The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

PARAHATÇYLYK — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY

 

     Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy  giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletimiziň halkara derejede alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty dünýäde giňden dabaralanýar. Türkmen halky ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýaly asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Pähimdar pederlerimiziň il- günüň asuda, parahat ýaşamagy ugrunda irginsiz alada edip, dünýäniň ýakyn-alys ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürendiklerini ençeme taryhy maglumatlar beýan edýär. Bu günki günde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanýan döwletimiziň agzybirligiň, parahatçylygyň nusgasyny dünýä ýaýyp gelmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ýörelgeleriň giňden dabaralanýandygyny we uly meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär. 

     Hormatly Prezidentimiz halk paýhasynyň parahat ýaşaýyş bilen baglylykda ähmiýetlidigi dogrusynda söz açyp, «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly kitabynda parahatçylyk we agzybirlik ýaly häsiýetleriň milli aýratynlyklarymyza hemişe mahsusdygyny beýan edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şeýle belleýär: «Türkmenler öz durmuş-medeni nusgasyny, parahatçylygy, agzybirligi üpjün edip gelen milli ýörelgelerini döreden halk hökmünde tanalýar. Ata-babalarymyzyň döreden bu ýörelgelerini biz häzirki döwrüň örän ýokary derejede ösýän ylmy-tehniki pikirleri, tehnologiýa babatda ýokary ösüşler we mümkinçilikler, dünýäde giňden ykrar edilýän halkara başlangyçlar bilen sazlaşykly utgaşdyrýarys». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydadyr.

      Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini hem aýratyn bellemek gerek. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň we dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyny nazarlaýan tagallalarynyň halkara derejesinde goldanylýandygyny aýdyň beýan edýär. 

      Parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetlilik ýaly asylly ýörelgeler halkymyzyň beýik ösüşleriniň gözbaşynda durýar. Ýurdumyz dünýäniň döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda gatnaşygyny yzygiderli ösdürýär. Dünýäniň örän köp ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk binýat bolup durýar. Halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün edýär. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Şeýle bagtyýarlyklaryň başynda duran, halkyň arzuw-umytlaryny myrat edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun!

 

 

Mähriban KURAMBAÝEWA,

Akdepe etrap bilim bölüminiň

hünärmeni, Türkmenistanyň

Mejlisiniň deputaty.

06.03.2025 Details

BITARAP TÜRKMENISTAN GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLUNDA

 

    Bütin adamzadyň arzyly arzuwlaryny hasyl etmegi, ýer­ýüzüne ýagşylyk ýaýmagy nazarlaýan ýörelgeleri baýdak edinýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny has­da rowaçlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda berkarar döwletimiz şanly ýylyň toý­baýramlaryna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Dostlukly döwletlerden, abraýly halkara guramalardan ýokary derejeli myhmanlaryň ýurdumyza gelip, umumadamzat ähmiýetli wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy, diňe bir Diýarymyzda däl­de, dünýäniň dürli ýurtlarynda türkmen Bitaraplygynyň we şanly ýylyň ähmiýetine bagyşlanan duşuşyklaryňdyr maslahatlaryň geçirilmegi 2025­nji ýylyň Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny äşgär edýär.

 

     Geçmişde keremli topragymyza ýoly düşen jahankeşdeler türkmeniň halallyga ýugrulan durmuş ýörelgelerine, jemgyýetdäki adalatlylyga, halkyň süňňüne siňen ynsanperwerlige haýran galmak bilen, olaryň dünýä nusgalyk bolup biljekdigi baradaky ýazgylary galdyrypdyrlar. Jeňde janyny, toýda malyny gaýgyrmaýan döwletli milletimize mahsus asylly häsiýetleri öň hatarynda özünde bar bolan ähli gowulyklary il bilen paýlaşmak, hemmelere ýagşylyk islemek ýaly ýörelgeler durýar. Häzirki döwürde berkarar döwletimiziň öňe sürýän Bitaraplyk taglymaty hem külli adamzadyň parahat, abadan durmuşda ýaşamagyny, ynanyşmak arkaly şu günki durmuşymyzyň eşretli, geljegimiziň röwşen bolmagyny gazanmagy maksat edinýär. Dünýäde emele gelen ýeňil bolmadyk şertlerde iň asuda ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistan döwletleri, halklary parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk ýaly gymmatlyklaryň daşynda jebisleşip, agzybirlikde gülläp ösmäge çagyrýar. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen tanşanyňda bolsa, türkmen döwletiniň şeýle asylly maksatlara ýetmek üçin anyk teklipleri, aýdyň meýilleri öňe sürýändigine göz ýetirýärsiň. 

