Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Hazaryň kenarynda dünýäniň çar künjünden myhmanlary garşylamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýan gözel Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde guraljak möhüm çäreleriň biri-de Parlament forumy bolup durýar. Türkmenistanyň Mejlisi sanlyja günden badalga aljak ýokary derejeli forumyň guramaçylyk işlerini ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen utgaşykly ýagdaýda alyp barýar. 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda guraljak bir günlük foruma milli parlamentleriň wekilleri, şol sanda Parlamentara Bileleşigiň we Arkalaşygyň Parlament birleşiginiň wekilleri, şeýle-de gyzyklanma bildirýän beýleki taraplar gatnaşar.
Parlament forumy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin täze Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmekde kanun çykaryjy edaralaryň ornuna bagyşlanar. Bu möhüm syýasy forumda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň gün tertibinde durýan esasy meseleler, ýüze çykýan mümkinçilikler babatda pikir alyşmak, Wena hereketler maksatnamasyndan gazanylan oňyn tejribeleri, köptaraplaýyn söwda ulgamyny, netijeli dolandyryş we hasabatlylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Forumyň ýokary derejeli giriş bölümi bilen başlanyp, parlament agzalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, halkara guramalaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda interaktiw görnüşdäki ara alyp maslahatlaşmalar bilen dowam etmegine garaşylýar.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda, üstaşyr ýurtlarda we beýleki hyzmatdaşlarda parlamentler kanunlarydyr maksatnamalary işläp düzmekde, olary ýerine ýetirmekde, baha bermekde netijeliligi, aýanlygy we hasabatlylygy ýokarlandyrýar. Şeýle-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin täze Hereketler maksatnamasynyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini we ileri tutýan ugurlarynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýär. Parlamentler hukuk çäkleri kesgitleýän kanunçylyk hem-de syýasy gurallar arkaly degişli kanunlary işläp düzýär. Şunuň bilen baglylykda, parlament wekilleri tarapyndan Awaza Hereketler maksatnamasynda öňe sürüljek wezipeleri, maksatlary, şol sanda söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, infrastrukturany ösdürmek we sebitleýin hyzmatdaşlyk babatda zerur işler durmuşa geçiriler.
Kanun çykaryjy edaralar döwletleriň býujetleri işlenilip taýýarlanylanda söwda, sebitleýin goşulyşmak we durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek üçin maddy-tehniki üpjünçiligi ýola goýmak maksady bilen, esasy pudaklara serişdeleri gönükdirmekde uly orna eýe bolup durýar. Parlament hökümetiň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň gyzyklanma bildirýän taraplarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga syýasy taýdan ýardam etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Diýarymyza sapar bilen geljek dürli döwletleriň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleri bilen geçiriljek duşuşyklar sebitde we dünýäde parlament diplomatiýasyny ösdürmekde aýratyn orna eýe bolar. Bu forum kanun çykaryjylyk işinde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda öňde durýan wezipeleri oňyn çözmekde halkara tejribesini baýlaşdyrmak üçin döredijilikli syýasy meýdança öwrüler. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän şanly ýylynda şeýle ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterer. Eziz Diýarymyzy dost-doganlygyň hem-de bütin adamzadyň gülläp ösüşiniň hatyrasyna beýik işleriň amala aşyrylýan mekanyna öwren hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Kerimguly GELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.