​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

HALKYMYZYŇ MILLI ÝOLUNYŇ ÖZBOLUŞLY DOWAMY

Şu ýylyň 24-­nji sent­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty­nyň mej­li­si be­lent mak­sat­la­ra gö­nük­diri­len baş­lan­gyç­la­ry, uzak gel­je­ge ni­ýet­le­nen mak­sat­la­ry bi­len döw­le­ti­mi­ziň şöh­rat­ly ta­ry­hy­na tä­ze sa­hy­pa bo­lup ýa­zyl­dy.

 Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ata­-babalarymyzyň däp-dessurynyň berjaý edilmesi we şol bir wagtda mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guralan dabaralaryň özboluşly badalgasy boldy. Gahryman Arkadagymyz beýik maksatlara gönükdirilen çykyşynyň başynda: «Bu wekilçilikli mejlisiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-­da berkitmek, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm soraglary maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, maslahatyň işiniň netijelerine aýratyn ähmiýet berdi. 

Taryhy forumda eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz türkmeniň agzybirligini arzuw edip, döredijiligine siňdiren Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp dabaralandyrmagyň möhümdigini tekrarlady. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň döwlet ähmiýetli möhüm soraglary ara alyp maslahatlaşmakda, eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi örän möhüm waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň bähbidi - halkymyzyň bähbidi diýen bir maksadyň daşyna jemleýän başlangyjyna eýerýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty we onuň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi eýýäm birnäçe işleri amal etdi. 

Ähli ugurlarda gazanylýan ýokary görkezijiler döwletimizde her bir işiň maksatnamalaýyn we meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýandygyndan habar berýär. Uzak geljege gönükdirilen maksatnamalaryň öz wagtynda, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Sebitlerde döwrebap obalaryň, şäherçeleriň, medeni-­durmuş maksatly binalaryň yzygiderli gurulmagy ýurdumyzyň okgunly ösüşini alamatlandyrýar. Munuň şeýledigini Arkadag şäheriniň mysalynda hem görmek bolýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-­nji ýyllarda durmuş­-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028­-nji ýyllarda durmuş-­ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we beýleki maksatnamalar esasynda döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha artýar. Raýatlarymyzyň durmuş goraglylygy, iş üpjünçiligi, ýaşaýyş-­durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, täze şäherdir obalar gurulýar» diýip belledi. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň kabul edilmegi tüýs ýerine düşen çözgüt boldy. Gysga wagtlyk arakesmede Maslahatyň mejlisinde ýaşulularymyz we enelerimiz tarapyndan ähli halkymyzyň göwün isleglerini özünde jemleýän teklip, ýagny hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly ady dakmak baradaky teklip Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy we biragyzdan goldanyldy. Munuň özi ähli halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik ýoluny, döwletli ýörelgesini döredijilikli, tutanýerli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşyny diňlänimizde döwletimiziň geljeginiň ygtybarly gollardadygyna bolan ynamymyz has-­da artdy. 

Hormatly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylymly-­bilimli ýaşlary ýetişdirmek, olaryň döredijilik, oýlap tapyş başlangyçlaryny goldamak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda açylyp, ulanylmaga berilýän bilim we ylym maksatly binalar dünýäniň iň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylýar. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda: «Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamak möhüm bolup durýar ýa­-da ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 – 2052-­nji ýyllar üçin Strategiýasyny işläp taýýarlamagy zerur hasap edýärin» diýip belledi. 

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim derejede durnukly saklanýandygyny, şu ýyl önümçilik we medeni­-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberinde maýa goýmagyň gözöňünde tutulandygyny, bellenilen 2688 iş ornunyň ýerine 7607 täze iş ýerleriniň döredilendigini belledi. San görkezijilerinden görşümiz ýaly, kuwwatly döwletimiziň has-da ösýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň täze ýylyň 1-­nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň ýene-­de 10 göterim ýokarlandyryljakdygy barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç döretdi. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy maslahatyň mejlisinde eden çykyşynda döwletimiziň daşary we içeri syýasaty, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, hususy pudagy ösdürmek, täze kärhanalary döretmek, ýaş nesilleri döwrebap terbiýelemek we bu ugurlarda geljekde öňde durýan wezipeleri giňişleýin beýan etdi. 