     Şanly ýylyň ilkinji günlerinden bäri jahanyň çar ýanyndan gelip gowuşýan hoş habarlar bilen birlik-de, gyşymyzyň gyşa, ýazymyzyň ýaza meňzemegi, rysgal-bereket nuruna deňelýän ak garyň yzygiderli ýagmagy, ýazyň ygally gelip, dag-düzlerimiziň, sähralarymyzyň ýaşyl dona bürenmegi döwletimiziň we halkymyzyň ýagşy niýetinden ýalkanýandygynyň nyşanydyr. Asmandan nur-bereket ýagýan günde —15-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde geçiren iş maslahaty hem netijeli başlangyçlara, gymmatly öwüt-ündewlere baý boldy. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmegi şanly ýylyň dabaralaryna örän çynlakaý taýýarlanylyp, bu babatda ýurdumyzyň toplan baý tejribesiniň, döredijilik mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçiriljekdigini tassyklaýar.

     Milli Liderimiziň iş maslahatyny hut parahatçylyk, agzybirlik, gülläp ösüş ýaly gymmatlyklary ilerledýän röwşen taglymatymyzyň alamaty hökmünde täze taryhy döwrümiziň meşhur nyşanlarynyň birine öwrülen binanyň durkunyň täzelenýän ýerinde geçirmegi özboluşly many-mazmuna eýedir. Çünki gymmatlygy şöhlelendirýän keşp, nyşan näçe çuňňur mazmuna, inçelige eýe bolsa, onuň meşhurlygy hem şonça ýokary bolýar. Hormatly Arkadagymyzyň durky täzelenilýän binada BMG-niň baýdagynyň reňkleriniň öz beýanyny tapmagynyň, onuň «Bitaraplyk binalar toplumy» diýlip atlandyrylmagynyň, bu ýerde türkmen Bitaraplygynyň taryhyna degişli maglumatlary özünde jemleýän muzeýiň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky başlangyçlary buýsanjymyzy goşalandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşla çenli hemmeleriň Bitaraplyk düşünjesini, onuň gymmatynyň näderejede ýokarydygyny bilmelidigini hem-de duýmalydygyny aýratyn nygtap, bu künjegiň ýaşlaryň, myhmanlaryň, syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüljekdigine ynam bildirmegi milli buýsanjymyza öwrülen gymmatlygyň döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny berkitmekde, ýurtlaryň hem-de medeniýetleriň özara gatnaşygyny ösdürmekde eýeleýän ornuny aýdyň görkezýär.

     Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralaryň hakyky türkmen toýunyň ruhuna beslenjekdigi eýýämden duýulýar. Türkmen toý tutanda uludan tutýar. Toýa goşant goşmak, sowgatly barmak halkymyzda asylly däp hasaplanýar. Şanly ýylyň dabaralaryna hem her bir raýat, her bir pudagyň işgärleri tutanýerli zähmet üstünlikler bilen barýar. Guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde geçirilen mejlisde Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk dabaralarynyň geçirilmegine dahylly düzümleriň bilelikdäki tagallalaryna we olaryň sazlaşykly işleriniň üpjün edilmegine ünsi çekip, her ulgamyň öňünde durýan wezipeleri jikme-jik kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, baýramçylyk dabaralarynyň guralýan ýerlerinde söwda medeniýetini kämilleşdirmek, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini ýokary derejede ýola goýmak, şanly senäniň nyşanlaryny özünde jemleýän sowgatlyk önümleri taýýarlamak ýaly wezipeleriň hususyýetçileriň paýyna düşýändigini bellemek gerek. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýän önümler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşany bilen göze gelüwli edilip bezelýär. Milli haryt nyşanly önümler şol ýurduň halkara abraýynyň artmagyna täsirini ýetirýän şertleriň biridir. Şu hakykatdan ugur alyp, türkmen işewürleri öndürýän önümleriniň we ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Harytlarda şanly ýylyň nyşanynyň ýerleşdirilmegi bolsa işewürlerimizi has-da jogapkärçilikli we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bahar paslynyň ajaýyp günlerinde, has takygy, 17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününiň 17 ýyllygyny dabaraly bellemek meýilleşdirilýär. Şanly sene mynasybetli giň gerimli sergini guramak göz öňünde tutulýar. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu sergi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen hem-de hormatly Prezidentimiziň goldawyndan galkynýan iri işewürlik düzüminiň ýeten sepgitlerini, türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünliklerini görkezer. 18-nji martda bolsa Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (ITF 2025) atly halkara forumy geçirmek maksat edinilýär. Bu forum dürli ýurtlaryň işewür düzümlerini ýurdumyzda amala aşyrylýan geljegi uly taslamalar bilen tanyşdyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda uly ähmiýete eýe bolar.

