​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

Выступления и Статьи

ÖSÜŞLI ERTIRIMIZ

 

Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň rowaçlanmagyna itergi berýär. Öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanmaga berilmegi bilen ýokary görkezijiler gazanylýar. Dünýä tejribesinde uly orna eýe bolan sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda tutumly işleriň bady artýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ösüşinde täze belentliklere çykmagynda möhüm ädimdir. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň ähli ugurlar bilen birlikde, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda ýokary netijeleriň gazanylmagynda ähmiýeti juda uludyr. 

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri ýaş nesle bilim bermekde bähbitli şertlere ýol açýar. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebapladyrylýar. Mekdepleriň kämil kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary, tehniki serişdeler bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagy ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde täze mümkinçilikleri döretdi. Informatika dersi boýunça mugallym bolanym üçin şeýle mümkinçilikleriň bähbidine gündelik iş tejribämde doly göz ýetirýärin. Şonuň üçinem men okuwçylara bilim bermekde geçýän sapaklarymda kämil tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýaryn. Her bir dersiň gyzyklylygy, özüne çekijiligi mugallymyň ukyp-başarnygyna bagly bolýar. Men şu ýörelgeden ugur alyp, her bir sapagymyň täsirli bolmagy ugrunda aladalanýaryn. Multimediýa tehnologiýalaryndan, tehniki serişdelerden, okuw-görkezme esbaplaryndan netijeli peýdalanmagym işimiň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär. Ýaş nesliň şu günki ösen tehnologiýalaryň çylşyrymly syrlaryny ykjam ele almaklary ugrunda ähli tagallalary edýärin. Çünki, ylym we tehnika ösüşli geljek ylym-bilimden başarnygy ýetik ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge borçly edýär. Biz şu borç duýgusyndan ugur alýarys. 

 

Akmuhammet BEKMYRADOW. 

Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp, öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň informatika mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

TÄZE ÜSTÜNLIKLERE BADALGA

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymaty bu günki gün bedew batly ösüşlerimiziň mizemez esasyna öwrülip, rowaçlyklara şan berýär. Her bir ugurda gazanylýan üstünlikleri berkitmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, durmuş maksatly işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatdaky meseleleriň ählisi maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýändigi bilen tapawutlanyp, halkyň bagtyýar ýaşaýşynyň ilerlemegine batly itergi berýär. Bularyň aýdyň hakykaty Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýüze çykdy. Taryhy mejlisde gazanylan üstünlikler, ýurdumyzy mundan beýläk hem netijeli ösdürmegiň ugurlary barada giňişleýin gürrüň edilip, bu babatdaky wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, degişli çözgütler kabul edildi.

 

Hormatly Prezidentimiz umumymilli forumda eden çuň manyly çykyşynda döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda alnyp barylan işleriň netijeleri barada durup geçip, şol işleri ýene-de berkitmek babatda wezipeleri öňde goýdy. Bu, elbetde, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek bilen baglanyşykly işlere hem dahylly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz täze taryhy döwürde ýurdumyzyň milli parlamentiniň ösdürilýändigini, kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň kadalaryna laýyk kämilleşdirilýändigini belläp, şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda durmuş ykdysady özgertmeleriň hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmagyň zerurdygyny, täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi we hereket edýän kanunlary yzygiderli kämilleşdirmegi häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň biri hasaplaýandygyny nygtady. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň — Mejlisiň deputatlarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alnyp we hemişe sargyt edişi ýaly, golaýda milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahatynda bir näçe kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Olaryň hatarynda «Arkadag» medalyny döretmek hakynda», ýurdumyzyň Hökümeti bilen degişli döwletleriň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyklary tassyklamak hakynda, konwensiýalara goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şonuň ýaly hem öňden hereket edýän kanunlara, kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanunlar bar. 