Sebitde ilkinji «akylly» şäher, «ýaşlaryň şäheri» diýlip atlandyrylan Arkadag şäheri we onuň geljegi barada hormatly Prezidentimiz: «Arkadag şäherini 2024 – 2052-­nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagy hem maksadalaýyk hasaplaýarys. Sanlyja ýyllarda biz döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş­-medeni binalary, ösen innowasion tehnologiýaly pudaklary öz içine alýan «Aşgabat sitini» we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny hem gurarys» diýip, buýsanç bilen belledi. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden çykyşynda: «Häzirki döwür biziň ählimizden alyp barýan işlerimize täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Şoňa görä­de, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi, Hökümeti we biziň ählimiz yhlasly işlemelidiris» diýen sözleri ählimizi beýik Watanyň mynasyp raýaty bolup, raýatlyk borjumyzy yhlasly ýerine ýetirmäge çagyryş boldy. Türkmen döwletini beýgeldýän, türkmen halkynyň beýikligini dünýä ýaýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Döwletli tutumlary hemişe rowaç alsyn! 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy

SPORTUŇ ROWAÇLANÝAN MEKANY

Halk­la­ryň ara­syn­da dost-do­gan­ly­gy, hoş­ni­ýet­li goňşu­çy­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­mak hem-de be­den­terbi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz etmek Garaşsyz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­lary­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutanlygynda jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň iş­jeň ornaş­dy­ryl­ma­gy, ýaş nes­liň be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meşgullanmaga giň­den çe­kil­me­gi, ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe-sagal­dyş he­re­ke­ti­niň ýaýbaň­lan­dy­ry­lyp, iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň yzy­gi­der­li geçirilme­gi hem bu ha­ky­ka­ty do­ly tas­syk­la­ýar. Mu­nuň özi Türkmenista­nyň dün­ýä derejesinde sport merkezi hökmünde ykrar edilmegi­ni şert­len­dir­ýär. 

Dünýä derejesindäki sport ýaryşlary islendik ýurduň durmuşynda uzak möhletli özgerişleriň bolmagyna täsir edýär. Bu hakykaty Olimpiýa oýunlarynyň we futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilen ýurtlarynda sportuň täze derejä çykýandygynyň, raýatlaryň sagdyn durmuşa eýerýändiginiň mysalynda görkezip bolar. Türkmenistan babatda aýdylanda, 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi öwrülişikli pursat boldy. Şol Oýunlary ýokary derejede geçirmek üçin döredilen döwrebap düzümler ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli guramaga mümkinçilik berer. Şu ýylyň 23 – 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde guraljak Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ýaryşlary hem paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başabaş söweş sungaty toplumynda guralar. Şeýle iri ýaryşlaryň ýene biri – Sambo boýunça dünýä çempionaty hem geljek ýyl hut şu ýerde ýaýbaňlandyrylar. Häzirki döwürde abraýly dünýä çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň hem meýilnama esasynda iş alyp barýandygyny bellemelidir. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat bolan meýletinçileriň hem bu ýaryşa talabalaýyk gatnaşmagy ugrunda netijeli işler geçirilýär. 

Türkmenistanly türgenler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edip, Baýdagymyzy belentde parladýarlar. Munuň özi ýaş, gujurly hem ussat türgenlerimiziň ýakynlaşyp gelýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynda şowly çykyş edip, ajaýyp sport baýramçylygynda sport muşdaklaryny begendirjekdiklerine uly ynam döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatyndaky şahsy göreldesinden ruhlanýan türgenler geljekde hem halkara derejesinde ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrarlar. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty

baradaky komitetiniň baş hünärmeni

HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE SAHYPASY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz Diýarymyzyň daşary syýasat ugrunyň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Ýurduň Bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny üpjün etmek bilen, hormatly Prezidentimiz BMG we beýleki halkara guramalar bilen ýola goýlan anyk we netijeli gatnaşyklary işjeň dowam etdirýär. Bu babatda GDA döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklar taryhy taýdan ýola goýlan dostluk we doganlyk däplerine we ýörelgelerine esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Gyrgyz Respublikasynda geçirilen nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda öňe süren teklipleri hem Türkmenistanyň ähli babatda bolşy ýaly, daşary syýasatda-da ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýandygyny dünýä ýüzüne ýene bir ýola äşgär etdi. 