      Ýurdumyzyň senagatçylary we telekeçileri geçen döwürde önümçiligiň hem-de hyzmatlar ulgamynyň dürli ugurlarynda baý tejribe toplap, iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli açylyp ulanmaga berilýän, şeýle-de halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilýän durmuş-ykdysady we medeni maksatly desgalaryň taslamalarynyň ýerli işewürler tarapyndan amala aşyrylýandygy diýseň begendirýär. Munuň özi hususy pudagyň barha kuwwatlanyp, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşýandygyna, ýurdumyzda önüm bolçulygyny üpjün etmekde, döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda uly orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär. 

     Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemleri jemlenildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgininiň 110 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgininiň 104,1 göterime barabar bolandygy bellenildi. Bu görkezijiler hususyýetçileriň alyp barýan işlerini oňyn netijesinden, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply milli haryt nyşanly önümleriň görnüşleriniň köpelýändiginden, olaryň öndüriliş möçberleriniň artýandygyndan habar berýär. Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak babatda netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigine üns çekmegi, kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen bagly taslamalar üçin berilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmagy nygtamagy hususy pudagyň wekillerini mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Döredilýän şert-mümkinçilikler senagatçylara we telekeçilere öz öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge kuwwatly itergi berýär.

     Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary esasynda kabul edilen 2025-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterim derejede saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna müňlerçe täze iş orunlaryny döretmek ýaly wezipeler göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Maksatnamada kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek hem-de jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek ýaly wezipeleriň kesgitlenilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hususy pudagyň wekillerine bildirilýän ynamyň barha artýandygyny äşgär edýär.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda hususy pudagy ösdürmek, hususan-da, ýaşlary telekeçilige işjeň çekmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýörite okuwlaryňdyr maslahatlaryň guralmagy, ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi oňyn netijeleri berip, milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň kuwwatynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär. Agzybirlik, jebislik, päk niýetlilik ýaly ýörelgeler esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutuş adamzadyň abadançylygy üçin beýik işleri bitirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň binýadyny barha berkidýär. 

     Goý, 2025-nji ýylda Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň binýady has-da berkesin! Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly öz adyna eýe bolup, bütin dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak we dost-doganlyk güllesin! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli başlangyçlary rowaç, bagtyýar günlerimiz dowamat-dowam bolsun!

 

Saparmyrat OWGANOW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler

partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty

04.03.2025 Details

Bitaraplyk — Bagt mukamy

 

     Türkmenistan Diýarymyz daşary syýasatynyň baş ugry hökmünde bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Munuň özi tutuş dünýäde uly goldawa eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden Kararnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy iki gezek ykrar edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz  Arkadagly   Gahryman  Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly tutumlar baky Bitaraplygymyzyň rowaç ýörelgelerinden ugur alýar. Bu hukuk derejämiz dünýä bileleşiginiň maksatlaryna hem-de halkara  jemgyýet çiligiň bähbitlerine doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar.

      Bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyň eýesi bolan halkymyz däp-dessurlary, kämil durmuş ýörelgeleri bilen asyrlarboýy parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, göwnaçyklyk, adalatlylyk, birek-birege goldaw-hemaýat bermek, ynanyşmak ýaly ýörelgelere ygrarly bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň adamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýän şol ýörelgeleri rowaçlyklara beslenýär. Munuň özi ynsanperwerlik ýörelgeleriniň türkmen halkynyň durmuşynda berk orun eýeleýändigini aňladýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk söýüji syýasatynyň netijesinde türkmen halkynyň asyrlaryň kämillik mekdebinde sünnälenen milli häsiýetleriniň dabaralanmasy bolup durýan baky Bitaraplygymyz diňe bir milli bähbitlerimiz bilen däl, eýsem, dünýä halklarynyň ýagşy arzuw-maksatlary, uzak möhletleýin döwletli tutumlary bilen hem sazlaşykly utgaşýar. Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplygymyz dünýä döwletleri we halklary bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barmagyň, bagtyýar durmuşymyza gönükdirilen beýik tutumlaryň berk binýady bolup durýar.

