Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
«Ýaşaýyş üçin iň zerur zat näme?» diýlip sowal berilse, köpümiz «Arassa howa we suw» diýip, jogap bersek gerek. Çünki arassa howa we agyz suwy ýaşaýyş üçin ilkinji zerurlykdyr. Suw diňe bir adamzat üçin ýaşaýyş çeşmesi bolman, eýsem, ähli janly-jandarlar, ösümlik dünýäsi üçin möhümdir.
Türkmen halky suwa bolçulygyň we abadan ýaşaýşyň gözbaşy hökmünde garaýar. «Ýer görki-suw, suw görki-guw», «Odunyň-gurusy, suwuň-durusy», «Tereň suwlar bulanmaz», «Daýhanyň hazynasy-ýer, suw», «Suwly ýer-gül, suwsuz ýer-çöl» diýen nakyllary döreden halkymyz taryhda suwdan netijeli peýdalanmagyň birnäçe ýollaryny döredip, nesillere miras galdyrypdyr. Ata-babalarymyz çöl şertlerinde gyş aýlarynda asmandan inýän bereket çeşmesini ýaz-tomus aýlarynda peýdalanmak üçin «kak» diýlip atlandyrylýan emeli suw howdanyny gurupdyrlar. Çuňlugy onlarça metre uzap gidýän guýulary gazyp, ýeriň aşaky gatlagyndaky suwlary almagy başarypdyrlar. Çölde ýagyş-ýagmyryň suwy ýygnalyp saklanýan üsti ýapyk howzy, ýagny sardobalary döredipdirler. Dag eteklerinde ýaşaýan halkymyz bolsa uzynlygy kilometrlere uzalyp gidýän söwleri gazyp (söw — käriz guýularynyň suwunyň akyp geçýän ýoly), ýerasty süýji suwlary çykarmak bilen, etekdäki obalary we ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün edipdirler.
Taryhy maglumatlara görä, Türkmenistanyň çäklerinde ilkinji kärizler b.e.öňki I müňýyllygyň ortalarynda peýda bolupdyr. Kärizleriň agramly bölegi Köpetdagyň eteklerinde, az mukdary bolsa Bathyzda gazylypdyr. XX asyryň otuzynjy ýyllarynda diňe Köpetdagyň eteginde kärizleriň 376-sy hasaba alnypdyr, 1948-nji ýylyň ýer titremesi kärizleriň onlarçasynyň ýumrulmagyna, olaryň käbiriniň akýan suwunyň bolsa peselmegine getiripdir. Muňa garamazdan, olaryň köpüsi soňraky ýyllarda dikeldilipdir. 1958-nji ýyla çenli ýurdumyzda olaryň 180-e golaýy, 1965-nji ýylda 98-si, 1985-nji ýylda 65-si işläpdir. Olar agyz suw üpjünçiliginde hem-de ekerançylykda giňden ulanylypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Ilatly ýerleri agyz suwy bilen üpjün etmäge, ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligini hem-de ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň suw gorlarynyň esasy bölеgi Amydеrýanyň, Murgap, Tеjеn wе Etrеk dеrýalarynyň, olaryň goşantlarynyň, şеýlе-dе dеrýaçalaryň wе çеşmеlеriň akymyndan, ýerasty suwlardan emеlе gеlýär.
Ýakynda Hazaryň kenarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen BMGniň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň birinji umumy mejlisindäki taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz ählumumy işleriň örän möhüm bölegi hökmünde suw meselesi boýunça hyzmatdaşlyga ünsi çekmek bilen, «Türkmenistan hemişe suwa deň we adalatly elýeterlilik halklaryň hemde her bir adamyň tebigy we düýpli hukugydyr diýip, berk we üýtgewsiz çykyş edýär. Şoňa göräde, biziň düýpli ynanjymyz boýunça tutuş suw meselesi toplumyna seretmek şu üç sany binýatlaýyn kada, ýagny:
halkara hukugyň berjaý edilmegine;
bähbitleriň özara hasaba alynmagyna;
halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagyna esaslanmalydyr» diýip, pugta belledi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Orazgeldi SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.