Garaşsyz Türkmenistanyň GDA ýurtlarynyň özara hereketini işjeňleşdirmek boýunça öňe süren teklipleri, başlangyçlary ýokary baha mynasyp bolýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň Arkalaşygyň giňişliginde dünýä bazarynyň iri sektorlaryna çykýan, köp görnüşli ulag ýollaryny döretmek, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, Arkalaşygyň halklarynyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça bilelikdäki meýilnamalary döretmek bilen baglanyşykly başlangyçlaryny mysal hökmünde görkezmek bolar. 

GDA ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň ykdysady ugruny güýçlendirmek, Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasyny taýýarlamak baradaky başlangyçlaryň hem Garaşsyz Türkmenistana degişlidigini bellemek örän buýsançlydyr. Ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, ýangyç-energetika, senagat, söwda, innowasiýalardyr tehnologiýalar ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenilen GDA-ny 2030-njy ýyla çenli ykdysady taýdan ösdürmegiň Strategiýasynyň hut şu Jarnama esaslanýandygyny ýatlasak, onda Türkmenistanyň Arkalaşygyň çäklerindäki ornunyň näderejede wajypdygyna göz ýetirmek kyn däl. 2012-nji ýylda Mary şäheriniň, 2016-njy ýylda Daşoguz şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň Arkalaşygyň mümkinçiliklerini ösdürmek bilen baglanyşykly öňe sürýän başlangyçlarynyň dostlukly ýurtlar tarapyndan ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

 Hormatly Prezidentimiziň sammitde eden çykyşynda BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda toparyň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyny geçirmek, 2024-nji ýylda bolsa halkara maslahaty guramak, Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmek bilen baglanyşykly aýdanlary Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň global maksatlary nazarlaýandygyny nobatdaky gezek dünýä äşgär etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Derwaýys meseleleri çözmegiň ýollaryny gözlemek boýunça teklipleri öňe sürmek bilen, biz başlangyçlarymyzyň Arkalaşygyň çäklerinde berk we uzak möhletli parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigine, tutuş dünýäde parahatçylyk, ylalaşyklylyk diplomatiýasyny ileri tutmaga uly goşant bolup hyzmat edýändigine düşünmekden ugur alýarys» diýen sözleri bolsa ýurduň daşary syýasatdaky ýörelgeleriniň şygary bolup ýüreklerden orun aldy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe binýady bir-birege hormat-sarpadan gurlan dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň geriminiň giňemegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

BEÝIK ÖSÜŞLER - BAGTYMYZYŇ ŞUGLASY

 

Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda her bir günümiz belent sepgitlere, taryhy wakalara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Bu gün Türkmenistan Watanymyz dünýäde asudalygy, agzybirligi, dost-doganlygy, parahatçylygy söýüji ýurt hökmünde tanalýar. Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen beýik ösüşler gazanylýar. Bagtyýarlyga beslenen gözel Watanymyz günbe-günden ösýär, özgerýär, ýurduň ykdysady ösüşleri täze belentliklere çykýar. Gadymy türkmen topragynda şeýle gysga taryhy döwürde bolup geçen beýik özgertmeler türkmen döwletiniň ägirt uly ykdysady kuwwatyny, halkyň ruhy derejesini, şeýle-de onuň egsilmez döredijilik mümkinçiliklerini tutuş dünýä halklaryna aýdyň görkezýär.

 Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwy. Türkmen halky bu gün öz bagtyna, şan-şöhratly zamanasyna buýsanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berkarar ýurdumyzda adalat jemgyýetini, dünýä derejesindäki demokratik ösüşi pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, zähmet hem-de durmuş üpjünçilik kanunçylygyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa ornaşdyrýan maksatnamalary Watanymyza, halkymyza egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Diýarymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk toýy uly zähmet üstünlikleri bilen bellenildi. Ýurdumyzyň baş baýramynyň dabaraly bellenilen günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň, erkinligiň nyşany bolup dabaralandy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty Garaşsyz döwletimizi syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik, medeni taýdan berkitmek ugrunda esasy sütünleriň biri bolup, döwlet bilen halkyň bir bitewüliginiň aýdyň ýüze çykmasydyr. Täze taryhy döwrümizde ösüşlerimiziň dabaralanýan ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary guramaçylykly geçirilip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlarynda ýurdumyzyň ösüşli menzilleri, öňde durýan wezipeler aýdyň kesgitlenildi. Taryhy maslahatyň dowamynda çykyş eden ýaşuly nesliň wekilleri ähli halkymyzyň ýürek arzuwyny beýan etdiler. Ildeşlerimiziň erk-islegini nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda karary kabul etdi. 

Garaşsyzlygyň özeninde ata-babalarymyzyň Watana, parahat durmuşa bolan söýgüsi, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýaly ynsanperwerlik ýörelgeleri jemlenýär. Garaşsyzlyk türkmen halkyna erkin ýaşamaga, ene topragyna, maddy we ruhy gymmatlyklaryna eýe bolmaga, milli we umumadamzat bähbitlerinden peýdalanmaga, halkara giňişlikde özbaşdak döwlet hökmünde çykyş etmäge ägirt uly şert döretdi. Garaşsyzlygyň ösüş ýolunda gülläp ösüşiň we abadançylygyň täze sepgitlerine ýeten Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykdy. Milli Liderimiziň hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-halk üçin edýän tükeniksiz aladalary döredýän, gurýan halkymyza ruhy güýç berýär, olary ösüşlere ruhlandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz özygtyýarly döwlet hökmünde parahatçylyk söýüjilikli, demokratik ýörelgelere esaslanýan milli ýoluny saýlap aldy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik özgertmelerini durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli ýoluny ýürekden goldaýan halkymyz merdana pederlerimiziň milli ýörelgelerine eýerip, wagtyň synagyndan geçen, adalatlylyk we halallyk ýolundan ynamly gadam urýar. Bu ýol halkymyzy galkyndyryp, döwletli döwrana, rowaçlyga, ýurdumyzyň gülläp ösmegine alyp barýan bagtyň ýoludyr. 

Watanyň şöhratly geljegi, halkymyzyň asuda, bagtyýar durmuşy babatdaky başlangyçlar bu gün beýik üstünliklere beslenýär. Halkymyzy beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun!

 

Baýramgözel MYRADOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky 

gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we 

agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy

KERAMATLY SÖZLER — GANATLY SÖZLER...

 

Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda bagtyýar zamanamyzyň deslapky taryhy şertlerini, geçilen ýoluň menzillerini ylmy taýdan çuňňur esaslandyryp beýan etdi, ýurduň batly ösüşiniň geljekki ugurlaryny kesgitledi. Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly, biziň beýik ýeňişlerimiziň we üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy durýar. Garaşsyzlyk bize döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Biz ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepaly, olara eýerip hem ösüşiň milli nusgasyny saýlap aldyk. Biziň daýanjymyz — milletiň bitewüligi, parahatçylyk söýüjilik däpleri. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hakyky halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir. Bu baradaky pikir Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda buýsanç bilen beýan edildi: «Biziň ösüş nusgamyz — häzirki ählumumylaşma döwründe ýüze çykýan soraglary çözmegiň netijeli ýoludyr. Milli agzybirligimiz, kanunyň hökmürowanlygy, häkimiýet edaralarynyň we durmuş ulgamynyň netijeli bolmagy, jemgyýetçilik pikiriniň ileri tutulmagy biziň saýlap alan ýolumyzyň kesgitleýji aýratynlygydyr».

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda döwlet Garaşsyzlygy we halkyň abadançylygy baradaky taglymatyň düýp mazmuny öz beýanyny tapdy. Ol mazmun binýatlaýyn garaýyşlaryň birnäçesine daýanýar: birinjiden, halkyň we häkimiýetiň mizemez bitewüligi - bu biziň ähli işlerimizde hereketlendiriji güýç. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyna laýyklykda, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk çeşmesidir. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, beýleki düzgünleşdiriji hukuk namalaryň tapgyrlaýyn esasda kämilleşdirilmegi döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň netijeliligini ýokarlandyrma yň girewi bolup durýar. Syýasy durnuklylygy we raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ýurduň kuwwatly ykdysady mümkinçiliklerini döretmek halkyň bitewüliginiň esasynda mümkin bolýar. 