 

Eziz Matdyýew,

«Balkan» gämi gurluşyk we 

abatlaýyş zawody» açyk görnüşli 

paýdarlar jemgyýetiniň baş 

inženeriniň orunbasary,

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

deputaty.

27.02.2025 Details

ROWAÇLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ GÖZBAŞY

                                                              

     BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen ata Watanymyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl ­ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi ýurdumyzyň başlangyjy bilen dünýäde parahatçylygyň we dost-doganlygyň ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty sebitde hem-de dünýäde durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmekde, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. 

     Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebit we ählumumy möçberli syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmäge juda oňyn täsir edýän ýagdaý hökmünde, dünýä syýasatynda has hem möhüm ýörelge bolup, bu babatdaky netijeler dünýä jemgyýetçiligine barha aýdyň bolýar. Hormatly Prezidentimiz  «Ýaşlar- -Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyz, innowasiýalara esaslanýan milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýän giň gerimli we strategik maksatnamalarymyz, ösüşimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly milli nusgasy, iri halkara guramalaryň belent münberlerinden adamzadyň parahat, bagtyýar geljeginiň hatyrasyna öňe sürýän derwaýys başlangyçlarymyz, «Dialog- parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä eýerip, dünýäniň halklarydyr ýurtlary bilen ýola goýýan dost-doganlyk gatnaşyklarymyz halkara bileleşikde uly gyzyklanma döredýär». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, «Dialog - parahatçylygyň kepili» atly beýik taglymat bu günki günde bütin dünýäde goldanylýar. Halkara gatnaşyklarynda bu taglymat işjeň ulanylyp, dost-doganlygy berkitmäge hyzmat edýär. 

     Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy birek-birege hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň mizemez nyşany hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýanyň 2-nji maddasynda döwletimiziň hemişelik hukuk ýagdaýy şeýle kesgitlenýär: «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir». Bu bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň Konstitusiýamyz tarapyndan berkidilendigini aýdyň görkezýär. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara we sebit derejesinde uly ähmiýete eýedir. Çünki türkmeniň saýlan ak ýoly ­  hemişelik Bitaraplyk, baky parahatçylyk halkymyzyň bagtydyr. 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

27.02.2025 Details

HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ GÖZBAŞY

 

     Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatly düşünjeler bolup durýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasaty dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýörelgesine eýerýändigi bilen adamzat jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň ikisi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti uludyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýunyň üstümizdäki — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda toýlanyljakdygy şanly ýylymyzyň şanyna şan goşýar.

     Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär we içgin öwrenilýär. Mysal üçin, geçen ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji  ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalaryň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilmegi möhüm waka boldy. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly daşary syýasatynyň rowaç alyp, uly goldawa eýe bolýandygyna aýdyň subutnamadyr. Döwlet Baştutanymyzyň hoşniýetli, parahatçylyksöýüjilikli, daşary syýasat strategiýasy giň gerime eýe bolup, bütin dünýäde ählumumy howpsuzlygy berkidip, parahatçylykly gatnaşyklarda özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bu ýörelge bolsa, durnukly ösüşi, abadançylygy, rahat durmuşy kepillendirýär.

 

 

Atamyrat AMANDURDYÝEW.

S.Türkmenbaşy şäherçesindäki 

saglyk merkeziniň bölüm müdiri, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

27.02.2025 Details

MILLI BINAGÄRLIGIŇ MERJENI

 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanan nusgalyk şäher —Arkadag şäheriniň açylyp, ulanylmaga berilmegi taryhy waka boldy. Gojaman Köpetdagyň eteginde peýda bolan bu ajaýyp şäher “akylly” şäher konsepsiýasynyň ýörelgelerinden ugur alnyp bina edildi. Arkadag şäherine Türkmenistanyň Kanuny esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesiniň berilmegini ýatlamagam guwandyrýar. 

     Bu şäher häzirki zaman “akylly” şäher konsepsiýasynyň ýörelgelerinden ugur alnyp guruldy. Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ajaýyp şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry üstünlikli alnyp barylýar.

     “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bu döwrebap şäherde edara we durmuş-medeni binalar we desgalar, has oňaýly, ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berildi. Şeýle hem bu ajaýyp şäherde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň şahamçalarynyň we beýleki edaralaryň gözel binalary Arkadag şäheriniň görküne görk goşýar. Dünýä nusgalyk Arkadag şäheri — milli binagärligiň merjeni, ajaýyp keşbi göreni haýrana goýýar. Şäheriň binalarynyň we desgalarynyň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallaryň ulanylandygyny ýatlamak ýakymlydyr. “Akylly” şäherde ekologiýa taýdan arassa elektrobuslaryň we elektromobil taksileriň amatly hyzmatlarynyň ýola goýulmagy bähbitli çözgütlere mümkinçilik berýär.

     Gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berlen ajaýyp — Arkadag şäheri dünýä nusgalyk şäherdigi bilen özüne çekýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bu gözel mekanyň uly geljegi guwanjymyza guwanç goşýar.

 

Saparmyrat ÇARŞAKOW.

Türkmengala etrap alyjylar jemgyýetiniň ykdysatçysy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

27.02.2025 Details

DÖWRÜŇ BELENT BADY BILEN

 

     Hormatly Prezidentimiziň: «Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň beýik gymmatlygydyr» diýip belleýşi ýaly, baky Bitaraplygymyz ilkinji gezek 1995-nji ýylda 185 döwletiň biragyzdan ses bermegi bilen ykrar edilen bolsa, 2015-nji ýylda 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek ykrar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakdaky ähmiýetiniň iňňän uludygyny subut edýär.

 

     Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Hoşniýetli Bitaraplyk parasatly pederlerimiziň ädimme-ädim sünnäläp gelen ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu ýörelge täzeden dikeldilip, berkarar türkmen döwletiniň syýasatyna esas edilip, mynasyp dowam etdirilýär. Agzybirlikden kemal tapan halkymyz asyrlarboýy gelýän gadymy däp-dessurlaryna, myhman-mediwany güler ýüzli garşylamak, rehim-şepagatly bolmak, birek-biregi goldamak bilen bagly esasy ýol-ýörelgelerine eýerip, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary saklamaga, ähli ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny dünýä ýüzüne äşgär etdi. Ulus-ilimiziň şu dogrusyndaky ýürek isleglerini we aýdyň maksatlaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy döwletimiziň ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmaga, halkara meselelerini parahatçylyk we ynanyşmak arkaly çözmäge örän gyzyklanýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. 

    Ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň ýöne bir hormatly dereje däldigini, eýsem, parahatçylygy goramak, ylalaşyklary berkitmek ugrundaky tagallalaryň jemidigini Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz Milletler Bileleşiginiň forumlarynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ekologik howpsuzlyk boýunça teklipleri, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek barada öňe sürýän başlangyçlary, şeýle-de iş ýüzünde amala aşyrýan dünýä nusgalyk özgertmeleri bilen subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleri asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirilýär. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly dünýäniň abraýly halkara guramalary,  Aziýa -Ýuwaş umman sebitleri, Orta hem-de Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleri bilen syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ähmiýet berýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagy, ählumumy howpsuzlygyň pugtalanmagy ugrundaky tagallalarynyň ajaýyp netijesidir.

Serdar ÝUMITOW,

Çärjew etrap häkimliginiň 

baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň 

Mejlisiniň deputaty.

27.02.2025 Details

DAŞARY SYÝASY TAGALLALARA GOŞANT

 

     Döwletiň ösüşi belli bir derejede onuň dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklarynyň gerimine bagly bolýar. Türkmenistanyň hoşniýetlilik we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürmäge gönükdirilendir. Häzirki wagta çenli Türkmenistan dünýäniň 156 döwleti bilen işjeň diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Halkara guramalaryň 50-den gowragyna agza bolmak bilen, ýurdumyz borçlaryna ygrarly, ygtybarly we ynamdar hyzmatdaş hökmünde özüni dünýä tanatdy.

 

     Diplomatik wekilhanalarymyz dünýäniň iri sebitleriniň onlarça ýurdunda hereket etmek bilen, şol ýurtlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde we milli bähbitlerimizi üpjün etmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň anyk wezipelerini kesgitläp, Bitarap döwletimiziň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň yzygiderli giňelýändigini we onuň köpugurly häsiýete eýedigini, Türkmenistanyň dünýä giňişliginde tutýan ornunyň berkeýändigini we täsiriniň barha artýandygyny aýratyn nygtaýar. Halkara gatnaşyklarda hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň derwaýys häsiýete eýe bolýandygy nygtalmaga mynasyp. Türkmenistan dünýäniň beýleki döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklaryny oňyn häsiýetli «Açyk gapylar» syýasaty esasynda barha berkidýär. 