Türkmenistanyň «Arkadag» medaly adamyň bähbitlerini ileri tutmak, mertebesini belende götermek, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, ynsanperwerlik, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda we meýletinlik esasda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýata bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny, bitiren hyzmatlaryny hormatlamak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak, bu ugurda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi. Bu ýokary döwlet sylagy bilen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hem sylaglanyp bilýär. Ýeri gelende aýtsak, döwletimiziň hem halkymyzyň bähbitlerini ýokary derejede goýýan, ösen durmuş gurşawyny üpjün etmekde ýokary tagallalaryny gaýgyrmaýan, döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, belent abraý-mertebeden peýdalanýan, milli ýörelgelerimize, haýyr-sahawatlylyga, mätäji goldamak ýaly asylly işlere ygrarly hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanmagy tutuş halkymyzyň buýsanjyny hem şatlygyny goşalandyrdy.

Mejlisiň maslahatynyň dowamynda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Munuň özi ösýän döwürde onuň talabyna laýyk wezipeleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksadyny göz öňünde tutýar we şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňümizde goýýan wezipelerine amal edilýändigini aýdyňlaşdyrýar. 

Täze wezipeler uly üstünliklere badalga berýär. Hemişe döwletimize we hakymyza üstünlikleriň ýar bolmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli başlangyçlary rowaç 

bolsun!

 

Gurbangylyç DURDYÝEW,

welaýat häkimliginiň işgärler, 

geňeşlikler we häkimligiň 

edaralarynyň işini utgaşdyryjy 

bölüminiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň 

deputaty.

“Daşoguz habarlary”, 26.10.2023

 

HER SAÝRANDA ŞEÝDA BILBIL...

 

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň açylmagy medeniýet we sungat işgärleri, şeýle-de ähli halkymyz üçin uly sowgat boldy. 

 

Bu bilim ojagyna meşhur bagşynyň adynyň dakylmagy türkmen  halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylan ägirt uly ünsüň hem­de aladalarynyň netijesidir.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen milli aýdym­saz sungatymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran halypa bagşy­sazandalarymyzyň ömri we döredijiligine mynasyp baha berilýär, belent sarpa goýulýar. 2023­nji ýylyň 18­nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Arkadag şäher ýörite sungat mekdebine görnükli sungat ussady, halypa bagşy we mukamçy kompozitor Sahy Jepbarowyň ady dakyldy we mekdep Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi diýlip atlandyryldy.

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi Türkmenistanyň medeniýet, sungat, aýdym­saz, tans, folklor, milli aýdym­saz mirasyny öwrenmek we ösdürmek, saz gurallarynda ýerine ýetirijilik, aýdym sungaty, şeýle­de sungatyň beýleki ugurlary, bilim ulgamlary, döredijilik toparlary hem­de beýleki döredijilik birleşmeleri üçin orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Mekdepde okamak we döredijilik bilen meşgullanmak üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir. Mekdepde okadylýan hünär ugurlarynyň aýratynlyklaryna laýyklykda 50­den gowrak okuw otaglary, saz gurallaryny we konsert egin­eşiklerini saklamak üçin ammarlar, informatika we sanly ulgam boýunça dersleri okatmak üçin enjamlaşdyrylan ýörite okuw otaglary, horeografiýa sungaty hünäri boýunça enjamlaşdyrylan tans zallary, 86­orunlyk konsert zaly, ses ýazýan studiýa üçin niýetlenen okuw we iş otaglary, sport zaly, şeýle­de saz gurallaryny bejermek, rejelemek, düzmek we dikeltmek üçin ýörite ussahana hereket edýär. Ýörite sungat mekdebi kämil we döwrebap saz gurallar toplumy bilen doly üpjün edilen.

Mekdep türkmen milli, halk, kirişli, üfenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, aýdym aýtmak, bagşyçylyk sungaty, fortepiano, saz mugallymçylygy, hor­dirižýorlygy, sazyň taryhy we nazaryýeti, horeografiýa sungaty, estrada sungaty, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, dizaýn ýaly ugurlar boýunça hünär taýýarlygyny amala aşyrýar.

Şeýle bilim ojaklarynda okamak, bilim almak, hünär öwrenmek talyp ýaşlar üçin uly bagtdyr. Açylyp ulanmaga berlen bu ajaýyp mekdepde bilim alýan ýaşlaryň türkmen sungatynda uly goşant goşjakdyklaryna tüýs ýürekden ynanýarys. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il­ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Röwşen NURMYRADOW,

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag 

şäher ýörite sungat mekdebiniň 

direktory.

