miwesi bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Bu şäheriň ösen infrastrukturasy milletiň ruhy dünýäsiniň, medeni gymmatlyklarynyň, döredijilik ukyplarynyň we ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň sazlaşygyny özünde jemleýär.

Arkadag şäherine «Döwlet ähmiýetli şäher» diýen hukuk ýagdaýynyň berilmegi onuň dolandyryş, gurluş düzümleriniň ähmiýetli aýratynlygyny ýüze çykarýar. Döwlet ähmiýetli şäher — bu döwletiň baş şäherleriniň we syýasy-dolandyryş merkezleriniň biri hökmünde çykyş edýär. 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Arkadag şäheriniň düzüminde iki etrap döredilip, olara «Kärizek» we «Gorjaw» atlary dakyldy. Şeýlelikde, Watanymyzyň dolandyryş çäk birlikleriniň çyzgysynda täze gurluş düzümi emele geldi. Munuň özi bu şäherde durmuşa geçirilýän taslamalary halkara ölçeglere laýyklykda ýerine ýetirmek, şähergurluşyk işini ýokary derejede alyp barmak, şäher ilatynyň sanyny artdyrmak meseleleriniň netijeli çözülmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle çözgüdiň esasynda döwlet ähmiýetli şäheriň çäkleriniň giňeldilmegi onuň ulag, senagat, söwda, hyzmatlar, gurluşyk, durmuş ulgamlaryny ösdürmäge-de giň mümkinçilikler döredýär. 

Häzirki döwürde Arkadag şäherini ýurdumyzyň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça meýilnamalaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Gurulýan binalaryň daşky bezegleri bilen bir hatarda, olaryň howpsuzlygyny, amatlylygyny, ekologik goraglylygyny üpjün etjek taslamalar tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Bu taslamalarda raýatlaryň zähmet çekmegi, dynç almagy, bagtyýar ýaşamagy, bilim almagy babatda döwrebap şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. 

Ýurdumyzda şäherleriň, obalaryň gurluşyk işlerini düzgünleşdirýän, şol sanda olaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän kanunlaryň birnäçesi hereket edýär. «Şähergurluşyk işi hakynda», «Binagärlik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary şähergurluşyk işini düzgünleşdirse, «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda», şeýle hem şu ýyl kabul edilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary paýtagtymyzyň we döwlet ähmiýetli şäherimiziň hukuk derejesini berkidýän kanunçylyk namalary bolup durýar. «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu şäheriň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny berkidýär. Kanuna laýyklykda, Arkadag şäherinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli pudaklaýyn müdirlikleri, gulluklary, edaralary hem-de guramalary degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň göni tabynlygynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Arkadag şäheriniň häkimi bilen ylalaşylyp, milli kanunçylyga laýyklykda döredilýär. Döwrebaplygyň hem milliligiň özboluşly sazlaşygyny emele getirýän döwlet ähmiýetli şäheriň edara binalary, iri desgalary durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ulgamlarda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň, ýurt, sebit ähmiýetli meseleleri çözmegiň, işewür duşuşyklary geçirmegiň amatly merkezi hökmünde hem giň mümkinçiliklere eýedir. 

Ýokary, ýörite orta hem-de orta okuw mekdepleriniň edara binalary, ýaşaýyş jaý we seýilgäh toplumlary, söwda merkezleri, bazarlar ýaly durmuş desgalaryny özünde jemlän Arkadag şäheri raýatlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, ýaş nesliň mynasyp bilim almagy, müňlerçe maşgalanyň döwrebap ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilen mekanyna öwrüldi. Täze şäherde zähmet çekýänleriň we onuň ýaşaýjylarynyň aglabasynyň ýaşlardygy has-da guwandyryjydyr. 

Döwrüň iri şähergurluşyk taslamasy hökmünde şöhratlanan Arkadag şäheriniň çäginde we daş-töwereginde ekologik abadançylygyň bähbitlerine, bu ugurda halkara tejribäniň döwrebap gazananlaryna laýyk gelýän çemeleşmelere aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ilatyň ekologik we ykdysady bähbitlerini ylmy taýdan esaslandyryp utgaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryndan peýdalanmak, az galyndyly hem-de galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, şunda material-çig mal serişdeleriniň toplumlaýyn gaýtadan işlenilmegini üpjün etmek, önümçilik we hojalyk işlerinde galyndylary iň pes möçbere getirmek babatdaky usullary durmuşa ornaşdyrmak işleri ilerledilýär. 

Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin şäheriň edaralarynyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilmegine, olarda ilata edilýän hyzmatlaryň derejesiniň halkara ülňülere laýyk getirilmegine, sanly ulgamlaryň we täzeçil usullaryň hem-de halkara tejribäniň ornaşdyrylmagyna, ekologik talaplaryň berjaý edilmegine yzygiderli üns berilýär. Täze şäheriň ikinji tapgyrynda lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynyň gurulmagy, olarda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň halkara ülňülere we ekologik talaplara laýyk gelmeginiň gazanylmagy bu önümler bilen içerki sarp edijileri doly üpjün etmäge, bu babatdaky eksport mümkinçiliklerini ýola goýmaga şert döreder. Şeýle işler milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda, onuň önümçilik kuwwatyny ekologik talaplara laýyk getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.

MAGTYMGULYNYŇ MEDENI MIRASY — HALKYMYZYŇ RUHY HAZYNASY

 

Söz ussady, şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir. Türkmen halky üç asyrdan bäri Magtymguly Pyragyny özüniň ruhy goldawçysy, görelde mekdebi, watansöýüjiligiň belent nusgasy hasap edip gelýär. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerimizden başlap, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny dikeltmek, onuň eserlerini öwrenmek, çap etmek bilen, şahyryň dünýä edebiýatyna goşan goşandyny aýan etmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek bellenildi. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden bäri Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň baý edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 17-nji maýynda açylyp ulanylmaga berlen, Köpetdagyň dag eteginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna ajaýyp sowgat boldy. 

Ýurdumyzda beýik şahyryň hormatyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanunlar kabul edildi. Golaýda, has takygy, şu ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çekmegi bilen, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu bolsa ýokarda bellenilip geçilen hukuk namalarynyň üstüni ýetirmek bilen, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň türkmen halky tarapyndan goralýan we aýawly saklanylýan ähli medeni miraslaryň arasynda ornunyň örän ýokarydygyna şaýatlyk edýär. 

«Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny bellemek bilen, bu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Kanun 4 bapdan we 18 maddadan ybarat bolup, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda amala aşyrýan döwlet syýasatynyň Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek boýunça işleriň guralmagy üçin esas bolup durýandygy nygtalýar. Kanunyň 1-nji maddasynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň milli medeni gymmatlyk hökmünde döwletiň we türkmen halkynyň ruhy hazynasy diýlip ykrar edilýändigi beýan edilýär. Mundan başga-da, Kanunda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň döwlet tarapyndan goralýandygy hem-de Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna zyýan ýetirilmegine, onuň at-abraýynyň we mertebesiniň kemsidilmegine ýol berilmeýändigi barada anyk kadalar kesgitlenilýär. 

Kanunyň «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň döwlet goragy» atly babynda Magtymguly Pyragynyň adynyň döwlet obýektlerine, geografik hem-de gaýry obýektlere dakylmagynyň, şonuň ýaly-da, onuň adynyň we şekiliniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ulanmagyň düzgünleri beýan edilýär. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň adynyň we şekiliniň döwlete dahylsyz ýuridik şahslaryň atlarynda, resmi blanklarynda, şeýle hem haryt nyşanlarynda, mahabatlarda, çap önümlerinde, Türkmenistanda geçirilýän sergilerde we ýarmarkalarda eksponatlar görkezilende hem-de internet ulgamynda degişli rugsatsyz ulanylmagyna ýol berilmeýändigi barada nygtalýar. Bellenilip geçilen kadalar Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna degişli bolan ähli obýektleriň döwlet tarapyndan goralýandygy, onuň at-abraýynyň goralmagyny amala aşyrmak her bir türkmenistanly üçin, şol sanda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hemde ähli raýatlaryň belent borjy hökmünde ýüze çykýar. 

«Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Bu kanun şahyryň watançylyk, edep-terbiýe, ruhy-ahlak, agzybirlik, jebislik baradaky wesýetleriniň geljek nesiller üçin hemmetaraplaýyn ýörelge hökmünde ykrar edilmeginde we bu işleriň giň halk köpçüligi tarapyndan wagyz edilmeginde möhüm hukuk binýady bolup durýar. 

 

Gurbangeldi AŞYROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.

1 ... 26 27 28 29 30 ... 71