     Hemişelik Bitaraplygymyzyň gymmaty, ähmiýeti halkara borçlar meselesinde ygrarlylyga eýerýän döwletimiziň hoşniýetli goňşuçylyk, sebit, şol bir wagtda dünýä döwletleri bilen köpasyrlyk däplerini, baý taryhy tejribesini, medeni we ykdysady ýagdaýlaryny öwrenmek esasynda ýola goýan hyzmatdaşlygynyň üstünliklere beslenmeginde ýüze çykýar. Umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň halkara giňişlikde ählumumy ykrara eýe bolmagynda şöhlelenýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi häzirki wagtda hem sebit we dünýä möçberinde ýagdaýlary durnuklylaşdyrmakda, ynsanperwer, syýasy, ykdysady, ekologik taýdan wajyp meseleler çözülende döwletleriň we halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlygyna oňyn täsirini ýetirýär. Hususan-da, ýurdumyz ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek meseleleriniň çözgüdini tapmak boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi üns merkezinde saklaýar. 

    Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň çäklerinde döwletimiziň energiýa, suw diplomatiýalaryny, halkara ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça alyp barýan işleri uly ähmiýete eýe. Şonuň ýaly-da, özara gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ulgamlaryň hukuk jähetleriniň häzirki zaman meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda baglaýjy halka bolup durýandygyna göz ýetirmek bolýar. Türkmenistan abraýly halkara düzümler, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde ýola goýan hyzmatdaşlygy esasynda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, adam hukuklaryny goramak, ekologiýa, maliýe-ykdysady meselelerde durnuklylygy saklamak, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryny ösdürmek boýunça netijeli tagallalary birleşdirýär. 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä bileleşiginde gyzgyn goldaw tapýan, parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlar bilen çykyş etmegi türkmen diplomatiýasynyň we diplomatik gullugynyň ähmiýetiniň yzygiderli ýokarlanmagyna getirdi. Netijede, bu günki gün Türkmenistanda daşary syýasatyň we diplomatiýanyň netijeli ulgamy döredildi. Bu bolsa döwletimize halkara durmuşyň islendik meselesiniň çözgüdine işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär. 

     Mälim bolşy ýaly, diplomatik gulluk örän inçe, çylşyrymly we akyl zähmetini talap edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň geljekki diplomatik işgärleriniň seçilip alynmagyna we taýýarlanylmagyna aýratyn talaplar bildirilýär. Diplomat üçin bildirilýän ýokary talaplar ähli döwürlerde-de üýtgewsiz bolmagynda galypdyr we onuň barha kämilleşmegine getiripdir. Halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy berkitmekde we ösdürmekde toplanan diplomatik tejribäniň gymmaty ägirt uludyr. 

     Diplomatik gullugyň esaslaryny gowy bilmek diňe bir diplomatlar we döwlet işgärleri üçin zerur bolman, eýsem, daşary syýasy iş, halkara gatnaşyklar bilen bagly adamlar üçin-de möhüm ähmiýete eýe. Häzirki döwürde döwletleriň arasynda halkara gatnaşyklaryň barha giň gerime eýe bolmagy bilen bagly döwlet edaralarynyň gullukçylary resmi gepleşikleri we dürli duşuşyklary geçirmek üçin daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolýarlar. Şonuň üçin-de olaryň ählumumy kabul edilen diplomatik protokolyň düzgünlerine eýermegi zerur bolup durýar. Ol döwletiň içeri syýasatynyň dowamy bolup, ýurduň ykdysady, demografik, ylmy-tehniki we medeni kuwwatyna esaslanýar.

     Diplomatiýa döwletleriň arasynda syýasy, ykdysady hem-de medeni gatnaşyklary dogry alyp barmak üçin zerur bolan bilimleriň we ýörelgeleriň jemidir. «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda Türkmenistany daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady hem-de beýleki ulgamlardaky gatnaşyklaryny ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenýär. 

     Döwletimiziň konsullyk edaralary bolsa Türkmenistanyň adyndan bolýan ýurdunyň çäginde ýerleşen konsullyk okrugynyň ýerine ýetirmeli wezipelerini amala aşyrýar. «Konsullyk gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, konsullyk edaralarynyň ýerleşýän döwletiniň çäklerinde açylyşynyň we işleýşiniň düzgüni, olaryň wezipeli adamlarynyň we işgärleriniň bellenilmegi, mundan başga-da, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň we ýuridik şahsyýetiniň goralmagy boýunça konsulyň işleri kesgitlenen. Konsullyk edaralary Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, ykdysady, söwda, ylmy-tehniki, medeni gatnaşyklarynyň we syýahatçylygynyň giňeldilmegine ýardam berýär. 

