The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

20.08.2025

SUW — ÝAŞAÝŞYŇ ÇEŞMESI

 

     «Ýaşaýyş üçin iň zerur zat näme?» diýlip sowal berilse, köpümiz «Arassa howa we suw» diýip, jogap bersek gerek. Çünki arassa howa we agyz suwy ýaşaýyş üçin ilkinji zerurlykdyr. Suw diňe bir adamzat üçin ýaşaýyş çeşmesi bolman, eýsem, ähli janly-jandarlar, ösümlik dünýäsi üçin möhümdir. 

     Türkmen halky suwa bolçulygyň we abadan ýaşaýşyň gözbaşy hökmün­de ga­ra­ýar. «Ýer gör­ki-suw, suw gör­ki-guw», «Odu­nyň-gu­rusy, su­wuň-du­ru­sy», «Te­reň suwlar bulanmaz», «Daýhanyň hazynasy-ýer, suw», «Suw­ly ýer-gül, suw­suz ýer-çöl» di­ýen na­kyl­lary döreden halkymyz taryhda suwdan netijeli peýdalanmagyň birnäçe ýollaryny döredip, nesillere miras galdyrypdyr. Ata-babalarymyz çöl şertlerinde gyş aýlarynda asmandan inýän bereket çeşmesini ýaz-tomus aýlarynda peýdalanmak üçin «kak» diýlip atlandyrylýan emeli suw howdanyny gurupdyrlar. Çuňlugy onlarça metre uzap gidýän guýulary gazyp, ýeriň aşaky gatlagyndaky suwlary almagy başarypdyrlar. Çölde ýagyş-ýagmyryň suwy ýygnalyp saklanýan üsti ýapyk howzy, ýagny sardobalary döredipdirler. Dag eteklerinde ýaşaýan halkymyz bolsa uzynlygy kilometrlere uzalyp gidýän söwleri gazyp (söw — kä­riz gu­ýu­la­ry­nyň suwunyň akyp geçýän ýoly), ýerasty süýji suwlary çykarmak bilen, etekdäki obalary we ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün edipdirler. 

     Taryhy maglumatlara görä, Türkmenistanyň çäklerinde ilkinji kärizler b.e.öňki I müňýyllygyň ortalarynda peýda bolupdyr. Kärizleriň  agramly  bölegi Köpetdagyň eteklerinde, az mukdary bolsa Bathyzda gazylypdyr. XX asyryň otuzynjy ýyllarynda diňe Köpetdagyň eteginde kärizleriň 376-sy ha­sa­ba al­nyp­dyr, 1948-nji ýylyň ýer titremesi kärizleriň onlarçasynyň ýumrulmagyna, olaryň käbiriniň akýan suwunyň bolsa peselmegine getiripdir. Muňa garamazdan, olaryň köpüsi soňraky ýyllarda dikeldilipdir. 1958-nji ýy­la çen­li ýur­du­myz­da olaryň 180-e go­la­ýy, 1965-nji ýyl­da 98-si, 1985-nji ýyl­da 65-si iş­läp­dir. Olar agyz suw üpjünçiliginde hem-de ekerançylykda giňden ulanylypdyr. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Ilatly ýerleri agyz suwy bilen üpjün etmäge, ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligini hem-de ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň suw gorlarynyň esasy bölеgi Amydеrýanyň, Murgap, Tеjеn wе Etrеk dеrýalarynyň, olaryň goşantlarynyň, şеýlе-dе dеrýaçalaryň wе çеşmеlеriň akymyndan, ýerasty suwlardan emеlе gеlýär. 

     Ýakynda Hazaryň kenarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen BMG­niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň birinji umumy mejlisindäki taryhy çykyşynda hormatly  Prezidentimiz ählumumy işleriň örän möhüm bölegi hökmünde suw meselesi boýunça hyzmatdaşlyga ünsi çekmek bilen, «Türkmenistan hemişe suwa deň we adalatly elýeterlilik halklaryň hem­de her bir adamyň tebigy we düýpli hukugydyr diýip, berk we üýtgewsiz çykyş edýär. Şoňa görä­de, biziň düýpli ynanjymyz boýunça tutuş suw meselesi toplumyna seretmek şu üç sany binýatlaýyn kada, ýagny: 

   ­ halkara  hukugyň berjaý  edilmegine; 

   ­ bähbitleriň  özara hasaba alynmagyna; 

   ­ halkara  guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagyna esaslanmalydyr» diýip, pugta belledi. Gahryman  Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda  mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin! 

 

Orazgeldi SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak,  tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.