Durmuşyň wajyp meselelerini çözmäge ukyply ýolbaşçylaryň, gullukçylaryň täze neslini terbiýelemek, döwlet dolandyryş ulgamynyň işgärler düzümini kämilleşdirmek Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň beýik gazananlaryny şertlendirdi. Senagat taýdan innowasion ösüşiň we ykdysadyýetiň pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň ýokary depginleri, bazar ykdysadyýeti gurallarynyň netijeli ulanylmagy halkymyzyň zähmet hem-de döredijilik zehinini ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Döwlet, milli maksatnamalaryň we beýleki möhüm resminamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha berkidilýär. Gahryman Arkadagymyz ykdysady netijeliligi we öndürijiligi ýokarlandyrmagyň, gaýtadan işleýän pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň, galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ösüşiň milli nusgasynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belläp geçdi. Bu ugurdaky gazanylan sepgitler ilatyň durmuşynyň ýokary derejesini üpjün etmegiň esasyny döredýär. Ýurtda suw gorlaryny aýawly saklamak we olardan tygşytly peýdalanmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň meseleleri hemişe üns merkezinde. Ekologiýa babatda ýokary talaplara laýyk gelýän zawodlar we fabrikler gurulýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ähli sebitlerini gülletmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Merkezi Aziýada ilkinji gezek innowasion taslama durmuşa geçirildi: «akylly şäher» konsepsiýasynyň esasynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry gurlup ulanmaga berildi. Geljegiň şäheri bolan bu şäher ýurduň ägirt uly ykdysady we maýa goýum kuwwatyny şöhlelendirýär, onda ýaşamak üçin ýokary derejeli amatly gurşaw döredildi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny joşgunly sözler bilen jemledi: «Biz öňümizde belent wezipeleri goýduk. Yhlas bilen başyna barlan işler bolsa bitmän galmaz. Şoňa görä-de, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň abadançylygy üçin egsilmez gujur-gaýratymyza we synmaz erkimize daýanyp, öňküden-de jebisleşip, tutanýerli zähmet çekmelidiris! Biz diňe halk bilen beýik işleri we belent wezipeleri amala aşyrmalydyrys!». 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda möhüm ähmiýetli waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak hakyndaky Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary biragyzdan goldanyldy. Bu bolsa bütin halkymyzyň bitewi erkiniň nyşanyna öwrüldi. 

Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan sag bolsunlarymyzy aýdýarys.

 

Ogulşad DURDYMEDOWA, 

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

IL SAGLYGY — DÖWLETIŇ GYMMATLY BAÝLYGY

 

Täze taryhy döwürde döwlet syýasatynyň düýp özeninde halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ynsan gymmatlyklaryna hormat goýmak, hemaýata mätäçlere goldaw bermek mukaddes ýörelgä öwrülýär. 

Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy-syýasy ähmiýetli wakasyna öwrülip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny, ägirt uly sahawatly işlerini bütin dünýä äşgär edýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli daşary ýurtlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň ençemesi «Arkadag» medalynyň ilkinji eýeleri boldular. 

Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sylaglanylmagy aýratyn buýsançly waka boldy. Bu sylag täze taryhy döwürde sagdyn nesil hakdaky aladanyň ileri tutulýandygynyň we ynsan mertebesiniň, ynsanperwerligiň sarpalanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykmagy göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Güneşli ülkämizde bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu ensiklopedik-ylmy iş degişli hünärmenler, saglygy goraýyş işgärleri üçin uly gollanmadyr. Bu ajaýyp kitapda müň ýyllyklaryň dowamynda kemala gelen halk tebipçiliginiň baý tejribesi we onuň häzirki zamanda ylmy taýdan öwrenilişi öz beýanyny tapýar. 

Halkymyzyň saglygy, ýurt abadançylygy hakynda ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! 

 

Arazmyrat HANGELDIÝEW, 

Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň 

ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

ÝEŇIŞLI MENZILLER

 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýeňişlere beslenip geçen 32 ýylynyň dowamynda Türkmenistan Watanymyz ösüş-özgerişli menzilleri külterledi. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny hemme taraplaýyn pugtalandyrmakda ägirt uly işler amala aşyryldy. Türkmen jemgyýetinde milli demokratik ýörelgeler uly ähmiýete eýe bolýar we rowaçlanýar. Muny Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýene bir gezek subut etdi. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy wakasy bolmak bilen, onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maksatnamalaýyn çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyz nobatdaky wekilçilikli mejlisiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünliklerimizi mundan beýläk-de berkitmekde, türkmen halkynyň abadan, bolelin ýaşaýşynyň bähbidine öňde durýan örän möhüm meseleleri maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýetini nygtady. Şeýle hem Milli Liderimiz türkmen halkynyň döwlet gurujy halkdygyny, döwlet gurmak babatda merdana ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip, ösüşiň milli nusgasyny saýlap alandygymyzy belläp geçdi. Halkymyzyň agzybirligine, ukyp-başarnygyna, parahatçylyk söýüjilikli däplerine daýanyp, özygtyýarly döwleti gurandygymyza ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşinde ýetilen belent sepgitlere jikme-jik seljerme berdi. Döwrüň öňe çykarýan wajyp wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň meseleleri dogrusynda durup geçdi. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda we beýleki ulgamlarda gazanylan we gazanylýan uly üstünliklere ünsi çekdi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy waka bolan bu mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň berilmegi il-günümiziň guwanjyna guwanç goşdy. Elbetde, bu ählumumy foruma gatnaşyp, möhüm wakanyň şaýady bolmak bagtyýarlykdan nyşandyr. 

 

Arslan ÇARYÝEW. 

Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň “Pendi” şahamçasynyň sanly bank tehnologiýasy we awtomatizasiýa bölüminiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

DURMUŞYŇ GÜLLEÝÄN ÇAGY

 

Ata-babalarymyzyň milli edep kadalary häzirki günlerimizde-de arassa ahlaklylygyň ýokary nusgasy bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pederlerimiziň açyk göwünlilik, ynsanperwerlik, lebzi halallyk, rehim-şepagatlylyk ýaly asylly däpleriniň gymmaty has-da ýokarlanýar. 

Döwletimiziň sarsmaz binýadyny, halkymyzyň polat ýaly mäkämligini üpjün etmegiň zerur şerti bolup durýan şu gylyk-häsiýetleri ösüp gelýän ýaşlarda terbiýelemek, körpe nesliň durmuşda öz ornuny tapmagyny gazanmak, olaryň geljegine giň ýol açmak babatda alnyp barylýan işler göwünlerimizi şatlandyrýar. Şu babatda baş maksady halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygyny berkitmekden ybarat bolan hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi we aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Arkadag» medalyna mynasyp bolmagy biziň buýsançly başymyzy göge diredi. Çünki hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde güneşli Diýarymyzda öňe sürülýän başlangyçlaryň, durmuşa geçirilýän özgerişlikleriň her biri adamy mertebelemek, onuň kanuny bähbitlerini goramak ýaly asylly maksatlardan gözbaş alýar. Mähir-muhabbete ýugrulan şeýle hossarlyk alada, goldaw-hemaýat bolsa tutuş halkyň durmuşyna lezzet, süýjülik gatýar we ýaşaýşa, ýagty geljege bolan ynamyny artdyrýar. 

Täze taryhy eýýamda adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen nusgalyk taglymatynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň anyk subutnamasydyr. 

Indi birnäçe ýyldan bäri ata Watanymyzda amala aşyrylýan tutumly işler her birimiziň guwanjymyza öwrüldi. Bedew batly ösüşler, ozal görlüp-eşidilmedik özgerişlikler, dünýäni haýrana goýýan öňegidişlikler her bir türkmen raýatyny agzybirlikde işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmäge hyjuwlandyrýar. Geljege ynam bilen garap, öňe tarap buýsançly gadam urmaga ruhlandyrýar. Hut şonuň üçin ildeşlerimiziň uludan-kiçisi galkynyşly döwrümize buýsanyp, onuň ösüş-özgerişliklerine güýjüniň ýetdiginden goşant goşmaga çalyşýar. Ynha, mukaddeslige ýugrulan şu duýgular bolsa biziň her birimiziň öňümizde uly jogapkärçiligiň, Watana yhlasly hyzmat etmegiň, wepaly bolmagyň, ony ýürekden söýmek ýaly ynsançylyk sypatlaryň kemala gelmegine itergi berýär. Çünki bize eşret-hözirini görmek bagty miýesser eden ajaýyp zamanamyz gadymyýetden gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir. 

Güneşli ülkämize myhman bolup gelenler ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň we baky berkararlygynyň halkymyza eçilen bagtyna, galkynyşly döwrümizde ähli babatda gazanylýan üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere haýran galmak we guwanmak bilen syn edýärler. Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly taslamalar ykdysady ulgamyň işini adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine laýyk geler ýaly derejede guramaga oňyn şert döredýär. Munuň özi ilatyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen durnukly ösüşiň üpjün edilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlaryndaky akylyňy haýrana galdyryjy ösüşler bu ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylandygyna şaýatlyk edýär. Diňe bir häzirki zaman medeni-durmuş maksatly binalaryň ýa-da ýaşaýyş jaýlarynyň däl, eýsem, olaryň onlarçasyny, ýüzlerçesini özünde jemleýän obalaryň, şäherleriň gurlup, ulanylmaga berilmegi, diňe bir ýurduň ýa-da sebitiň däl, eýsem, tutuş dünýäniň abadançylygynyň bähbidini araýan giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ildeşlerimiziň ruhy galkynyşyna, watançylyk duýgusynyň çuňlaşmagyna esas bolup hyzmat edýär. Ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn ynsanlar biziň döwletimiziň sarsmaz sütünleridir. Il-ulsumyzyň ýurdumyza, Gahryman Arkadagymyza we sarpasy belent döwlet Baştutanymyza bolan çäksiz söýgüsi, uly ynamy bolsa, türkmen döwletiniň binýadynyň müdimi mizemezligini üpjün edýän baş görkezijilerdir. Biz türkmen döwletiniň binýadynyň berkemegi, ykdysady kuwwatynyň artmagy ugrunda edýän ýadawsyz aladalary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris. 

 

Atajan JUMADURDYÝEW, 

welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

DÖWLETLILIK ÝOLUNYŇ DABARALANMAGY

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gadymdan gelýän ýörelgämiz bolan döwletlilik ýoly bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döwleti döretmekde hem-de ony dolandyrmakda toplan oňyn tejribesinden ugur alnyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelere daýanylýan ýurdumyzda adam hakyndaky alada Hökümetimiziň esasy iş ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Jemgyýetimiziň gurluşynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde, häzirki wagtda ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny özygtyýarly, Berkarar döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda barha ýokarlanýar. 

Bu gezekki geçen­ Türkmenistanyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne türkmen­ hal­ky­nyň ­Mil­li­ Li­de­ri ­Gahryman Arkada­gy­my­zyň­ ýol­baş­çy­lyk edip, oňa hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­miz­ Arkadagly Gahryman­ Serdarymyzyň gat­naş­magy we ta­ry­hy çy­kyş et­me­gi mil­li demok­ra­ti­ýa­my­zyň dabaralanma­gy­na aý­ra­tyn ­öwüş­gin ­ber­di. 

Hormatly Prezidentimiz taryhy çy­ky­şyn­da Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz­da­ ýe­ri­ne­ ýe­ti­ri­len iş­le­re syn­ be­rip,­ ata­ Wa­ta­ny­my­zyň­ ösdürilme­gi, mil­li ka­nun­çy­ly­gy­my­zyň hal­ka­ra ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da kämilleş­di­ril­me­gi, yn­san­per­wer içe­ri we hoş­ni­ýet­li­ da­şa­ry syýasatymyzyň tä­ze nus­ga­sy­nyň ke­ma­la gel­me­gi üçin ze­rur bo­lan wezipe­le­riň wa­jyp ugur­la­ry­ny be­ýan et­di. Arkadagly Gahryman Serdary­myz ýur­du­myzda­ ýe­ti­len be­lent­ sep­git­le­riň bü­tin dün­ýä­ni haýrana gal­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek bi­len, ata­ Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-­de gül­läp ös­me­gi ba­ba­tyn­da be­dew ba­dy­nyň ýo­kar­landy­ryl­ma­ly ugur­la­ry­ny we öňü­miz­de dur­ýan be­lent mak­sat­la­ry anyk kesgit­läp ber­di.

Arkadagly ­Gahryman ­Ser­da­rymyz äh­li mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip: «Dö­wür ­tä­ze­ pi­kir­le­ri­ hem-de ­in­no­wasion­ önüm­çi­lik­le­ri ­ta­lap­ ed­ýär»­ di­ýip bel­le­mek ­bi­len,­ yl­myň ­we­ teh­ni­ka­nyň çalt­ dep­gin­ler­ bi­len ös­me­gi,­ tä­ze­ tehno­lo­gi­ýa­la­ryň dö­re­me­gi, dün­ýä­niň bi­lim gi­ňiş­li­gi­ne ýurdu­my­zyň iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy, mil­li mi­ra­sy­my­zy dün­ýä ýaý­mak, taryhy,­ me­de­ni­ we­ ru­hy ­baýlyk­la­ry­my­zy­ go­rap­ sak­la­mak,­ ýaş­la­ry watançy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek ýaly meseleleriň öň hatarda durýandygyny hem-de ­türk­men ­ýaş­la­ry­na ­Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň geljegi­ni gu­ru­jy­lar hökmün­de ­ga­ra­ýandygyny­ be­ýan ­et­di.

Halk Mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da mil­li­ de­mok­ra­ti­ýa­my­zyň ýörelgele­ri­ne we­ ka­da­la­ry­na­ la­ýyk­lyk­da,­ il­ sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň, kü­müş saç­ly ene­le­ri­mi­ziň we halk we­kil­le­ri­niň çy­kyş­la­ry­na aý­ratyn orun berildi. Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miziň halka­ra ab­ra­ýy­nyň art­ma­gynda, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len iki­ta­rap­la­ýyn we­ köp­ta­rap­la­ýyn ­gat­na­şyk­la­ryň­ ýola­ go­ýul­ma­gynda, ­türk­men ­hal­ky­nyň bag­ty­ýar, ­röw­şen ­ge­lje­gi ­ug­run­da ­ýeri­ne ­ýe­ti­ren ­be­ýik ­iş­le­ri­ na­za­ra alnyp,­ hormatly Prezidentimize Türk­menis­ta­nyň iň ýo­ka­ry tapawutlandy­ryş de­re­je­si­niň ­«Al­tyn ­Aý»­ al­tyn­ ny­şa­nynyň gowşurylmagy, Türk­me­nis­ta­nyň Gahry­ma­ny­ di­ýen ­be­lent ­adyň­ dakylma­gy­ ba­ra­da­ky­ tek­lip­le­r­ or­ta­ atyl­dy.­ 

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­haty­nyň mej­li­si­niň do­wa­myn­da gys­ga ara­kes­me wag­tyn­da mil­li ka­da-kanun­la­ry­my­za la­ýyk­lyk­da,­ Türkmenista­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň mas­la­ha­ty döw­rün­de or­ta aty­lan teklip bi­ra­gyz­dan gol­da­ny­lyp, hormatly Prezidentimi­ze Türkmenis­ta­nyň Gahryma­ny di­ýen be­lent adyň dakyl­ma­gy ba­ra­da Mejli­siň ka­ra­ry­nyň ka­bul edil­me­gi mil­letimiziň ­­buý­sanjy­ny has-da artdyrdy. 

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, ilha­lar watan­çy Mä­lik­gu­ly aga­nyň il-hal­ky eziz­läp, ýur­du­my­zy go­ra­mak we­ Wa­ta­ny söý­mek bara­daky ata pen­di­ni hor­mat­ly Pre­ziden­ti­mi­ze wes­ýet et­me­gi äh­lu­mu­my ag­zy­bir­li­giň we je­bis­li­giň­ şy­ga­ry­na öw­rül­di.

Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­zi gö­zü­niň gö­re­ji de­ýin go­ra­mak­da we­ Wa­ta­ny, hal­ky söý­mek­de pe­der pen­di­ne yg­rarly hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Me­niň mak­sa­dym Garaşsyzlygymy­zyň we Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň bin­ýat­lyk esas­lary­ny has­-da kä­mil­leş­di­rip, ýur­du­my­zy ynam­ly öňe alyp git­mek­den yba­ratdyr!» di­ýen söz­le­ri türk­men hal­ky­nyň döwlet Baş­tu­ta­ny­na bo­lan eg­sil­mez söý­güsi­ bi­len saz­la­şyp, Gahryman Arkadagymyzyň döw­let­li­lik ýo­lu­nyň dabaralan­ýan­ ­ za­ma­na­sy­nyň ta­ryhy­nyň tä­ze sa­hy­pa­sy­na al­tyn harp­lar bilen ýa­zyl­ýar. 

Ata­ Wa­ta­ny­my­zyň röw­şen gelje­gi ug­run­da asyr­la­ra ba­ra­bar beýik iş­le­ri ama­la aşyr­ýan hor­matly Prezidentimize Türk­me­nis­ta­nyň Gahrymany di­ýen be­lent adyň dakyl­ma­gy,­ Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miziň şan­ly­ Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyllygy hem-de­ Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslaha­ty­nyň­ no­bat­da­ky mej­li­si­niň üs­tün­lik­li geç­me­gi bi­len­ türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nista­nyň Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ Baş­ly­gy Gahryman Arka­da­gy­my­zy, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Arkadagly­ Gahryman Ser­da­rymy­zy hem-de äh­li türk­men hal­ky­my­zy tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­rys. 

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Lideri Gahryman­ Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahry­man­ Serdarymyzyň jan­la­ry sag, be­lent baş­la­ry aman bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li, bü­tin adam­zat äh­mi­ýet­li dün­ýä nus­ga­lyk iş­le­ri he­mi­şe ro­waçlyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

1 ... 68 69 70 71 72 ... 79