     Diplomatik gulluk ýurduň daşary syýasy wezipelerini amaly taýdan durmuşa geçirmek boýunça gündelik işi alyp barýan döwlet gullugydyr. Onuň esasy wezipesi beýleki döwletleriň daşary syýasy gulluklary bilen 

hemişelik aragatnaşygy we halkara meseleler boýunça gepleşikleri üpjün etmek bolup durýar. Ol halkara gatnaşyklaryň çäginde öz döwletiniň hukuklaryny goramak wezipesini öňde goýmak bilen hereket edýär.

     Umuman, Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan diplomatik gatnaşyklarynyň, geçen döwrüň içinde toplan baý tejribesiniň ýurduň daşary syýasatynyň özeni bolan hemişelik bitaraplygyna daýanýandygyny hem-de milli we halkara ynamy ödeýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Halkara hukuk borçnamalaryna ygrarly bolan ýurdumyzyň alyp barýan işleri hoşniýetli goňşuçylyk, sebitiň döwletleri bilen medeni we täze syýasy-ykdysady ýagdaýlary nazara almak esasynda ýola goýýan ynsanperwer gatnaşyklarynda öz beýanyny tapýar.

Merjen BORJAKOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

Durmuş syýasaty baradaky 

komitetiniň hünärmeni.

26.02.2025 Details

ПОЛИТИКА «ОТКРЫТЫХ ДВЕРЕЙ» – ВО ИМЯ МИРА И УСТОЙЧИВОГО РАЗВИТИЯ

 

          За годы независимости Туркменистан достиг значительного прогресса во всех сферах жизни, построив сильное национальное государство, совершив прорыв в рыночную экономику обеспечив социальную стабильность и согласие в обществе. В результате Туркменистан под руководством уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова динамично развивается в эру Возрождения новой эпохи могущественного государства. Всего этого удалось достичь в кратчайшие по историческим меркам сроки. Важным фактором обеспечения национальных интересов служит статус нейтралитета, неотъемлемой составляющей которого является международное экономическое сотрудничество. 

 

   Налаживание конструктивного диалога со странами, заинтересованными в развитии эффективного сотрудничества с Туркменистаном, – главная цель внешнеполитической стратегии нашей страны. Она основывается на принципах позитивного нейтралитета, открытости и добрососедства, что обусловило конструктивное международное взаимодействие со всеми странами и авторитетными финансовыми структурами для привлечения в страну иностранных инвестиций, освоения лучшего мирового опыта и внедрения передовых технологий.

   Политика «открытых дверей», как неотъемлемая составляющая нейтралитета подразумевает создание условий для ускоренного социально-экономического роста Туркменистана, развития взаимовыгодных внешнеэкономических и торговых связей. И что особенно важно, нейтралитет Туркменистана служит гарантом от какой-либо политизации такого сотрудничества, обеспечивает равное и равноправное отношение Туркменистана ко всем зарубежным партнёрам. Определяющими критериями здесь являются взаимная выгода, экономическая и коммерческая обоснованность, уважение к традициям и законам нашей страны. Таким образом как нейтральное государство Туркменистан формирует свою долгосрочную внешнеэкономическую стратегию, опираясь на чёткие и гуманные принципы, вытекающие из статуса постоянного нейтралитета.

   Именно это, наряду с экономической выгодой, привлекает мировые промышленные и финансовые структуры для реализации прорывных для экономики страны масштабных и инновационных проектов. Показательными примерами долгосрочного, конструктивного и плодотворного межгосударственного сотрудничества, нацеленного на конкретный результат, служат построенные совместными усилиями Туркменистана и известных компаний из японии, Республики Корея, Турции, Объединённых Арабских Эмиратов, Китая, России, Малайзии и других стран крупные промышленные объекты, относящиеся к разработке, освоению углеводородных месторождений и диверсификации маршрутов их поставок на международные рынки, к нефтехимии, газохимической и химической отраслям, электроэнергетике, текстильной индустрии, транспортной сфере. В качестве примера можно отметить завод по производству синтетического бензина из природного газа, завод по производству полипропилена и полиэтилена, газотурбинные электростанции, проекты по реконструкции дорожно-транспортной инфраструктуры, строительство воздушных гаваней и Международного морского порта Туркменбаши, инвестирование в сферу связи и коммуникаций. На основе международного сотрудничества активно наращивает свой потенциал первенец отечественного судостроения судостроительный и судоремонтный завод «Balkan». В 2024 году в партнёрстве с компанией «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» (Республика Корея) на заводе запущено строительство двух сухогрузов, соответствующих международным стандартам. Ввод в эксплуатацию судов позволит перевозить грузы отечественного производства на собственных кораблях. В результате внедрения передовых научно-технических достижений, инкорпорированию лучшей мировой практики достигнуты впечатляющие результаты также в развитии агропромышленного комплекса и обеспечении продовольственного изобилия.

   Данный список можно продолжить, включая и другие отрасли в рамках политики Туркменистана по диверсификации экономики и выпуска импортозамещающей и экспортно-ориентированной продукции, конкурентоспособной на мировых рынках.

   Помимо устойчивого социально-экономического развития нашей страны, политика нейтралитета создала условия для установления взаимовыгодного регионального и субрегионального взаимодействия для осуществления крупномасштабных международных проектов в области транспорта, энергетики, экологии. В частности, это строительство сети транснациональных трубопроводов, разработка энергетических ресурсов, прокладка транспортных коридоров Север–Юг и Восток–Запад. Помимо экономического эффекта международные проекты являются весомым фактором поддержки регионального сотрудничества, существенно влияют на укрепление региональной безопасности.

   В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства Туркменистан под руководством уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова, продолжающего курс Национального Лидера туркменского народа, Председателя халк Маслахаты Героя-Аркадага, приступил к решению новых задач. Они изложены в Программе «Возрождение новой эпохи могущественного государства: Национальная программа социально-экономического развития Туркменистана в 2022–2052 годах», «Программе Президента Туркменистана социально-экономического развития страны в 2022–2028 годах» и «Национальной программе Президента Туркменистана по преобразованию социально-бытовых условий населения сёл, посёлков, городов этрапов и этрапских центров на период до 2028 года». В соответствии с этими программами Туркменистан нацелен на дальнейшую диверсификацию национальной экономики, повышение индустриально-инновационного развития регионов, внедрение во все отрасли высокотехнологичных цифровых систем, современных передовых знаний, управленческих решений и активное интегрирование в мировые экономические связи.

   На расширенном заседании Кабинета Министров Туркменистана 7февраля была принята «Программа социально-экономического развития Туркменистана и инвестиций в 2025 году», в которой констатируется важность продолжения эффективной деятельности по укреплению фундамента национальной экономики, созданию производств посредством внедрения во все сферы инновационных технологий.

   В контексте развития на современном уровне нефтегазового сектора, освоения богатых и перспективных нефтяных залежей поставлена задача активизировать промышленное освоение газового месторождения «Galkynyş», усиленными темпами вести строительство газопровода Туркменистан–Афганистан–Пакистан–Индия, особенно его ключевого участка Серхетабат–Герат, именуемого «Arkadagyň ak ýoly». Особое значение придаётся повышению производственных мощностей Туркменбашинского комплекса нефтеперерабатывающих заводов и Сейдинского нефтеперерабатывающего завода, ускорению темпов работы по разведке и поиску перспективных залежей углеводородных ресурсов, геологических изысканий по поиску залежей полезных ископаемых, редко встречающихся минералов, подземных вод. Глава государства также дал указание продолжить успешное внедрение цифровых технологий.

   Перед строительно-промышленным комплексом поставлена задача создания новых современных предприятий по промышленному и строительному производству на основе достижений науки и передовых технологий, строительству новых электростанций и выводу на полную мощность предприятий химической индустрии.

   Предстоит также большая работа по расширению маршрутов транзитных и международных грузовых сообщений.

   В этой связи внешнеполитическая стратегия нашей страны остаётся неизменной, она «нацелена на развитие равноправного и взаимовыгодного сотрудничества с государствами мира и международными организациями», – подчёркивает уважаемый Президент Сердар Бердымухамедов. В рамках реализации Целей устойчивого развития Туркменистан намерен расширять международное сотрудничество в сфере энергетики и энергобезопасности, устойчивого транспорта, экологии и охраны окружающей среды, в решении важных вопросов, касающихся водородной энергетики, продовольственной безопасности и по другим направлениям. Активная деятельность в системе внешнеэкономического сотрудничества, основанная на принципах нейтралитета, ещё больше повысит международный авторитет Туркменистана как надёжного и ответственного партнёра, откроет новые возможности для освоения новых рынков и повышения притока иностранных инвестиций, а также расширит эффективное сотрудничество с мировыми финансовыми и торговыми структурами

Бегенчгелди Байраммырадов, 

депутат меджлиса Туркменистана, 

член Комитета по экономическим 

вопросам.

25.02.2025 Details
1 ... 27 28 29 30 31 ... 98