 

 

Sahyberdi JAFAROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Mejlisiň kada-kanunçylyk 

baradaky komitetiniň agzasy:

— Arkadag şäherinde gurlan ýörite sungat mekdebine garry atam Sahy Jepbarowyň adynyň dakylmagy maşgalamyz üçin mertebedir. Arkadag şäherine gelenimizde, bu mekdebiň deňinde eglenenimizi duýman galýarys. Elbetde, halkyň hormatyny gazanan görnükli şahsyýetler hemişe ýatlanylyp durulýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda hem garry atam Sahy Jepbarowyň döredijiligi hakda aýratyn bellenilip geçilýär. Munuň özi biz üçin uly hormat. Maşgalamyz bolup, garry atamyň bize miras goýup giden zatlaryny gymmatlyk hökmünde aýap saklaýarys. Onuň geýen akgaýma tahýasy, dony, horjuny, çäge bilen çekilen suraty, dutary biz üçin ruhy baýlyk hem miras. Maňa atam Soltan Jepbarow: «Garry atamyň ady ýitmesin» diýip, Sahyberdi goýupdyr. Menem atamyň bagşyçylyk sungatyna eýerip, dutar çalmagy öwrendim.

Nesip bolsa, garry atamyň adyny göterýän bu mekdepde milli bagşyçylyk sungatymyzyň zehinleri ýetişer. Garry atamyza döwlet tarapyndan goýulýan belent hormat üçin Gahryman Arkadagymyza hem­de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

 

“Arkadag”, 26.10.2023

BERKARARLYGYŇ HEM DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli tutumlarynda adamyň bähbidi, onuň durmuş taýdan goraglylygy hem­de döwletiň ykdysady ösüşi ilkinji orunda goýulýar. Paýtagtymyz Aşgabatda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem şu meseleler üns merkezinde boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen mejlisde kabul edilen çözgütler şeýle derwaýys meselelerden ugur alýar. Umumymilli forumda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, öňde goýlan aýdyň maksatlar barada edilen buýsançly gürrüňler kalbymyzda hoşallyk duýgularyny döretdi. Garaşsyzlykdan ganatlanýan, täze sepgitleri nazarlaýan taryhy eýýamda halkyň bähbitlerine gönükdirilen, täzeçe pikirlere, milli ýörelgelere daýanýan kämil döwlet syýasatyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tutumly işler rowaç bolýar. Halkyň erk­islegi nazara alnyp, döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmak bilen, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy ählimizi buýsandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlisde eden taryhy çykyşynda: «Meniň maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny has­da kämilleşdirip, ýurdumyzy ynamly öňe alyp gitmekden ybaratdyr!» diýip belläp geçdi. Döwletli maslahatda hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşynda täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek, kanunlary yzygiderli kämilleşdirip durmak, jemgyýetimizde täze hem­de ösen hukuk medeniýetini kemala getirmek, döwletlilik ýörelgelerimizi milli demokratiýa ýoly bilen dowam etdirmek, ösdürmek boýunça aýdan sözleri täze wezipeleri öňde goýdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkyň ruhy ýaşaýşynyň gözbaşy bolan aňyýet, medeni­ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak babatda hem durup geçdi. Umuman aýdanyňda, döwletli maslahat halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň nyşanyna öwrüldi.

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, olary halkyň arasynda giňden wagyz etmekde, Mejlisiň deputatlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň öňünde duran wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýan beýik işleri mundan beýläk­de rowaçlandyrmakda, döwleti berkarar etmekde, halky bagtyýar durmuşda ýaşatmakda tutumly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Tuwakgylyç WELIÝEW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we 

telekeçiler partiýasynyň welaýat

komitetiniň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Balkan”, 26.10.2023

SAHAWAT SERPAÝY

 

Her güni şanly wakalara beslenýän ata Watanymyzyň bagtyýar, eşretli günleriniň sakasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz zähmeti, ýadawsyz aladasy bardyr. 

 

Turuwbaşdan hoş  habarlara,  buýsandyryjy wakalara beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň ýaş nesillerimize uly ynam bilen garalýandygyny, şol ynamyň arkasynda bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň nurana geljeginiň aýdyň säherleriniň durandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz hemişe özüne bildirilen ynamyň ýaşlara bildirilen ynamdygyny buýsanç bilen belleýär.

Yzy üzülmeýän bu hoş habarlarda geçmişiň buýsançly ýaňy, şu günüň eşreti, geljegiň beýik tutumly maksatlary bar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň «Arkadag» medaly bilen sylaglanmagy-da şeýle şatlykly wakalaryň biri bolup, kalplarymyzda baky orun aldy. Hormatly Prezidentimiz bu ýokary sylaga ýurdumyzda halkymyzyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem­de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk­hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmekde, ata­babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr­sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr­sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata­babalarymyzyň asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilip, täze mazmun  bilen baýlaşdyrylýar. Ýaşajyk raýatlaryň abadançylygy, sazlaşykly  ösmegi, saglygyny berkitmegi, ýokary hilli bilim almak mümkinçiligine eýe bolmaklary bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr­sahawat gaznasy bu babatda giň gerimli we netijeli işleri durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýaş nesliň durmuş goraglylygynyň, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegiň toplumlaýyn ulgamy kemala getirildi. Munuň özi nesil saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Täze taryhy eýýamymyzda halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň gowşurylmagy hem bu hakykatyň ykrar edilmesidir.

Goý, halkymyzy aýdyň ýollar bilen nurana geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Merdan DOSMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Arkadag”, 26.10.2023

YNSAN SAGLYGY PARASATLY PIKIRLERIŇ GYMMATLY ÇEŞMESINDE

Toýlary-toýlara, baýramlary-baýramlara ulaşýan eziz Diýarymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden çykýan ajaýyp eserleri bilen halkymyzyň şatlygyny goşalandyrmak asylly däbe öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 10-njy oktýabrynda uly toý-dabara bilen bellenilýän «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni» Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasynyň, ýiti zehininiň miwesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň täze XV jildiniň elimize gowuşmagy halkymyza nobatdaky baýramçylyk sowgady boldy

Alym Arkadagymyzyň köpýyllyk ylmy-ensiklopedik eseri ene topragyň melhemlik we dermanlyk baýlyklarynyň özboluşly beýany, baý tebigatymyza buýsanjyň nusgasy bolmak bilen, Türkmenistanda lukmançylygyň, fitoterapiýanyň ösmeginde we kämilleşmeginde aýratyn orny eýeleýär. Bu eser diňe döwürdeşlerimiz däl-de, eýsem, geljekki nesiller üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatly ruhy hazynadyr. 

Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri her bir adama türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümlikleriniň biologik we himiki aýratynlyklary, tebigy gorlary, dermanlyk häsiýeti, melhemlik ähmiýeti, ösümlikleriň köklerinden, miwelerinden melhemlik ýa-da derman serişdelerini taýýarlamak barada giňişleýin maglumat berýän ylmy çeşmedir. Bu kitapda türkmen topragynda 2000-den hem gowrak dermanlyk ösümlikleriniň halk lukmançylygynda ulanylýandygy, olaryň 500-den gowragynyň endemik ösümlik bolup, diňe Türkmenistanda bitýändigi baradaky maglumatlar beýan edilip, şolaryň 119-syna giňişleýin häsiýetnama berilýär. Bu ylmy-ensiklopedik eseriň ähli jiltleri biziň her birimiziň ýankitabymyza, ýakyn gollanmamyza öwrüldi. Ol daşary ýurtlaryň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly höwes bilen okalýar hem-de öwrenilýär. Munuň şeýledigini kitabyň 15-e golaý dünýä dillerine terjime edilmegi we şol dillerde neşir edilmegi aýdyň subut edýär. 

Her bir adamyň kalbynda türkmen topragynyň dagyna, düzüne, derýasyna, deňzine buýsanjyň, söýginiň joşup durmagy, Watan mertebesiniň belende galmagyny gazanmakda Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne pikirlere baý, ajaýyp kitaplary aýratyn orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda waspy ýetirilen milli gymmatlyklarymyzyň ençemesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň öçmez-ýitmez maddy we ruhy gymmatlyklary döredip bilýän zehinli halkdygyny dünýä äşgär edýär. Täze kitapda Milli Liderimiz türkmen topragynda bitýän endemik dermanlyk ösümlikler bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däpleriniň hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge mynasypdygy barada belläp geçýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň ähli beýleki ajaýyp eserleri ýaly, ensiklopedik eseriniň bu täze jildi hem terbiýeçilik ähmiýete eýe bolmak bilen, eziz Watanymyza söýginiň, bereketli topragymyza buýsanjyň gözbaşy bolan milli mirasymyzyň we tebigatymyzyň gözelligini halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesliň aňyna çuňňur ýetirmekde, olaryň ähmiýetini düşündirmekde uly gollanma bolar. Täze kitapda ýerleşdirilen gözel tebigatymyzyň, täsin ösümlikleriň we gülleriň suratlary aýratyn özüne çekiji bolup, bu gözellikleri goramak, aýap saklamak, baýlaşdyrmak dogrusynda onuň terbiýeçilik ähmiýeti beýan edilýär. Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky Konstitusiýamyzda bellenen hukuk kadasy «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygar esasynda amala aşyrylýan her bir işde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda gözel tebigatymyzyň ösümlik dünýäsini goramak, tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça işler kanunçylyk esasynda alnyp barylýar. 

Ýurdumyzda «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda» «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edip, olar türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerinden aýawly peýdalanyp, geljekki nesillerde tebigata bolan jogapkärçiligi artdyrýar. Häzirki döwürde ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň il-güne, Watana gerekli, halal adamlar bolup ýetişmeklerinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary parasatly pikirleri özünde jemleýän gymmatly çeşme, görelde mekdebi, paýhas hazynasy bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiziň kitaplary ýurdumyzyň geljegi üçin hem ajaýyp mirasdyr. 

 

Serdar GAÝYPOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy 

goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat 

toplumy baradaky komitetiniň başlygy

DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERI WE DEMOKRATIK ÖZGERTMELER

Ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmekde adam hukuklarynyň üpjün edilmegine iňňän möhüm orun degişlidir. Ýurduň, jemgyýetiň ösüşi demokratik ýörelgeler, adam hukuklaryny giňeltmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Adam hukuklary we azatlyklary boýunça döwletiň kämilligine, demokratik derejesine, hukuk binýadyna, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygyna baha berilýär. Türkmenistan Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda berkidilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýär, hormatlaýar. Hut şunuň özi-de döwletimiziň şahsyýetiň erkin ösmegi üçin ähli şertleri döretmek ugrunda tagallalaryny görkezýär. Türkmenistan dünýäde özüni demokratik jemgyýeti ösdürýän döwlet hökmünde tanatdy. Adam, onuň mizemez hukuklary, azatlyklary - jemgyýetiň esasy gymmatlygy. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy şu esaslarda yzygiderli kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşi milli döwletliligiň, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, öňde baryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen, jemgyýetiň kadalaşdyryjy hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň ygtybarly binýadydyr.

Döw­le­tiň adam hakyndaky aladasynyň çuňňur many­-mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynda jemlenendir. Bu gün ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynda dowamyny tapýar. Bu şygar döwletimiziň ýörelgesi bolup ýaşaýar, demokratik kada-­kanunlaryň düýp mazmunyny özünde jemleýär. 

Ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri ornaşdyrmakda we berkitmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň golaýda geçen nobatdaky mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şeýle diýdi: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýyl ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi depginli ösdürmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny – Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik... Milli agzybirligimiz, kanunlaryň hökmürowanlygy, häkimiýet edaralarynyň we dolandyryş ulgamynyň netijeli bolmagy, jemgyýetçilik pikiriniň ileri tutulmagy biziň saýlap alan ýolumyzyň kesgitleýji aýratynlygydyr». 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde taryhy söz sözlemek bilen, hormatly Prezidentimiz şeýle belledi: «Jemgyýetimizde täze hukuk medeniýetini kemala getirmek, döwletlilik ýörelgelerimizi we demokratiýany ösdürmek boýunça Halk Maslahatynyň agzalary hem­-de Mejlisiň deputatlary tarapyndan köp işleriň ýerine ýetirilendigini we geljekde­-de dowam etdiriljekdigini aýratyn bellemek isleýärin». Halk Maslahaty bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşynda aýdyşy ýaly, ata­-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. 

Görnüşi ýaly, biziň demokratiýamyz, kanunçylyk ýörelgelerimiz köpasyrlyk taryhy kada­-kanunlarymyzdan ugur almak bilen, şu günki dünýäniň demokratiýa, hukuk, erkin­-azat ýaşaýyş baradaky iň gowy ýörelgelerini özüne kabul edip alýar. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda bu mesele hemmetaraplaýyn we örän düýpli düşündirilýär. 

Adam hukuklaryny goramak, olar bilen jemgyýeti üpjün etmek ýurdumyzy ösdürmegiň esasydyr, döwlet häkimiýetiniň demokratik binýadydyr. Munuň özi ykdysady we durmuş ösüşine bolan erki, ukyby oýarýar. Beýik tutumlarymyzyň, maksatnamalarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň esasyny düzýär. Hut şu berk esasa daýanmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli maksatnamalary, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052­-nji ýyllarda durmuş-­ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» yzygiderli durmuşa geçirilýär. 

Diýarymyzyň çar künjeginde amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli, durmuş ugurly, adalatly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzyň kuwwatynyň artýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem­-de Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirýän özgertmeleriniň üstünliklere eýe bolýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeginde täze, döwrebap desgalaryň uly toplumlarynyň - ýaşaýyş jaýlarynyň, kottejleriň, umumy bilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, söwda-dynç alyş merkezleriniň, iri önümçilik kärhanalarynyň, seýilgähleriň, beýleki desgalaryň yzygiderli gurulýandygy we ulanmaga berilýändigi munuň aýdyň mysalydyr. Olar häzirki taryhy eýýamyň döredijilik ruhunyň aýdyň beýanydyr. Arkadag şäheriniň gurulmagy bolsa aýratyn uly wakadyr. Bu «akylly» şäheriň innowasion taslamasy dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy ýörelgelerini özünde jemleýär. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny yzygiderli amala aşyryp, sebitlerde özgertmeleriň gidişi, ilatyň ýaşaýyş-­durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler bilen tanyşýar. Täze gurluşyklaryň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, kuwwatly senagaty döretmek, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, türkmen topragynyň örän baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda öňümizde duran möhüm işleri durmuşa geçirmek üçin berk binýat döredildi. Bu ýyllar halkyň örän uly, egsilmez mümkinçiliklerini giňden açyp görkezdi. Gözbaşyny uzak geçmişden alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, nesilden­-nesle geçip gelýän ynsanperwerlik däplerimiz dikeldildi. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda halkyň milli gymmatlyklary esasynda döwrüň demokratik kadalary özleşdirildi. Şu ýyllaryň içinde Türkmenistan esasan çig mal öndürýän ýurtdugyndan gaýtadan işleýän, täze önümçilikleri, şol sanda kuwwatly senagat pudagyny döredýän ýurda öwrüldi. Şu günki we geljekki ösüşlerimiz üçin ruhy hem maddy binýat kemala geldi. 

Gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň dogry ýoly saýlap alandygyna şaýatlyk edýär. Mundan beýläk amala aşyrylmaly işler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-­nji sentýabrda bolup geçen nobatdaky mejlisinde aýdyň kesgitlenildi. Bu mejlis «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-­nji ýyllarda durmuş­-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», beýleki möhüm maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge täze güýç, itergi berdi. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanmak arkaly, il­-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir. Täze döwürde ýurdumyzyň parlamentiniň işi hem barha ösdürilýär. Milli kanunçylygymyz halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda durmuş-­ykdysady özgertmeleriň, halkymyzyň ýaşaýyş­-durmuş derejesini has­-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi, kanunlary yzygiderli kämilleşdirip durmagy häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň hatarynda goýýar. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda jemgyýetimizde täze hukuk medeniýetini kemala getirmek, döwletlilik ýörelgelerimizi we demokratiýany ösdürmek boýunça Halk Maslahatynyň agzalary hem-de Mejlisiň deputatlary tarapyndan köp işleriň ýerine ýetirilendigini, şeýle işleriň ýene­-de dowam etdiriljekdigini aýratyn belledi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda gazanylanlar bu ajaýyp ýylyň üstünliklere baýdygyny, ýurdumyzyň beýik maksatlara tarap bedew bady bilen barýandygyny görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşmek bilen, halkymyzyň mundan beýläk-­de uly üstünlikleriň, bagtyň hem rowaçlygyň, erkana ýaşaýşyň eýesi boljakdygyna şek-­şübhe ýokdur. 

 

Hatyja MUSTAKOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

HALKYMYZYŇ MILLI ÝOLUNYŇ ÖZBOLUŞLY DOWAMY

Şu ýylyň 24-­nji sent­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty­nyň mej­li­si be­lent mak­sat­la­ra gö­nük­diri­len baş­lan­gyç­la­ry, uzak gel­je­ge ni­ýet­le­nen mak­sat­la­ry bi­len döw­le­ti­mi­ziň şöh­rat­ly ta­ry­hy­na tä­ze sa­hy­pa bo­lup ýa­zyl­dy.

 Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ata­-babalarymyzyň däp-dessurynyň berjaý edilmesi we şol bir wagtda mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guralan dabaralaryň özboluşly badalgasy boldy. Gahryman Arkadagymyz beýik maksatlara gönükdirilen çykyşynyň başynda: «Bu wekilçilikli mejlisiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-­da berkitmek, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm soraglary maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, maslahatyň işiniň netijelerine aýratyn ähmiýet berdi. 

Taryhy forumda eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz türkmeniň agzybirligini arzuw edip, döredijiligine siňdiren Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp dabaralandyrmagyň möhümdigini tekrarlady. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň döwlet ähmiýetli möhüm soraglary ara alyp maslahatlaşmakda, eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi örän möhüm waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň bähbidi - halkymyzyň bähbidi diýen bir maksadyň daşyna jemleýän başlangyjyna eýerýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty we onuň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi eýýäm birnäçe işleri amal etdi. 

Ähli ugurlarda gazanylýan ýokary görkezijiler döwletimizde her bir işiň maksatnamalaýyn we meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýandygyndan habar berýär. Uzak geljege gönükdirilen maksatnamalaryň öz wagtynda, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Sebitlerde döwrebap obalaryň, şäherçeleriň, medeni-­durmuş maksatly binalaryň yzygiderli gurulmagy ýurdumyzyň okgunly ösüşini alamatlandyrýar. Munuň şeýledigini Arkadag şäheriniň mysalynda hem görmek bolýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-­nji ýyllarda durmuş­-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028­-nji ýyllarda durmuş-­ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we beýleki maksatnamalar esasynda döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha artýar. Raýatlarymyzyň durmuş goraglylygy, iş üpjünçiligi, ýaşaýyş-­durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, täze şäherdir obalar gurulýar» diýip belledi. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň kabul edilmegi tüýs ýerine düşen çözgüt boldy. Gysga wagtlyk arakesmede Maslahatyň mejlisinde ýaşulularymyz we enelerimiz tarapyndan ähli halkymyzyň göwün isleglerini özünde jemleýän teklip, ýagny hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly ady dakmak baradaky teklip Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy we biragyzdan goldanyldy. Munuň özi ähli halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik ýoluny, döwletli ýörelgesini döredijilikli, tutanýerli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşyny diňlänimizde döwletimiziň geljeginiň ygtybarly gollardadygyna bolan ynamymyz has-­da artdy. 

Hormatly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylymly-­bilimli ýaşlary ýetişdirmek, olaryň döredijilik, oýlap tapyş başlangyçlaryny goldamak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda açylyp, ulanylmaga berilýän bilim we ylym maksatly binalar dünýäniň iň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylýar. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda: «Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamak möhüm bolup durýar ýa­-da ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 – 2052-­nji ýyllar üçin Strategiýasyny işläp taýýarlamagy zerur hasap edýärin» diýip belledi. 

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim derejede durnukly saklanýandygyny, şu ýyl önümçilik we medeni­-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberinde maýa goýmagyň gözöňünde tutulandygyny, bellenilen 2688 iş ornunyň ýerine 7607 täze iş ýerleriniň döredilendigini belledi. San görkezijilerinden görşümiz ýaly, kuwwatly döwletimiziň has-da ösýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň täze ýylyň 1-­nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň ýene-­de 10 göterim ýokarlandyryljakdygy barada aýdanlary halkymyzda uly buýsanç döretdi. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy maslahatyň mejlisinde eden çykyşynda döwletimiziň daşary we içeri syýasaty, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, hususy pudagy ösdürmek, täze kärhanalary döretmek, ýaş nesilleri döwrebap terbiýelemek we bu ugurlarda geljekde öňde durýan wezipeleri giňişleýin beýan etdi. 

Sebitde ilkinji «akylly» şäher, «ýaşlaryň şäheri» diýlip atlandyrylan Arkadag şäheri we onuň geljegi barada hormatly Prezidentimiz: «Arkadag şäherini 2024 – 2052-­nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagy hem maksadalaýyk hasaplaýarys. Sanlyja ýyllarda biz döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş­-medeni binalary, ösen innowasion tehnologiýaly pudaklary öz içine alýan «Aşgabat sitini» we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny hem gurarys» diýip, buýsanç bilen belledi. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden çykyşynda: «Häzirki döwür biziň ählimizden alyp barýan işlerimize täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Şoňa görä­de, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi, Hökümeti we biziň ählimiz yhlasly işlemelidiris» diýen sözleri ählimizi beýik Watanyň mynasyp raýaty bolup, raýatlyk borjumyzy yhlasly ýerine ýetirmäge çagyryş boldy. Türkmen döwletini beýgeldýän, türkmen halkynyň beýikligini dünýä ýaýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Döwletli tutumlary hemişe rowaç alsyn! 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy

SPORTUŇ ROWAÇLANÝAN MEKANY

Halk­la­ryň ara­syn­da dost-do­gan­ly­gy, hoş­ni­ýet­li goňşu­çy­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­mak hem-de be­den­terbi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz etmek Garaşsyz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­lary­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutanlygynda jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň iş­jeň ornaş­dy­ryl­ma­gy, ýaş nes­liň be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meşgullanmaga giň­den çe­kil­me­gi, ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe-sagal­dyş he­re­ke­ti­niň ýaýbaň­lan­dy­ry­lyp, iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň yzy­gi­der­li geçirilme­gi hem bu ha­ky­ka­ty do­ly tas­syk­la­ýar. Mu­nuň özi Türkmenista­nyň dün­ýä derejesinde sport merkezi hökmünde ykrar edilmegi­ni şert­len­dir­ýär. 

Dünýä derejesindäki sport ýaryşlary islendik ýurduň durmuşynda uzak möhletli özgerişleriň bolmagyna täsir edýär. Bu hakykaty Olimpiýa oýunlarynyň we futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilen ýurtlarynda sportuň täze derejä çykýandygynyň, raýatlaryň sagdyn durmuşa eýerýändiginiň mysalynda görkezip bolar. Türkmenistan babatda aýdylanda, 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi öwrülişikli pursat boldy. Şol Oýunlary ýokary derejede geçirmek üçin döredilen döwrebap düzümler ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli guramaga mümkinçilik berer. Şu ýylyň 23 – 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde guraljak Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ýaryşlary hem paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başabaş söweş sungaty toplumynda guralar. Şeýle iri ýaryşlaryň ýene biri – Sambo boýunça dünýä çempionaty hem geljek ýyl hut şu ýerde ýaýbaňlandyrylar. Häzirki döwürde abraýly dünýä çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň hem meýilnama esasynda iş alyp barýandygyny bellemelidir. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat bolan meýletinçileriň hem bu ýaryşa talabalaýyk gatnaşmagy ugrunda netijeli işler geçirilýär. 

Türkmenistanly türgenler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edip, Baýdagymyzy belentde parladýarlar. Munuň özi ýaş, gujurly hem ussat türgenlerimiziň ýakynlaşyp gelýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynda şowly çykyş edip, ajaýyp sport baýramçylygynda sport muşdaklaryny begendirjekdiklerine uly ynam döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatyndaky şahsy göreldesinden ruhlanýan türgenler geljekde hem halkara derejesinde ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrarlar. 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty

baradaky komitetiniň baş hünärmeni

1 ... 67 68 69 70 71 ... 79