Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen döwründen bäri, Türkmenistan Bitaraplygyň ählumumy diplomatiýanyň, sebitleýin hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň özeni bolup biljekdigini aýdyň görkezip gelýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty diňe bir hukuk derejesi bolman, eýsem, halkara gatnaşyklarda özara düşünişmegi, hormatlamagy, ynanyşmagy berkitmek babatda ýurdumyzyň çemeleşmelerine ornan filosofiýadyr hem. Geçen taryhy döwür döwletimiziň saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogrudygyny, onuň türkmen halkynyň hakyky bähbitlerine, Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletleýin wezipelerine we meýilnamalaryna, deňhukukly, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini tassyklady.
Häzirki wagtda Bitaraplyk ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri özara ynanyşmak, dialog arkaly hem-de jogapkärçilik esasynda ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm gurallarynyň biri hasaplanýar. Dürli ýyllarda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegine we berkarar bolmagyna goşan goşandy, ýurtda ykdysadyýeti, medeniýeti, ylym-bilimi, halkara gatnaşyklary ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin Türkmenistanyň raýatlaryny we daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen, döwlet sylaglarynyň birnäçesi döredildi. Şolaryň hatarynda degişli Kanun esasynda döredilen Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni döwletiň we demokratik jemgyýetiň binýadyny, halkyň agzybirligini pugtalandyrmakda döwletiň we halkyň öňünde bitirilen hyzmatlary ykrar etmegiň ýokary sylagy bolup durýar. Şeýle-de «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döredilip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmek ugrunda ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ruhy-medeni, beýleki ulgamlardaky ösüşine halal zähmeti arkaly uly goşant goşan adamlar bu sylag bilen sylaglanyldy.
11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän bu şanly senäni has-da dabaralandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň başynda geçirilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak barada tabşyryklary beripdi. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisinde degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda degişli Kanun işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.
Täze Kanunyň 1-nji maddasynda bu ýubileý medalynyň döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda gazanan üstünliklerine mynasyp goşantlaryny goşan adamlary sylaglamak maksady bilen döredilýändigi bellenilýär. Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, işjeň we önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işi, şeýle hem hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda, ata Watanymyzyň halkara abraýyny berkitmekde goşan uly şahsy goşandy; Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ylmyny, bilimini, medeniýetini we sungatyny, saglygy goraýşyny, ýurduň durmuşynyň beýleki ugurlaryny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan zähmet üstünlikleri we hyzmatlary; döwletimiziň goranmak ukybyny berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy, hukuk tertibini üpjün etmek işine goşan uly şahsy goşandy; ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza söýgi, wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemek işinde bitiren uly hyzmatlary üçin ýurdumyzyň raýatlary bu sylag bilen sylaglanyp bilner. Şonuň ýaly-da, resminamada «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny halkara giňişlikde goldamakda we wagyz etmekde mynasyp goşantlaryny goşan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hem sylaglanyp bilinýändigi görkezildi.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr, parahatçylygy we ynanyşmagy rowaçlandyrmagyň möhüm şertidir. Bitaraplyk bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli döredilen ýubileý medaly hem bu ugurda edilen we edilýän tagallalara döwlet tarapyndan aýratyn gadyr goýulýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüler.
Ýusupguly EŞŞÄÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy.